09:24 Geñ-tañlyklar ýurdy Owganystan | |
GEÑ-TAÑLYKLAR ÝURDY OWGANYSTAN
Publisistika
Göz öñüne getirip görüñ: bir ýurduñ, bir döwletiñ daşary ýurtdaky diplomatiki wekilhanalary oña garaşly däl, wekilçilik edýän ýurdundaky hökümetden garaşsyz hereket edýär, daşary ýurtlaram öz çäklerindäki wekilhanalary kabul edýär we öz içinde işlemegine ýol berýär. Owganystandaky ýagdaýdam edil şular ýaly. Özem üç ýyldan gowrak wagt bäri, has takygy 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustynda Talibanyñ paýtagt Käbile girip, häkimiýeti eýelän gününden bäri şeýle. Taliban häkimiýeti eýelän badyna ABŞ-dyr Ýewropa bileleşiginiñ ýurtlary başlyklaýyn dünýäniñ biremtek ýurdy Owganystanyñ täze hökümetini ykrar etmejekdiklerini aýtdylar. Muña eýermedik az sanly döwletlerden diñe Päkistan, Katar, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlardy. Muña garamazdan Talibanyñ hemme zady ele salyp, häkimiýetini mazaly ornaşdyrandan soñ, bu ýurtlar, ýagny ony hiç bir ýagdaýda resmi taýdan ykrar etmejekdiklerini aýdan ýurtlar torba sakally, garañky ýüzli taliban ýolbaşçylar bilen görüşip, olar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga başladylar. Bularyñ başynda-da, beýleki birnäçe günbatarly ýurtlaryñ tersine, Käbildäki ilçihanasyny-da ýapmadyk Türkiýe bar. Soñky üç ýylda birnäçe gezek Ankara gelen taliban wekilleri Daşary işler ministri Hakan Fidan bilenem görüşdiler, munuñ özi Türkiýäniñ resmi taýdan bolmasa-da, şeýtmek bilen Taliban hökümetini ykrar edýändigini añladýar. Geñ ýeri, Türkiýe Muhakkik, Dostum, Saýýaf ýaly owgan režiminiñ öñki liderlerini Stambuldaky we Ankaradaky lýuks jaýlarda saklap ýörkä-de Taliban bilen gujaklaşmaga ýaýdanmaýar. Şeýle-de, Türkiýe Ankaradaky owgan ilçihanasyny Talibanyñ ygtyýaryna berdi, Stambuldaky owgan konsullygyny bolsa öñki režimiñ diplomatlary dolandyrýar. Eýran hökümeti-de Tährandaky owgan ilçihanasyny Talibanyñ ygtyýaryna berdi. ABŞ-dyr ÝB-niñ ýurtlarynda bolsa ähli owgan ilçihanalary öñki režimiñ elinde. Käbil bilen gatnaşyklaey kesilensoñ, Günbatardaky owgan ilçihanalary özbaşdak hereket edýärler. Günbatarda owgan migrantlary köp bolansoñ, bu ilçihanalaryñ her biri pul çykarýan stanoga öwrüldi. Günbatar ýurtlary owgan konsullyklarynyñ berýän islendik dokumentini kabul edýär. Täsin ýeri, daşarky dünýäniñ amala aşyrýan şular ýaly gyraklatma syýasatyna jogap edip, Taliban ýurduñ içinde sagat ýaly işleýän döwlet dolandyryş formasyny girizdi. Goñşy ýurtlar bilenem söwda gatnaşyklaryny agsamazdan dowam etdirip dur. Diasporadaky owganlar tomusky dynç alyp günlerinde arkaýynlyk bilen ýurtlaryna gidip, dogan-garyndaşlaryny görüp bilýär. Diñe şu tomsuñ özünde Türkiýeden arasynda ýeke özi syýahata çykan aýallaryñam bolan müñlerçe owgan raýaty Owganystana gidip, ýakynlaryny görüp geldi. Bu aýallaryñ birine-de Owganystanda gezip ýörkä ýeke gezegem "nirden gelýäñ, nirä barýañ, äriñ ýa-da ýakyn erkek hossaryñ nirde?" diýen ýaly soraglar berilmändir. Ýogsam bolmasa, owgan migrantlary köplenç ýurtlaryna dolanyp baran ýagdaýlarynda janlarynyñ howp astyndadygyny öñe sürýärdiler. Ýönekeý owgan raýaty üçin ýurtda hiç hili howp ýok. Janlary howp astynda bolanlar öñki režimiñ tanalýan syýasatçylary bilen ýokary wezipeli býurokratlary. Syýasatçylar wagtynda Talibana garşy berk goranyş çärelerini amala aşyrandygy üçin, ýokary wezipeli işgärlerem syýasatçylar bilen el-ele berip ýurdy talap, hamyny sypyrandyklary üçin. Şeýle-de, Taliban hökümetiniñ golastynda aýdym-saz gadagan bolandygy üçin Owganystanda adamlar wagtyny geçirmek üçin sport çärelerine üns berip başlapdyr. Meselem, owgan türkmenleri häzir toýlarda, adaglama, sünnet ýaly däbe öwrülen üýşmeleñlerinde aýdym aýtdyrmak gadagan bolandygyndan milli türkmen göreşini we woleýbol ýaryşyny guraýarlar. Toýlarda milli göreş öñdenem dowam edip gelýän zatdy, emme woleýbol ýaryşyny guramak täze çykan däp. Toýlarda woleýbol ýaryşyny guramak türklere biraz geñ görnübem biler, ýöne bu owganlaryñ aýdym-saz gadagançylygyna garşy alternatiw taýdan oýlanyp tapylan akylly çözgüt. Höwesjeñ ýutuberleriñ sosial mediýa kanallarynda göni efirde berilýän bu oýunlarda öñki aýdymçylar we ozanlar oýny alyp barýan tamada ýa-da spiker wezipesini ýerine ýetirýärler. Şeýlelikde dünýäniñ çar künjüne pytran owganystanlylaram öz obalaryndaky toýlara we woleýbol ýaryşlaryna göni efirde tomaşa etmek mümkinçiligini tapýar. Daşarky dünýä üçin Owganystanda nämeleriñ bolup geçýändigi ýa-da ýurdy kimiñ dolandyrýandygy gyzykly däl, her kime Owganystandan gelip çykan howp-hatar bolmasa bolýar. Häzir hemmeler öz ýagdaýyndan hoşala meñzeýär: Taliban özüne garşy gidip biläýjek islendik topary aradan aýrandygy üçin, daşarky dünýä-de Owganystandan gelip çykýan howp-hatar görmeýändigi üçin ýagdaýdan hoşal. Hoşal dällerem adalatly, deñ, howpsuz, asuda, adam şekilli ýaşaýşy küýseýän, demokratiýanyñ, adam hukuklarynyñ, şahsy azatlygyñ hyýalynda gezýän, intellektual, zamanabap, bilimli owganlar. Olaram ýurduñ ilaty bilen deñeşdirende örän azlyk topary düzýändigi üçin arzuwlarynyñ amala aşma ähtimallygy ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa hiç bir zadyñ daşyndan görnüşi ýaly däldigini-de aýtmak gerek. Garaşylmadyk üýtgeşme bilen şapak dogup we jümle-jahan täzeden ýagtylyp biler. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Duşenbe, 22.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |