19:20 Gaýmak / hekaýa | |
GAÝMAK
Hekaýalar
Ejem süýtlek sygyr edinmegiň kül-külüne düşdi. Özümiziňkiden tapmansoň, goňşy obalarda kimde şeýle satlyk gunajynyň bardygy bilen gyzyklandy. Ahyrsoňy ýelnini göreniňde «tüweleme» diýdirýän, gölesi hem, özi hem süňňi iriden gelen sygyr edindi. Bölek-büçek matalardan gurnalan gurama çalym edýän ala sygyr malyň ýuwaşydy. Çaga sagsa-da, göwni bir ýalydy, ýadyrgap, tasanjyrap duranokdy. Özem süýtlekdi. Her sagymda bedre doly süýt berýärdi. Ýöne ejem, näme üçindir, ondan nägiledi. Bir gün ertir, daň ýaňy agaryp barýarka, ejemiň galmagalyna oýandym. Görsem, ejem üçinji synpda okaýan jigim Patyşagulynyň gulagyndan burup dur: —Men süýdi ýagsyz diýip, sygyrdan görüp ýörün. Asyl, jigiň işi eken. Ýaýmak üçin basyryp goýýan süýdümiň gaýmagyny ýalap ýören bolsa nätjek –diýip, ejem zeýrendi. —Eje, tutaýdyň-ow... –diýip, Patyşaguly ýeserlik bilen ýylgyrýardy. Ejem onuň gulagynyň burgusyny güýçlendiriberensoň, jigimiň ýüzünden ýylgyryş alamaty sumat boldy: —Waý, gulagym, waý, eje-e-e, goýbersene... —Indikide beýtmen diý! —Wäg-eý, beýtmen, beýtmen. Ondan bäri ara ýyllar düşdi. Hemmämiz öýli–işikli, döwletli maşgalaly, uly adamlar bolduk. Ala sygyr her gezek gölelände, gölesini birimize berip, ejem ählimizi süýtli-gatykly etdi. Hemmämiz üýşüp başy jem oturanymyzda, ejemiň agtyk-çowluklaryna aýdyp berýän gyzykly gürrüňleriniň arasynda Patyşagulynyň gaýmak ýalap tutulyşy baradaky hekaýat hem bar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |