17:46 Goňşy / hekaýa | |
GOŇŞY
Hekaýalar
...Ym-m-m, ym-m-m... Görgüli! Şo iňläp ýatyr, iňläp ýatyr. Dogrusy gatam däl. Üznüksiz. Şo-da ýüregiňi tüýdüp gelýär. Onsoňam eýlesi-beýlesi üç ädim, iki adamlyk palata – içiňden pyşyrdasaňam ýatymdaşyň eşidýä... Ýazgaranok. Megerem, bü penjiräň öňünde ýatan garry pahyr çydaýan däldir. Mümkin, hatda, ýarym bihuş halynda, eşidiler-eşidilmez pessaýam bolsa, tükeniksiz sozgun, jiger-bagryňy ezim-ezim ezýän iňňildi bilen iňläp ýatandygynam aňşyrýan däldir. Hasam, özüň-de şü iňläp ýatanyň sähel öňüni dolan hassa bolsaň... -Ym-m-m, ym-m-m... Häý, pahyr...Men nädeýin, nädeýin...Lukmanlar nätsin? Wurar ýaly derman-a wurup gitdiler. Inni ýene dözmän wursalaram, ahmal, sen-ä nä, dünýäň azabyndan aňsatjak dynar gidersiň agamjan! Onsoň o neresseler nä, saňa ýeňillik etjek bolup, bürtopbak çül-çagasyny seçip, türmä gitsinlermi? Şüňewir düşünäýmeli weli, senem, agamjan, şo tüketmän iňläp ýatyň, iňläp ýatyň...Ýatmaga-da goýaňak, ine-gana ölmäge-de...Ýa, nä, bü wagtlaýyn ýalançyny terk edip, Hak Eýäňe gowuşmaga beýle ejizleýäň weli, eden günäleň derdinden daglar eriýip, daşlar pytrajakmy?... Ol kellesinde şu pikirleri aýlap, gözüni jebis ýumup ýatan ýerinden, birdenkä, özem duýman, özüniň gaharlanyp, içindenem bolsa girrerilmäge başlanyny aňşyrdy. “Toba-toba! Özüni bilmän ýatan bennede ne ýazyk ba diýsene...Şü dogabitdi gurrumsak gyzmalyk gursun! Küfür gepledip, iki jahanyň arasynda, bäri dönjeginem aňry ätjeginem bilmän asyl-asyl bolup duran pahyrdanam dilgir etjek, şü gopdygaýmagyň gyňyrlygy!” diýip ol, öz jylawyndan özi çekdi. Emma, özüniňem haly öwerlikli bolmansoň, üstesine-de şü iňňildi zerarly nijeme günüň ukusyzlygy, oň öňem sary giden ýüregine dökülip, halys sabyr-kararyny alyp gelýärdi. “Äý boljakgä-laý! “Adamçylyk edeýin. Birdenkä beýdenimi eşidip, şü sogrulyp bilmän, kösenip ýatan bennäň hossarlary ýigrenäýmesin” diýen pikir bilen şunça çydadym. Inni halys bolanok. Üçülenji gije ýatammog-a-how! Nesip edip ertire çykdygym, o “ogul” diýilýän pöwhä aýdaýyn: “Nädip kepleşseňem şeýdip kepleş-de, ýeke özümi bir palatga geçirt! Ýohha-da kakaň ölmese-de ölýä” diýeýin” diýip içinden pugta ýüregine düwdi. -Ym-m-m, ym-m-m... “Wa-a-h! Jana saňa, jan-a-a, jan-a-a benne! Men nädeýin, şumat?! Wah, sen pahyrda ugruňy idäp, iň bolmanna soňky demiňdewir başujuňy saklap oturjak, seni ahyrky pillede ýeke goýmaga dözmejek garabagyr dözmeziň ýokmudy ýa? Wa-a-h pahyrjyk...”. Ol ýatan ýerinden kellesini gyşardyp, iňňildi gelýän tarapa seretjek boldy. Bolmady. Mejaly ýok. Diňe gözüni gyşardyp, goňşusynyň öňünde ýatan penjiresini görmegi başardy. Žalýuzi syrylgy. Gündiz şepagat uýasyndan özi haýyş etdi. “Aç gyzym, şüny! Bümat ýagyrnysynda ýaýnap bilmesem-de, Ýalançyň bir çetjagazywyr göz aýtymymda hellewläp dursun...”. “Weh! Bor, daýy! Onnoňam: “gezemok, gezmen” diýmesenäň, daýy! Baý, intäk kempirje bolsa-da, yzyňdan nahar-şor getirýän, betje daýzam bilen agtyklaň toýunna-da bileje lezgiňka-da oýnarsyňyz-la! Hi-hi-hi...”. “Heh...ühhe...ühhe...Häk gyzym, aýdanyňa işsiz perişdeleň biri “omyn” etsin weli, inni bü lakaşa daýyň tansam tükenendir, kempiriň töwereginde kebelekleşme oýnam...ühhe, ühhe...”. “Beý diýme, daýy! Ine syrdym jalýuzy! Hudaýam umytlylary eý görüp, tamakine berýändir. Tumşugy kerpiç bilen dogan okaşan ýaly tüntawdan bolsa Olam bizarmyka diýýän, il-günem...”. “Bor gyzym...ühhe, ühhe...sag bol...”. Gündizki gepleşigi hyýalynda aýlap ýatyşyna ol goňşusynyň şo pille nämişläp ýatandygyny hakydasyna getirjek boldy. Şunça çytraşsa-da teý ýadyna düşmedi. Ýa bi görgüsiýaman bende şo müddetem şumatkysy ýaly iňläp ýatyrdymyka? Äý ýok. Oň ýaly bolsa-ha, şo ýaňky bulaň palatgasyna hyzmat edýänje, şelaýynja gyzjagaz goňşusy pahyr hakda-da bolmanda birki agyz gepläp galardy. Beh... Onda o şomat nirdedikä? Ýa, “prasydura” beýleki diýip, ony şomat äkidäýdilermikä?! -Ym-m-m, ym-m-m... Häk... Pahyr. Ýene-de pikir akymy bozuldy. Ol gözüniň gyýtagy bilen penjireden görünýän, garaňky asmanyň bölejigine bakdy. Şapbadyň ýarysy ýal-a syýareňk garaňkylyk. Ýekeje-de bildirer-bildirmez ýyldyzjyk. Bäh, bu jahanyň elýetmez, tükeniksiz gözeldigini-i-i... Synlap, söýüp, doýup tükeder ýaly däl ahyry... Onsoň, neneň edip, şunça nygmaty eçilen Allahyň, saňa ýaradyp beren dünýäsini terk etmeli müddetiň gelende, ine şü gapdalynda ýatan bendäňki ýaly, sogduryp, sogduryp iňlemejek?! He-e-e-ý, dünýe, dünýe... Owal-a enesiniň ýyljajyk, mähirden püre-pür goýnundan, bi sowuk, mährewsiz, nämälim, düşnüksiz howp-hatardan doly dünýä gelmejek bolup, çygna-çygna dogrulan ynsan, närazylykdan ýaňa çyrlaý-çyrlaý gökdaş bolup gidýär. Soňam ýaşaşdygyňsaýy süýjeýän başdaşyň deýin barha mähribanlaşyp barýan bu dünýäden hiç aýrylasy gelmän başlaýa... Ahyram, ine – şü gapdalky sekide ýatan pahyr deý iňleý-iňleý öteýtmeli... -Ym-m-m, ym-m-m... Wah-wah-eý, Hudaýyň bendesi! Gaýrat et. Tagapyl et. Şü ertire çyksam, nesip bolsa, şü näçe ýagdaýym egbar bolsa-da, özüme zor salyp bü garyndaş diýip ýören sumaklaňňy birki agyz mäkämje söz bilen itiň agzyna düşen sanaja döndererin! Bolmaz-a oglan, bi boluşlary! Türkmençilige, kada-kowahada sygýan zat dä ahyry, beýdip, demini sanap ýatan garryň ýalňyz özüni balnysda görene göz edip taşlap gitmek! Hany siziň ynsabyňyz! Hany adamkärçiligiňiz! Eýtmäň ahyry! “Ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýilýä, bü zatlaň hemmesi hemme kişiňem başynda bar zatlar-a-how! Ine özüňi şeýdip, eblasy çykan küçen deý eplik-ýaplyk zyňyp iberäýseler, heý, ýararmy?! -Ym-m-m, ym-m-m... “Ýogsa-da, “türkmençilik” diýlende...Şü bennäň hossarlarynyň şü bolşy bilen-ä şüňe ýeňilligem okadan däldirler... Wäpçe-de: “okadan dädirler” diýip, näme gümansyradan bolýar-a? Anyk bilýä, okadan zatlary ýok. Eger-de molla getiren bolsalar, bü görmän, kim görsün? Uzakly gün şü palatgadan çykman gözüni dikmaýtaryna dikip ýatyr. Ýanynda-da adam goýmajak bolubam, aýalynyň, çagalarynyň üstüne it bolup üýrýä: “Nä, siziň mennen waşga işiňiz ýo:my? Eger ýo: bolsa, onna menwir sag-aman bärden sypdyrylyp, öýe baraýyn, onnoň siziň baryňyza-da gaty bahym iş tapbererin. Size: “eplenip ýatyp iý” diýseň, şony oňarýaňyz! Biriňem galaýmaň dugtorda! Honha, Hudaýa şükür, şü ugurdan işläp, ýörite aýlyk alyp ýörenler ba. Şolaram sereder. Siz bolsa işli-işiňiz bilen boluň! Öňem bärde janyma jaý tapamok. Sizem başujumda, her onbäş muntdan bir gezek sümügiňizi şuguldadyp, şumjaryp, öňem yhgynsyz ýüregimi ezmiljedip oturmarsyňyz! Öteýdiň, baryň!”. Gitdiler. Nätsinler?! Sewäp diýseň, ölýänçä-hä, şü tünekde şüň diýeni – dikilen gazyk! Ölensoňam, honha, jylawy başyna hemmejiginiň. Kellä geýäýsinler barça zady. Özüm fusýo bolamsoň, maňa nä?! Dünýäni sil alsa taşjagyma-da degmiýä. Ondan soň-a şolaram, mydam iňirdäp ýören kakalarynyň igenjiniň gadryny bilerler... Ýöne, anyk bilýä... Şumat oň gözüne çöp atyp, palatgadan çykyp gitselerem, ýarys-a daşarda, çigrekde digdirekleşip ýörendir. Ondan galanam dälizde irikgädir... Äý siziňemmir... Nämä garaşýaňyz, nämäni saklaýandyrys öýdýäňiz?!... Nä, bärde kowçum-kowçum bolup, wurşup almaly zat barmy diýsene?! Ol adyny tutmaýynyň, Hezreti Aksaç tagsyrlyklary, assyrynlyk bilen göze görünmänjik geler-de, gulagyň agzynda: “Ýö, dos!” diýip, çala pyşyrdar. Bolany. Nogtalanan dek, dynnym ýalyjagam buýtar-suýtarsyz, yzyna düşer öteýdersiň...Toba, estagpurulla...”. -Ym-m-m, ym-m-m... “Haý, bende! Äý şüňe ýeňilligi özüm okaýyn-la! Elbetde başujuna geçip oturmaga-ha, halym ýok welin, onda-da ýatan ýerimden okasam-da, peýdasy deger-le! Nä, Huda üçin aralygyň, oturdy-turdyň ähmiýeti barmy?” diýen pikir bilen ol sojap dem aldy. Gözüni ýumdy-da, sessize ýakyn pyşyrdap, “Ýasyn” okap ugrady: - Bismillähyrrahmänyrrahiým. Ýä-Siýýýn. Wel-Kur'änil-Hekiými... Öz-ä pyşyrdap, tutuş durky-düýrmegi bilen mynajata öwrülip, onlarça ýyl mundan ozal ýat beklenen arapça aýady okaýar. Kalbam onuň dili bilen şeýlebir inçeden utgaşdyryp, “Eý Ynsan” süresiniň aýatlaryny öz ejesiniň-kakasynyň dilinde gaýtalaýar... “Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehimdar) Allanyň ady bilen Eý Ynsan! Hikmetli Kurana kasam bolsun!”. - Inneke Le-Minel-Murseliýne. Alä Syratyn Mustakyýmin... “Takyk, sen iberilen (pygamberlerdensiň). Sen dogry ýoldan barýarsyň...”. - Tenziýlel-Aziýzirrahiými. Li-Tünz'ire Kawmen Mää Ünz'ire Äbää-Ühüm Fehüm Gafiluwne... “Bu (Kuran) Gudraty güýçli we Rehim-şepagatly (Alla) tarapyndan ata-babalaryna duýduryş berilmedik, (şonuň üçin hem) gapyl galan kowuma duýdurmagyň üçin inderilendir...”... Birsellemden ol süräni okap boldy. Tolgunmakdan ýaňa gözüne ýaş aýlanyp gitdi. Birdenem... Ol oslagsyz dym-dyrslyga tisgindi. Ümsümlik. Iňňildem ýok, “hyýgyldyly” dem alma-da. Diňe ýatymlaýyn bejergi otagyndaky çaklaňja ýahdanyň assaja “şyglap” işleýäni eşidilýär. Onsoňam penjire tarapdan şäheriň uzak gijeläbem ýatmaýan köçeleriniň “wazzyldysy” gelýär. “Ýa, bende sogrulaýdymyka? Öz-ä gudratdyr bi gurbany boldugym “Ýasyn” süresi. Atam pahyr çagakam aýdardy: “bir hadys ba” diýip. Pygamberimiz bir sapar sahabalary bilen barýarka bir howluda tebärek çykylyp oturandygyny görýär-de, sowlup, şo howla üýşen jemagat bilen tä tebärek gutarýança garaşyp, soňam el galdyryp gaýdýar. Soňammyr sapar şonuň ýaly sahabalar bilen bilelikde “Ýasyn” okalyp oturan märekäň üstünden ýoly düşýär-de, sowulman geçip ötägidýär. Muňa düşünmedik sahabalaň biri pygamberimizden hikmetini soranda, iki jahan Serwerimiz şeýle diýipmiş: “Tebäregi diňläne sogap-penadyr. “Ýasyn” jümle-jahana sogap-penadyr”...Belki Allam, bü bennä-de “Ýasyn” pena bolup, ýeňillik bersin-dä...”... Ol şu pikirinde-de, iňňildisiz ümsümlige ynjaldymy ýa-da üç güne çeken bimaza ukusyzlykdan soň halys surnugyp, aňy öçdümi, garaz nähilidir birhili goýras, çalymtyk boşluga gaçdy... Uzak gije-de şol boşlugyň düýbüne ýetip bilmän, şo-o-l gaçdy bardy... Diňe ir bilen alkymynda eşidilýän agyly sesler, onuň şol tükeniksiz gaçyşynyň arasyny kesip, ony boşlukdan dartyp aldy. Ol goladan guýlana dönen gabaklaryny zoraýakdan göterip, gözüni gyşardanda, goňşusynyň alkymynda, edil ýöne tutuşlygyna hasrat lokgasyna öwrülip, iki eli bilenem ýüzüni ýapyp, ýarym-ýaş aglap, birje gysyma sygaýjak bolup oturan, gotdaja kempiri gördi. Oň gapdalynda bolsa göhert ýaly daýaw pyýada ýylmanak pola dyzyny beripdir-de, alnyny gymyldysyz ýatanyň eline diräp, doňňara-daş bolup otyr. Mähnet ýagyrnysynyň silkinip-silkinip gidişindenem içigip-içigip aglaýany mese-mälim... Zandyň gyzma bolmasyn – oň girre gahary geldi. “Düýn aglamaly ekeniňiz-dä! Ýalňyz özüni ýeňillik okara hossarsyz taşlap gidip, bü bennäň size eden ýamanlygy nämedi?!” diýen gazaplydan zäherli jümle, oň diliniň ujuna mündi-de, dahanyndan daşaryk pürkülmäge häzirlendi... Birdenem... Bujagaz birje owuç göwrelije kempirem, bü sessiz silkinip oturan mähnet pyýadaň ýagyrnysam oňa juda tanyş göründi... “Dur-la-how! Büler nä, oň özüniň heleýi bilen ulusy ýaly-la-how! Eý, eý, bi kellesini gurçuk iýen sähneleň ikisi o taýda nämişläp ýörler-ä-how? Aýtdym-a-how: “özüm bolmasam, wäpçe kelläňiz bişmedik kärtişgä döner” diýip...Eý, mahawlar, o iliň ölüsi bilen nä işiňiz ba, möňňürişen bolup...”. Ol aňynda aýlan şu sözlerini diýmekçi bolup, çemelenenem şoldy welin, nähilidir birhili, nämälim, ýöne edil çagalykdaky ejesiniň elleri deýin, galtaşan dessine süňňüňi ymgyr rahatlykdyr eşretden doldurýan güýç, ony emaý bilen ýatan ýerinden sogurdy-da, ýokarylygyna dartyp ugrady. Şo pille-de düşündi – Asyl, üç gün bäri gijelerine aldym-berdime düşüp, sogrulyp bilmän, ukusyz iňläp ýatan goňşusy däl-de, oň özi eken-ä... Öz-özüne “Ýasyn” okanam özi... Belki şoň üçindir, näçe dyrjaşsa-da boýnuny towlap, öz-özüni görüp bilmän ýatany... Otagda bolsa özünden özge syrkaw ýok... ...Ol birdenkä köşeşdi. Soragam galmady, gyňyrlygam. Ýöne nämüçindir, ýuwaşjadan ýokaryk göterilip barşyna, bärde galdyryp gitjekdigini indi magat bilýän şu iki ynsanyna, iň soňky gezegem bolsa, elini degrip galasy geldi. Şeýlebir ýeňläp, ýelege dönen elini uzatdy-da, ilk-ä henizem ýüzüni ýapyp eňräp oturan kempiriň başyny, solgun gyňajynyň üstünden sypady, soňam äpet pyýadaň arkasyny... | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||