20:01 Gorky belasy -4/ romanyñ dowamy | |
■ Dokuzynjy bölek
Romanlar
Düýşünde daşy sag eli bilen zyňany Abdyllanyň ýadynda. Muny tassyk edip biljek ýene bir alamat ýüze çykdy: daşyň agramy, ýylysy aýasynda galypdyr, wagtal-wagtal ony has äşgär duýýar. Agram ýarym kilodan agdyk, bir kilodan az, takmyn ýedi ýüz gram çemesi. Şonça agramdaky daşy elinde saldarlap gördi, duýan agyrlygyna barabar geldi. Ýylylygy welin, ölçemek başartmady. Gyzgyny mazaly duýup duran mahaly ”gradusnigiň” simaply ujuny aýasyna gysyp saklaýar, simap sütüni bedeniň kadaly gyzgynlygyndan ýokary galanok. Bu ýagdaý Abdyllany iňkise goýýar. Ýene bir biynjalyk edýän zat bar, gyzyl ganatlar depesinde pelpelläp duran ýaly. Aýasynda daşyň ýylylygyny, agramyny duýan mahaly gorky bilen depesine garaýar, göz eglenere alamat görmese-de, ganatlaryň abanyp duranyny duýýar. Munça delilden soň bu oýna Ezraýylyň dahyllydygyny gussa bilen boýun aldy. Musulman rowaýatynda okany ýadynda galypdyr. Ezraýyl äpet uly, köp ganatly, dört ýüzli, endamy ähli ýaşaýanlaryň sanyna gabat gelýän gözlerden, dillerden ybarat perişde bolmaly. Gadymy eposlaryň birinde Ezraýylyň gyzyl ganatly, ak sakgallydygy aýdylýar. Alla Adamatany ýaratmakçy bolanda üýtgeşik palçyk gerek bolupdyr, ony tapyp getirmegi Ezraýyl başarypdyr. Perişdesiniň başarnygy Allanyň hoşuna gelipdir, oňa bendeleriniň janyny almagy-da buýrupdyr. Buýrugy eşiden Ezraýylyň saç-sakgaly çuw-ak bolanmyş diýýärler. Ezraýyl imanlylaryň janyny göwreden çykaranda hamyrdan gyl sogran ýaly ýeňil, agyrysyz edýär, imansyzlaryň welin, dat gününe! Belli Nazaryň Ezraýyl bilen bagly gürrüňi rowaýatyň çeninde durmady, asyl bara, Abdyllany Ezraýyla baglady goýaýdy. Iň ýamanam alabeder daş! Şol daşy kalbyndan çykaryp bilse bolaýjak welin!.. Abdylla oba oglany, obalylaryň yrymçyl bolýanyna belet. Çagaka oňa-da ýaman gözden saklaýan gözmonjuk dakypdylar, damakgandan ätlemek howply diýip ynandyrypdyrlar. Göz degren adamyň jadysyndan dynmak üçin saçyndan, egin-başyndan alyp tütetmelidigini bilýär ýa-da keşbini laýdan gurjak ýaly edip ýasap, gözüne temen dürtmelidigini bilýär. Alabeder daşa nähili çäre tapsa bolar? Sadagasy boldugym, çörek täsir etmese, aýat täsir etmese? Ýeke çäre galýar: baragadan gerşden aşak togalap gaýtmaly, ýerdäki daşlara degip pytrasyn, kül bolsun! Eger pytramasa, onda düşen ýerinde gömmeli!.. Abdylla yrymçyl adamlara häsiýetli tutanýerlilik görkezdi, oýun, gülki ýadyna düşmedi. Şäherden çykyp, baýyrlara tarap ugrady. Bu gün Uly Ýaşuly bilen gabatlaşmak howpy ýok, bu gün iş güni, diňe teatr dynç alýar, nirä gidenini soramazlar. Käliň içi bilen gitdi. Içiňi hümledip barşyňa näçeräk ýol geçeniňi saýgarmak hem kyn. Iki tarapyňam birmeňzeş baýyrlaryň ulgamy, depäňde-de gök asmanyň zolagy. Entek baýyrlaryň kertinde daş gatlaklar göze ilenok, diýmek, onuň ýetmeli gerşi golaýda däl. Wagtal-wagtal aýak çekip diňşirgenýär, töweregiň ümsümliginden ýoluňy dowam ediber diýen many alýar. Daş gatlakly baýyrlara ýetende golaýda it üýrdi, bir it hem däl, iki, üç! Olar howp duýup, biri-birini habardar edýän bolsalar gerek, muny sesleriň dürli ýerden çykanyndan biläýmeli. Gowulygyň alamaty däl! Baýyrlaryň depesinden käliň içine inip gelýän itleri göz öňüne getirende, yza serpilenini Abdyllanyň özi-de duýmady, gorky onuň dabanyna ýeliň ýeňilligini berdi diýse boljak. Şosse çykyp yzyna garady, itleriň sesiniň haçan galanyndanam bihabar. Dag gerişleriniň etegindäki baýyrlaryň eňňidine ýaýran goýun sürüsini gördi. Çaky, ol goýun itleriň sesini eşidip, ökje göteripdir? Hawa, şeýdipdir! Abdylla güldi, özüňe gülmek hemişe gussaly. Özüne gülmegi başarýan adam güýçlüdir diýilýär, Abdyllanyň häzirki gülküsinde ejizligine kemsinmeden başga many ýok. Abdyllanyň ýaýdanjy, gam-gussany terk etmeli güni geidi, ogluny paýtagtdaky harby gospitala geçiripdirler! Ol Hydyryň ýanyna gitmegi gaýra goýup biljek däldi. Hatda ogluna niýetläp monologam düzdi, entegem taraşlamaly ýerleri bar, meselem, emosional tarapa ýykgyn etmekden biraz saklanmaly, Hydyr sentimentallygy halap baranok. Atalyk mertebäňi belent tutsaň, ejizlik edýäniňi duýdurmasaň, gowy görer. Gospitala pyýada gidip, ýolboýy monology sünnälemegi ýüregine düwdi. Howanyň irdenki dymyklygy-da oňa täsir etmedi. Howur bilen galan Gün daňdanky sepelän ýyly ýagşyň çygyny bugardyp, asfalty, ýapraklaryň ýüzüni guratmaga ýetişipdi. Maý aýyndaky ýagşyň zyýandan başga etjek zady ýokdur. Mart sowuk boldy, toprak ýylamady, ýagşyň ýakymyny duýmady. Aprelde köplenç ýel öwüsdi, ýerde yzgar goýmady. Adamlar bulançak gelen ýazdan halys ýadapdylar, howanyň durlanaryna garaşýardylar. Durlanmady. Abdylla Uly Ýaşulynyň ady dakylan şaýoluň gapdal köçe bilen sepleşýän burçunda gurlup gutarylan, maňlaý tarapy tutuş gara aýnaly ymaratyň öňündäki gaýmalaşyga üns berdi. Esli gün bäri töweregi ala lentalar bilen baglanan, ak mermer geýdirilen dört gat jaý dabaraly açylyşa taýyndy. Depede Uly Ýaşulynyň ýylgyryp oturan äpet portreti, aşak ýanynda altyn öwüşginli harplar bilen “Maldar bank” diýen ýazgy. Abdylla bank ymaratlarynyň şähere görk berýändigini görýär, ýöne olaryň hyzmatyndan bihabar. “Döwlet bank”, “Senagat bank”, “Daýhan bank”, “Gaz bank”, “Täjir bank”, “Serdar bank”, “Gurluşyk bank”, “Halk bank”, “Suw bank” sanasaň, sanap oturmaly. Ynha, indem “Maldar bank”! Hemmesini-de Uly Ýaşuly perman bilen açýar, ýolbaşçysyny belleýär. Hemmesi-de döwlet bankynyň ulgamyna girýär diýýärler. Abdylla diňe “gara bazara” belet, il arasynda oňa “daýza bank” diýilýär, onuň belli jaýy-da, mesgeni-de ýok. Ol ýurtda iň ygtybarly bank, ony galapyn daýzalar ýöredýär, olary şäheriň ähli künjünde görse bolýar. Dollar aljakmy-satjakmy, müşgil zat ýok. Ilat dollaryň hakyky kursuny “daýza bankynyň” kursunda görýär, beýleki banklarda walýutanyň alyş-çalşygy hiç mahalam bolmandy. Döwletiň bellän nyrhy gara bazaryňkydan dört-bäş esse arzan diýilse-de, ol ilata elýeterli däl, ondan emeldarlar gönenýär diýýärler. “Daýza bankyny-da” döwletiň özi dolandyrýar diýen gepe Abdylla ynanman duranok, özüne belli bolan iki ýagdaýy mysal getirip biljek. Birinjisi, Uly Ýaşuly öz adyndan, döwletiň adyndan berýän baýraklaryny dollarda berýär. Alnan dollaryň “Daýza bankda” manada çalşyljakdygyny bilýär. Abdyllanyň özem çalşyp ýör. Ikinjisi, Uly Ýaşuly hökümet maslahatynda bir welaýat häkiminiň ýüz müň dollar para alandygyny halka aýan etdi. Häkimden alnan haram puly şol welaýatdaky metjidiň gurluşygyna berýändigini, şeýdilen halatynda haram puluň halal pula öwrüljekdigini aýdyp, ony gara bazarda manada çalyşmaga rugsat berdi. Abdylla monologyna dolandy: “Ejeň menden ýeser çykdy, seni dowzahdan alyp gaýtmagyň alajyny tapdy. Daýyňa kömek et diýmegi kiçilik bilmedi. Erkekleriň bolgusyz men-menliginiň öwezini aýal görgüliler dolmaly bolýar. Daýyň zordugyny görkezdi diýse boljak, men oňa minnetdarlyk sözüni aýdaryn, aýdarça iş bitirdi. Bir zada welin kemsinýän, maňa nalajedeýin diýýänsiň, dogrusy, diýerçeräk boldam, ursa-da ejem ursun, daýym ursun diýýänsiň, muňa-da men razy, ýöne meni özüňe keseki tutjak bolma, men kakaň-a, Hydyr jan! Ýene bir göwnüme ýakmadyk zady aýdaýyn, oglum. Nähili gahar edeňde-de, artist diýip, meni kemsitjek bolmagyn. Artistligine kakaň kemsinýän däldir, buýsanýandyr! “Sen pylan ýerde artist diýen belent ady peseltdiň” diýen bolsaň, ýokuşam görmezdim, hä-ä, oglum düşünýän ekeni diýerdim, içimi hümledip oturardym, özümi köteklärdim, ýara ýod guýlan ýaly awuly bolsa-da, onuňam peýdasy ýetýär. Kirli ýüňem saýgyjyň aşagyna düşse, arassalanýar. Bir şarpyk çalanymy ýokuş görüpsiň, ýokuş göreniňde-de, kakam yzymdan gelmesin diýmeli däl ekeniň. Diýmäge hakyň ýok! Öz çagama bir şarpyk çalyp bilmenmi eýse?! Är çykan ogluna şarpyk uraýdy diýen kişi tapylmaz, men seni iliň ýanynda urmadym-a! Sen meni bagyşlap bilmejekmi? Ýa-da, öňüňde dyza çöküp, ýalbartjak bolýarmyň? Şon-a etmen! Öz çagalaryň ýetişende düşünersiň. Sentimentallyk türkmen üçin adaty ýagdaý, muny aýratynam ýaman iş edip, şol etmişine ökünip oturan wagty synlaňda bilersiň. Menden muňa-da garaşma, şarpyk çalanyma öküner ýaly, ony etmiş hasap edemok, düşün sen şuňa! Çaky, neşe belasy entegem aňyňa gereginçe ýetmedik bolarly, ýeten bolsady, kakaň şarpygyny ýokuş görmezdiň, gaýta, kaka, durumsyzlyk edenim üçin bu dulugyma-da çal diýerdiň” ... Haýp, Hydyr kakasynyň çakylygyna çykmady, Abdylla kemsindi. Şonda-da sen atasyň, çaganyň öýkesini ýuwutmalysyň, perzende edeniň göwnüňe görä gaýtarylar öýdüp tamakin bolup ýörme, senden gören ýagşylyklaryny olam öz perzentlerine berse, hutma-hut bolar duruberersiň diýdi. Garaz, monologyny has-da sünnälemäge puryja berildi diýip düşünesi geldi. Gelen ýoly bilen yzyna dolandy. Köçelerde polisler köpelipdir. Egin-başlarynyň anjaýynlygy paradyň dabarasyny ýatlatsa-da, töwerek-daşa ýeserlik bilen esewan boluşlaryndan aladalarynyň ýetikdigini duýsa bolýardy. Uly Ýaşulynyň bankyň jaýyny açýandygy hakydasyna gelende polisleriň bolşy kada geldi duruberdi. Şu pursat Abdylla hyýalynda açylyş dabarasyny göz öňüne getirdi. Bu zeýilli dabaranyň telim ýyl bäri üýtgewsiz dowam edip gelýän düzgüni ony aýdyň, jikme-jik göz öňüne getirmäge esas berdi... Abdylla Uly Ýaşulyny garşylamaga mynasyp görlen adamlaryň arasynda, täze ymaratyň öňündäki basgançaklaryň başlanýan ýerinde, Uly Ýaşulynyň ýöremeli ýolundan bary-ýogy bäş-on ädim sowaşyk dur. Köçede maşynyň saklanan ýerinden başlap, aralyga nepis el halylar düşelipdir. Uly Ýaşulynyň aýagy ýalaňaç asfalta degmeli däldi, onuň maşyny düşegiň gyrasyna basyp durýardy. Adatdaky ýaly Uly Ýaşuly ýakyn emeldarlardan ara saklap gaýdýar, onuň bilen egin deňeşdirip ýöremäge hiç kime rugsat berilmeýär, teleekranda ýalňyz özi bolmaly. Egindeş diýeniň bu gün bar, ertir ýok. Uly Ýaşuly hemişelik. Geljek nesillere galmaly ygtybarly teledokumentleriň nusgasyna bu gün-erte wezipesinden kowuljak adamlaryň ýüzlerini düşürip, nähilidir bir wagtlaýynlyk möhürini basyp bolmaz-a! Dabaranyň şowhuny artdyk saýy Abdylla aýasynda daşyň agramyny, gyzgynyny duýup başlaýar, bu ony howsala salanok. Şowhun dowam etsin, hemmeleriň ünsi Uly Ýaşula gönüger, Abdylla üns berjek tapylmasyn. Ol depesine garaýar, asmanyň durulygynda gyzyl ganatlary görýär. Olardan howatyr edenok, gaýta ýakymly kanagat duýýar. Olar agras hereket bilen Abdyllanyň etsemini makullaýarlar. Daş aýasyny ýakyp barýar, diňe zyňyp ondan dynsa bolar. Uly Ýaşuly gabadyna ýetipdir, Abdyllanyň daşy zyňjagyndan Uly Ýaşulynyň özi-de, janpenalary-da, şowhun turuzýan märeke-de bihabar. Olaryň bihabarlygy Abdyllanyň hoşuna gelýär. Daşy zyňýar, Uly Ýaşula çenäp zyňýar. Güýçli partlama dünýäni sarsdyrýar... Çar tarapdan eşidilen jürlewik sesi Abdyllanyň aýagyny baglady. Iki ädim gapdalynda gyzyl “Žiguliniň” togtanyny, özüne tarap topulyp gelýän polisleri gördi. Olar köplükdi, maşyn bilen bir wagtda Abdyllany-da gabadylar. Hiç hili partlamanyň bolmadygy aňyna ýetdi, başdan-aýaga hereketsiz ýatan boş köçäni gördi. Gapdalynda togtan maşyndakylary görmäge ýetişmedi, iki polisiň maşyna kürsäp girendikleri gözüne ildi. Hor leýtenant Abdyllanyň çigninden tutup siltedi. – Şu maşyndan düşdüňmi? – Ýok. – Näm işleýäň by taýda? – Geçip barýan. – Başga ýer tapmadyňmy geçmäge? Adyň, familiýaň? – Nury... familiýam, adym... – Käkeläp durma-da, dokumentiňi görkez! Abdylla sandyraýan barmaklary bilen kiselerini dörüp başlady. Gözläp durka-da bankyň bezelen jaýy, portretde ýylgyrýan Uly Ýaşuly, ony garşylamaga taýýar duran bezemen köpçülik gözüne kaklyşdy. Köpçülik Abdyllanyň howpuny aňmaga ýetişen ýaly heşerlenişip, pytramaga taýyn goýun sürüsini ýatlatdy. Boş köçeden ýokary tizlikde gelýän polis maşyny togtamaga ýetişmänkä gyzyl “Žigula” giren polisleriň biri atylyp çykdy, gelen maşynda oturan polise habaryny ýetirdi: – Postda hiç kim saklamady diýýä, ýoldaş polkownik. – Pohuny iýýändir, bölüme äkidiň, saklaň. Postda duran doganyny si... bilen ýüzleşdiriň. Pyýada-da geçmesin, hiç kim geçmesin! Polkownigiň maşyny öňki tizligi bilen yzyna gitdi. Hor leýtenant Abdyllanyň çigninden has gaýym tutup, polkownigi ugradan pes boýly polise ýüzlendi: – Ýoldaş kapitan, muny nätmeli? Kapitan birinji gezek Abdylla üns berdi. – Dyk maşyna. Hor leýtenant Abdyllany çekeläp yzky gapa eltdi, gapy açylan bada ýeňsesinden itdi. – Dokumentini soradym, bermedi, ýoldaş kapitan. – Ol-a dokument ekeni, janynam berer. Gyzyl “Žigulini” polis sürdi, öňde kapitan otyrdy. Abdylla gapdalyndaky iki nätanşa gabak astyndan garanda olaryň hem özi ýaly tötänlige uçran adamlardygyny ýüzlerini asyp, galpyldap oturyşlaryndan aňdy. Bir kwartal geçip, Uly Ýaşulynyň gelmeli köçesinden iç ýüze sowulýan darajyk ýola düşdüler. Ýene bir öwrüm edip, beton haýatly howlynyň goragly derwezesinden girdiler, iki gat jaýyň ýeňsesindäki gapynyň öňünde düşdüler. Olary sag egniňdäki otaga saldylar. Bäş-alty taburetkadan, ýalaňaç stoldan başga hiç zat ýokdy. Maşyn sürüp gelen dolmuş seržant gapa golaý oturdy, üm bilen gelenlere-de oturmagy buýurdy. Hereketiniň haýallygy ýaly, ýüzünde-de gözilginç argynlyk bardy. Orta ýaşlaryndaky, eliniň gabarçaklaryna, jaýryklaryna garaýag siňen adam möle gözlerini elek-çelek aýlap: – Näm bol-daý, düşünmän galdym – diýdi. – Şu gün-ä ýyldyza ýöredimmi, nämemi, hudaý jan... – Geplemän oturjak bol, haw. – Seržant halys uky basmarlap barýan adamyň äheňinde aýtdy. – Berlen soraga jogap beriň, artykmaç söz diýmäň, ýalňyşdyrar. – Maşynyň açary sendemi, inim? – Kapitanda. Menden zat sorama. – Bolýa, inim, bolýa, soraman. – Möle göz dodaklaryny berk ýumup, başyny asdy. Abdylla ätiýaçdan, gorkudan saňňyldap otyr. Sähelçe wagt mundan öň hyýalynda bolan waka bu ýere getirilmeginiň tötänlik däldigini güman etdirdi. Belli Nazaryň aýdanyny ýatlady: “Belki, dinamit goýlup ýörlendir, belki, goýlandyram?”. Dinamiti ýarmak saňa buýrulýar! – adaty ýagdaý bolanda bu söz Abdyllanyň gülküsini tutdurmaly, häzir welin, onuň agyr töhmet bolup başyndan inmek howpuny duýup otyr. Ýaňky aýylganç göz öňüne getirmä ulaşmagy-da onuň öz erkine bolan zat däl diýse boljak, töhmetden bir nyşan diýmeli. Bu oýnuň özünden bidin edilýändigi onuň alaçsyzlygyny güýçlendirdi. Eline, aýasyna üns berdi. Häzir ne ýylylyk, ne sowuklyk – hiç zat duýanok. Eger sowuklyk gorky zerarly döreýän bolsa, näme üçin häzir duýanok?.. Pes boýly kapitanyň yzy bilen otaga giren ýylmanak adam Abdyllany has-da iňkise goýdy. Birinjiden-ä, ol formasyz, çal kostýumly, owadan gyzyl galstukly, ýüz-gözi juda ýylmanak. Ol sowet döwründäki komsomol işgärine meňzeýär. Ikinjiden, ol kapitandan biraz sowaşyk oturyp, getirlenleri gabak astyndan garasöýmezlik bilen synlap başlady. Kapitan eýemsiredi: – Maşyn eýesi... – Men. – Sen bolsaň, tur ýeriňden! Möle göz böküp turdy. – Nirede ýaşaýaň? – Obada, obamyz şäherden otuz kilometr. Epdege gaýtdym, ukollyk derman gerek boldy, dogtor şähere gidäý, bu taýdan tapmarsyň diýdi. Ekişi taşlap, gaýtmaly boldy, pagta ekýän, kärende ýerim bar. Büýl ýazyň gelşi bişeýkel, bu çaka toprak ýylamady, gündiz gyzyp duran ýaly, gijelerine sowuk. Toprak ýylamasa, tohum taşlanyňdan netije ýok. – Men senden pagta ekdiňmi diýip soramok. – Bilýän. Kiçimiziň öýkenjigine sowuk degipdir-de, dogtor-a iki tarapyna-da degipdir diýdi, şo diýeni ähtimal, gyzgyny gaýdanok. – Bu adamlara nirden sataşyp ýörsüň? – Bylaramy?.. – Maşyn eýesi ýaýdanç bilen Abdylla daga seretdi. –Hudaýlygymy sözlesem, men-ä bu adamlary tanamok. – Tanamaýan bolsaň, nähili seň maşynyňa münýämişler? – Meň maşynyma münen bylaň biri. – Maşyn eýesi Abdylla tarap barmagyny uzatdy. – By adam münenok, gören adamym däl. Ýaňy özüňiz mündürdiňiz, öň muny göremogam, tanamogam, olam meni tanaýan däldir, tanaýan diýibilmez. – Bu oturany tanaýaňmy? Maşyn eýesi edil gapdalynda gymyldysyz, dommarylyp oturan, kellesi goçak, maňlaýy tüňňi, gaşlak adama seredip, ýaýdanmaç sägindi. – Munam tanamok. – Maşynyňa mündüripsiň-ä? – Bazaryň gapdalynda duran ekeni-de, elinde-de ýüki bar, nebsim agyrdy-da münäý diýdim. – Ýalan sözleme! Galat aýdýar! – Gaşlak adam gop berlen ýaly galdy, ýigrenç bilen maşyn eýesine garady, garyljyk sesine has-da bat berip jabjyndy. – Maşynyňa kireýine mündüm, nä bu taýda perişde boljak bolýaň! Bäş müň manada äkiderin diýdiň, mündüm. Sen kireýkeş! Soňra ol agyr göwresini oturgyja goýberdi, düýrüldi. Maşyn eýesi jibrindi: – Men oba adamy, sizden gizlejek zadym ýok. Ukollyk derman diýenim epdekde bar ekeni. Dogtoryň ýazyp beren hatam ýanymda. – Ol ýag ýokly penjeginiň gapdal jübüsinden gözläp tapan bölejik kagyzyny kapitanyň öňünde goýdy. – Senden derman soralanok. – Bilýän. Birazrak pulum ýetmedi duruberdi, şony aýtjak bolýan. Karz soraýyn diýere şäherde degerli tanşymam ýok. Zerurlygyň etdiren zady, ýogsam bolmasa, men kireýe gyzjak adammy?! – Kireý etmäge lisenziýaň barmy? – Kärende alan bir gektar ýerim bar, gowaça ekýän. Alla, hernä, Uly Ýaşulymyzyň ömrüni uzak etsin, tabşyran pagtaňyzyň çigidinem özüňize berjek diýdi. Biziň rysgalymyz ýerden bitýä. Öňem ýigrimi bäş ýyl kolhozyň traktoryny sürdüm. Dermansyz barmaýyn diýip, eden zadym boldy. Heleýimiň gözi ýoldadyr, bu çaka ýetmelidim. Kapitan Abdylla garady. – Senem derman gözlediňmi? – Gospitalda oglum ýatyr, harby gospitalda, şoň ýanyndan gaýdyp gelşimdi. – Dokument soralanda bermänsiň, muňa nähili düşünmeli? – Berjek däl diýmedim. – Diýmäge hakyňam ýok. – Düşünýän! Bada-bat kisämden çykarmaga ýetişen däldirin. Ynha, dokument. Abdylla aktýor bolup işleýändigi hakynda teatr tarapyndan berlen şaýatnamany stola goýdy. Kapitan şaýatnamadaky surat bilen Abdyllanyň ýüz keşbini deňeşdirýän ýaly taýly gezek içgin-içgin garady, çalarak ýylgyrdy. – Artis eken-laý – diýdi. Dokumente seredeni bilen ýylmanak adamyň garaýşy ýumşamady, ýowuz wajyplygyny saklady. Onuň diýjek sözüne kapitan garaşdy, ol bolsa, kapitany garaşdyryp bilýändiginden wezipämiň uludygyny aňarsyňyz diýýän ýaly, bilgeşleýin güýmenip, şaýatnamanyň içini-daşyny iki öwre synlap çykdy. Milli howpsuzlyk komitetiniň işgäri bolmagy-da ähtimaldyr. Selbiniň çykany bilen bir edarada işleýän bolsa, ähtimal, olaryň garyndaşdyklaryny-da bilýändir diýip, umyt etdi. Ýylmanak adam ýüzünden bir zat aňyp bolaýjak alamat görkezmän şaýatnamany kapitana gaýtardy. – Düşündirişlerini alyň-da, häzirlikçe goýberiň – diýdi. Soňam oturanlaryň ýüzüne garaman, gürrüň gutardy diýen manyda aýak üstüne galdy. Kapitan obala barmagyny çommaltdy. – Häzir şu ýere postda duran polisi getirerler, ikiňizi ýüzleşdirjek, düşündirişiňi soň ýazarsyň – diýdi. – Men-ä, walla, näme günä edenimi bilemok. Kapitan azgyryldy: – Sen Uly Ýaşulyň geçjek ugrunda howp döretdiň! Otagdan çykyp barýan ýylmanak adam bu aýdylana üns bermedi. ■ Onunjy bölek Abdylla düýş gördi. Ýatyrka gapy kakylýar, turup açsa, daş bosagada özi dur. Egninde gyzyl çyzmykly çal pižama bar, kellesi syrylan. Ýeňseden ýiti ýagty düşýär, şol dem bosagada butnaman duran Abdyllanyň pižamasy, tutuş süňňi agarýar, pamykdan ýasalan şekile meňzeş agramsyz bir zada öwrülýär, sähelçe öwüsgine tozga kimin gaýyp gitjek. Goltugynda alabeder daş bar, daş öz reňkinde, öz agramynda. Agramsyz Abdyllany gaýyp gitmekden şol daş saklaýar. Abdylla düýşüni ýatlanda kepene dolanan adam göz öňüne geldi. Çal reňk pižamanyň agarmagy kepen bilen bagly bolmaly. Ýa-da ol meniň ruhummyka diýdi. Adam ölenden soňam ruhy telim gün öý bilen mazarystanlygyň arasynda gatnar ýörermiş diýen gürrüň bar. Ol meniň ölendigimi, ýa-da bolmasa, ölüme buýrulandygymy duýdurýarmyka? Onda alabeder daşa nähili many bermeli? Dirikäň seniň ruhuň şol daşa örklenip goýuldy, seni gabra äkitjegem şol daş, bek belläp goý diýildigimi? Ýorulmadyk düýşi okalmadyk hata meňzetse bolar diýip, bir kitapda okany ýadyna düşýär. Ony kimiň okap biljegini, takyk kime ýüz tutjagyny bilenok, biläýende-de bu hatarly düýşi kimedir birine aýtjagyna ynamy ýok. Gadym zamanda ölenleriň ruhuny mazarystanlyga it ugradarmyş diýen ynanjyň bolandygyny bilýär. Ruhy daşa nähili baglap boljagyny bilenok. Daş jeza guraly bolupdyr, azan aýallary daşlap öldürýän ekeniler... Kellesine gelýän pikirler Abdyllanyň myrryhyny atlandyrdy, sen barypýatan nalajedeýin bolduň diýdi. Bu zatlar gorkudan döreýär, “gorkana goşa görner” diýleni, belent bol! Eger yrymdyr öýdýän bolsaň, gaýdyp göwnüňe gelmez ýaly bir iş et: ikirjeňlenmän dogry git-de alabeder daşdan dynyp gaýt, depeden togalap goýber, çym-pytrak bolsun! Yryma eýerýän diýip etme, mundan bu ýana daş ýadyma düşmesin diýip et!.. Abdylla bu sapar daşyň ýatan ýerine aýlawly gitmegi, ýeňse tarapdan barmagy niýet edindi. Şeýtse, Uly Ýaşulynyň geçen ýolundan sowaşyk boljak. Käliň ugry bilen esli gidip, baýra galanda öňde miweli agaçlaryň hataryny gördi, aýlawy uludan tutandygyna düşündi. Geriş biraz gündogarda galypdyr. Ýene bir meýdan käliň içi bilen gitdi, gitdigiçe näme üçindir howsalasy artdy, baýryň depesine çykyp, howsaladan dynaryn öýtdi. Şu umyt bilen howlugyp, daljygyp depä çykdy, çykan dessine gapdaldan it sesini eşitdi. Beh, Abdylla itlerden sypma ýok öýdýän! Salym geçmänkä zömmek papakly iki esgeri gördi, iti görmedi, ýöne esgerleriň ylgap gelişleri itiň yzyna düşendiklerini äşgär etdi. Gaçmaly, käliň içi bilen gizlenip gaçmaly diýdi. Käliň düýbüne düşen dessine-de ökündi. It yzyndan ýetip, ýetjegine-de söz ýok, basa düşäýse, hiç kim ony görjek däl, esgerler ýetişýänçä it etjegini eder, çeýnär, endamynda abat ýer goýmaz. Howsalasy ony ýene baýryň depesine çykardy. Aralykdaky käliň aňry ýüzündäki baýryň üstünde gara owçarka peýda boldy. Esgerleriň biri el bulap gygyrdy: – Dur-eý, sen! Butnama! Gaçsaň götüňi goparar. Abdylla sakga durdy, ýeke ädimem butnamady. Aşakdaky käliň içinden itiň haslap, gabyrda çalymdaş sesi geldi, sähelçe aralykdan zompa çykyp, Abdylla okduryldy. Esgerler haýbat bilen gygyrdylar: – Aždar, sidet! Aždar, side-e-et!.. It nätanşyň üstüne bökmek isleginden mahrum edilenine juda kemsinen ýaly gahar bilen çyňsady, bäş ädim aralyk saklap, artky aýaklarynyň üstünde oturdy, jabjynyp üýrdi. Abdylla itiň ýüzüne bakmady, bakdygy üstüne bökäýjek ýalydy. Kälden haşlaşyp çykan iki esgeriň bolşy itiňkiden beterdi. Awtomaty çyny bilen Abdylla gezän garaýagyz ýefreýtor golaýlaşman, duran ýerinden dyzady. – Butnasaň, gaýgyrman, ataryn, hakym bar! – Ol edil biri üstüne topulyp gelýän ýaly gygyrýardy. – Eliňi galdyr, galdyr diýýän eliňi!.. Öwez, barla! Çekinme, baryber, dürräňi gowşak tutýaň! – Öwez diýilýäni gabyndan çykaran dürresini depesine göterdi, başga ýaragy ýokdy. – Dürräni berk tut-a!.. buýtar-suýtar etse, gomuna goý. Dur, bolanok! Dürräni sag eliňe geçir, çepiň bilen kiselerini barla. Eý, nätanyş, gymyldaýma, kelläňi nyşanada saklap durun. – Ýefreýtor yhlas bilen Abdyllany gaýtadan nyşana aldy. Onuň galmagalyna it üýrdi. –Öwez, gowuja barla, galdyr dürräňi! Öwez göz-görtele äwmezlik bilen Abdyllanyň kiselerini daşyndan elleşdirip durşuna: – Ýaşuly, çilimiň ýok-maý? – diýdi. – Çilim soramak gadagan-eý, Öwez. – Bolýa-laý, komandir. – Goltuk kisämde bir gap bardyr, alaý, özüm-ä çekemok. – Özüň çekmeýän bolsaň nämä göterýäň! – Ýefreýtor silkinip, awtomatyny has ykjam gezedi. – Sen-eý, nätanyş, gaýdyp dil ýarma. Öwez, otstawit! Çilimi bärik zyň, o bizi satyn aljak bolýa. – Ýarag-parag diýeniň-ä ýok. – Öwez elindäki çilim gutusyna işdämen seretdi. –Çekeýin-dä, komandir, köseme-dä, walla. – Çilim diýip, oňa derek partlaýjy madda salan bolsa nätjek, haram öljekmi?! Ber eline, özi açsyn! Öwez gutyny gaýtardy. Soňra ýefreýtor Abdyllanyň açyp beren çilim gutusyny ilki agramlap gördi, ysgady. – Çilimlig-ä çyn. – Dartaly-da onda. Öwez kisesinden otlyçöp çykardy, ýefreýtor biraz arkaýynlaşdy. – Bu taýda näm işläp ýörsüň-eý, nätanyş? – Gezelenç edýän. – Interesni adam, gezelenç etjek bolsaň, şäherde ýer gytmy? Bu boş meýdanda gezelenç bormy, başga maksatjygyň bar bolmasyn seň? – Hawa, olam ýok däl. Ýefreýtor ýene awtomatyny gezedi: – Bolşy ýaly aýt! – Sizden syr saklap bolmajagyna gözüm ýetdi, oglanlar. – Bize oglan diýen bolma, biz garaşsyz watany goraýan esgerler, Uly Ýaşula wepaly esgerler. – Berekella. – Maksadym bar diýdiň, aýt çaltrak. – Aýtjak-la!.. Studentkäm bir gyzjagazy gowy görýädim, olam meni. Ýaz çykardy welin, ikijigimiz hiç kime duýdurmanjyk şu baýyrlara gezelenje gelerdik. Bu ýylky ýaly däldi, ot dyza çykardy. Ylgaşardyk, owlak-guzy ýaly böküşerdik. – Soň nädýädiňiz? – Indiki ýaza garaşardyk. – Bärden gaýtdyň, oňarmadyň. Çynyňy aýt. – Seýle çykylanda çilimem-ä çekilýändir, komandir. – Me-laý, ýürege düşdüň. Öwez ýefreýtoryň zyňan çilim gutusyny gapyp aldy, açmazyndan öňinçä barmaklaryny eşigine süpürdi, süýjülik bilen dodagyny tamşandyrdy. – Öwez, gürrüňe myşaýt berýäň. Abdylla dowam etdi: – Okuw gutardygy toý tutjakdyk, nesibämde ýok ekeni, pakyrjygy maşyn urup öldürdi. Şondan bärem paýtagta düşsem, şu ýerlere gelýän, söýenje gyzymy ýatlaýan, juda hapa bolsam, çilimem çekäýýän. Ho-ol, beýik gerşi görýäňizmi, şoň üstünde posa alypdym. – Häzir o ýere barmak düýbünden gadagan. – Öň gadaganlyk ýokdy, bu ýerler serhet ýakasam-a däl? – Sorap durma-da! gadagan diýildimi – gadagan! Çilim dartyp duran Öwez lezzet bilen gözüni süzüp, gep atdy: – Çilimiňem keýpi gyzyňkydan kem däl-laý. Ýefreýtor ykjamlandy, Abdylla haýbat atdy: – Adyňy aýt, pamilýaňy aýt, işleýän ýeriňi aýt. – Aýtmasam näme? – Aýtman bir gör! Uly kamandiriň ýanna barasyň gelýärmi, elteris welin, saýraberersiň. Eý, Öwez, bu adama seretdigimçe ýüzi bir tanyş ýüze meňzäp barýa-laý, senem gowuja seret. – Men-ä şu ýaşuly özünden başga kişä meňzänok diýjek, komandir. – Öwlüýä kessin, birine meňzeýä! – Terroriste meňzemese bolýa-laý. – Sen artis-a dälsiň, how? – Ýefreýtor bu çakyna berk ýapyşjaga meňzedi, hyjuwlandy. – Seni bir ýerd-ä gördüm men. Kinodamy, telewizordamy?.. Meň görenim-laý sen! – Meni artistlere meňzedýän başga-da bar. – Dogry şol. Saňa meňzeş artisiň ady häzir teý hakydama gelenok-da! – Ýefreýtor kösenjine maňlaýyna urdy. – Telewizordaky oýunda gördüm, how, seni! – Meni gören dälsiň, maňa meňzeşi görensiň. – Sen, how, şol! Owadan gyza öýlenjek bolýaň, dogrumy? Olam toý güni başga birine gaçyp gidýä. Saňa aýdýalar welin, senem: öldürerin! – diýip gygyrýaň. Görenime ynandyň gerek? Öwez: – Artist oýnaýan bolsa, çyn däldir – diýdi. – Komandir men-ä ýene birini dartjak, doýmadym. – O jelep seň öýüňi ýykdy, öldürjek diýeniň ýürejigime jüňk bolaýdy. Biwepany öldüreňde-de günäsi boýnuňa düşmeli däl. Heleý tohumyna aldanmagyn! Abdylla gyssandy: – Men mekdepde işläp ýören taryh mugallymy, artist bolubilmen-ä. Konferensiýa geldik, okuwçy getirdim. “Uly Ýaşuly täze taryhy döredijidir” diýen temadan häzir konferensiýa geçýär. Öwez uzyn sykylyk atdy: – Al gerek bolsa, komandir! Ýefreýtoryň bady gaçsa-da, müňkürlik bilen Abdyllany başdan-aýak synlady. – Geýnişiň-ä mugallyma meňzänok, artise meňzeýä. – Gimnastýorkasynyň kisesinden kagyz-galam çykardy, sesine bat berdi. – Adrisiňi aýt! Öwez: – Adris-padris diýip durmasana-aý, komandir – diýdi. – Gowy adamlygy görnüp dur-a. – Gepleme, zyň çilimiňi! Eý, sen, nätanyş, döküwmentiňi görkez. – Dokumentim myhmanhanada. – Dilden aýt. Ýefreýtoryň dikdüşdiligi barha beterlejege meňzeýär, sähel gaňryşyna gaýtsaň, uly komandir diýýäniniň ýanyna alyp gitmekden gaýtmaz. – Adyňy ýadyňdan çykardyňmy, aýdyber-dä! – Ýaz, inim, ýaz!.. Garagyr etraby, otuzynjy mekdep, familiýam neme... Gaýybow. Ýazan bolsaň, hawa, Gaýybow diýip ýazmaly-da... – Nä, öz pamilýaňa şübhäň barmy? – Beýle zat bolup bilmez-ä, inim, heý, adam öz familiýasyna şübhe edermi? Abdylla hata goýberenine ökünip, maňlaýyny tutup durdy. Ol aýalynyň kursdaşynyň adyny aýdaýan bolsa nätjek! Aňkasy aşan, akmak! Konferensiýa diýenim hakykat. Häzir Şalarow Gaýyp diýen mugallymyň paýtagta gelendigem, myhmanhanadalygam çyn. Neresse düýn Abdyllalara gelip, çaýlaşyp gitdi, Selbi çagyrypdyr. Etrabynyň ady takyk, konferensiýa gatnaşýandygam dogry. Nähili beýle onuň ady diline gelipdir? Gorkynyň etdiren hatasymy?.. Özi düşünmän dur, neneň edip başgalara, has beterem Selbä düşündirjek! Gorkandygyny boýnuna alýar, ýöne hakydasyny ýitirer ýaly derejä ýetendigine ynanmak kyn. Özem ynananok, hiç kimem ynanmaz! Ýefreýtoryň galmagaly ony huşuna dolady. – Saňa men näçe wagt garaşyp durmaly? – Aýtdym-a. – Pamilýaňy aýtdyň, adyňy aýdaňok. Gaýybow kim diýmeli? – Gaýybow... Gaýybow diýip ýazdyňmy? Hökmanmy ýazyp durmak? – Hökman! Sen bizi oýnajak bolýaňmy? Artisligiňi boýun al! – Gaýybow Abdylla. – Abdylla? Abdylla, Abdylla! Eý-ý, şo artistiň adam Abdylla-da! – Ýefreýtor şowhun bilen güldi. – Ýöne, oň pamiliýasy Gaýybow däldi, ýadyma düşmese-de, Gaýybow däldigini bilýän. Seň adyňam Abdylla, özüňem bir almany iki bölen ýaly meňzeş. Eger ýalan sözleýän bolsaň-a, heläk ederis, häzirem bir pille, döküwmentiň ýanyňda bolsa, çykar. – Ynanaýsan-aý, komandir. – Lal bolup dur sen! Biz söze ynanmaly däl, döküwmente ynanmaly! – Ýefreýtor kagyz-galamy kisesine dykdy. – Teý, pamilaýasy ýadyma düşenok-da! Öwez, sen görmediň-maý şol oýny? Gyzy öldürmäge barýaka polisler tutýa neressäni. – Men oýun diýen zada ynanamok, senem ynanyp ýörme, komandir. – Edil, how, çyn ýaly edip oýnaýalar, ynanmaz ýaly edenoklar. Mugallym diýseňem-ä, hä-äý, seň şo artisiň özi bolaýmagyňam biçeme däl. Abdylla özüne: hataňy düzetjek bolsaň, mundan amatly pursat bolmaz diýdi. Hawa, men şol diýýän artistiň diý, oýunlyga saldym, hüşgärligiňizi barlajak boldum diý, öw. Diýip bilmedi, ýefreýtor pisint dikdüşdüler oýun etjek bolunmagyny äsgermezlik, kemsidilmek manyda kabul edýärler. Tükezzibana tutar, Abdyllany beýlede goýup, Gaýybowyň şahsyýetini anyklamaga geçerler, bulaşdyrarlar... – Bolýa-da, goýbereýin, ýöne bara, çilim bereniňi diliňe çolajak bolsaň, alyp git. Öwez jibrindi: – Bu ýaşuly beý diýjege meňzänok-laý, komandir. – Meňzemese-de biz üçin nätanyş nätanyş bolýar-da, öwrenişdirmek gadagan. Sen bize çilim berdiň, bizem saňa dost diýsek, senem duşman bolup çyksaň?.. – Goýberýän diýeňsoň, komandir, ýaşulyny beýdip horlap durmaly-la. – Soň bizi horlasalar nätjek! Geplemän dur! Sen goýberipsiň diýmezler, meň ýakamdan tutarlar, kamandir – men! – Ýefreýtor esli salym ýaýdanç bilen sazanaklap durdy. –Döküwmentsiz köçä-de çykmaly däl diýlip ýör, sen-ä keseden gelen adam, dökümentiň hökman ýanyňda bolaýmaly. Düşünýäňmi sen meň aýdýanyma! – Düşündim-le, ýatsam-tursam ýadymdan çykmaz ýaly etdiň, berekella! – Konperensiýa diýeniň ýygnak diýen ýaly bir zatdyr-da? – Ýygnagyňam goçagy. – Goçak ýygnaga gatnaşýan diýib-ä gomparma, Uly Ýaşulyň düzgünini bozmaga bara, hiç kimiň haky ýok! Öwez, nädýäs, goýberýäsmi? – Bireýýäm goýbermelidig-ä, oň ýaly goçak ýygnaga gatnaşýan bolsa dagy. – Gidiber! – Minnetdar. Abdylla itden ätiýaç edip, oýturaklap ugrady. Ýefreýtor: – Dur! – diýdi, onuň haýbatyna it hem üýrdi. – Hiç ýerde säginmän, göni yzyňa gitgin, adrisiňi bilýändiris. Öwez, iti tut! –Abdylla kyrk-elli ädim ara açdy, ýeňseden ýene ýefreýtor gygyrdy: – E-eý, ýadyma düşdi!.. Artisiň pamiliýasy Nuryýew bolmaly, Nuryýew Abdylla. Abdylla dyzyna kakylan ýaly entirekledi. | |
|
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |