22:44 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -11: Ýalañaç aýaklar | |
4. ÝALAŇAÇ AÝAKLAR
Hekaýalar
Ýolsuz-ýodasyz ýerlerden, çöp-çalamlaryň arasy bilen ýykylyp-sürşüp, kä it örzüp, käte-de kimdir biriniň towuk ketegini basgylap, garadere batyp barşyma hä diýmän Berkeli başlygyň gapysynda häzir boldum. Onuň öýi şol döwür ýaňy bir mellek ýer paýlanyp, göni-göni köçeler çekilip ugran obada, deňi taýy bolmadyk, aýratyn aşhanaly, giň aýna eýwanly, köp otagly, ähli otaglary ýalpyldap duran goňur reňk urlan tagta dalakly, dörtburçly bölek-bölek fanerlerden nakgaşlanyp, üstündenem ak reňk urlan petikli, diwarlary belent, depesi şiferlenen, mekdebe meňzeş uzyn ak jaýdy. Özüm bilen deň-duş iki sany ogly bilen tirkeşip ýörendigim üçin men Berkeli aganyň çagalarynyň haýsy otagda ýatyp-turýandyklaryna, haýsy otaglarynyň myhmanhana, haýsynyň umumy naharhanadygyna çenli beletdim. Eýwana girenimden sag egniňdäki aşhanadan şäher naharhanalarynyňka meňzeş üýtgeşik, etli tagamyň ýylymsy, bugjymak ýumşajyk ysy burnuma urdy. Ýöne, ne eýwanda, ne aşhanada adam-gara görünmedi. Çagalarynyň bolýan otagyndanam ses-üýn eşidilenok. Olaryňk-a düşnükli. Olar häzir kinoda bolmaly. Ýöne, daşky gapynyň açyklygyndan çen tutsak, öýde iň bolmanda Berkeli aganyň aýaly Senem daýza bolmalydy. Är-aýal ikisiniň öz otaglarynda çaý süzüşip oturan bolmaklaram mümkin. Çünki, öýde özünden başga adam ýok wagty Senem daýza daşky gapyny içinden ildirip oturýar. Men köwşümi çykardym-da, gülli ýüzi aşak edilip ýazylan täp-täzeje, düşegi ak keçeleriň üsti bilen eýwanyň sag böwründäki gapa tarap düňküldäp ugradym. Barşym ýalam gapynyň tutawajyna elimi ýetirdim-de, entek çekmänkäm, bir günüň içinde eýýäm üç gezek bady alnyp, ýüregi çakylan adamyň ysgynsyz sesi bilen: ― Berkeli aga-a-a! ― diýdim. Aňyrdan «hümür-sümür» hasyrdy «jygyldy» eşidildi. Göwnüme «geliber» diýlen ýalam boldy. Gapyny çekdimem welin, gözlerimiň öňüni galyň, gök mahmaldan tikilen agyr tuty gabsady. Elimi uzadyp tutyny bir gapdala sowdum-da, bissimilla» diýip, sag aýagym bilen bosagadan ätledim. Tutynyň ýelginine çep böwürdäki äpişgäniň öňünde duran çüýşeli onluk çyranyň dili çalarak ýelpeselendi-de, peltesini burugsatdy. Ýagly tüssäniň ajymtyk ysy çykdy. Bokurdagyma ýapyşdy. Gijetdi. Men üsgürmejek bolup çygyljyrap durşuma «hysyr-hysyry» hasam artan sag böwüre tarap boýnumy uzatdym. Eý ho-o! Jowur-ak çymylgan örtülgi ýumşak diwanyň üstündäki kelemekleşip duran ýalaňaç aýaklary görüp dogrusy huşum başymdan uçdy. Olaryň ikis-ä tüýlüräk, ýogyn, gödeňsi, beýleki ikisi welin ap-akja, tep-terje, näp-näzijek. Gödeňsi aýaklar iki tarapyna gadalyp duransoň näzijek aýaklar ne eýläk, ne beýläk gymyldabilmän birsyhly howada hallan atyşyp durlar. Üstüni gapyllykda basdyrandygy üçin gödeňsi aýaklaram olardan aýrylaga-da turup gidibiläýenok. Bir gapdala agaýyn diýse oňa-da maý ýok. Aňyrs-a diwar, bärsinde-de men durun. Üstesine-de ol aýaklaryň eýesi hem-ä ýüzüni owunjak gülli ak çitden daşlyk geýdirilen ullakan, per ýassygyň aşagyna sokjak bolup süsňeýär, hemem kiçiräk depe ýaly güberilip duran ýalaňaç syrtynyň üstüne örter ýaly bir zat gözläp tüýlek elleri bilen ýetişibildiginden daş-töweregini sermeleýär. Aýak uçlarynda düýrlenip ýatan çymylgana eli galtaşan wagty ony garbajak bolup barmaklaryny ýörmeledýär, ýöne bir ujy öz aşaklarynda bolansoň eline iläýende-de çekip alyp bilenok. Yzyraga teseýin diýse-de aşagyndaky goýberenok. Goýberjek, ýöne goýberilenok. Edil ýapyşak ýaly ýapyşyp ýatyr. Sebäbi ony özüne ýapynja hasap edýär. Goýberdigi üstüniň açylyp, gelene uýat ýerleriniňem görünäýerinden gorkýar. Megerem men gapydan giräýen wagtym atan bolsa gerek ýüzüni, gyrasy ýaşyl atlaz bilen parawuzlanan kiçijik, mämişi ýorgança örtüp dur. Erkek kişiniň syrtyny ýapara zat gözläp ýören barmaklary ahyry şojagaz ýorgançanyň üstünden bardy-da, bir silkende çekip alyp arkasyna taşlady. Ýöne, ýoňsuzja ýorgança onça syrtyň ýarysynam ýapmady. Aýal görgülem ýüzi açylandan «Hi-iýh!» etdirip erbet bir içini çekdi-de, ýüzüni ur-tut üstündäkiniň goltugyna sokdy, soňam inçejik, akja gollaryny onuň ýogyn bilinden aýlady-da, onsuzam bir gapdala agyp gelýän ýorgançany syrtyň üstünden sypyryp aldy. Gara saçlary derden ýaňa öl-suw bolan maňlaýyna, ýaňaklaryna ýelmeşip duran akmeňiz, ýap-ýaňyja süýjüje ejir çekendigi bildirip duran ýadaw ýüz ýene-de mämişi ýorgançagyň aşagynda gizlendi. Beýleki ýüzem ahyry per ýassygyň aşagyna süsdürildi. Men ýene-de biri-birine düýbünden meňzemeýän dört sany ýalaňaç aýaklar bilen ýüzbe-ýüz galdym. Elbetde, olar bir säwlik bilen içki ýa daşky gapylaryň haýsam bolsa birini içinden temmelemegi ýatlaryndan çykaran bolmaly. Ýöne, näme bolanda-da men şol ýagdaýa gözüm düşenden ümdüzüme çykyp gidibermelidim welin, elbetde, bişow günüň etdirýän oýnydyr-da, olara tarap jüýjerilip durşuma boýnumy süýndürdim-der, çyranyň şepbeşik tüssesinden ýaňa gijäp duran bokurdagymdan çykýan süýkejik sesimi bolşundanam beter gyryljyradyp: ― Salow-wma-aleýki-im ― diýdim. Doly güwa geçip biljek däl, ýöne göwnüme bolmasa aýalary bilen syrtyny ýapjak bolup henizem howada galgap duran tüýlek elleriň eýesine degşli ýüzüň «merez-waleýki-im-m» diýen güňleç sesi ýassygyň aşagyndan gulagyma gelen ýaly boldy. Men diňe şondan soň özüme geldim-de, tutyny goýberip «ýa alla» zyňdym özümi yza tarap. Eýwanda duran ýeňsesi ýyrtyk, melemtil esgi köwşümi garbap alyp, gapydanam suwlup çykdym-da, eýýämhaçan dik asmana galan Aýyň asty bilen öýe tarap eňdim. Nädip öýe baranymy, ýerime nädip geçenimi, kim bilen näme hakda gürleşip, nähili ýagdaýda uklanymy bilemok, ýöne haçan oýansam owadan gözlerini günäsiz gözlerimiň içine dikip agzyndan gelenini eňterip duran Üzümgüliň, ujudynyň üstünden indiren kündüginiň bokurdagyndan tutup, iňläp oturan ýaşulynyň, iki eli bilen inegini gysymlap çabalanyp ýatan Nury Hojamyň gözgyny keşpleri, howada hallan atyşyp duran ýalaňaç aýaklaryň gelşiksiz hereketleri, ullakan ak syrt gözlerimiň öňünden birin-birin geçdi durdy. Baryndanam beter meni ýalaňaç aýaklar ünjä goýdy. Onda-da şolaryň tüýlürägi, gödegrägi. Çünki, men ertir ir bilen şol gödeňsi aýaklaryň eýesiniň ýanyna barmalydym, gol çekdirmelidim. Barmazlyga, kakamyň tabşyrygyny berjaý etmezlige bolsa hakym ýokdy. O hakda pikirem etmek bolmaýardy. Onuň näme üçin işiň şu gün bitmändigi baradaky berjek soragyndan bolsa, meni agşam geläýen badyma kakamyň öýde ýoklugy halas edipdi. Gijäniň bir wagtlary oýanyp seretsem ol öz ýerinde, süýji ukuda ýatan ekeni. Maňa indi diňe ertir ir bilen, kakam oýanmanka turup kolhozyň kontorasyna tarap ýumlugaýmak galypdy. Şeýle hem etdim. Barsam başlyk ýerinde ekeni. Gapysam, äpişgeleräm açyk. Bagtyma edaranyň garawuly Körje agadan başga töwerekde janly-jemende ýok. O-da düýn-öňňün çapan ot-çöplerini howlynyň bir burçyndan beýleki burçyna daşamak bilen berbaşagaý. Şeýle-de bolsa men başlygyň ýanyna ur-tut giribermäne ýaýdandym. Bir öňe, bir yza ätläp kän durdym. Ahyram näme bolsa şol bolsuna saldym-da, bosagasyndan ätledim. Gelenimi bildirmek üçin çalarak ardynjyradym. ― Salow-wma-a... Başlygyň ösgün gaşlaryny çytyp gabarylyp oturşyndan sussum basyldymy, ýa çyranyň ýagly tüssesinden bokurdagym henizem doly saplanmanmy, başda bir batlyrak çykan ýalam etdi-de, salamyň ýaňy bir ýarpy biline ýetenimde damagym gijäp sesim eýýämhaçan gurap, tüýdüge dönen bokurdagymyň içinde süýkeşip erbet garykdyrdy-da, soýuljak horaz ýaly birki ýola «gyýk-gyýk» etdirdi, yzyndanam «jagyr-jugura» ýazdyryp gyzylödegimiň içinde ýitdi ötägitdi. Boýnumy süýndürip durşuma salamyň yzyny dowam etdirjek bolup şunça dyrjaşýan welin bolanok, ses-üýn ýok, diňe agzym gymyldaýa. Ahyram goýbolsun etdim. Başlygyň welin piňine-de däl. Ullakan, ala gözleriniň üstüni örtüp duran galyň gabaklaryny galdyraýynam diýenok. Asyl bir adam gapydan girendirem öýdenok. Otyr bir zatlara güýmenen bolup. Alynmadyk myhman ýaly, menem durun iç işikde yraň atyp. Soňabaka-ha agzymyň gymyldysam galdy. Kagyzy çykarjak bolup, jübime elimi bir sokýan, bir çykarýan, çykaranymdan soňam epillerini ýazyp başlyga tarap bir uzadýan, bir yzyna çekýän, aljyrap ýene-de yzyna salýan ýene-de yzyna çykarýan, aýaklarymam gezekli-gezegine şol tarapa ädäýjek-ädäýjek bolýan-da, ýene-de ýaýdanyp durýan. Ahyram başlyk ýüzüni bir gapdala sowdy-da, günleç sesini tommaýy güberilip duran ullakan burnuna salybraga-da eşidiler-eşidilmez: ― Agşam nämüçin bardyň? ― diýdi. Menem gyzan tamdyr ýaly howur berip ugradym. Süňňümiň saňňyldaýanyny, aýaklarymyň ädilmejek bolýanyny aňýan. Garaz nägeräk eýle bardym-da, elimdäki kagyzy üstüne ýaşyl begres ýapylgy ullakan stoluň bir gyrasynda goýdum. Berkeli aganyň şonda-da sarsman oturanyny görüp hem göwrämi, hem elimi, üstesine boýnumam süýndürip kagyzy has aňryk süýşürdim. Şol bir terzini bozman, ýene-de ep-esli oturandan soň başlygyň bärsine-de bakman, eliniň tersi bilen kagyzy sermeläp aldy-da, sessiz-üýnsiz gol çekip, ýene-de eliniň tersi bilen, edil meniň öz edişim ýaly ýuwaşjadan yzyna süýşürdi. «Taňryýalkasyn» diýjegime derek tas ýene-de «Salowmaleýkim» diýipdim. Hern-ä wagtynda saklandym. Onsoňam o wagt sesimiň nireden, nädip, nähili owazda çykjakdygam belli däl. Şonuň üçinem gerekli daşymy jübüme saldym-da, daraklygyma basyp daş çykdym. Edaradan daşlaşdygymsaýam ýüküm ýeňläp aýaklaryma ysgyn gelip başlady. Ýüzüme sowujak şemalyň çaýmagy bilen ymykly özüme geldim. Bişow gün şeýdip yzda galdy. Ýöne ýatdan welin çykmady. Ýeke bir men däl, şol bişow güni gabat gelen oňaýsyz wakalaryň käbirin-ä obadaşlaryň arasynda heniz-henizlerem ýatlap ýörenler bar. Mysal üçin kündükli hiç kim aňan däldir diýsemem o gürrüň şol günüň ertesi oba ýaýrapdyr. Ony kä öz ýanymda, kä ýok ýerimde aýdyşyp uly-kiçi häli-şindi gülüşdiler ýördüler. Üýşmeňlerde haýsydyr bir ýaşuly donuny elbegeý atynyp eline-de dem kündük alyp, daş-töweregine garanjaklap ugraýar welin, deň-duşlarym maňa tarap gözlerini jüýjerdişip: «Gurban ýet» diýşip, ýerli-ýerden «pyňkyryşýarlar». Menem ýylgyrýan-da oňaýýan. Nury Hojamly waka welin, hemmeler üçin syr bolup galdy. Ol işde meniň elimiň bardygyny bilýan ýok. Telim wagtlap ýaraman ýatsa-da, ýaş oglandan uruldym diýmäge ejap edipmi ýa adamçylyk edipmi bilemok, ol görgüli hiç kime meniň adymy bermändir, asyl uruldymam diýmändir-de, «içgilidim ýykyldym» diýipdir. Umuman, şol döwürlerde iki adam ganjaryşanda-da tötänden bilnäýmese ýa-da başga biri baryp ýamanlaýmasa milisiýa ýa-da hökümet edaralaryna şikaýat etmeklik peslik, gelşiksizlik, namartlyk, bigaýratlyk hasap edilýärdi. Aňyrdan gelýän düşünje, tertip, düzgün şeýledi. Kelemenleşip duran aýaklar barada gürrüň ýaýramajakdygyna bolsa özüňiz gowy düşünýänsiňiz. Üzümgülli waka-da ýaýramady diýen ýaly. Eşidenleriňem biri ynansa onusy ynanmady. Şeýdibem o gürrüň galdy. Ýatlaryndan çykyşdy. Häli-şindi gorjap durmasam belki, Üzümgülüň öz ýadyndanam çykyşardy, ýöne meniň gynanýan zadym ýeke bir özümiň bigünädigim, nähak töhmede sezewar bolanlygym däl-de, Üzümgülüň özüniň nähak günäni gerdeninde ömürlik göterip gezmeli boljaklygy, kyýamat güni magşar meýdanynda üýşülen wagty şol agyr günäň onuň boýnundan otly tagan bolup iljekdigi, elhenç jezalara sezewar ediljekligi maňa ömürboýy ynjalyk bermedi. Şonuň üçinem men soň-soňlaram, gabat gelen ýerinde oňa özümiň bigünädigimi subut etjek bolup kösendim ýördüm. Ol welin barybir ynanmady. Hatda ýumruk ýaly kempire öwrülip gidenden soňam, ölüm ýassygynda demini sanap ýatyrka-da baryp ynandyryp, kyýamat azabyndan halas edip bilmedim. Bakyýetiň bosagasyndan ätlemezinden ozal nähak günäni boýnundan aýryp bilmedim. Her niçik hem bolsa ýat ýerlerde Watan üçin, il-gün üçin baş goýan bir garyp ýigidiň boş galan ýurduny saklap oturandygy üçin men ony şol wagtlaram sylaýardym, häzirem sylaýaryn. Hormatlaýaryn. Belki, şol sylag-hormatlar hem kyýamat güni onuň şol bişow gün meniň öňümde gazanan günäsini ýuwar, dowzahdan ýular. Belki! Käbir agzy ýelli adamlaryň o hakda edýän bolgusyz gybat-gürrüňlerine bolsa men öňem ynanamokdym, häzirem ynanamok. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |