20:40 Garaşsyz ykbal | |
GARAŞSYZ YKBAL / oda
Goşgular
Garaşsyzlyk alnandan soñ, Taryh üçin köp bolmadyk möhletde Türkmenistan özgerdi. Garaşsyz günlerde eken baglarmyz Daragt bolup gögerdi. Ol daragtlar indi bol miwesin eçilýär, Garaşsyz döwranyň miwesi datly. Oň miwesin iýen adamlar bagtly. Bu bagty bu ýurda Hak bagyşlady. Hak nazaryn salan gadymy halkym ahyr halas boldy bakna günlerden. Çemen bogýas toý günleri Garaşsyzlyk bagyndan. Çemen bogamzok biz giň sährama ýat başga güllerden. Öz Günümiz depämizde parlap dur, Baglarmyzda öz güllermiz açylýar, Toý günleri ak ýyldyzly asmana Zemindäki bagtyň nury saçylýar. Görmäge göz gerek türkmeniň ýurdun, Synlamaga gerek seýil-u-seýran. Tarypyn etmäge ýagşy söz gerek, Görk açypdyr bu gün ilerim-gaýram. Derýalarym erkin akýar — Garaşsyz, Daglarym-da erkin ösýär — Garaşsyz, Baglarym-da güller açýar — Garaşsyz, Sähralamda erkin uçýar keýikler. Asmanymda guşlar erkin — Garaşsyz, Ganat baglap, uçsam erkin — Garaşsyz. Bu zatlaň barysy Garaşsyzlykdan öň arzuw-hyýaldy, ahmyr-armandy. Bu gün saçagmyzda ak çöregim bol. Bu zatlary türkmen ozal Düýşünde-de görmändi. Bardy-geldi gören bolaýanda-da, Düýş düýşlügine galyp, ýokdy ýorgudy. Indi erkin beýnimiziň urgusy, Garaşsyzlyk bagş etdi şat durmuşy, Üýtgeşik türkmeniň döwlet gurluşy. Aşgabatda gurlan köşgi-binalar Bizden nesillere ýadygär galar. Taryhyň ýadyndan çykmaýar ömür Halka erkinlik hem erk beren şalar. Beýik Taňrym halkymyza erkinlik hem erk berdi, hemem Garaşsyz döwran, ençe asyrdan soň, özbaşymyza berkarar bir ajaýyp ýurt edindik. Ajap ýurduň berk binýady — Erkinlik. Garaşsyzlyk sözün öwranma-öwran Gaýtalap, gaýtalap, ýadamaz diller. Beýik Magtymgulyň aýdyşy ýaly: «Akarda suw, öserde ýel» häkimler Öz halkyny Güneş kimin çoýýandyr, Adalat ýok ýurduň guýusy gömlüp, Adalatly ýurtda çeşme çogýandyr. Çeşmeler çogup dur erkin, Diýmek, Adalat bar, Hakykat, Hak bar. Baky bolsun, eziz halkym, Bu döwletli döwran — Garaşsyz ykbal! Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |