15:01 Gaýtarma | |
GAÝTARMA
Goşgular
Begenerdik atasy öýne gelende, Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda. Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy, Onda-da ne gaýtarma! Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy. Ykbal bu üç bagty berenok hemmä. (Kä ikisin berip, birin berenok, Käte birin berse, ikisin kemýä) Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy. Ady dilindedi uludan-kiçiň. Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol, Ejedi biz ýaly uşaklar üçin. Käte kemput berip, käte gant berip, Käte bolsa paýlap kendirli nabat, Dilimizem, göwnümizem tapardy. Dili-de nabatdy, ady-da Nabat. Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi Käriziň sagynda. Biziňkem çepde. Garahassalykmy, mamamy, mergi – O mahal her dürli keselem köpdi. Ony dul goýupdy şo dertleň biri. Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly. Şondan bäri atasynyň öýünde. Ol-a bir betbagtdy, Bizem bagtly. Begenerdik atasy öýne gelende, Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda. Ynha, indi ýarylyber «begen-de», Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma! Atasam hiç kime berenok ony. Berjegem däl. Özem edenok meýil. Otyr ol ak öýüň törüni saklap, (Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül Oturýandyr bir oturan ýurdunda) Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut. ...Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga, Çabdynyň jübüsi durşuna kemput. Edil şo mahalam bir daýaw çopan Sowdy eşegini ýabyň boýuna. Eňegin basdy-da käriz suwuna, Ýene «gur-roww!» diýip gitdi ugruna. – Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! – Çopanyň yzyndan ylgady Nabat. Näme bolanyna düşünmän galdyk, Aýylganç gümpüldi eşdildi şo bat. Ýene bir gümpüldi... Gyzyň dogany Elinde tüpeňi, bilinde hatar. Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa – Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar. Edil şo demde-de gysylýar mäşe. Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan. Çakmak çekilende ikinji sapar Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan. ...Müňkurlik diýen zat hemişe şeýdip Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny. Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp, Käte atýar şeýdip Öz doganyny. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |