10:19 Geçmişden bir sahypa | |
GEÇMIŞDEN BIR SAHYPA
Goşgular
Ine, uç-gyraksyz söweş meýdany, Gidipdir agyr jeň kyrk gije-gündiz. Heniz siňmändirem pidalaň gany, Kyrk günüň tozanam ýatmandyr şindiz. Sowap ýetişmändir sansyz jesetler, Lüt bolan Ezraýyl dynç alyp otyr... Ýap-ýaňy bir-birin parçalan jetler, Indem bir-birini gujaklap ýatyr. Naýza yrgyldap dur näçe gursakda, Näçe kükrekde-de gögeren peýkam. Bu «gazy» bolmadyk «şehitler» hakda Gadym aýdymyna hiňlenýä şeýtan. Namart garaguşlar heşelle kakýa: «Rysgymyzy ýetirip dur Ýaradan». Öz halal awy deý arkaýyn çokýa Öñ jan çykyp, soň gan çykan ýaradan. Eýmenç owaz bilen haýkyrýa atlar, Akyl käsesi deý gözlerde — düwme. Saralmanka gyzarypdyr gök otlar Bir sapar çeýnän at on sapar düwner. Nägile ene deý çytylýa asman, Ýere ýyldyzlardan salam aýdanok. ... Bu meýdany synlap, hiç ýerde asla ; Diri adam galandyram öýdeňok... A başga meýdanda, başga bir ýerde, At toýnagy elendirýä topragy. Tutýa günüň öňün bir gara perde, Bialaç möňňürýä ýöriş-depregi... Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |