17:50 Goñurjanyñ çagalary / hekaýa | |
Goňurjanyň çagalary
Hekaýalar
Gaýrysyny-ha biljek däl welin, bars hem juda owadan ýaradylan jandar. Biziň «Haýwanat bagymyzdaky» ene barsy görensiňiz. Gara reňkli güläleklere çalymdaş birgeňsi menekler bilen örtülen keşbi ony diýseň gelşikli görkezýär. Ýarym ýyl gowrajyk geçendir. Iki sany çagasy boldy. Ýöne, näme üçindir, guzlanyndan iki-üç gündensoň, olary alman başlady. Emmek üçin ýanyna çyňsaşyp barsalar, turýar ötägidýär. Ýa-da tumşugy bilen itberip goýberýär. Mal lukmanymyz kesel ýokaşmasyn diýip, sanjym etdi. Ine, almaýşynyň sebäbi. Käbir jandarlar çagasyna adam ysy çyksa almazak bolýar. «Onsoň siz olary nätdiňiz?» diýýärsiňizmi? Işgärlerimiziň birisiniň gapysynda saklaýan ganjygy guzlapdyr ekeni. Şoňa eltip: «It barsyň çagasyny alarmyka?» diýşip, ýaýdana-ýaýdana, «Goňurja, enesi äpberen şu barsjagazlara hem eýeçilik etsene!» diýip, onuň dört sany tokarja güjükleriniň arasyna goşup goýberdik. Birbada gaharly hyňranyp, göwnemejek ýaly görünse-de, aç bolansoňlar, emme gözläp hars urýan naşyja çagajyklary eýlesinden-beýlesinden ysgaşdyryp görüp, eklemäge aldy. Biz ony Goňurja eltenimizde, gözleri açylyşyp, biraz ers-mers bolansoň alyp, elemzikden süýt berip, özümiz ulaldarys diýen pikirimiz bardy. Aradan on bäş gün geçensoň, işgärimizden: —Barslaryň ýagdaýy niçik? –diýip sorasam: —Gowy. Gözleri açyldy. Ulalýarlar –diýdi. —Goý, ýene-de biraz wagt Goňurjanyň eklemeginde bolubersinler –diýdim. Sebäbi «Haýwanat bagyna» getirip, kapasada saklanymyzdan, itiň garamagynda bolsalar oňat ulaljakdylar. Şeýdip, aradan ýene-de bir on bäş gün geçdi. Barslar barada gyzyklansam, işgärimiz: —Tüweleme, olar indi ullakanja. Goňurjanyň yzyndan galanoklar. Howlynyň haýsy künjüne barsa ýanynda. Eýleki güjüklerini satanymyzsoň, Goňurjanyň bar mydary şolar. Goňşy çagalaram gapymyzdan synlap, hezil edinýärler –diýip güldi. —Nädeli, alyp gaýdalymy ýa-da ýene-de biraz bolubersinlermi? –diýsem, —Bolubersinler –diýdi. Şeýdip, aradan iki aý töweregi wagt geçdi. Indi barslary diňe bir süýt bilen däl, birazajyk çig et bilen hem iýmitlendirip başlamagymyz gerekdi. Bu olaryň sagdyn bars bolup ýetişmekleri üçin zerurdy. Şonuň üçinem olary mundan beýläk «Haýwanat bagynda» saklamagy karar etdik. Işgärimize: —Ýanyňa kömekçi alyp, ulagly git-de, barslary getir –diýdim. Ulalyp, şeýle enaýyja bolan barslary getirdiler welin, görsem, işgärimiziň elleri saralgy. —Näme boldy? –diýsem, —Goňurja dişledi –diýdi. Baryp barslary almakçy bolsalar, Goňurja öweýlerini keteginiň törüne geçirip, özi öňlerinde durup, gaharly jabjynyp başlapdyr. Guzlanda, ýaňyja ers-mers bolan güjüjeklerini alyp satyp, halys degnasyna deglen ganjyk «Şu gezeg-ä bellisini edişerin» diýen borly. Ol özüni ketekden kowup, ogullyga alan barslaryny tutmakçy bolup baran eýesiniň ellerini gahar bilen dalapdyr. Her gezek çagalaryndan jyda düşürip durjak bolsa, eýesi bolanda näme. Goňurjany urup kowup, barslary zordan alypdyrlar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |