19:45 Gorky belasy -3/ romanyñ dowamy | |
■ Ýedinji bölek
Romanlar
Daşky gapynyň jaňyny basdylar. Gapy açyldy, erkek adamyň sesi eşidildi. Myrat atasyny çagyrdy. Belli Nazar çykanda gapyny jebis ýapmany üçin dälizdäki sesleri Abdylla eşidip otyrdy. Öňi bilen ýogyn sesli adam Belli Nazara salam berdi, soňra: – Ýaşuly öý kitabyňyzy göräýsek – diýdi. – Heý, günde-günaşa-da öý kitabyny görmek bolarmy? – Belli Nazaryň äheňinde zeýrenç duýulmady, aç-açan närazylyk bardy. – Ýaşuly, kimiň ýaşaýanyny, kimiň nirede işleýänini ýazyp ýörüs. – Dogry ýigrimi gün ozal ýazyp gitdiler. – Olar etrap häkimligindendir, biz şäher häkimliginden, ýaşuly. – Aýlanyp, wagt ýitirip ýörmän, ýazylany alaýmaly ekeniňiz-dä. – Ýitse, biziň wagtymyz ýitýär, biziň aladamyzy edip, azara galmaň. – Bu ses başgady, haýbatlydy, inçedi. – Seniň wagtyň ýitýän bolsa, meniň nerwim, sabyr-takatym ýitýär! – Belli Nazaryň sesi gataldy. – Ýaşuly, biz diňe siziň gapyňyzdan gelemzog-a. – Ýogyn ses seresaplygy elden bermedi. – Etrapdan gelenlerem şeý diýdiler, ertesi gyzyklanyp gördüm, goňşularyň birine-de barmandyrlar. Siziň häkimlikden diýeniňize-de ynanamok, siz organ işgärleri ýa-da şolar tarapyndan iberilen adamlar. – Belli Nazaryň gahary artdy. – Organ işgärleriniň gelmäge haky ýok diýjek bolýarmyň? – Inçe sesli şer aramaga meýillidigini aç-açan duýdurdy. – He-he, size berlen ygtyýary haýsy akmak inkär edip biljekmiş! – Ýaşuly, keseden gelenleri öýüne goýberip ýörenlerem az däl, barlamasak bolanok. – Ýogyn sesli ylalaşma äheňini ýitirmedi. – Ynha, öý kitaby gerek bolsa, görüň. – Aýal sesi ara düşdi, Belli Nazaryň aýalydyr. – Bar, sen içeri gir, dawa-jenjeliň geregi ýok, her kime berlen iş bardyr, näme sorasalar özüm jogabyny bererin. Belli Nazar kabinete girmedi, aýak sesine görä, ol aşhana ýöneldi, belki eýwana çykandyr, özüni dürsemekçi bolýandyr? Ýeri, indi Abdylla nädip özüni dürsesin? Belli Nazaryň ogluna berilmedik wiza bilen häzirki barlagyň arasynda baglanyşyk bolaýmaly. Öý kitabyny soranlar at ýazanlary bilen oňmazlar, Belli Nazaryň aýalynyň berjek jogabyna-da ynanmazlar, otaglara aýlanyp çykarlar. Bu barlag Belli Nazaryň ýanyna kimiň gelendigini anyklamak üçin edilýän bolsa bilýärmiň? Onuň bu öýe girenini ýaňy görendirler. Abdyllanyň kimdigini sorarlar, işleýän ýerini ýazyp alarlar. Bähbit arap Belli Nazaryň ýanyna gelmändigiňi nähili düşündirersiň? Edebiýatyň, sungatyň gürrüňini etdik diýersiň. Bu şekilli gürrüňleriň bolýandygy bu ýurtda bireýýäm unudylan zat. Iň ýamanam, “Gürrüň etjek bolsaň, Belli Nazardan başga adam tapmadyňmy?” diýerler. Belli Nazar bilen bir ýüpe daňyldyň, sypara ýer galmady!.. Abdylla deminiň howra öwrülip, agzynyň gus-gury bolandygyndan başga-da, bedeniniň gyzýanyny, munuň tersine aýalarynyň sowaýandygyny duýdy. Sowuklyk nämäniň alamaty bolup biler? Sowuklygy ikinji gezek duýýar, birinji gezek haçan?.. Hä-ä, depäň üstünde, alabeder daşyň düýbünde ýer bagyrtlap ýatyrka. Howp bilen ýüzbe-ýüz bolanda sowaýar. Bedeniniň gyzmasy ony alada goýmady, sowuklykdan gorkdy. Daşky gapy ýapyldy, dälize ümsümlik aralaşdy. Abdyllanyň süňňi goram-gowşak, kürsä siňip barýar. Häzir git diýilse-de, öz aýagy bilen turup gitmäge gurbaty çatjak däl. Howlukmagyň geregem ýok, ýaňky gelenler beýle bir çalt giderler öýtme. Belli Nazar kabinete ýylgyryp girdi, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly. Biperwaýsyramanyň oňa kyn düşýändigini Abdylla bilip otyr-a. Ýa Abdylla hiç zat eşiden däldir öýdýärmikä? Eşideniňi duýdurmaly däl, duýduraýdygyň Belli Nazaryň güni geler, has howply pikirleriň başyny agyrdar, gaharyny gowzadar, şeýdip, kemsitmeleriň içde gemre baglamazlygyny gazanjak bolar. Belli Nazar şeýle endige eýerýän adam bolmaly. Belli Nazar tekjedäki kitaplaryň üstünde bitertip ýatan kassetalara seredip başlady, saýlan kassetasyny iş stolunyň gyrasynda duran magnitofona goýdy. – Bagşylaryň aýdymlaryny kasseta ýazyp satýan ekeniler, begenäýdim – diýdi. –Radiodan-a berenoklar, ogryn-dogryn bir ýol tapylmaly-da... arada bazardan aldym. Ol oturgyjynda jaýlaşykly oturyp, çyny bilen aýdym diňlemäge häzirlendi, saz başlanmanka mübtela bolup, gözüni süzüp garaşdy. Dutaryň zaryn owazy eşidildi. Abdylla bu aýdyma beletdi, halap diňlärdi. Häzir Ödenyýaz bagşynyň gadymýetiň ýaňy bolup eşidilýän sesi ýaňlanar. Dutary ýeke özi çalýardy. Ol Saýly atly şahyryň söwer ýardan jyda düşmegiň apatyny beýan edýän setirlerini elegiýa-aga öwrüp aýdar: “Bilbil uçdy, dag deresin zag aldy!” diýip eňrär. Belli Nazar bagşynyň süýji labzyna, aýdymyň hesretden doly heňine maýyl, gözüni açman, başyny yrap diňleýärdi. Bu aýdymyň näme üçin saýlananyna Abdylla bada-bat düşündi. Belli Nazar bilbilleriň uçup giden deresini ýurduň çägine geçirip oturandyr. Aýdym onuň monologynyň özboluşly dowamydy. Aýdym gutardy, Belli Nazar magnitofony öçürdi, aýdymdan galan owazyň otagdan gutarnykly ýitip gitmegine garaşýan ýaly, dymyp oturdy, soňam: – Neneň? – diýdi. – Gowy aýdym, halaýan aýdymym-da, elegiýa diýseňem boljak, äý, gowulygyna söz ýok. – Göz öňüne getirsene!.. dag deresini gargalar alypdyr, gargadan başga guş galmandyr. Adamlaryň eşidýäni diňe gargalaryň sesi: gak, gak, ga-ak... Irdenem, günortanam, agşamam şol ses. Gagyllanlary bilen oňanoklar, üstüňe poham ýagdyrýalar! Soňabaka adamlar bu ýakymsyzlyga halys öwrenişerler, ýakymsyzdyram öýtmezler, başga hili owazyň bardygyny bilýänler öler-ýok bolar giderler. Bilbilem ýatdan çykar, bilbiliň şirin owazam ýatdan çykar. Bilbilleriň owazy eşidilip duran bolsady, deňeşdirerdiler, gargalaryň gagyldysyny eşidip oturmaga sabyr-takat ýetmezdi. – Heý-de, bilbili unudyp bolarmy, ýaşuly, baglar, güller hemişe bilbili küýseder. – Tapdyň! Gepem şonda! – Belli Nazar kassetany magnitofondan çykardy, alan ýerinde goýdy. – Uly Ýaşuly tutuş ýigriminji asyry türkmeniň taryhyndan, aňyndan öçürmegi buýurdy. Ýigriminji asyr türkmeniň teatryny, kinosyny, telewideniýesini, metbugatyny, çeper kyssasyny, simfoniki sazyny, operasyny, baletini, heýkeltaraşlygyny, ýene... žiwopisini, Ylymlar Akademiýasyny döretdi, türkmeni siwilizasiýa goşdy! Biz ýigriminji asyryň eýesidik. Nähili edip bizi taryhdan, halkyň hakydasyndan öçürjek!? Bagy-bossan, gülzarlyk dursa-da, bilbili unudyň diýen ýaly akmaklyk bolmazmy? Belli Nazar oturgyjyna geçip dymdy. Abdylla soňky gönümel sowaly özüne ýöňkedi, meniň jogap bererime garaşýar diýdi. Abdylladan eşitjek jogabynyň öz ynanjyna çigit ýaly täsiriniň bolmajagyny bilse-de garaşyp otyr, bilkastdan edýär, Abdyllany aç-açan gürrüňe goşmak üçin edýär, ezýet berip, keýpden çykýar. Häzir Belli Nazar: men seni özüňden zyýat bilýän diýip magtansa-da Abdylla geň galjak däl. Menden eşidýän hatarly pikirleri hiç kesiň ýanynda aýtmaga milt etmejegiňi bilýän, gorkarsyň diýer. Gorky seni Uly Ýaşula-da, onuň garşydaşy Belli Nazara-da amatly adam edip goýdy diýer, heşelle kakar!.. Belli Nazar: – Türkmeni güpbasdy eden garaşsyzlygyň on ýyly näme berdi? – diýdi. – Ony bilim, medeniýet, aň taýdan on, ýigrimi, hatda, elli ýyl yza zyňdy! Ýitginiň öwezini haçan dolarys? Hudaý bilýär! Tutuş Merkezi Aziýada ýüz berjek ýagdaýy göz öňüne getirmek kyn, onuň täsirinden sypmak asla mümkin bolmaz. Serhediňi ýapanyň bilen, biz bitarap diýip gygyranyň bilen gazanjak utuşyň näme? Ertekidäki Hudaýberdi gorkagyň agaçlaryň şahalaryna ýüp aýlap, akmak döwleri aldaýşyny ýadyňa sal, beýle zat ertekilerde bolýar. Golaýda bir kitap okadym. Haýsy-da bolsa, bir halk ýitip gidende, öňinçä onuň bilimli, medeniýetli gatlagy ýok bolýar, şol gatlak bilen edebiýaty-da ýok bolup gidýär, diňe halkyň ýat beklän kanunlarynyň toplumy galýar diýlipdir. Bizde ýat beklär ýaly kanunam ýok, ýerine ýetirilmeýän kanunlary biljek bolýanam ýok. Uly Ýaşulynyň mukaddes diýlip kanunlaşdyrylan kitaplary bar, hawa, şolary bilmek hökman, ylym diýlip – ýaş ösdürimleriň esasy okamaly kitabam şolar. Ýurtda beýik şahyr, beýik ymaratçy, beýik alym, beýik syýasatçy, beýik taryhçy – ýeke-täk bir adam. Ylymlar Akademiýasy-da şol, Oba-hojalyk Akademiýasy-da şol, Medisina Akademiýasy-da şol. Sowet taryhçylary türkmeniň taryhyny 10-12 asyra gabap goýan bolsalar, Uly Ýaşuly görlüp-eşidilmedik sahylyk etdi: eziz halkyma bäş müň ýyllyk taryh berýän diýdi, taryhbaşy edibem Oguz hany belledi. Halk üçin öňki-soňky, parhy ýok, ýaşy on asyrmy, elli asyrmy, diýlene ”hä” diýýär. Halk öz taryhynyň zerurlygyny duýanok, döwürleriň, nesilleriň baglanyşygyny ýitirdi, baglanyşygy tapdym diýene-de geň galanok, soňy “agzy gyşygam bolsa, baý ogly geplesin” diýlenine barýar, geplemeli mahalyň geldi, aýdyber diýýär. Uly Ýaşuly aýdyp-diýip keýpden çykýar: türkmenler geçmişde onlarça döwlet gurupdyr, telim imperiýa döredipdir diýip magtanýar. Döredipmiş diýeli, bu ýerde başga bir sowal ýüze çykýar. Onça köp döwlet guran halkyň tire-taýpa pytyraňňylygynda galyşyny nähili düşündirjek, şu ýeri geň! Soňky sekiz asyryň dowamynda türkmeniň öz döwleti bolmady diýip, genial taryhçy diýlen Uly Ýaşulynyň özi boýun alýar. Öz döwleti bolmadygam bolsa, ýeserje ekeni diýmeli, kesekä döwlet gurup beripdir diýýär. Ermenini çagyryp, jaý gurduranmyşlar, türkmeni çagyrybam döwlet! Bu-da bir genial täzelik. Ermeniden parhly ýeri – ermeni ilki özüne jaý salypdyr, türkmeniňki tersine: “ädikçiniň ädigi bitmez” diýleni bolýar-da? Öz döwletini gurmagy unudypmyş diýeli, ermenini çagyryp, jaý gurduraýmaly ekeni-dä! Onam etmändir, gara öýi bilen mydar edip ýörüpdir. Sowet döwründe gara öýlerden dynyldy, gara öýe patriarhal, feodal geçmişiň simwoly hökmünde garaldy, sen beletsiň. Uly Ýaşuly indi “gara öý” diýeniňizi eşitmäýin diýdi, “ak öý” diýmegi buýurdy, ata-babalarymyzyň geçmişine ýagty çaýmaly, ak öýi türkmeniň simwolyna öwürmeli diýdi. “Uly Ýaşuly” diýen aňlatmanyň resmileşdirilmegi-de ak öý bilen bir ugur. Dabaralarda ak öý dikildi, maňlaýyndan Uly Ýaşulynyň portreti asyldy. Emeldarlar nätdiler? Kaşaň tamlarynyň öňünden haýdan-haý ak öý dikdiler. Ak öý dikene çyn türkmen diýiljek bolsa, serediň, gümmez ýaly sekiz ganat öýüň tegelenip durşuny! Ýekesi-de ýeke gije onuň içinde ýatmady. Olar sowet döwrüniň emeldarlary, olar öwrenen emellerini edýärler. Öň gymmatbaha garniturlaryň tekjelerini Moskwada neşir edilen owadan jiltli kitaplardan doldurardylar, kitaba medeniýetiň simwoly diýilýän bolsa, serediň, şol simwol biziň törümizi doldurdy! Indi sen iki simwoly deňeşdirip gör: kitap türkmen üçin ylmyň-bilimiň, medeniýetiň simwolyna öwrülipdi. Indi täze bir simwoly – ak öýi hödürlänler näme diýdiler? Olar üçin indi ak öý geçmişe wepalylygyň simwolymyş. Uly Ýaşulynyň aýdýanlaryndan çen tutsaň: kitap – sowet geçmişi, ak öý – geljegiň, çyn türkmen bolmagyň alamaty. Logika düşündiň gerek? Ýa-da “ýaşuly” diýen sözüň aňyrsynda ýatan düşünjäni alyp görsek. Türkmenlerde ýaşuly adam, maşgalanyň ýaşulusymy, tiräniň ýaşulusymy, iliň ýaşulusymy, parhy ýok, maşgalasynyň, köpüň mydary bilen ýaşapdyr, köşgi-eýwan küýsemändir. Köşkde ýaşana ýaşuly diýilmändir, patyşa diýlipdir. Ýaşulyny köpçülikden aýryp bolanok, ýaşuly köpüň arasynda ýaşuly. Özüňe ýaşulylaryň ulusy diýdirip, telim köşkde ýaşap, raýatlaryňa-da gara öýde ýaşaň, çyn türkmen boluň diýseň... – Belli Nazar güldi. –Oguz hana bäş müň ýyl ýaş berip, goltugyna-da türkmen pasportyny gysdyran ýaly emelsiz oýun bolýar. Häzir ak öýüň simwolam modadan düşdi, ornuny Uly Ýaşulynyň mermer köşkleri eýeledi. Tutuş paýtagta ak mermer geýdirjek diýdi. Perikl döwründe gadymy grekler Parfenony, Akropoly ak mermerden bina edipdirler, ak mermeri abatlygyň, demokratiýanyň simwolyna öwürýäs diýipdirler. Mermer daşy egninde göteren gullara ol simwolyň degişli ýeri ýokdy. Uly Ýaşulynyň mermer köşklerine seredenler näme diýmeli? Ak öýsüzem Uly Ýaşuly bolup bolýan ekeni diýsinlermi? Perikl grek köpçüligine azat raýatlar diýipdir. Uly Ýaşuly türkmen köpçüligine garamaýaklar diýýär. Diliň taryhyny öwrenýän bir alym: gadymy türk dilinde “garamaýagyň” “at tezegi” diýen manysy bar ekeni diýdi. Wagyzçylar: munuň üçin türkmeniň kemsinmäge haky ýok, Uly Ýaşuly halk demokratiýasyny dabaralandyrdy, ol öz baştutanlygynda ýaşulylaryň döwlet geňeşini döretdi! – diýerler. Kanagatlanmadygyň ýüzüne palçyldadyp urara ýene bir delil bar: “Uly Ýaşulynyň permany bilen öňki Kompartiýa Demokratik partiýa diýen belent ada mynasyp boldy!” Uly Ýaşulynyň köşklerini gullar guranok, garamaýagam guranok, daşary ýurt kompaniýalary öz adamlaryny getirip gurýar. Garamaýak bulary men gurdum diýip bilmez. Ýaşuly bolmak nire, öýüňi kesekä gurdurmak nire?! – Belli Nazar ýakymsyz güldi, dymdy, gürrüňi dowam etmelimi-dälmi, özi bilen geňeşýäne meňzedi. Soňra sesini peseldip dowam etdi. – Meniň ynanjyma görä, synagdan geçen taryhy hakykat bar: bir gezek döwlet bolup ýaşamaga ram eden halk soň tire-taýpa düzgünine dolanmaz. Eger Uly Ýaşuly ýigrimi birinji asyrda aýratyn alnan ýurtda feodal-patriarhal düzgüni ornaşdyryp bilen bolsa, şol ýurtda ýaşaýan halk öň döwlet bolup ýaşamaga ýeterlik ram eden däldir diýse bolar, başga delil tapmak kyn. Abdylla: – Men bir delil getirip biljek – diýdi. – Ýeri!.. – Belli Nazar aýdyljak delili turuwbaşdan ýalana çykarmagyň höwesi bilen bisabyr garaşdy. – Meniň delil diýýänim gös-göni taryhy tema degişlem dälse däldir... – Aýdyber, aýt! – Türkmen halysynyň dünýä meşhurlyg-a çyn? – Hawa, çyn. – Hala salnan nagyşlaryň, ornament diýseň hasam jaýdar, ornamentleriň hakyky manysy örän gadymy siwilizasiýalara baryp ýetýän ekeni. – Gynançly ýeri, şu günki eli çeper türkmen halyçylary şol ornamentleriň gadymy manysyndan bihabar. Birgiden halyçy aýal bilen özüm söhbetdeş bolup gördüm. Halylara, geýimlere üçburçluk, kwadrat, romb şekilli nagyşlar salynýar. Olar nireden ornamente düşüpdir, asyl manysy näme? Bilenoklar. Ýönekeýje mysal: doganyň şekili üçburçluk. Biz jaýlaryň gapysyndan üçburç doga asýarys. Näme üçin? Gadymy ynançlara görä, üçburçluk zemin hudaýynyň simwoly. Zemin hudaýy jaýlaryň, öýleriň penakäri. Günbataryň arhitekturasynda gapylaryň, penjireleriň ýokarsynda bezeg şekilli üçburçlugy görýänsiň, ählisiniň düýp manysy bir. Şol birligi biz unudypdyrys. – Şol nagyşlaryň saklanyp galmagy nämä degmeýär! Şony saklap bilen halky püçege çykaryp bolmaz-a! – Halkyň mertebesine tokunýan ýok, halkyň hakydasynyň gürrüňini edýän. Halk hakykatdanam garaşsyz bolanda, taryhy hakydasyny dikeltmegiň aladasy bilen bolmaly, şonda köp sowala jogap tapylar. Eýse, Uly Ýaşulynyň jar edişi ýaly, häzirki tutuma türkmeniň özboluşly ýoly diýmelimi? Abdylla Belli Nazary tutaşdyranyna ökündi. Bu adamyň öz pikirini jedelsiz, gutarnykly äheňde aýdýanyna belet, jedele girip, onuň gözeilginç tekepbirligini peselderin öýdenok. Çaltrak şu ýerden garasyny saýlasa bolany. Arman, entek gidip biljek däl, ýaňky gelenleriň owarra bolandyklaryna ynamy ýok. Belli Nazar agyr dymyşlygy aradan aýyrdy. – Men häzir türkmenleri iki topara bölýän – diýdi. “Näçä böleňde-de seň pikiriň kime derkar!”. Abdylla diline gelen sözi asyl aýtjakmy! Diş gysyp diňlemeli, başga çykalgasy ýok. – Birinji topar: gepleýänler, has takygy, geplemäge ynam bildirilenler. Ikinji topar: geplemeýänler, dymýanlar. – Ol soňky söze has basym berdi, Abdylla: “maňa ýaňzydýar” diýip pikir etdi. – Birinji topar ýalan sözleýär, köplenç agzyna salnyp berlen sözi aýdýar. Bu topar ynsap, wyždan diýen düşünjä üns berip ýörmegi akmaklyk saýýar, ol bähbide gulluk edýär. Ikinji topar ýalan sözlemegi uslyp bilenok ýa-da çekinýär, dymyp oturanyny kem görenok. Dil ýarsa, çynyny aýdar öýdýär, belanyň iki barmak dilden gelýänine-de belet. Birinji toparyň çyny-da ýalan ýaly bolup eşidilýär, ikinji toparyň ýalany-da çyn ýaly. Il arasynda çynçylaryň sany köpem bolsa, eşider gulaga juda az ýalydyr, sebäbi sesini çykarýanlary juda az, üstesine-de sesleri gulaga ýeterden ýuwaş. Olaryň hyşy-wyşysy birinji toparyň galmagalynyň arasynda eşidilenok. Iki topara-da mahsusdyr öýdüläýjek umumy alamat barmy diýilse, bar diýmeli. Biperwaýlyk keseli – umumy alamat. Birinji topar aýdýan sözüniň manysyzlygy, many bolaýanda-da onuň özüne dahylsyzlygy üçin biperwaý. Söwdagäriň endigi-dä! Söwdagärem satan harydynyň soňky ykbaly bilen gyzyklanmaýar, unudýar. Birinji topar üçin – söz satuwa çykarylan haryt mysaly. Ikinji topar dogry sözüň ýer tutmajagyna belet bolany üçin biperwaý. Iki toparyň biperwaýlygyndan türkmeniň mentalitetine mahsus jähennemçilik döreýär, türkmeniň: “äý, bolýa-da” diýmesi şony aňladýar. Belli Nazar Abdyllanyň haýsy topara degişlidigini kesgitläp goýandyr, ýöne onuň özi soraýança aýtmaz ýa-da özüniň netije çykararyna garaşar. Hudaýa şükür, garaşmady, dowam etdi: – Tebigatda bolşy ýaly, her halkda, her adamda içki energiýa bolýar. Ýaşamak, ösmek-örňemek ýa-da ölüp-ýitip, ýok bolup gitmek şol energiýany sarp edişiňe, haýsy ugra gönükdirişiňe bagly. Türkmenden mysal tutaly. Türkmenler tire-taýpa bolup ýaşaýarkalar, her kimiň taýpasynda öz orny, mertebesi bolupdyr, garyp-pukara-da bolsa, birine aga-ini, daýy-ýegen, doganu-dolanan, garaz, garyndaşlyk sarpasy tutulýan ekeni. Abraý-mertebe diýen düşünjäni öňi bilen maşgala baglapdyrlar, maşgaladaky abraýyňa, ornuňa seredipdirler. Türkmeniň ähli energiýasy maşgalasyna sarp bolýardy. Sowet hökümeti maşgala aladasynyň esasy bölegini öz üstüne aldy. Çagalary okatdy, hünär öwretdi, maddy kömek berdi. Terbiýänem özümiz bereris diýdi. Çagalary ene-atanyň täsirinden boşatmak totalitar düzgüniň edähedi. Öz täsirine, öz ýoluna salmaly, imrikdirmeli, şolam edildi. Maşgaladan boşan energiýany nirä gönükdirmeli? Elbetde, totalitar sowet sistemasyny berkitmäge. Muňa kim garşylyk görkezjek bolsa, zora ýanap edildi. Diýdimzorluk aýylganç gorky döretdi. Gorkyny bir zeýilli edip, ýadaman-ýaltanman adamlaryň kalbyna salmalydy, goý, ol her kimiň öz-özüni kontrol edýän şahsy guralyna öwrülsin! Gorky diýlen duýgy – energiýa! Zyýanly energiýa! Ol adamlaryň mertebesini, erkinlige umydyny ýok etmäge gönükdiren güýç! Sowet Soýuzy dargady, türkmen garaşsyzlygyna ýetdi diýip gygyrdylar, ýöne gorkudan dyndyk diýilmedi. Gorky üç esse, on esse! artdy. Gorkynyň energiýasy türkmeni ysmaz edip barýar, geljegine garamaga ukybam ýok, höwesem ýok. Uly Ýaşuly: geçmişiňe gara, seniň uzak geçmişde beýik taryhyň bolupdyr diýýär. Taryh diýip, ýaş ösdürime rowaýat öwredilýär. Türkmen beýik bolupdyr diýlip toslanýan taryh peýdaly energiýa döredip bilmez. Diňe geçmişiňe garamak ölümiň alamaty, ölmek üçin energiýanyň zerurlygy ýok. Türkmen häzir bedeni sowap, ötenleriň ruhuna goşuljak pursatynyň golaýdygyny boýnuna alan hassa meňzeýär diýsem öte geçerin öýdemok. Beden sowadygyça adam dünýäniň aladasyndan daşlaşýar, gorkudan dynjagyna rahatlanýar, gorkynyň energiýasyndan boşap, hemişelik uka ymtylýar... Belli Nazar Abdyllanyň ýagdaýyny bilip aýdýan bolmasyn? Bir çetini belertdim, galamasyny öz diliňden eşitjek diýen manyda çiňerlip seredýär. – Juda tekepbir görünýän bolmagymam ähtimal. – Belli Nazar dowam etdi. – Bu näme, düýn sowet sistemasynda anjaýyn bilim alan köpçüligi püçege çykaraýdy, mähelle, süri derejesine çenli peseltdi, intelligensiýa diýlen tutuş bir gatlak döräpdi diýersiň, menem, özüňem şoňa goşarsyň. Hawa, hamala, döräpmiş diýeli, hany ol intelligensiýa?! Ýok! Ol öňem intelligensiýa diýen ady nädogry göteripdi, sowet intelligenti – şahsyýet manydaky öz klassyky derejesine gabat gelenokdy. Sowet ideologiýasynyň intelligensiýa diýip atlandyran toparyna girýänler üçin ylym-bilim kollektiwdäki çäklije ornuny eýelemek üçin gerekdi. Köpçülikden saýlanyp, ýekelikde öz başarnygy bilen gün görmek onuň üçin ölüme barabardy. “Azaşsaňam, köplük bilen azaş” diýilýärdi. Gara bokurdagyň gaýgysy bilen ýaşaýan adam şu günki mertebedir öýden zadyndan ertesi ap-aňsat el çekýär oturyberýär, aýypdyram öýdenok. “Jan” spektaklynyň ykbaly şu aýdanyma bir mysal. Ýok, başga sebäp bar diýseň, aýt, diňleýän... Abdylla geplemedi. Belli Nazar geplesin, ýüreginiň posuny döksün, keýpden çyksyn, Abdylla geplemez, geplemejegini ýüzüni asyp, ýegşerilip oturşy mälim etmelidi. – Başga-da bir energiýa bar, ol has aýylganç! – Belli Nazar käsesine çaý guýdy. – Adamlary synlaýyn diýip köçelere çykýan, öz pikirmi olaryň ýüzündäki alamat bilen gabatlaşdyryp görýän. Bu-da özüňi barlamagyň bir usuly, başga alaç ýok: sosiologik soralyşyk gadagan, diskussiýa gadagan. Adamlaryň ýüzündäki alamat sözden has ygtybarly. Synladygyňça gelejege umyt azalyp barýar. Ýüzlerde ýagtylyk ýok. Dürli öwüşgin bolmaly: bu alçak, bu wäşi, bu garagol, bu garasöýmez – şolary duýup bolanok! Ezýet, alada, horluk, çykgynsyzlyk olary birmeňzeş ýüze öwrüpdir. Birmeňzeş ýüz tolpada bolýar. “Tolpa” diýip, rusça aýdýanymy geň görme, türkmen dilinde şol manyny aňladýan jaýdar söz tapamok, “köpçülik”, “märeke” diýseňem bolanok, “bosgun” diýseňem bärden gaýdýar, manysy başgarak, ýogsa, “bosup gelýär” diýseň, başly-baratlyk göz öňüne-de gelýär. “Tolpa” diýseň welin, jüpüne düşýär duruberýär. Türkmenler tire-taýpa bolup ýaşanlarynda tolpa manysyndaky köpçülik bolmandy, tolpa soň döredi. Tolpanyň döremegine kollektiwiň täsiri bolup biler. Türkmene kollektiwiň nämedigini düşündirmegiň geregi ýok, sowet döwründe göreni-eşideni kollektiw. Tolpanyň tebigatyny düşündirýän ajaýyp kitaplar ýazylan ekeni, biz olardan bihabar galypdyrys. Tolpanyň süňňi, maksady bir bolýar, ýüzi-de bir, gulagy-da bir, ol bir manydaky gepi eşitsem diýýär, dürli manydaky söze gulak asyp durmaga, pikir öwürmäge onda sabyram, başarnygam, islegem, wagtam ýok. Onuň güýji ot belasy, suw belasy ýaly aýylganç. Başga-da bir energiýa bar diýenim – şol! Tolpa – yňdarma, bir ugura gönükdirseň bolany: ýandyrjak, ýykjak, ýumurjak, talajak, dargatjak, basjak, öldürjek. Tolpa keseden aýdylýan sözi, maslahaty diňlemegi kiçilik bilýär, namys bilýär, öz içinden damak ýyrtyp gygyrýan akmagyň, prowokatoryň sözüni welin, buýsanç bilen diňleýär. Hudaý çete çekilende, ornuny tolpa berýär diýlenine ynanaý. Bolşewikleriň öjükdiren tolpasy nätdi?! Ybadathanalary ýumurdy, hudaýa jort atdy. Uly Ýaşulynyň özi, wagyzçylary dynman halky hüwdüleýärler: türkmen, sen ar-namysly halksyň, türkmen, sen beýik imperiýalary guran halksyň, türkmen, sen üýtgeşik halksyň!.. Gidip otyr: türkmen, seniň batyrlygyň çeni-çaky ýokdur! – diýip gygyrýarlar. Hüwdi gulakda galýar. Men ýaňy köçedäki ýüzler hakynda aýtdym, men şolaryň bir tolpa birikmeginden gorkýan! Bir tolpadan on, ýüz tolpa dörär, hersi özüne kybapdaş ýaşulusyny tapar, hersi öz tiresiniň, taýpasynyň raýdaşlygyna buýsanar. Hüwdüdäki mahabatlandyrylan türkmendirin öýder. Batyrlygyny kimiň garşysyna gönükdirer? Biri-biriniň garşysyna! Tire-taýpa endigini ýitirmedik halkyň içki dawasy din dawasy ýaly aýylgançdyr, ody tutaşdyrmak ýeňildir, söndürmek juda kyndyr. Biz üçin has ýaman ýeri, sähelçejik wagtda döwlet dolandyrmakda sowet döwründen galan endigimizi ýitireris. Abdylla: – Beterinden saklasyn diýip gezibermeli öýdýän – diýdi. – Gezdirseler gezersiň. Gep dinamitiň haçan goýlanlygynda däl, haçan partlajagynda! Ýo-ýok, beýle diýsek bolanok, biziň ýagdaýymyzda haçan goýlandygam wajyp. Belki, dinamit goýlup ýörlendir, belki, goýlandyram. – Şu howpy Uly Ýaşulam aňýan bolmaly, bizi içimizden ýararlar diýip, häli-şindi aýdýar. Abdyllanyň çyny bilen aýdanyna Belli Nazar güldi, ýaňsy bilen gülýänligini gizlejegem bolmady. – Gep dinamiti kimiň goýýandygynda… – diýdi, galanyna özüň düşün diýen manyda dymdy. Eý-ho, tekepbirlik Belli Nazara, gör-bak, nämeleri diýdirmejek?! Uly Ýaşuly dinamit goýup, ýurtdaky asudalygy partladar öýdüp aýdýarmyka? Eger Abdylla şu sowaly beräýse, howply gürrüňe onuň goşuldygy bolar. Belli Nazaryň islegi şol! Abdylla ýegşerildi, çaltrak owarra bolmagyň alajyny gözledi. Gürrüňi gutar diýen duýduryş manysynda, adatça, žurnalistleriň ahyrky berýän sowalyna ýapyşdy: – Ýaşuly, teatr üçinem bir zat ýazýansyňyz-la? – diýdi. – Hyýalym bar – Belli Nazar sowala garaşan ýaly desbi-dähel stolunyň tahylyndan galyň depder çykaryp, waraklamaga başlady. – Birgiden halkda gadymdan galan täsin ynanç bar, iňlis alymy Jeýmis Frezer geň maglumatlar berýär. Adam ukudaka jan göwräni taşlap gidip bilýän ekeni, agyzdan çykyp gidýärmiş. Şol diýlen ugrunda bolmaly. Türkmenlerem ukuda ýatanyň agzy açyk bolsa halaýan däldirler. – Belli Nazar depderiň sahypasyna kakdy. – Tapdym. On bäş ýyl öň eden belligim bar. Rus žurnalynda günbatar türkmenleriniň arasyndaky bir däp hakynda ýazgy okapdym, togsan ýyl ozal çap edilen ýazgy, ýazanam türkmen. Kamary aý hasabyndan meret aýynyň on üç-on dördi şol däbiň bellenilýän günlerine düşýär. Oňa Agyr gün, Kir günem diýipdirler. Baýram ýaly bellenipdir diýilse-de, baýramçylyk keýpiniň bolandygyna ynanmak kyn, sebäp, mesele Ezraýyl bilen, ajal bilen bagly. On üçden on dördüne geçilýän gije Ezraýyl aýlanarmyş, öňdäki ýylda jany alynjak adamlaryň sanawyny düzermiş. Sanawa düşmezlik üçin her kim elde baryny etmeli: töwerek-daşyňy arassalamaly, ýuwnup-ardynmaly, sadaka bermeli, öýke-kinäni unutmaly. Bular bärki şerti, esasy ýeri: Ezraýyl adamlaryň jan-ruhuny synaga çagyrarmyş, çagyrylan pursaty jan göwräni taşlap gidýän bolmaly. – Jan gitse, adam öler-dä? Abdyllanyň çaga sadalygy bilen beren sowalyna Belli Nazar güldi. – Ezraýyl jany synaga çagyrýar, entek jan almaly diýlen zat ýok. Bu mesele gudrata ynanýanlary asla gyzyklandyrmaýar. Ezraýyl her hili päsgelçilik gurup, geçiň diýermiş, kimiň jan-ruhy ýykylaýdygy bagtynyň ýatdygy, gara sanawa düşýär. – Düşenini adam duýýarmyka? – Ony Ezraýyldan soramaly. – Belli Nazar güldi. – Ajaly öňünden bilmek hudaýyň bendelerine buýrulmadyk bolsa, Ezraýylam aýdar öýdemok. Meni Ezraýylyň synagy diýen ýeri gyzyklandyrýar. Synagy göz öňüne getirip bolsa!.. sahnada görkezibem bolar. Beýle iňkise gitdiň-le? – Düşnüksizräk ýerleri bar. Aýdaly, jan göwreden çykyp gidipdir, giden mahaly ýatany oýaryp bolýarmyka? – Frezeriň ýazgylaryna görä, jan dolanyp gelýänçä oýarmagy hatarly görüpdirler. – Janyň gidenini kim biljek? – Hiç kim. Mistikany jikme-jik düşündirip oturmak hökman däl. – Ezraýylyň nähiliräk päsgelçilik gurup biljegi-de aýdylmanmy? – Bu syry bilmegem hudaýyň bendelerine buýrulmandyr diýeli. Çak etse bolar. Adamlaryň arasynda Ezraýylyň ornuny tutmaga dalaş edýänler barka, synagy göz öňüne getirmek kyn düşer öýdemok. Teatr sahnasynyň özem mistika, gudrat! – Hawa-la... gyzykly oýun-a bolardy... Men-ä turaýjak, ýaşuly. – Abdylla Belli Nazaryň: asla sen nähili zerurlyk bilen geldiň? diýerinden ätiýaç etdi, öňüni baglady. – Äý, şu gün irden bäri, birhili, sizi göresim geldi durdy... Wagtal-wagtal görşüp, oturşyp, gürleşesiň gelýär, özüm-ä şeýle. – Aýdanyňa ynanýan, geleniňe juda minnetdar, gapym hemişe açyk. Abdylla girelgä çykansoň, diňşirgenip durdy, ümsümlik. Basgançagyň hersinden düşende sägindi. Köçä çykmazdan öňinçä eserdeňlik bilen iki tarapyna, garşydaky jaýyň penjirelerine garady, şübhe edere zat ýok ýaly-la?.. Başyny galdyrman gitdi, golaýdaky kese köçäniň burçundan öwrüldi, ädimini haýalladyp özüni dürsedi. ”Eý, hudaý, bu-da Ezraýylyň synagymyka?!” diýdi. Belli Nazaryň Ezraýyl hakynda aýdanlary ähli zady mistika öwrüp barýar. Agyr uka gitmesi, gören düýşi, alabeder daş, daşy görmäge gidişi, Uly Ýaşuly bilen gabatlaşmasy, häzirem boýnuna syrtmak salnyp çekilen ýaly Belli Nazaryň öýüne gelmesi... mistika! Wakalaryň baglanyşygy barha äşgär bolup barýar. Asyl Abdyllanyň özi olaryň döremegine ýardamçy bolsa nätjek! Belli Nazara beren sowalynda syrly baglanyşygyň bardygy häzir paýhasyna ýetdi. Ezraýyldan gep gozgalmagy üçin Abdyllanyň şol sowaly bermegi zerur ekeni, ýogsa Belli Nazaryň teatr üçin näme ýazandygyny bilmäge teşne bolup soramandy. Näme ýazanda-da, häzir onuň eseriniň sahnada goýulmajagyny bilýär-ä, bilse-de sorady. Sowal berilmegi – öý eýesine, jogaby-da Abdylla gerek ekeni: ol özüniň agyr uka gitmeginiň sebäbini eşitdi. Ine, saňa gerek bolsa mistika! Şundan soň Abdylla Belli Nazaryň öýüni kerep örýän möýüň öýjügine deňedi. ■ Sekizinji bölek Gündizki repetisiýadan soň Jemal ýadana meňzänok, ýörände darsyldap, ökjesi bilen agaç poly çökeräýsem diýýär. Adatça, munuň ýaly gözeilginç süňňüýeňillik onda täze köýnek geýip, üýtgeşik şaý dakynyp çykanda ýa-da şowly premýeradan soň bolýar. Häzir olaryň hijisem ýokdy, her kim tukat sahnadan, garaňky dälizlerden çaltrak sypyp, öz aladasy bilen bolmaga howlugýar. Jemal Abdyllanyň ýanynda eglenmedi. – Maňa Tagan garaşyp oturanmyş – diýdi, gaşlaryny kakyp, aýdan sözüne wajyp äheň berdi, Abdylla düşündi. – Agşam öýe bar, garaşýan. Abdylla öz ýanyndan: başlandy! – diýdi. Täze oýnuň goýuljagy çyn, Taganyň ýaňzydyşy ýaly, Uly Ýaşulynyň durmuşy bilen bagly bolmagy gaty ähtimal. Milli mertebäni beýgeltmegiň hatyrasyna döwlet ähmiýetli oýunlar goýlanda baş gahrymanlaryň roly tabşyryljak aktýorlary aýry-aýrylykda çagyryp gürrüň geçirmek Taganyň edähedine öwrüldi diýse-de bolar. Hiç hili aç-açanlyk bolmaly däldi. Nähili mesele bilen gürrüňe çagyrlanyň, nähili rola niýetlenýäniň seniň diliňden eşidiläýse, roldan mahrum ediljegiň-ä – bir, ikinjiden, tutuş möwsümiň dowamynda diňe köpçülik sahnada çykyş etmeli boljakdygyň hem berk duýdurylýardy. Dabaraly senelere, şanly baýramlara mynasyp sowgat bolmaly oýunlardan esasy talap – Uly Ýaşulynyň göwnünden turmak. Nähili derejede göwnünden turanyň dollarda berilýän baýraklaryň möçberi bilen kesgitlenýärdi, galyp – bir müňden ýigrimi müňe çenlidi. Ähli höwes, maksat ahyr pellede Uly Ýaşulynyň diňe özüniň jar edýän dollarda berilýän baýragy almak. Baýrak dabaraly ýygnaklara gabatlanyp, dabara geçirmäge niýetlenip, ýörite salnan köşkde, üç müň adamyň öňünde, telewizorda tutuş ýurduň seretmeginde jar edilýär. Teatryň ýolbaşçysy köşeşmeýän şowhunyň astynda dollarly bukjany alandan soň, kollektiw üçin hakyky alada başlanýar diýmeli. Berlen umumy baýrak nähili paýlanmaly? Bu meselede-de eýýäm belli bir ýörelgä endik edilendigini aňmak bolýar. Diňe aňyp oňaýmasaň, gaýry ýagdaýlar gizlinliginde galýar. Meselem, Taganyň özüniň näçe alýandygyndan hiç kimiň habary ýok, soraňda-da jogap berjek ýok, soramak has-da howply. Birinji gezek baýrak üleşiginde aç-açan närazylyk bildiren aktýor aňyrsy iki aýdan teatrdan gitmäge mejbur edilipdi. Ol biçäre oýnan rolunyň uludygyny delil tutunypdy. Baş gahryman diýilse-de, Oguz hanyň rolunda oýnan aktýoryň ähli aýdýany iki sahypadan geçenok, şonda-da oňa üç esse köp dollar berildi diýip jibrinipdi. Özüniň аýdýan sözüniň оn bäş sahуpa ýеtýändigini, üstеsine-de bаşdan-аýak hеreket еdip, judа ýadаýandygyny mуsal gеtiripdi. Оguz hаn bоlsa, kürsüdе оtyr, аlty оgly-da gаpdalynda dikilgаzyk dur. Оlara-da bеrlen dоllar azaplаryndan hаs аrtyk. Kоwlan аktýoryň aýdаn аdalatsyzlygynyň sеbäbi sоň аýan bоldy. Asyl bu ýerde esasy ölçeg aktýoryň nähili gahrymany oýnaýandygynda ekeni. Uly Ýaşulynyň taryhy açyşyna görä, Oguz han, onuň ogullary diňe türkmen halkyna degişli bolmak bilen, ilkinji döwleti, has dogrusy, imperiýany guran beýik şahslar. Nadyl aktýor olaryň ýigrenji duşmanyny oýnapdy. Onuň personažy nälet siňen, taryhda orun almadyk näkes. Beýle adam hiç bir weçden, hatda öz ýigrenji obrazyny sahnada döreden aktýora berilýän dollaryň möçberi bilen hem olara golaý eltilmeli däl diýen ýörelgeden ugur alnypdyr. Şol oýunda Abdylla Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň roly tabşyrylypdy. Uly Ýaşulynyň resmi taýdan mukaddes diýlip karar edilen kitabynda Gün han gunlaryň atasy, beýik imperiýa guran är. Öňden gelýän rowaýatlara salgylanmaly bolsa, Oguz hanyň başky üç ogly: Gün han, Aý han, Ýyldyz han şöhle bolup asmandan inen aýalyndan doglupdyr. Uly Ýaşuly golaýda bu rowaýata salgylanmagy, hatda agzamagy-da gadagan etdi. Oguz hanyň adynyň soňuna “türkmen” sözi goşulandan soň onuň öýlenen gyzyna mistiki many bermek aýagyňy ýerden üzmekdir diýdi. Şeýle-de bolsa, entek mistikadan arassalanmak doly başardanok. Uly Ýaşuly türkmeniň taryhy Oguz han Türkmenden başlanýar, Oguz han bäş müň ýyl ozal doglupdyr diýse-de, bir ýagdaýyň entek gümürtikdigini Abdylla-da bilýär. Elbetde, muny kişiň ýanynda aýtmasa-da, özünden gizläp bilenok. Oguz han heniz ejesiniň göwresindekä “Alla” diýen sözi çawuş bilen ejesine ýetirýär. Ýagty ýalança inen dessine ol beýik Alla uýmagy ejesinden berk talap edýär, talapy bitýänçä emmesini almajagyna kasam edýär. Ejesine Alla uýmakdan gaýry alaç galmaýar. Uly Ýaşulynyň Oguz hanyň adyna ýazan täze türkmen pasportyna görä hasap etseň, ol beýik Allanyň eradasy bilen yslamy dünýä jar eden Muhammet pygamberden üç ýarym müň ýyl öň doglupdyr. Diýmek, Oguz han ýa-ha ejesiniň göwresinde üç ýarym müň ýyl ýatyp ýa-da şonça ýyllar emmesini alman, yslamyň jar edilmegine garaşypdyr... Bolýa-la, bu zatlary anyklamak Abdylla galmandyr, bular Uly Ýaşulynyň işi. Abdylla – artist, sahnada Gün hany oýnany-da çyn, Uly Ýaşulynyň eçilen baýragyndan üç ýüz dollar alany-da çyn. Oguz hany oýnan artiste elli dollar artyk beripdiler, nesip etsin! Eger berilmedik bolsa näderdiň?! Berdi, Uly Ýaşulynyň jany sag bolsun! Üç ýüz dollar Abdyllanyň bäş aýlyk hakyna barabar. Baýragyň hasabyna Selbi, kösenmän, Hydyryň yzyndan gidip geldi, ýene gitdi. Milli Howpsuzlyk komitetinde işleýän çykany bilen gitdi, ogluny alyp gaýtmaklary ähtimaldyr, maksatlar-a şoldur. Selbiniň bu garyndaşy Abdyllanyň öýüne gelip-gidip ýören adam däl. Dogrusy, Abdylla ony halabam baranok, umuman, şol edarada işleýän adamlary halanok, öňem halanokdy, häzirem. Olar teatra gelselerem gizlin gelýärler, seniň üstünligiňi görmek üçin däl, gara sürtmäge delil agtaryp gelýärler. Selbiniň garyndaşy ýolda-yzda gabat gelen mahalam: “Ýer-ow, artist, nädýäň, oýnaýaňmy?” diýer geçer giderdi, nähili manyda düşünseň düşüniber. Selbi olara barmasyny goýanok, elbetde, ýüz berýändirler-dä, Abdylla gidelem diýenok, Abdyllanyň höwesiniň ýoklugy üçin diýýän däldir, dogry edýär. Abdylla ol adamyň Howpsuzlyk komitetinde haýsy ugurdan iş alyp barýandygyny-da bilenok, ideologiýa ugrundan däldigini çak edýär, sebäbi hiç mahal medeniýet işgärleriniň arasynda görnenok. Halamasa-da, ogluny şol dowzahdan alyp çykmaga kömek etse, taňyrýalkasyn diýmäge taýyn, kiçilik bilmez. Abdylla agşam Jemal bilen duşuşmalydygyny ýatlady, ähli aladasy gaýra çekildi. Ýaňy darsyldap geçip gidende Jemalyň daýanykly göwresini synlapdy, şonda dörän ýakym gaýtadan kalbyna doldy. Jemal owadan, görkli, ýöne bagty ýok. Abdylla muny Jemalyň ärsizligini, bir ýeksuruna aldanandygyny, ýeke çagasynyň kakasyz ulalýandygyny göz öňünde tutup aýdýar. Bagtsyzlygy Jemalyň özünem gyzyklandyryp, juda alada goýup barýan däldir-le?! Kesesinden synlab-a, onuň bagtsyzlygyny duýmarsyň. Şähdaçyklygy owadan ýüzüne bägülüň ýakymyny berýär. Ýaşy otuz bäşden geçip, göwresi biraz ýognapdyr diýäýmeseň, entek näzikligini saklaýar, ony teniniň mermer öwüşgini aýdyp dur. Jemal Abdylla üçin ähli babatda islegli, partnýor bolup sahna çykmak, oturşyp-turuşmak, degişmek, derdinişmek, ten ýakynlygyny arzuw etmek – bary ýakym berýär. Ten ýakynlygy arzuwlygyna galjak öýdýän. Häzirem Jemal towlanyp, owsun atyp gidende ony teşne göz bilen synlady. Gysby, uzyn köýnegiň gurşawyna düşen bedeniň aklygyny özüçe göz öňüne getirip, murty taban ýigit kimin gyjyndy. Bu isleg köp ýylyň islegi. Jemalyň bedenine golaýlaşan pursaty welin, derrew haram islegi üçin uýalmak duýgusy ýetişýär. Muny Jemalam aňýan ekeni. Sahnada söýgülileriň roluny oýnanlarynda, bir gezek ol duýduraýdy: “Oglan, öz ýygralygyň üçin gahrymanyňy bir kösem-ä!” diýdi. Abdyllanyň kösenjini diý! Teatr tomusda birki aý obalara gastrola giderdi. Agşam spektakl görkezip, gijäniň bir mahaly şäherdäki myhmanhana gaýdardylar. Awtobusda Jemal ikisi galapyn ýanaşyk oturardy. Ýadawlykdanmy ýa-da gaýry isleg bilenmi, Jemal Abdyllanyň egnine kellesini goýar, ýyly demi gulagynyň arkasyny gyjyklap, halys erkiňi alar, ýumry butlaryň gyzgyny süňňüni lerzana getirer. El ýetirip, sähelçe sypasa bolaýjak welin, başaranok. Eý, akmak, seniň aýgytly hereket ederiňe ol görgüli garaşyp otyr, göz ýumup garaşýar! – diýip, özüni gyssabam görerdi. Teý bolanok! Jemaly ýitirerin öýdýär. Jemalam dowam edip gelýän bu gatnaşyga öwrenişip gidendir. Ten ýakynlygy ygtybarsyz-a, sebäp, iki tarapyň-da biri-birine borjy artýar, borç jogapkärligi talap edýär, jogapkärlik diýeniň agyr ýük-ä! Konfliktler ten ýakynlygyndan soň başlanýar. Segseninji ýyllarda Tagan Abdyllany partiýa girmäge yrypdy. Partiýa agzasy bolmasak, biziň sözümizem diňlenmez, at hem, orunam bermezler diýdi. Şol mahal teatryň profsoýuz komitetiniň, oňa ýerli komitetem diýlerdi, başlygynyň ýanyna barany şu günki ýaly ýadynda. Kompartiýanyň agzasy boljak bolsaň, gowy häsiýetnama gerek, onuň aşagynda profsoýuz komitetiniň başlygynyň golunyň bolmagam hökman. Onuň haýyşyny eşidip, ýerli komitetiň başlygy şelaýyn ýylgyrdy: – Partiýa çlenligine ahlak-moral taýdan arassa adamlaryň alynýandygyn-a bilýänsiň – Abdyllanyň göwnüne bolmasa, ýaşuly aktýor bu sözleri içki dabara bilen aýtdy. – Bilýän. – Bilmek bilen bolmagyň arasynda birgiden düşünişmeli zatlar bar… Meselem aýdaly, sen Jemal bilen ýakynlygyňy töwerekden ýaşyrjagam bolaňok, ikiňiz bile biten ýaly. – Biziň gatnaşygymyz ýoldaşlykdan, dostlukdan aňry geçenok. – Aýal bilen beýle gatnaşyk bolýanmydyr? Şuňa aýalyň görgülem ynanýarmy? – Aýalym soranogam. – Partiýa geç bakaly, sorar, arza-da ýazar. – Ýazanda görübermeli bolar. – Ýo-ýok, partiýa soň boljak zady öňünden bilip goýmagy bizden talap edýär. Sen git-de, bu meseläni aýalyň bilen mazaly düşüniş. Arz etmejegi hakynda dilhat sora, ätiýaçdan seýfe taşlaly, ýatsyn. Abdylla gatyrganypdy: – Siziň müňkürligiňiz Jemalyň mertebesini kemsidýär! Ýaşuly aktýor gözlerini güldürip, Abdylla has çiňerildi. – Sen eşegi otdan goýup ýören bolma, ogul... Partiýa meselesi şol ýerde galypdy. Taganyňky şowly bolupdy, ony teatryň baş ýolbaşçysy goldaýardy. Olaryň ikisiniň familiýasy-da golaýdy. Taganyňky Gulberdiýew, ýolbaşçynyňky Gulgeldiýew. Olaryň arasyndaky raýdaşlygy familiýalary bilen aňlatsa-da boljak: gul gelip, gula berýär. Şeýle-de boldy, Gulgeldiýew ölenden soň onuň ornuny Gulberdiýew eýeledi, Tagany öz ýerine taýýarlaýarmyş diýleni dogry boldy. Teatrda ýene dört adam “gul” sözi bilen bagly familiýany göterýär. Selbiniň çykanynyň ady-da Gulnazar. Ýeri, bu halkda gul sözüne beýle uly hormaty nähili düşündirip bolar? Gullara hormat goýmak diýip düşünjekmi ýa-da özleriniň hem gula golaýdyklaryny aňlatjak bolundygymyka? “Gul psihologiýaly adamdan erkin pikire, göwnejaý esere garaşmagyn” diýip, Belli Nazaryň aýdany Abdyllanyň gulagynda galypdyr. Abdylla öz adynyňam “gul” manysyna baglydygyny bilýär: Abdylla – Allanyň guly diýmek. Agşam Abdylla baranda Jemalyň ýeke özi ekeni. Ol gülgüne reňkli ýüpek halat geýipdir, diýseň gelşikli. Ýüpek halat onuň görküne görk goşýarmy ýa-da, ol halada täsinlik berýärmi, aýyl-saýyl etmek kyn. Öwüşginli gara saçyny goýberipdir, eginlerine seçelenip düşýär, alkymynyň, göwüsleriniň aklygy gara saçyň gapdalynda has-da gözeilginç. Golaýlaşanda ondan hoşboý ys aldy, ýakymly salkynlyk duýdy. Bu ýerde gaýgy-da, howsala-da ýok, jana aram berýän ümsümlik bar. Üc gat kerpiç tamyň ortaky gatyndaky üç otagly jaý Abdylla üçin dünýäniň goh-galmagalyndan ygtybarly gaçybatalga diýseň dogry bolar. Bu ýeriň rahatlygy Belli Nazaryň öýündäki howpuň derejesini has-da artdyrdy. Abdylla gözsüz batyrlyk edenini gorky bilen ýatlady. Jemal ýeňillik bilen pessejik stoly diwanyň öňüne süýşürdi, üstüne nohut, kişmiş, halwa goýuşdyrdy, käselere çaý guýdy, özem Abdyllanyň golaýynda diwana çökdi. Abdylla onuň hereketinden boljak gürrüňiň höwesini duýup otyrdy. Jemal çawuş äheňde sesini peseldip: – Uly Ýaşuly Tagana penjekleriňizi taýýarlaberiň diýipdir – diýdi. – Tagan-a bu gezek diňe dollar bilen oňdurmaz, göwnünden tursak adam berer diýýä. Pýesa entek Taganda ýok, kimiň ýazanynam bilenok. Belli bir adyň görkezilmezligem mümkin, islese Uly Ýaşulynyň özem ýazyp biler, çagalygyny, ene-atasyny Ýaşulynyň özünden gowy ýazjak barmy diýdi. Döwlet gimnem atsyz-a, geň görýän ýok. Garaz, Tagan uzak garaşdyrmaz, senem çagyrar. Abdylla başga nähili gürrüň boldy diýip soramady, onsuzam Jemal aýtmasyz zatlary aýtdy, Abdyllany eziz görýäni, özüne ynanyşy ýaly ynanýany üçin aýtdy. Beýle ynam bu owadan zenana ýakynlygyň guwanjyny has-da artdyrdy. Hyjuw ony garaşylmadyk batyrlyga iterdi. Ol Jemalyň daýanykly göwresini gujagyna gysdy. Jemal garşylyk görkezmedi, çekiljegem bolmady. Abdyllanyň aýasy ýüpek halady sypasa-da, ten tene degen ýaly odukdyryjy ýakym duýdy. Häzir Jemal onuň her barmagynyň gymyldysyny duýup oturandyr, belli bir çäge ýetýänçä garaşar. Ol çäk nirede? Abdylla Jemalyň göwüsleriniň üstüne kellesini goýdy, onuň ak alkymyndan usul bilen öpdi. Jemalyň bedeni tisginen ýaly boldy, çekiler öýtdi, çekilmedi. Onuň geplemän oturşy pursatyň gyzygyny artdyrýar, bägüli ysgap gör, göwnüň galmasyn diýen ýaly alamat bolmagy-da mümkin, mundan artyk seniň paýyň ýok, şoňa seniň özüň düşünmeli diýýändir. Güli çürtýän başga adam. Ol gümrük gullugynda işleýän garny ýogyn diýýärler. Bu hakda Jemalyň özi dil ýaranok, Abdylla-da soramaga het edenok. Seniň ne işiň diýse, näme jogap bersin? Meniň hakym ýok, näzik bedeni eýelemäge, islän mahalym guçmaga hakym ýok, bu näzenine erk etmäge hakym ýok, hakym ýok! Ol maňlaýyny Jemalyň kükregine urup, gygyryberesi geldi. Oňa derek: – Jemal saňa öýlenmedigime henizem geň galyp ýörün-dä – diýdi. – Häzir bu gürrüňiň ýeri däl! – Jemal onuň goltugyndan sogruldy, turup telewizory açdy, ýöne ekrana seretmedi. – Güllere täze jora tapyldy, meniklije gyz, bize-de gelýär. Gapdalymyzdaky girelgä göçüp geldiler, o taýda öň oruslar ýaşaýardy, olar jaýlaryny satyp, Orusýete gitdiler. Güller bilen ol täze jorasy indi telewizora-da seredenoklar, kompýuteriň yşgyna düşüpdirler, häzirem oturandyrlar. Abdylla Gülleriň Aýdym bilen jora bolmagyny küýsäpdi, soňra bu isleginde aldaw, hile bar ýaly duýdy, el üzdi. Jemal Selbi bilenem tanyş, duşan ýerlerinde gürleşýärlerem, gatnaşyk mundan aňry gidenok, giderem öýdenok, geregem däl. Selbiniň gabanjaň däldigine şükür edip gezibermeli. Jemal birdenkä düwdenekläp çykyp gitdi, Abdylla onuň “pitsa” diýenini eşidip galdy. Sähel salymda dürli tagamlaryň garyndysyndan dörän ýakymly ys içerik ýaýrady, Abdyllanyň agzy suwardy. Akademik Pawlowyň taglymaty ýadyna düşdi. Özüni şertli reflekse duçar edilen synag itleriniň biri ýaly gördi. Öwrendekli edilen itleriň jaň sesini eşidenlerinde, sülekeýleri akyp başlaýar, Abdylla bu tejribäni teatryň aktýorlaryna geçirdi. Indi teatrda goýulýan oýunlar öňünden şertli refleksler döredýär. Synaga duçar edilýän itler bilen aktýorlaryň tapawudy: itlere ýal berilýär, aktýorlara-da – pul. Elbetde, aýlykdan daşgary. Jemal kanagat duýgusy bilen dolandy. – Pitsam ýanaýdymyka diýip, ýüregim dagy ýaryldy, hernä edil wagtynda ýatlapdyryn. Işden gaýdyp, güýmenjäm şol boldy, ýansa gaty gynanjakdym-da. Täzeje gelin kömelek satyp duran ekeniler, ýaňy ýaşmagy açylanlaryndan saýlap aldym. Meýdan kömelegiň ysy has ýakymly-la, ekilýän kömelegi halamok, et iýen ýaly, ysam çykanok. Häzir çykaryp, basyryp goýdum, ýumşar, bal ýaly bolar. Pitsa ökdeledim, öňki iýenleň ýaly däldir, häzir bilersiň. – Jemal serwantyň sekreterini açyp, seredip durdy. – Aragam bar, konýagam bar welin, ikisinem içmäli-le, pitsaň gapdalyndan bular bolanok, bular ýiti. Bu gezekki bişiren pitsama suhoý wino ýaraşar. Aşakdaky dükanda bolgar winosy bar, häzir gitdim-getirdim! – Sen otur, özüm getirerin. – Abdylla jan, bu gün meň baýramym! Elbetde, Jemal täze oýunda Abdylla bilen partnýor boljagyna begenýändir. Abdylla-da onuň bilen sahna bile çykmagy oýnaljak rollardan belentde goýýar. Jemalyň ynamy juda ýokary, ähtimal, Tagan oňa bir zat diýendir, bolmasa baýram diýmäge dili barmazdy. Uly Ýaşulynyň kakasynyň roly tabşyrylsa, Abdylla oýnar, ”ýok, oýnajak däl” diýmek ýurtdaky syýasata, Uly Ýaşula garşydygyňy aç-açan bildirmek bolar. Onsoňam, Abdylla Uly Ýaşulynyň roluny oýnanok, kakasynyň roly tabşyrylar öýdýär. Ol sowet zamanynda önüp-ösen, watançylyk urşunda ölüp giden adam diýýärler. Belki, bu roly oýnamagy Uly Ýaşula düşünmäge, onuň syýasatynyň gowy taraplaryny görmäge ýardam eder, oňa atalyk gözi bilen garamaly bolar. Muny Belli Nazar başarmaz, ol tekepbir adam, tekepbirlik ýaman häsiýet, tekepbirlik bendesini hakyň ýolundanam dönderip bilýär. Belli Nazar özüni Uly Ýaşulydan has belent, has akylly saýýar, onuň syýasatynyň gowy taraplaryny görüp bilenok, görse-de görmezlige salýar. Dünýäde neneňsi bet işler edilýär, görüp, eşidip ýörüs-ä! Din dawalary, terrorçylyk, partlamalar!.. Eger şu belalar bu ýurtda ýüz bermeýän bolsa, asudalyk bolsa, gije-girim arkaýyn gezip bolýan bolsa, bu hyzmaty ýurdy dolandyrýan adama ýöňkemek aýyp däl-ä! Atanyň gözi bilen garamaga endik etse, belki, Abdylla wagtal-wagtal alaçsyzlygyň girdabyna düşýänine öküner, amatly çykalga tapar. Çykalganyň bolup biljegine Belli Nazar hä diýmez, Uly Ýaşuly otursa, çykalga garaşma diýer. Demokratiýanyň dumany onuň gözlerine perde çekipdir, ýüregini eýeläpdir diýseň dogry bolar. Belli Nazar tetelliler aýyn bolmasa, söz azatlygyndan halk mahrum diýip gygyrýarlar, düýbüne garap otursaň, gara gaýgylary öz bähbitleridir. Demokratlaryň häkimlige geçen ýurtlaram görlüp ýör, halk bal güne batanok, gaýta, dawa-jenjel. Ýorganyňa görä aýak uzatmaly bor-da! Aslynda söz azatlygy diýen düşünje bu halka öňem, soňam ýat düşünje. Döwleti bolmadygy kim sözden kesjek bolup dur? Her kim tire-taýpanyň içinde göwnündäkini aýdypdyr, ony azatlykdyram öýtmändir, ot-suw küýseýän malyň mäleýşi, ýa-da bolmasa, bäbegiň aglaýşy ýaly endikdir öýdüpdir. Gazeti, radiony sowet zamanynda gördi, näme ýazmaly, näme diýmeli, ony-da sowet ideologiýasy kesgitleýärdi, şu ýörelgä-de öwrenişdi. Uly Ýaşuly diýen düşünjäni bu gün tire-taýpa düzgünine gabatlaşdyrjak bolmak, ondan feodalizmi gözlemek, belli bir derejede aýtsaň, hakykatyň ýoýuldygy bolýar. Uly Ýaşuly diýilse-de, ol tirebaşy däl, döwletbaşy, bu gün döwlet bolup ýaşalýar. Dogrusy, tiräniň içinde her kim göwnündäkini aýdypdyr diýilse-de, onuň aýdany hökman diýlen zat ýok, ony öňürti tiräniň ýaşululary makul bilmeli, adata eýerilip ýaşalypdyr. Bu gün türkmeniň öz döwleti bar, döwletiň kanunlary bar. Uly Ýaşuly patriarhal düzgüni dolap getirjek bolýar diýenden, ol geçmişiň gowy däplerine-de daýanmaga çagyrýar diýseň, has ýerine düşjek. Geçmişiň gowy däplerine sarpa goýup, halk ruhy sagdynlygy gazanýar. Belki, Uly Ýaşulyňam islegi şoldur, onuň etnodemokratiýa diýýänine şu manyda düşünmelidir? Belli Nazaryň feodal demokratiýa diýen aýyplamasyndan has parhlydyr?.. Soňra onuň ünsi telewizoryň ekranynda görnen wertolýota baglandy. Wertolýota seretdigiçe, akyp barýan suw göz öňüne gelende çekýän ezýetine duçar boldy. Bu dert ony dört-bäş ýyl bäri bimaza edýär. Uka gitmezden öň gözüni ýumup ýatyrka, birden ýabyň, derýanyň hanasyny dolduryp, gaty akýan suw göz öňüne gelýär. Suwuň akymy Abdyllany alyp gidýär, başyny aýlaýar, girdaba düşüp barýan ýaly howpurgaýar, gözüni açmasa bolanok, açansoňam, töweregindäki zatlaryň hereketsizligine, özüniňem gymyldysyz ýatandygyna öwrenişýänçä rahatlyk tapanok. Häzir tersine, gözüni ýumdy, başyny ýassyga ýetirdi. Görmese, wertolýotyň döreden ýakymsyz duýgusyndan dynaryn öýtdi, gaýta has beterine uçrady, wertolýot ony gerşiň üstündäki real howpa dolady. Abdylla wertolýotyň asmany gohladyp ýetip gelýändigini görýär, gözüni açsa ony görmejegini-de aňyna getirýär, ýöne gabaklaryny galdyrmaga erki ýetenok. Gulaklary şaňlaýar, bu ses wertolýotyň sesini basýar. Şaňlama ümsümligiň sesi, soňra tutuş süňňüniň şol ümsümlige batyp barýandygyny duýýar... Ol asmana garap dur. Ýyldyzlar görünýär, olar has ýiti, asmandan asylyp goýlan ýaly. Olar ýyldyza däl-de, çyra meňzeş. Töwerekdäki baýyrlaryň suduryny saýgarýar. Bir zada garaşýandygyny bilýär, köp wagtdan bäri garaşyp durandygyny-da bilýär. Hiç zat görnenok, garaşýan zady asmanda görünmeli. Asman hüýt gara, ýyldyzlar ony ýagtyldanok, gaýta onuň garalygyny artdyrýar. Ümsümlik barha beterleýär. Ümsümlikden döreýän şaňlama-da barha gaty eşidilýär, soňy agy seslerine ýazýar. Aýallaryň agysyny saýgarýar. Nireden gelýärkä diýip diň salyp, töwerege esewan bolýar. Baýyrlaryň depesinde asmanyň ýagtylandygyny görýär, daň atmalydygy ýadyna düşýär. Ýagtylygyň zolagynda gymyldy bardygyny aňşyrýar, soňra pelpelleýän gyzgylt zady görýär. Ol äpet ganat. Ýagtylyk ganata berkidilen ýaly, onuň yzy bilen süýşüp gelýär. Ganatlaryň ýaýrawy asmanyň ýaýrawyna barabar. Olaryň gyzyl reňkini mazaly saýgarsa bolýar, golaýlaşdygyça köreýän közüň reňkini alýar. Ganatlaryň assa pelpelleýşi äpet guşuňky ýaly, ýöne kellesi görnenok, garaňkyda galýar. Depä geldigiçe ganatlaryň aşagynda göwrä meňzeş ak zady görýär, gören dessine-de onuň alabeder daşdygyny bilýär. Guş ony göterip gelýär, ýöne guşuň daşy tutan penjelerine gözi düşenok. Gözüniň ýadanyny duýýar, gorkýar, daş depesinden iner öýdüp gorkýar, gaçaýyn diýse, aýaklary ädilenok, iki dyzyndan aşagy ýere gömlen ýaly. Aýallaryň agy sesi henizem eşidilýär. Ganatlar tutuş asmany bürände, sesler tapba ýatýar. Asmandaky ýyldyzlar ganatlaryň aşagyna geçipdi, olar çyra ekeni, olaryň ýagtysy Abdyllanyň duran ýerine düşýär. Ol äpet daşyň depesinden inerine garaşyp ýygrylýar, gygyrmaga gorkýar. Öň ýanyna bir zadyň gaçandygyny eşidýär, seretse, akja daş ýatyr, ýalpyldap görünýär. Daşy höwes bilen garbap alýar. Bu-da oňa tanyş daşyň kiçijik görnüşi, çaganyň eline oýunjak düşen ýaly begenýär, ony sypalanda towşanyň tüýüni sypalaýan dek ýumşaklyk duýýar. Gysyp görýär, gaty, hakykatdanam daş. Depesinde gyzyl ganatlaryň henizem pelpelleýändigini görse-de, onuň aşagyndaky äpet daşy görenok, ganatlar bir duran ýerinden gidenoklar. Abdylla elindäki daşyň gyzgynyny duýup başlaýar. Gyzgynlyk barha güýjeýär, çydaman daşy bir aýasyndan beýlekisine geçirýär, ýaňy közden çykarylan kartoşka ýaly ýakyp barýar. Gyssanjyna daşy güýjünde baryny edip zyňýar. Garaňkyda onuň akjaryp barýanyny görýär, soňra töweregi sarsdyran partlamanyň ýelgini ony arkan serpýär, serrelip ýatyr. Kellesini tutup, asmandan inip gelýän daşlardan goranjak bolýar, şol halat olaryň daş däldigini görýär. Olar tommaýly taýagyň urgusyna bäbenegi çykan sary pişigiň kellesi, töwerekde pytrap ýatyrlar. Abdylla gorkusyna gygyrýar... Abdylla howpurgap gözüni açanda Jemaly gördi, ilki Selbidir öýtdi, sesini eşidende, Jemaldygyny tanady. – Abdylla! Abdylla... ne döw urdy, ne bela boldy? Abdylla, oýandyňmy? Gorkma, men Jemal, ýanyňda otyryn, sen meň öýümde... Abdylla gorky bilen töweregine seretdi, bir zady gözleýän ýalydy. Maňlaýyny, ýüzüni Jemalyň sypandygy aňyna ýetende, mejalsyzlykdan gözlerini ýumdy, gymyldysyz ýatdy, samyrdady: – Sary pişigiň kellesi... pytrap ýatyr... oglankam öldüripdim, et dykylan garny iýipdir. – Ýüregimi ýarmak hyýalyň barmydy!.. Waý, ýene huşuny ýitirdi-dä! Abdylla, gözüňi aç! Abdylla, meni eşidýärmiň? – Eşidýän. – Waý, şeý diýeweri! Gözüňi aç! Hudaý saklasyn, her bela boljak ekeni. – Ezraýyl göründi maňa... – Abdylla, samraýaň-la sen, huşuňdalygyň çynmy? – Seni eşidýän-ä. – Bir owurt suw iç, gara dere batypsyň. Gorkujygymdan menem tas amanadymy tabşyrypdym. Abdylla üç-dört owurt suw içdi, derlän tenine köýneginiň ýelmeşendigini duýdy, endamyna sowuklyk aralaşdy. Gözüni ýumup ýatmagyň rahaty bardy, gözüni açdygy Jemalyň howsalasyny görmelidi, häzir ony köşeşdirip bilmejegini bilýärdi. – Gidenim-gelenim on minudam-a ýok. Seňki tutgaý däl, garaguşagyrylyň bolşam däl, süýji ukuda ýatyr diýäýmeli, muň oýun eden bolşuny, turaweri diýýän. Turaýjak eken-ow! Başujuňy alyp oturanym dört sagat, häzir on iki bolup barýar. Beýle zat öňem bolýamydy, meň-ä ýadyma düşenok. – Bolupdy, bir gezek. – Maňa aýtmansyň-da. Selbä jaň etmeli bolarmykam diýip ýaýdanyp otyrdym, hernä oýandyň. Seniň bu nämäňden... dert diýmelimi, kesel diýmelimi? – Hiç zadam diýme, başaýlanma ýaly bir zat, geçer gider. – Selbi habarlydyr-a? – Oňa-da: aýdyp ýörme diýdim. – Diýeniň bilen men-ä ynjalmazdym, allanäme oturan adam birden huşuny ýitirip ýatyberse. Geçer gider diýmek üçinem ilki sebäbini bilmeli. Bilip diýýärmiň ýa-da, ýöne... Abdylla göwnüne gelen pikiri özüne tekrarlady: gyzyl ganatly guş Ezraýyl bolmaly, Belli Nazaryň aýdanyndan çen tutsaň, Ezraýyl meniň janymy çagyrypdyr diýse boljak, Belli Nazaram şuny diýer. Ol bu hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmajagyny bilip ýatyrdy. Doktoryň, tebibiň ýanyna barmajagyny-da bilýär, barsa, gören düýşüni beýan etmeli bolar. Bu iňňän hatarly, howply! Men ezraýylyň zamunyna öwrüldim diýip, boýun almaga çekinse-de, bu hakykaty başga birinden eşiden ýaly umytsyzlyga uçrady. – Jemal, men gideýin. – Özüňi mazaly dürseýänçäň goýberip bilmen. Taksi bilen öýüňe düşürip gaýdaryn. Jemal mähir bilen Abdyllanyň maňlaýyndan öpdi. | |
|
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |