14:08 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -13: Awtobusda | |
ÜÇÜNJI TOPLUM
Hekaýalar
▶ OŇAÝSYZ PURSATLAR AWTORDAN Meniň indiki berjek gürrüňlerim soýuzyň merkezi institutlarynyň birini tamamlap gelip, Aşgabatda işe başlan döwürlerim gabat gelen bişow pursatlara degişli. Ol wagtlar meniň entek özbaşdak öýüm ýokdy. Mende diňe badyhowalyk, öz halkymyň bir asyra golaý öň elden gideren erkinliklerini, medeni miraslaryny, esasanam dillerini dolap almaklyga, dikeltmeklige bolan höwes, şol höwesiň her ädimde kemsidilmegine, üstünden gülünmegine garşy göreş duýgusy bardy. Çünki, şol tema bilen bagly islendik mesele, dawa «milletçilik» diýlen, çeýe syýasata syrykdyrylýardy-da, atan okumyz dolanyp gelip öz gursaklarymyzdan sanjylýardy. Göreşere ýolam ýokdy, ýagdaýam. Gyzmalyk edip edýän hereketlerimiz diňe öz-özümizi çoçgara çolaşdyrmak bilen tamamlanýardy. Biz onsoň gadymy ertekilerdäki ýaly, haýsydyr bir gerçegiň geläge-de erk-ygtyýarlarymyzy elimize alyp bererine, öz ýurdumyzda özümizi öý eýesi saýmagymyza mümkinçilik döredip, düzgünlerimizi düzedip bererine kaýyllyk bilen, has dogrusy nalajedeýinlik bilen garaşyp ýörmekden başga alaç galmaýardy. Gerçek welin gelmeýärdi, görünmeýärdi. Institutda okap ýörkäk, baýramçylyga bagyşlanan oturşyklaryň birinde, iki ildeş bolup özara gürleşenimizde kimdir biriniň ýoknasyzlygyny edip, «...adam dilinde gürläň» diýendigi üçin dik duran ýerinde iki dişini damagyna iberenim, soňundanam tas, institutdan kowulandygym şu günki ýaly ýadymda. Eger-de «marksizm-lenisizm» kafedrasynyň müdiri, daýaw, çal saçlarynyň köpüsi düşen, topazburun, professor Zilberman: «munuň milli duýgusyny kemsidipdirler, el galdyrmaga mejbur edipdirler» diýip, wagtynda arkamy almadyk bolsa, hakykatdan-da kowuljakdygym görnüp durdy. Çünki, şol döwür biz ýaly «az milletleriň mertebesini kemsitmek milletçilik hasap edilmeýärdi-de, öz mertebäňi goramak, köpçülikde, ýygnaklarda öz diliňde gürlemek milletçilik hasap edilýärdi. Elbetde, ol kemsidilmeler hökümet tarapyndan ýöredilýän açyk syýasat däldi, bu biziň barymyzy adamzadyň röwşen geljegi bolan kommunizme tarap alyp barýan, «ähli ýeňişlerimiziň guramaçysy we ruhlandyryjysy» bolan kommunistik partiýanyň hut öz kölegesine bukulyp, aşaklyk bilen ýöredilýän, ýöredýän kümsük syýasatydy. Daýanç nokadyny güýçlendirmek üçin ors hökümeti tarapyndan ýüz ýyl bäri üznüksiz suratda iberilip duran gelmişekleriň köpüsiniň göterip gelen şygarlarynda ýazylyşy ýaly, özlerini dost, dogan ýa myhman däl-de, ýerli halkyň halasgäri saýyp, onuň öýünde hiç bir gypynçsyz hojaýynsyraşmaklary netijesinde ýüze çykýan oňaýsyz pursatlardy. Şol syýasat Gökdepe söweşinde general Skobelew tarapyndan ruhy syndyrylan türkmen halkynyň bir böleginiň göwnüni öňküdenem beter çökerýän bolsa, beýleki bir bölegini öňküsindenem beter «maňgurtlaşdyrýardy». «Maňgurtlar» 1924-nji ýyldan öň Garagum sähralyklarynda türkmen diýen halkyň däl-de, hakykatdanam süri-süri dowarlaryň gezip ýören ekendigine, ata-babalarynyňam Atrasyýap, Oguzhan, Salyr Gazan ýaly alp ärler däl-de, Lenindigine, Marksdygyna, eneleriniňem kommunistik partiýadygyna beýik ors halky datlaryna ýetişmedik bolsa bireýýämler halk hökmünde ýitip, ýok bolup gitjek ekendiklerine ýylsaýyn, barha we barha berk ynanýardylar. «Ýigrim dörtdür doglan ýyly türkmeniň» diýip, goşgular goşýardylar, dutaryň ýanynda aýdymlar aýdýardylar. Öz halkyny gowy görýän, özüni sylaýan, kemsitmelere göz ýumup, bäş günlük döwrany binamyslarça sürüp bilmeýänler bolsa ruhy yzalar çekýärdiler. Meniň indiki berjek gürrüňlerimem ana hut şol nogsanlyklaryň has takygy türkmen halky üçin iňňän uzaga çeken bişow ýyllaryň döreden oňaýsyzlyklary barada. Şonuň üçinem siz meniň şu ýerde ýazyp beýan etjek bişow pursatlaryma ýeke bir meniň öz alnymdan çykan oňaýsyzlyklar hökmünde däl-de, tutuş türkmen halkynyň başyndan inen betbagtçylyk hökmünde hem garap bilersiňiz. 1. AWTOBUSDA ...Şol gün men ir bilen haýsydyr bir tanşymyňkydan örüpdim-de, ertiriň aýazyna digdenekläp işe ugrapdym. Awtobusyň içi gaty bir boşlag bolmasa-da, her duralgada gysylyp-gowrulyp girýän az däldi. Şäher bazaryna golaýlaberenimizde arkasy süýt salynýan tüňňürli garryja daýzanyň hä yzky hä öň tarapky gapa tarap topulýanyna hiç birine-de giribilmän yza çekilip, soň ýene-de täze tama bilen şol tarapa owsunýanyna, daş-töweregine gözläp delmurýanyna gözüm düşdi. Öňdäki gapynyň agzynda tutawaçdan ýanyşyp, germelip duran başy galyň, gyzylymtyl şlýapaly, egni ýakasyna sütükli deri tutulan, şlýapasy bilen reňkdeş paltoly, aýagy içi ýumşak gyrmyzy ädikli, gyşyň içidigine garamazdan gözi gara äýnekli, burunlak, erinlek, ýüzi dym-gyzyl, alkymlary sallanyp duran daýaw, orta ýaşlaryndan geçiberen bir ors zenany sähelçe gyslyşsa ýa ýokarrak süýşse tüňňürli daýza-da giribiljekdi. Ýöne, ýer bermeg-ä däl, gaýtam oňa gözi düşenden şlýapaly aýal ýüzüni-gözüni kürşerdip, burnunyň ganatlaryny ýellendirip, pişik gören it ýaly «hyňranmaga» başlady. Daýza gapynyň tutawajyndan ýapyşsa «uýdi», diýip eline kakdy, omzaberse döşünden itdi. Garry daýza bolsa oňa kän bir ünsem bermän, dert-azar girjek bolup çytraşdy. Her gezek eline kakylanda, döşünden itilende: «Eý, wä-äk, ýelni kesilen...» diýip, çalaja hüňürdedi-de, yzky gapa tarap gyrmyldady. Giribilmän ýene-de öňki gapa geldi. ― Süýşüň-ä aňyrrak... gitmel-ä menem şyň bilen... barmal-a çaltrak barmaly ýerime... gün görýän-ä menem şyň üstünden... garaşyp oturandyrlar-a... ― diýip eşidiler-eşidilmez «jyňňyldady». Ýaňy bir sümülip ugrandanam şlýapaly aýal ýüzüni eýmenç sypata getirip onuň döşünden öňkülerine görä-de has dözümliräk itekledi. ― Уйди! Не лезь! Проч своим грязным бидоном!.. «Hyk-çok» edip öňe dyzap duran garry daýza sesini titredip: ― Haý, ýelni kesilen, içiniň süýdüni gapyňa eltip berenimde «гразны» bolanokda assabuza münjek bolamda «гразны» bolýamy bi tüňňür ― diýdi. Dogumlyrak dyzaga-da gapydan gireňkirläberendenem belentde duran şlýapaly aýal ädiginiň ökjesini daýzanyň döşüne diredi-de, bar güýji bilen iterip goýberdi. Görgüli çiňarkan gaýtdy-da, şalkyldap arkan ýykyldy. Tüňňüriň gapagy açyldy. Heniz ýylysam gitmedik ap-ak süýt ilk-ä gara asfaltyň ýüzüne çaýyldy, soňam awtobusyň öň tigirleriniň arasyndaky oýtuma ýygnandy. Garry daýza şol ýatyşyna-da süýnüp barýan süýde tarap ellerini serdi: «Wah-wah, wah-wah». Ermenimi, orsmy ýa başga bir milletmi tapawudy ýok, bu bolan ýagdaýy görüp awtobusyň içindäkileriň barysy birden içlerini çekdiler. Şlýapaly aýala agyzlaryndan gelenini aýdyp, sökdüler. Ýazgardylar. Ol welin haýykmadam. Gaýtam ýerinden galybilmän asfaltyň üstünde aýaklaryny däbşenekledip ýatan garry daýza tarap barmaklaryny çommaldyp: ― Шестдесять лет воспитывали и не могли их перевоспитывать... ― diýdi. Başgalary bilemok, ýöne özümiň-ä depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Bir demde ganym depäme urdy. Gaharym joşdy. Emma näme diýjegimi, nähili hereket etjekdigimi bilmän ýaýdandym, kimdendir birinden haraý gözleýän ýaly, daş-töweregime garanjakladym. Sögeýin ýa baraga-da agzynyň üstüne suňşuraýyn diýsem, ol bir aýal adam, golundan tutup bir ýere elteýin diýsem oňa-da maý ýok. Dar awtobusyň içi, ýedi ýoluň üsti. Düşüp milisioner gözläýin diýsemem ol oňa çenli ummadan çykjak, bir säw bilen özüni süýrekläp äkidäýeniňde-de ejir çeken munda galjak, gelibem ony ýerinden ýa tapjak sen ýa tapjak däl. Ýaman ýeri şolar ýaly garaçynyňy ediberseň ejir çekeniň hut özüniň seniň garşyňa galyberdigem bolaýýar. Bir gezek boldam asyl şolar ýaly ýagdaý. Ýaňky ýaly dyzmajrak aýalyň biri awtobusyň öňrägindäki: «Çagaly aýallar üçin» diýen ýazgyly oturgyçda oturan türkmen zenanyny siltäp turuzaga-da ýerine geçjek boldy. Zenan başyna atylgy gyzyl ýüň ýaglygynyň çep döşüni örtüp duran uçjagazyny çalarak galdyrdy-da, derrewem aşak goýberdi. «Gahryman ene» ordeni bir «ýalp» etdi-de, ýene-de gözden gaýyp boldy. Ýöne, ol döwlet sylagy özüniň ýekemenlik dünýäsinde gezip ýören dyzmaç heleýiň gözüne küllükde ýatan gara şaýylykça-da görünmedi. ― Подумаеш!.. Наражала понимаете поросят, да еще и уважение к себе хочеть… ― diýdi-de, zenanyň döşündäki ordeni ýolup alyp oturgyçlaryň aşagyna zyňyp goýberdi. Özüniňem golundan çekäge-de turuzdy. Ýerinde oturdy. Şonda men sürüjiden awtobusy birazajyk saklamagyny haýyş etdim-de, edil öň ýanymyzdaky çatrykda duran eli ala taýakly milisioneri çagyrdym. O-da bir ors adamsy ekeni-de, bolan işi eşidenden ýüzüni iki tarapa sypajaklatdy: ― Ай, я гаичник, вам надо обратиться по другому адресу… ― diýibem, awtobusdan düşdi ötägitdi. Men ýolagçylaryň razylygyny aldym-da, sürüjiden milisiýa bölümine sürmekligi haýyş etdim. Ruluň başynda oturan türkmen ýigidi bir beti tutuşlygyna neşehorda bolup duran gap-gara, süýnmek ýüzüni kürşdürip, gaşlarynam bürjeşdirdi-de, tutuş durky bilen saňňyldamaga başlady. ― Aý, agam, maňa m-marşurutdan çykmak bolmyýa... Men... ― diýende dodaklaram titir-titir etdi. Dişlerem şakyrdady. ― ...Onsoňam ..h-her kim çaga ekleýä... m-milisgä barsaňam özüň bilýäň... dawagäriň şular bolsa öňi bilen özüňi günäkär edýäler... gördüň-ä ýaňkyň b-bolup gidişini... ― Jan dogan başymyzy gowga sokjak bolma-da öz işiň bilen bolubersene ― diýip, bir görsem zyňlan ordenini adamlaryň aýak aşagyndan tapyp alyp öňki ýerinde dakjak bolup duran gahryman ene-de ýüzüni boz-ýaz edip dur. Şonuň üçinem bu gezek islesem-islemesem özümi gaty bir orta oklabermekden saklanmaly boldum. Ýöne, ümsüm durubermäge welin bognum ysmady. Çünki, «altmyş ýyllyk» terbiýäniň bir ujy gelip maňa-da degýärdi. Arkasy tüňňürli şol daýza-da edil men ýaly bir ýigidiň enesi bolmalydy, diýmek şol daýzanyň ornunda meniň hut öz enemiň ýa-da siziň biriňiziň eneňiz bolup biläýjekligem ahmaldy. Garaz, şol köçe gürrüňiniň aňyrsynda tutuş türkmen halkynyň betbagtçylygy ýatyrdy. Men usullyk bilen şlýapaly aýalyň alkymyna dykyldym-da, sag elimiň başam barmagyny süýem barmagym bilen orta barmagymyň arasyndan çykaryp iki gözüniň ortarasyna diredim. ― Ine, şuny terbiýelänsiň sen bizi altmyş ýyllap. Eger-de ol erkek adam bolan bolsady, onda men beýtmezdim-de, bir wagtlar Nury Hojamyň maňa agşamky kinonyň bir apbasylyk biledine derek görkezmek islän zadyny görkezerdim. Ýa-da Dikaýagyň gününe salardym. Ömründe birinji gezek eşidýän bora çemeli, şlýapaly aýal meniň ýaňky sözlerimi eden hereketimi diýseň ýokuş gördi. Gaňryşyna gaýdylman, birdenem edenine däl diýlen tosun çaga ýaly ilk-ä bar içini çekdi-de, gözlerini tegeläp daş-töweregine garanjaklady, soňam nädip bu sözleri maňa aýtmaga milt edip bildiň diýýän ýaly allaniçigsi bolup ýüzüme çiňerildi, bir zatlar diýjek bolup agzyny açdy, ýöne namysdan ýaňa halys beýnisi doňdumy, nämemi içinden ses çykarybilmän diňe äňlerini biri-birine degrip-aýryp, garry düýäniňki ýaly salpy dodaklary bilen ýüzümi ýelpedi durdy. Birdenem özüne geldi-de, süýr depämden indermek üçin sumkaly elini ýokary göterdi, emma gyslyşykda o niýetem başa barmady. Labyry bilen mynjyratmak islän bolsa gerek, şondan soňam Arap reýhanyň söweş pili kimin aýylganç bir ses etdi-de, hellewläp üstüme gaýtdy. Men bir gapdala sowuldym. Ol öz agramyny göteribilmän ýüzinligine gaýtdy. Ululy-kiçili birgiden adam aşagynda galdy. Gyk-bak, goh-galmagal öňküniň dagy çeni bolmady. Has beterem «piliň» aşagynda galanlar gaty gygyryşdylar. Ýatan ýerlerinde onuň o ýerinden, bu ýerinden tutup çekelediler, çümmüklediler, aýallardan kimdir birem iki barmagyny onuň burnunyň deşiklerine sokup şeýle bir gaňyrdy welin, gara äýnekleriň aşagyndan paýrap çykan damjalar aşakda ýatanlaryň üstünden sil bolup indi. Bu ýagdaýa çydaman ýolagçylaryň köpüsi böküp-böküp düşdüler. Menem düşdüm. Häliden bäri tüsse çykaryndan «güw-güw» gaz goýberip duran awtobus diňe şondan soň ýerinden gozgandy. Men henizem ýerinden galybilmän, «hyk-çok» edip ýatan garry daýzany ýerinden turuzdym, zatlaryny ýygnaşdym-da, indiki awtobuslaryň birine mündürip goýberdim. Ugramazyndan öň daýza maňa köp-köp alkyşlar aýtdy, aşak eglip süýdüniň dökülen ýerlerine öwran-öwran, siňe-siňe seretdi. Arasynda-da: ― Wah-wah, wah-wah ― diýip, başyny ýaýkady. ― Öňküje gurbatym bolsady, onda men o ýelni kesileniň burnuny kesip özüne iýdirerdim welin, nädeýin-dä... ― diýip, zeýrendi. Duldegşir goňşusynyň daşkyrak garyndaşlaryndan biriniň Orsyýetdemi ýa başga bir ýerdemi ulurak işgärleriň taýýarlanýan okuwynda okaýandygyny, şol gelip işe ýerleşensoň ýaňky heleýi nirede bolsa-da tapdyryp gelen ýerine güm etdirjekdigini aýdyp göwnüni hoşlady. Şu meselede özümiňem şol garry daýzaňkydan üýtgeşik gaýratymyň ýokdugy özümiňem şol daýza ýaly kimdir biriniň gelerine halky bu kemsidilmelerden alyp çykaryna garaşyp ýörendigim üçin utanmakdan, kemsinmekden ýaňa ýüzümi bir gyra sowup, ol ýerden daşlaşmak bilen boldum. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |