22:40 Garawulhanadaky gûrrûñçilikler -10: Nury hojam | |
3. NURY HOJAM
Hekaýalar
Ýüzümi garaňka tutup, aýak uçdaky sygyr ýatagyň üsti bilen ýola çykdym. Ümürde ýöreýän ýaly ýoluň her çetine bir degip barşyma, bişow günüň gerşinde aýagymy sallap oturandygymdan, öňümde öňkülerdenem beter oňaýsyzlyklaryň garaşýandygyndan bihabar: «Bu nähili gün boldy-aý bi, basan ýerim gap-çanak bolup dur-la» diýip, içimi gepletdim. Obamyzyň etrapda ilkinjileriň biri bolup gurduran tomusky klubynyň deňine ýetdimem welin, nemesler atýamy, biziňkiler atýamy ýa ikisem bile atýamy, garaz «tatyrdy» bilen «paýyrdydan» ýaňa üsti açyk klubyň zenzelesi dik asmana göterilýär. Şol goh-galmagallaryň arasy bilen oglanlaryň: ― Wir-re-eý!!! Ur-re-eý!!! Weýtja-na-a-a!!! ― diýişýän seslerem edil ýanyňda ýaly eşidilip dur. Dessura görä ýas wagty, onda-da merhum entek öýden çykarylmanka, oba arasynda hiç hili şagalaň, toý-tomaşa bolmaly däldi. Ýöne, edaralary etrap merkezinde bolansoň, kinoçylar «bize plan gerek» diýşip däbiňe-dessuryňa bakmaýardylar. Dogry, kakam dagydan eşidişime görä Berkeli başlyk olara «sürüň» diýip bilýärmişin, ýöne, jübüsinde «gyzyl bilet» göterip ýören halyna onuňam haýsydyr köneçil däp ýa dessur diýip etrap ýolbaşçylarynyň gaňryşlaryna gaýdasy gelmeýärmişin. Onsoňam bu täze düzgün indi ýeke bir biziň obamyzda däl, tutuş etrapda ýol alyp ugrapdy. Oňa-muňa gidip gelýän adamlarynyň sözlerine ynansaň-a indi Türkmenistan şeýlemişin. Şu zatlardan gürrüňi çykanda biziň edebiýat bütin mugallymyz Jumasapar okudyjy endigine görä barmagyny çommaldyp, agzyny burnunam towlaşdyryp: «Ak ekranyň dik depesinde Leniniň: Ähli sungat diýen sözleri ýazylgy durka başgaça bolup hem bilmez» diýerdi. Hakyna seretseň şol wagt kluba menem barmaly däldim. Iň bärkisi ýas ýerinden gelýändigim üçin. Ýöne nätjek biriniden-ä menem Jumasapar okudyjynyň okuwçysy, ikinjidenem oglan göwnüm bar, kino-da bir şeýtan zat, görmän geçibersem häzirki goh edişip oturan oglanlar ertirem şu günki ýaly bir ýere üýşerlerde şu kino barada agyzlaryny suwardyşyp şeýle bir suwjaryşarlar welin, kemsinmekden ýana näme etjegimi bilmersiň. Şonuň üçinem men birdenkä badymy gowşadanymam, durup diňşirgenenimem, bişow günüň ýene bir şowsuzlygyna tarap gyrmyldap ugranymam, klubyň iki gapdallaýyn açylýan, reňklenmedik tagta gapysynyň agzynda häzir bolanymam, bir gözümi ýumup beýleki gözümi gapynyň açar sokulýanyna goýanymam bilmän galypdyryn. Görsem edil çak edişim ýaly ekrana tarap gidýän, içi gyrmyldydan doly uzyn, çalymtyl şohläniň öňüni kömekçisimi ýa hakyna tutýamy her gezek kinomehanik Begji aga bilen gelip tä kino gutarýança gapynyň agzynda durýan, meňkeş, birneme-de dälişgenräk, has beterem sögünjeňräk, otuz ýaşlaryndaky Nury Hojamyň inedördül, garynlajyk göwresi tutup dur. Gapa biriniň gelenini ini syzdy gerek, göwre gymyldady, bärsine öwrüldi, derrewem işigiň bir tarapy açyldy-da, Nury Hojamyň ýalpyldap duran garaýagyz, dolmuş ýüzi göründi. Men: ― Salow-wma-aleýki-im-m... ― diýdim-de, daraklygyma galyp onuň ýüzüne çiňerildim. ― On köpüge saljakmy? Biz onuň bilen hemişe-de, şeýdip söwdalaşardyk. Ol-a uly-kiçi hemmeden ýigrimi köpük aljak bolýardy, bizem: «şäherde-hä on köpüge-de girýäs» diýip onuň bilen ýaňkalaşmaga başlaýardyk. Şonda ol: ― Eý, gyýtjyňňy ýygyraýnyň balajyklary, şäherde girseňiz gündiz girýäňiz, detskiý seýansa girýäňiz, bu bolsa gijeki seýans, wzroslyý seýans, sizi muňa ýigrimi köpüge-de goýbermek bolanok, düşündiňizmi?! Baryň ondan-a gidiň-de sapaklaryňyza taýynlanyň, ikilikçi ý...matlar ― diýip, garaçyny bilen gatyrganardy-da «şark-şurk» gapyny ýapyp, gol boýy tagtanam iç ýüzünden keseleýin geçiräge-de bent eder goýaýardy. Biz welin barybir gapynyň agzyndan aýrylmazdyk. Äpişgeden barardyk, gapydan jyklardyk «tyrk-tyrk» edip kakan borduk, wagt-wagtam agzymyzy gapynyp açar sokulýanyna goýup: ― E-eý, Nury akga ― e-eý, salaýda on köpüge, näme içiňe depýämi, ýarysam-a geçdi öň ― diýip «jyňňyldaşardyk». Şolar ýalyda ol käte-hä hasanaklap çykardy-da, dälişgenlige salyp üstümize topulardy, kowalardy, on-onki bölekden ybarat kinonyň ýarysy-ha däl ýekeje bölümi galanam bolsa salmazdy. Biz muny onuň «meňden doýmadyk» ýa-da «neşesi ýetmedik wagty» diýip atlandyrardyk. Käte bolsa, esasanam gyş aýlary, kalbynda ýumşaklyk dörärdi-de, çalarak käýinen bolup, ýeňsämize çalarak kakan bolup: ― Giriň gyýtjyňňy ýygyraýynyň çagajyklary! Giriň! Ýogsam bokuňyz bilen gatap galarsyňyz bu sokuwda ― diýerid-e, yzyndanam «şyg-şyg» gülerdi. ― Ýöne sizem-ä meni puldan gönendirmersiňiz welin, menem-ä sizi kinodan gönendirmen, ýa ýarysyny görersiňiz, ýa bir ujuny görüp galarsyňyz, hatly ýerin-ä asylam görmersiňiz, haýsy kino göreniňizem bilmersiňiz. Muny bolsa biz onuň «meňden doýan» ýa-da «neşeden köklän wagty» diýip atlandyrýardyk. Şol gezegem men onuň neşesiniň kemräk kakan wagtyna gabat gelen bolsam gerek, gapydan boýnuny uzadyp durşuna ernini gyşardyp ajymtyk ýylgyrdy-da: ― Aý, gyýtjygyňy ýygyraýynyň balajygy, näçe gezek aýdyldy, size bilidiň bahasy ýigrimi köpük diýip! Ýa san bileňzokmy? Indiden soň hasap öwretmelimi ýa size? ― Bilidiň bahasy diýer ýaly näme, bilit berýäňizmi-äý ― diýdim-de, men Nury Hojamyň iň bir ýakmaz ýerinden tutup dälişgenligini gozgatdym oturyberdim. Onuň ýaňy bir dogup gelýän Aýyň gyzgylt şöhlesine bolşundanam beter gorkunç, hüýt-gara ýüzi bir demde gök-dalak boldy. ― Näme-e! Näme diýdiň-ň-ň! ― diýip, gygyranda dyňzap gelen gahardan ýaňa sesi bokurdagyna sygmajak boldy. ― Bilit bereňok diýdiňmi? Bilit gerek diýdiňmi? ― Ol ýarym açyk duran gapydan ýanynlap çykdy-da, gapynam eliniň tersi bilen «jarkyldadyp» ýapdy. Üstüme abananda pökgüje garny burnuma direldi-de garaýag gatyşykly deriň ýakymsyz ysy beýnime urdy. ― Hany ýene bir gezek gaýtala şojagaz sözüňi! ― Nury Hojam çep eli bilen sag golumdan penjeledi-de, ösgün dyrnakly barmaklaryny tä etimden geçýänçä gyjyrdadyp gysdy. Dişinem gyjady. ― Bilit gerekmi saňa? Hä? Bilit gerekmi? ― Gerek-gä how, gerek-gä, bilidiň gerek-gä maňa seň, men ýöne aýdaýdym ony ― diýip, men onuň elinden sypmak üçin iki-baka towlanjyradym. ― Goýber özüňem elimi! Goýber diýýän! ― Ýok, bereýin men saňa bilit! Gerek diýdiň dämi?! ― Ol sag eliniň başam barmagyny süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyndan çykardy-da gözlerime golaýlatdy. ― Me saňa bilit! ― Onuň bilenem oňman, içi büdür-südür bolup duran gataňsy aýasy bilen duluklaryma-da ýelmedi. ― Al saňa bilit! Ýa başga zadam gerekmi? Görkezeýinmi? ― Nury Hojam abşaryldy-da, uly adama gelişmejek betgelşik hereketler bilen iki satanynyň ortarasyndan balagy-salagy bilen penjeledi ― Ine şu bolýamy?! Ýa az bolýamy?! Ýa mundanam uluragy gerekmi?! Kakam maňa hernä: «Gaharyň gelse, o-da ownuk gahar bolsa ýuwut, pälwan bolarsyň, ýöne uly gahar bolsa, özem ar-namysa, mertebä degişli bolsa ýuwutma, ol saňa ýuwutjagam bolsaň ýuwutdyrmaz, ýuwudaýsaň welin binamys borsuň, binamysyň bolsa imany bolmaz», diýerdi. Dogry, kakam maňa: «Iki adam uruşsa hökman şoň akyllysy günäkärdirem» diýerdi. Ýöne meniň entek Nury Hojam ýaly ullakan adamlardan özümi akylly saýmaga hakym ýokdy. Meniň bilen beýle gödek daryşmaga bolsa Nury Hojamyň haky ýokdy. Her niçik hem bolsa men entek çagadym. Şonuň üçinem, dogry pikir etdimmi, nädogry hasap etdimmi bilemok, Nury Hojamyň şol bolup durşunam öz ýanymdan mertebäme degildigi, äsgerilmezlik edildigi hasap etdim-de, bir ädim yza süýşäge-de maňa titamlap görkezen ýerine bar güýjüm bilen «r-ras» bir depdim. Ol «hyňk» etdi-de, şol ýerini ýaňadandan gysymlap iki büküldi. Seňrigini ýygryp gözlerinden ýaş paýradyp hem eýleleýin, hem beýleleýin «pyr-pyr» pyrlandy. Bir haýukdan soňam dikelip diň-gögüne garady-da: ― Waý, öldürdi-le bi çaýtjyňňy ýygyraýnyň çagajygy meni ― diýip, jynssyz gygyrdy. Aşaky dodagyny dişläp, gözlerini ýumup, başyn ýaýkap, tilagaç ýaly «iň-ň-ň-iň» etdi. Birdenem: «Hi-iýk», etdirip erbet bir içikdi-de, bir tarapa agyp düwdek boldy ýatyberdi. Adamyň iň näzik ýeri bir-ä gulak tozy, birem ýumurtgasymyşyn diýip eşidýärdik. Uruş döwri faşistlerem gepletjek bolup gynanlarynda biziňkileriň ýumurtgalaryny döwýän ekenler. Otuzynjy ýyllaryň tut-ha-tutlugynda bolşewikelerem şeýdipmişinler. Menem ine hakyt Nury Hojamyň ýumurtgasyny döwendirin, ony öldürendirin öýtdüm. Üzümgüliň nähak töhmedi,täret kylyp oturan ýaşulynyň naýynjar bakyşy dagy bir demde ýadymdan çykdy. Milisiýa, sud, prokuratura, türme diýen ýaly gorkunç zatlaram göz öňüme geliberdi. Oňa çenlem Nury Hojam çalaja iňledi-de, ýatan ýerinde buruljyrady. Men begenjime kömek etmek niýeti bilen özüne tarap ýöneldimem welin, ýene-de depjekdir öýtdümi, nämemi henizem şol ýerini gysymlap ýatyşyna maňlaýyny «düňk-düňk» etdirip takyr ýere urdy-da, öňküsindenem beter gygyrdy. ― Gelme-e-e-e!!! Gelme-e-e-e!!! Golaýlama diýýäm men saňa gyýjyňňy ...keýniň çagajygy! Onuň sesine öňi bilen-ä ikinji gatdaky kinobudkadan kinomehanik Begji aga ylgap çykdy. Klubyň içinde kino görüp oturanlaram «patanaklaşyp» bäşdir-üçdir çykanlary boldy. Hiç kim tanap ýetişmänkä, men özümi garaňka urdum. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |