11:45 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -8: Üzümgül | |
IKINJI TOPLUM
Hekaýalar
▶ BIŞOW GÜNLER AWTORDAN Siziň bu toplumda okajak hekaýalaryňyz bolsa, hormatly okyjy, adam oglunyň öz durmuş ýolunda tötänden gabat gelýän we ony ýok ýerden gelşiksiz ýagdaýa salýan oňaýsyz hadysalary, günlere, aýlara, käbirleri hatda ýyllara çekýän şowsuzlyklary barada. Bu hili ýagdaýlara sizem düşüp görensiňiz. Ruhy yzasyny çekensiňiz. Täsirinden çykyp bilmän köp wagtlap kösenip gezensiňiz. Alymlar şolar ýalyda artykmaç aladalardan penalanar ýaly işden-öýe, öýden-işe çenli özüň üçin uzy-yn bir howaýy däliz ýasamaklygy maslahat berýärler. Şol däliziň içi bilen başyňy aşak salyp haýdap barşyňa ähli aladalaryňy, derdi-belalaryňy unutmaly, duş gelen oňaýsyzlyklary, şowsuzlyklary ýadyňdan çykarmaly, beýniňi arassalamaly diýýärler. Ýöne näme, durmuş kimdir biriniň öwredişi ýaly ýaşap bolýarmy. Howaýy dälizi ýa howaýy jaýy ýasaýyn diýeniň bilen ýasap bolýarmy? Ol zatlar her kimiň öz ýasawyna bagly. Goý bir günlik, bir hepdelik, bir aýlyk ýa bir ýyllyk bolsun, tapawudy ýok, başyna düşen şowsuzlyklaryň, oňaýsyzlyklaryň her birini her kim bir hili kabul edýär, şol zatlaryň berýän irginsiz hem ýüregedüşgünç hupbatlaryny özüçe çekýär, özüçe çydamlylyk görkezýär. Men özümem uly bolsun, kiçi bolsun, öňki ýa soňky bolsun, gabat gelen oňaýsyz wakalaryň, şowsuz pursatlaryň berýän jebirlerini howaýy dälize ýa jaýa giräge-de, desbe-dähel ýadymdan çykaryp biläýemok. Olaryň ýeke bir düýn-öňňinliklerini ýa bäş-on, ýigrimi ýyl öňkülerini däl, eýsem baryp studentlik ýyllarymda, hatda mekdep döwürlerimde duş gelenleriniňem täsirinden henize bu güne çenli doly aýňalyp bilemok. Häý, şonda şeýtmeli ekenim, şeý diýmeli ekenim, diýip, sangy edip oturýan pursatlarym az bolanok. Hut şonuň üçinem, iň bolmanda ýazyp bir içimi egiseýin, diýen niýet bilen,eliňizdäki şu hekaýatlar toplumy peýda boldy. ■ 1. ÜZÜMGÜL Maňa gabat gelen oňaýsyz pursatlaryň iň irkirägi eger ýalňyşmaýan bolsam baryp-ha on dört ýaşlarymdakam bolup geçdi. Tomsuň soňrakky günleriniň biridi. Näme üçin şol ýere üýşendigimiz ýadyma düşenok, ýöne, öýlänaralar klasdaşlarymyz Mylly, Hudaýberdi, ýene-de birki sany oglan bolup, içi döwük-ýenjik traktordyr, köne maşynlardan doly, töründe-de kolhozyň bugdaý ammary ýerleşýän daşyna beýik palçyk diwar aýlanan giň saraýyň agaçdan ýasalan, açylyp-ýapylanda «jygyldysy» obanyň o çetinden eşidilýän gögümtil, ezenegi agdygrak, mähnet derwezesiniň kölegesinde, düýn-öňňünlikde etrap merkezine gidip gören «Bürgütjik» atly kinomyz barada gyzykly gürrüňler edişip otyrdyk. Birdenem saraýyň günorta çüňkünde ýerleşýän kolhoz kontorasy tarapdan ýan-ýoldaşy uruşda ýogalan, sarymeňiz, orta boýly, tyňkyja, hasap ýörediji bolup işleýändigi üçin oba arasynda «çitowot» diýip at alan, otuz ýaşlaryndaky Üzümgül göründi. Beýlekiler-ä edip oturan gürrüňlerini goýup, oňa tarap «gyýa-gyýa» bakyşdylar-da «dylmyldaşdylar» oňaýdylar welin, men has edepli görünmek üçin ýerimden turdum-da, endigime görä uly adamlaryň edişi ýaly sesimi sallandyrybraga-da, birneme-de ýognaýdybrak: ― Salow-wma-aleýkim-m... ― diýdim. Seçeklerini öz ýelginine ykjadyp, ökjesi pesräk akja köwşüniň «tyrkyldysyny» diňläp gelýän Üzümgül welin başynam galdyrman, asla bize tarap nazaram aýlaman, pökgüje dodaklaryny çalaja gymyldatdy-da duşumyzdan geçiberdi. Bir ýakymly ysam çaňjaryp duran burnumyzyň ujuny biliner-bilinmez, sypalady-da, derrewem eýesiniň yzyna düşdi. Biz ýene-de biri-birimiziň ýüzümize seredişdik, kalbynda bir armany galan gamhorlar kibi uludan demimizi aldyk. Gözlerimizi «ýyltyldadyşyp» Üzümgüliň yzyndan seredişdik. Ol ammarlara golaýlaberendenem oturanlaryň birinden çykdymy ýa başga bir ýerden çykdymy, dogrusy men ony şol wagtam bilmedim, häzirem aýdybiljek däl, ― ýöne özüm däldigim-ä takyk bilýän, ― gulagyňy deşip barýan uzyn, ýiti sykylyk eşidildi. Üzümgül sakga-saklandy-da, bärsine öwrüldi. Henizem şol tarapa seredip söm-saýak duranymdanmy, nämemi, ýaňaklary al öwsüp duran dolmuş ýüzüni hasam owadan görkezýän goňrumtyl gözlerini maňa dikdi-de, sen-men ýok, sesiniň ýetdiginden gygyrmaga başlady. ― Maňa sygyrýançaň-a öz ejeňe sygyr, eneňe sygyr, bajyňa sygyr, ýagşy görýänjäňe sygyr, häý, mysalaň gursun, bisyrat! «Öwgüli gyz toýda osyr» diýen ýaly o näme etdigiň boldy! ― «Güpür-tapyr» bolşup ýanymdakylaryň-a hersi bir tarapa gaçdy. Men bolsa sygyrmandygymy subut etmek üçin gaýtam Üzümgüliň özüne tarap ugradym. Ol welin agzymy açara-da maý bermedi. ― Seň diýjekleriňden däldirin men düşdüňmi? Nädersiň häziriň özünde ýüwürjilerimiň birini üstüňe getiräge-de deriňe saman dykdyraýsam? ― Üzümgül tutuş göwresi bilen owsun atdy-da, agzyny öweldip meniň agzyma öýkündi. ― «Sölöww-mölök» diýen bolup. Sesini zorraýdan bolup. Ýa eýýäm Berkeliň ýerine başlyk bolaýandyryn öýtdüňmi? Oýnatgy! Aýal maşgalanyň yzyndan-a däl, hatda bar ýerinde-de sygyrmaly däldigini, beýtmekligiň onuň at-abraýyna zeper ýetirýändigini men elbetde gowy bilýärdim. Atyňy, eşegiňi suwa ýakýan mahalyň ýa-da tüp yssy-da ýeliň piri Haýdar babadan şemal dilejek wagtyň bolaýmasa sykylyk çalmaklyk umumanam türkmençilikde gowy görülýän zat däl. Öýde sygyrmagam halananok. Şonuň üçinem men şol wagt Üzümgüliň ýagdaýyna düşünip durun. Oňa nebsimem agyrýar. Şu bolup durşunyňam öz ýanyndan adamsynyň sarpasyny hatyralandan be-e, Üzümgül-ä yzyndan sygyrsaňam sesini çykaranok ekeni-ow, diýen gürrüňiň oba arasyna ýaýraryndan çekinip, nyşana degse-degmese-de öz abraýyny goraglandan bolup duruşydygyna-da düşünýän. Ýöne meni gynandyrýan zat onuňam maňa düşünäýmän, ýüregimden syzdyryp aýdýan sözlerime ynanaýman, owadan keşbine gelişmejek gödeňsi hereketler, gödeksi sözler bilen hem özüni hem meni nähak töhmete tarap itekläp «çöh-çöh» günäler gazanyp durşy. Şonuň üçinem, şol dem onuň seçekleri «tar-tar» ap-akja ýüpek ýaglygy göwnüme bolmasa kem-kemden essi giden kirli hasa, tämizje ak köwşi hapa batan ýyrtyk hokga, şemala tarap ýöräninde bedeniniň beýigini-beýik, pesini-pes görkezip barýan ýumşajyk, ýalpyldawuk, göm-gökje atlaz köýnegi gury sanaja, bişen erik ýaly sarymeňiz owadan ýüzi bolsa guran kişdä öwrülip barýan ýaly boldy. Ahyram özi ýadap özi goýdy. Iň soňky sözüni: «Hä-äý, ne-ji-is-s» diýip birhili geçirimlilik bilen, ýumşaksy äheňde aýtdy-da, tasanjyrap aňyrsyna öwrüldi. Bir akyl eden zady: «näm boldy-da näm boldy» bolşup, ondan-mundan ýegdekleşip gelen tomaşakärlere gykylygynyň sebäbini aýtmady. Hiç kime hiç zat düşündrijegem bolmady-da, öňküsi ýaly seýkin basyp ýoluny dowam etdiriberdi. Men içimden «muňa-da ýüz-müň şükür» diýdim-de, başymy sallap saraýdan çykdym. Ýöne, hiç ugrum bolmady. Hakykatdanam bir ýaramaz iş eden ýaly, bir üýşmek nejasadyň üstünden basyp üsti-başymy hapadan dolduran ýaly beýnim bulaşyp öz-özümden müýnürgäp, öýe barmana-da, obadaşlaryma görünmäge-de çekinip onda-munda ykdym ýördüm. Nirelere baranymy, haýsy ýoldan, haýsy ýodadan ýöränimi bilemok, bir görsem obamyzyň demirgazyk çetindäki ýandakly käliň içinde garaçöňürleriň arasynda barmak boýy çöp bilen ýer çokjolap otyryn. Günem gyzar ikindi. Daş-töwerek edil Üzümgüliň ýaňagy ýaly çyzgyt reňke bolaýan hälki gopgun öýümizdäkilere ýeten bolsa näme jogap bererkäm, diýip oýurgandym. Oňa çenlem günäsizdigime hiç kim ynanmasa-da kakam bilen agam-a ynanar diýen pikir kelläme geldi-de, az-kem ýüküm ýeňlän ýaly boldy. Göwräme gurp geldi. Şonda-da garry adam ýaly aýalarymy dyzyma diräp zordan ýerimden turdum-da, öýe tarap yrgyldap ugradym. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |