23:00 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -12: Dikaýak | |
5. DIKAÝAK
Hekaýalar
Ýadymda galan bişow günleriň ýene birisi orta mekdebi tamamlamagyma sähelçe wagt galanda bolup geçdi. Şol ýylyň gyşynda biziň öýümiz goňşy etrapda açylan täze sowhozlaryň birine göçüp gidipdi-de, mekdebi tamamlamak üçin öýümizde ýeke özüm galypdym. Nanymy-çaýymy-da bir öý aňrymyzda goňşyçylykda oturýan uly uýam seredýärdi. Şu günki ýaly ýadymda, gurçuk tutulýan günleridi. Okuwymyz öýlänine bolsa-da men şol gün nämüçindir mekdebe ir bilen barypdym. Ertirine okaýan başlangyç klaslylaryň ilkinji sapaklaryna girmekleri üçin jaň kakyldam welin, kolhozyň gyşky kluby tarapdan «pyt-pyt» edip gökçülik brigadasynyň köneje «GAZ – 51-i» göründi. Gelibem edil mekdebimiziň deňinde saklandy. Etrap boýunça ilkinji hem iň ökde sürüjileriň biri hasaplanýan Çerkez aganyň gapdalynda dodagyny çommaldyp, boýnuny süýndürip oturan kellesi gulakjynly, könelişen çal kostýumly adamyň gökçülik brigadasynyň brigadiri, bir elini uruşda aldyryp gelen, jedelkeş, bir gyzyp ugransoň elsiz kibti bilen gürrüňdeşiniň o omzuna bir kakyp, bu omzuna bir kakyp, tä seňki dogry diýdirýänçä sypdyrmaýan Narly agadygyny tananymdan soň onuň bu ýere hökman bir ýumuş bilen gelendigini aňdym. Çünki, möwsüm döwri ýüpekçiligem şoňa tabşyrýardylar. Çak edişim ýalam boldy. Narly aga abat eli bilen gapydan aslyşyp kabinadan düşdi-de, düýe ýitiren ýaly boýnuny süýndürip daş-töweregine seretdi. Şemala galgap duran boş ýeňiniň ujuny penjeginiň jübüsine salybam mekdep direktorynyň kabinetine tarap ýelkildäp ugrady. Oňa çenlem başga bir iş bilenmi ýa onuň gelenini aňdymy, direktoryň özi çykdy-da, ýyljyraklap salamlaşdy. Derrewem habaryny aldy. Narly aga endigine görä bokurdagyna zor salyp, gözlerinem gürrüňdeşiniň üstaşyry başga bir ýerlere dikip, sesiniň ýetdiginden gygyrmaga başlady. ― Işan! Bu gün-erte gurçuklar uklajak, ýatyrar ýaly siňren bolsa basanym ýok. Ýaman ýeri iberere-de adam ýok, gaýrat edip daýawraklaryndan birküç sany okuwçy beräýmeseň boljak-gä, ýaňy başlyga-da aýtdym, o-da bar-da aýdaý, soň özüm aýdaryn, diýdi, ynanmasaňam bar-da sora-da göräý, ýa jedel etjekmi? Sähelçe gaňryşyna gaýtdygy kibtine kibti bilen kakyljakdygyna gözi ýetip duransoň direktor ony ugruna kowdy. ― Saňa ynanman kime ynanaýyn, Narly aga! ― Direktor maňa tarap eňegini ülňedi. ― Oglanlardanam ho-onha, haýsy gerek bolsa saýla-da alyber, ýa tanaman durmuň öz obaň çagalaryny. Oňa çenlem men bärden bardym-da: ― Salam okydyjy ― diýip, iki elimem birden ilk-ä direktorymyza, soňam Narly aga, uzatdym. ― Salawma-aleýkim-m... Abat elini maňa tarap çotjaýdyp durşuna Narly aga birinji gezek görýän ýaly ýüzüme çiňerildi-de, dodaklaryny çommaldyp: ― Gurgunmysyň... ― diýdi. Birdenem bokurdagyna zor salyp, gözlerini çerreldip uly-ili bilen gygyrdy. ― I-i-i... Bir-ä, Işan, ine şüýem bolýa! Galan ikisinem özi tapar indi myň-ň... ― Derrewem meniň golumdan tutup idenekledip ugrady. ― Ýör Gurban jan gaýrat et! Şu günden gijä galsak ojagaz gurçuklaň barja emgekleri köýýä... Men: «Mylly bilen Hudaýberdini alaýalyň» diýdim. Narly aga razylaşdy. Olaryň birinjisin-ä öýünden, ikinjisinem agşam sagat altydan on ikä çenli obamyza yşyk berýän elektrik stansiýasynyň bir süri kepderileriniň arasyndan öz uçuran kepderilerini saýlap aljak bolup ýören ýerinden tapdyk. Mylly-ha iki aýtdyrman mündi, ýöne «kepderilerim... şu gün äkidäýjekdim... ― diýip, Hudaýberdi birazajyk ikirjiňlenjek ýaly etdi. Narly aga: ― Ýa he-eý, jan inim, bir uçugansoň yzyna gaýdyp barsa men jedelem ederin, ― diýip, özüne tarap ýapyrylyp ugrandanam böküp mündi. Sürüji Çerkez aga: «Derrew geris-laý, suwumyz bolsa ba, diýensoň iýer ýaly zadam almadyk-da, duran-duran ýerimizden çöle tarap tutduryberdik. Narly aga gyşky klubyň deňinde düşüp galdy. Sebäbi onuň ýalmawuz ýaly ýüpek gurçuklarynyň barysy şonuň içindedi. Biz işläb-ä ýadamadyk. Ýöne, ýazyň aýydygyna garamazdan soňabaka Gün erbet gyzdy-da, bidanyň içindäki suwam içer ýaly bolmady. Içdigimizsaýy gaýtam beter suwsatdy. Çişirdi. Üstesine içimizem ajykdy-da, halys ysgyndan gaçdyk. Uzynly gününi motora dümtünip geçiren Çerkez aga Gün öýleden agyberende kapody gümpüldedip ýapaga-da: ― Aý, oglanlar, bolandyr indi, gideliň, ― diýenden soň welin, suwsuzlygymyzam, açlygymyzam sowlan ýaly boldy. Ýarym sagada galyp-galman, ýyganja siňrenlerimizi maşyna ýükledik, özümizem üstüne mündük. Şondan soň-a asyl howalamyzam beýgelen ýaly boldy. Gijöýlänler oba dolanyp geldik. Klubyň agzynda kimdir biriniň egnine ýetişibildiginden kibti bilen kakyp duran Narly aga bize gözi düşenden gyzgyn jedeliň humarly howrundan şowurdap çykdy-da, galgap duran boş ýeňini jübüsine salmanam unudyp, bize tarap ylgaşlady. Gelşi ýalam: ― Maladis! Muny bolsa bosanym oňardyňyz. Ýör, özüňizem häziriň özünde kantura baralyň, men narýad ýazaga-da emgegiňiz köýmez ýaly, size kassadan bäş-üç manat pul äbereýin, çyksa kolhozyň puly çykýa, maňa näme, ― diýdi. Soňam üsti siňrenli maşyna tarap elini uzatdy. ― Myny men özüm düşürderin, gapylaryna gelensoň, ýüpekçileriň özlerem düşürerler. ― Kantora baranymyzdan soňam Narly aga bizi kassiriň jaýyna saldy-da: goňşy otaglaryň birinden alyp gelen tabelini meniň elime tutdurdy. ― Meň elim nemeräk, neme jan, me, men görkezeýin welin şuny sen özüňjik doldur, şujagaz ýerde otur-da! Nädip doldurmalydygyny howul-hara düşündiribem derrewjik dolanyp geljekdigini aýtdy-da, Narly aganyň özi siňreni düşürdeýin bahanasy bilen çykyp gitdi. Suw içip geljek diýdilermi ýa öýden nan getirjek diýdilermi, şol aralykda bir gep tapyp Mylly bilen Hudaýberdem gitdi. Şeýlelikde, ýeke özüm galdym. Ýaňy bir ýazyp ugradymam welin, bizden bäş-alty ýaş dagy uludygyna garamazdan, nämüçindir, gabat gelen ýerinde bahana arap, üstüme sürnüp ýören, öz ady başga bolsa-da süwümsizligi zerarlymy ýa inçemik, uzynak syratyna görämi, oba arasynda Dikaýak adyny alan, ölemen woleýbolçy, pökgini urjak wagşy ýa pökgä garaşyp eglip duran wagty iller ýaly: «Hopba-a... hopba-a...» diýäýmän ellerini silkeläp, gözüni-gaşyny oýnadyp, üstesine dilinem aýnadyp: «şlö-ö-ö, zlö-ö-ö» diýip düşnüksiz dilde samramany gowy görýän kassir gapydan girdi. Dogrusy meniňem ony gaty bir jynym alyp baranokdy, ýöne men ýaş taýdanam, güýç taýdanam asgyn bolanymsoň gazabymy, ýigrenjimi içimde saklamaly bolýardym. Ol welin mekdebiň sport meýdançasynda gurnalan torda il hatary oýnap duran bolsam-a geldigi gödeklik bilen itekläp meýdançadan çykarýardy-da, ýerime özi girýärdi, özi oýnap durka barsamam her zat edýärdi welin, meni oýna saldyranokdy. Bahanasam: «Oýnap bilmeýänler oýnamaly däl ― diýýärdi. Dogry, meniň edil onuň özi ýaly oýun oýnap gönendirip barýan zadym ýokdy, ýöne, nätjek, her kimiň göwni bar, deň-duşläryň oýnanda seniňem oýnasyň gelýä, onsoňam kim enesiniň içinde öwrenipdir, öwrenerdik-dä bizem assa-ýuwaş, häli-şindi oýundan çykarylyp durmadyk bolsak. Hem-ä ökde, hemem kassir bolansoň Dikaýaga şeý diýip düşündiribilýän, gaňryşyna gaýdyp «munyň däl» diýibilýänem ýok. Şonuň üçinem men dawadan daş durmak üçin soňabaka şonuň bar ýerine barmajak bolýardym, ol meniň bar ýerime barsa-da, dert-azar şol ýerden usullyk bilen daşlaşmak bilen bolýardym. Ýöne nijezar beýdip gün görjek: «Haýsy haçana çenli kimdir birinden gaçjak ýörjek? Ahyram bir gün oýundan çykarjak wagty gahardan ýaňa titräp durşuma: «Meň bilen urşasyň gelýän bolsa, birküç ýyl garaş, mekdebi gutaraýyn, güýjümem birazajyk seňki bilen deňleşsin» diýdim. «Oglan dogry aýdýa, azar berip ýörme sen şoňa» diýip, oýna seredip duranlardanam oňa käýiýenleri boldy. Emma olara ünsem bermedi, gulagam asmady. Ellerini silkip: «şlö-ö ― zlö-ö...» diýdi-de, meni pökgi meýdançasyndan çykaryp goýberdi. Şonda meniň kelläme: obada kakamyň, agamyň ýoklugy üçin şeýdýändir diýen pikir geldi-de, damagym doldy. Gözýaşymy ile görkezmezlik üçinem ümsümje yzyma öwrüldim-de, uzyn gijäni ýeke özüm ýatyp geçirmeli, içi şagalaňsyz, ot-ojaksyz öýümize tarap ugradym. Ine, edil häzirem, ol kepenini aldyran öli ýaly elem-tas bolup geldi-de: ― Şlö-ö, zlö-ö... Marş ― diýip, özümiň turaryma-da garaşman, golumdan tutup zyňyp goýberdi. Men «jalkyldap» diwara uruldym. Ep-esli mahal içigip durdum. Ol bolsa hili bir iş bitiren ýaly «goňk-goňk» edip ýerine geçdi. Ilikleri ýazdyrylan ýeňlerini aşak düşürmek üçin ellerini ýokary galdyryp, bileklerini titretdi. ― Şlö-ö... zlö-ö-ö!.. Görüp otursam bar bolan zat, men onuň ýerinde oturypdyryn. Ýöne men onuň ojagaz hereketlerinem hasaba alman, özümiň şol oturgyçda keýpine oturmandygymy, atam ýaly bir adamyň ýumşuny bitirmek üçin oturandygymy düşündirjek boldum. Ol welin, meni diňlemegem islemedi. Gaýtam ýerinden turdy-da: ― Bar ýok bol! Güm bol-l!.. ― diiýp, meni gapa tarap südenekledip ugrady. Arasynda elinem ülňäberdi. Ýöne men indi eýýäm Nury Hojam bilen kejeleşenimdäkim ýaly, edil ýeňsäme kakaga-da kowup goýberiberäýerçe gaty bir salyny suwdan çykarybilmejek çaga däldim. Ar-namysy ýaňy bir joşa gelip ugran, galagoply jahyllygyň gapysyndan garap, bu syrly dünýäniň soraglaryna ýaňy bir jogap agtaryp ýören, on ýedi ýaşly ýigdekçedim. Oba arasynda özüňden ula edilýän sylag-hormatyň çägini bolsa Dikaýagyň özi bireýýämler bozupdy. Maňa indi goranyşy, gaçha-kowy goýup, diňe hüjüme geçmek galypdy. Şonuň üçinem onuň elini egnimden silkip aýraga-da ýüzüne dikanlap garadym. ― Çek eliňi! ― Ah, şeýlemi-i-i... ― diýdi-de, ol sag eliniň ýumrugy bilen çep gözümiň üstüne şeýle bir ýelmedi welin, gözlerimden «ýalp» edip ot çykdy. Iki elim bilen gözlerimi tutup, aşak oturdym. Soň ýene-de dikeldim. Ýumruk bir gözüme degenem bolsa, esli wagtlap iki gözümem açyp bilmedim. Kem-kemden sag gözüm daş-töweregi saýgaryp başlady. Çal dumanyň içi bilen, arzyly ýerine tarap dabaraly ýöräp barýan Dikaýagyň syrdam göwresi göründi. Soň ümezli gözlerim bilen ýaşyl begres örtülgi ullakan stoluň üstüni sermeledim. Şol döwrüň kontoralarynda ýoň bolan, iki tarapam syýa çüýşeli, ortasy ruçka goýýanly, ini ýigrimi, boýy otuz, otuz bäş santimetr çemesi uzynlykdaky agyr, ak mermere gözüm düşendenem bir ujundan tutaga-da, beýleki ujuny ýaňy bir ýerine geçip, «şlö-ö, zlö-ö...» diýip, galgap oturan Dikaýagyň dik depesinden inderdim. Mermer onuň çüwdesini «jüňke» deşdi. Kelleçanagyndan çogup çykýan gan boýnundan syrygyp aşak indi-de, ilk-ä yhlas bilen ýuwlyp, yhlas bilenem ütüklenen akja köýneginiň ýakasyny, soňam ýagyrnysyny gyzyl reňke boýady. Şol bolşuna-da ol tasap ýerinden turdy-da, üstüme topuldy. Men böküp stoluň aňry ýüzüne geçdim, şol ýerdäki boş duran oturgyçlaryň birini göteräge-de «Ýa Alla» aýlap saldym. Ellerini öňe tutup ýüzüni kese sowup goranjak boldy, oňa çenlem ýene birini eňterdim. Hiç, öňe süýşerine, özüme golaýlaryna maý bermedim. Maý tapdygymdanam gapa tarap süýşýän. Şeýdip barşyma elime çot ildi, munam saldym aýlap. Degen ýeriniň zarbyna çotuň simleri sypyp, düwmeleri jaýyň içine pytrady, çarçuwasy çagşady. Oňa çenlem «uruş gidýän» jaýyň içi ylgaşlaşyp gelen adamlardan doldy. Olaryň arasynda Narly aga-da bardy. Ol abat elini galgadyp, maňamy, Dikaýagamy ýa başga birinemi bir zatlar diýip gygyrýardy, töweregindäkileri kibti bilen kakyşdyryp bize tarap dyzaýardy. Nireden peýda bolanyny bilemok, ýapbaşyk burunly, eglibräp, çaýkanybrak ýöremäge endik eden, tam salmaga ökde biologiýa mugallymymyzyň ýapyrylyp işikden girip gelşi henizem gözlerimiň öňünde dur. Ol adamlary oýan, buýan itişdirip maňa ýol arçady-da: «Gaç! Gaç» diýdi. Beýlekilere-de: «Tutuň ony, goýbermäň» diýip, Dikaýagy görkezdi. Men adamlaryň arasy bilen diwara gysmyljyrap gapa tarap ýöneldim. Kän bir päsgelçilik görmänem çykdym. Daş işikde Mylly bilen Hudaýberdi dur ekeni. Olaryň ikisem: «E-eý, edil kinodaky ýaly boldy ― e-eý» diýşip syrtaryşýalar. Maňa kömek etmek üçinmi ýa uruş howpy öz üstüne-de abanaýsa dagy gerek bolar öýdüpmi, bilemok, ýöne, Myllynyň elinde gyzylymtyl, kö-öneje ýartyja, bişen kerpiç bar. Olaryň ýanyndan daşlaşyp-daşlaşmankamam gapy tarapdan «güpür-tapyr», «şakyrdy» eşidildi. Görsem Dikaýak adamlaryň elinden sypypdyr-da, ýaňyja soýlan ak horaz ýaly al ganyny sarkdyryp ýetip gelýä. Çykjak wagty badyna daşky işik söýesinden syndy-da, zyňlyp ho-onda düşdi. Şol aralykda-da Myllynyň daş-töweregine ýaltaklap, elindäki kerpiji kontoryň işigindäki üzüm joýalarynyň içine oklap goýbereni gözüme kaklyşdy. Şondan soň men ol ikisinden tamamy üzdüm-de, «it urşuna» başladym. Dikaýag-a kowýar, menem gaçýaryn. Şeýdip kolhoz edarasynyň daşyndan üç gezek dagy aýlandyk. Mähelle-de sozan-da guýruk yzymyzda. Gitdigiçe-de, köpelýär. «Uruş bolýa» diýen habar mekdebe-de ýetipdir-de, bir görsem yzanda-çuwan bolşup okuwçylaram bize tarap bosuşyp gelýärler. Sähel wagtyň içinde edaranyň töweregi märekeden ýaňa etrap merkezimizdäki, etrap ara Spartakiada ýaryşlary geçirilýän stadiona döndi. Ulular Dikaýagy tutjak bolýalar, ýöne, kapyr sportsmen bolansoň kileň aýagy giden maýtyk kolhozçylara dagy ýetdirer ýaly däl, bir emelini tapyp aslyşanlarynam gujaklap ganyna bulaýar-da silkip zyňyp goýberýär, bir tarapa. Töwerekden: «Aý, gan gördi, bi indi tutdurmaz», «Ýa guduzlan bolaýmasyn how şol», «Saldatlaň möjek iti bolsa-ha ýeterdi myny» diýen ýaly aljyraňňy sözler eşidilýär. Kimdir biri: «Hökümede tutdurylaýsa nähili borka», diýdi. Uniwesiteti ýaňy gutaryp işe täze gelen ýaş, direktorymyz, degişgen Işan okudyjy tarapyndanam «Saňa alty aý möhlet, gowy okatmasaň, kowaryn» diýip ýalandan gorkuzylan, Mukam atly jemgyýeti öwreniş mugallymymyzyň sesimikä diýdim: «Ine, ikimizem hökümet-dä, hökümet diýmek sen, men diýmek-dä, munda hiç kimiň hiç kimden aýry zady ýok, hemmeler bar zada eýe, näme etsek özümiz etmeli, näme çäre görsek ikimiz görmeli...» diýip, bir naýynjar jyňňyldy eşidildi-de, derrewem goh-galmagallaryň arasynda ýitip gitdi. Dördünjimi, bäşinji aýlawy tamamlap barýakamam onuň henizem gandalyndakylara «sapak geçip» durandygy gözüme ildi. Soň bir aýlawda gözümi aýlap görsem maňa tarap barmagyny çommaldyp: «Şulam bir tär, uruş taktikasy. Göroglam käte ulanan şu usuly. Muňa «it urşy» diýilýä. Taryhy fakt bi. Eger-de habary bar bolsa munuň entegräkden «wellemşaha» ýa-da «aýlantabaga» geçäýmegem mümkin...» diýenlerini eşitdim. Şeýdip, «aýlawyň» ýüpüni külterläp ýörşüme menem elime iler ýaly zat gabat geldigi garbap alýan-da, salýan kowgynyň ýazzy maňlaýyndan. Soňabaka ikimizem lakytak durduk. Ýöne, gaçha-kowy welin bes etmedik. Elbetde, ol kowmasyny goýsa men gaçmamy goýjakdym, ýöne, olam ony edenok, meňňem öz saýlap alan «taktikamy» elden beräýesim gelenok. Birdenem agamyň dosty, deň-duşy, boýy keltejigem bolsa göwresine erk edibilýän, etrapda atly göreşmanlaryň biri, Paýzy atly traktorçy ýigit kontoryň sesýetim gaýrasyndaky saraý tarapdan ýüzün salyp geldi-de, iki bökende Dikaýagyň yzyndan ýetip, elleri zady bilen bilelikde bilinden gujaklady. Göterdi. Maňa-da: «Gaç! Gaç Gurban jan öýüňize gaç! Bolmasa bize baraý, ine menem häzir barýan» diýip gygyrdy. Menem gaçyberäýmedim-de, edara garawuly Körje aganyň kepbe örmek üçin basyp goýan ýylgynlaryndan birini sogrup alaga-da Dikaýagyň ýüzi kessir ýelmedim. Ýöne ol gagşalrak ekeni-de, degen badyna «jarka» iki bölünip elimde diňe tirsek boýy tommaýy somalyp galdy. Kelte taýak bilen çaga uruş etmek bolsa mümkin däl, onda-da Dikaýak ýaly uzyn, çeýe adam bilen «Aýlantabaga» ýa «Wellemşaha» geçeniňde-de bolmajakdygy görnüp dur. Şonuň üçinem, men tommaý taýagy taşlaga-da, inçejigem bolsa gyzylja, çygarrak çybyklaryň birini sogrup aldym-da, ýüzi-gözi diýmän Dikaýagy saýgylaberdim. Howada aýaklaryny kelemenledip durşuna onuň: «Goýber! Goýber diýýän, eneňi...» diýip Paýza sögünýänini, ikibaka urunýanyny bilýän. Maýja welin ony sypdyrarly däl, özem şol bir «gaç» sözüni gaýtalap dur. Ahyram: «Gurban jan, urma indi, arasynda maňa-da degýä» diýdi. Onsuzam onuň ojagaz göwresi bilen Dikaýagy uzak göterip durup bilmejekdigi düşnükli ahyry. Men elimdäki çybygy bir tarapa taşladym-da, edara bilen ýanaşyk oturan mekdebimiziň düýbüni syryp, birgiden mähelläniň ortasy bilen öýe tarap ugradym. Şol ýagdaýda şondan soňam yzymdan kowsa Dikaýak tutuş oba masgara bolmalydy. Eýýämhaçan kimden eşidenini bilemok, bäş-on öý bärki goňşymyz, göbegenem, eti agyrlygy zerarly abşanaklap zordan ýöreýän, «haş-haş» edip gaty kynlyk bilen gürleýän, saçlary juw-ak bolansoň bolşundanam beter garaýagyz görünýän Täçbibi eje maýtyklap öňümden çykdy-da: ― O bir ot iýgiçdir oglum, imansyzdyr. Aňyrsy şoňňalydyr oň. Ýekeligiňi bilip gije-girim geläge-de bir poh iýjilik edäýmesin. Şoň üçinem ätiýaçdan bu gije ýeke ýatma, ýa bize gel, ýa-da ýanyňda oglanlaň birini ýatyr ― diýdi. Dikaýagyň gije gelerinden-ä dogrusyny aýtsam gorkamokdym, sebäbi gelmejegini bilýärdim, ýöne, ýekelik welin öňem ýokuş degýärdi, olar ýaly «agyr söweşden» soň-a hasam ýokuş degjekdigi görnüp dur. Onsoňam bolan wakany eşidip aýal doganym geler, aglar, eňrär, Dikaýaga sögüner, gargar, üstüne gitjek bolar, kakama, agama habar etjek bolar, o zatlaryň bolsa geregi ýok. Şonuň üçinem ýuwaşja ýöräp barşyma ol gijäni oglanlaryň biriniňkide geçirmelimi ýa dogrudanam Täçbibi ejelere barmalymy, diýen meseläniň üstünde oýlanyp başladym. Birdenem goňşy obada ýaşaýan daýym ýadyma düşdi. Edil şol wagtam mekdep tarapdan eýeri beýik, ruly pes, «progress» kysymly ýaşylja welosipediniň üstünde dikbaşak oturan, ýumşajyk goňur telpegini gyşardyp maňlaýyna geýýändigi üçin saçy düşen tap-takyr kellesiniň ýeňse tarapy hemişe açyk duran, çal kowerkort kostýumly, ýüzi tep-terje, gaharly wagtam geplände ýylgynjyrap, burnunyň tommaýyny ýygryp, aýtjak sözlerini owurdynyň içinde eýläk-beýläk oýkap-oýkap, bölüp-bölüp, kä pessaý, kä zarply äheň bilen owazlandyryp soňam, diliniň üstüne mündüräge-de dişleriniň arasy bilen gürrüňdeşiniň üstüne oklap goýberýän, belki şonuň üçindir, sapagyny ähli mugallymlardan gowy düşündirýän edebiýat mugallymymyz Jumasapar okudyjy göründi. Men ylgap onuň öňünden çykdym. Salam berdim. Urşanym üçin käýýär öýdüp gorkdym. Emma ol welosipedinden düşdi-de, ýüzüme çiňerilip nämüçindir ýylgyrdy. Burnunyň tommaýyny ýygryp, ýuwaşjadan söze başlady-da, soňunam batlandyryp goýberdi. ― Nä-ähili ho-ow, gowumy ýagdaýlar?! Abatmyň özüň bir?!.. Men onuň sowalyny jogapsyz galdyrdym. ― Okudyjy ertire çenli tigirjigiňi bersene, daýymlara gitjek. Ol her eli bilen bir şahyndan tutup duran rulyny zarp bilen maňa tarap iterdi. ― Me! Men mugallymyň ýumşajyk aýalarynyň ýylysy siňen goňur, rezin tutawaçlara elimi ýetirdim. Bokurdagym dolup duransoň «taňryýalkasyn» aýtmaga-da ýaýdanyp çep aýagymy welosipediň çep pedalyna basdym. Täçbibi ejäniňem yrgyldap Jumasapar okudyjynyň ýanyna baranyny, ikisiniň bir zatlar barada özara gürleşip, tä obadan çykýançam yzymdan garap durandyklaryny seretmesemem süňňüm bilen syzdym. Daýymlaryň obasyna golaýlaberenimde günbatardan üýşmek gara bulut göründi. Hä diýmänem salkynjak şemal öwüsdi. Ýagyş damjyklady. Birdenem güýçli çabga öwrüldi. Gündizki agyr yssydan, siňreniň ýadawlygyndan, ýap-ýaňyja bolup geçen «agyr söweşden» soň şol salkyn howa, ýylymsy ýaz ýagşy janyma kemem ýakmady. Ýöne, gumaksy ýoluň ýüzi derrew dag bozgasynyň sakgyjyna döndi. Tigirler bilen ganatlaryň arasyna palçyk dykylyp sürmäni kynlaşdyrdy. Düşüp idip ugradym. Daýymlaryň howlusyna girenimde welosipedi egnime göterip girdim. *** ...Şondan birküç aý geçenden soň onunjy klasy tamamlap, Berkeli başlygyň beren «naprawleniýesinem» jübä urup, okuwa gitmek üçin dokumentlerimi dolduryşdyryp, saglyk hakda sprawka, surat diýen ýaly ownuk-uşak işleriň aladasy bilen etrap merkezine gatnap ýörkäm, oba bilen şäher aralygyndaky, ene ýabyň köprüsinden inen ýerimde süýr günortanlar Dikaýak pete-pet gabat geldi. Men daş-töweregime garanjakladym. Ne eýle-de, ne beýle-de iňlär siňek ýok. Azajyk eýmenenim çyn. Ýöne, gorka ýol bermedim. Öz-özümi merdemsi tutmaga çalyşdym. Ugrumy üýtgetmedim. Ýagynyň göni iki gözüniň içine seredip üstüne sürdüm. Bolsa-da ol hiç hili uruş meýillerini ýüze çykarmady. Diňe deňime geliberende azajyk aýak çekdi-de, barmagyny çommaldyp: ― E-eý, gowuja bol, eşitýäňmi, işiň bolmasyn şoň bilen ― diýdi. Men onuň bolşuny birhili sus gördüm. Içgili bolmagam mümkin. Bir zadyň aladasy basan bolmagam ahmal. Her-hal ol öňki çus, badyhowa, alyp-ýolup barýan Dikaýak däldi. Ondaky bu üýtgeşiklikleri meni begendirmedi. Gaýtam nebsimi agyrtdy. Şol bolup durşy göz öňüme gelse meniň oňa heniz-henizlerem nebsim agyrýar. Ýöne, men nämüçin gowuja bolmaly, kim bilen işim bolmaly däl, onuň ine şu sözlerine welin men soň-soňlar düşünip galdym. Görüp otursam ol şol wagtlar hat berýän ekenimi ýa söz aýtdyrýan ekenimi, garaz, biziň klasdaş gyzlarymyzyň birinden tamakin bolup ýör ekeni. Ýa-da şol döwrüň oba dili bilen aýtsak yzyna düşýän ekeni. «Söweş» gopan wagtlary-ha söýşüp ýören bolmagam ahmal, sebäbi biraz soňra, ol şol gyza hakykatdanam öýlendi. Belki biri gep berendir, belki öz-özi «was-wasa» düşendir, ýöne şol gyzyň özüniň «şol oglan maňa azar berýär» diýip aýtmadygyny bilýän, ol işigaýdan şol gyzy menden öler ýaly gabanýan ekeni. Gözüň ýagyny alyp barýan görki bolmasa-da, kän gyzlardan akylly, ýuwaş, adamkärçilikli, işeňňir şol gyzy klasdaş hökmünde, ýagşy adam hökmünde hernäçe gowy görenem bolsam, sylanam bolsam, elimden gelse Dikaýak ýalylara rowa görmejekdigim çynam bolsa, suwjaryp azar bermeg-ä däl, hatda çalaja göwnümem bölmändigimem, söýgi bildirip ýekeje gezek hat ýazmandygymam, lak atmandygymam hak. Ýöne nätjek «güman imandan aýrar» diýip, öňküler ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry. Onsoňam näme, bişow günlerden seniň gaçyp gitjek ýeriň ýok. O bolmaly, bu bolmaly, sen hökman şonuň üstünden baraýmaly. Içine düşäýmeli. Girdabyna gaçyp läbigine hökman bulaşaýmaly. 2000 ý, Aşgabat ş. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |