GAZY GAZYP, ÝAP ÇEKILSE
Suw gurluşygy biziň döwrümizde kuwwatly tehnikalar arkaly kämil enjamlar bilen öňünden barlanylyp geçirilýär. Suwuň haýsy ýere nähili akjagy, nirede suw sorujylary ulanmaly boljagy öňünden takyk kesgitlenilýär. Ýöne pähimli ata-babalarymyz geçmişde, şeýle kämil enjamlaryň ýok döwründe hem kämil suw desgalaryny gurmak netijesinde täze ýerleri özleşdirip, oňa suw eltmegi başarypdyrlar. Olaryň bu babatda ulanan usullary özüniň kämilligi bilen häzirki döwürde hem haýran galdyrýar.
Derýadan, ene ýapdan täze özleşdirilýän ýerlere ýap çekilende, onuň çykdajysy döwlet tarapyndan ýa-da barly adamlar tarapyndan çekilipdir. Bolmasa-da, onuň çykdajysyny tutuş oba bolup, köpçülikleýin göteripdirler.
Soňra ýabyň çekiljek ugry kesgitlenipdir. Suwuň öz akymyna akjak ugruny kesgitlemek üçin bir ýabynyň boýnundan odunyň ýanandan soňky gara külüni halta salyp asyp, ol gaby deşip, ýabynyň giden ýolundan yz galar ýaly edipdirler. Ýaby ýeriň pesi bilen ýöräp, barmaly ýere barypdyr. Öz maýdalyna goýberilen ýabynyň täze açyljak ýere tarap ýörän ugruny belläp, şol ugur boýunça ýap gazypdyrlar. Miraplar ene ýabyň düýbi bilen täze gazylan ýabyň düýbüni ýabyň başlanýan ýerinde anyk kesgitläpdirler. Şonda suw alynjak ýabyň düýbüniň beýikde galyp, pese akmagyny gazanypdyrlar.
Ýap gazylandan soň, onuň diwarynyň kertligini-ýalpaklygyny hem ýabynyň ýa-da eşegiň üsti bilen anyklapdyrlar. Bu iş «kese geçmek» diýlip atlandyrylypdyr. Eşek ýa-da iş ýabysy ýapdan geçiriljek bolnanda, ýabyň raýşynyň iň ýalpak ýerini saýlaýan ekeni. Şonuň üçinem ýabyň her ýerinden ýabyny ýa-da eşegi keseligine geçirip görüpdirler. Soň hem ýabyň raýşynyň ýalpaklygyny şol ýabynyň ýa-da eşegiň keseleýin geçen ýerine dogrulapdyrlar.
Şeýle ýagdaýda çekilen ýabyň suw akyjylygy ene ýapdaky ýa-da derýadaky suwuň ýagdaýyna görä bolupdyr. Olary kän bir gyrmança basmandyr. Ýabyň raýşyny suw köwüp, içine opurmandyr.
Gerek bolan ýerinde täze ýaplaryň ugrunda bentler gurlupdyr. Şonda bent basmak üçin, esasan, ýogyn hem-de ýeterlik derejede uzyn edilip çykalan ýylgynlary togalap ulanypdyrlar. Şeýle bentler Murgap, Tejen derýalarynda hem bolupdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bötendag obasy ýerli ilatyň dilinde «Bent obasy» diýlip atlandyrylýar. Çünki şu obanyň deňinde gadymy Tüni derýanyň akym ugrunda basylan bent saklanyp galypdyr.
Şeýle usul bilen çekilen ýaplaryň ençeme asyrlardan bäri hyzmat edýänlerini ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň köp ýerinde görmek bolýar.
Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk