22:34 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -9: Hyzmat | |
2. HYZMAT
Hekaýalar
Öýe barsam kakam daş işikde maňa garaşyp dur ekeni. Üzümgülli dawany eşidipmi, eşitmänmi bilemok, ýöne o hakda dilinem ýarmady-da: ― Gurban jan, geldiňmi oglum ― diýdi. Men zordan «Howwa» diýenimdenem: ― Ýaman ýadaw görünýäň-le, ýa köp oýnadyňyzmy ― diýdi-de, jogabada garaşman: ― Sytdyh aga ýogalypdyr, bu gije myhman alýamyşlar bendäni, ýaş oglansyň saklaşyb-a bilmersiň, ýöne, garbak-gurbak edeňsoň bar-da şolaryň onsuna-munsyna kömekleş, özüm-ä ertir jaýlaşmaga baraýmasam bu gün bir iş çykdy, häzir şoň ugruna gitmeli ― diýdi. Goltugyndan melemtil, teletin gapjygyny çykardy-da, gatlarynyň arasyndan iki eplengi ýarty tagta kagyzy sogrup maňa uzatdy, ― Me, şunam al-da gidişiniň ýa gaýdyşynyň Berkeli başlygyňka sowlup gol çekdir, ertir ysgylatdan bugdaý almaly. Ýaňy edarasyna barsam ýok ekeni, öýünde bolaýmasa diýdiler. «Umumanam toý bolsun, ýas ýa hudaý ýoly bolsun, «bar, onsuna-munsyna kömekleş» diýip, kakamyň meni oba arasyndaky üýşmeleňlere ibermek edähedi bardy. «Iň bolmanda märekäniň gyrasynda dur, köpçülige görün, ili-günüň ýagşyny-ýamanyny synla, ýaşulylaryň gürrüňlerini diňle, akyl alarsyň, dana bolarsyň» diýerdi. Hiç kesiň gapdalyndan salamsyz geçmezligi tabşyrardy. «Pylan aga-ha salamam alanok» diýsem dagy: «Salam Hudaýyň hakydyr, oglum, almasa-da beriber, şeýtdigiň ony her gezek adamçylyga tarap çagyryp durdugyň bolar» diýerdi. Kakamyň şol terbiýesi meni ýaş başymdan köpçülige öwrenişdirdi. Ilki-ilkiler bir gyrada ýaýdanjyrap, çekinjiräp durýan bolsam, soňabaka ýüzüm açylyşdy. Bärden baraga-da boýnumy süýndürip gyryljak sesim bilen: «Solow-wma-aleý-ki-im-m!» diýenimden köpçülik gozgalaň tapardy-da ýerli-ýerden: «Ana, Gurban janam geldi, indi iş durmaz bu ýerde» diýşip, ýerli-ýerden owsunyşardylar. Bir gezek kolhozyň hasyl toýunda ýaşulylara hyzmat edip ýörüşimi görüb-ä başlygymyz Berkeli aganyň hut özem öwdi. Oýnumy, çynymy, ýa azajyk içgililigindenmi, hemişe tutuk görünýän başlyk şol gezek arkama kakyp: «Tüweleme sen işeňňir. Guramaçy bolup ýetişjekdigiň görnüp dur. Mekdebi gutardygyň naprawlinnijik beräge-de okuwa ibererinde, geleňsoňam ýanymajyk işe alaryn, pensiýa gidemde-de ýerime başlyk bellärin» diýdi. Soňam daş-töweregini gallaşyp duran aksakgallara ýüzlendi. ― Dogry dälmi ýaşulylar, siz meň şu aýdanlarym bilen ylalaşýaňyzmy? «Howwa-da-howwa» boluşsalaram, hamala men eýýäm başlyk saýlanyp barýan ýaly ýaşulylaryň içinde maňa bakyp ýüzlerini küsserdişenlerem boldy. Ondan-mundan hüňürdem eşidildi. Men muňa geň galmadym. Sebäbi obamyz iki bölekden ybaratdy-da, her kim öz obasyndan başlyk bellenäýenini kem görenokdy. Beýleki obadan bolansoň Üzümgülem şolaryň hataryna girýärdi. Onuň hälki: «Ýa eýýäm başlyk saýlanaýandyryn öýdýäňmi» diýmesem hut şonuň üçindi. Kim näme diýse-de, kim halap, kimseler halamasalaram, ýaňy bir on dört ýaşap ýörendigime garamazdan adymyň uly adamlaryň hatarynda tutulýandygy üçin, deň-duşlarymdan saýlanyp obanyň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýörendigim üçin men öz ýanymdan begenýärdim. Buýsanýardym. Şonuň üçinem kakama iki aýtdyrman, içim «eljuk» diýip duranam bolsa çaýa-çörege nazar aýlaman, Berkeli başlyklara barmaklygam gaýdyşyna goýup, göni Sytdyh aga pahyrlara tarap tutdurdym. Şol wagt Üzümgülli gürrüňden sowulsam ol-a Sytdyh agalar ekeni, ilerki daga gidip gaýasyndan mumyýa tüpeňläp gelmäge-de kaýyldym. Ýas ýerine golaýlaşdygymsaýy ýüzüme uly adamlaryňky ýaly agraslyk alamatlaryny çaýyp ädimlerimem haýallatdym. Gündüzki wakanyň oba arasyna ýaýran bolaýmagyndan, şol hakda bir zat soralaýmagyndan çekinip, ýarymaý hatara goýlan tüňçelere ýakylan kiçiräk oduň daşynda hümerlenişip duran jahyllaryň, işigiň agzynda ýazylan düşekde gümür-ýamyr edişip oturan ýaşulylaryň gözüne görünmekden çekinip bir çetde aýak çekdim. Ýörüte gelenim üçin sömelip durmanam birhiliräk görüp eýläme-beýläme garanjakladym, özüme gabylrak iş gözledim. Merhum öýden çykarylmanka mal soýlup gazan atyrylmaýandygy, degsin edilmeýändigi üçin, ur-tut ýapyşyberer ýaly daş-töwerekde üýşüp duran çäýnek-käse-de, gap-çanagam ýok. Sytdyh aganyň dogan-garyndaşlaryndan başga ullakan märekede ýok. Bir çäýnek, ýarym çäýnek çaý gerek bolaýanda-da oduň başyndakylaram ýeterlik. Yzyňy ýel çalmanka gidibermegem birhili. Birdenem palçykdan salnan pessejik jaýyň aňry ýüzündäki çagaragy çagşan garaja öýüň gamşyna ýaplanyp oturan eli kündükli, selçeňräk sakgally, çekge süňkleri çykyşyp duran ýaşula gözüm düşdi. Başga obadan gelenleriň biri bolsa gerek, men ony tanamadym. Şeýle-de bolsa hyzmat görkezmek üçin şundan amatly pursat bolmasa gerek, diýip oýlandym-da, ýaşula tarap ýegdekläp ugradym. Çünki, kakamyň oz wagtynda yhlas bilen öwredendigi üçin men ele suw akytmaklygyňam tärlerini deň-duşlaryma görä has ýagşyrak bilýärdim. Kündigi eliňe alaga-da «ýa alla» eňteriberseň ýaşulylar ýüzlerini çytyşýarlar-da, burunlaryna salyp «myňňyldaşyberýärler». Düzgün boýunça sag eliň bilen kündügiň bokurdagyndan tutup, çep eliň bilenem jürnüginiň ujuragyndan gysymlamalyda süýem barmagyň uçjagazyny deşigine goýmaly, akytjak wagtyň aýryp soň ýene-de petiklemeli. Şeýdip akytmaklyk edepliligiň iň ýokary derejesi hasap edilýär. Şonuň üçinem men barşym ýaly batyrgaýlyk bilen: ― Salow-wma-aleýkim-m... ― diýdim. Aşak eglip sag elim bilen mis kündügiň ümüş-tamaşlykda aksowult görünýän bokurdagyndan ýapyşdym. ― Getir, ýaşuly, akydyp bereýin! Golaýlaşyp ugranymdan birhili gondalaw tapyp, gözganjyrap ugran ýaşuly bir eli bilen hasyr-husur çermegine ýapyşdy-da, beýleki eli bilen kündügi kakyp elimden aldy. Jalkyldadyp iki aýagynyň arasyna sokdy. Jüýjesini gyrgydan goraýan ene towuk ýaly ýapyryldy. Gyýajyk gözleriniň gyýgy bilen gyňralyp ýüzüme seretdi. Henizem kündüge tarap yzap duran ellerimiň goşarlaryna «şap-şap» etdirip dözer-dözmeräge-de birki gezek kakdy. ― Bar, ýok bol! Häý, oglanny eşek kowlan diýsänim! Aljyrap etdimi ýa ýerini üýtgetjek boldumy, ýaşuly çalarak gobsunyp ýerinden galjak bolanda uçgury sogrulyp eline geldi. «Häh» diýip gaýtadan aşak çökende elindäki kündügiň tes-tegelek hem-de gyralary ýiti düýbüni boýnuny burup, ýer ýassanyp ýatan «salpy-sulpysynyň» depesinden inderdi-de «eý-wäk-geý-ý-ý...» diýip zowwe berinden galdy. Diň-gögüne bakyp durşuna erbet «iňledi». Syrtynyň ýalaňaçdygy ýadyna düşendir-dä, birdenem, tapyr-tupur aşak oturdy. Gözüni ýumup, ýüzüni çytyp, birmeýdan oturansoň «henizem durmuň sen pisiňi aşyryp, bar indi bir ýok bol ahyry» diýýän manyda ýüzüme naýynjar seretdi. Adam pahyr gaty aljyrasa näme etjegini bilmez ekeni, şondan soň bir sesimi çykarman ýanyndan süzübermeli welin, gaýtam kölegesi ýaly otursa oturyp, tursa turup ýanyndan aýrylmandyryn. Ol bolsa hem iňleýär, hem ýetişibildiginden sögünýä. Men oňa tasdanam: ýaşuly bagyşlaň, diýipdim, hern-ä şony diýmekligiň ýeri däldigine-hä akylym ýetipdir. Şol wagt ikimiz üçinem mümkingadar basymrak aýrylyşaýandan gowusy ýokdy. Ýaşuly üçin meniň basymrak ýanyndan gitmegim, gaýdybam gözüne görünmezligim gerekdi. Men hut şeýle hem etdim. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |