22:48 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -16: Uçargähiñ kassasynda | |
4. UÇARGÄHIŇ KASSASYNDA
Hekaýalar
Şolar ýaly bişow pursatlar seýregrägem bolsa soň-soňlaram, gabat geldi durdy. Mysal üçin, bir gezek bir ýere gyssagly uçmaly boldum-da, bilet almak üçin, şol wagt «Aşgabat» myhmanhanasynyň teýzemininde ýerleşýän uçargäh wekilhanasyna bardym. Görsem, bäş-on kassanyň ählisiniňem nobaty aýlanyp-öwrülip giň aýna gapydanam çykýar-da, allowarralara çenli uzap gidýär. Men olaryň birinde nobat belledim-de, şonça wagt boş imtilip durmazlyk üçin, adam az bolsa-ha şondan alaryn, bolmasa-da gaýdybirin-dä, näme ýitirýän zadym ba, iň bolmanda gelýänçäm nobatym-a golaýlar, diýen niýet bilen «Turist» myhmanhanasyndaky kassalara tarap eňdim. Ol ýeriniňem adamsy ýetik bolansoň, sagat ýarym geçer-geçmez dolanyp geldim. Ýöne, iller men ýaly şäheriň o çetinden bu çetine tutdyrybermeýän ekenler-de, haýsy öňürti gelse alaýar ýaly, birbada şol bir duran ýerlerindäki kassalaryň birnäçesinde nobat belleýän ekenler. Meniň öňümde duranlaram şeýdipdirler, beýleki kassalardaky nobatlary golaýlabam çykyp-çykyp gidipdirler. Iň ýamanam men yzymdan hiç kim bellemänkä gidipdim. Dogry, öňümde duranlara aýdyň diýipdim, ýöne kim bilýär, olaram aýtdylarmy, aýtmadylarmy. Gepiň gysgasy öňküler-ä ýok, soňky gelenlerem meni tananoklar. Çen bilen orta gürpüräge baryp: «Ýap-ýaňyja şu kassa nobat belläpdim welin... öňümde duranlaram... ýa sizmikäňiz...» diýip, «myňňyldap» ugranymdan gaşlaryny çytyşyp, demlerini uludan alýarlarda ýüzlerini bir tarapa sowýarlar. Aralaryna sokulaýmazlygym üçin öňkülerindenem beter biri-birlerine gysmyljyraşýarlar, ýanlaryndan aýryldygymam meni baran ýerinde düzgüni bozup ýören bozgak saýyp, «Hosur-da-hosur» boluşýarlar, «goýberäýmäň araňyza, sokulaýmasyn birden» diýip, biri-biriniň üstaşyry öňdäkilere tarap gygyryşýarlar. Şeýdip ýörşüme kassa golaýrakda duran iki sany sakgally-murtly, burunlak, alagöz ýaşulylara gözüm düşdi. Häli nobat bellänimde şolar menden bäş-üç adam öňde durmudykalar diýýän. Daş keşplerinden, türküçä golaý gürleýişlerinden çen tutsaň olary dagystanlylardyr öýtmek mümkin. Nobat bellän wagtym özlerine meňzeş görüpmi, nämemi, maňa tarap siňe-siňe seredişişleri, özara pyşyrdaşyşlary ýadyma düşýär. Şonuň üçin olaryňam ýanyna meniň ýap-ýaňyja şu ýerde nobat belläp gidendigim düşmeli. Şol umyt bilen iki bökenimde olaryň ýanyna bardym, nobat belläp gidendigimi tassyklamalaryny haýyş etdim. Olaram: aý, biz seň üçin köpçüligiň gaňryşyna gaýdybiljek-gä, diýen terzde meniň ýüzüme-de seretmän, özara «hymyr-symyr» edişdiler-de, öňküleri ýaly murtlaryny sypalaşyp, kassa tarap boýunlaryny süýndürişdiler duruberdiler. Oňa çenli meniň adresime daş-töwerekdenem teýeneli, haýbatly sözler eşidilip başlady. Goh-galmagal güýjerledi. Öz ýanlaryna bararyn öýdüp gorkan bolsalar gerek, beýleki hatarlardakylaram boýunlaryny süýndürişip, maňa tarap gözlerini jüýderdişip başladylar. Men «öz hatarymdakylaryň» hersiniň ýanyna baryp özümiň başbozarlyk edip ýören adam däldigimi, hakykatdanam nobat belländigimi, ýöne tapman kösenip ýörendigimi ýüregimden syzdyryp hernäçe düşündirjek bolýan welin, bolanok. Olar-a köp, men bolsam ýeke. Ýöne, nobat belländigim, «huligan» däldigim çyn bolansoň meniňem «mesaňa» diýäge-de, söweş meýdanyny taşlap gidiberäýesim gelenok. Eger-de şeýdäýsem, onda meniň hakykatdanam bozgak boldugym, ýöne köpçüligiň şatysyna çydabilmän näalaçlykdan, basylyp gitdigim boljak. Iň bolmanda şu duranlar şeýle pikir etjekler. Soňam gabat gelen ýerlerinde maňa barmaklaryny uzatjaklar. Şonuň üçinem men ýene-de birlaý, hersiniň ýanyna ýeke-ýeke baryp öz ýagdaýymy aýdyp çykdym. Düşündirdim. Soň bir çeträge çekilip: ― Ýoldaşlar! Ynanyň! Meniň çynym. Men sizi aldamok. Şu setirden nobat bellänim çyn ― diýip, barysyna birden umumylykda ýüzlenibem gördüm. Onda-da bolmansoň: ― Onda özüňizden görüň, menem nobatymy size taşlap gidibiljek-gä, diýdim-de, halki ýaşulylaryň bäş-alty adam öň ýanlaryndan, güýç bilen orta sokuldym. Zynç duran hatar zarbyma edil biline urlan ýylan ýaly başdanaýak buruljyrady. Tolkun atdy. Gowur hasam köpeldi. Öň ýüzlerini sowup ýeňsämden hüňürdeşýän bolsalar, indi çat maňlaýyma seredip gygyryşmaga başladylar. ― Milisiýa aýtmaly! ― Kowdurmaly! ― Ýygnatmaly! ― Içgili bolmagam mümkin şoň! Olar ýaly umumy haýbatlara-ha ünsem bermedim welin, edil yz ýanymdan çykan ýogyn ses hasam hökümli eşidildi. ― А ну-ка выйди! Men barybir oňa-da üns bermezlige çalyşdym. Ol welin ojagaz diýenjesi bilenem oňmady-da, her eli bilen bir egnimden penjeläp hatardan çykaryp goýberdi. Seretsem özümdenem iki esse dagy daýaw, garynlak, yzyna gaňtaryşan goňrumtyl-sary saçlarynyň aksowult uçjagazlary goçuň şahy ýaly aýlaw ýasap jikgelerine düşüp duran, elli ýaşlaryndadygyna garamazdan ýüzi jozzuk gyzyl pyýada dişlerini gyjap, içiňden geçip barýan göm-gökje gözlerinem gözlerimiň içine dikip dur. Özem «titir-titir» edýär. ― Не подходи! Слышь не подходи! А то хуже будет! Men welin şonda-da özümi saklamaga çalyşdym. Ellerimi kükregimiň üstüne goýup, bir ýerde sypaýyçylygym bar bolsa barysyny bir ýere jemläp düşünişjek boldum, ýüregimden syzdyryp barysyny birlaý täzeden gürrüň berdim. Emma bolmady. Gaýtam ejizleýändir, gorkýandyr öýtdümi barha beter öjükdi. Hatardan çykyp gelip, garnyny garnyma diräp üstüme abandy. ― Хам! Нахал!.. Töwerek-daşdan: ― Правильно!.. ― Так ему и надо!.. ― Гоните его в шею ― diýen sesler ýygjamlaşansoň-a ol hasam gylawlandy. Tassyklajakdyklaryna ynamym azam bolsa iň soňky mümkinçilikden ýene bir gezek peýdalanyp galmak üçin men dagly ýaşulylara tarap elimi ülňedim. ― Если не верите, вот спросите у них… Ol bolsa öz ýanyndan meni şolar bilen bir adamdyr öýtdümi ýa sorag-ideg edip ýörmäni özüne kiçilik bildimi, ellerini bykynyna urup durşuna gözlerini bir olara, birem maňa tarap taýly gezek aýlady-da, howlukman, ýuwaşjadan, dişlerinden syzdyryp bir zatlar diýdi. Ýöne men uly gohuň arasynda onuň diňe: «…Как цыгане» diýen sözlerini eşidip galdym. Sowet döwrüniň internasionallyk terbiýesini alan adam özüňize belli, men onuň ojagaz sözlerini ýeke özümiň däl, tutuş sowet halkynyň, has beterem sowet hökümetiniň dünýä möçberinde alyp barýan adamkärçilikli syýasatynyň kemsidildigi hasap etdim-de, deňleşmek üçin aýaklarymyň burnuna galaga-da: ― А что, цыгане не люди что ли ― diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrdym. ― Почему унижаете достоинство народа?! Ol öňküdenem beter üstüme abandy. ― А ла-адно, не кипитись, и не умничай, знаем что четыре класса окончил… Töwerek-daşdan gülüşdiler. Garynlagyň sözlerine däl-de, meniň ýasamarak çykan ebeteýsiz sözlerime gülüşdiler. Gelşiksiz ýagdaýa düşenimi özümem aňdym. Şonuň üçinem başga tarapdan hüjüme geçdim. ― Во-общем-то почему Вы на меня тыкаете? В колыбели побаюкали что ли?.. ― Şeý diýdim-de, ylgap baryp öňki ýerime süsdürildim. Has-has edip durşuma garynlaga tarap barmagymy çommaltdym: ― Теперь я буду стоят здесь, и билет возьму, но Вы, еще хот одно словечкo в мой адрес скажите или еще раз хот палцем дотронетесь, пеняйте на себя, я покажу Вам кто до скольки умеет считать. Bu haýbatymam öňkümden ibaly bolmadygam bolsa öňküleri ýaly gülüşib-ä bilmediler. Goh welin köpeldi. Ýa arkasynda köpçülik duransoň hasam gylawlanan bolmaly ýa-da meni düýbünden äsgermezlik eden bolmaly, garynlak pyýada: ― Ах, та-а-ак… ― diýdi-de, yzymsüre ylgap gelip bir eli bilen-ä golumdan tutdy, beýleki elinem ýüzüm kessir ýelmemek üçin ýokary göterdi. ― Ты пока научись хот себе защищать, а не цыган!.. Bu edil Nury Hojam, Dikaýak bilen bolandakysy ýaly urşuň başlandygydy. Mundan buýana düşünişere, adamçylyk edere maý ýokdy. Ýa-ha masgara bolup gaçmalydy, ýa-da ýeke bir syganlary däl-de, özüňem gorap bilýändigiňi subut etmelidi. Şonuň üçinem men howada aýlaw ýasap üstümden inip gelýän mähnet ýumrugy çep elimiň tersi bilen kakyp goýberdim-de, sag elimiň ýumrugy bilen garynlagyň ed-dil agzynyň üstüne malçyldatdym. Maňlaýyna ýekegaban bilen ýelmenen öküz ýaly gözlerini agdaryp götinjekläp barşyma ol syrty bilen üç hatar nobaty yzly-yzyna böwsüp geçdi-de, her dürlüje reňkdäki owadanja, mozaika daşjagazlary bilen bezelen beton diwara bir halta et ýaly «hylgyldap» uruldy. Agdar-düňder bolan gözlerini dik depesine dikip syrylyp aşak çökdi. Bozulan hatarlardan çykan aýallar içlerini çekdiler, erkekler «ah» urdular. Birdenem barysy bilelikde: ― Milisiýa-a-a!!! ― diýşip, gygyryşmaga başladylar. Gerek wagty gözleseňem tapdyrmaz welin, edil meniň ýumruk salaryma çaraşyp duran ýaly ýetip geldi milisionerleriň iki sanysy ýegdekleşip. Gelişleri ýalam ýapyşdylar hersi bir tarapyndan. Işiň olara düşenden soň soňunyň nähili bolýandygyny bolsa özüňiz gowy bilýäňiz. Onda-da dawagäriň Orsýede gidip barýan garynlak ors adamsy bolsa, «Adamlar, men adaty bişow günüň içine düşdüm, oňaýsyz pursatlara gabat geldim diýip bolsa düşündirjek gümanyň ýok. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |