14:21 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -14: Dükanda | |
2. DÜKANDA
Hekaýalar
Ýokarka meňzeş bişow pursatlaryň ýene birem şol döwürler Aşgabatda iň bir gelimli-gidimli dükanlaryň biri hasap edilýän, «Mir» kinoteatry bilen ýanaşyk oturan «Çagalar dünýäsinde» bolup geçdi. Ol wagt men kireýine ýaşar ýaly jaýjagaz tapypdym-da, näçe ýyl bäri obada, hossarlarymyň ýanynda ýaşap ýören çagalarymam ýanyma göçürip getiripdim. Şol gezegem hut şojagazlaryma ony-muny satyn almak üçin dükana barypdym. Çaga köýnejikleri, jorap, köwüş satylýan bölüme bardym welin, bir eli köneje korzinkaly, beýleki elem hasalyja, çal başyna jowur-ak gyňaç oranan, egni göwşüllän gök setin köýnekli, aýagy köneje galoşly, birneme bükülen bili ak ýaglyk bilen guşalan, ýüzi ýygyrt-ýygyrt bolsa-da gözleri jalahlap duran garryja mama prilawkanyň aňyrsyndaky ― ermenimi, azerbaýjanmy ýa jöhütmi biljek däl, ýöne ors-a däl, ― akmapraç, buýra-buýra saçlary gerdenine düşüp duran, erkek adamyňka meňzeş örküçli, inçe burnunyň ujy çaýkeliň çüňki kimin egrelip baryp ýokarky dodagyna tas degäýjek bolup duran, orta ýaşlaryndanam aňyrda görünýän dolmuş zenanyň ýanyna yrgyldap barýar-da, tekjeler-de üýşüp ýatan joraplara elini uzadyp, çekinjeňlik bilen: ― Bajy, ho-ol jorabyň bahasy näçe ― diýýär. Satyjy zenan bolsa oňa tarap gabagynam galdyranok. Agraslyk bilen kä aňyrsyna, kä bärsine bakyp, bir zatlara güýmenen bolýar, baryp tekjedäki harytlary rejeleşdiren bolýar, mamadan kän soň gelen alyjylaryň habaryny alýar, arasynda-da garry mamanyň ýanyp duran gözleriniň içine dikanlaýar-da, içýakgyç ýylgyrýar, soragyny gaýtalamak üçin ol özüne tarap owsunyberendenem aňyrsyna öwrülýär-de, ýene-de öňküje güýmenjesi bilen boluberýär. Garryja mama-da ondan ýüz tapmajagyny bilip arasynda başga bölümlere-de barýar, olaryň tekjelerine-de jüýjerilip-jüýjerilip seredýär, ýöne, hökman jorap almaly bor-a çemeli, «çygyş-çygyş» edip ýene-de yzyna gaýdýar, gelip ýene-de şol tekjä tarap barmagyny çommaldýar-da şol bir soragyny gaýtalaýar. Ahyram nämäniň-nämedigini aňan bor-a çemeli, eňejigini kemşeýdip boýnuny burdy-da, saňňyldap duran horja, güne ýanan, damarlak elini tekjä tarap uzatdy: ― Bajy, yskolko şo jorap? Tes-tegelek syrtyny eýýämhaçan oňa tarap öwürmäge ýetişen satyjy zenan «hyrra» bärsine öwrüldi-de, başdanaýak gyzyla gaplanan dişlerini sowuklaç syrtardyp yzgytsyzlyk bilen: ― A-ha-a-a... заговарилась, ведь не хотела говорить ― diýdi-de, soralan harydy gödeklik bilen garrynyň öňüne oklady. Seňrigini ýygryp durşuna eşidiler-eşidilmez ýene-de bir zatlar diýdi. Bu ýagdaýa seredip unup-çydap durar ýaly bolmady. Men hatda şol wagt özümiň şol ýere näme üçin gelenimem, çagalaryma bir zatlar alyşdyrmalydygymam unutdym, şonuň üçinem men usullyk bilen şol tarapa ýöneldim. Golaýlaberenimdenem satyjynyň: «Нечего выбирать» diýip, garry enä haýbat atanyny eşitdim. Bu onuň oňa: alsaň-a al, almasaňam hapa elleriň bilen mynçgalap durma, diýdigidi... Garry geregini saýlap ýetişmänkä joraplary yzyna almak üçin elini uzatdam welin, men satyja: ― Saklanyň ― diýdim. Alyjynyň öňünde özüni örän gödek alyp barýandygyny, edýän hereketleriniň söwda düzgünine ters gelýändigini aýtdym. Özümi degişli edaranyň wekili hökmünde görkezmesem hezil bermejekdigini aňdym-da, döredijilik soýuzynyň agzalyk biletini çykaryp gözlerine golaýlatdym, doly okap ýetişmänkä-de yzyna çekip aldym. Hasyr-husuram jübüme saldym. Ýüzümi agraýdyp durşuma agras gürledim. ― Siz satyjy, köpüň öňünde durýan adam, siz iňňän mylakatly bolmaly, hemmeler bilen sypaýy gürleşmeli, ýerli dili bilmeli, siz bolsaňyz öz dilinde ýüzlenýän alyjyny äsgermezlik edýäňiz, kemsidýäňiz, onda-da ejeňiz ýaly adamy... Ýa sözlerim täsir etdi ýa-da agzalyk biledim, satyjy aýal garry enä bolan içki ýigrenjini zoraýakdan basmarlap durşuna: ― Menem altmyş ýaşap barýan, indiden soň nädip dil öwreneýin ― diýip, ýöwselläp başlady. ― Siz altmyş ýaşdan soň türkmençäni öwrenmäni ýokuş görýän bolsaňyz obada oturan segsen ýaşly garry nädip orsçany öwrensin?.. ― Satyjy çym-gyzyl bolup ýüzüme seretdi, ýöne aýdara söz tapmady. Men sözümi dowam etdirdim. ― Onsoňam dil bilmeýän bolsaňyz dil eýesini sylamany bir öwrenäýmeli ekeniňiz. Men häliden bäri siziň ähli hereketleriňizi synlap durun. Siz şu garry enäni kemsitmek bilen külli türkmen halkyny kemsitdiňiz. Şonuň üçinem bu gürrüňi başga ýerde dowam etdirmeli borus. Häzirlikçe bolsa müdiriňizi çagyryň: ― Заче-ем… ― diýip, eýýämhaçan ysgyndan gaçan satyjy boýnuny burup zarynlady. ― Я же каюсь... Ну, извините... больше не буду... Хотите я и перед бажыщкой буду извиняться?.. ― Она не бажыщка, а бабушка. ― Ну хорошо. Хотите я перед бабушкой буду извиняться? Bu ýeňiş meni diýseň begendirdi. Ruhlandyrdy. Kimdir biriniň geläge-de düzedip bererine garaşyp ýa oturan-turan ýeriňde zeýrenişip ýörmän, ýerli-ýerden talap ediberseň öz hukugyňy gorap boljagam ekeni, syýasatyň özüňe arka çykaýjak ýerlerini ulanybam boljak ekeni, şu zatlara köp babatda biziň özümiz günäkär ekenik, diýen ýaly dabaraly duýgularam serime geliberdi. Öňümde ýaýaplap durandygy üçin satyjy zenana birhili nebsimem agyrjak boldy. Ýöne, munça azap edenime görä öňi bilen garry mamanyň göwnüni awlamalydym. Hut şol niýet bilenem: ― Конечно, конечно, именно с этого и надо начинать ― diýdim-de, garry mama tarap öwrüldim. Emma ol eýýäm öňki duran ýerinde ýokdy. Aklyja-gyzyllyja çaga jorapjyklary bolsa stoluň üstünde öňküsi ýaly, ellenmän ýatyr. Öz üstünde bir apy-tupanyň turaýmagynyň ahmaldygyny megerem aňan bolsa gerek, mama eýýäm başga bir bölümiň tekjesine tiňkesini dikip durdy. Satyja bir zatlar diýýär, emma o-da oňa ýüz berenok. Soňky baran bölüminde-de şol bir hereket gaýtalandy. Özi üçin kimdir biriniň başga bir kes bilen, döwlet möçberinde çözülmeli derwaýys meseläniň üstünde darkaş gurup durandygy barada pikirem edenok. Gaýtam käte bir maňa tarap gözüni aýlap goýberýär-de, hasasyny tyrkyldadyp aňyrlygyna tarap gyrmyldap başlaýar. Her bölüme baranda yzyna düşüp, satyjylar bilen eňekleşip ýöreniňden bolsa netije ýok. Esasy «obýektiň» hiç bir göreş alamatlaryny ýüze çykarmazdan özünden daşlaşyp barmagy ýaňy bir aýagy tibirdäp ugran satyjyny täzeden dirjendirdi. Ýüzünde ýene-de ulumsylyk alamatlary peýda boldy. Men onuň ýüzüne seretmäge-de utanyp uludan demimi aldym. Oýunda utulýan kartkeş ýaly ýüzümi sallap yzyma dolandym. Bölümlere aýlanmanam goýbolsun edip daş çykdym. Başga bir dükana gitmek üçin duralga tarap ugradym. Görsem hälki mama-da maýtyklap şoňa ýetip barýar. Korzinkasynyň bagyny tirseginden geçirip, münmäge häzirlenýär. Daş-töwerekden oňa tarap heşerlenişýän gögümtil zenan gözleriniň bolsa sany-sajagy ýok. Men bişow günüň içindedigimi aňdym, ýaňkydanam beter oňaýsyzlyklaryň üstünden baraýmagymdan ätiýaç edip, özümi goramak üçin awtobusa-da münmän, taksem tutman, çolaja köçeleriň ugry bilen öýe gaýtdym. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |