21:24 Garagulak / hekaýa | |
GARAGULAK
Hekaýalar
Çadyra girip, ýumşak çägäniň üstüne düşelen düşege geçeňsoňam, dessine uklabereňok. Çöl gijesini diňşirgenýärsiň. Uzaklardan şagalyň çala eşidilýän uwwuldysy, hüwiniň kä gülkä, käte-de gorkunç ah çekmä meňzeýän uh-huh-huh-uh sesi, tilkiniň waňkyrmasy, ýene-de haýsydyr bir garym-gatym sesler gulagyňa ilýär. Bu sesleriň haýsy janly-jandara degişlidigini Gara aga, çölde ýatan ilkinji gijämiziň ertesi düşündiripdi. Gijesine gezýän haýwanlaryň nähili ses edýändiklerine öýkünip görkezipdi. Ine, şol sesleri biraz aýyl-saýyl edip, ukynyň ygtyýaryna berlip, birazdan soň ýatyp galýaň. Daňa golaý garagulagyň sesine oýandyk. Görsek, Gara aga-da oýanypdyr. Ol: —Ýatyberiň, garagulak gygyrýar. Gowurdagyň ysyny alyp gelendir –diýip, bize mälim etdi —Dymyljap zaýalanmaz ýaly, gowurdakly gabyň gapagyny aýryp, agzyny hasa bilen daňyp goýupdym. Ilkagşamdan ýatyp, ukymyzy ýagşy alandygymyz üçin çadyrdan çykyp, Gara aganyň ýanyna bardyk. Ot ýakyp, tüňçeleri oturtdyk. Garagulak edil taýak atym golaýjagymyzda gygyrýardy. Onuň sesi Aşyryň degnasyna degdimi-nämemi: —Itiň gerek ýeri-dä! –diýdi. —Garagulagyň ýanynda itiň jany bolmaz, inim –diýip, Gara aga Aşyra düşündirdi. —Itler garagulaga batyrynmaga het edip bilenoklar. Garpyşsalar döwleri pes gelip, gozganman ýatyberýärler. Garagulak gedem hem örän batyrgaý. Ýykyр, derrew itiň garnyna munýär. It gymyldamasa zat diýenok, düşüp ötägidýär. Gymyldasa-da, art aýaklarynyň pyçak ýaly ýiti dyrnaklary bilen garnyny böwsüp goýberýär. —Itden çekinmeýän bolsa, sürä-de çozýandyr?! –diýip, Aşyr gyzyklandy. —Sürä-hä ýöriteläp çozanok. Ýöne çemine salyp, sürini bölýän halatlary bolýar. Goýunlar ürküp gidýärler. —Söýýäni towşan eti. Ýumurtganam halaýar –diýip, Öwez hem Gara aganyň garagulak hakdaky hekaýatyna goşuldy. —Dyrmaşyp, sazagyň üstündäki guş höwürtgelerine-de çykyp bilýär. Çürçüri ýa-da torgaý ýumurtgasyny tapyp bilse, hezil edinýär. Tapmadyk ýerinde, ajy diýip durman, alahekek ýumurtgasynam içäýýär –diýip, Gara aga Öweziň diýenini makullady. —Eger taýak atym golaýdan-ýetip biljek aralygyndan hüjüm etse, keýigi-de alýar –diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. —Köplenç, çöl ýerde, köne goýun çalmar, ýykylan-göçülip gaýdylan, öň adam ýaşan ýerlerde bolmagy gowy görýär. Goýun ýataklarynyň töwereginde aýlanýar. Et-pet, sünk-sank galandyr öýdüp, hantama bolup gelýär. Awçy ýatan goşada heder etmän barýar. Towşan-beýleki awlap, sözeniň belendräk şahasyndan asyp goýarsyň. Ertir tursaň, ýokdur. Garagulak böküp, etiňi alyp gidendir. —Soňky gezek haçan garagulak tutupdyňyz? –diýip, men soradym. —Ýedi ýyl bolandyr. Güýz aýlarynda bogaz garagulak tutup, «Haýwanat bagyna» tabşyrypdym. Ýogsa-da şol nätdi?! –diýip, Gara aga Öweze ýüzlendi. —Çagalady. Emma çagasyna seretmedi, emzikden sygyr süýdüni berip kemala getirdik. Keselläp ýogaldy. —Çagasyna seretmeýşiniň sebäbi özüniň gözenege salnanyny ýokuş görendir. Erkinligiň ynsan üçinem, haýwan üçinem belli bahasy ýok, inim. —Ynha, bu geçen gije gygyran garagulagyň yzlary –diýip, Gara aga çägäniň ýüzündäki terslin-oňlyn yzlary görkezdi. —Ol biziň düşlegimiziň daşyndan birnäçe gezek aýlanypdyr –diýip, torbasyndan gapanlaryny çykaryp ugrady. Ýörite awlan towşan etinden lukma goýup, garagulak geler öýden ýerlerine gapanlaryny guruşdyryp bolansoň: —Indi bu ýerden gideliň. Ol gyzyklanyp gelse, gidendigimizi görüp arkaýynlaşar. Gapandaky lukmalary biziň yzymyzda galan-gaçan iýmitdir öýdüp, iýmekçi bolanda, gapana düşer –diýdi. Biz düşlegimizi täzeledik. Öňki ýerimiziň sesýetim aralygyna baryp, gapanlar bir iş bitirýänçä garaşmagy makul bildik. —Garagulak hüşgär haýwan. Mekirlikde hem tilkiniň söbügini basdyryp barýar –diýip, täze düşlegimizde bişdüş bilen başagaý bolup ýörşüne, Gara aga söhbedine başlady. —Ol ýeser jandar. Oglankak «Garagulak bildirmän baryp, ukuda ýatan ýolbarsyň-da gulagyna buşugyp bilýärmişin» diýip gürrüň ederdiler. —Bäh, ol onuň gulagyna näme üçin buşugýarka? –diýip, Aşyr gyzyklandy. —Bir bähbidi bolmasa-ha, töwekgelçilige ýüz urup beýtmeli däl. —Bähbidi şol, aýtmaklaryna görä, onuň peşewi ýolbarsyň gulagyny ker edýärmişin. Onsoň, ol garagulak yzynda gezse-de eşitmeýärmişin. Köp haýwanlaryň öz aw meýdanlary bolýar. Olar oňňut ederlik ýagdaý bar bolsa, şol aw meýdanynyň çäginden çykmaýarlar. Şonda ýaşap ötýärler. Özgelerden aw mülküniň çäklerini goraýarlar. Garagulak üçin welin müdimilik aw mülki hökman däl. Ol ýolbars, gaplaň ýaly ýowuz ýyrtyjylaryň aw mülküne hem bildirmän girip bilýär. Awyny «kişiniň eli bilen» awlaýan wagtlary-da bolýar. —Oňa nähili düşünmeli? –diýip, Aşyr geňirgendi. —Gadym döwürde awçylar garagulagyň kömegi bilen ýolbars awlar eken. Garagulak ýolbars awa çykanda, duýdurman onuň yzynda gezip, ýolbars awyny alan dessine, ýiti ses bilen gygyryp başlaýarmyşyn. Onuň bu edähedine belet awçylar ýolbarsyň haýsy töwerekdedigini anyklap, ony atyp alansoňlar, zaňňar garagulak hamy sypyrylyp äpberilip gidilen ýolbars läşini iýip hezil eder eken. Garry awçylar «Itleriň garagulaga kän bir batyrynyp bilmeýşi, onuň ýolbars etini iýendigi, ruhunyň rüstemdigi üçin» diýip düşündirýärler. Eger Gara aganyň guran gapanlarynyň haýsy-da bolsa birine garagulak düşdügi, guma saparymyz soňlanyp, yzymyza gaýtmalydyk. Şonuň üçinem wagtal-wagtal diňşirgenýärdik. Daň agaryberende Gara aga: —Ol zaluwat han-ha! –diýip, alagaraňkylyga garşy goluny uzatdy. Biz on-on bäş ädimligimizden çalasynlyk bilen senkildäp geçip giden itpisint jandaryň suduryny saýgaryp galdyk. —Onuň garny dokdur. Şonuň üçinem biziň gapanlarymyzdaky lukma aldanan däldir –diýip, Gara aga düşündirdi. Ertesi Gara aga başlyklaýyn gapanlara aýlanmaga bardyk. Görsek, bir kiçeňräk zemzen düşüpdir. Onuň diňe gapanyň sallary gapjan öň aýagy bilen kellesi durdy. —Galan bölegini garagulak iýipdir. Ol zemzen gapana düşensoň gelen borly. Zemzen onuň bilen berk söweşipdir. Ýöne aýagy gapanda bolansoň, garagulak ony aňsatja alypdyr –diýip, Gara aga gapanyň töweregindäki buýrbulaşyk yzlary görkezdi. Gara aga bu gün gapanlaryny giçlik gurmagy makul bildi. —Garagulak mekir welin, biz — adamzat ondanam mekir. Ol zaluwat gowrulan etiň ysyny gowy görýär. Biz ony şojagaz endigine aldap tutarys–diýip, Gara aga gapanlaryna goýýan lukmalarynyň her ýerrägine gowrulan etiň ýagyndan çalyşdyrdy. Daňdanlar ýene-de garagulagyň sesine oýandyk. Ýönе bu gezek onuň sesi urlup, agyrysyna çydaman waňkyrýan güjügiň sesi ýaly çykýardy. Özem biziň öňki düşlegimiziň töwereginden, gapan guran ýerimizden eşidilýärdi. —Ine, tutduk! –diýip, Öwez begençli seslendi. Jahan ýagtylan dessine, Gara aga aw çarşagynydyr köne güpbüsini alyp, garagulagyň üstüne ugrady. Biz hem garagulagy salmak üçin Öweziň Aşgabatdan ýörite alyp gaýdan kapasasyny göterip, onuň yzyna düşdük. Bärden baranymyzdan, aýagyny gapandan boşatmakçy bolup, onuň demir sallaryny gemirmek bilen başagaý garagulak ýerinden galdy-da, bize dikanlap seretdi. Onuň butnaman çiňerilip durşy «Namartladyňyz-aý!» diýýäne meňzeýärdi. Ol soňra gapanyň zynjyrynyň ýetýän aralygyna çenli gaçyp, gapjalgy aýagyny ýolnara getirip dyzap başlady. Garagulak özüne hüjüm etse, agzyna dişletmek üçin çep elini güpbiniň ýeňine sokan, sag elinde aw çarşagyny häzirläp duran Gara aga onuň yzyna aýlandy. Çarşagy boýnuna ildirip ýere basdy. Şondan soň ol çalasynlyk bilen garagulagyň ýeňsesinden tutup, aýagyny gapandan boşatdy-da, biziň gapysyny açyp, häzirläp duran kapasamyza saldy: —Ine, Öwez, bu haýyşyňy-da bitirmek nesip etdi –diýip, ýüzüniň derini süpürdi. Garagulak kapasadan çykmaga synanyşyp, urnup başlady. Synanyşygy başa barmansoň köşeşip, tumşugyny yzky aýaklarynyň arasyna sokup, bir gysym bolup naýynjar görnüşde düýrülip ýatdy. Onuň bu gözgyny bolup ýatyşy nebsiňi agyrdýardy. Şol mahal hyýalyňa: «Ynha, şu garagulagyň, asla, islendik jandaryň gözleri bilen seredeniňde biz nähili görünýärkäk?» diýen pikir gelýärdi. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |