20:05 Gorky belasy -5/ romanyñ dowamy | |
■ On birinji bölek
Romanlar
Ilkagşam telewizordan garaşylmadyk habar okaldy: “Şu gün döwlet garaşsyzlygymyza, milli azatlygymyza garşy hyýanatçylykly jenaýata ýüz uruldy. Il agzybirliginiň, rowaçlygynyň, asudalygynyň ygtybarly daýanjy, beýik ýurtbaşymyz, sarpasy belent Uly Ýaşulymyzyň şirin janyna kast etmäge synanyşyk edildi. Agyr jenaýata baş goşan näletkerdeleriň bet pygyllary başa barmady. Keramaty güýçli Alla adyllykda, mähremlikde dünýä belli mähriban ilbaşymyzy öz penasynda aman saklady. Bu agyr jenaýat bilen bagly has dolurak maglumaty ýene iki sagatdan telewideniýe we radio arkaly eşidersiňiz”. Bu wagt Abdylla aýaly, gyzy bilen agşamlyk edinip otyrdy. Abdylla çemçesini çorbaly okara däl-de, çaýly käsä sokanyny duýmady. Gyzy pyňkyrdy. – Konferensiýaňyza oňatja sowgat edipdirler, eje, gutly bolsun! – Ýaňrama! – Selbi äriniň çemçesini çaýdan çykardy, Abdylla sarsman, entegem ekrana garap otyrdy. – Aýdym, nirä barýaň, otur, gyz! – Daşary çykjak, Olýa gelmeli, skwerde bolarys. – Otur, öýden çykma, til et-de, Olýa gelme diý. Siziň gezelenç ýadyňyza düşýär, tutda-baslyk boljagyny bileňzok. Men saňa diýýän, gyz! Selbi gyzyndan galmady, sähel salymdan Aýdymyň otagyndan dawalary eşidildi. Aýdym rusça gepleýärdi, onuň gepindäki ýaňsydyjy äheňi Abdylla duýup otyr. – Eje, meniň söýgüli, eziz ejejigim, sen şatlan-a, tans et! Rehimdar Alla biziň beýik Ýaşulymyzyň bakydygyny duýdurdy, ölümden halas edipdir-ä! Ol ölmezek Kaşeýdenem güýçli, täze ertekilere gahryman bolmaga mynasyp! Selbi Abdyllany kömege çagyrdy: – Dili uzyn gyzyňa bir zat diýjekmi sen! – Sen kemini goýman diýip dursuň-a... Selbi gyzyndan galman çyksa-da, hernä girelgeden dawalary eşidilmedi, eşidiläýende-de oňa üns bermejegini Abdylla bilip otyr. Olaryň dawasy ownuk, üns bereniňe degenok, hakyky bela-beter hä diýmän Abdyllanyň depesinden inmeli. Selbi pakyr onuň gutulgysyzlygyndan bihabar. Biläýse näderkä? Biljegine-de şek-şübhe ýok. Ara salym düşürmän, Selbiniň konferensiýa gelen kursdaşyny taparlar, eýýäm tapan bolmaklaram ähtimal. Çaky, Abdyllany saklan iki esger terrorçylaryň hüjüminden habarly bolmaly. Onda näme üçin ony goýberdilerkä? Eger habarly bolup, şonda-da goýberen bolsalar, ýagşy umyda sähelçejik yş galýar, goýberendiklerini uly komandire aýtmazlar, gizlärler. Tersine bolmagy-da ähtimal. Şeýle waka boldy, heý, siz şübheli adama gabat geldiňizmi diýläýse, awtomatly ýefreýtor bolmajysy bolar, edil bir baş terrorçyny salgy berýän ýaly uludan gürlär. Çaklamasynyň ikuçlulygy Abdyllany has-da alada goýdy. Bihabar oturan bolsa, gowy bolardy. Adatça, olar türkmen dilindäki gepleşiklere seýrek serederdiler, köplenç çanak antennasy arkaly Rossiýanyň telekanallaryny görýärdiler. Selbi açmadyk bolsa, häzir bihabar oturardylar. Selbi şu günki gatnaşan konferensiýasyndan sýužet berler öýdüp garaşypdy. Ýok-la, bu bir göwnüňi otarmak, heý, beýle habaryň eşidilmän galjak gümany barmy! Habaryň iki sagat ara salnyp gaýtalanjakdygy hem adamlaryň ünsüni çekmek üçin edilen emel bolmaly. Görenler görmedikleri habardar ederler. Iki sagatdan bütin ýurt bir göze, bir gulaga öwrülip, beriljek habara garaşar... Ikinji habary agşam sagat dokuzda berdiler: “Şu gün irden, 7 sagat 19 minutda garaşsyz döwletimiziň gözel paýtagtynyň eteginde milli azatlygymyza garşy hyýanatçylykly jenaýata ýüz uruldy. Il agzybirliginiň, rowaçlygynyň, asudalygynyň ygtybarly sütüni bolan ýurtbaşymyzyň, sarpasy belent Uly Ýaşulymyzyň şirin janyna kast etmäge synanyşyk edildi. Taňrynyň bendesine gelişmeýän agyr jenaýata ýüz uran näletkerdeleriň bet pygyllary başa barmady. Keramaty güýçli Alla pygamber paýhasly dana ilbaşymyzy öz penasynda aman saklady. Haramzada jenaýatçylaryň möjek sypat wagşy ordasy öňden taýýarlykly gurnalan kast edilişigi amala aşyrmak üçin Uly Ýaşulynyň işe gatnaýan ýoluny saýlap alypdyrlar. (Ekranda asfalt ýoluň böwsülen ýeriniň suraty peýda bolýar. Gopup ýatan asfalt bölekleri diýäýmeseň, onuň ýoluň ugrudygyny saýgarmak hem kyn. Hiç hili giňişlik ýok. Adam boýy çukuryň düýbünde, gyrasynda tokurtganyň döwlen bölekleri ýatyr). Siz şu suratda sil suwunyň sowgudy üçin ýoluň astyndan geçirilen ötügiň weýran edilen görnüşini synlaýarsyňyz. Bilermenleriň çykaran netijesine görä, ötükde goýlan dinamit şaşkalarynyň partlaýyş güýji 50 kilogram trotil ekwiwalantine barabar. Ony radio dolandyryş arkaly ýarypdyrlar. (Ekranda topbajyk bagyň takmyn 50-60 metr aralykdan alnan suraty görkezilýär. Agaçlaryň aşagynda näme bardygyny saýgaryp bolanok). Siziň görýän bagyňyz ýoldan 113 metr daşlykdaky suw sorujynyň ýerleşýän ýeri. Zannyýaman terrorçylar bu ýeri ýörite saýlap alypdyrlar. Deslapky derňewiň maglumatlaryna görä, olar bu ýere daň atmazyndan öň iki jip maşynynda gelipdirler, duýdansyz gelmek olara başardypdyr. Ukuda ýatan sakçy oýanmaga-da ýetişmändir, ol bada-bat öldürilipdir. Derňewiň netijeliligini üpjün etmekden ötri, sakçynyň jesedini görkezmekden saklanmak maksada laýyk diýip bilindi. Dişine çenli kemsiz ýaraglanan terrorçylar mähriban ýurtbaşymyzyň maşyny ötüge ýetende, ony partlatmaly ekenler, soňra onuň goragyndaky adamlar ýok edilmeli ekeni. (Habary sakynman ýatdan aýdýan diktor eginlerini ýazyp, hekgerdi, sözüne dyngy berip, uly aladadan dynan adam ýaly kanagat bilen dem aldy, sesine dabara äheňini goşup, dowam etdi). Olaryň bet pygyllary başa barmady. Pygamber paýhasly beýik Uly Ýaşulymyzyň garşysyna baş götermegiň neneňsi elhenç jenaýatdygy, halkyň ömürlik näletine duçar boljakdyklary iň dartgynly pursatda olaryň elini sandyradandyr diýmäge esas bar. Partlama Uly Ýaşulynyň maşyny ötükden geçenden soň ýüz berýär. Sarsgynyň güýji diňe yzdan barýan maşynlaryň birini ýoldan gapdala zyňýar. (Ekranda agdarylan gara maşynyň suraty görünýär, onuň markasyny saýgarmak kyn, öň plandaky iki teker köp zady görer gözden gizleýär). Hudaýa şükür, maşyndaky üç adamyň bedenine düşen şikest ölüm howply däl. Mähriban watandaşlar, ildeşler, indi iň bir degerli, iň bir tolgundyryjy ahwalaty habar bermegiň pursaty geldi. Biz ýaňy keramaty güýçli Allatagallanyň pygamber paýhasly ýurtbaşymyzy penasynda aman saklandygyny aýtdyk. Häzir bu gudratyň nähili ýüz berendigini öz gulagyňyz bilen beýik Ýaşulymyzyň dilinden eşidersiňiz. Zannyýaman, haramzada terrorçylaryň jenaýatynyň yzysüre pygamber mertebeli ýurtbaşymyz baş köşgünde döwlet telewideniýesiniň we radiosynyň, döwlet habarlar gullugynyň üç žurnalistine gysgajyk gürrüň berdi. Onuň yssy mähre ýugrulan ýakymly sesini ýene eşidýänimize guwanmalydyrys, mähriban adamlar!”. Uly Ýaşuly gül çemenleri goýlan uzyn stoluň başynda, altyn çaýylan kürsüsinde otyr. Dolmuş ýüzünde pajygaly diýlen wakanyň ýakymsyzdygyny aňladýan alamat görnenok, gaýta ol geplemezinden öň ýylgyrdy, ýylgyrany bilen hem oňmady, gülüp goýberdi. “Men maşynyň içinde ýokdum-a! – diýdi. – bolanam bolsam, eşitdiňiz-ä burnumam ganajak däl ekeni. Emelsiz adamlar haýsy bir işe baş goşsalaram, soňy şowsuz gutarmaly. Şu masgaralygy gurnan haramzadanyň kimdigini bilýän, emelsizligi, jenaýatkärligi üçin dört aý ozal işden kowupdym. Häzir ele salyndy, gapdalynyň banditleri bilen bile güpbasdy edildi. Birgiden neşekeş emelsizi daşyna ýygnapdyr. Olaram öň wezipe berlip, soň etmişleri üçin kowlan adamlar, atlaryny aýdyp oturmaýyn. Baş prokuroryň ýolbaşçylygynda uly topar işleýär, her sagat jenaýata dahyllylaryň birnäçesi ele salynýar. Ýekejesem sypmaz, ýedi gat ýeriň aşagyna girselerem, hinlerinden sogrup çykararys! – Uly Ýaşuly ýumrugyny çenedi, gaharlanmagyň ejizligi aňladyp biljekdigi hakydasyna gelen ýaly dymdy, köşeşenden soň sesini peseldip, haýal gepledi. – Men ýaňy haramzada hakynda aýtdym. Ol nähili döräpdir, kimiň terbiýesini alyp ulalypdyr? Belet adama bu sowala jogap bermek kyn däl. Teýi haramzadadan haramzada döreýär. Adamlaryň ýedi arkasyny öwrenmeli diýýänim şoň üçin! Men ol haramzadanyň kakasyny gowy tanaýadym, birki ýyllykda öldi. Meni partiýanyň şäher komitetine birinji sekretar saýlanlarynda ol adam şäher KGB-niň başlygy ekeni. Inisiniň aýagyndan arza düşdi, inisem mende bölüm müdiri bolup işläp ýör. Ogluny sünnet etdirdi diýip ýazypdyrlar, ýazan adam gol çekmändir, golsuz arzalaryň ýol alýan mahalydy. Iniň aýagyndan arza düşdi diýdim, bilýän diýdi. O nähili bilýäň?! Men bilmeli-dä diýip, arkaýyn. KGB! olary gyssabam bolanok, ýöne göwnüme çiglik, şübhe gitdi, ýaňkydan bidin görkezme berdim, arza ýazany anyklaň diýdim. Anykladylar. Büýem kegebeşnigiň aýaly bolup çykdy. Iniň üstünden aýalyň arza ýazypdyr, nätmeli? – diýýän. Barlamaly diýdi, arzada görkezilen fakt tassyk bolsa, günäkäre temmi bermeli diýip otyr. Jeza çekmelem inisi. Aýalyň bilmese ýazmazdy, senem bilýänsiň diýdim, hawa, bilýän, ýöne meň bilýän diýenim barlag geçirildigi bolanok, ýörite komissiýa düzmeli, adam iberip, barlatmaly diýdi, şol wagtky edilýän çäräni aýtdy. Sünnet meselesine berk daralýanyny bilip aýdýar. Barlatdyk, oglan on ýaşynda, sünnet edilenine ýedi ýyl geçipdir, kakasam boýun aldy. Işden, partiýa hataryndan kowuldy, agasynyň göwni bir ýaly, aýalymy ýazgaryp bilmen, ol jenaýatyň üstüni açmaga kömek etdi diýýär. Öz oglam komsomolda işläpdir, wezipesi: tur-otur – kersen getir. Soň ogluny KGB-niň ýokary mekdebine okuwa iberdipdir. Gutaryp geldi. Ogly bir kakasy ýaly haramzada bolaýmasyn diýip, golaýymda sakladym. Uly wezipelerde işledi. Güýç ulanyjy gulluklaryň işini tabşyrdym, özüme orunbasar belledim. Halal işlemä derek bigünä adamlara azar ýamanyny beripdir, adalatsyzlygy, zorlugy meň adymdan edip ýörse nätjek. Neşe söwdasyna-da goşulypdyr! Muny maňa halkara guramalar duýdurdy. Bilýänsiňiz, işden boşatdym, ähli ýagdaýy barlaň diýdim. Barlag hä diýmän gutarmalydy. Men adamçylyk edip, barlag mahaly ony türmä-de salmadym. Etmişi agyr, jezasynyň ýeňil bolmajagyny bileni üçin meň başyma ýetip dynaryn öýdüpdir. Halala haram ýokmaz diýilýär, tersine, harama-da halal ýokmajak ekeni. Kakasy haramzadady, ogly bäş beter haramzada bolup çykdy. Halkymdan hiç zat gizlemen, bolan zady bolşy ýaly eşidersiňiz. Terrory gurnamakda oňa daşary ýurtlardanam kömek gelipdir, olaram eşidersiňiz. Allanyň meni öz penasynda saklaýanyny öňlerem duýýardym, bu sapar hasam äşgär bolaýdy. Öýden çykamda işe gaýdaryn diýip çykdym, maşyna tarap ugradymam, ýetmän duruberdim, biri egnimden çeken ýaly boldy. Şo bada-da kelläme pikir geldi. Ilerki baýyrlaň etegine arça oturdyň diýipdim, oturtdyk diýdiler. Bir aý geçdi, bildirmän barlap göreýin-le diýdim. Emeldarlaň arasynda ýalançy köpelipdir, ýakalaryndan tutaýmasaň, bahana tapyp sypjaklar. Maşynlar mensiz gaýtdylar. Ýola geýäýmeli köneräk eşikleri taýýarlap goýupdym, geýdim, eňegime sakgal-murt ýelmedim, gara äýnek dakyndym, başymda-da turistleň halaýan papagy. (Ekranda jip maşynyň rulunda oturan gürzelek sakgally adamyň suraty görünýär. Uly Ýaşulynyň gülküsi eşidilýär). Ýolda-yzda gören mendir öýdermi?.. Grimçem özüm, kostýumçam özüm. Bu-da ýurtda adyllyk islän hökümdarlaryň gadymdan gelýän usuly. Baýyrlaň etegine çykyp ugranymam şoldy welin, süňňüm sarsyp gitdi, beh, bu nä alamat? diýdim, maşyny sakladym. Bolan wakany habar berdiler. Hudaý meni penasynda saklapdyr, saňa häzir şol ýol bilen işe gitmek howply diýen ekeni, kimiň egnimden çekenine indi düşünýän. Eýse, muňa hudaýyň gudratyndan bir alamat diýmän, başga näme diýjek! Hudaýdan müň kerem razy, ýurdumam, ilimem razydyr”. Ekranda diktor göründi, ýörite goýberilişiň gutarandygyny habar berdi. Abdylla Uly Ýaşulynyň ekranda peýda bolan pursatyndan barmaklarynyň sowap başlandygyny duýupdy, sowuklyk aýasyna ýaýrady, elleri barha agraldy. Telewizoryň öňünden galanda sowuklyk eginlerine ýetipdi, iki golundan demir asylan ýaly boldy. Şeýdip ýaýrap gitjek bolsa, sowuklyk hä diýmän ýüregine, beýnisine ýeter, olaram doňduryp taşlar. Abdylla wanna girip, ellerini gaz kolonkada gyzdyrylýan suwuň aşagyna tutdy. Ilki ýyly, soň barha gyzan suw sowuklygy ýok edip bilmedi. Adatça, üşän tene ýyly suw degende onuň ýakymy bedene ýaýramaly. Häzir ýakym duýmady, suwuň gyzgynlygy tenden geçmese näme! Abdylla elini Selbä uzatdy. – Elläp gör, elim sowukmy? – Gyzgyn suwa ýuwnarsyň-da, sowuk bolarmy? – Men-ä duýamok. – Nämäni duýaňok? – Gyzgynlygy. Sen duýupsyň-a, men duýamok, iki elimem buz ýaly. – Şu yssyda teniň sowap dursa gowy-da. Ýok, Selbi düşünmez, ahwalaty bolşy ýaly aýdyp berende-de düşünmez, bu geň ahwalata Abdyllanyň özem düşünip baranok. – Selbi, dinamit partladyljagyny aňýan adamlar bar ekeni. – Hä, başga biriniň ýanynda-da şeý diý, işiňi gaýtarsynlar: kim diýerler, aýtmasaň, hamyňy sypyrarlar. Günäliň oduna bigünä görgüliler ýanmasa-da biridir. “Ýanmalyň birem men, men ýansam, seniňem ýandygyň” – Selbä nebsi agyrdy, oglundan ýaňy bir ynjalan görgüli indi äriniň derdine ulaşar. Abdylla yzyndan gelinjegine öýde garaşyp oturmaga takatynyň ýetmejegini duýdy. Çykmaly, iň bolmanda, töwerekde aýlaň-çaýlaň etmeli. – Gyzyňy zordan öýe saldym, indi sen nirä? – Idäp gelene teatra gitdi diý. – Teatr galanmydyr, sagada seret! Abdylla üç mikroraýony birleşdirýän köçä çykdy, bir bada göze iler ýaly üýtgeşiklik görmedi, hemişeki asudalyk. Paýtagt diýilse-de, bu şäherde agşam dokuzdan soň pyýada gatnaw juda seýrekleýärdi, köçelerde mesaýy gezelenç etmegi adamlar bireýýäm unudypdylar. Kinoteatrlar ýapylypdy, soňky ösdürim adamlaryň öňler bir ýere ýygnanyp, kino görendiklerine ynananok, telewizordan başga ýerde kino görülýändirem öýdenok. Seýil baglardan şagalaň sowuldy. Dükanlaryň, kafeleriň öňünde oturgyç goýmak gadagandy. Gije sagat on birden soň toý tutulýan ýerde-de sazyň sesi ýatmalydy. Ýol ugrunda üç-dört adamyň başy çatylsa, dyngysyz aýlanýan polisler dargamagy talap edýärdiler. Abdyllany eli rasiýaly, bili sapançaly polis saklady. – Nirede ýaşaýaň? – Aşgabatda. – Pasportyňy görkez. – Pastortym öýde. – Öýüň nirede? – Ho-ol, hatar jaýlaň çetkisinde. Dükandan ony-muny alaýyn diýip... – Al-da, öýüňe dolan, öýüňde otur. – Düşündim. Şundan soň Abdylla töwerekdäki üýtgeşikligi saýgardy. Iki sany kiçi dükanyň, kafeniň gapdalyndaky “02” ýazgyly postda hemişeki durýan bili dürreli iki esgeriň ýanyna ýaragly iki polis goşupdyrlar, olar biri-birinden 20-30 ädim aralyk saklap, gezmeläp ýörler. Abdylla köçäniň ugrunda özünden başga pyýada görmedi, maşynlaram hemişekiden az. Göwnüne bolmasa, polis yzyndan garap duran ýaly, çaltrak ýitirim bolmaly. Göz üçin sakgyç alyp, yzyna dolanan ýaly etse-de, öýune bararman däldi. ■ On ikinji bölek Abdylla Jemalyň ýanyna ýetmegi küýsedi. Kimdir biriniň özüne ýakyndygyny duýsa, çykgynsyzlygyň derdi ýeňläýjek ýalydy. Açyk ýüz bilen garşylanjagyny bilýär. Eger Jemal terrorçylaryň hüjümi hakyndaky habary eşitmedik bolsa, Aabdylla-da aýtmaz, howsalasyz oturmaga pursat bolar. Ol bu islegini jöwza yssyda ýolda galan adamyň uzakdan görünýän ýalňyz daragtyň saýasyna ýetmäge ymtylyşyna deňedi. Mikroraýonyň jaýlarynyň ýeňse tarapyndaky agaç-ugaç basan garaňky ýodalar bilen gidenini amatly gördi. Bu ýerden gündiz aňsat geçip bolanok, gije ýol tapjak bolmak barypýatan töwekgellik ekeni. Jeňňele düşen ýaly bolaýdy. Ýaşaýjylaryň, aýratynam birinji gatda ýaşaýanlaryň telim ýyla çeken assa-ýuwaş talaňçylygy bir meňzeş üç gat kerpiç tamlaryň aralygynda çagalara, sporta, oturmaga, gezelenç etmäge niýetlenen giňişligiň doly eýelenmegi bilen tamamlanypdy. Bu basybalyşda görkezilen açgözlügi, tutanýerliligi Ýewropadan baranlaryň Amerikanyň ýerli ilatynyň ýerlerini eýeleýişlerine deňese boljak. Her kim eýelän ýerine ilki sim aýlady, daşyna tikenli agaç oturtdy, muny-da ahmal görüp, ýarak it goýberenler-de tapyldy. Abdylla alan-aldylyga dahylsyz galanlaryň biridi. Teatryň paýyndan berlen öý öň ýaşalyp ýörlen jaýdan düşüpdi, göçüp gelende, ýerler eýelenip gutaran ekeni. Selbi: demir garaž goýmaga-da ýerimiz ýok-da diýip zeýrenerdi. Maşynlarynyň ýokdugy bu zeýrenjiň aktuallygyny peseldýärdi. Häzir demir garažlaryňam dawasy artdy. Köçä golaý duranlary aýryp zyňyldy, içdäkilerine salgyt salyndy, salgyt gitdigiçe köpeldilýär, agyryňyza çydasaňyz, müň ýaşaň diýlen ýalydy. Uly Ýaşulynyň paýtagtyny tutuş ýalpyldap duran ak mermerde görmek arzuwy emeldarlary diýseň gylawlandyrdy. Olar raýatlaryň emläginiň goralmaga degişlidigi hakynda öň kabul edilen kanunlary, kararlary äsgermediler, äsgerilen ýagdaýda arzuwa ýetip bolmajakdygyny bilýärdiler, üstesine-de, raýatlaryň aglaba köplügi özlerine degişli kanunlaryň bardygyndan bihabardy. Umuman, kanun diýlen zadyň hökümetiň peýdasyna bolýandygyna ram edilip gidipdi. Mikroraýonlaryň içinde dörän jeňňelleriň soňky mahalda bombalanan şekilde ýok edilişi Abdyllanyň pikirine degerli subutnamady. Abdylla entek häkimleriň gazabyna duçar bolmadyk ýerde ýol agtaryp ýör. Barýan ýodasy üç öwre petige diredi, iki gezek tas it ýarypdy. Hernä ogry geldi diýip topulan adam bolmady. Asyl adam görnenok! Daşy gala ýaly berkidilen aýmançalaryň käbirinde çyra ýanyp dur, stol, oturgyç, gap-gaç goýlupdyr, ýöne hiç kim ýok. Salkyn howa-da ýok, gündizki yssydan galan dymyklyk henizem bildirýär. Maý aýaklady, asman durlanyp baranok, asman durlanmasa-da, howa durlanmaz. Öýlänçiden soň gyzgyn asfaltdan göterilýän demikdiriji howur gabşal ýerde gijäniň bir mahalyna çenli saklanýar. Terrorçylar hakynda täze habarlar berilýändir, ýogsam bolmasa, adamlar dar otaglara dykylyp outrmazdylar. Habary diňläp, garaşylmaýan ahwalatyň öz durmuşlaryna ýetirip biljek täsiri barada oýlanýandyrlar. Ýaşaýyş diňe bir adamyň erkine baglyka, heý, oýlanmazmyň! Ýurtda raýatlyk urşunyň, gan döküşligiň, tutda-baslygyň, talaňçylygyň ýüz bermändigini Uly Ýaşulynyň akylyňy haýran edýän parasatly syýasatynyň rehneti diýip, dyngysyz öwünmelerden soň bu wakanyň bolmagy juda-da gelşiksiz, adamlaryň kalbyna şübhe salyp biljek. Dogry, şübhesini daşyna çykarmaga döwtalap tapylmaz, Abdylla muny özünden mysal tutup aýdýar. Uly Ýaşulydan ajalyň sowlup geçenine şükür edäýmeli, ýogsa, asuda ýurtda başly-baratlyk başlanardy. Muny diňe kanagat üçin aýdylýandyram öýtmeli däl, her kim özi babatda ýakymsyz şübhäniň döremeginden ätiýaç edýär. Dil ýarman dymyp oturjaklaram az däldir, olara biperwaý adamlar diýmek bolmaz. Olar garaşýandyrlar. Olaryň kalbynda ujypsyzam bolsa, umydyň, hantamaçylygyň dörändigine Abdylla ynanýar, ynanmaga delili, tutarygy bar. Ýurt ýaýrawynda dabara tutulanda, Uly Ýaşulynyň raýatlaryna ujypsyz peşgeş paýlamak endigi hantamaçylygy ösdüripdi. Kakasynyň uruşda wepat bolandygy ykrar edilenden soň, uruş weteranlarynyň aýak depip duruşlaryna halys çydan däldir-dä, oňa gahryman adynyň berilýändigi hakynda perman çykarypdy. Weteranlaryň başlangyjyny aýallar alyp göterdi. Bimahal ölen ejesine-de gahryman adynyň berilmegini talap etdiler. Halkyny bagtyýar, azat durmuşa ýetiren beýik Ýaşulyny dünýä inderen ene gahrymandyr, mukaddesdir diýdiler. Bu degerli deliliň gapdalynda ýene bir hasaba alynmaly syýasy ýagdaý bardy, ony äsgermezlik etmäge hakynyň ýokdugyna Uly Ýaşuly düşünýändir. Eger aýallaryň teklibine gulak asmasa, olaryň erkekler bilen hukuklarynyň deňdigini äsgermedi diýiljek. Aýallary nadyl edenden perman çykaryp, ejesiniň-de gahrymandygyny kanunlaşdyrany amatly. Ýurduň taryhyna hemişelik ýazyljak bu iki dabara mynasybetli uruş weteranlaryna, aýallara toý paý hökmünde pul paýlapdy. Häzirki ýüz beren wakanyň-da taryha ýazyljagy şübhesiz. Beýik Ýaşulusynyň sag-aman galanyna begenjek halkyny peşgeşsiz goýmaz. Aýal-erkek diýip bölüp bolmaz, hemmä bermeli bolar. Eger uçdantutma pul paýlamaga ýagdaýy bolmasa, begendirmegiň başga ýollaram bar. Iş ýerleri ýapylyp, köçä kowlan müňlerçe medisina işgärlerini, mugallymlary gaýtadan işe almaly diýse, azaldylan pensiýalary köpeltmeli etse, orta bilimiň möhletini dokuz ýyldan ýene öňki on ýyla gaýtarsa, medisina hyzmatyny ýene mugt etmeli diýse!.. uly il begener. Elbetde, bular garamaýagyň islegi. Gedaýçylyga-da gurbat gerek diýlişi ýaly, hantamaçylyga-da has anyk, has degerli delil gerek. Abdylla muny teatryň mysalynda düşündirip biljek. Teatrda Uly Ýaşulynyň göwnünden turjak oýunlar goýmagyň aladasy bilen başagaý bolnup ýör. Nesip bolsa, hä diýmän, onuň gahryman ene-atasy, çagalygy hakyndaky oýny görkezerler. Aktýorlar serpaýa garaşýarlar, bu ýerde geň zat ýok, öňden gelýän ýörelge. Aýlawda ozan ata-da, bäsdeşlikde ýeňen pälwana-da baýrak berilýär. Haýp, bu jaýlarda ýaşaýanlaryň köpüsi anyk iş edip, gaýrat görkezip biljek däller. Olara anyk bir iş etmekden mahrum edilen adamlar diýse-de boljak. Uly Ýaşuly olary sowet döwrüniň, onuň dili bilen aýtsaň, möwrütini ötüren döwrüň adamlary hasap edýär. Olar sowet zamanynda gurlan dar, gelşiksiz jaýlarda ömürlerini ahyrlamaly. Adamlar ýaşaýan jaýlaryna mynasyp gün görmäge endik edýärler. Öýüniň içindäki ýetmezlerini daşyndan gözläp düzlejek bolýarlar. Şeýdip, emelsiz gurulşyklary bilen bu jaýlary hasam bedroý görnüşe getiripdirler. Ýama urlan geýim ýaly ýakymsyz alabeder. Bu görnüşden olaryň özi närazy däl, degilmese bolýar, dilegleri şol. Häzir dilegleriniň dep bolmagyna umyt dörändir. Diri galanyna şükür eden Uly Ýaşulynyň ýüregine rehim aralaşar, meniň raýatlarymy horlamaň diýip, dyzmaç emeldarlaryna buýruk berer öýdýändirler. Ýaş hasabyndan alanyňda Uly Ýaşulynyň özi-de möwrüti ötdi diýilýän döwrüň adamy. Ýöne ol her sözünde, her tutumynda şol döwre dahylsyzlygyny tekrarlaýar. Uly wezipeleri eýelese-de, ähli başarnygyny sowet hökümetini içinden opurmaga sarp edendigini buýsanç bilen gaýtalaýar, möwrütini ötüren döwrüň alamatlaryndan gyssanmaç dynýar, paýtagtyň esasy meýdanyny tutup oturan hususy ýeke gat tamlary, howlulary, hökümet, jemgyýetçilik jaýlaryny ýykýar, rehimsizlik bilen ýykýar, ýaşaýjylaryň nalyşyna, gözýaşyna garamazdan, ýykýar. Ýykylan jaýlaryň ýerinden ak mermer geýnen ymaratlar, fontanlar, seýilgähler, giň ýollar gurdurýar. Ak mermer geýnen ak şäher meniň şäherim bolmaly diýýär. Nalyşyň, gözýaşyň material gymmaty ýok, olar nesillere galmaz, onuň gurdurýan ak paýtagty welin, galar! Bu owadan şäheri Uly Ýaşuly gurdurypdyr! diýerler. Häzir Abdyllanyň gözüne tukat görünýän jaýlar köne, ýerasty suwlaryň ýokary galmagy bilen çöküp, ýumrulyp barýarlar. Olara mermer geýdirmegiň geregi ýok, mermeriň agramyna diwarlar ýarylar. Gowusy, olary ýykmaly, köne ýurtda galan hapa ýaly syryp-süpürip zyňmaly! Uly Ýaşuly dirikä, onuň bu maksatdan asla el çekmejegine düşünýänler onuň ajaldan sypanyna gynanýan bolsalar gerek, ýöne gynanýandyklaryny duýduklaryça-da gorkýandyrlar. Abdylla bu ýagdaýy ýene artistleriň mysalynda düşündirip biljek. Uly Ýaşuly ýurtda opera, balet sungatyny gadagan etdi, üstesine-de teatryň jaýyny ýykdyrdy. Ömrüni şu sungata bagş edip, şol ugurdan on-on bäş ýyl okap gelenler, şöhrat gazananlar kalbyna dolan gahar-gazaby, närazylygy bildirmekden-ä geçen, gaýta Uly Ýaşulynyň adyna minnetdarlyk hatyny ýazýarlar, onuň sungat babatda beýik syýasat ýöredýändigini mahabatlandyrýarlar. Ýok, Abdylla olary ýazykly etjek bolanok, diňe bolýan ýagdaýy görýär. Gahar-gazap bildireniň bilen üýtgejek zat ýok. Abdylla iki mikroraýony bölýän dik köçä çykdy, pyýada ýoluna ýetmän uly tut agajynyň aşagynda sägindi. Bu ýerde duran adamy köçeden barýanlar saýgarar ýaly ýagtylyk düşenokdy. Golaýynda gymyldy bar ýaly boldy, saýgarmaga ýetişmänkä, aýal maşgalanyň sesi eşidildi: – Meni gözläp gelensiň – diýdi. Şelaýyn ses Abdyllanyň şäherde belli köçä ýetendigini duýdurdy. – Ne bela boldy, erkekleri ýer hopan-a däldir? Polisleň dabanyna ot basyldy, ýene bir bendi türmeden gaçan bolmasyn, guduz açdylar, köçede görnen heleýlerem ýygnap ýörler. “Telewizora seretmediňmi?” diýen sowal Abdyllanyň diline gelse-de, aýtmakdan saklandy. Ýalaňaç bilegine ýumşak, salkyn teniň degendigini duýdy, ýakymy süňňüne ýaýrady. Gapdalyna geleniň ýaş aýaldygyny saýgarmaga ýetişende bolsa, ýüzüne garamaga çekindi. Aýal daýanyklydy, saçyny depesine ýygnap, daşyndan öýme bogupdyr, uzyn boýnunyň gelşiklidigini bilip eden bolsa gerek. Boýy özüniňkiden pes däl, Abdylla oňa sorag berdi: – Meni tanadyňmy? – Görmedigim tanyş-biliş bolsun! – Aýalyň sesem teni ýaly ýakymly eken, owazly. Äheňini biraz ýumşadyp dowam etdi. – Tanyş-biliş harydy mugt alsam diýýä, gep-gürrüňlerem üstesine. Gabyr bolsunlar-la! – Seň adyň kim? – Men seň adyňy soramadym-a. – Onda näme diýeýin... bahaňy aýt. – Ilki aljak harydyňy synla! Aýalyň gönümelligi Abdylla ýarady hem ätiýajyny artdyrdy. Ýöne ätiýaç meselesinde howsala düşmäge esas döremändi, ten ýakynlygyna gitmejegini bilip durdy. Aýal towlanyp, owsun atyp, bedenini hödürledi, ýumry göwüsleri Abdyllanyň kükregine gyltyz degdi. Aç-açan çagyryş Abdyllada gyzyk döretdi, aýalyň bilinden goluny saldy. Biliniň inçeligi ýumry göwüsler bilen utgaşanda giň ştapel köýnek ajaýyp ak mermer heýkeli gizläp duran örtüge öwrüldi. Köýnegiň ýüzünde elini gezdirdigiçe mermer bedeniň ýakymy artdy. Inçe bilden aşakdaky ýumrulyk ten ýakynlygyna isleg döretdi. Bu owadan bedeni nätanşa aç-açan hödürlemäge ony näme mejbur etdikä? Elbetde, häzir bu sowalyň ýerliksizdigine Abdylla düşünýär, eger şu sowaly beräýse, aýal oňa akmak diýer, ýylan gören dek arkan serpiler. Näme-de bolsa, özüne göwni ýetýän aýalyň gözilginç hereketinde gizlin many bar ýalydy. – Ýaşaýan ýeriňi aýdarmyň? Abdylla samsyk sowal berenine jogap almanka düşündi, aýalyň ýaňsydyjy gülküsine garaşdy. – Maňa aşyk bolmagyň geregi ýok. Aýal çekilip, gezegiň söwda gelendigini duýdurdy. Abdylla garaşylmadyk duşuşygyň beren ýakymyny nähili uzaltjagyny bilmän, azara galdy. Kisesindäki pul otuz müň manatdan köp bolmaly däl, ýok-la, on müňi taksa beripdi, bary-ýogy ýigrimi müň! O pula diňe bir çüýse koka-kolo alyp bolýar. Iş, eklenç gözläp paýtagta dökülýän aýal-gyzlaryň bahasy arzan diýýärler. Bu zenanyň ol topara degişli däldigini soraman biläýmelidi, özüne göwni ýetýändigi äheňinden aňdyryp dur. Başga bir zadam göwnüne geldi. Belki, zenan ony bada-bat tanap, synap görmegiň kül-külüne düşendir? Her hili oýna garaşaýmaly! Ýaşy altmyşdan geçen aktýoryň gülüp aýdan gürrüňi hakydasyna geldi. Şu köçäniň ugrunda etli-ganly, gelşikli gelne duşupdyr, ümsüm geçip bilmändir, göwün garranok. Bahasyny soraýar, gymmat görýär, ýanynda kyrk müň manat bardygyny aýdýar, gelin: ýaşuly jan, garry heleýiň bilen oňubersene diýipdir. Bu zenandanam şondan oňly söze garaşmaly däldigini Abdyllanyň süňňi syzýar. Ten söwdasy edil pikir edişi ýaly ýakymsyz, ondan iki tarapyňam lezzet almajakdygyny bilýär, iki tarapy-da kemsidiji ýagdaýa baglap goýýar. Göwnüňden çykaranyňy sowgat görnüşde bermek başga gep. Sowet zamanynda artistlere, aýdymçylara, şahyrlara söýgi-sarpa çäksizdi, olar bilen tanyşmagy zenanlar bagt bilerdiler. Puluň gürrüňi edilmezdi, ten ýakynlygy kemsitmelere getirmezdi, şan-şöhrata guwanmakdan döreýän lezzetdi, iki tarapyň meýletinliginde bolup geçýärdi. Ten ýakynlygyna her döwür öz möhrüni basýan ekeni. Gadym zamanda Gresiýada, Babilonda ýerli hudaýlaryň şanyna gurlan ybadathanalaryň ýanynda zenanlar tenlerini satyp, gazanan pullaryny haýyr-sahawat diýip, ruhanylara tabşyrypdyrlar, bu etmiş mukaddes bilnipdir. Döwürler aýlanýar, ynançlar üýtgeýär, adamlar ten satmagy gazanç hökmünde dowam etdirýärler. Abdylla belli köçeden kämahal agşam ara geçende özüni hödürleýän ýaş zenanlary synlardy, indi olaryň etmişini geňleýän ýok, bu zatlar sähelçe wagtda adaty durmuşyň adaty alamatyna öwrüldi gitdi. Abdylla özünden mysal tutup aýdýar. Köçä çykan zenanlar üçin onuň özi utanç duýanok ýa-da olara gahary gelenok, heý, gahar edeniň bilen üýtgejek zat barmy! Telegepleşiklerde häli-şindi çykyş edýän pöwhe wagyzçylaryň: “Türkmen halky ahlak taýdan dünýäde iň arassa halkdyr” diýip, birzeýilli gaýtalamalary gaharyny getirerdi. Aňyrsyna garap otursaň, olaryň tassyklamasy Uly Ýaşuly diýen adyň saýlap alynmagy bilen bir hörpdäki zatdy, galpdy. Uly Ýaşuly bolmak nire, gelin-gyzyň köçä çykyp tenini satmagy nire?! Ten söwdasyny edýänleriň öz ýaşulularynyň sakgalyna tüýkürip geçýändigi hak. Mahal-mahal Uly Ýaşulam olar hakynda dil ýarardy, olaryň daşary ýurtlara gidip, tenlerini satýandyklaryndan zeýrenerdi, ýöne olary görlüp-eşidilmedik masgaralyga nämäniň iterýändigini welin, düşündirenokdy. Düşündirmände-de il bilýär, iliň bilýänini Uly Ýaşulam bilýär, sowet zamanynda türkmen zenanlarynyň özlerini hödürläp köçä çykmandyklarynam bilýär. Muny boýun alasy gelenok, boýun alsa, gün-güzeran babatda sowet döwrüniň artykmaçlygyny tekrarlan ýaly boljak. Ol zaman gutardy, gutarandygyny Abdyllanyň häzirki bolup durşy aýdýar. Bu zenanlara jelep diýilse-de, göze ýakymly, görmegeý jelebiň gapdalyndan ötüp barýarka, kalbynda döreýän islegi inkär edip bilmezdi, ýöne kesel howpy, töwerekden garaýan gözler, tanalmagynyň ähtimallygy, at-abraýynyň gaçmagyndan gorky, gybat-gürrüň ony saklardy. Häzir şol pynhan islegini bitirmäge garaşylmadyk pursat döredi, kesel howpunam duýmady, töwerekden garaýan gözem ýok. Diňe özi, maňlaýynda-da daýanykly, kaddy-kamaty allanäme zenan dur. Ol obadan gelene meňzänok, gepi-sözi, özüni tutuşy şäheriň suwuny içip ulalana meňzeýär. Gymmatbaha duhi sepinipdir, Abdyllanyň kisesindäki pul şol duhiniň bir pürkümine-de ýetmez. Abdylla gülüp goýberdi. – Näme beýle böwregiň bökýär? – Garyp galan artist dükana barypdyr. Dükançy gaty gymmat golland syryny uly pyçak bilen kesip, birine berip duran ekeni. Artistiňem iýesi gelýär, tamşanyp durşuna: inim, maňa-da otuz gram çek diýipdir. Dükançy: otuz gram çekip durmaýyn, ýaşuly, sen pyçagyň ýüzündäki ýoklary ýalaýsana diýipdir. Abdylla aýal güler öýtdi, gülse gowy boljakdy, gep-gürrüňe ýol açyljakdy, gepe galsa bir zat etjegini bilýär. Ten ýakynlygy bolman geçsin, zenan bilen biraz wagt geçirse, derdi-belasy ýeňlejek, howsalasy azaljak, bu ýere ony idäp geljek ýok. Abdylla zenana halasgäri hökmünde delmuryp garady. Onuň özüni tanaýanyna juda umyt etdi. Zenanyň bedenini aç-açan hödürlemesinde başga maksadyň bardygyna ynanasy geldi. Zenan häzir Abdyllany öýüne alyp gider, meniň bolşumy geň görme, seni tanaýandygym üçin etdim, duşuşmagyň zaryny çekip, gözläp-yzlap ýördüm diýer. Islegli zenan aňry döndi. – Senem pyçagy ýaladym hasap edäý – diýdi. – Weý-weý, men aşygy ýalňyz goýup gidiberjekmi? Dur, tagapyl et! Kemine şahyr-a bilýänsiň: “Nagt bereýin pullaryn, bir-birden sana zülpüň!”. – Goşgy aýdyşylyp, zülp sanaşylýan wagt gelende, seni gözläp taparyn. – Meni tanap aýdýarmyň? – Hudaý bilbile hoş owaz bilen boş ketek beripdir. Abdylla ara açyp barýan zenanyň yzyna düşdi. – Bilbil gülüň zaryny çekýär, bilbiliň owazyny küýsäňokmy sen?! Açylan bägül sen! Meni ýalňyz galdyrma, waspyňa gulak goý!.. Zenan Abdylla gaňrylyp garady-da, ýüzugra suňşurdy: – Gülkünç ekeniň! Seniň ýaly nakyslar tamadalyk edip, birgiden pul gazanyp ýörler!.. *** Jemal bosagadan ätlän Abdyllanyň boýnundan asyldy. – Nireden gelýäň? – Öýden. – Telewizory görensiň-ä? Uly Ýaşulyň özem gepledi. – Gördümem, eşitdimem, asyl bara, kemini goýmadym. – Köşeşerim ýaly maňa bir zat diý-dä, ýüregim agzymdan çykyp gelýär! – Gam iýme, nan iý, maňa-da çaý ber. – Bäriňi bak-la sen, öýden gaýtdym diýeniňe ynanaýynmy? – Jemal ysyrgandy, – Duhiň ysy aňkap dur, şanel, bäşinji nomer şanel! – Aňkaýar diýme-de, duhiň ysy bark urýar diý. – Bark urýan ýerinde oturyberseň bolmadymy? – Ol ýerde meni köşeşdirjek ýok. Telewizorly otaga geçdiler. Seleň telpekli, gürzelek sakgally, jozzuk ýüzli ýaşuly ýumrugyny düwüp, ekrandan haýbat atdy: “Itden bolan it ogly! Haramzada! Eýesine toýnak salan haram eş-şek! Uly iliň guwanyp oturan beýikden beýik ýaşulusyna el götererçe sen kim?! Tüf ýüzüňe! Seni guduzlan iti atan ýaly atmaly, maslygyňy şagala şam etmeli!” Abdylla bu sözler özüne aýdylýan ýaly ynjalygyny ýitirdi. – Bäh, bulaň ýeteşiklidigini! – diýdi, ýüzüni öwürdi. Jemal telewizory öçürdi. – Asudaja ýurdumyz bar diýip, arkaýyndyk, ady ýitmişler bize-de ýetdi. Uly Ýaşuly kimleriň edenini bada-bat bilipdir. – Uly Ýaşuly bilmese bolmaz-a! – Yslamçy diýilýänler bir gelmäwersin-e-eý, eje jan! Aýal görgülileň işi gaýdar, bagtymyz ýatar. Teatram bolmaz, sungatam bolmaz. Aýal-gyzlaň gül meňzi bürenjegiň astynda solar gider. Seň aýalyň bürenjekli gezjekmi, gyzyň bürenjekli gezjekmi?! Mergi keseli ýaly bir bela tapylaýýar. – Bu ýurda yslamçy gelmez. Kim saňa yslamçylar geler diýdi? – Süňňüm syzýar. Şeý diýenime Taganam geň galdy, ýaňy til etdi, gorkma, altyn asyrda saňa bürenjek atyn diýjek ýok diýdi. Ynanasymam gelýär, mollalar Uly Ýaşula batyrnyp bilmezlerem diýýän, mollalaram okadýan özi, belleýän özi. Şonda-da, adamlarda messep galdymy, agyp-dönüp durlar-a, hudaýyny, pygamberini çalyşmagy hiç zatça-da görenoklar. Gowusy, Uly Ýaşulyny Alla jan öz penasynda saklawersin. Tagan gije diýmän, gündiz diýmän işläris, mundan soň afişada “oýun” sözüni ýazyp bolmaz diýdi, oýun diýmäge hiç kesiň dili barmaz ýaly etmeli, hakykatdanam täze taryhy gördük diýerler diýdi. – Dogry diýipdir, Tagan hemişe dogry aýdýar. – Abdylla, häzir kinaýaň wagty däl. – Dogry! – Ýylgyran bolma, Taganyň etsemi öňi bilen ikimize bagly. Biziň oýnumyzy gören terrorçylar ajaýyp adamlaryň perzendine kast edendiklerine ökünsinler, puşman edip, çiginleriniň etini çeýnesinler! – Munam Tagan diýendir. – Ýok! Özüm diýýän. – Özüň diýýän bolsaň, özüňe bir zat aýdaýyn: terrorçylar teatra barýan adamlar däl. – Barman ötsünler, il-gün-ä barar-da! – Soňra Jemal gyzyndan zeýrendi. – Kompýuter alyp dynaýmasam, etimi iýjek süňňümi gemirjek. Gözüňe zyýany bolar diýýän, şol göz maňa-da gerek diýip, deň dawa tutýar. Jähennem-le diýdim, tomusda çaga güýmenje-de gerek. Gepem tapýar: ähli roluňy kompýutora ýazyp goýaryn, gerek mahalyň taýynja durar diýýä. Jemal aşhana çykdy, Abdylla goşa ýassygy başujuna taşlap, diwanyň üstünde gyşardy. Boýnundan asylan Jemaly goltugyna gysany ýadyna düşdi, ýakymly isleg süňňüne ýaýrady, has beteri-de köçedäki zenanyň bedenine galtaşmadan galan süýji duýga maýyl bolup gerindi. Çäýnekli dolanan Jemal galmagal turuzdy: – Tur, turawer-eý, başymy kel-kele sokjak bolma, tur, dikel! – Abdyllanyň galaryna garaşman, ýassyklary sogrup aldy. Abdylla galmaga howlukmady, gaýtadan gerindi, boýy rezin ýaly süýndi. – Uka gitseň, turmasaň – diýdi. –Ýyllar geçsin, ýat! Dünýe düňderilsin, ýer hopsun, turma, ýigrimi ýyldan, elli ýyldan oýan. – Öz öýüňde ýatyp, öz öýüňde oýanaweri. Abdylla dikeldi. – Gyzylarbada gastrola gidenmiz ýadyňdamy? Marydan halys surnugyp gelipdik, ýene bir hepde Gyzylarbada gitmeli diýipdiler, ýadyňdadyr-la. – Ýadymda-la, tas bişipdik. Yssam bolsa, Maryda ýap bar, derýa bar, Gyzylarbatda ne suw, ne saýa, epgegi gursun. – Çöl tarapdaky düzde salgymy synlaýşymyzy ýatla. Näme diýeniňi bilýäňmi? “Şo-ol gözýetimde görünýän çal duman salgym däl, suw diýsediler, gyzgyn çägä bagrymy oýkap ýeterdim” diýipdiň. – Diýendirin. – Ýene bir aýdanyň ýadymda: “Salgyma çapyp, ölüp boljgyna indi hakyt ynandym” diýdiň. Şeý diýeňde men näme diýipdim, ýadyňdamy? – Bolýa-leý, Abdylla, başymy agyrtma! – Salgyma aldanmaýan ýekeje jandar bar bolsa, şol düýe bolmaly diýipdim, sebäbinem aýdypdym: düýe ýokardan garap bilýär, ýokardan seredene salgym görünmeli däl. Düýäň ho-ol asmandan biperwaý garap durşuny göz öňüne getir, meň aýdanym dogry ýalydyr. Dogry ýalam bolsa, häzir men başgarak pikirde, paýhasyma ýetmedik bir zat bar ekeni. Düýeden başga gürrüň gutardymy indi?! – Diňlesene!.. Umuman, salgyma aldanar ýaly düýäň suw hantamaçylygy ýok diýsem, şoň özem ýeterlik sebäp. Meni haýran edýän zat düýäň danalygy! Düýeden: näme üçin seniň boýnuň egri diýip sorapdyrlar, düýe-de: heý, meniň dogry ýerim barmy?! diýipdir. Gödegräk ýalydyr, ýöne hakykat. Özüniň kimdigini bilmeýänden beýle anyk jogap eşitmersiň. Kelläme bir pikir geldi. Meň pikirim üçin “salgym” diýenden “illýuziýa” diýseň has jaýdar boljak. “Salgym” diýseňem bolar welin, ol söz diňe tebigatyň bir alamatyny aňladýan ýaly, manysy dar, “illýuziýa” diýseň many giňelýär gidiberýär. Düýäň jogabyndaky hakykatyň göçme manysyny “illýuziýa” diýen düşünjä ýöňkäp gör, ters geler duruberer, illýuziýa inkär edilýär. Illýuziýa boýnunyň egridigini bilmeýänler üçin gerek. Howp abananda düýeguşuň kellesini guma sokup durmasy – illýuziýa. Bizde-de söz bar: “Gözüm görmese, syrtymy böri iýsin”. Gözýetimde suwuň ýokdugyna ynanasym gelenok, ynansam ölümi boýnuma aldygym, gowusy, entek salgyma seredeýin, umyt edeýin diýeris. – Öňde-de birine: senem uly geplegin diýseler, “düýe” diýenmiş – Jemal güldi. – Sen-ä meni püçege çykaraýdyň. – Nädeýin-dä! Çaşyň gözüne sereden ýaly etdiň, aýdanyňa özüň bir düşünýärmiň? Abdylla Jemaly gujagyna gysdy. – Senem şu çaka meniň üçin illýuziýadyň – diýdi. – Indi näme bolanmyşym? – Maňa keýpi-sapa berip, serime çöken dumany ýalpyldap dogan Gün kimin dargadyp biljek owadan, näzenin, gül kamatly zenan! – Jemaly gujagyna berk gysyp, ýüzünden, gözünden, alkymyndan ogşady. – Bozlap duran ak maýam bol! – Bes et! – Jemal Abdyllanyň gujagyndan sypdy. – Meň-ä komediýa ýadyma düşenok. – Anekdot aýdyp bereýin, şoňa gülmeseň, gep tamam. Bir adam dükana barýar. Dükançy gaty gymmat golland syryny uly pyçak bilen kesip, birine çekip berip duran ekeni. Syryň ýakymly ysy burnuna uranda görgüli emenäýipdir. Hasaplap görse, ýanyndaky puly otuz gram syra ýetýär, “Inim, maňa şol syrdan otuz gram çek” diýýär. Dükançy näme diýendir öýdýäň? – Näme diýsin, näçe gram diýse, şony çekip bermeli bor-da. – Ýo-ýok, dükançy: “Bar aljagyň otuz gram bolsa, azara galyp çekip durmaýyn-da, sen şu pyçakda galan ýoky ýalaýsana” diýipdir. – Abdylla güldi, Jemal kemteresinden ýylgyrmadam, gaýta Abdyllanyň gülenine geň galýan ýaly çiňerlip seretdi. – Näme gülmediň? – Ýalan zadyň nämesine güljek? Golland syryny keseňde pyçakda ýok galanok. Biziň syrymyzyň ýarpysy ýelmeşip galýar. – Sen ”biziň syrymyz ekeni-dä” diý-de, güläý. – Gülkiň gymmaty gaçar-da. Abdylla käsedäki çaýy sesini çykarman içdi. Jemal bilgeşländen gülenok diýdi. Abdylla giden dessine Tagana ýa-da gümrükde işleýän tanşyna til eder, Abdylladan eşiden anekdotyny aýdyp berer, hezil edip gülerler. Gymmatbaha golland syryndan hantama adam diýlende, Abdyllany göz öňüne getirmeklerem ähtimaldyr. | |
|
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |