23:21 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -17: Moskwada | |
5. MOSKWADA
Hekaýalar
Şolar ýaly oňaýsyz pursadyň üstünden elten bişow günleriň ýene birem meniň durmuşymda SSSR-iň dargamazynyň öň ýany, iş sapary bilen Moskwada gezip ýören döwürlerim bolup geçdi. Ýerleşen myhmanhanamyzyň aşaky gatynda telefon-awtomat bardy-da, şol arkaly her hepde-de iki ýa üç gezek jaň edip öý bilen gepleşýärdim. Awtomatyň adamsyz wagty seýrek bolýardy. Esasanam agşamlaryna. Iň bärkisi bäş-üç adam telim gün bäri ýygnan on bäş köpükliklerini «şowurdadyp» ol owujyndan bu owujyna, bu owujyndan ol owujyna guýup oturandyr. Sebäbi, gürleşjek bolsaň awtomatyň baý oglunyňky ýaly gyşarlyp duran ernine on bäş köpüklik gysdyrmaly. O-da ony otuz sekunt geçensoň «galt-gult» ýuwudýar-da, uzynrakdan üç gezek «gu-u-uk» edýär. Şol aralykda agzyna täze bir on bäş köpüklik gysdyryp ýetişmeseň gepleşigiň arasy «şarpa» kesilýär-de, gysgajyk, üznüksiz «guk-guga» geçýär. Şonuň üçinem, her kim haýsy dükana barsa-da, dert-azar gaýtargysyny on bäş köpüklikden aljakdyr. Ýygnajakdyr. Ine, onsoň bir gün agşamaralar öý bilen gürleşmek üçin aşak düşdüm. Görsem awtomatly otagyň girelgesinde hiç kim ýok. Bu nä geň halat, diýip içimi gepletdim-de, ylgap baryp gysymymdaky on bäş köpüklikleriň birini awtomatyň agzyna gysdyrdym. Öýi aldym. Gürleşip başladymam welin gapy zarp bilen açyldy. Men kimdir biri gürleşmek üçin gelendir-de, indem meni görüp çykar, garaşar öýdüp oňa kän ünsem bermedim. Ol bolsa «pat-pat» etdirip aýasy bilen gapyny urmaga başlady. Men bialaç oňa tarap öwrüldim, näme gerek, näme boldy, diýen manyda kellämi silkip ýüzüne çiňerildim. Egni sport eşikli aksowult hor ýüzli, saçlary, gaşlary, hatda kä ýerde bir gyl sallanyp duran murtlaryna çenli jyrk-sary, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky uzynak ýigit birsyhly buruljyrap, mawymtyl, ullakan gözlerini petreýdip durşuna birazajyk sakawlap, ýöne diýseň çalt gepledi. ― П-почему нарушаете п-пор-рядок? Men dawanyň bir ujy Aşgabada ýetäýmesin diýip trubkanyň agzyna elimi goýdum. ― Какой порядок? ― Ах-а, в-вы даже не знаете к-какой порядок тут существует? Ol yranjyrap gelşine göm-gök damarlary görnüp duran aksowult, süňklek penjesini telefonyň ryçagyna ýetirdi-de, «şakyrdadyp» egninden basdy. Aşgabatdan Moskwa, mähriban kakasyna salam gönderip duran gyzjagazymyň inçejik sesi şu iki aralykdaky doganlyk respublikalaryň haýsam bolsa biriniň üstünde ýitip gitdi. Oňa derek aşgazanda köp ýatyp ajan aragyň ajymtyk turşy ysy «haplap» burnuma urdy. Beýnime ormady. Ýüregimi bulady. Men özüme erk etmäge çalyşdym. Eger-de bilmezlikden bir ýalňyşlyk goýberen bolsam ötünç soramaga taýýardygymy, ýöne gepleşigiň arasyny düşündirişsiz kesip meniň mertebäme degendigi üçin öňürti özüniň ötünç soramalydygyny aýtdym. Ol welin meniň olar ýaly ylalaşyga çagyryjy teklibimi diňlemegem islemedi. Gaýtam elimde saklap duran trubkadan ýapyşdy-da: ― Getiriň bärik! Baryň, özüňizem çykyň-da, men gürleşip bolanymdan soň giriň ― diýdi. Men sabyr käsämiň dolup, gaharymyň ýetjek derejesine ýetip ugranyny duýdum. Şeýle-de bolsa onuň elini usullyk bilen ýitip goýberdim-de, sowukganlylyk bilen: ― Nämüçin gürleşip duran adam çykyp, siz gürleşmeli ― diýdim. Ol hökmürowan gürledi. ― Men siziň öňüňizde hasabat bermäne borçly däl. ― Maňa siziň hasabatyňyz gerek däl, ýöne nämüçin üstüme dyzap duranyňyzy welin düşündirmeli bolarsyňyz. Ötünjem soramaly bolarsyňyz. Şondan soň ol juda kynlyk bilen, diýseň ýokuş görýän äheňde: ― Nobatymy alybam ýene-de maňa ötünç soratjak bolýaňyzmy? ― O nähili men siziň nobatyňyzy alypmyşym? ― Men ýaňyja nobat belläp gitdim. K-köpük getirýänçämem siz eýýäm m-meň nobatymy alypsyňyz. ― Men şu ýere gelenimde ýekeje adamam ýokdy. ― B-bolsa-da, bolmasa-da men belläp gitdim. ― Belläp gideniňizi gören-bilen bamy? ― Oňa g-gören-bilen n-nämä gerek? Şol wagt meniň ýadyma Aşgabadyň uçargäh kassasynda bolup geçen waka düşdi. Şonda maňa-da ynanmandylar, belki munuňam aýdýanlarynyň aňyrsynda hakykat ýatandyr, diýip oýlandym. Ýöne, hernäçe dyrjaşsamam hakykaty ol ýigidiň tarapyna geçirip bilmedim. Çünki, bu ýerde hiç hili gümürtik zat ýokdy. Ol ýigidiň meniň öň ýanymdan, hiç kim ýok wagty gapydan äňedip, öz ýanyndan nobat bellän bolup giden bolmagy mümkin, ýöne ol hiç hili delile gelenok, nobatyň düzgünine-de girenok. Sebäbi, nobat ýok ýerde nobat bellenmeýär. Eger-de şu ýerde uçargähiň kassasyndaky ýaly birgiden däl-de, bäş-üç adam bolaýanlygynda-da men olardan ýeke-ýeke sorap çykardym. Eger-de şu ýigidiň çalaja burnuny görkezip gidendigini tassyklasalaram gezegimi bererdim. Ýöne, gödekligi üçin ötünç soranyndan soň bererdim. Bu wagt welin... Bir görsem ol iki eli bilenem trubkadan ýapyşypdyr-da, elimden aljak bolup bar güýji bilen çekeläp dur. Men trubkany silkip onuň elinden aldym-da, indi siziň bilen gürrüň gutardy, diýen terzde ýüzüne gyňraýlyp bakdym. Awtomatyň agzyna on bäş köpüklik gysdyrdym. Ýaňky hereketini gaýtalaýdygy oňullyga garaşmaly däldigini tutuş durkum bilen duýdurdym. Ýöne... Aşgabadyň şertli sanlaryny aýlap-aýlamankam, aksowult süňklek penje ýene-de awtomatyň egninden basdy. Men trubkany nädip goýanymy, onuň niresine, nädip, haýsy elim bilen suňşuranymy bilemok, ýöne uzyn pyýadanyň ellerini kelemenledip sermagallakdan gaýdyp barýanyny welin çalaja bilýän. Diwara ýa sement dalaga degip çüwdesiniň deşläýmeginden howatyr edýändigimem ýadyma düşýär. Duran ýerimiň ýat ýeridigi, milisiýa düşäýsem öýümize, iş ýerime habar edäýmekleriniň mümkindigi barada oýlanýan. Gözlerimiň öňünde bolsa birgiden häsiýetnamalar, güwänamalar gaýyşyp ýörler. Ýöne, bir gowy zat o gezek iş ula gitmedi. Görnüp duran ýaras-a ýok, uranymy gören-eşidenem ýok, galyberse-de, o zaňňar günüň-gününe içgili halda, gelip bile ýaşaýan ýoldaşlarynam bizar eden ekeni. Golaý-goltumdaky milisionerleriňem gözüne ilen ekeni. Şonuň üçinem onuň meniň üstümden ýazan şikaýaty bellige-de alynmady, meniň jübümi silkmek üçinem ulanylmady. Şondan soň onuň birneme ýuwaşandygyny aýdyp gaýtam gaýtjak wagtym maňa olar usullyk bilen minnetdarlygam bildirdiler. Onsoňam o döwür «beýik halkyň» wekilleriniň ýerlerde eljiredilişi ýaly, biz ýaly bärden baranlaryňam şolar ýaly uly şäherlerde birazajyk erkesirediläýdigi, aňrujy ýagdaý bolsa arkalarynyň alynaýdygy bardy. Bizi o ýerde horlaýşy ýaly «milli mesele» bularam bu ýerde birneme gözlerini gyparak tutmaga mejbur edýärdi. Juda bir gözçykarynjy bir iş edäýmeseň bagyşlanýardy. Meniňkem şeýle boldy. Galanam näme, bir bişow günüň, oňaýsyz pursadyň şol ýerlerde öňümden çykyp şolar ýaly gelşiksiz ýagdaýa saljakdygy elbetde, nesibämde bardyr-da! SÖZSOŇY Men şu ömrümde gabat gelen käbir bişow günler, oňaýsyz pursatlar barada gürrüň berdim. Eýsem-de bolsa başda belläp geçişim ýaly, ýeke bir bişow günler däl-de, bişow hepdeler, aýlar, ýyllar bolmadymy? Garaşsyzlyk döwründe şolar ýaly oňaýsyz pursatlar duş gelmedimi? Geldi! Boldy! Hatda ömürboýy dowam eden bişowluklar, oňaýsyzlyklaram boldy. Uly ile mahsus zatlaryň hiç birem elbetde, mendenem sowa geçmedi. Ýöne, duş gelen möwritiniň beren hupbatlarynyň uzak bolşy ýaly, olaryň beýanaty-da uzak. Şonuň üçinem olar hakda soň! Ýene bir gezekde! Onsoňam olaryň köpüsi barada meniň size öň gürrüň beräýen bolaýmagymam ahmal! Belki-de, indi gürrüň berjekdirin. 2008 ý. Aşgabat. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |