18:04 Gije, ýagyş, gümmürdi, o biri, kofe... / hekaýa | |
GIJE, ÝAGYŞ, GÜMMÜRDI, O BIRI, KOFE...
Hekaýalar
Ýagyş ýagyp başlady. Demir üçege nohut seçilen ýaly edýär. Tutuş howlyň bassyrmalygam gowy zat. Ýogsa depäňden guýup dursa, beýdip, daşarda-ha arkaýyn oturmarsyň. Gök gümmürdedi. Towuklar tebil tapdy. Gorkdular. Ertir ýumurtgany az guzlarlar. Öýdäki bilen körpe gynanar. Ol ikisiniň bar keýpi şonda. Öýdäk-ä ýumurtgalaň puluna aşyk, körpe-de sanyna. Gije. Ukusyzlyk. Başly-barat, ygym-sagym pikirler. Ýalňyzlyk... Ýa birine jaň edäýsemikä? “Mysal üçin, kime?” diýip, kimdir biri sorady. Ýaltalyk bilen, kera-mara ugur-utgasyz oýlanyp, ýeke özi sekide oturan, geňirgenmedi. Nämüçin geňirgensin? Beýle ukusyz gije birinjisi däl... “...iň soňkusam şu bolmaz!” diýip o biri, oňa pikirini ahyrlamaga maý bermedi. Yzyny özi soňlady. “Şüň...häsiýeti ýaman neme-laý...” diýip oturan, gümürtik oýlandy-da sägindi. Misli o biriniň dillenip özüni düzederine garaşýan dek, birki sekundam dowamyny pikirlenmedi. O birinden ses çykmansoň, üstüne goşdy: “Gowy däl”. “Nämüçin?” diýip, o biri, oslagsyz seslendi. Bü edäheti gurmuşyň bolşy şu pormy. Bir zat sorasaň-a geplemän içiňi ýakýa. Soramasaňam ýuwulmadyk çemçe. “Sen filolog-a-how! Oýlanaňdawyr solesizm bilen oýlanma-da, kelläň bilen pikirlensene!”. “Senem onda beýle köpbilmiş bolsaň, pikirleňňi pleonazmlama-da, dürsje düz!”. “Ok”. Ýagyş gataldy. Nohut seçilme deprege öwrüldi. Ukusyzlyk barha basmarlaýa... “Heh!” edip, oturan öz pikirine içinden hehledi. “Heh!” edip, oň hehhildisini o birem gaýtalady: “Kofe ýelm-äý, bolmasa...nä, dagam, barybir ýatyp bilmejek bolsaň...” diýip ol, oturana maslahat berdi. Oturan pikirsiz diňirgendi. Dogrudanam... Dagy nätjek? Olam edil özüne bek özbek ýaly. Özüne gaty belet. Bi allajy ukusyzlyk bir gozgasa, daňyň düýbi çyzylman, gözüne çiş kakylana döner. Ýagşyň üçekde kakýan deprek oýnuna diňşirgenip, ol turdy. Içerik ýöneldi. O biri ýa oň yzyna düşmän daşarda galdy, ýa-da gepläsi gelenok. Tä ol öýden eline äpet bulguryny alyp çykýança, jyňkyny çykarmady. Bassyrmaň aşagyny kofäň ajymtyk ýakymly ysy tutdy. O biri işdämenlik bilen howany sordy-da, sorady: “Jakobs Monarhmy?”. “Ok”. Oturdy. Owurtlady. Gyzgyn. Ýakyp barýar. Ajy. Datly. Kofäň ýiti gyzgynlygy onuň gyzylödegini yzarlap, baran ýerinem daglap gitdi-de, bir owuçjyk gyzgyn mum düşen deý aşgazanyna gaçdy. Demsalymdanam kofäň ýakymly gyzgynlygy süňňüne urdy. Ol oturan ýerinden eşret bilen gözüni süzdi. “Ym-m-m!” edip, göýä kofäni ol däl-de özi içen dek, o biri lezzet bilen, süýjüdip iňledi. Ýene-de bir owurtlady. Eşret-laý! Ýagyş barha batlanýar. Ýene-de aýylganç gürpüldi bilen gök gümmürdedi. Edil melleginiň aýagujundaky bassyrmaň süýrdepesinde diýen ýaly ýyldyrym çakdy. Bada-bat heýýaty uçan towuk janawerleň “wak-wagy” ketegi göçüräýjek boldy. “Fysýo!” diýip ol göwnübir oýlandy: “Ýumurtgalar-a kankretnyý içlerinde gogol-mogol bolannyr...”. “Näsini aýdýaň...” diýip, o birem kofäň keýpine pinekläp oturan bolara çemeli, keýpiköklük bilen mymyjak myrlady. Ýene-de gök gümmürdedi. Ýyldyrym. Ýagyş. Sergin şemal. Howlusy derwezesiz. Şoň üçinem köçe-de görünýär, ondan aňyrdaky goňşyň özüniňki ýaly derwezesiz howlusam. Täze göçüp gelen ýaş çatynjalar. Olaň tamynyň işigi açyldy. Ilki gelin çykyp, hammama geçdi. Birsellemden ol yzyna dolanansoň ýigide gezek ýetdi. Kofesinden käte bir owurtlap oturan, kisesinden eltelefonyny çykaryp sagada äňetdi. Iki. Heniz çagalaram ýok. Hezillik. Hamana, özi juwan ýaşyna dolanan dek, damarlarynda öz-özünden emele gelenmi ýa-da kofäň täsiri bilenmi, eşretli süýjülik endamyna ýaýrady. Bulguryny gapdalynda goýdy-da, şähdaçyk gerindi. Ýa gidip öýdäkini yralaýsamyka? “Hi-hi-hi!” edip o biri, onuň aňynda emele gelen garagol pikire hikirdedi. “Nä çylkasyzja kikirdän bolýaň-aý? Nä ilde ýok zatmy? Ýa nä: “elli bolly, belli bolly” diýip, o zady muzeýe pasylka edip, “terkidünýälige gol ýapmak lazym” diýip ýazylgy düzgün bamy?” diýip oturan, gatyrganjak boldy. Az-maz keýpi uçup ugrady. “Ýo-la. Meň-ä göwne degme niýetim ýok. Ýöne güpür-tapyr: “Garry oýnasa gaý turar” diýleni ýada düşdi weli, öz-özünden gülnüp goýberäýdi-dä, birdenkä...” diýip o biri, äheňine ökünç çaýdy. Oturan bulguryny eline aldy. Owurtlady. Şo pille şemalyň ýeňiljek köwsary bilen bassyrmaň içine garşy seçilen damjalar ýüzüne degdi. Hoşboý, datly kofäň içden urýan howry. Ýüzüne syçraýan damjalaň sergin sowujagy. Hoşnutlyk. Lezzet. Kofe. O biriniň keýpihon myrryldysy. Nirededir bir ýerdenem itleň üýrýän sesi gelýä... Itleň? Ol geň galdy. Haýran galmakdan ýaňa, endikli hereketi bilen kofesinden owurtlanda, oň tagamynam duýmady. “Beh, ýagyş ýagýaka-da it üýrýän eken-ow! Elli ýaşap, şumat birinji gezek gök gümmürdäp, ýagyş guýýaka itiň üýrýänini eşidýä...Ýa öň üns bermedimikä?”. “Heh!” edip, o biri oň pikirine hehhildedi: “Nä, it näme adam dämi? Näme: “Ýagyş ýagmyş, Gümmür mama sanajyn kakmyş” diýip, o janawerler, ýeriň ýüzünde ýeke demkeşlikleri – ine-gana “haw-hawlamadanam” namut galmalymy?”. “Beý diýýän bam-aý?” diýip oturan az-owlak gatyrganjak boldy: “Men-ä diňe o janawerleň ýagyn-ýagmyrda üýrenini eşitmänimi tekrarlajak boldum. Şumad-a çen çaklaýadym, narmalnyý itler muň ýaly ýagyn-guýunda ketegine sümlüp ýatýandyr diýip”. ““Narmannyý itler” Heh!” diýip o biri, oň agzyna öýkündi: “Nä itleň nenarmannysam bamy? Özi it bor-da oňammyr düzüwi-düzüw däli bolarmy diýsene...”. “Gepe aslyşmasana!” diýip oturan söhbetdeşinden haýyş etdi: “Sen-ä aýy dä, menem aryketek”. Gök gümmürdedi. Towuklaň “wakgyldysy” galanok. Ýagyş, şybyrdysyndan çen tutsaň-a biraz kiparlaýjak ýaly. Itler bolsa, hakykatdan üýrýän ekeni. Ýagyş bolsun, gar bolsun – olar üçin parhy ýok. It edip ýaradyldyňmy? Üýrmelimi? Üýrmeli. Oturan uludan demini aldy. Wah, şumat ýagyş däl-de gar ýagýan bolaýsa... “Ony nämetjek?”. O biri geň galdy. “Togalap, togalap gar adam ýasajak”. O biriniň hasam haýrany hekgerdi. “O nämäňe derkar?”. “Gürleşjek”. “Näme hakda?” diýende, o biriniň geňirgenme gradusynyň Kelwinde 373,15°K, Farengeýtde 212°F, Selsiýde bolsa 100°C bolup barýandygy, äheňinden bildirdi. “Edebiýat hakda”. “Öz ýasan gar adamyň bilenmi?”. “Howwo. Dagy nä?”. “Bilemok weli...” diýip, hemişe hiç bir ýagdaýda gep agtaryp kösenmeýän o biri, bu gezek birneme üzlem-saplamrak hümürdedi: “Öz ýasan gar adamyň bilen gepleşip ýörseň, bütüki gören-eşidenler bi neme...o zat...diýäýmesinler-how...”. “Näme?” diýip oturan ýa-ha çyndanam düşünmedi, ýa-da köp bilip aňyrsyna geçip, düşünmezlige salýar. “Nämmor-aý?” diýip o biri, birdenkä özüne mahsus bolmadyk derejede çalaja gyzaryljak boldy: “Saňa: “wäpçe ku-kuw bolup galypdyr bü-ýä!” diýäýmesinler diýýän-how! Nä mönsürän bolýaň-aýt, hä?!”. “Näme, seň ýaly o biri bilen gepleşeňde “wäpçe ku-kuw” bolaňok-da, eliň bilenjik elinjek gardan ýasan adamyň bilen gürleşseň bolaýýamyşyňmy?”. Çözdi. Söz ýok. Munuň şeýledigine ol o biriniň diýere gep tapman, sem bolşundanam düşündi. Kofesini owurtlady. Sowap ugrapdyr. Şoň üçinem öňki gyzgyn, ýöne datly ajylygynyň deregine öt ýaly ýakymsyz ajylyk döräpdir. Onda-da içdi. Wah, ýaňy öýden demlenip alnyp gaýdanda birki sany çowdary kökesinem alyp gaýdaýmaly ekeni. “Uzynyň akly giç geler” diýleni-dä. “Ýa-da çilim” diýip, nähili öýkelese-de sähel salymda kinesinden açylmaga ýetişýän o biri dil ýardy. “Ýa-da çilim” diýip oturan, asuda äwmezeklik bilen ylalaşdy. Dymdylar. Gije. Ýyldyrym. Ýagyş. Sergin şemal. Gümmürdi. “Wakgyldy”. “Haw-haw”. “Onsoň ondan näme sorajak?” diýip o biri dillendi. “Kimden?”. Oturan geňirgendi. “Gar adamsyndan”. “Näme sorarsyň-aý? Elbetde: “Marsel Prusty okadyňmy?” diýerin-dä”. “Onsoň o näme diýer öýdýäň?”. “Elbetde: “Ýo, okamadym” diýer-dä. Dagy nä, ýaňyja ýasalan balaja gar adamsy Prusty näbilsin, beýlekiňi näbilsin...”. “Onsoň sen oňa näme diýersiň?”. ““Menem okamadym” diýerin” diýip ol, biraz sägindi. Kofesiniň soňuny islemezlik bilen şirpildetdi. Buz ýaly. Tagamam – merez. Ýüzüni kürşertdi. Soňam üstüne goşdy: ““Tükezziban uzyn-laý. Şoň üçin menden saňa maslahat, eliň degse-de, wagtyňy ýitirme. Ýogsa ýitirilen wagtyň gözlegine çykmaly bolarsyň. Ondan Hem gardaşy oka. Oňam deňze pitjiň atyp, mazaly almytyny alýan garadangaýtmaz gojalyja ýerini” diýibem aýdaryn”. “Bäh,” diýip o biri, uludan demini aldy. Oturanam şeýtdi. Soň üns bilen ýagmyry köşeşip ugran gijäni diňlemäge başladylar. Ýyldyrym. Ýagyş. Ýel. Gümmürdi... | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |