20:09 Goñurja - pişikleriñ hossary | |
GOŇURJA - PIŞIKLERIŇ HOSSARY
Geň-taňsy wakalar
Aşgabatly köne tanşym, Jumadurdy Esenow tüýs köpçüligiň adamy. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan pähim-parasatlaryny gowy bilýär. Geçmişden gür berse-de, häzirki döwrümizden söz açsa-da, ony diňlemegiň lezzeti bir başga. Paýtagtymyzda bolanymda hemişe olaryňkyda myhmançylykda bolýaryn. Bir gezek Jumadurdy aganyň şäheriň çetindäki giň howlusynda, üzüm dalbarynyň astynda çaý içip otyrkak onuň goňur köpeginiň bir ala pişik bilen bir tabakdan ýallanyp durandygyny gördim. Şonda meniň geň galýandygymy duýan Jumadurdy aga ýylgyrdy-da, maňa “Wakanyň soňuna seret” diýen manyda yşarat etdi. Howlukmaçlyk bilen naharlanan goňur köpek daş-töweregine gaýta-gaýta garanjaklaýady. Onuň ynjylyksyzdygyny daşyndanam aňmak bolýardy. Soň mellegiň gaýra çetine tarap ugran köpek biraz wagtdan yzyna agzy pişikli dolanyp gaýtdy. Onuň hereketlerini synlap oturan ýerimdem “Janawaryň boýnuny çeýnäpdir-ow!” diýip oýlandym. Emma Goňurjanyň emaý bilen naharly tabagyň gyrasyna getirip goýan pişigi asla agyryp-ynjana meňzänokdy. Köpek onuň naharlanyşyna ünsli garap oturdy. Ol gowy naharlanansoň emaý bilen ýeňsesinden agyz urup, alyp gelen ýerine ugrady. - Ala pişigi ýaralapdyrlar — diýip, öý eýesi düşündirdi. - Awuny alyp bilmänsoň horlandy. Ýogsam syçançydy, janawar. Oňa indi şu köpek ideg edýär. Maňa bu täsin waka haýran galmakdan başga alaç galmady. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |