23:21 Göktükmen söýgüsi -27/ romanyñ soñy | |
ON ÜÇÜNJI BOÝ
Taryhy proza
ADAMYŇ ETI — HARAM, LEBZI — HALAL Gaýmart beg garrapdyr: awdan galypdyr. Rast awdan galdyňmy, ýurduňy täzelän ýagşy. Awuňy awlap bilmezlik — öýüňe, ogul-gyzyňa ýük bolmak. Ýöne onuň ogullary atasyny ýüksünmeýärler. Aw awlamak olaryň ýanynda müşgil däl. Bir mahal Gaýmardam, Peleňem, Peleňiň babasy Babyr begem şeýledi. Islän awlaryny sähel salymda awlamagy başarardylar. Indi awuň ysyny burunlary alanok. Öňler sähra çykyp, bir paýyz dem alsalar, haýsy ýerde nähili awuň bardygyny anyklardylar. Bu gezegem Gaýmart beg ys alyp bilmedi. Asyl ol ys aljagam bolmady. Gaýmart beg Akmeýdandan uzak bolmadyk derýanyň boýundaky çemenzarlykda düşlemegi emr etdi. Bu ýeri myhmanyň-da hoşuna geldi. Şeýle bolansoň çemenzarlygy düşelge edindiler, ýogsam Gaýmardyň ogly Wahşunwar entegem uzak gitjekdi. Onuň öz göwün isleýän ýeri bardy. Wahşunwar: «Size dört aýakly awlaryň eti agyr geler» diýip, käkilik awlady. Myhman — ak sakgaly döşüni ýapyp duran kişi aw etini syha düzmegi gowy görýär, ondan lezzet alýar. Ýylgynyň, gandymyň birki şahasyny syh edinip oda goýýar. Aw eti narynç reňk alyp lowurdap ugranda işdäň açylyberýär. Myhman — ak sakgaly döşüni ýapyp duran kişi käkiligiň narynç etine seredip, içki pikirini daşyna çykardy: — Guşlar Göktaňrynyň beren her bir gününe hoş bolup, asmanda dürli oýunlar edip ganat kakýarlar, enaýyja aýdym aýdýarlar. Ine, ýaňyja aýdym aýdyp duran käkilik meniň elimde. Biz ony oda daglap iýýäris. Adamyň ömri guşlaryňkyça ýok. Guşlaryň etini, herhal, özlerinden kän esse uly adamlar iýýär, ýöne adamlar welin, hernäçe parasatly bolsalaram, olaryň etiňi gurçuklar iýýär. — Şol gurçuklara çenli, dogan, sen ata-baba ýöredip gelen begligiňe eýe durmaly. Gör, näçe wagtlap seniň guran öýüň Göktaňrynyň rugsat berjek gününe garaşyp boş durdy. Indi beglikde Gaýa atly ýaş beg peýda boldy. Onuň entek saňa begligi gepsiz-gürrüňsiz berjegi belli däl. Eger sen oňa ýardam bermedik bolsaň, onda beglik gep-gürrüňsiz seniňki bolardy. Begligiň eýesiz galjak güni seni Göktaňry geçelgä getiren eken. Senem Göktaňra garşy gidip, ol Döwbasanyň dogmasyny halas etdiň. — Ol Aýşöhläniň ogly. — Ýok, ol Döwbasanyň ogly. Ene — gap, ata — sap. — Barybir, men bir gyrada durup bilmezdim. Ýeri, bolýar. Indi boljak iş boldy. Göktaňry adama güýçli ýarag — dil beripdir. Ol ýarag bilen uly-uly döwletleri mugyra getirip bolýar. Sen indi dil ýaragy bilen Döwbasanyň dogmasyny Hanandan gider ýaly etmeli. Ýogsamam özüm ederin. — Ýok, sen goşulma. Men bütin ömrüme Göktaňrynyň, Enehudaýymyz Humaýyň, Aban perişdäniň, Hanan neberesiniň rowaçlygy üçin özüni pida beren Abanyň goldawyny, ýalkawyny görüp, duýup, ýalkanyp ýaşadym... Onsoňam men ýeke gelmedim. Iki ýüz gulam bilen geldim. — Güýç ulanmak gerek bolmaz — diýip, Gaýmart beg ynamly gürledi. — Menem şeýle pikirde, öz adamlarym maňa garşy çykmazlar ahyryn. — Çykmazlar, arkaýyn bolaý, çykmazlar. Geçelgede mertebäň belent seniň. Iň esasy zat — arkaňda sasan şasy Hurmuzt dur. Wahşunwar bilesigelijiligini saklap bilmedi, ol babasynyň sözüni böldi: — Meniň eşidişime görä, Hurmuzt Anuşirwan Adylyň Istemi hanyň gyzyndan doglan ogly diýýärler. Özem Anuşirwan Adylyň kejebesi bir gije-gündizläp myhman bolupdyr diýýärler. Şonda Istemi hanyň gyzy Aýşöhle bilen duşuşmak üçin akgyzlaryň hersine bir jaly akja beripdir diýýärler. Duw ak sakgaly döşüni ýapyp duran peşeneli goja jogap bermäge howlukmady: — Wahşunwar, sen dogry aýdýarsyň. Istemi hanyň gyzy, dogrudanam, Hananda bir gije-gündizläp boldy. Agşam rakys hem oýnady. — Bile oýnadyňyzmy? — Bile oýnadyk. — Ýogsa-da, Peleň, düşündirsene, Gaýa diýen ýigit seniň ogluňmy ýa Döwbasanyň? — diýip, Wahşunwar ýylgyrjaklady. — Aýşöhle bilen araňyzda hylwaty bir zatlar bolan bolaýmasyn?! — Janymy ýakjak bolýarsyňmy, Wahşunwar? Hiç zadyň bolmandygyny özüň bilýärsiň ahyryn. — Bilmesine bilýärin, ýöne onuň saňa meňzemesiniň hikmetine teý düşünip bilmeýärin. — Oňa menem düşünip bilemok. Gaýany ilki görenimde bar zat düýşümmikän öýdüpdirin. — Yşkda gudrat bar. Göktaňry Aýşöhläniň yhlasyny gögerdipdir. Ýöne onuň daşy Peleňe meňzese-de, içi meňzänok. Men muny ilkinji gezek gürleşenimde aňdym. Ol entek torgaý guşuň belentliginde uçup ýör. — Adam — baky, wagtyň geçmegi bilen adamlaryň diňe atlary çalyşýar, egin-eşikleri çalyşýar, ýöne pähimdir söýgi, wepadyr nadanlyk adynam çalşanok, «egin-eşiginem»... — Peleň hyruç bilen başlan gürrüňini dowam etdirerli göründi, ýöne dymdy, uludan demini alyp, elindäki kakmajyny iýmek bilen boldy. Peleň hiç wagtam doly açylmaýardy. Ol aýdaýmaly zatlaram, köplenç, aýtman saklanýardy. Wahşunwar dostunyň şol öňki häsiýetini üýtgetmändigini aňdy. Peleň özüne göni berlen sowala-da doly jogap berenog-a. Oduň başynda Peleňiň işdämenlik bilen bişiren käkilik etini iýşine seredip oturan Gaýmart begem oňa sorag berjek bolup duranok, megerem, onuň özüniň dil açaryna garaşýan bolsa gerek. Ýogsam ol Peleňiň maşgala durmuşy, bu ýere kim bilen gelendigi hakda, başga-da köp zatlar hakda sorasy gelýär. Onuň özüniňem Peleňe gürrüň bermek isleýän zatlary az däl. Peleň näme gürrüň eşitse, diňe Gaýmart begden eşitdi, näme iş etse, Gaýmart beg bilen etdi. Ýigrimi bäş ýylyň içinde ol Hanana bary-ýogy iki gezek gelipdi. Birinji gezek gelende-hä Aýşöhläniň Döwbasan bege äre barandygyny eşidip zut gidipdi, ikinji gezegem: «Meni Aýşöhle çagyrýar, şony rahatlandyryp gaýdaly» diýip gelipdi. Şonda Peleňe Wahşunwar beg hemra bolupdy. Aýşöhle Peleň hakda habar eşitjek bolup, gör, näçe gezek adam iberdi. Olaryň birinde-de Gaýmart begdir Wahşunwar Peleň hakda kelam agyz söz aýtmandylar, Peleňiň sargydy şeýledi. Oduň hem suwuň rahatlandyryjy güýji bar. Suwa giren kişä rahatlyk aralaşýar, oduň başynda oturan kişi hem oduň howruna meýmireýär, rahatlanýar. Rahatlyk — ýatlamanyň ýarany. Oduň başynda meýmiräp oturyşyňa geçen günleriňi göz atuwyňdan geçirýärsiň. Megerem, Gaýmart beg bilen Peleň hem ýatlama derýasyna çümene meňzeýärdi. Ikisi hem gözlerini otdan aýyrman, uzak oturdy. Gaýmart beg Peleňe nazaryny aýlady. Babyr beg aradan çykmazyndan burun ýegre dostuna wesýet edipdi: «Peleňe, özüň hossar çyk!». Ýaşamagyň manysy nämede? Ata-eneň, doganyň sargydyny, wesýetini amal etmekde dälmi eýsem?! Ýaşlykda öz babasy bilen Babyr begiň babasy olary ýanlaryna çagyryp wesýet edipdiler: «Dogan ýaly gatnaşyň, agyr günde birek-birege hemaýat ediň. Beglik mydama bizde durmalydyr. Aralykda ýagy dörese, ýok ediň! Siziň ogullaryňyzam şu ýoly ýöretsin». Ine, şu wesýeti Gaýmart beg mukaddesligiň — oduň başynda hem öz adyndan, hem merhum Babyr begiň adyndan wesýet etmek isleýärdi. Goý, bular doganlar ýaly bolup gatnaşsynlar, soň bularyň ogullary hem bu ýoly dowam etdirsinler. Gaýmart beg bu ýoly mukaddes tutupdy. Peleň Gaýmart begden razydy, müň mertebe razydy. Ol näme diýse, Gaýmart beg ýok diýmezdi. Şonuň üçin ol Gaýmart begiň ýanyna ýeke gelipdi. Oňa geçen günleri hakda gürrüň bermek isleýärdi. Wahşunwar bilenem ol köp-köp çarşenbäni başdan geçiripdi. Ikisi köp-köp söweşlerde bolupdy. Ençe günläp awda bolupdylar. Wahşunwaram garrapdyr, ýöne ol Peleňden ýaş görünýär. Aw etmegi başarýar. Bu günki awy-da onuň ýeke özi edipdi. Ol bu gün oduň başynda oturanok. Ol babasy bilen ýegre dosty Peleňe hyzmat edýär. Wahşunwar derýa gidip suw getirdi. Onuň süňňi ýeňil gopýar. Ol durmuşyndan razy: babasynyň begligini ýöredýär. Bu gün Akmeýdan begligine Wahşunwar eýe. Peleň Wahşunwara seredip, öz ömrüni ýatlady, ýok, terezä saldy. Ýok, ýok, Peleň ömründen närazy däldi. Ýok, ol bütin ömrüne durmuşyndan razylygyna özüni ynandyrmaga çalyşdy. Ol maksatly ýaşady. Ol mertebeli ýaşady. Ol enesiniň sonky wesýetine wepaly bolup ýaşady. Hor-zar ýaşamady. Peleň geçen ýyllaryň içinde Aýşöhläni ýatlamazlyga çalyşdy. Ýöne Aýşöhle onuň erkinden rüstem geldi. Mydama aňynda seretdi durdy. «Yşk erkden güýçli eken. Men her bir günümi hyýalymda Aýşöhle bilen ýaşadym. Ondan aýrylyşyp bilmedim, ene. Sen meniň günämi öt!» diýip, Peleň saganada enesiniň ystyhanyny gujaklap aglapdy. Peleň enesiniň wesýetini tutandygy üçin ömründen kanagatlansa-da, hyýalynda Aýşöhläniň ýaşandygy, ony hyýalyndan kowup, unudyp bilmändigi üçin özüni müýnli duýýardy. Terk etmegi başardyň. Näme üçin aňyňdan zyňyp taşlamagy başarmadyň? Peleň enesiniň şu sözlerini aýdaryna garaşypdy. Ýok, enesi ol sözleri aýtmady, gaýtam ol ogluna guwandy. Ene oglundan müň keren razy. Ogul enesini razy edip bilse, şundan uly näme bar?! Oguz han aýdypdyr-a: «Üç mukaddesligiň —Taňrynyň, ata-enesinin, şanyň mertebesini belent tutmadyk, olaryň wesýetlerini berk berjaý etmedik kişi adam däldir, ol biziň raýatymyz bolmaga, ýaşamaga mynasyp däldir» diýip. Ýöne bu günler göktürkmen şalygynda Bumyn hanyň, Istemi hanyň sözleri ýörgünli. Olaryň Oguz handan üýtgeşik aýdan sözi ýok. Olar hem şol bir pikiri ýatlaýarlar. Döwran göktürkmenlerdenem geçer, Oguz hanyň sözleri welin ýaşar, ol sözleri başga-başga şalar öz atlaryndan aýdarlar. Gojalar aýdýar: «Adamyň eti — haram, lebzi — halal» diýip. Adamda ýeke-täk halallyk bar. Dünýä hem şol halallyk bilen aýlanýar. Şol halallyga şek ýeten ýerde uly-uly döwletler darkaş gurap ugraýar. Köp-köp pidalar bolýar. Peleň lebiz eden zadyna ygrarly bolup ýaşady. Halallyk onuň ganaty boldy. Halallyk oňa ganat boldy. Halallyk oňa bedew at boldy. Peleň her demde Göktaňrynyň ýalkawyny, goldawyny duýup ýaşady. Göktaňry ony dogduk galasyna getirdi. Ol Göktaňrynyň ýardamy bilen babasyndan miras galan begligine gowuşdy. Ol Hananda beg bolmak isläpdi. Juda isläpdi. Döwbasanyň sahyby özüni öldürmäge gelende Göktaňry Wahşunwary Peleňiň ýanyna kömege ýollady: Wahşunwar gelensoň, sahyp biraz garaşmagy makul gördi. Ol ýadap gelensoň Peleňiň öýünde dynç almak üçin düşledi. Göktaňry Peleňi täze takdyra atardy. Peleň enesine beren sözüne ygrarly bolmagy ýüregine düwdi. Wahşunwar Peleň bilen sähra çykdy. Sährada Wahşunwaryň atlylary bilen Dolanaý bar eken. Dolanaý Peleňiň toýuny gutlamaga gelipdir. — Peleň, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin. Dolanaýyň bu sözünden soň Peleň ukudan oýanan ýaly boldy. Enesine beren lebzi ýadyna düşdi. — Şu sözi çynyň bilen aýdýarsyňmy, Dolanaý? — Elbet. Çynym bilen aýdýaryn. Şol gün iki juwan birleşdi. Peleňiň içki harasadyna diň salan Wahşunwar ony öz atyna hem aýgyt atyna atardy. Ähli zatdan ýokarda Göktaňry bar. Ýerde Ata bilen Ene bar. Perzendiň ikinji Göktaňrysy Ata bilen Ene ahyryn. Ata bilen Enesine ygrarly bolmadyk perzent — palak perzent. Ata-enesiniň garşysyna giden perzende Göktaňry garşy durar. Ata-enesine ygrarly perzendi Göktaňry ýalkaýar. Göktaňry Peleňi ýalkady. Göktaňry Peleňi öz penasynda saklady. Peleň mydama Göktaňra sygynyp ýaşady. Elbet, Göktaňrydan bidin çöp başy gymyldamaýar. Peleň bütin ömrüne ömür, yşk, maşgala, lebiz hakda oýlanyp geçirdi. Yşkyň gudraty ony pelsepeçä öwrüpdi. Onuň akylyna sygdyryp bilmeýän zatlary kändi. Ol, göräýmäge, Merw Şahyjanyň Salma mähellesindäki meşhur Sabyr köçesinde ýaşady. Emma ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň içinde bu ýerde Peleňiň diňe göwresi ýaşady. Aňy, ýüregi bolsa, Ýekepetdede Aýşöhle bilen bile geçdi. Ol bu hakykaty pynhan saklady. Çünki bu hakykata hiç kimiň ynanmajakdygyny aňýardy. Bu hakykata, dogrusy, kimdir birini ynandyrmagyň Peleň üçin geregem ýokdy. Onuň ömri düýşde geçen ýalydy. Yşk hökmürowan eken, yşk rehimsiz eken. Ol seni düýrmegiň bilen özüne siňdirýän eken. Asyl yşk — bitewülik eken. Yşk adamy düýrmegi bilen, iň soňky öýjügine çenli özüne siňdirýän eken. Peleň diňe enesine beren lebziniň hatyrasy üçin göwresini, bedenini Merw Şahyjanda saklady. Sakladymy beri?! Peleň enesine lebiz eden-de bolsa, sözünde durup bilmedi. Ol diňe bedenine erk etdi. Beden — ok, göwün — ýaý eken. Yşk bedenden rüstem çykdy. Göwün diýdimzorlyk etdi. Göwün Peleňden rüstem geldi. Sibir begiň eden-etdiligine Göktaňrynyň emri hökmünde garapdy. Ol özüniň beg boljagyna ynanýardy. Çagalaryna: «Sabyrly boluň, sabyr soňy sap altyndyr. Ynha Göktaňrynyň emr eden güni öz Hanan begligimize bararys. Häzir Göktaňry bizi synaga salyp görýär. Biz muňa çydamalydyrys. Göktaňrynyň bize gujak gerjek güni öňdedir» diýip gürrüň ederdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy. Wahşunwardan habar bardy. Şonda Peleň maşgalasyny: «Meniň şol aýdan günüm geldi. Bize Hanan begligi garaşýar. Bize enemiz hem babamyz garaşýar» diýip, bir gün alyp gaýtdy. * * * Peleň ömründen razydy. Ol özüniň o dünýäde-de beg bolup ýaşajakdygyna buýsanýardy. Çünki ol jahyl çykyp, o dünýäsiniň eşretli bolmagyny Bumyn hanyň gullugynda gazanyp gelipdi: söweşlerde öldüren adamlarynyň o dünýä baranda özüne hyzmat etjekdiklerine, gulluga durjakdyklaryna, özüniň bolsa şol öldüren köp sanly adamlaryna hökümdar boljakdygyna berk ynanýardy. Gaýmardyň gürlemän oturmasy-da, Göktaňrynyň dünýäsine girmek üçindi. Çünki ot başynda uzak otursaň, oduň ýylylygy bilen Göktaňry kalbyňa aralaşýar, adam keramatlaşýar. Gaýmart hem, Wahşunwar hem, Peleň hem oduň başynda oturyp keramata garaşýardylar. Wahşunwar ep-esli odun ýygnap, gapdalda depe edip goýupdy. Oturanlar ýerlerinden turup, biri-biriniň egnine ellerini goýdular. Gaýmart güňlenç ses edip ugrady. Onuň sesi bogazyndan däl-de, içinden çykýardy. Ol ses ýürek owazydy. Dil däl, ýürek gürleýärdi. Üç kişini Göktaňry gyzyl köz bolup çoýýardy, Gaýmardyň ýürek sözüne goltgy berýärdi. Çünki ol söz diňe Gaýmardyň sözi däldi, o söz hezreti Gün Hudaýynyň sözüdi. Ol sözi Gaýmardyň ýüregine Göktaňry salypdy. Duranlar biri-biriniň egninden berk tutup, ýuwaşlyk bilen aýlanyp ugradylar. «Göktaňrynyň diline düşünip, onuň edenine boýun sunup ýaşana betbagtlyk hem kynçylyk ýokdur. Kim betbagtçylyga hem şowsuzlyga uçraýan bolsa, şol kişi Göktaňryň diline düşünýäň däldir, diň salýan däldir. Adamyň adamlygy lebzindedir. Adamyň eti haramdyr, lebzi halaldyr. Göktaňry ähli zatdan beter lebzinde durup bilmeýäni ýigrenýändir. Durmuşda işiň şow almaýan bolsa, onda oýlangyn, nirededir bir ýerde kimdir birine eden lebziňde duran dälsiň. Lebzinde durýan kişiniň işiniň şow almazlygy asla mümkin däldir, hökman şow almalydyr. Lebzinde durýan kişini Göktaňry ezizläp, hökman işini şow edýändir, edýän işine bereket goşýandyr. Beren wadaňda durup bilmedikden ajal müň paý ybalydyr. Ogullarym, men siziň birek-biregi goldap, dogan bolup ýaşamagyňyzy, agyr günde birek-biregiňize hemaýat bermegiňizi wesýet edýärin...». «Lebiz — dogandyr, dogan — lebizdir!». «Lebiz — dogandyr, dogan — lebizdir!». ON DÖRDÜNJI BOÝ TYLLA MÖJEGIŇ ISLEGI Ýomut köp wagt bäri nähoşdy. Ol nähoş-da bolsa, güzere barypdy. Hezreti Güne salam berişlikden, tagzym edişlikden soň, ýomut hananlylara ýüzlendi: — Hezreti Gün, Göktaňry maňa jan berdi. Ýaşamak mertebesini berdi. Özüme peşgeş berlen ömri halal ýaşamaga çalyşdym. Arman, Bumyn hanyň wepat eden ýyly men lebzime (lebiz — ömür!) hyýanat-ikilik etdim. Sibir begiň gözýaşyna dözmezçilik etdim. Ol gözýaşyň aşagyndaky bet pygly görsem hem görmezlik etdim. Bu geçelge Hanan begiň geçelgesi. Onuň neberesiniň geçelgesi. Biziň ählimiz Hanan neberesiniň hyzmatkärleri. Hanan neberesine hyýanat etmek — iýen duzuňa hyýanat etmek. Peleň beg Sibir begi Hanandan kowjak bolanda, men onuň elinden tutdum. Peleň meniň pendimi tutdy. Şeýdip, men Hanan neberesiniň öz ojagyndan gitmegine, elkinlikde köp-köp külpetlere uçramagyna sebäp boldum. Peleňiň gürüm-jürüm bolan gününden bärki günlerimi men öz ynsabymyň oduna jyzar bolup geçirdim. Peleňiň dolanmagyny, öz geçelgesine eýe durmagyny dileg etdim. Dilegim Göktaňra gowuşdy, Peleňi geçelgä getirdi. Daragt ýapragy bilen, adam mertebesi bilen gözel. Hanan neberesi geçelgämiziň, göktürkmeniň ýüzi. Zulmatyň geçdigi bolsun. Men şu güne garaşdym. Men Peleňe garaşdym. Maksadym wysal tapdy. Men Peleňi göremok. Ýöne onuň şu ýakyndadygyny maňa ak jynlarym habar berýärler. Siz Peleňi goldaň! Peleňe sygynyň! Ol ynanjaň adam. Ynanjaňlygyň pidasy bolan adam. Iltikatly, mürewwetli adam. Ol öz gowulygynyň, iltikatlylygynyň, mürewwetliliginiň pidasy boldy. Peleňiň babasy-da öz gowulygynyň pidasy boldy. Ýöne Göktaňry mydama gowy adamlaryň howandary. Eziz adamlar! Siz meniň iň soňky, hawa, iň soňky pendimi diňläň! Goý, her biriňiziň öýüňizde birek-birege gulak asmak birek-birege gulak asmazlykdan, agzybirlik agzalalykdan, jomartlyk gysgançlykdan, ynanç-ygtykat ynançsyzlykdan, hak söz ýalan sözden, adalat biadyllykdan üstün gelsin. Hanan geçelgesi, hananlylar Göktaňrynyň ýalkawynda aman ýaşasynlar. Men häzir nirwanata1 gidýärin. Size her gün uzaklardan sereder duraryn. Golumdan gelse, sizden imdadymy2 gaýgyrmaryn. Indi men siz bilen hoşlaşýaryn, eziz adamlar. Peleňe görünmäge ýüzüm ýok. Men özümi Abana, Enehudaýa tabşyrýaryn. Hazzar ýöreýän, garrap halys egbarlan Şajar ýomut keremara ýöräp derýa bakan ugrady. Derýa derrew ýomudy gujagyna aldy. Ýomut suwuň ýüzünde soň ýeke gezegem görünmedi. Şajar ýomudyň sözlerinden soň Gaýanyň ilki göz öňüne gelen ýer — Ýekepetde boldy. Ýekepetde barada oňa enesi birmahal juda köp gürrüň beripdi. Hanana gelensoň, Gaýanyň ilki baryp gören ýeri hem Ýekepetdedi. Ýöne ol ýerde Gaýanyň hoşuna gelen zat bolmandy. Näme hoşuňa gelsin?! Giden çöl. Giden depeler. Adaty bir ýaýbaň depäniň üstünde ýekeje toraňňy ösüp otyr. Depäniň üstüni gyrymsy otlar örtüpdir. Gözüň eglenjek ýekeje zadam ýok. Hana, bir pyşbaga öz maýdaly bilen günorta tarapa barýar. Gyrymsy otlar onuň ýöremegine garalla. Beýle görnüş uç-gyraksyz Oguz çölüniň ähli ýerinde bar ahyryn. Enesi bolsa ol ýeri dünýädäki iň gözel, iň ajaýyp ýer hökmünde wasp ederdi. Ýekepetde — Gaýanyň dogany Töreamanyň wepat eden ýeri. Ýekepetde — Peleňiň dogany Kubanyň wepat eden ýeri. Ýekepetde — Peleň bilen Aýşöhläniň ysnyşan ýeri. Bu zatlar ýadyna düşende Gaýa howpurgady. Gaýa tapugçy Ýanartigin hemem ýigrimi sany çawuşy bilen Ýekepetdä sary ugrady. Gaýa atyň üstünde barşyna Peleňiň Ýekepetdeden geçelgä çenli enesi Aýşöhläni göterip gelşini göz öňüne getirmäge çalyşdy. Ol ynanmak isledi, ýöne kalbynyň töründen haýsydyr bir duýgy: «Mümkin däl-ä!» diýip gaýtalady. Gaýanyň welin, bu pikire şeýle bir ynanasy geldi. Hernäçe yhlas etse-de, Gaýa Peleňiň bir mahal at gaýtarym aralygy enesini göterip geçendigi baradaky gürrüňe, teý, ynanyp bilmedi. — Begim, Ýekepetdede adam bar — diýip, Ýanartigin üzeňňä galyp ýiti-ýiti seretdi. Gaýa Ýekepetdede gaýmalaklaşýan adamlary saýgarmaga çalyşdy: — O ýerdäkiler geçelgäniň oýnap ýören çaga-çugalary ýaly-la? — Aýal-da bar... Ýekepetdäniň ýanynda bir maşgala ot ýakyp, nahar bişirip, naharlanyp otyrdy. Olar özlerine bakan gelýän argamaklylary görüp, ýerlerinden galdylar. Gorduryp barýan argamaklar birden ürküp, çarpaýa galdy. Öňe — Ýekepetdede duranlara mukyt seredip barýan Gaýa tas argamakdan ýykylypdy, hazzar ýykylman saklandy, onuň yzyndan gelýän tapugçysy hem çawuşlary alabasga düşdüler. Argamaklaryny saklamaga, köşeşdirmäge çalyşdylar. Argamaklar ürker ýaly töwerekde hiç zat ýok ýalydy. Gaýa töwerekde del zada gözi düşmänsoň, atyny debsiläp ýöretjek boldy, ýöne atlar ýeke ädimem öňe ýöremeýärdiler. Atlaryň ürkmesiniň sebäbi belli boldy: Gaýa dagynyň ýigrimi-ýigrimi bäş zyrag çemesi öňünden tylla möjek zompa çykdy. Şo-ol tylla böri! Gaýa bu tylla böri hakda köp eşidipdi. Bu tylla möjek Sibir begi parçalan böri bolmaly. Özem ol ýeke däl, ýanynda üç sany güjügi-de bar. Tylla reňkli börini gören Ýanartigin ýylgyrjaklady: — Gaýa beg, görýärsiňizmi, öňümizden tylla reňkli möjek çykdy. Serediň, serediň! Bu gowulygyň alamaty! Bu bizi Göktaňrynyň ýalkajakdygynyň alamaty. Ynha görersiňiz, Gaýa beg, täleýiňiz şow tapar. Baýlygyňyz köp bolar. Özem olar dowamly bolar. Möjegiň güjüjiklerini görüň ahyryn! Bular bize rowaçlygy buşlaýar. — Tylla möjek! Tylla möjek!.. — diýip, Ýekepetdede duran oglanlar gygyryşdylar. Gaýa bege, onuň ýanyndakylara bir paýyz mukyt sereden tylla böri birden peýda bolşy ýaly, birdenem güjükleri bilen gürüm-jürüm boldy. Oglanlaryň özara gürrüňi eşidildi. — Eý, gapdaljygymyzda möjek bar eken. — Ol tylla möjek! Ol bizi goraýar. Kubany öldürendigi üçin Sibir begi parçalan tylla möjek-dä şol!.. — Börini görmek gowulygyň alamaty. Biziň işimiz oňuna bolar. Babam hoş habar bilen geler, ynha görersiň. Böri bize rowaçlyk berer. Atlylar baryp, duranlaryň daşyna aýlandylar. Gaýa duranlarda özüne nähilidir bir düşündirip bolmaýan ýakynlyk duýdy. Özünde dörän bu duýgynyň sebäbine düşünmän, duranlary içgin synlamaga başlady. Garaýagyz, uzyn boýly, hortap zenan çagalaryň enesi bolmaly. On bäş-on alty ýaşlaryndaky jahyl bilen sekiz-on ýaşlaryndaky akýagyz oglanjyk bir almany iki bölen ýaly meňzeşdi. Gaýanyň göwnüne bolmasa, ol bu oglanlary öňem telim ýola gören ýalydy. Ýöne hernäçe ýadyna salmaga çalyşsa-da, olary öň nirede görendigini hakydasyna getirip bilmedi. Gaýany haýrana goýan gudrat diňe iki oglan däldi, ýok, ol gudrat enesiniň gapdalynda duran on ýedi-on sekiz ýaşlaryndaky hüýr melek gyzdy. Gaýa ömründe entek beýle owadan gyzy görmändi. Bu gyzda görkündenem rüstem gelýän mähirlilik bardy. Onuň mähirden doly ala gözlerine dikanlap seretmek mümkin däldi. Ol gözler pagyş-para eredip barýardy. Gaýa enesiniň, babasynyň, deňi-duşlarynyň görkezen gyzlarynyň hiç birisine şeýle maýyl bolmandy. Gaýanyň ýüregi gürsüldisini demsaýyn artdyryp, agzyndyn çykaýjak-çykaýjak bolýardy. Endam-janynda galpyldy tolkun atýardy, tolkun yzyna tolkun ysgyn-deramatyny düýnäp alyp barýardy. Gaýa atdan sypyrylyp düşdi-de, gyza bakan ýöräp ugrady. Gaýa erkini ýitirene meňzeýärdi. Ol gyzdan gözüni aýyrman, özge hiç bir zada üns bermän ýöräp barýardy. — Duruň! Saklanyň! Bu buýruk kimden, nireden çykdy?! Tapugçy üzeňňä galyp, töweregine garanjaklady. Gaýanyň gyza bakan ylgasy we oňa eýe çykasy, öz ygtyýaryna geçiresi: «Şu gyz meniňki! Şu gyz meniňki!» diýip gygyrasy geldi. Gaýanyň bolşy birden gijä galaýjak ýalydy. Eger gaty ýöremese, başga biri bu gyza eýe çykaýjak ýalydy. On bäş-on alty ýaşlaryndaky oglan uýasynyň öňüne geçip goraglady. Oglanyň hüjüme häzirlenişini duýan Gaýa howlukmaç gürledi: — Siz bizden gorkmaň! Siz bizden gorkmaň! Biziň size ýamanlygymyz ýok. Biz ýitigimizi gözläp geldik. — Biz hiç wagt hiç zatdan gorkamyzok. Biz näme üçin gorkaly? Onsoňam, biz köplük, siz azlyk! — Ýigit sözüni soňlap, batly sygyrdy. Ýigidiň sykylygyndan soň çar ýandan depe saçyňy syh-syh edýän gykylyklar çykyp ugrady: Gaýanyň çawuşlarynyň sagyndan hem solundan atly gulamlar peýda boldy. Olar ellerindäki ýataganlaryny lowurdadyp, Gaýanyň çawuşlarynyň üstüne süründiler. — Öldürmäň! Öldürmäň entek! — diýip, ýetginjek gaýta-gaýta gygyrdy. Gaýanyň haýýaty göçdi. Oňa özüni ele almak kyn düşdi. Iki ýüz atly onuň gözüne iki müň atly bolup göründi. — Eý-ho, bu atlylar nireden çykdy?! — diýip, Gaýa sandyrady. Duýdansyz peýda bolan gulamlar sähel salymyň içinde Gaýa dagynyň daşyna aýlandylar. Ýetginjek gygyryp buýruk berdi: — Hiç haýsyny öldürmäň! Hiç kimi öldürmeli däl! Ýetginjek ellerini hereketlendirip, atlylara hiç zat etmezligi, saklanmagy gaýta-gaýta buýurdy. Gulamlar ýetginjegiň buýrugyna göwünsiz boýun sundular. Olaryň boluşlaryndan darkaşa suwsandyklary duýulýardy. Ellerindäki ýaraglaryny galgadyşyp, ahmyrly gykylyklaşýardylar. Ýetginjek Gaýanyň sözlerini kinaýatly gaýtalady. — Siz bizden gorkmaň! Siz bizden gorkmaň! Biziň size ýamanlygymyz ýok. — Aýşöhle bol-a! — diýip, atlylaryň özlerini öldürmejegine begenip, biraz rahatlanan tapugçy Ýanartigin gorky-ürküsiz duran owadan gyzy synlap durşuna dillendi. Gaýa gazap bilen atla seretdi, şemşerini synyndan sogurdy, ýöne gyzyň jogaby ony saklady: — Aýşöhle-dä men!.. Gaýa gyzy täzeden synlady: — Sendenem Aýşöhle bolarmy! Bu söz owadan gyza biçak ýokuş degdi. Ol birden ejizledi. Gyzyň gözýaş döküşini görüp, Gaýa telek söz diýenine düşündi. — Babam-a mydama maňa «Aýşöhläm!» diýýär. — Bizem Aýşöhle diýýäris — diýip, sekiz-on ýaşlaryndaky oglanjyk janykdy. — Aýşöhle, sen o samsygyň sözüni pitiwa alma! — Men samsykmy? — diýip, Gaýa ýetginjegiň sözüne öýkeledi. — Samsykda şah bolanok. Gaýa ýetginjek bilen dawalaşmak islemedi, ol gyzy köşeşdirmäge çalyşdy. — Dogry, dogry! Aýşöhlä meňzeýär. Aýşöhle diýseň, Aýşöhle — Gaýa birden ekezlendi: — Aýşöhlä meňzeseňem-meňzemeseňem sen meniň hatynym bolarsyň. Gürrüň gutardy. Nätanşyň bu sözlerine namys eden ýigdekçe gahar bilen Gaýa garşy ýöräp ugrady. Jigisi-de ondan galmady. Olar ýakynlaşdygysaýyn, näme üçindir, duranlaryň geňirgenmeleri artdy, biri-birine soragly bakdylar. Gaharly gelýän ýigdekçeler-de birden äm-säm bolup, aýagy duşalana döndüler. Gaýa çiňerilip-çiňerilip seretdiler: — Wiý, büý-ä, babam! Hakyt babam! Baba, sen haçan sakgal-murtuňy aýyrdyň-aý?! — Babam däl ol! — diýip, ýetginjek inisiniň böwrüne, hürsekledi. — Babam-how bu! Gaýa saňňyldaýardy. Içki tolgunmasyny duýdurmazlyk üçin zol-zol ýuwdunýardy. Iki tarap hem diýere söz tapmaýan, geň galmadan ýaňa aýňalyp bilmeýän ýalydy. Herhal, Gaýa enä ýüzlendi: — Siziň adyňyz Dolanaýmy! Siz Gaýmart begiň gyzymy? — Siz meniň adymy nireden bilýärsiňiz?! — Men sizi gaty gowy tanaýaryn... — Ýaş ýigit, siziň öz adyňyz näme? On bäş-on alty ýaşlaryndaky ýortmança ýylgyrjaklady: — Enemiň adyn-a bildiň, meniň adymam bil-dä! — Seniň adyň Kössek bolaýmasyn?! — Dogry. Sen bilgiç bolaýma?! — Ýo-ýo, babam-a bu. Babamyň hakyt öz-ä bu. Sakgal-murtuny aldyryp, eşigini başga geýip gelipdir. Özüni bize tanatmajak bolýar. — Eý, babam-eý, babam-eý bü, garaşdyryp-garaşdyryp ahyr geldi, men aýtdym-a ýaňy «Babam şu» diýip. Babam eken-ä! — diýip, sekiz-on ýaşlaryndaky oglan galkyjaklady. — Babammy? — diýip, Aýşöhle gözlerine ynanmajak boldy. Tapugçy Ýanartigin Gaýa ýüzlendi: — Beg, sen bulary tanaýarsyňyzmy?! Tapugçynyň sözüne duranlar ör-gökden geldiler: — O nähili Peleň beg bizi tanamasyn? Biz Peleň begiň ogullary-da — diýip, Kössek galkyjaklady. — Hanan begligi — Peleň begiň begligidir— diýip, ene tolguna-tolguna gürledi. — Gerek bolsa darkaş gurarys diýip iki ýüz gulam bilen geldik. — Hoş geldiňiz — diýip, Gaýa ýylgyrjaklady. — Baba, meniň Hanan obamyzy göresim gelýär. — Baba, Aýşöhle bilen duşuşan ýerleriňem görkezsene! Gaýa nämäniň-nämedigine düşünen bolarly: atynyň ganjygasyndan suwly golçasyny aldy, soňam garşysynda duran peri-peýker gözelden gözüni aýyrman, köp manyly gürledi: — Siz häzir meniň Aýşöhle bilen ilkinji gezek duşuşan ýerimde dursuňyz-a!.. SÖZSOŇY Bu dünýäde göwre däl, göwünler ýaşaýar. Göwre göwnüň guly, göwre göwnüň göwnüne ýetmek üçin, näme buýrulsa dannawsyz ýerine ýetirýär. Göwnüň bolsa adamzat döräli bäri göwnüne ýetip bolanok. Diýmek, ýaşaýyşdan doýup bolanok. Kim aýdypdyr, adam tebigatyň, dünýäň patyşasy diýip?! Ýok, ýok, bu dünýä ýaşaýşy göwünleriňki. Göwünler maksadyny adamyň depesine münüp amal edýärler. Romanyb soñy. 1996 — 2007 ý. ■ KITABA GIRMEDIK PIKIRLER WE DÜŞÜNDIRIŞLER ■ Birinji bölüm. GYLYÇ ● Birinji boý. Hanan geçelgesi 1. Aban — «Awesta» kitabynda suwuň hudaýy, suwy goraýan perişde hökmünde görkezilýär. 2. Hun derýasy — Jeýhun derýasy, Amyderýa. Bu derýa gadymy döwürde Öküz derýasy, Gün derýasy, Hun derýasy diýlip atlandyrylypdyr. Hunlar — ezeli eždatlarymyzyň adydyr, hunlar, gunlar — Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň neberesidir. 3. Gün Taňrysy dagy — Pamir dagy: Pa-i — mihr-miträniň dagy. Mitre — Hudaýyň ady. Mähir sözi-de Mitreden dörändir. 4. Gün han bilen duşuşyga çykdy — Gün eždatlarymyzyň ilkinji hudaýlarynyň biridir. Ody eždatlarymyz zemindäki Günüň görnüşi hasaplaýardylar. Şonuň üçin her gije ot ýakyp onuň daşynda aýdym aýdyp, rakys oýnaýardylar. Ýöne türkmen halkynyň sekiz asyrlap döwletsiz ýaşamasy olaryň tebigatyny düýpli üýtgetdi. Aýdym aýdyp, tans etmäge olarda wagt-da, mümkinçilik-de bolmady. Aýdym aýdyp, tans etmek ruhubelentlik, asudalyk, dokuzy düzüwlik bilen baglanyşykly. Dokuzyň düzüw bolman, güzeran baş aladaň bolup durka, ýagynyň haýsy tarapdan injegi näbellikä, günüň gününe duşmanlar bilen, alamanlar bilen darkaş gurulýarka aýdym-saz ýadyňa düşmeýärdi. Öňki 72 görnüşli saz gurallarynyň, dürli görnüşli rakys, halaý tanslarynyň ornuny gamgyn ýürekleriň agysyna kybap ýasalan dutar bilen gyjak eýeläpdi. 5. Halaý — gadymy türkmen tansy, häzir bu tans anadolyly türkmenlerde ýörgünli. 6. Beg — bilmek sözünden. Beg — bilýän adam, edýän işini bilýän, ökde, ussat, beýlekilerden köp bilýän adam. Ýolbaşçy. 7. Senjap — towşana meňzeş jandar, derisi köp dertlere derman hasaplanýar, şeýle hem onuň derisinden eşik geýlipdir. 8. Keteni (ketany) — Hytaýda, Merkezi Aziýada, aýratyn-da Oguz derýasynyň kenarynda ösýän dürli öwüşginli ösümlik. Bu ösümlik guradylyp, ondan süýüm alnypdyr, süýümlerden hem lälezarlygy ýatladyp duran ýiti gyzyl, sary, ýaşyl reňkli, buzgunç ysly matalar dokalypdyr. Bu ösümligiň dänelerinden atyr, ýag alypdyrlar we ol ýaglary nakgaşlykda peýdalanypdyrlar. Umuman, keteni ösümliginiň buzgunç ysy adamyň aýgyrlygyny artdyrypdyr. Şeýle bolansoň, Ýüpek ýolunyň esasy ýüki keteni parçalary bolupdyr. Keteni — dünýäde ilkinji dokalan kämil matadyr. Bu mata Oguz han Türkmeniň agtyklarynyň gowy gören matasydyr. Keteni — Göktaňrynyň ýalkymyny alamatlandyrýar. 9. Nowruz baýramy — türkmenleriň, käbir musulman halklaryň iň uly täze ýyl baýramçylygydyr. Nowruz — täze gün diýmekdir. Bu baýramçylyk öz gözbaşyny otparazlyk döwründen alyp gaýdýar. Soňra ony gadymy hökümdar Jemşit şa hem belläpdir. Gadymy düşünje boýunça nowruz gününi — pelegiň dörän güni hasap edilýär. Başga bir maglumata görä bolsa, nowruz Jemşit şanyň şa bolan güni hasaplanýar. Bu baýramçylyk hem edil mihrjan baýramçylygy ýaly alty gün baýram edilýär. Baýramyň altynjy gününe nowruz diýilýär. Jemşit diýmek, jem — aý, şit ýagty, yşyk diýmekdir. Pederlerimiz, şeýle hem parslar gijelerine ot ýakyp, gündiz oduň üstüne suw sepip söndüripdirler. 10. Mährjan baýramy — pederlerimiziň yslamdan ozalky otparazlyk döwründäki baýramlarynyň biri. Surýany aýlaryndan teşrin-owwal (sentýabr) aýynyň 26-syna, hijri-şemsi aýlarynyň hem mihr aýynyň 16-syna bellenilýär. Bu güýz paslynyň ortalary bolup, alty gün dowam edýär. Bu baýramçylyk hasyl baýramy hasaplanylýar. Alty güne çekýän bu baýramçylygyň soňky gününe mihrjan diýýärler. Mihr — nur, Gün diýmekdir. 11. «Ýagmyr ýagdyr, soltanym» resimi — bu däp ata-babalarymyzyň yslamdan owalky resimleriniň biri. Ekinler suwsuzlykdan kösenende adamlar şu resimi ýerine ýetiripdirler. Ata-babalarymyzyň bu däbi esasynda Magtymguly goşgy döredipdir. 12. Nowşirwan Adyl — Sasan hanedanlygynyň ýigrimi birinji patyşasy. Onuň ady Hysrow, Anuşirwan ýa-da Nowşirwan tahallusydyr. Araplar oňa Kesra (hökümdar) diýýärler. Babasy Kubat ölenden soň, 531-nji ýylda Nowşirwan patyşa bolýar. Ol däp boýunça adalatlylygyň simwoly hökmünde atlandyrylýar. Hysrow Adyl adyny almak üçin, il arasynda ýörite wagyz alyp bardyrýar. Gündogar hronologlarynyň öz adyny «Adyl» epiteti bilen tutmaklaryny gazanýar. Ol öz babasynyň döwründe dörän mezdekileri gyrýar. Baýlardan, feodallardan alnan mallary Adyl diýen ady almak üçin ýörite yzyna gaýtaryp berýär. Paýtagty Tisfun şäheri bolýar. 540-njy ýylda rimlileri ýeňýär. Ýemeni basyp alýar. Alymlara hormat goýýar. Gundyşapur (Žundişapur) şäherinde lukmançylyk mekdebini açýar, ol soň uniwersitete öwrülýär. «Kalyla we Dimna» kitaby şonuň döwründe pehlewi diline terjime edilýär. Muhammet pygamber şonuň döwründe dünýä inýär. Ol 579-njy ýylda Tisfunda aradan çykypdyr. 13. Gözel gyz ülkesi — Ýewropa. Rowaýata görä, Ýewropa owadan gyzyň ady. 14. Kirwe (agaç, farsah) — 7 kilometr. ● Ikinji boý. Dünýäni göwün dolandyrýar 1. Akja — altyn hem kümüş pul birligi. 2. Enehudaý — Humaý — suwuň, hasylyň Hudaýy. Ýunanlar Enehudaýy Anahita diýip nädogry ýazypdyrlar. 3. Teňňe — gadymy türkmen sözi. Teňňe — Taň sözünden bolup, ol Taňyňkydygyny — Taňrynyňkydygyny aňladýar. 4. Salçylar — sal akdyrylýan wagty olaryň üstünde bolýan adamlar. 5. Saldawçylar — saly akymyň garşysyna çekýän adamlar. Saldawyň — ýogyn urganyň bir ujy sala birikdirilip, beýleki halkaly ujy saldawçynyň gerdenine geýdirilipdir. 6. Ýagşy niýet, ýagşy söz, ýagşy iş — Awestanyň esasy emri. 7. Razdaş — syrdaş. 8. Ýomut — ýom, akyl-ündew aýdyjy, ýomçy. 9. Mobed — ruhany. ● Üçünji boý. Iki ýüzli hanjaryň bir ýüzli çözgüdi 1. Tapugçy — hyzmatçy. 2. Begzada — aristokratiýa. 3. Şeşper — alty gyraňly gurzi, tokmak. 4. Mugan han — Bumyn hanyň ogly. 5. Istemi han — Turanda göktürkmen şasy. Ol 556-njy ýylda Hysraw Anuşirwana gyzyny berýär, garyndaş bolýar. Şundan peýdalanyp Istemi öz hanlygynyň çägini Mawerennahryň Nahşaý şäherine çenli gineldýär. 6. Menzil — 38-42 kilometr uzaklyk, kerweniň bir günüň dowamynda geçýän ýoly. 7. Jyza (gönder, kargy, sungi) — naýza. 8. Şemşer — ýarag ady, hanjar. 9. Ilhan — imperator, şa, patyşa. ● Dördünji boý. Akylyňa gelmeýen başyňa geler 1. Baba — kaka. 2. Hunlaryň ýurtlarynyň çäkleri Orhan-Selenga derýalary we bu iki derýanyň günbataryndaky Ötünen sebiti bolupdyr. 3. Akşuňkar geçirimliligi — sasan patyşasy Ýezdigerd aradan çykansoň, onuň ogullary Ormuzd bilen Pöwriziň arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar. Şonda Pöwriz abdal şasy Akşuňkaryň ýanyna gaçyp barýar, ondan kömek soraýar. Akşuňkaryň kömegi bilen ol 475-nji ýylda tagta geçýär. Ýöne tagta geçensoň Pöwriz Akşuňkaryň şalygyny küýseýär. Özüne ýagşylyk edeniň üstüne ýöriş edýär. Ýeňilýär. Akşunkar Pöwriziň günäsini geçýär. Pöwriz ikinji, üçünji gezegem ýöriş edip ýeňilýär. Akşunkar her gezek onuň günäsini geçýär. Pöwriz bilen ylalaşyk şertnamasyny baglaşýar. Pöwriz Akşunkary özünden ökdeligi, geçirimliligi üçin näletleýär. Akşuňkar, barybir, onuň günäsini geçýär. 557-nji ýylda Ak hun (abdal ýa-da eftalit) şalygyny göktürkmenler şalygy bilen Sasan şalygy birleşip ýeňýär. 4. Akgyz — keniz. Diňe bir şalaryň aýallary, gyzlary däl, baýlygy ýere-göge sygmaýan barjamly kişiler hem basdaşlyk hökmünde akgyz saklaýardylar «Akgyz ýoldaşyň bolsun!» diýen dileg häzirki döwre çenli saklanyp galypdyr. Kenizlige — akgyzlyga mydama reňkine seredip däl-de, owadanlygyna, mylaýymlygyna, näzikligine görä işe alypdyrlar. Akgyz — owadan, edep-ekramly gyz. 5. Burgun — derýanyň burulyp, aýlanyp akýan ýeri. ● Bäşinji boý. Sabyr dony 1. Çakyrym — 1,06 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi, werst. 2. Daýhan — miladydan öň asly dah han, ýagny dahlaryň hany manysynda ulanylan bu söz orta asyrlarda gurply mülkdar, ýer eýesi diýen manyda ulanylypdyr. Ýöne ol biziň günlerimize gelip ýetýänçä gara ýer bilen iş salyşýan zähmetkeş manysyna gelipdir. 3. O dünýäde hökümdar bolmak — eždatlarymyzyň yslamdan owalky otparazçylyk ynanjyna görä, bu dünýäde öldüren adamyň o dünýäde seniň hyzmatyňda-gullugyňda durjakmyş. Şonuň üçin adamlar uruşlara gatnaşyp, bir okda iki towşan urupdyrlar: hem-ä o dünýäleriniň rahatlygyny üpjün edipdirler, hem-de söweşlerde gazanç edipdirler. Olaryň uruşlarda söweşendigi üçin alan haklary maşgalasyny köp ýyllap bolçulykda eklemegine ýetipdir. ● Altynjy boý. Göz gözden utanar 1. Rudapa — daýaw, adam iýiji. ● Dokuzynjy boý. Iki oduň arasy 1. Taňla — ruh. ● Onunjy boý. Yşkyň güýji 1. Guş han —Bumyn han aradan çykansoň, iki ýyl (551-553 ý.) ilhanlyk eden uly dogany Gara handan soň, Bumyn hanyň kiçi ogly Guş han tagta çykýar. Guş han (hytaýça — Szuşu), Ýegen han (hytaýça — Sygin), Ýeňdi han (hytaýça — Ýandu), Mugan (hytaýça — Muýui) diýen atlar bilenem tanalýar. 2. Fyrat — türkmeniň milli gahrymany. Miladydan öňki II-I müňýyllyklarda Marguş şalygyny ahemeniler basyp alanda, ahemeni şasy Dariý I-e garşy gozgalaň turzan marguşly milli gahryman. ● On birinji boý. Görünmek isleseň, görünme! 1. At gaýtarym aralyk — üç kilometre barabar aralyk. ● On üçünji boý. Iki barmak dil 1. Oguz han — miladydan öňki 209-174-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen hökümdar Mete hany köp alymlar, taryhçylar Oguz han hasaplaýarlar. Mete han bilen baglanyşykly wakalaryň birnäçesi «Oguznamalardaky» wakalar bilen meňzeş. ● On dördünji boý. Her bir zadyň soňy bar 1. Ot — Günüň ýerdäki nusgasydyr. Odun — sözi ot sözündendir. Gün türkmeniň hudaýy, ot bolsa Günüň Ýerdäki görnüşidir. Şonuň üçin diňe bir ot däl, odun hem keramat saýylýar. 2. Ýozka — sagana, üsti basyrylgy pessejik, kiçi otagyň içine merhum ýerleşdirilýär. ● On bäşinji boý. Arslan agzyndan aw alynmaz 1. Mejus — otparaz dilegi. Awestadan bir parça. ■ Ikinji bölüm. ZENAN ● Birinji boý. Syçany gören pişikden adalata garaşma 1. Enderun — howludaky aýal maşgalalaryň ýaşaýan bölegi, haremhana. 2. Baýbike — baýry hatyn. 3. Allak — un satyjysy. ● Ikinji boý. Zenanlaryň güýji güýçsüzliginde 1. Çanan — häzirki Sian şäheri. ● Üçünji boý. Beden — ok, göwün — ýaý 1. Wirek — gawunyň bir görnüşi. 2. Hytaý diwary — Çin Jao döwleti hunlardan goranmak üçin beýik diwar gurmaga başlaýar. Müňlerçe kilometre uzaýan bu diwary gurmaga iki million töweregi adam gatnaşýar. Hytaý diwary miladydan öňki 214-nji ýylda Tisin döwleti döwründe gurlup tamamlanypdyr. ● Dokuzynjy boý. Perwananyň kysmaty 1. Idde möhleti — äri ölen aýalyň durmuşa çykman garaşmaly möhleti yslamda-da dört aý, on gün. ● On birinji boý. Bürgüt siňek awlamaýar 1. Tokal — körpe hatyn. ● On ýedinji boý. «Bir gözeliň göwnüni awlap bilmedikden erkek bolmaz!» 1. Alawçy — obada bir alawhana bar. Onda üç adam işleýär. Olar Garagum çölünden odun getirip, alawhananyň oduny gije-gündiz söndürenoklar. Ot gerekläp gelen kişilere bir tokga köz berip goýberýärler. Ol döwürde otluçöp bolmansoň, ody söndürip bilmändirler. Alawhanada işleýän kişilere obada alawçy diýlipdir. 2. Bumyn han Jujan hanlygynyň hany Anahuanyň gyzyna özi üçin sawçy ýollaýar, emma Anahuan gyzyny bermäge razy bolmaýar, Bumyn hana göwnüýetmezçilik edýär. Bumyn han Anahuanyň garşysyna göreşmek üçin, Hytaý köşgi bilen ýaranlyk baglaşýar we ony nika gatnaşygy bilen berkidýär. Ol 551-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň şazada gyzy Çan-Liýe öýlenýär, bu bolsa onuň abraýyny artdyrýar. ■ Üçünji bölüm. BEDEW ● Birinji boý. Baýa batyr bolmagyň geregi ýok 1. Göktaňry size nygmat eçilsin — bu otparazlyk döwrüniň salamlaşygy. 2. Wagtyň geçmegi bilen bu pähim «Çopan islese, serke sagyp süýt berer» diýlip üýtgedilipdir. 3. Şambala — hyýaly ajaýyp mehan. ● Üçünji boý. Jyzlan ömri 1. Sargaran — aýylganç sesli jeňňel gaplaňy. ● Dördünji boý. Pili mugyra getirýän güýçlümi ýa pili mugyra getirýäni mugyra getirýän güýçli?! 1. Uruban — ärini aşa gowy görýän hatyn. 2. Şadyýan — gadymy türkmen saz guraly. 3. Sypa — seki. 4. Itköýnek — täze dünýä inen çaga geýdirilýän ilkinji köýnek. ● Bäşinji boý. Süňk hossar 1. Jümjüme — kelle süňki. ● Altynjy boý. Söýgüde menzil ýok 1. Göktaňrylar ölümiň üç görňüşi bar hasaplaýarlar: ak ölüm, gara ölüm, gyzyl ölüm. Ak ölüm — öz ajalyňa; gara ölüm — boglup; gyzyl ölüm bolsa sütem örüp ölmekdir. ● Ýedinji boý. Dünýäniň ikinji ady 1. Gara öý — göktürkmenleriň ynanjyna görä, näletlenip öldürilen adamyň o dünýäde düşýän öýi, dowzah. ● Dokuzynjy boý. Ýaranyň nebsiň bolsa, Taňrynyň goldawam ejiz geler 1. Salajyn — çowgan oýnalanda tebügi (topy) urmak üçin ulanylýan uzyn taýak. ● On ikinji boý. Göwün begdir, göwre göwnüň guludyr 1. Boryýa (boýra) — ýekenden örülip dokalan düşek. ● On dördünji boý. Tylla möjegiň islegi 1. Nirwana — otparazlaryň o dünýäni atlandyryşy. 2. Imdad — kömek, goldaw, ýagşylyk. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |