15:28 Gorky belasy -2/ romanyñ dowamy | |
■ Dördünji bölek
Romanlar
– Eje, kakam geldi. Selbi barlap oturan okuwçy depderinden ýüzüni galdyrman: – Gözläpdirler seni, tapdylarmy? – diýdi. „Gözläpdirler“ sözi Abdyllanyň tutuş süňňüni gowşatdy, baýyrdaky ahwalat göz öňüne geldi. – Toýa gitdik. – Eje, seň aýdyşyň nähil-ä?! – Gyzy dört barmagyny somlady. – Dört gezek teatrdan telefon etdiler: „Kakaň barmy?“ ýok diýsem: „Nirä gitdi?“ – „Işe gitdi“. „Işde ýok“ diýýäler. „Onda bilemok“ – „Ýok, tapmaly!“ diýýäler. „Men nireden tapaýyn, bilmesem näme!“ ýene: „Ýok, tapmaly!“ diýip gygyrýar, buýruk berýär: „Bizem gözleýäs, sizem gözläň!“. Kaka, senem entejek ýeriňi aýdyp gidäýerler-ä! Alta çenli garaşýas diýdiler, häzirem sagat on bolup barýar. Aýdym telewizora tarap öwrüldi, Tatu toparynyň konsert ýazgysyna seredýän ekeni. Seksual meýilleri ýetginjeklere ýokuşdyrmakda aýyplanýan iki gyzjagazyň hereketleri-de, sesleri-de häzir Abdyllanyň ünsüne ýetmedi. – Derman bersene kelläm ýarylyp barýar. – Mylly wraç bilen gürleşipdir, öňdäki hepdede barmaly diýdi. Dodagyňa näme boldy? – Uçuk gaýnady. – Dümewlän bolma sen? – Selbi aýasyny äriniň maňlaýyna goýdy. – Gyzgynyň-a ýok. – Adam gorkanda-da agzyna uçuk gaýnaýar. Aýdym hikirdäp gep atdy: – Aktrisalaryň biri bijaýrak ogşan bolaýmasyn? Wiý, bagyşlaň, sahnada ogşaşmak gadagan edildi diýdiň-ä, kaka, ýadymdan çykaýypdyr! – Öýde türkmençe gürle diýip, halys dilim syryldy, sen gyza. Şol masgaralara seretmekden ýadamadyňmy, bes edäý! – Selbi ýene-de adamsyna tarap öwrüldi: – Dodagyň uçuklar ýaly nämeden gorkduň? – Myllydan. Düýşüme giripdir. Dagyň depesinde dur, menem a-aşakda. Aşakda duranymy görýä, görübem, edil depämden daş togalap goýberýär, äpet ak daş! – Ol pakyr-a seň aladaňy edip, ylgap ýör… – Öňürti gören düýşümi şol ýewreý heleýe ýorduryp gel diýjek. Näm üçin meň depämden Mylly daş indermeli?! Öldürmek niýeti bilen edipmi, ýa başga bir maksat bilenmi? Bilesim gelýär, ýogsa, ynjalamok. Beýle düýşden soň men Myllydan terrora garaşmalymy? – Toýa gideniň çyn. – Ýeke owurdam içmedim. – Beň çekip gördüňmi, kaka? Selbi gyzynyň üstüne herreldi: – Lal bol! Ýap şol wejerany! Aýdym, siltenip, şakyrdadyp wideodan kassetany çykardy. – Aktýor hemme zady bilmeli ahyry! diýip hüňürdedi. Selbi ärine analgin dermany bilen bir käse suw uzatdy. – Başymy çaşyrmaň, baryň, ýatyň, men ”eşek ýüki” depder barlamaly. – Kaka, biziň mekdebimizi ýapýalar, rus mekdepleriniň bary ýapyljakmyş. Meni Rossiýanyň mekdebine geçiräýiň-dä. Olýaň ejesi: “ Seni hökman geçirerler, kakaň ilçihana baryp, haýyş etsin” diýdi. Men hasam gowy okaýyn, diňe bäşlik okaýyn. Bu mekdebimiz ýapylmasa-da, ýapylandan gowy däl-ä, kaka. Rossiýanyň mekdebi on bir ýyllyk, biz ýaly dokuz ýyly gutarana orta bilimli diýip bolmaz-a! Gutaryp, Moskwada okabam biljek däl-ä! – Gyzym, Rossiýanyň mekdebi ýekeje, çagasyny okatjak bolýan – set müň. – Sen at gazanan artist-ä, kaka, Moskwada okadyň, “Jan” spektaklyny Moskwada oýnadyň, Moskwada baýrak aldyň! Selbi: – Kakaňa baýrak beren Moskwa ýok indi – diýdi. – Bar! Ba-ar! – Aýdymyň sesini gataltman, göwresini düýrüp gerlişi Selbini gorkuzdy. – Ženýa-da öz göwnüne osup, bir zat aýdyp goýberýär – diýdi. – Bizden çözülýän zat barmy! – Hä diýmän, Ženýa daýzanam, Olýanam görmersiňiz, Rossiýa göçüp gidýäler. Olýa gitse, menem şol mekdebe gatnaman. Olýany görmän, men nädip ýaşaýyn! Gidesleri gelenok, kowýarlar, Ženýa daýza işsiz otyr, köçe süpürsinmi? – Кöçe süрürýänlerem аdam. – Sеň brоnhit kеseliňi Žеnýa dаýza bеjeripdi, оl ökdе wrаç-a, еje. Оny siziň öwgüli kitаbyňyz üçin kоwdular. – Аýdym dеpderleriň gаpdalynda ýatаn ulу kitаby gаrbap tutdу. Sеlbi hоwsala bilеn gуgyrdy: – Gоý! – Sоňam оl gygуrany bilеn оňman, gyzуnyň еline ýaрyşdy, ýаşyl jiltli, ýüzünе Ulу Ýаşulynyň surаty gоýlan kitаby gаňryp аldy. Aýdуm jibrindi: – Kitaby tutuşlygyna göçürip gel diýipdirler, Ženýa daýza pakyr bir hepde gijeler ýatman göçürdi, gözleri çişdi. Latyn elipbiýinde göçürip otyr, ýeke sözüne-de düşünemok diýýär. Şol kitap rus dilinde-de bar-a, ol hasap däl, türkmençe göçürmeli diýipdirler. Göçürip eltipdir, sorag beripdirler: “Oguz han näçe ýyl patyşa boldy?”. Kitapda 116 diýen san bar, Ženýa daýzada şony aýdypdyr, ýöne bu san real däl diýipdir, beýle uzak möhlet ertekileriň gahrymanlaryna berilýär diýipdir. “Sen türkmenleriň mukaddes kitabyny äsgermediň” diýip, işden kowupdyrlar. Ženýa daýza akylly aýal-a, düşünýär-ä! “Bizden dynmak üçin gurnalýan oýun” diýýär. – Ženýa diýse-de, sen diýmeli däl, gyzym. – Diýerin, ýalan, toslama zatlar! 116 ýyl patyşa bolan adam azyndan 140 ýyl ýaşamaly, şonça ýaşalmaýandygyny senem, kakamam bilýäňiz, ýöne ýalan zada ýalan diýmäge gorkýaňyz. Ženýa daýza diýipdir, diýeni üçin Ženýa daýzany hasam gowy görýän, size nebsim agyrýar. – Lal bol! Ejesi bilen ekjeşjegi çyny bolsa, Aýdym hem gygyrmalydy, emma ol haýran galaýmaly asudalyk bilen: – Dilimi baglasaňyz, öýden giderin – diýdi. – Çöle gidäýjek. Adyma Aýdym goýupsyňyz, “Jandaky” Aýdyma meňzesin diýensiňiz. Aýdym çölden gorkanok, menem gorkman, öwrenişerin giderin. Çopanlaryň öýünde ýaşaberjek, hyzmatlaryny etjek, çagalaryna rus dilini öwretjek. Nazar Çagataýewiň gaýdyp gelerine garaşaryn, ahyry bir gün geler, meni Moskwa alyp gider, Olýa bilen uniwersitetde okarys. Kakamyň Nazar Çagataýew däldigine gynanaryn, aglaryn... Aýdym haýran galdyryjy rahatlyk hem ynam bilen monologyny aýtdy, gözüne ýaş dolsa-da, sesi sandyramady. Öz otagyna gitdi, gapyny içinden ýapdy. Içerik äpet soraga öwrülen ümsümlik aralaşdy. Selbi: – Muň bolşuny gören bäşinji klasyň okuwçysy diýermi! – diýdi. Ol assa basyp dälize çykdy, gyzynyň gapysyna diň saldy, dolanyp, Abdyllanyň gapdalyna gelip oturdy. –Çyny bilen aglaýar. He-eý, bu gyz bize dert bolar. – Kimiň kime dertdigini biler ýaly bolmady öýdýän... Abdylla ertesi teatra ýigrimi minut ir bardy, bosagada teatryň direktory, baş režissýory Tagana pete-pet gabat geldi. – Günäňe düşünip irdenjik geläýdiňmi? – Gaçgynym günä işdir, günä diýlen zat maňa düşenok. – Ýör, kabinete baraly. Abdylla baş režissýoryň owşanaklap ýörişini synlap barşyna, munuň inegi çişen bolsa gerek diýdi. Dogrudanam, giň stoluň aňry başyndaky aýlanýan kürsüde otyrýerini goýanda, onuň ýüzi çytylyp gitdi ýa-da gemerroýdan azar çekýän bolmaly. Ol Abdylla otyr diýmedi, günäkäriň aýak üstünde durmalydygyny duýdurdygydy. Olar institutda bile okapdylar, bir otagda ýaşan mahallaram bolupdy. Köçeden gyz tapyp getirenlerinde Tagan Abdylla ýalbarardy: „Meni öw, menem seni öwerin“. „Bäşlik okaýar diýip öweýinmi?“. „Olaryň ýekinde ýigrenýänleri bäşlik okaýanlar. Halk artisti diýip öw, munuň ýaşynda henize çenli dünýäde halk artisti bolan ýok diý, arzuw edip ýörlen zatlara ýeten ýaly et-de aýdyber, diliňden ýapyşýan barmy! Gamleti, Otellany oýnady diý, ynanmajak bolsalar, monolog aýdyp, özüm ynandyraryn. Student diýme-dä! Häzirem muny Şekspiriň watanyna çagyrypdyrlar, ertir Angliýa uçýar diýseň bolar duruberer“. Beýle öwgüler garaşylan netijäni berenokdy, olaryň getirýän gyzlary köplenç Gamleti, Otellony ertekileriň gahrymanlarydyr öýdýärdiler. Onsoňam, Angliýa çagyrylan adamyň studentleriň ýatakhanasynda gyzlara wajyp görünjek bolmasy, hakykatdanam, gyzlar üçin oýundy. – Nämejikler edip ýöreniňi öz diliňden eşitsem diýýän. – Baş režissýor gözlerini agdaryp, gönümel burnunyň deşiklerini ýellendirdi. Adatça, garşysyndakyny ”çeýnemäge” delil bardygyna ynanan mahaly şeýle poza geçýärdi, kimedir birine öýkünýäne meňzeýärdi. Onuň ähli hereketi öýkünmelerden montaž edilen ýaly. Köne ýoldaşlarynyň biri: „Tagan, sen ýataňda-da birine öýkünip ýatýan bolsaň gerek“ diýipdir. – Düýn iş wagty nirede bolduň? Soraşman işden gidipsiň. Bu sowala garaşmalydygyny bilse-de, Abdyllanyň süňňi syzlady, habarly bolmasynlar?.. Ýöwsel jogap berdi: – Äý, repetisiýa bellenmändir, onsoň gaýdyberdim öýe. – Öýüňden tapmadylar, daçada-da görünmänsiň. – Wah, beýle gözlenjegimi bilsem, gitjek däl-ä men. Ötünç sorasam, bir gezeklikçe günämi ötersiň-laýt. – Numady güm edip kowýan, Stambuldan gelsin bakaly. Syrkaw ýatyryn diýib-ä til edýär, şol günem Stambula uçýar, söwda gidipdir. Sen Numady çalyşmalydyň, tapylmadyň, spektakly çalyşdyk, tomaşaçylara ýalançy bolduk. – Ä-äý, beýle bolsa, hiç-laý, menem... – O nähili hiç? Onda hiç däliň näme bolýar? Mundan beter teatra nähili hyýanat etjek bolýaňyz? Otur, seň bilen çynlakaý gürrüň edeli-le. Iňkisi ýeňlän Abdylla, men gürrüňe taýýar diýen manyda baş režissýoryň agzyna garap oturdy. Tagan her sosial toparyň wekili görkezilende, teatrda galypa öwrülip giden pozalardan aladaly intelligente mahsus pozany saýlap alyp, aýasyny maňlaýyna diredi, başam hem süýem barmaklary bilen çekgesini owkalady. – Seň biparh, perwaýsyz görünjek bolşuňdan men ýakymsyz netije çykarsam nätjek? Meň täze spektakla başlajagym-a bilýänsiň? – Eşitdim. – Mendenem eşidip goý. Maňa Uly Ýaşuly hakda spektakl döretmegi tabşyrdylar. – Gutlaýan. Bagyşlarsyň, bir zat soraýyn-la. Arada sen: gaýdyp “spektakl” sözüni ulanmaly däl diýdiň… Tagan gür gaşlaryny bürüşdirip, ajy ýylgyrdy. – Uly Ýaşuly serdarymyz – diýdi. – Serdar hakynda oýun bolmaýar, serdar hakynda diňe çyn bolup biler. Saňa serdaryň kakasynyň roluny tabşyrsam?.. Biperwaýlygyň şübhe döredip biler, eşitmedim diýme. Ynha, men durmuşa biperwaý garap, serdar hakynda sahna eserini döredip bilmen! Sen bir hakykata düşün, häzir milli ideýalaryň zamany geldi, milli bähbide hyzmat etmeli döwür geldi! Özüm, maşgalam, Watanym, halkym, serdarym – hemmesi-de milli bähbidiň çägindäki gymmatlyklar, birini beýlekisinden aýryp bolanok. Bilýäňmi näme, eger milli bähbide laýyk gelýän bolsa, biz diktator diýmekdenem gorkmaly däl. Garažsyzlygyň başky döwründe milli diktatorlaryň taryhy hyzmaty bolup biler. Özüňki keseki diktator ýaly bolmaz, “gylyç öz gynyny kesýän däldir”. “Diktator” sözi gulagyňa ýakmasa, serdar diý, türkmenlerde serdaryň sarpasy uly bolupdyr. Biz milli däbimizi galdyrýas, täze bir hokga çykaramzok. Her bir milli ideýanyň sakasynda beýik şahsyň durmagy hökman ekeni. Ideýa özüne mynasyp şahsy ýüze çykarýar, Stalini-de ideýa ýasady, ony ýasaman, halky täze ugra gönükdirip bolmajagyna akylly adamlar düşünen ekeni. Milli bähbidiň hatyrasyna serdaryň käbir ötegeçmelerini-de bagyşlasa bolar. Taganyň özüne guwanyp, hyjuw bilen aýdýan sözleri Abdyllanyň gulagyna ilse-de, soňabaka manysy aňyna ýetmedi. Göz öňünde depeden gaýdan alabeder daşyň hereketi janlandy. Ol asmandan inip gelýär, aşakda kimiň duranyny Abdylla bilýär, Tagan bilenok… – Sen meni diňleýärmiň? – Ä!.. hawa, diňleýän, sen birin-ä öýkünýäň. – Çyk kabinetden! – Hä-ä, bildim! Partiýa taryhyny okadan Şbabrine, şbabra diýýärdik, sen maňa zaçýotam goýdurypdyň-a! – Abdylla güldi. – Ýegre dostuňdy. – Çyk, senlik gürrüň gutardy! – Beý diýmesene, göwnüme degersiň. Ýörite ýanyňa gelsem diýip ýördüm. Maslahat saljak, ýalbarjak, diňle meni. Bir mahallar oturyp-oturyp arzuw ederdik: „Gamleti“ goýsak, Gamleti oýnasak!.. Tüýs wagty geldi! Sen-ä teatryň eýesi, meňem oýnajak mahalym. „Byt ili ne byt?“ –„Bolmalymy ýa ölmelimi?“ diýägeden sowaly gütledip goýsak! Ofeliýamyzam bar, oýnamaly diýseň, Jemal bäş günde horlanýar. Tagan dodaklaryny berk ýumup, gözlerini ýaňsyly güldürip, Abdylla dikanlap garady. Onuň bu pozany bir mahal teatrda Hlestakowyň roluny oýnap, meşhurlyk gazanypdyr diýilýän atly aktýordan alandygy görnüp dur. Häzir ol gözlerini süzgekledip, kellesini iki ýana yrap geplär. Tagan garaşylan hereketi ýeserlik bilen ýerine ýetirip gepledi: – Oslugyň ýyly ýerden çykýar-ow! – Hä-ä, ysy üýtgeşikmi? – Ony özüňe ysgadanlarynda bilersiň. – „Gamletem“ gadaganmy? – Häzir gütledip sowal goýulýan wagt däl, döwrüň goýan sowallaryna gütledip jogap berilýän wagt! Ýaňy bir milli garaşsyzlygyna ýeten ýurtda Gamleti oýnan bolup, jemgyýete ündesem diýýän pikirjigiň näme? – Tagan indi Leniniň roluny oýnandan soň, tä ölinçä teatryň partiýa guramasyna baştutanlyk eden aktýoryň galypyna girip sözleýärdi. Bir elini balagynyň kisesine sokup, dünýä işçileriniň serdaryna ýöňkelýän temperament bilen penjirä çenli aralykda gezmeledi. – Gamletiň şahsy problemasy bize düşnükli. Ol ganhor dädesinden öç almagyň arzuwynda. Dädesi Gamletiň kakasyny zäherläp öldürdi, onuň tagtyna çykdy, bu – bir! Gamletiň ejesini ýorganyna saldy – iki! Seň Gamletiň kimden, näm üçin öç almaly? „Gamleti“ goýmagyň zerurlygy şu sowalyň, diňe şu sowalyň takyk hem jedelsiz jogabyna baglydyr. Şekspiriň gahrymanlaryny şol döwrüň adamlary hökmünde kabul etmek endigi ýitirildi, olaryň etmişlerinde her kim öz döwrüne mahsus alamatlary görjek, jedelli ýeri şunda! Biz nädipdiris? Kerweni duşumyzdan geçiripdiris! Halasgär diýip Nazar Çagataýewi sahna çykaryp ýörkäk, ed-dil gapdalymyzda bir gerçek Gamletiň tutumyndan pes bolmadyk zarba bilen sowet imperiýasynyň içinden urup ýören ekeni. Duýmandyrys! Ol gerçek imperiýadan öç aldy, dargatdy! Gamlete zerurlyk galmady! Kimi göz öňünde tutup aýdýanymy bilensiň, bildiň dälmi?! – Bildim... bilýän-le, ony bilmeseň bolmaz-a. – Bolgusyz gözlegleriň, gybatyň, belent maksatlardan ünsi sowjak jedelleriň döwri ötdi! Ýigrimi birinji asyryň ölçeginden alsak, bilýäňmi, seniň Gamletiň kim? Terrorçy! Gamlet meseläni: „Bolmalymy ýa-da ölmelimi?“ diýip goýýar. Terrorçylaryňam şygary şol-da! Bu sowaly sen kimiň öňünde, nä maksat bilen gütledip goýsam diýýäň? Halk-a şony islänok, halk asudalygy küýseýär. Ganyny gyzdyrmak endigini türkmen ýitirdi. Bu oňa peýdalymy, zyýanlymy – bilemok, ýöne soňky asyrda onuň ýuwaşanyny bilýän... Ýeri, men indi kime meňzedim? – Şu gezek özüňe meňzän bolmagyň gaty ähtimal. Bolsa-da, meň gözümi açdyň, minnetdar. Şeýdip, düşünişip duralyň-a. Indi gidibersem bolar gerek? – It ýylgyrşyny etme!.. Işde tapylmanyň üçin käýinç alarsyň, saňa käýinç bermesek, Numady kowup bolanok. – Berekella! Zor çözgüt tapypsyň. Numady Stambula ýoldanam sen diýmediň, şoňa-da şükür. ■ Bäşinji bölek Abdylla harby gullukdaky oglundan çakylyk aldy, kakam çalt gelsin diýipdir. Ejesini çagyrman, kakasyna gel diýmeginde bir many bolmaly, gowulyga däldir. Onuň ýanyna köplenç Selbi gidip gelýärdi. Abdylla başda bir gezek gidipdi. Welaýat merkezindäki harby bölümde galdyrylan oglunyň komandirleri bilen gürleşipdi. Olar Hydyry şygar ýazmakda, görkezme-bezeg esbaplaryny taýýarlamakda ulanjakdyklaryna söz beripdiler. Ogly geçen tomusda çeperçilik uçilişesini gutardy, sahna bezegçisiniň diplomyny aldy, ýöne iberilen teatrynda işe başlamanka, güýzüň başynda harby gulluga alypdylar. Golaýda Hydyryň gulluk ýeriniň üýtgedilendiginden habarlydylar. Selbi gitmäge häzirlenip ýördi, garaşylmadyk çakylyk olary aljyratdy. Ilkiagşam otla mündi, uzak gije dymyk küpede ezýet ýamanyny gördi. Bir mahal möwrüti ötüp, zibilhana zyňylmaly wagonyň penjireleriniň gyşdaky petiklenişi, güýje ýanabam açyp bolanok. Petiş howa demikdirip barýar diýseň, gapysy jaýdar ýapylmaýan hajathananyň porsusyndan ýaňa poh-yrryhyň içinde oturan ýaly bolaýdy. Halys surnugyp, orta ýolda uka gidende-de aýylganç hapa düýş görüp oýandy. Giň howlynyň çet künjündäki hajathana barýar. Töwerek adamdan doly, ýygnananlaryň köpüsi-de aýallar, olaram hajathana girjekler. Abdylla ýol berýärler. Ol hajathana bir adamlykdyr diýen pikir bilen gapyny açýar. Giň jaýy görýär. Hapa sement ýerde birgiden aýal otyr. Ortada deşik. Abdylla utanjak hem bolanok, çermenip deşigiň üstünde oturýar. Edil gapdaljygynda oturan aýal oňa bir zat diýjek bolýar, diňläsi gelenok. Beýle ýanynda-da ulanylan hapa kagyzlaryň üýşmegi ýatyr. Şolardan alyp, otyrýerini süpürýär, daşary çykýar, bosaganyň gapdalynda bir adam ýatyr, kellesinden goýy gan akýar, maňlaýy ýarylypdyr. Beýle ýanynda alabeder daşy görýär, daşyň ýüzünde ganyň çyrşaklary bar. Şundan soň ýatanyň kimdigini bilýär. Uly Ýaşuly! Alabeder daş onuň kellesinden inipdir. Abdylla gaçýar, näçe ylgasa-da ýol önmeýän ýaly, howludan çykyp bilenok. Gaçyp barýarka aýagynyň astynda şak-şak ses eşidilýär, ses barha gatalýar... Otlynyň tekerleriniň sesi ekeni, huşuna gelende, muny aňşyrdy. Kellesine ilki gelen pikir: meniň psihikam üýtgäp ýören bolmasyn? Görkezeýin diýende-de indi Myllynyň öwýän ýewreý wraçy ýokdur, bireýýäm Ysraýyla gidendir. Ir säher welaýat merkezine ýeten otludan kellesine urlan ýaly bolup düşdi. Şemally howada endam-janyna siňen porsy ysy entekler aýryp bilmese gerek. Oglunyň geçirilen bölümi welaýat merkezinden on kilometr daşlykda ýerleşýän ekeni. Hemişeler bölümiň gapdalynda awtobus durýan eken, milli garaşsyzlygyň ikinji ýylynda awtobus gatnawyny ýatyrdylar diýip, kireýine münüp gaýdan ýeňil maşynynyň eýesi aýtdy. Häzir gatnaw üçin döwlet ulagyna mätäçlik duýlanok, işiň gytlygynda her kim hususy ulagy bilen kireý edýär. – Halypa, menem mehanizasiýa ugrundan inženerdim, ynha, indi kireý edip gün görýän. Siňek gapjak gurbaga ýaly, otludan, samolýotdan düşjeklere garaşyp durandyrys. –Kireýkeş gürrüňçil adam ekeni, ýoluň nähili geçeninem bildirmedi. – Seniň ideýän ýeriň-ä şu bolmaly, halypa – diýdi. Sowet zamanynda harby bölümiň daşyna iki hatar merdemsi nawlar dikilip, sim aýlanandygyny aýtdy. Häzir birinji hatardan zat galmandyr, ikinji hataryň simlerem üzük-ýoluk. – Sowet janyň gorhanasydy bi! Guşlar geçse ganatyndan, gulan geçse toýnagyndan urardylar, orus gideli bäri idili zat galdymy-ýokmy, kim bilýär! Daşynyň-a agajy bilen simini satyp gutardylar, dälä galdy bulamak! Abdyllany bölümiň demir derwezesinden içeri goýberdiler. Nobatçy iki esgeriň ikisiniňem göz eglener ýaly göwresi ýok welin, biri juda-da çepiksi. Olar geleniň ýüzüne seretmezden ozal, onuň doly sumkasyny synladylar. Daýanyklyragy: – Agam, agam çilimiň ýok-maý? – diýdi. – Wah-eý, özüm çekmämsoň, almak ýada-da düşmändir. – I-i, ogluň çekýändir-ä? – Oglumam çekenokdy. – Armyda çekenokdy diýeniň bolmaz, agam. Atdaw, bar, suw goý, agama çaý bereli, ýadap gelendir. Doganyny neme etdigim… howa-da gyzýa-laý, ýaza meňzänog-a. Agam, atym çaý getirensiň, ýa ogluň çaýam içenokmy? – Çaý bar, oglanlar. Oglanlaryň Atdaw atlysy tagaşyksyz agyr ädigini süýräp, nobatçylaryň jaýyna girdi. Abdylla beýlekä habaryny aýtdy. – Bimahal çagty gelipsiň, agam. – Nobatçy telefon etmäge ýöneldi. – Okuw diýip äkidýäler-laý. Abdylla golaý-goltuma ser saldy. Töwerege talaň salnypdyr diýseň has dogry bolar. Binýady berk tutulan, diwarlary abat iki gat uzyn kerpiç jaýyň penjireleri, gapylary goparylyp alnypdyr. Jaýyň öňündäki hatar garagaçlar gurapdyr. Aslynda daşyna kerpiç örülip, sement bilen timarlanan suw kranty häzir ýumrulyp ýatyr, burmalary ýok. Golaý-goltumda tehnika-da, adam-gara-da görnenok. Derwezeden içeri gidýän oklaw ýaly göni ýoluň oýmur-oýmur gopan asfaltynda emele gelen çukurlar ýoluň bu gün zerur däldiginden bir alamat. – Agam, ogluňyz okuwda eken-laý. – Nobatçy habaryna begenýän äheňde aýtdy. – Eý, Atdaw, çaý goýduň-meý? Içerden ses geldi: – Goýdum, goýdum, geläýsin! – Gir-äý, agam, birküç öwre derläp çaý içýänçäk, agşamam golaýlaşar. Gaýnag suw-a bizden al. Men uly nobatçy, Atdaw meň elimde, ýumşuň bolsa, buýruber, agam. Kakamyň diýeni dogry-laý, gol astyňda bir adam bolsun welin, komandir bolgun diýdi. – Siz bu taýda näme edýäňiz? – I-i, agam, nätdiň-aý! Eşek bakmaýanymyz-a görýäň, gulluk edýäs! – Nähili gulluk? – Harby syry aýtmak gadagan, haw, agam. Atdaw, çyk, agamyň ýüküni äkit! Ädigini gorsuldadyp, ylgap çykan Atdaw Abdyllanyň elinden sumkanyň bagyny kakyp aldy, ýüküň agramyna ýegşerildi, şol barmana-da aýagy çaşyp ýykyldy. Uly nobatçy onuň syrtyna depdi. – Tur-aý, doganyňy neme edeýin! I-i, muňa sered-ä! Abdylla hasanaklap turan Atdawa sumkanyň bagyny bermedi, özem götermedi, uly nobatçynyň ýüzüne çiňerilip garady durdy. – Ýigit, bu bolşuň gelşiksiz – diýdi. – Bu armyň düzgüni, haw, agam. – Beýle düzgüni etmegin, maňa-da, hiç kime-de ýaramaz. – Ýaramasa-da şeýle-dä, wä-hä-hä-ä... Abdylla oglunyň bulardan has daýanyklydygyna şükür etdi, ol syrtyna depdirmez. Soňra getiren gowurmasyndan çaýçorba edip, tamdyr çöregi bilen nobatçylary naharlady. Maňlaýy çygjaran uly nobatçy: – Neme-laý, agam, Atdaw ikimiz dos-a – diýdi. – Özem aýdar. Eý, aýd-eý, seň tarapyňy çalamokmy? – Çalýaň. – Agam, men bolmadyk bolsam, düýn bujagazy myžžyk edýädiler, kerewatda bile ýatýanynyň beňini ogurlapdyr, olam iki sany obadaşyna aýdypdyr, ýenjip başlanlarynda üstüne geläýdim. Atdaw utandy, burnuny çekdi. – Beňini men alamok, jypdyrýa! – diýdi. – Öňem iýere zat ýok, beň çekip, ajymdan öleýinmi men, beň erbet ajygdyrýar-a. – Bilipsiň, akyl edipsiň, çekmegin. Atdaw burnuny çekip ýylgyrdy, başyny atyp, Abdyllanyň diýeni bilen razylaşdy. Uly nobatçy: – Agam, men özümden daýawlaram gorkuzýan – diýdi. – Kakamyň bir öwredeni bar: ilki urgun diýýä. Ýelmäp goýberýän. “Eý, nädýäň-eý?” diýýä welin, ýene bir gezek – palç! – ýelmeýän! Atdaw, Sapary nädenimi sen gördüň-ä! – Űç gezek ýelmediň. – Kakam ilki ýelmeseň, senden gorkarlar diýýä. Meň itimem ilki topulýa, bäh, uruşgan itim bar, ady Hanjar, kakam at goýdy. Meň pahanym zor-laý! Ýal berseň, ýarak ite bergin diýýä. Ho gün bir adam oglunyň yzyndan geldi, ýalan sözläp otyr-laý ol, doganyny neme edeýin. Gorkak it ilki topulýandyr diýýä. Gorkak it topular-maý, guýrugyny ýamzyna gysyp, owarra bolar gider. – Kim näme diýse-de, uruşmak ite ýaraşýandyr, adama ýaraşýan zat däldir. – Agam, sen Jepbar mugallyma meňzeýäň-läý, senem mugallymmy? – Äý, şoňa meňzeşiräk kärde. – Mugallymçylykdanam bir kär bor-maý! Atdaw, tur-eý, tilpunyň ýanna bar – Atdaw çykan dessine uly nobatçy assa gepläp, Abdylla ýüzlendi. – Menden eşitdim diýmeseň, bir zat aýtjak saňa, agam. Ogluňy agşamam getirmezler. Sen nät diýsene, ýola çykyp, günbataryňa seret, gara baglyk görünýändir, gidiber şoňa tarap, ondanam geç-de gidiber, uly oba ýetersiň. Rejep Şally diýen adamyň öýüni sora, bilmeýän ýokdur ol doganyny neme edeýini. Ummasyz baý adam, ogluňy şol ýerden ide. – Näme üçin? Ol o taýda näme işleýär? – Bilemok, how, agam, baraňda görersiň. Komandiri biläýse-hä, meň işimi görer, galmagal bolmasyn diýseň, neme edeli: maňa bir çüýşejik konýak goýup git, ugruny tapyp, özüm bererin. It ýaly, how, agam, bi komandirler. Özüne duşan bolsaň, bir çüýşe bilen oňdurmazdy. Abdylla diýlene razy boldy. Ýoldan maşyn tutup, salgy berlen ýere geldi. Obanyň günbatar çetinde at gaýtarym meýdana kerpiç haýat aýlapdyrlar. Howlynyň uly derwezesiniň depesine arka şekilli aýlaw edilipdir. Aýlawyň çür depesinde döwlet baýdagy, aşak ýanynda Uly Ýaşulynyň ýylgyryp oturan fotoportreti, ondan aşakda-da äpet goçbuýnuz berkidilen. Olaryň ýerleşdirilişinde oba ýerine mahsus emelsizlik görnenok, sünnäläp, ölçeg saklanyp edilen. Beýle resmilikden soň Abdylla edara adyny görerin öýtdi, görmedi. Sähelçe synlap durmaga-da takady ýetmedi. Uly Ýaşulynyň portretini görende, hapa düýşi göz öňüne geldi, hi-iç aýrylanok, tagama gonjak bolýan ýaşyl siňekden beter. Kiçi gapynyň söýesindäki jaňy basyp, esli garaşdy. Garaşyp durka-da depedäki portret bilen howply baglanyşyk duýdy. Gapy açylanda Uly Ýaşulynyň özüni göräýjek ýaly süňňüne ýakymsyz gowşaklyk aralaşdy. Oňa ýöňkelýän gudratlara sähelçe ynanan adam bu howpy äsgermezlik edip bilmez. Asmana erki ýetýär, ýagyn ýagdyryp, goýduryp bilýär, islän mahaly gara bulutlary dargadýar diýilýän adam seniň kalbyňdaky pikiri-de biler diýilse, onuň gol astyndaky raýatlaryň haýsy biri muny aç-açan inkär edip biler? Başy tahýaly, maňlaýy sakar, garynlak adam gapyny açdy, Abdyllany başdan-aýak şübheli synlady, berlen salamy juda göwünsiz aldy: – Manlykmy. – Men-ä gullukdaky oglumy idäp geldim, Nuryýew Hydyry. Şu Rejep Şallyň öýüdir-dä? – Salgy beren kim saňa? – Ilçilikde salgy berenem tapylýar, idäp-sorap, Mekgäni tapypdyrlar. – Beh... Ýaşulynyň ýokdugyna şükür edäý sen. Ol belli zat aýtman gapyny ýapdy.Ýigrimi minut geçenden soň Hydyr çykdy, kakasy bilen höwessiz salamlaşdy. Başy açyk, egninde kirli gimnastýorka, aýagynda apgyrdy gopara gelen köne botinka, bili kemersiz. Olar derwezeden aýrylyp, garşydaky tally ýaba ýetdiler. – Bu taýyk gelmeli däl ekeniň-dä. – Bölümiňe bardym, okuwda diýdiler. – Gelip, meni özleri alyp gitmeli, sen gelmeli däl-ä. – Obada nähili okuw bolýar, nähili syr bolýar? Űsti-başyň-a okaýan adamyňka meňzänok. Rejep Şally kim ol? – Baý adam. – Gapyny açan garynlak kim? – Hyzmatkärleriniň biri. – Nähili okuw geçýäňiz? – Mal ýatak salýas. – Şeý diý-ä! Indi düşnükli, asyl bara, kemi galmady! – Abdyllanyň el-aýagyna, tutuş süňňüne galpyldy aralaşdy, bildirmezlik üçin kükreginiň üstünde gollaryny gowşurdy, gezmeledi. – Oturara, iýere-içere ýer ýokmy? Birgiden zat getirdim, ejeň, jigiň iberdi, salam aýtdylar. – Goý-da gidäý, häzir-ä işdäm ýok. Ho gün otrawleniýe boldum, şäher keselhanasyna äkitdiler, içimi ýuwdular, damja sanjym etdiler. – Henizem ýüzüň reňki düzülmändir. – Abdylla köşeşip bilmän, suwly ýaba kesek zyňdy. – Häý, milli goşun bolaýşyňy seniň! Rejep Şally näm edýän adam? Häkimmi? – Söwda edýä, şäherde dört dükany bar, bir restorany bar. Ýük getirende düşürmäge gidýäs. – Näme satýar? – Hemme zadam satýa, neşe agdarýar. Şäherdäki jaýlaryny görsediň, köşk diýersiň, türkler salypdyr. Obadanam on bäş otagly jaý saldyrdy. – Bar, goşuňy alyp çyk, gideli. – Nirä? – Bölümiňe! Komandirleriň bilen gürleşjek, talabançylyk üçin goşuna aldylarmy sizi! Siz ýurt goramaly, sygyr ýatak salmaly däl! Hydyr gyssandy: – Tы что?– diýdi. – Bölümde bolmasaň gowy, bölümde aç öläýmeli, bu ýerde garnymyz dok, agyzdan galan diýemzok, berlenni iýýäs. Hydyr rusça gürledi, gyssananda ol hemişe rusça gürleýärdi. Abdylla türkmençe dowam etdi: – Indiki gezek nahardan zäherlenýänçäň garaşmalymy?Asla, näme üçin seni şäherden bäri geçirdiler? – Gynansagam, bu meseläni meniň bilen maslahatlaşmadylar. – Meň gürleşip gidenimi bilýäň-ä. Meň kimdigimem olar bilýär! Hydyr janagyrly güldi, çekgesinde gök damarlar göründi. – Olar seň teatryňy bilýälermi, seni biljekmi olar! Kitap okan adamlar däl-ä! Sorana kakam mekdepde işleýär diýýän. – Kakaň at gazanan artist! Sen guwanyp aýtmaly! – Olar artiste masgarabaz diýýärler. Şulara käriňi bir aýtma, ýalbarýan, aýtma! – Bes et, boldy. Abdylla neşe agdarýan Rejep Şallynyň haýbatly derwezesiniň maňlaýyndaky portrete garap, özüne Uly Ýaşulynyň ýakyndygyny duýmak isledi. Eger şu islegine sähelçe tutaryk tapsa, buýsanç bilen ogluna aýtjakdy. Emma başga bir ynanç onuň umydyna zarba urdy. Portretdäki ýylgyryp oturan adam bu depseň yranmaz mülküň ygtybarly sakçysyna meňzedi. Şu pikire ogly-da hä diýse gerek, diýmezligi-de ähtimal. Oglunyň biperwaý görnüşi Abdyllanyň kalbynda alaçsyzlygyň derdini artdyrdy. Gapdalynda ogly boýnuny sallap, ýer dyrmap otyr. – Nädiň welin, meni öýe golaýrak ýere geçiriň. – diýdi. – bolmasa, men ýaman derde sataşýan. – Ýene bir gezek iýmitden zäherlenäýseň, iç goşuňda abat ýer galmaz. – Düşünmediň kaka. – Sen düşünýän bolsaň, şäherde, syrkawhanada galmaly ekeniň-dä, göwnejaý barlap, göwnejaý bejerýänçäňiz gitjek däl diýmeli ekeniň. – Barladylar, gastritiň bar diýdiler, öt haltama-da sowuk degipdir. – Bejersinler-dä! – Bizi gospitalda bejermeli, meni gospitala äkitmediler. – Men äkiderin! Bar, goşuňy ýygna! Hydyr ýüzüni galdyrman esli oturdy, soňam: – Meň diýýän derdim başga – diýdi. – Tur ýeriňden! – Kakasynyň haýbatyna ogly haýallyk bilen aýak üstüne galdy. – Meň ýüzüme dogruja seret! Haçandan bäri? – Şu ýere gelelimiz bäri-dä. Oglanlaň hemmesem edýä. Abdylla ogluna şarpyk urdy, gygyrdy: – At ýitiren! – Пош-шел ты, артист! Hydyr derwezä tarap haýdady. – Dolan!.. Hydyr, dolan diýýän!.. Oglum, dur... ejeň iberen zatlaryny al! Hydyr gaňrylybam garamady. Tally ýabyň boýunda ýalňyz galan Abdyllanyň kellesine gelen ilkinji hyýal: Rejep Şally diýen ýeksurunyň ýüzüne tüýkürmeli! ”Gül ýaly ýigitleri zaýalaýaň, ynsap-haýa ýokmy sende!” diýmeli. ”Aç-ýalaňaç, bisowat, syrkaw adamlaryň arasynda köşgüňe, baýlygyňa guwanyp gezmäge nädip ynsabyň çatýar? Seniňem ogul-gyzyň, dogan-garyndaşyň şu halka degişli adamlar-a! Olaryňam köküne palta urýanyňy bilýärmiň?!” diýmeli. Eger häzir obadan tapmasa, şäherden gözläp tapmaly bolar... Abdylla gapynyň jaňyny basdy, ýene garynlak çykdy. – Hojaýynyňy nirden tapyp bolar? – Owganystana gitdi. “Neşe getirmäge gidendir?” Bu sowal Abdyllanyň dilinde galdy. – Näme gepiň bar bolsa, sen git-de komandirine aýt. – Şu sumkany Hydyra gowşur, ýaňky oglana, gaýrat et. Hojaýynyňa-da diýjek sözüm bardy-da. – Maňa aýdaý, ýetirerin. „Sen şoňa haramzada ekeniň diýdiler diý!“ Abdylla bu sözlere derek: – Depeden Uly Ýaşulynyň portretini asan ekeni, tüýs ýerine düşen zat, bilip edipdir. Şu diýenimi hojaýynyňa aýtgyn. Ajy ýylgyrma bilen aýdylan sözlere garynlak hyzmatkär üýtgeşik reaksiýa görkezmän, sumkany aldy. Abdylla öýüne juda keýpsiz halda dolanyp geldi. Başyndan geçen ahwalaty aýalyna bolşy ýaly aýtdy, ogluna gahar edeni üçin däl-de, alaçsyzlygy, hemaýata mätäçligi üçin aýtdy. Selbi: – Şo çaga bilen gaýdyp seň işiň bolmasyn! – diýdi. Bu söz Abdyllany şarpyk urandan beter awundyrdy, asyl bara, ogluna uran şarpygyny Selbi söz bilen gaýtardy oturyberdi. Abdylla gahar etmedi, Abdylla ýagdaýyny bilýär, ýagdaýa düşünýär. Selbi eýýäm näme etjegini bilip oturandyr, Abdylla welin, bilenok. Maşgalanyň aladasyny etmeli bolanda Selbi hemişe ezber, onuň ezberligi Abdyllany kemsidenok ýa-da çagalaryny aýalyndan gabanan pillesi ýadyna düşenok, är-aýalyň arasyndaky başky duýgy çagalaryň aladasy zerarly kem-kem peselýän ekeni, Abdylla muňa-da geň galanok. Selbi üçin-ä çagalaryň aladasy birinji orna geçdi diýse-de boljak, ýöne häzirki ýakymsyz ýagdaý zerarly aýalynyň, oglunyň daşlaşmak howpuny duýdy. Bu howp Abdyllany kemsider, onuň mertebesini aýak astyna salar diýse ynanaýmaly. Abdylla Rejep Şallynyň belent derwezesini, derwezäniň depesindäki Uly Ýaşulynyň ýylgyrýan portretini göz öňüne getirdi. Onuň belentligi üstüne abanan howpuň belentligine öwrüldi. Hyýalynda derwezäniň depesinden alabeder daşy inderdi, aýalarynyň gyzyp başlandygyny duýdy, aýgytly bir herekete baş urup biljegine ynam döredi. Şol ynamy berkidip biljek subutnama hökmünde oglanka bolan wakany hakydasyna dolady. Abdylla ogry pişigi ýeserlik bilen öldüripdi. Gara öýüň töründe goýlan et dykylgy garyndan öň bir gezek doýup, ujyz sypan sary pişik gaýtadan awa çykanda, Abdylla ony duýdansyz gabapdy. Bu sapar ýoknasyz pişik tüýnükden girip, tüýnükbaga ýarmaşyp ýere düşüpdir. Ýene bir çorbalyk eti ýuwdupdyr, ejesi ýene jibriner: “Haram pişik, garyn saklaýan diňe biz däl-ä, diňe biziň etimizi iýmeli diýen düzgün ýog-a!“ Taýagy aýlap topulanda pişigiň uk bilen tärimiň sepgidinde okdurylyp aýlanyşyny görsediň! Pişik neneňsi çalasynlyk görkezse-de, bir öwrümde taýak kellesine jaýdar degdi, pişik patlap ýere gaçaýdy. Iki bäbenegi-de çykypdyr, agzyndan gan gelip ýatyr. Gözi ýerine girer diýip garaşýar, seredip durka-da ýüregi bulanýar. Heý, ýerine girermi, pişik bada-bat amanadyny tabşyrypdyr-a!.. ■ Altynjy bölek Ilkagşamdy. Abdylla dört gat beton jaýyň çetki girelgesine girmezden öňinçä ätiýaçdan töwerege göz aýlady, garaňka gaplanan köçede şübhe döretjek zat görmedi. Ýeňil maşyn badyny haýallatman geçip gitdi, gapdaldaky kiçijik dükanyň öňünde duran gartaň aýal alan harytlarany sumkasyna salýardy. Abdylla üçünji gata galyp, sag egnindäki gapynyň öňünde daýandy. Iki gatyň aralygyndaky hek çyrşakly lampadan solak ýagty düşýärdi. Gök reňk agaç gapynyň ýüzüne çüýlenen demir „12“-ligi saýgardy. Soňky gezek haçan gelendigi takyk ýadyna düşmese-de, ondan bäri agaç gapylar galapyn demir gapylar bilen çalşyryldy. Bu agaç gapy welin, şol öňki gören gapysydy. Ol jaňy basmazdan öň ümsümlige gulak asdy. Gapynyň aňyrsyndan çaga sesleri, gülki, şagalaň eşidildi, telewizoryň sesidir öýtdi. Jaňy ýeke gezek ynamsyz basdy. Garaşyp durka-da, goňşy gapynyň açylmazlygyny diledi. Ýeňsesindäki haşamly demir gapynyň gözlenýän deşiginden seredilýän bolmagy-da ähtimal. Agaç gapyda gözlenýän deşik ýokdy. Gapy açylmazyndan ozal geleniň kimdigini soralmagyndan ýaýdandy. Adyny aýtsa, ynanmazlyklary mümkin, bu öýe gelip ýören adam däl, öň birki öwre Tagan bilen gelipdi. Gidibereýinem diýdi, häzirlenip iki ädim gaýra-da çekildi, onýança-da gapyny açdylar. Belli Nazaryň özi açdy. – Salawmaleýkim, ýaşuly. Belli Nazaryň aladaly garan gözleri salym bermän üýtgedi, ýagtyldy. Özünden öňe geçip, nätanyşyň ýüzüne bilesigelijilik bilen garaýan bäş-alty ýaşlaryndaky oglanjygyň başyny sypap: Bu dädäni sen bilýän dälsiň, Myrat jan – diýdi. – Artist däde geldi seň suratlaryňy görmäge gelendir! Belli Nazaryň basygrak sesi Abdyllanyň gulagyna belent ýaňlandy, ol girelgäni doldurany bilen oňman, ýapyk gapylaryň aňyrsyndakylara-da eşidilendir. Haýsy aktýor geldikä diýip, goňşulardan gapysyny açyp seretjegi-de tapylsa gerek! Abdylla oglanjygyň kiçijek elini nähili gysanyny-da bilenok. Dälizde ýene bir çaga üns berilmegine garaşyp duran ekeni. – Meniň agtyjyklarym! – Belli Nazar iki-üç ýaşly, saryja saçly, akýagyz oglanjygy goltugyna göterdi, ter dulujaklaryndan süýji ogşady. – Oglum, senem däde bilen salamlaş. Oglanjyk ýadyrgap seretse-de, elini uzatmaga çekinmedi. – Tüweleme! – Abdylla çaganyň elini aýasynda saklap durka, jübüsine kemput salyp gaýtmanyna ökündi, dogrusy, ol Belli Nazaryň agtyklarynyň barlygyndan bihabardy. – Myrat jan, öňe düş-de artist dädä suratlaryňy görkez. Çagalar bagyna gatnaýar, iki günlükde rus teatryna äkitdiler, erteki görüp geldi. Äý, Myrat jan sahnaň suratyny şeýle bir gowuja çekipdir, artist däde haýran galar. Olar sag egniňdäki ikinji gapa girdiler, bu otag Belli Nazaryň iş kabineti bolmaly, tanyş, Tagan bilen gelenlerinde-de kabinetde oturypdylar. Penjirä golaý iş stoly, onuň öňünde kürsi, kürsiniň gapdalynda žurnal stoly, ýere el haly ýazylan... üýtgän zat ýok çemeli. Űç diwaryň ýüzüni kitap tekjeleri tutýar. Tekjelere çaganyň çeken suratlary ýelmenipdir. Galam bilen çekilen suratlaryň al-ýaşyl reňki, şekilleriň real dünýäniň tertibinden daşlygy, olaryň ýöntem, özboluşly keşbine laýyk gelýän hereketleri kabinetiň durkuna ýeňillik, şadyýanlyk beripdir. Abdylla suratlaryň haýsysynda ünsüni saklajagyny bilmän durşuna: – Tüweleme, tüweleme – diýdi. Myrat onuň ýeňinden çalaja çekip, ortaky hatardaky surata barmagyny degirdi. Bu atasynyň aýdan suratydy. Oýun gutarandan soňky görnüş. Gök perde syrylypdyr. El tutuşyp, zala baş egmäge çykan aktýorlar sahnanyň öňünde hatar durlar. Iki aýal, dört erkek. Egin-başlary ertekiniň gahrymanlarynyňky, dekorasiýa-da şony tassyklaýar. Agajyň aşagynda it bilen pişik dur. Olaryň aňry ýanynda tagta haýat, agaç öýjagaz. Suratyň geň galmaly ýeri – sahnada uçup ýören arylar. Olaryň sahnada-da, spektaklda-da bolmandygy belli, ýöne olaryň reallygyna haýran galaýmaly. Çaganyň çeken suratyny ganatlary sarymtyl, göwreleri oraýany reňkdäki arylarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar sahna hereket, jan berýär. Abdylla: – Arylary ýeser tapypdyr – diýdi. – Ulularyň görüp bilmejek zady şol. Çagalaryň artykmaçlygam şonda! Men arylaryň näme üçin çekilendigini düşündirjek bolsam, Myrat güler, ol arylary düşündirmek üçin çekenok, düşündirmegiň derkary-da ýok. Ulular düşündirjek bolup bulaşdyrýarlar. Myrat çeken suraty hakynda gürrüň gidýändigini bilýär, ýöne aýdylýanlara düşünmän, taýly gezek olaryň ýüzüne garaýar. Belli Nazar agtygynyň başyny sypady. – Artist däde gowy çekipsiň diýdi. Abdylla ogly Hydyryň çagaka surat çekişini ýatlap durdy. Ilki ürç edip maşyn çekdi, soňra tankyň suratyny çekip başlady. Bir tomus dogduk obasynda on gün bolup geldiler, gelenlerinden soň, Hydyr gören haýwanlaryny, aýratynam eşegi köp çekdi. Eşek diýip çekse-de, onuň göwresi has daýanyklydy, ata çalymdaşdy, guýrugam eşegiňkiden uzyndy, hasam gulaklary uzyndy, ýasydy. Hydyry ýörite şäheriň etegindäki oba alyp gidipdi, idäp-sorap bir ýerden eşek tapypdylar. Janly eşegi oglunyň suratyndaky eşek bilen deňeşdirdi. „Seret, gowuja seret! – diýdi. – Eşegiň guýrugy uzyn däl eken-ä, gulagam kiçiräk, boýam pesräk. Ýadyňda sakla!“ Hydyr gaýdyp ýeke gezegem eşegiň suratyny çekmedi. Atasynyň gapdalynda bolmagyň ýakymyna öwrenişen çagalaryň bolşuny synlap, ýüreginde oglunyň derdeserinden dörän agyryny duýdy. Bularyň ykbaly nähili bolarka? Bu sowala Belli Nazaryň jogap tapjagyna şübhelenmedi. Onuň on-on iki ýyl ozal mitingde aýdan sözi häzir köpleriň ýadyna düşýän däldir, Taganyň welin, ýadyndadyr. Belli Nazaryň sözüni Abdylla ýetirenem Tagandy. Demokratiýa meýilli dyzmaçlaryň şäheriň merkezinde häkimlerden birugsat geçiren mitingine barmagyň gadagandygyny artistlere öňünden berk duýdurypdylar: kimde-kim gatnaşmaga milt edäýse, işden kowulmalydy. Tagan barypdyr, ertesi iş kabinetinde arkaýyn otyr. Tabşyryk bilen gidipdir, teatrdan kimiň barandygyny anyklamaly ekeni. Mitingde Belli Nazaryň çykyş edendiginem Tagan aýdypdy, onuň bir sözüni aýratyn nygtapdy: „Biz feodal demokratiýanyň höküm sürjek ýurdunda ýaşamak islemeýäris!“ diýipdir. Tagan: „Belli Nazaryň sözi Ýaşulynyň myrryhyny atlandyrandyr, Ýaşuly ony bagyşlamaz“ diýipdi. Taganyň diýşi ýaly boldy, Belli Nazaryň eserlerine kem-kemden gadaganlyk girizildi, onuň pýesalaryndan goýlan spektakllar ýatyryldy, neşirýatlara, gazetlere, žurnallara, radio, telewideniýä ýoly petiklendi. Wagtal-wagtal ony basypdyrlar, ýa-da ýurtdan çykyp gidipdir diýen gürrüňler ýaýraýardy. Onuň näbellilige perdelenen durmuşyny bilmäge bolan höwes, näbelliligiň zannyna kybapdaş gapma-garşy gep-gürrüňleri döredýärdi. Belli Nazary gowy tanaýanlar onuň gol gowşuryp oturmajakdygyny, ýazýandygyny bilýärdiler, günlerde bir gün eserleriniň okyjylara ýetjekdigine-de ynanýardylar. Tagan: „Häzirlikçe Belli Nazar diýen adamy unutmaly bolar – diýipdi. – Unudanymyzy duýmasalar, bizem kowarlar. Ýazyjynyň ýitirýän zady ýok, ak kagyz bilen galam hemişe tapdyrýar, öýüňde ýaz-da otur, Andreý Platonow ýazypdyr-a! Ynha, biziňki kyn, teatr ak kagyz däl, kollektiw: pul, sahna, tomaşaçy... Öýde oturyp spektakl goýup bolanok. Dogrusy, Belli Nazaryň geljegine görüpligem edýän. Gaharyna ýazar, ýazar! Elýetmez, süteme döz gelen adam bolar, bizem ýalynjaň, manysyz iş eden adamlar hökmünde köteklärler. Ýöne haýsy döwre haýsy sözüň ýarajagyny bilmegem zehindir! Bu zehin Belli Nazar diýlen adamda ýok, ýoklugyna onuň asgynlygy diýip bolmaz, asgynlygyny başga ýerden gözlemeli bolar: „Belli Nazarowiç, siz hakykatdanam gahryman adam ekeniňiz, siz geniý!“ diýeris welin, ähli öýke-kine, gahar-gazap duman kimin syrylar gider. Waspnama diňe Uly Ýaşula ýaraýandyr öýtmegin“. Taganyň Belli Nazara hoşallyk birdirmäge gelenem ýadynda, ýany bilen Abdyllany alyp gelipdi. Entek SSSR dargamandy. Staliniň süteminden ýaňa açlykda, horlukda, ýalňyzlykda ölen ýazyjy Andreý Platonowyň „Jan“ powesti esasynda goýlan spektakl Moskwada gowy seslenmelere mynasyp bolan mahaly, bärde, respublikada oňa hüjüm edilipdi. Uly makalada ýazyjyny ýazgardylar, onuň eseri türkmen halkyna agyr töhmet diýdiler. Ýazyjynyň döredijilik fantaziýasyndan dörän jan halkynyň türkmen halky däldigine-de üns berjek bolmadylar. Rast, jan halky Garagumda entäp ýör diýilýärmi, diýmek, türkmenler göz öňünde tutulypdyr, ýazyjynyň emelsiz mekirligine aldanjak ýok diýdiler. Türkmenler hiç mahal hakydasyny ýitiren halk bolmandy, „Jan“ diýen ady ýitmiş eser töhmet, töhmet, ýene bir gezek töhmet! – diýip gygyrdylar. Andreý Platonowy çüýredip, beýik Stalin dogry edipdir, ýene onuň zyýanly eserine gadagançylyk girizmeli! – diýýärdiler. Belli Nazar Moskwada çykýan gazetde hüjüme gaýtawul beren adam. Ol diňe spektakly goramandy, milletçilik meýilleriniň döredýän çäkliliginiň aýylganç howpdugyny duýdurypdy. Tagan bu çykyşy öz goragyna ulanmagy ýeserlik bilen başarypdy. Abdylla häzir golaý geçmişiň özüne juda tanyş wakasyny jikme-jik ýatlap, bu çaka kellesine gelmedik pikiriň üstünden bardy. Garagumda keseki bir jan halkynyň asla bolup bilmejekdigine aýak dirän türkmenparazlar ýeňdiler, „Jan“ spektakly ýatyryldy, Platonow diýen ýazyjynyň ady tutulanok. Ýeňenler munuň bilen oňmadylar, müňlerçe ýylyň dowamynda Garagumda ýüz beren siwilizasiýalary, döwletleri, halklary, medeniýetleri türkmene ýöňkediler, ählisine eýe çykdylar oturyberdiler. Garagum türkmeniňki, onuň taryham türkmeniňki bolmaly diýdiler, „Soň gelen – söze batyr“ diýleni boldy. Abdylla şu pikir bilen Belli Nazaryň ylalaşjagyny bilip otyr, ýöne aýtmaga çekinýär. Belli Nazar bilen pikirdeş bolmak häzir kyn, howply. Ýaş gelin žurnal stolunyň üstüne çaý, süýji, kişmiş goýup, çagalary alyp gitdi. Olar göwünsiz gitdiler, aýratynam Myrat suratlary hakynda däde artistiň öwgüli sözler aýtmandygyna gynanan bolsa gerek, çaganyň seredişinden: sen gowy däde däl ekeniň diýen many aldy. Belli Nazar käselere çaý guýdy. Ikiçäk gürrüňe päsgel berjek ýok. Abdylla gorkdy. Belli Nazar teatryň işini sorar, başga näme sorasyn. Onuň soraryna garaşyp oturman, özi gep gozgasa?.. Oglunyň ýanyna gidip gelenini aýdanda bolman durmy. Hudaýlygyny sözlese, şony aýtmagy hyýal edip gelipdi. Agyr ýagdaýdan nähili çykalga tapyp bolar? Maslahat sorajakdy, ýöne bu ýere gelmeginde protest bildirmäge meýilli adamyň töwekgelligi-de bardy. Häzir şol niýetinden el çekip otyr. Ýakymsyz ýagdaý sebäpli gürrüňiň syýasata ýazmagyndan çekindi, derdini aýdyp, häkimiýetlere şikaýat etmäge ýörite gelipdir diýilmeginden gorkdy. Belli Nazardan resmilere garşy durýan resmiligi duýdy. Telim ýyl geçirip, Abdyllanyň häzir keýpine gelmändigini Belli Nazar bilip oturandyr. Onuň gapysy keýpine gelinýän gapy däl-ä! Hiç zat diýmän, bir käse çaýyny içip, sagbollaşyp gidiberse näder? Belli Nazaryň kalbyna müňkürlik gider, Abdyllany ýörite iberilen aňtawçydyr öýder. Belli Nazar Abdyllany žurnal stolunyň ýeňsesindäki kürside oturtdy, öňüne çaýly käsäni, süýjüni, ülje mürepbesini, kiçi çemçe bilen tarelkajyk süýşürdi, özi-de bir käse çaý alyp, iş stolunyň aňyrsyndaky aýlanýan oturgyjyna geçdi. Belli Nazar Abdyllanyň garaşan sowalyny bermedi, “Jandan” söz açdy, teatrda goýlan spektakldan däl-de, powestden. Powesti golaýda ýene bir öwre okandygyny aýtdy. – Deňeşdiräýmeli wakalar bar ekeni – diýdi. – Waka diýmän, ykbal diýseň has dogry boljak. “Jan” powestini alsak: instituty gutaran dessine Nazar Çagataýewi Moskwadan Garaguma ugradýarlar, sen jan halkyny ýok bolup gitmek howpundan halas etmeli diýýärler, elinde sowet hökümetiniň beren mandaty bar. Indi Töwratdan mysal alaly. Okansyň, okamasaňam eşidensiň: ýewreý halky Müsürde gulçulykda ýaşap ýör, oňa-da ýok bolmak howpy abanýar. Musa pygambere-de halkyny halas etmek buýrulýar. Oňa mandat beren hudaýyň özi! Ýewreýleriň Müsürde bolandyklary, Müsürden gaýdandyklary taryhy hakykat, ylym subut etdi. Nazar Çagataýewiň özem, onuň jan halkam genial ýazyjynyň fantaziýasyndan dörän hakykat, hakykat diýýänim, oňa fantaziýa diýmäge diliň baranok. Bibliýa mahsus çuňluga aralaşylýar, obrazda-da, pikirde-de, duýguda-da şol çuňluk bar. Sen geň görme, men şu ýerde bir awantýura ýüz urjak, Musa pygamberiň, Nazar Çagataýewiň gapdalynda üçünji adamy goýjak. Ol adamy sowet sistemasy döretdi. Nazar Çagataýewem sowetleriň terbiýesinde ulalan adam, ýöne tapawut bar. Nazar Çagataýew sowet hökümetiniň aýaga galyp barýan döwrüniň adamy, meniň üçünji adam diýjegim sowet imperiýasynyň çagşan döwrüniň adamy. Häzir ol adam özüne resmi at aldy, Uly Ýaşuly diýdirdi, halkyň halasgäri diýip jar etdirdi. Ol kimden mandat alyp orta çykdy?.. Belli Nazaryň pauza bermegi, has beteri-de, bu sowala seniň jogabyňa garaşýan diýen manyda çiňerlip seretmegi Abdylla ezýet berdi, tutuş bedeni gowşady. Ol eşidenlerini aňynda bir ugura gönükdirmäge-de ýetişmändi. Hudaýa şükür, Belli Nazar Abdyllanyň ýaýdanjyny ünsüne almady, pikirini beýan etmek oňa has wajyp bolarly. – Uly Ýaşuly öz halkyndan mandat aldy diýdiler. Logika görä yzarlasaň, sepleşmeýän ýeri-de bar. Halas edilmegine mätäç halkda mandat bermäge ygtyýar nireden bolýarmyş! Jähennem, logikany bir gapdalda goýaly. Olaryň delili näme? Prezidentlige geçirilen saýlawda Uly Ýaşuly 99 prosent ses aldy diýýärler. Saýlawda kimi ýeňipdir? Hiç kimi! Hiç kimi ýeňmedik bolsa, oňa saýlaw diýip bolarmy? Gör, ýene logika ara düşdi! Iki ikiň dört – hakyky logika, iki ikiň bäş – talap edilýän logika. Düýn Uly Ýaşuly sowet respublikasynyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň birinji sekretary Pylany Pylanyýewiçdi, soňra garaşsyz ýurduň jenap prezidenti boldy, indem tutuş ýurduň eýesi, halkyň Uly Ýaşulusy. Ol halky kimden halas etdi? Sowet imperiýasyndan diýdiler. Kimler diýdi? Sowet ideologiýasynyň iki ikiň – bäş diýen logikasynda terbiýelenen emeldarlar diýdi. Meseläniň gyzykly ýeri öňde!.. – Kabinetiň gapysy bat bilen açyldy, Belli Nazaryň iki agtygy kürsäp girdi, telewizorly otagdan gaçyp gaýdandyklary görnüp dur, atasynyň oturgyjyndan ýapyşyp, yzlaryndan geljek kowga garaşdylar. Belli Nazar gaharlanmady, biriniň gelerine-de garaşmady, kiçi agtygyny goltugyna göterip, ulusynyň elinden tutup kabinetden çykdy, salym geçirmän dolandy, dowam etdi. – Üns berilmeli çözgüt öňde. Musa pygamberiň arkadagy hudaý diýdik. Şonda-da arzyly, eşretli mekana ýetmegiň ýolunda halky bilen kyrk ýyl! sergezdançylyk çekdi. Kyrk ýyl! Är ömri! Ýöne nähili bela-beter bolanda-da, pygamber çykalga gözläp kelle döwüp oturmandyr, hudaýa ýüzlenýär, hudaý gudrat görkezýär, müşgil zat galanok. Halky söz bilen ynandyrmaly ýerinde-de hudaý oňa çeper dilli Haruny kömekçi berýär. Nazar Çagataýewiň ýagdaýy başgady, arkasynda sowet hökümeti duranam bolsa, ýeňil bolmandy, kyndy, ýogsa onuňam bolşewikleriň häkimiýetine ynamy dindaryň hudaýa ynanjyndan pes däldi. Musa pygamberden tapawutly ýeri, gudrat diýen mistiki düşünjäniň Nazar Çagataýewe düýbünden ýatlygy. Ol pajygaly ýagdaýa düşende öz güýjüne, başarnygyna bil baglaýar, ýowuz hakykaty bolşy ýaly kabul edýär, ýeňil çykalganyň bolmajagyna düşünýär. Gorpa bir ädim galýança gidişýär, halys bolmajagyny bilende, sowet guramalaryny kömege çagyrýar, ýöne kömek hudaýyň gudratynyň ýeňilliginde gelenok, garaşdyryp gelýär. Real durmuşyň ýowuzlygy-da şunda. Kabinetiň gapysy ýene serlip açyldy. Myrat daş bosagada bökjekläp gygyrdy: – Ata, telefon! telefon! Däde Baýram, däde Baýram!.. Ol atasynyň öňüne düşüp ylgady. Abdylla Belli Nazaryň bir oglunyň Moskwada ýaşaýandygyny eşidipdi, näme kär edýändigini bilmese-de, onuň köp ýyl okandygyny, soňky gutaran okuwynyň Diplomatiýa Akademiýasydygyny-da aýdýardylar. Eger Belli Nazar Uly Ýaşula waspnama ýazan bolsady, bärde onuň ogluna uly wezipe bererdi diýýänlerem tapylýardy. Belli Nazar kabinete dolananda Abdylla bir ýakymsyzlygyň bolandygyny aňdy. Garaýşy Abdyllany unudana meňzeýär, penjirä garap, bir dem öz aladasyna maýyl boldy. – Ýaşuly, men turaýsam... – Ýok, otur! Oglumyza çagyryş iberipdik, türkmen ilçihanasy wiza bermegi togtadypdyr. Aýdyň bir sebäbem aýdanoklar diýdi, wagtlaýyn çäre, garaşyň diýipdirler. Näme, ýakymsyz bir waka boldumy diýip soraýar, meniň-ä habarym ýok diýdim, ýogam-da. Şäher-ä imi-salalyk diýdim, telefonda artyk bir zat aýdar ýalam däl. Nätjek, garaşmaly bolar-da. – Ol käsesindäki sowan çaýy owurtlady. – Ýaňky gürrüňe dolansam, Musa bilenem, Nazar Çagataýew bilenem mesele aýdyň, tabşyrygy bitirdiler, hersi taryhdan özüne laýyk orun aldy. Üçünji gahrymana orun boljakmy? Ine, häzirki sowal. Çaýyňy içsene, sowatma, maňa-da guý. – Belli Nazar käsesini uzatdy. – Üljäň wareniýesidir şol, gowudyr, dadyp gör, öz daçamyzdan... Uly Ýaşuly halkyny nirä eltmeli, kimiň gudratyna bil baglamaly? Görgüsiýaman halky hemişe idip ýörmelidir öýdýärler. Garaz, kelle döwüp oturmadylar, taýyn jogaba ýapyşdylar: Allanyň gudratyna daýanmaly! Uly Ýaşula-da, onuň eziz türkmen halkyna-da Alla aýratyn nazar salypdyr diýdiler. Onuň Musa pygamberden niresi kemmiş! Ruhy göterilen Uly Ýaşuly nätdi? Alla Adamatany palçykdan ýasan bolsa, meniň türkmen halkymy nurdan ýasapdyr! diýdi, eziz halkymy altyn asyra ýetirerin diýdi. Kommunizme ýetirerin diýse-hä gelşiksiz boljak, kommunizmi wada beren sowet imperiýasynyň pytranyny türkmen ýap-ýaňyja görüpdi. Sowet Soýuzynyň başarmadyk kommunizmini men öz ýurdumda guraryn diýse-de boljakdy, SSSR-iň darganyna gynanyp ýören türkmen gaty köpdi. Diýmedi. Allany penakär tutunyp, gapdaly bilenem hudaýsyzlaryň wadasyna ýüz ursaň, sepleşjek däl, täze mif gerekdi. Täze diýibem kommunizmiň ekiz taýy “Altyn asyryň” ýakasyndan tutdular. Adamzadyň döreden köne mifi! Onuň beýik mifdigini psiholog alym Ýung düşündirýär: Altyn asyr – arhetip diýýär, ony tutuş adamzady öz içine alýan çagalar bagyna meňzedýär, ony adalatly, dana serdar dolandyrýar diýen ynanja gol ýapylýar diýip ýazýar. Bir mahal “Altyn asyryň” bolandygyny hytaý akyldaram aýdýar, şonda adamlar bagtyýarlykda, sazlaşykda, rowaçlykda ýaşapdyrlar, soňra ony ýitiripdirler, şondan bärem dünýäniň halklary “Altyn asyry” arzuwlap ýörenmişler diýýär. Altyn asyry oýna öwrenler bizden öňem az bolmandyr. Bäş ýüz ýyl ozal Milanyň häkimi gersog Moro on altynjy asyry Italiýanyň “Altyn asyry” diýip jar edýär, köşgünde görlüp-eşidilmedik dabara gurnaýar. Garyp oglanjygyň endamyna altyn çaýyp, “Altyn asyryň” simwoly şü! serediň! – diýýärler. Reňkden bedeni zäherlenen çaga şol ýerde, beýik Leonardo da-Winçiniň goltugynda jan berýär. Italiýanyň başyndan betbagtlyk inýär. Men muny mysal üçin aýdýan, sapak bolar diýip aýdamok. Taryhdan adamzat sapak almagy başaranok, başarmaýany üçinem temmi alyp gelýär diýen alym mamla. Uly Ýaşuly halkymy “Altyn asyra” ýetirerin diýen dessine öňki kommunist wagyzçylar nätdiler? Biz eýýäm “Altyn asyrda” ýaşap ýörüs diýip, şowhun turuzdylar. Musa pygamberiň kyrk ýylda başarmadygyny Uly Ýaşuly sähelçe wagtda başaraýan bolsa nätjek! Musanyň hudaýyndan Uly Ýaşulynyň Allasy zor ekeni! Şeýle diýägeden, Uly Ýaşulynyň eline pygamber hasasyny tutdurdylar. Bir öwrümde Uly Ýaşuly wagyzçylaryna: gaty gidýän bolmaň? – diýdi, bir ýagdaýa ünsi çekdi. Musa pygamberiň ýewreýleri kyrk ýyllap entedip ýörmesinde aýratyn bir many bar ahyry! – diýdi, ýogsam bolmasa, ol bada-bat eşretli mekana ýetip biljek, ol – pygamber, arkasynda Hudaý dur! Näme üçin kyrk ýyla çekdirýär? Müsürdäki ýaşaýyşa öwrenişen nesil ýolda ölüp-ýitip, ýok bolup gitmeli ekeni. Täze nesil köneden bihabar bolsun, şübheden, ýaýdançdan halas adamlar ýetişsin diýen ekeni!.. Indi şu pirimi özümize ýöňkäp gör. Çaltrak ýok bolup gitmeli nesil: men, sen, sowet zamanynda bilim alanlar, siwilizasiýany ýatlajaklar! Bu tutumyň amala aşmagyna tebigy baýlyklarymyzdan, gazdan, nebitden gelýän gyzyl pul kömek edýär diýsem, geň görme. Şoňa Hudaýyň gudraty bilen kyn pursatda ýewreýleriň depesinden guýlan bulamak diý-de düşünäý. Ýurduň, döwletiň, il-günüň ýaşaýşy, Uly Ýaşulynyň häkimliginiň saklanmagy diňe şol pula bagly. Içki önümçiligi gurnamaga, ösdürmäge döwletbaşyda isleg ýok. Ykdysady ösüşe höwes artsa, raýatlaryň maddy ýagdaýy ganymatlaşjak, häkime baknalyk peseljek. Elbetde, emelsiz çopan üçin sürüni örä goýberenden ýataga gabap goýmak has ygtybarly. Örä goýberilen mal sagdyn bolýar, aýagynyň ýelini almak üçin ylgajak, towusjak, oýun etjek, burnuna ýel düşse, pytrap gidäýmeklerem ähtimal. Ýatakdaky mal welin, eýesiniň eline garap dur, bakna. Baknalara ölmez-ödi paýlamaga gyzyl puluň sähelçe bölegi ýeterlik. Ol pulam bereňde ”mugt berýän, men sizi mugt idedýän” diý, şoňa-da monça bolarlar, ýalkasaň – ýaz, gargasaň – gyş. Esasy aladaň häkimligiňi berkitmek bolsun. Keseden gelenleriň gözüni gamaşdyrmak üçin altyn gümmezli köşklerden, kaşaň ymaratlardan, täsin fontanlardan dekorasiýa ýasat. Ine, biziň beýik Ýaşulymyzyň gümra bolup ýören işi-pişesi... Başyňy agyrtmaýyn-la, gowusy, aýdym diňläli-le!.. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |