23:25 Gorky belasy / roman | |
GORKY BELASY
Romanlar
”Gorky belasynda” halkyň XXI asyryň başynda duçar bolan agyr synaglary howsalaly jikme-jiklikde açylyp görkezilýär. Dürli döwürlerde öz öňünden çykýan çynlakaý hem gerimli soraglara türkmen jemgyýeti degerli jogap tapyp bilýärmi? Halkyň ahlagy, milli aň-düşünjesi durmuşyň kert öwrümlerinde gabat gelýän agyr synaglara näderejede döz gelýär? Bu kitaby eline alan okyjylar şeýle düýpli soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Erkinligi, azatlygy görüp bilmän, armanly ölen ildeşlerime ■ Birinji bölek Abdylla oýananda gyzy stoluň başynda oturan ekeni, ol gözlerini tegeläp, geňirgenme bilen kakasyna seretdi, atylyp otagdan çykdy. – Eje, kakam gözüni açdy! – Köplenç rusça gepleýän gyzy bu sözleri türkmençe aýtdy. Bir ahwalat-a bolupdyr. Diwardaky sagatda bäş bolmaga on minut bardy, daň atyp ýören bolmaly. Agşamkysy ýaly Abdylla henizem diwanda ýatyr, üstüne ýorgan atypdyrlar. Telewizora seredeni hakydasyna geldi. Moskwanyň NTW programmasyndan täzelikleri göreni ýadynda, eýjejik Mitkwowanyň täsin ýylgyryp hoşlaşanam göz öňünde dur. Soň näme görenini bilenok. Geň ýeri, gyzynyň başujunda oturanlygy, ýörite oturdylandyr, ýogsa haýsy bir çaga daňdanyň süýji ukusyndan galjak! Abdylla aýak üstüne galdy, süňňünde agyrlyk ýa-da agyry duýmady. Gören düýşi hakydasyna geldi. Şol pursat Selbi kürsäp otaga girdi, yzynda-da gyzy. Haladyny ýeňlenmäge-de ýetişmändir. – Ýüregimiz-ä ýardyň! – diýdi. – Siziň ýüregiňizi ýaryp, özümiň hiç zat duýmaýşymy diý?! Bir geňligiň bolanyny aňýan, aýdyberiň, üns berip diňlejegim gaty çynym. Abdylla göwresini diwana taşlady. Aýdym kakasynyň bolşundan eýýäm gülkä garaşyp durdy. – Oýaryp bilmedik, masgara bolduk. Artygrak içip gelendir diýer ýalam däl, agzyňdan ys gelenok, reňk-petiň ýerinde, dem alşyňda-da üýtgeşiklik ýok. – Dulugyma çalmaly ekeniň, laňňa galardym, men şarpyga bolamog-a. – Ejem ýüzüňi deprege öwürdi, kaka – Aýdym hikirdäp güldi. – Sen şeýdip uran bolsadyň, ejemiň iki gözem çaşarardy. – Lal bol, häliden-ä pallap, agzyňy ýumup bilmän otyrdyň, bar, ýedä çenli ýat... Gyssanjyma hasany sowuk suwa batyryp, maňlaýyňa, döşüňe goýup görýän, ýüzüňe suw pürkýän, eger-eger!.. kirpigiň gymyldamasa näme! Huşuny ýitirdimikä ýa uky derman içdimikä?.. ýok zatlar kelläme gelýä, soňky mahal içiňi hümledip ýöreňsoň... Sagat uky beýle bolmaly däl. – Oguz beglerinden ýokuşandyr, men Gün hanyň roluny oýnan adam. Oguz begleri ölen ýaly ýatypdyrlar, uka kiçijik ölüm diýipdirler. Olaň batyrlygyn-a başaramzok, ýatamyzda bir meňzäli-dä. Aýdym ýene güldi. Selbi welin, köşeşjege meňzänok. Jaýyň goňşy girelgesinde ýaşaýan Myllyny gije sagat birde turzup getirendigini howsalasynyň ýerliklidiginiň subutnamasy hökmünde delil edindi. – Mylly ýokanç keseli bejerýär-ä? – Kaka, seň özüň oguzlardan ýokuşandyr diýdiň, ýokuşan bolsa, ýokanç bolar-da. Selbi hikirdäp başlan gyzyny idirdedip gapydan çykardy. – Siziň bolgusyz gülküňiz myrryhymy atlandyrýar. Gaharyna Selbiniň gözlerine ýaş indi. Abdylla agraslanyp, aýalyny çyndan diňlemäge taýýardygyny bildirdi. – Myllam başarmady, eýläňe-beýläňe degip görýä, damarlaryňy owkalaýar, gulagyňa gygyrýar, burnuňa çilimem tütedip gördi, çekmeýän adam duýmaly diýdi, duýmadyň, oýanmadyň. Mylly ýadyňa-oýuňa düşmeýän şumluklary sorap başlady: kakynly ýaly gygyryp, özüni gynajak bolupmydy, tohumynda garaguşagyryly barmydy? Başga-da birgiden adyny tutdy, kagyza belläp goýupdym... ynha-la... nar-ko-lep-siýa dien ekeni, beýlekisem en-se-falit. Şular adamy letargiýa ukusyna ýatyryp bilýär diýdi. Öňde-soňda kelleçanagyna, beýnisine şikest ýetipmidi diýdi, bilemok diýdim, bilemogam-da. Çagaka eşekden, arabadan ýykylandyr? Özi aýdaýmasa, men-ä şonam bilemok diýdim. Iýen zadyňy sorady. Abdylla güldi. – Klizma etmeli ekeni, oýanardym. – Iýmit zäherlenmesi däl diýdi. Başujuňda bir sagat oturdy, pulsuňy, gan basyşyňy, ýüregiň urşuny zol-zol barlap görýär, ukuda bolmalysy ýaly, üýtgeşik zat ýok diýýär, oýaryp bilmeýänine geň galýar. Garaşalyň diýdi, ertirem oýanmasa, hassahanada emeli usul bilen iýmitlendirmeli bor diýdi. – Hudaýa şükür ediň, oýandym. – Gaýtalansa nätjek? Öň beýle bolanyňy men-ä bilemok, bolan bolsaň, gizleme, aýt. – Bolmadygyma kasam edýärin: eger ýalan sözleýän bolsam, goý, meniň dilim gurasyn, eger... – Bes et, size oýun gerek. Abdylla gören düýşüni ýatlady. Gyzyl mahmaly çümre bürenen gelin alabeder daşa ýaplanyp otyr. Abdylla onuň üstüne abanyp dur. Mahmalyň aşagynda eginleriň siltenýänini görýär, gelin aglaýan bolsa gerek, ýöne ses eşidilenok. Töwerek ümsümlik. Baýyrlaryň ýüzi dym-gyzyl, bu gülleriň reňki däl, ýeriň reňki. Ýeke düýbem gök çöp görnenok. Duran ýeri baýryň depesi, depäniň bir gapdaly kert, kertiň aşagy çuň jülge, jülge-de baýyrlar ýaly gyzyl reňkde, ýalaňaç. Abdylla bu görnüşe geň galanok. Ol gelniň ýaplanan daşyna geň galyp seredýär. Dym-gyzyl meýdanda agaryp görünýän diňe şol daş. Çuw-ak diýer ýalam däl, alabeder diýseň ýerine düşjek, gapdallarynda gara tegmiller bar. Űsti tekiz, bir adam arkaýyn oturyp biljek. Daşyň ýokarky erňegi gelniň eginleri bilen deňeçer. Gelin daşa duwlanyp otyr diýäýmeli. Ol bu ýere nireden düşdükä, kimkä? Abdylla elini uzadýar, maksady mahmalyň gyrasyndan çekip, gelne ýüzüňi aç diýmekçi. Ýetişmedi. Birdenkä mahmal iki ýana serpildi. Ilki perişan haldaky ýüzi gördümi ýa-da jabjynyp aýdylan sözi eşitdimi, onçasyny saýgarmaga pursat bolmady. ”Meni öldürmäge geldiňmi, nejis? Ýaşy kesilen!” aýdylaryna mähetdel, mahmal ýene ýüzi örtdi, göwre düýrüldi, ses welin, ýaň bolup töwerege ýaýrady, yzy eňreýän aga ýazdy... Bir alamat Abdyllanyň ünsüni bent etdi. Gelniň çep gaşynyň iç gyrasynda çapygyň yzy bardy, ol gelniň görküne zeper ýetirenokdy, gaýta görke üns çekmek üçin ýörite goýlan belgi ýaly täsindi. Ana, şol belgi-de ýyllaryň gatyna garylyp giden bir görnüşi Abdyllanyň hakydasyna dolady. Ýaz aýydy, sonara basyrylan baýyrlara gezelenje gidipdiler. Abdylla üçin gezelenç diýmegem dogry däl. Radioda işleýän obadaşy bir gyzy gitmäge yrypdyr, gyz ýeke gitmejegini, jorasyny ýanyna aljagyny aýdypdyr. Berlen tabşyryga görä, Abdylla şol gyzyň jorasyny güýmemelidi. Nähili güýmäni ýadyna düşenok, onuň adynam unudypdyr, belki, soranam däldir. Gyzyň ýüz keşbem oňly göz öňüne gelenok, ýöne çep gaşyndaky çapygyň yzy ýadynda. ”Gaşyňy kim çapdy” diýip soranynam bilýär, çapygyň yzyny sypajak bolup elini uzadanynam bilýär. Gyz sarç mal ýaly kakynyp, Abdyllanyň eline urupdy, jabjynypdy: ”çek eliňi” diýen bolsa gerek. Abdyllanyň gulagynda galan geň sözi aýdypdy: ”Bu yz çapygyň yzy däl, Taňryň eden belligi” diýipdi. Abdyllanyň näme diýeni ýadyna düşenok, ähtimal, hiç zat diýenem däldir. Şol pursat olar bir tarapy kert baýyr depesiniň üstünde durdular, aşakdaky jülgä seredýäni ýadyna düşýär. Abdyllanyň düýşünde görenem şol ýer, ýöne baýryň üstünde alabeder daşyň barlygy-ýoklugy hakydasyna gelenok. Onda düýşüne nireden girenmiş? Soňra şemal güýjäp, ýaz gününiň ýakymyny gaçyrypdy. Abdylla düýş diýen zada gulak gabardyp ýörmese-de, bu düýş ony oýlandyrdy, sebäbi bu ýerde özi babatda görnetin adalatsyzlyk bardy, oňa töhmet diýseň-de boljak. Mahmal bürenip oturan gelniň pajygasyny, gözýaşyny, aýratynam agzyndan çykan otlukly sözleri özüne ýöňkäp biljek däl. Gezelenç mahaly gyza gödeklik ýa zorluk etmek Abdyllanyň hyýalyna-da gelmändi, hatda onuň bilen tanyşlyk açmaga-da höwes etmändir. Ýeri, ol gyza keseki diýeli, Abdylladan ätiýaç edendir, el urar, namysyma tokunar, soňam taşlar gider diýip howsala düşendir diýeli, bu gorky obadan şähere düşen gyzlaryň başky düşünjesine gabat gelýär diýeli, onda ýigrimi bäş ýyl ýaşaşyp ýören Selbiniň golaýda gördüm diýen düýşündäki adalatsyzlyga nähili düşünmeli? Ol juda gözilginç! Selbi düýşüni aýdyp bilmän telim gün janserek bolup gezipdir. Abdylla gyssamadyk bolsa, aýtjagam däl ekeni, özüni horlap ýörjek ekeni. Onuň böwrüni diňläp, iňkise batyp oturmasy halys ýygjamlansoň Abdylla sebäbini sorady, gyssady. ”Erbet düýş gördüm” diýdi. ”Görşüň ýaly aýt, ýeňlärsiň, gorkyň azalar”. Bu düýşe ýakymsyz diýmek bärden gaýdýar, elhenç diýmeli! Abdylla Selbini zora ýanap kepene saljak bolýarmyş. Ak kepen ýerde ýatanmyş, Selbi aýak diräp, güýjünde baryny edip garşylyk görkezýärmiş, Abdylla welin, onuň eňegini towlap, idirdedip, kepene golaý eltjek bolýarmyş. Has aýylganç ýeri, ganary ýada salýan kepeniň içinde gara ýylan towlanyp ýatanmyş. Selbiniň ýylandan gorkuşy aýratyn gürrüň. Ýylanyň suratyny görende gygyrýar, telewizorda görnäýse, haýdap otagdan çykýar. Selbi üçin ýylan ajalyň janly keşbi. Iki düýşüň bir wagtrakda görünmesine-de geň galyp oturmaly. Abdyllanyň oýanmaýşy hasam geň. Alabeder daşa näme diýersiň? Şol gezelençde depäniň üstünde daş göreni Abdyllanyň ýadyna düşenok. Eger daş hakykatdanam ýok bolsa, onuň düýşde has aýdyň görünmeginde, ýatda galmagynda bir many bolmaly... Irden Mylly geldi, tükezzibana tutdy. Ol letargiýa ýaly agyr ukyny döredip biljek keselleriň adyny sanany bilen oňman, olaryň häsiýetini düşündirmäge durdy, ýörite taýýarlanyp gelene meňzeýär. Ol ýa-ha ökdeligini, ýa-da aladaçyllygyny görkezjek bolýar. Şolaryň ikisinem häzir Abdylla küýsänok. Myllynyň bolşy Abdyllanyň wraçlar babatdaky ynanjyna gabat gelýär. Olar bilen sagkaň arkaýyn arkaýyn oturyp-turuşsaň bolýar, derdim bar diýme. Saňa keselli hökmünde garadyklary olara garaşlydygyňy mazamlap başlarlar, keseliň sanyny, howpuny artdyrmagy hiç zatça-da görmezler. Mylly medisina barlagyndan doly hem tiz geçmegiň juda zerurdygyny esaslandyrdy: – Öňden galan husur bolmaly, şolam beýnä täsir edýändir – diýdi. – Oglankam eşekden ýykylypdym. – Ä-hä, kelläň degdimi? – Ýaryldymy diý! Ýüzin salyp barýan eşekden kelemenläp gaýtdym, maňlaýym daş ýaly takyr ýere şaňkyllap degdi, gözümden ot syçrady. Hoz gaçan bolsa, darka bölünerdi, garpyz çym-pytrak bolardy. Ýarym gün seňseläp ýatypdyryn, bir aý saňsar bolup gezdim. – Husur galandyr diýenim çyn boldy gerek! Gyssanaly, seni psihiatora görkezjek, gowy tanşym bar, ýewreý heleý, ummasyz güýçli. – Howlukmaly, indiki uklaýançam garaşaly. – Garaşmaga pursat ýok, o heleý on-ýigrimi günden Ysraýyla göçüp gidýär. – Gitsin, bizem yzyndan gideris, bahana bilen Iýerusalimi göreris. Mylly öýkeli dymyp, gitme bilen boldy. Abdylla düýşünde ýene alabeder daşy gördi. Başga hiç kim, hiç zat ýok, diňe alabeder daşyň özi. Daş depeden aşak gaýdýar. Depäniň şol tanyş depedigini aňýar, ýöne bu sapar ol saýgarar ýaly derejede görnenok. Daşy kimiň togalanynam bilenok, belki, Abdyllanyň özi togalandyr, ýadynda ýok. Alabeder daşyň aşak inişi ýörite kino alnyp görkezilen ýaly aýdyň göz öňüne gelýär. Daş haýallandyrylan hereketde inip gelýär, hiç hili ses eşidilenok. Aşakda kim barka diýip, Abdyllanyň howatyr edeni ýadynda, emma jülgä seredeni, daşyň ýere degeni hakydasyna gelenok. Şeýle bir ümsümlik welin, ondan ýaňa Abdyllanyň gulaklary şaňlaýar, ses barha gatalýar. Oýananda sesiň kesilenini duýdy. Gapdalynda Selbi asuda dem alyp ýatyr. Uly ýoldan maşynlaryň güwwüldisi eşidilýär, penjireden asman agaryp görünýär. Bular her gün gaýtalanyp duran alamatlar, ýöne alabeder daşyň gaýtadan düýşde görünmegi geň. Oglanka ejesiniň gorkudan howsala düşenini ýatlady. Bir mahal ölen kakasy, Abdyllanyň babasy bolýar, bassyr iki öwre ejesiniň düýşüne giripdir. Birinji gezekde babasy sesini çykarman, böwrüni diňläp oturanmyşyn, bir aladasynyň bardygyny aňdyrypdyr. Öleniň nähili aladasy bolup biler? Ejesi öz ýanyndan bu sowala jogap tapmaga ýetişmänkä, ertesi ýene kakasyny düýşünde görýär. Bu saparam ol hiç zat diýmändir, diňe gaşlaryny çytyp, gyzyna gaharly seredipdir. Abdyllanyň ejesi düýşüni ýorduryp geldi. Ýorguç aýal: kakaň senden nadyl, ol pakyry wagtal-wagtal ýatlap duruň, aýat-töwir ediň, el galdyrdyň, diri hezzetden, öli aýatdan doýmaz diýipdir, merhumlaryň gahary ýamandyr diýip duýdurypdyr. Bada-bat tokly soýup, babasynyň, beýleki merhumlaryň ruhuna aýat okatdyrdylar. Şondan soň-a babaň düýşüme girdi diýip, ejesiniň aýdany ýadyna düşenok. Düýnki ahwalatdan soň alabeder daşyň gaýtadan görünmeginde bir alamat bar ýaly bolup dur. Ikinji gezek görnende, daş ýöne ýatmajakdygyny duýdurmak üçin depeden aşak gaýdandyr? Ol kimiň depesinden inmeli, ine, çözgüdiň kyn tarapy! Abdylla ýagdaýynyň howsala ýakyndygyny duýdy. Öňi bilen, alabeder daşyň hakykatdanam depäniň üstünde ýatandygyny anyklamaly. Ine, anykladyňam-da, daş ýatan ekenem-dä? Daş ýatan bolsa gowumy, bolmasa gowumy, bilenok. Bilmese-de, anyklap gaýdany gowy. Häzirlikçe edip biljek çäresi: eger daş ýatan bolsa, üstünde bir döwüm çörek goýup, bilýänje aýatyny – kulhuallany okap gaýtsa?.. Bu ýagdaýy başga birinden eşiden bolsady, ünsem bermezdi, hahahaýlap gülerdi, häzir welin, agyr ukynyň sebäbini alabeder daş bilen gabatlaşdyryp görýär. Belki, garaşylmadyk bir musallat daş kimin depesinden injekdir? Ol şu günüň özünde tanyş depäni görüp gaýtmaly diýdi. ■ Ikinji bölek Abdylla şäherden çykyp, aňyrsy dag gerişlerine utgaşýan baýyrlara ýetmäge howlukdy. Nowruz baýramy geçip, mart aýaklanam bolsa, Günüň ýakymy ýok. Ýagyş ýagsa-da, maýyllyk bilen ýaganok, ýylylyk ýetmänsoň otlar galanok. Hudaýa şükür, bu gün şemal turmady, asman ala bulut. Ýagyş ýagar öýtmedi, howada ýumşaklyk duýlanok. Ol baýyrlaryň birinji ulgamyndaky belent depä çykyp sägindi. Aşakda, peslige ýaýrap gidýän şäheri synlady. Bu şäheriň Abdylla dahylsyz ýaşap biljekdigi onuň gussasyny artdyrdy. Kaşaň ymaratlar, giň köçeler, seýil baglar, fontanlar bilen gözelleşýän paýtagtyň özünden daşlaşýandygyny duýýardy. Günsaýyn köpelýän restoranlar, myhmanhanalar, kazinolar, olaryň töwereginde gaýmalaşýan ýaşajyk gyzlar, gelinler, gizlin neşehanalar, jelephanalar, dollaryň yzyndaky sergezdançylyk milli garaşsyzlyga ýetildi diýilýän täze döwrüň alamatlarydy, olaryň Abdyllanyň islegine, ygtyýaryna bagly ýeri ýok. Öňler, döredijiligiň şowly, dabaraly pursatlarynda öz ýanyndan şäheriň ruhy süňňüne siňendigine buýsanardy, hiç kim meniň bolandygymy, bardygymy inkär edip bilmez, inkär ediläýen ýagdaýda ruhy bütewülige zeper ýeter, ornum düzläp bolmajak gädige öwrüler diýerdi. Bu ynamyny sähelçe wagtdan günüň howruna gurap gitmeli ýaz otlarynyň ömrüne meňzetdi. Ömrüniň otuz ýyly bu şäherde geçen hem bolsa, Abdylla hakyky manyda özüne şäherli diýip bilenok. Dogduk obasyna bäş-on gün gezmäge gidende, oba ýaşaýşynyň öňden belet käbir amatsyzlygyna gaýtadan öwrenişmegiň kyn düşjekdigi şäherli bolandygyna ynam döretmänem duranokdy, ýöne hakyky şäherlileriň arasynda bu ynamyň gowşaýandygyny duýýardy, aýratynam beýleki milletlerden bolanlaryň arasyna düşende. Türkmenler babatda aýtsaň, olar aglaba obadan çykanlar, bir aýagy obada, bir aýagy şäherde. Oba barsalar şäherlidiler, şäherde – obaly. Moskwadan gelenler Aşgabady uly oba meňzederdiler. Elbetde, Mokswa bilen deňeşdireniňde bu aýdylýanyň janam ýok däldi. Abdylla-da Moskwada bäş ýyl okap gelen adam. Her ýeriň öz ölçegi bar, Parižiň ýanynda Moskwa-da uly oba ýaly görünýär diýleninem eşidipdi. Türkmenler üçin welin, Aşgabadyň şäher kemi ýokdy, diňe paýtagtlygy üçinem däl, ol welaýat merkezlerinden juda parhlydy, oňa ylmyň, medeniýetiň ojagy diýýärdiler, bu ülkede ýaşaýan dürli milletden bolan adamlaryň agzybir gatnaşygy paýtagta ýakymly rahatlyk berýärdi. Soňky on ýyl öňki tutumlary üýtgetdi. Abdyllanyň göwnüne bolmasa, Aşgabat indi hakykatdanam uly oba öwrülip barýar. Abdyllanyň göz öňünde tutýan deliliniň şäheriň daş keşbine bagly ýeri ýok. Ýeke gat jaýlaryň rehimsizlik bilen ýykylýandygyny, howluda ýaşamaga endik eden türkmenleriň köp gatly jaýlara göçürilýändigini göz öňünde tutsaň, ýerden örküni üzüp ýokary galsalar şäherli diýdirmäge mümkinçilik has artýar diýseň-de boljak, ýöne Abdylla başga üýtgeşmäni göz öňünde tutýar. Aşgabatlylaryň müňlerçesi jaýlaryny satyp, daşary ýurtlara göçüp gitdiler, olar aglaba başga milletleriň wekilleri Abdyllanyň hakyky şäherliler diýýäni. Göçhä-göçlük dowam edýär. Olara göçüň diýip buýruk berilmedi, has degerli emele ýüz uruldy. Milletara gatnaşykda ortalyk dil bolup gelen rus dili, onuň elipbiýi ýatyryldy. Çagalaryna bilim bermekden mahrum edilen adamlar göçüp gitmekden başga alaç tapmadylar. Olaryň gitmegi bilen şäherli bolmagyň nusgasy, şoňa ýetmäge türkmenler üçin zerurlyk gutardy diýse bolar. Gidenleriň jaýlaryny satyn alanlaryň arasynda oba ýerinden gelenler köp. Üstesine-de, welaýatlardaky işsizlik gazanç gözläp paýtagta dökülýänleriň akymyny juda artdyrdy. Şäher ilatynyň üýtgeýändigini köçeden barýanlaryň boluşlary, egin-başlary-da aýdyp dur. Olar bilen deňeşdireniňde öňki ýarym şäherli türkmenler hakyky şäherlä öwrüldi duruberdiler. Hawa, bu jähtden alanyňda indi Abdylla-da hakyky şäherli. Soňky ýyllar baýyrlara tarap dyzaýan şäheri synladygyça onuň görkezme esbabyna meňzeýän keşbine halklaryň, dilleriň, medeniýetleriň, maşgalalaryň dürlüliginden döreýän täsin öwüşginleriň ýetmejekdigi ony gynandyrdy. Abdylla sagat ýarym pyýada gitdi. Çakyna görä, onuň barmaly depesi, ho-ol öňde, geriş gurap, aňyrsy daga sepleşýän baýyr ulgamynyň hatarynda bolmaly. Depäniň günorta gapdaly jülgä tarap kert gaýa, eger ýalňyşmaýan bolsa, gaýanyň düýbünden ýol geçýärdi. Ol ulgama ýeňseden, demirgazykdan çykdy. Ýalňyşmandygyny üç baýryň arasyndaky at gaýtarym tekiz meýdança ýetende bildi. Obadaşy şu meýdançada düşlemegi makul bilipdi, gabşal ýer ekeni, şemal güýjese-de oturmaga päsgel berjek däl diýipdi. Abdylla sag egnindäki depäniň şol depedigini takyk bilýär, gyz bilen ýokary galyp, aşakdaky maşyna, saçak ýazylan düşege seredenleri ýadynda, jorasynyň maşyn eýesi bilen zym-zyýat bolanyny görende, gyz ”künti” diýip sögünipdi. Baýyrdan baýra, kälden käle aşyp gelen Abdylla bu ýeriň ümsümligine diň saldygyça bedenini gurşap alan ýadawlygyň ýakymyny duýdy, dynç almagyň lezzeti artdy. Asmana garap ýatyşyna alabeder daşyň barlygyny, ýoklugyny anyklamagyň zerurlygyna biparh garady. Howluganyň, howlugmanyň bilen üýtgejek zat ýok. Daş bar bolsa, bardyr, ýok bolsa, ýokdur. Bar ekeni diýeli, gördüm diýeli, onsoň näme? Dünýäde daş gytmy, haýsy bir gören daşyňdan many gözlejek ýörjek?! Käşgä, Käbäň gara daşy bolsa!.. Bir ýazgyda okany ýadyna düşdi. Gadym zamanda bir ýurtda, haýsy ýurtdugy ýadynda däl, hasyl toý tutulanda hudaýyň ýoluna adam gurban beripdirler. Däbe görä, ol pakyry daşlap öldürmeli ekeni. Daş topraga erk edýän hudaýyň keramatyna dahylly alamatdyr öýdülipdir. Soň döwürler üýtgäpdir, adamlaryň ynanjy üýtgäpdir, jenaýat eden adamlaram daşlap öldüripdirler. Ýeri, bu aýdylanlar bilen alabeder daşyň arasynda nähili baglanyşyk bolup biler? Absurd! Selbiniň gören düýşi ýaly absurd zat!.. Abdylla bu taýyk gaýdanyna ökünmän hem duranok. Ýadaw beden ony süýji uka yryp barýar, gabaklaryny ýumdugy dünýäni unutjak. Ony gorky saklaýar, Selbini haýykdyran ukudan gorkýar. Gör-bak, ol haçan oýanjak! Bäri gaýdanyny bilýän ýok. Gerşiň aňyrsyndan wertolýotyň sesi eşidildi, Abdylla gop berlen ýaly dik oturdy. Wertolýot depede görner öýtdi, görünmedi. Ses jülgäniň ugry bilen daglara tarap uzaklaşdy. Ýeňsede it üýren ýaly boldy. Diňşirgendi. Wertolýotyň gohundan soňky ümsümlik has duýarlykly bolsa-da, Abdyllanyň argynlykdan saplanan bedenine onuň täsiri ýetmedi. Abdylla depä çykanda öňi bilen alabeder daşy gördi. Depäniň şol depedigine şübhe galmady. Göz öňüne getirişi ýaly aşakdan jülge geçýär. Ýalaňaç jülge aşak gitdigiçe daglaryň beýgelmeginiň hasabyna çuňlaşýar. Ýeňsede, çöl bilen aralykdaky şosseden çapdyrylyp barýan ýeňil maşyn bölek bulutdan çykan günüň şöhlesine çuw-ak bolup göründi. Abdylla daşyň üstünde oturmaga-da ýetişmedi, ýeriň teýinden çykan ýaly aşakda duýdansyz maşynlaryň hatary peýda boldy. Bukulmalymy ýa dälmi, bu hakda pikir etmänkä, eýýäm daşyň düýbünde ýatyr. Düýşündäki gelin daşa ýaplanyp oturan bolsa, Abdylla düýbüne bukulyp ýatyr! Muny diňe instinkte mahsus duýgurlyga deňese bolar. Bu ýerler gorag zonasyna girýär diýip eşitmändi, serhet ýakasam däl. Onda näme sebäbe bukulyp ýatyr? Tirkeşip gelýän jipleriň sanynyň dörtdügini gözi aldy, muny bukulyp ýatyrka aňyna getirdi. Paýtagtda köpelýän dürli kysymly maşynlara biparh bolsa-da, jip maşynyny tanaýar, onda köplenç harbylar gezýär, olary her gezek görende gullukdaky ogluny iňkis bilen ýatlaýar. Eger maşyndakylar onuň bukulanyny gören bolsalar ýöne geçip gitmezler, barlamakçy bolarlar, näme sebäbe gizlendiň diýerler. Gorkdum diýsinmi? Dogrusyny aýtsa, ol gorkmaga-da ýetişmändi. Gorkudygyny indi bilýär, ýöne ony özüne düşündirmekden ýaýdanýar, utanýaram. Olaryň eglenmän, çaltrak sag-aman geçip giderine garaşýar. Motorlaryň sesine görä maşynlaryň hereketini yzarlaýar. Ikisi gerşiň deňinden geçdi, üçünjisi geçenok, gabada gelip togtady gerek, sesi ýatdy. Bukudan jyklady, gerşiň düýbüni görüp bilmese-de iki gapdalyny gördi. Dördünji maşynam ara saklap togtapdyr. Gerşiň düýbüne ýetmän saklanmagy geň, ondan hiç kim çykanok. Ikinji maşynam esli meýdan öňe gidip durupdyr, yza gaýdaýjak ýaly welin, gaýdanok, gapynam açmadylar. Birinji maşyn welin, tizligini haýallatman jülgäniň ugry bilen barýar. Onuň ýeke gidip, beýlekileriniň saklanmagyna düşünmese-de, Abdylla üstüne abanan howpy tutuş süňňi bilen duýdy. Aşakdan ses eşidilerine garaşdy: ”Eý, bukulyp ýatma-da aşak düş!” diýip gygyrarlar. Ses eşidilmedi. Onuň gözüniň ýetýän ugrunda goraw reňkdäki harby eşikli, egni awtomatly daýaw adam peýda boldy. Abdyllanyň ilkinji çaky: ol adam aňry gidip, şol ýerden awtomatyny gezäp, düşmäge buýruk berer. Emma onuň elindäki çüýşeleri görende olaryň özüne nähili dahylynyň bolup biljekdigine düýbünden düşünmedi. Awtomatly adam germeçli ädimlerini barha çaltlandyryp, kyrk-elli metr gidip, pessejik depäniň üstünde saklandy. Bu ýere keýp çekmäge gelipdirler diýen pikir Abdyllanyň kellesine gelen-de bolsa, gapdaldaky maşyndan heniz hem adam çykmandygy pikiriniň dogrudygyna şübhe döretdi. Onýança daýaw adam çakganlyk bilen reňkli çüýşeleri iki ädimden hatar dikdi, soňra çüýşeleriň durşunyň ygtybarlydygyny gaýtadan yhlas bilen barlap, yzyna ylgap gaýtdy. Salym geçmänkä depäniň düýbünden çykan tüpeň sesi töweregiň ümsümligini sarsdyrdy, ok çetki gyzyl çüýşäniň iki barmak gapdalyny tozatdy. – Ýok et munyňy! Gaharly sesden soň daşly ýere agyr zat şakyrdap düşdi, tüpeňdir, ýöne Abdyllany geň galdyran zat, gaharly sesiň tanyşlygy. Anyklamaga maý bolmady. Awtomatyň tatyrdysy çüýşeleriň duran ýerini ot gorsady, reňkli içgiler çüýşe gyýçaklary bilen garyşyp, töwerege pytrap-pytrap gidýärdi. Daglara düşen ýaň ýitmäge ýetişmänkä, aşakdan pöwhe gülki eşidildi. Tanyş gülküniň kime degişlidigini Abdylla bada-bat tanady. Eý-ho, Uly Ýaşulynyň gülküsi! Gaharly ses hem Uly Ýaşulynyň sesi! Depäniň düýbünde Uly Ýaşulynyň özi dur!.. Bu ýagdaý bada-bat Abdyllany iň howply adama öwürdi. Ol daşa bukulyp, bagryny ýere berip ýatdy. Depäniň jülge tarapa kertligine şükür edip ýatyr, eňňit bolsady, bu çaka göze ilmelidi. Süýräp düşürerdiler, ýok, ýokary galyp wagt ýitirip ýörmän, aşakdan ot açardylar. Abdylla gyzgyn gülleleriň bedenine girişini filmlerde gören kadrlarynyň mysalynda göz öňüne getirdi, kebzelerinden akan der oňurgany yzarlap gaýtdy. Maňlaýyny ýere berip ýatyşyna köne şlýapasyny kellesinden syryp aldy, oňa ýüzüni basdy. Ýeke islegi bar: aşakdan basymrak motor sesini eşitmek. Gulagyna hümürdi ýetse-de, sözleriň manysyny saýgaryp bilmedi. Abdylla barlygy duýlan halatynda özüni halas edip biljek delile ýapyşdy. Uly Ýaşuly meni tanamaly diýdi. Adamlara gezek gelende onuň ýatkeşligine haýran galýarlar. Tanamadyk halatynda-da Abdylla özüni tanadyp biljek. Men Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň roluny oýnaýan artist diýer. Bütin ýurt geçen aý Uly Ýaşulynyň doglan gününi belledi. Onuň altyn gümmezli köşgüniň öňünde bolan dabarada Abdylla Gün hanyň monologyny aýdypdy, sesi tutuş ýurda ýaýrapdy. Belentde outran Uly Ýaşula gönükdirilen sözlerini, iki elini öňe gerip, hyjuw bilen aýdypdy. Gunlaryň imperiýasyny döredipdir diýilýän Gün han geçmişiň jümmüşinden çykyp, Uly Ýaşula tagzym etmäge gelipdir. Sen ýigrimi birinji asyryň başynda halkyňa altyn asyry peşgeş berip, dünýäni haýran etdiň, biziň başarmadygymyzy başardyň diýýär. Seniň ýaly ägirt mirasdüşeriň döremegi bu gün oguzlaryň beýik imperiýasynda, söweşlerde dökülen mukaddes ganymyzyň, imperiýalary gurmakda akyl-paýhasymyzyň ýerine düşendigini adamzada ýene bir gezek aýan etdi diýýär. Abdyllanyň agzyndan çykan sözler Uly Ýaşulyny, onuň raýatlaryny buýsandyrandyr. Gün hanyň lybasyna giren aktýoryň kimdigini sorandyr, belki, öňden bilýändir. Ynanmasalar, şol monology depäň üstünden aýdyp berer… Wertolýotyň gürrüldisi eşidildi, älem-jahany gopguna gaplap, ýetip gelýär. Abdylla gyssanjyna ellerini kükreginiň aşagynda gizleýär, ýygyrlan göwresini alabeder daşyň düýbüne gysýar. Gijeki çygdan galan yzgaryň ysy burnuna degýär. Egnindäki solak jinsi eşigi daşlaryň arasyndan göze ilýärmikä? Onuň çalaran ýerleri alabeder daşyň reňki bilen meňzeş. Bir gözi bilen asmany jyklanda wertolýotyň garşydaky baýyrlaryň üsti bilen daga tarap daşlaşyp barýandygyny gördi. Wertolýotyň giden ugrundaky itli esgerlere gözi ilende, gabawdalygyna ynanyp, başa gelenini çekmekden başga alaç görmän, gymyldysyz ýatdy. Uly Ýaşulynyň şahsy goragy üçin üç müň adamyň saklanýandygy hakyndaky gürrüňler real howpa öwrülip, täk onuň başyndan indi. Itleriň sesi gabat ýeňseden eşidilende bolsa, özüne: aýak üstüne gal-da eliňi galdyr diýdi. Bedeni has gowşady, on iki süňňüniň arasyndaky baglanyşyk üzülendir öýtdi, pytran göwresini galdyrmaga gurbaty çatmasa gerek. Gün hanyň monologyny okamag-a beýlede dursun, adynam düşüniler ýaly aýdyp biljek däl, gus-gury dili kentlewügine ýelmeşip ýatyr. “Bu ýerde poh işläp ýörmüň?” diýerler. “Gezelenje çykdym”. “Daşa bukulyp ýatmaň näme?” diýip gyssarlar. Abdyllanyň dilini gysga etjek bir fakt bar: kalendarda dynç alyş güni bolsa-da, teatr bu gün işleýär. “Uly Ýaşulynyň bu ýerden geçjekdigini nireden bildiň?” diýip, onuň tumşugyna kakarlar. Gyssanjyna başga bir hyýala-da ýapyşdy: töwerekden bihabar kişi bolup, depäniň üstünden Uly Ýaşula salam berse?.. Janpenalar ony Uly Ýaşulydan öň görerler, bada-bat ot açarlar. Uly Ýaşulynyň ýoluny kesjek bolýanlaryň läşini serip gidýärmişler, maşynlaryň badynam peseldenokmyşlar diýilýän gürrüňler ýöne ýere döreýän däldir-ä! Şoňa meňzeş gabahatlygyň bolaýmak ähtimallygyny dolanyp gelýän wertolýotyň haýbatyndanam duýsa boljak. Wertolýotdan möjekleriň, saýgaklaryň atylyşyny filmlerde görüpdi. Asmandan onuň şuwwuldysyna garaşdy, gözüni ýumup, daşa ýelmeşip ýatyr. Wertolýot onuň süňňüni sarsdyryp, göni depeden geçip gitdi, yzy bilen gohunam alyp gitdi. Maşynlaryň sesini aňşyrdy, ugrapdyrlar. Uly Ýaşuly awa-şikara çykandyr. Abdylla entegem başyny galdyrmaga milt edip bilenok. Guran dili törpä dönen kentlewügine ýelmeşipdir, dodaklary ýalyn çabran ýaly gyzýar, eýýäm uçuklan bolmagy-da ähtimal. Elleriniň sowandygyny duýdy, aýratynam aýalarynyň iç ýüzi sowapdyr. Gorkudan ýaňa adamyň ysmaz bolýandygyny eşidipdi, ysmaza uçranda beden sowaýarmyka? Abdylla barmaklaryny gymyldatdy, hereketde üýtgeşiklik duýmady, adatdaky ýaly. Aýasyny gysyp-ýazyp gördi, biraz sandyraýar diýmeseň, eli diýen edýär, ýöne sowuklyk aýrylmady, penjesiniň hereketini çaltlandyrdy, sowuklyk aýrylanok. Elinden başga ýerde sowuklyk ýok, diňe eliniň sowamagy geň. Haçan sowandygyny-da bilenok. On iki süňňi ýadyna düşmese nätjek, bedeniniň bardygyny häzir duýdy. Göwresi alabeder daşyň daşyna ýylan kimin dolanypdyr. Daşyň büdür-südür ýüzüni sypady, sypadygyça-da aýasyndaky sowuklyk kemeldi, penjä gysylan gar eränden soň üşän tene ýylylygyň dolanyşy ýaly, aýasyndaky sowuklyk kem-kemden ýitdi. Alabeder daşda gyzgynlyk barmyka? Daşyň ýüzüne dulugyny goýup gördi, gyzgynlyk duýmady. Geň alamat Abdyllany üýşendirdi. Pikiri çalt işläp, üýşenmäge esas berýän sebäpleri biri-birine tirkedi. Düýşünde bu ýatan alabeder daşyň depeden aşak togalanmagy ýöne ýerden däl ekeni! Abdyllanyň bu ýere gelmegi-de, belli bir derejede şu daşa bagly bolmaly. Mahmal atynan gyzyň edil şu daşa bukulyp oturmagy, Abdylladan ölüm howpuna garaşýandygyny aç-açan duýdurmagy…eý-ho, Abdyllanyň aýylganç jenaýata baş urup biljekdigini Selbiniň gören düýşem aýdýar! Iki düýşüň gabatlaşmagynda tötänlik bolup bilermi? Űçünji düýş tötänlige ynam goýmady. Abdylla düýşünde alabeder daşy kimiň togalanyny-da, onuň düşjek ýerinde kimiň durjakdygyny-da bilenokdy. Indi bilýär!.. Daşyň gabarasy eslije bar, şonda-da çyny bilen dyzasa, depeden aşak togalap biljekdigine ynandy. Inip barýan daşyň aşagynda kimiň durandygyny göz öňüne getirdi. Uly Ýaşulynyň özi dur!.. Onuň etlek ýüzi, dar maňlaýy, çüri kellesi hä diýmän çym-pytrak bolar! Abdylla aýalarynda gyzgynlyk duýdy. Eý, hudaý, indi bu nämäniň alamaty boldy?! Abdylla alabeder daşdan göwresini ýeňsä çekdi, başyny galdyrmaga welin, milt edip bilmedi. Ara açyp barýan maşynlaryň depesinde yranýan uzyn antennalar howpuň golaýdygyny duýdurdylar. Gep-gürrüňleri uzak aralykdan diňlemäge mümkinçilik berýän iň täze elektron gurallar gelipdir, 20 million dollara satyn alypdyrlar diýen gürrüň ýaýrapdy. Tehnikanyň häzirki gudratyny göreniňde, gürrüň diňlemek nämemiş, kelläňdäki gizlin pikiri bilip bolýar diýilse-de ynanaýmaly. ”Adamyň janyna kast etmekden agyr günä bolup bilmez, hudaýyň beren janyny hudaýyň özi alsyn.” Abdylla bu sözleri daşyndan aýtdy, şeýdip özünden şübhäni sowaryn öýtdi. Alabeder daşy gaýdyp görmäni gowy, başarsa, niýeti şol. Gözüni ýumup ýatyşyna kisesindäki çöregi daşyň üstünde goýdy, kulhuallany okady, aýaklamanka täzeden başlaýardy, üç öwre okasaň, aýat kemi ýok diýýärler. Soňra seretmän alabeder daşa ýüzlendi: “Ýörite geldim, barlygyňy gördüm, birek-birekden göwün-kine edere sebäp ýok.” Daşy gadyr bilen sypady, ýöne gözüni açanokdy, göwresini beýläk öwürdi, öwrülişine-de depeden düşüp gitmelidi, şu pursat, şu ýerde daşy unutmaly, kalbyňdan zyň diýdi, diýip ýatyrka-da başarmajagyny bilýärdi. Birmahal teatrda gören komediýasy ýadyna düşdi. Hezil edip gülüpdi. Bir molla ölenleri direldip bilýändigini aýdyp, gudrata ynanýanlary başagaý edýär. Ýöne mollanyň bir şertini bitirmelidi: men doga okap otyrkam maýmyn hakynda pikir ediji bolaýmaň, kim maýmyny ýadyna salsa, onuň ölüsi direlmez diýýär. Heý, beýle duýduryşdan soň kim maýmyny unudyp biljek?! Maýmynyň ornuny alabeder daşyň eýeländigi Abdyllanyň gülküsini tutdurmady. Abdylla diňşirgendi. Töweregi gaýtadan gaplap alan ümsümlikde hiç hili lezzet duýanok, gaýta, howsala, gizlin howp bar. Ýeňsede, çuň käliň içinde itli esgerleriň garaşyp duran bolmaklary-da ähtimal. Wertolýotdan ony saýgaran bolsalar, ýerdäkilere habar bermäge ýetişendirler. Maşynlar gözden ýitdi, itli esgerleriň biri-de göze ilenok. Abdylla göwresini göterende süňňünde erbet agyrlyk, dyzlarynda saňňyldy duýdy. Usul bilen çatynyň arasyny elläp gördi, hudaýa şükür, balagyň-a gury ekeni diýdi, diýenine-de güldi, gülýäni üçin kemsinmedi, gülkä gülmeseň göwni galarmyş diýipdirler. Depäniň üstündäki bolşuny sahna geçirdi, tomaşaçylaryň arkan-ýüzin gaýdyşyp güljekdiklerine şübhe etmedi, gorkagyň üstünden gülmek olaryň endigi. Şeýdip, özleriniň batyrdyklaryny duýdurjak bolýan ýaly-da. Ähtimal, gülüp, gorkyny ýeňjek bolýandyrlar? ■ Üçünji bölek Abdylla giç öýlän halys surnugyp şähere ýetdi, öýüne barmady, demirýoldan ýeňsä geçdi. Tanyş-bilşiň öýüne diýip, setanda-seýranda gelinäýmese, paýtagtyň bu bölegi ýadyňa-da düşenok. Bu taýlary soňky wagtda ak guşa meňzedilýän şäheriň süňňüne urlan gelşiksiz ýama öwrülip barýar. Kileň sowet zamanynyň rowaç mahalynda hojalyklaryň guran ýeke gat hususy jaýlary. Bu ýerde öňem uly dükanlar, döwlet edaralarynyň biri-de ýokdy, häzirem ýok. Köçeleriň iki gyrasyndaky pyýada ýodalary eýeläp, sygyr, düýe daňanlar-da, tamdyr salnanlar-da bar. Gatnawly ýollaryň sowalygyndanmy, hereketiň akymy duýlanok. Howlulardan çykyp, käýerde ikilän-üçlän çommalyp oturan adamlary synlanyňda, olarda ýaşaýyşa höwes bardygy duýlanok, gaýta ýaşamakdan halys ýadap, birek-birege aýdara sözleri gutarany üçin ýere garap, dymmakdan gaýry çäre galmandyr diýäýmeli. Sowet Soýuzy dargandan soň köçelere seredilmedigi görnüp dur. Şol mahal düşelen asfalt häzir owum-döwüm bolupdyr. Abdylla gazganakly köçelerden ýöräp, Öwez işanyň howlusyna ýetdi, gapa berkidilen jaňy basdy, basyp durka-da „işan“ sözi Öweziň kakasynyň adymyka ýa-da öwlat topara degişlidigini aňladýarmyka diýip, pikir etdi. Ony ýigrimi-otuz ýyl tanaýan-da bolsa, şuny anyklamandyr, zerurlyk bolan däldir, häzirem zerurlygy ýok, haýsy bolanda-da Öwez diýen adam üýtgemeli däl. Gapyny Öwez işanyň özi açdy. – Bo-o-ow!.. artis!.. haýsy tüweleý getirdi seni bu ýerlere? Ol görşeni bilen oňman Abdyllany goltugyna gysdy. – Şu, artistleri göremde kim ýadyma düşýär diýipdiň? Ýadyňa sal hany... – Abdylla duşuşyga şowhun berip güldi. – Äý, mendirin-dä, haýsy bir diýenimi ýatlaýyn, özüň ýatladaý. – “Ýetim çagalar ýadyma düşýär” diýipdiň-ä. Menem “Halkda-da bir söz bar: “Ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň salyp ur“, muňa näme diýjek?” diýipdim. Senem: “Halkyň sözi bilen işim ýok, men öz sözümi aýdýan” diýipdiň, ýadyňa düşenokmy? – Diýendirin. Halkyň sözüni aýdyp, dünýäni ýykyp ýörler. Soňra Öwez işanyň teatra barşyny ýatlap gülüşdiler. Ol mahallar teatra barmaýan adam döwrüň arabasyndan gaçyp galan ýaly görlerdi. Öwez işanam arabadan gaçyp galanlaryň biri ekeni. Ol ýetmişinji-segseninji ýyllarda paýtagtda belli ”zawmag”, magazin müdiri bolan adam. Zawmaglaryň meşhurlygy gyt harytlaryň tapylyşy bilen kesgitlenilýärdi. Onuň magazininde et, kolbasa, mesge, hatda işbilem tapylýardy. Öwez işan iňňän gereklenýän adamdy. Abdylladan oňa çigit ýaly peýda bolmasa-da, birhili bada gepleri alyşdy gitdi, zawmagyň kabinetine göni baryp bilýän adam boldy galaýdy. Abdylla ony bir gezek teatra barmaga yrypdy. Öwez işan: – Gülkülimi? – diýdi. – Gynançly. – Gynançly zatdan oýun ýasap bolmaz-a. – Teatrda hemme zat bolýar, güldüribem bolýar, agladybam bolýar, jennetem, dowzaham görkezip bolýar. Gynançly diýýänim – bu dünýädäki dowzahy görkezýäs, o dünýädäki dowzaha gynanjak ýok, sebäp ony görüp gelen ýok. Şu dünýäniň dowzahyna düşen halky görkezýäs, o halkyň ady bar, jan halky diýilýär. Görgüden ýaňa gözi agaryp, hakydasyny ýitirýär. Halk hakydasyny ýitirende haýwandan ýaman boljak ekeni. Haýwany tebigatyň beren endigi halas edýär, adam welin, gyrlyp, guma garylyp gidäýjek ekeni. Bir adamy, ady Nazar Çagataýew, Moskwadan Garaguma iberýärler, git-de öz halkyňy halas et diýýärler. Oglanka giden, ulalýar, Moskwada okaýar, instituty gutarýar. Şol adamyň rolunam men oýnaýan, sen maňa seretmäge baraý. – Bir adam giden bir halky nähili halas edip biler? Munyň şol oýun diýlenne barýar. – Meň arkamda sowet hökümeti, Moskwa dur! – Hökümet diýseň – başga gep. Öwez işany gutarnykly yrmak üçin Abdylla ýene iki delile ýapyşmaly bolupdy. Birinjisi, bu oýna döwlet baýragynyň berlendigini, has wajyp ýeri-de, Moskwada berlendigini nygtapdy. Döredijilik adamlarynyň mertebesiniň belende galmagynda hökümetiň berýän bahasynyň aýgytly ölçegdigine halys ynanýan ildeşlerine bu deliliň täsiri önjeýli bolmalydy. Ikinjisi, sahnada görkezilýän Aýdym diýen gyzjagazyň adyny golaýda bolan gyzyna dakypdy. Abdylla Öwez işanyň teatra geleninden habarly bolsa-da, oýun gutaranda ony tapmandy, ertesi magazine baranda görüpdi. – Äý, pallap, halys oturyp bilmedim – diýdi. – Olar ýatlamanyň gapdaly bilen gaňşyrawygyňy tütedip barýan düýeçal içdiler, soňra Öwez işan Abdyllany goňşusynyň toýuna alyp gitdi. Köçä çykanlarynda: – Şo, bir mahalky oýnuňa meni indem bir çagyrsana – diýdi. – Wah, bolsa näsini aýdýaň! Uly Ýaşulymyz seni pallap oturmak azabyndan dyndardy: “Moskwa ýaran oýun bize derkar däl” diýdi, wessalam – iş tamam. – Hä-ä, beýle boldy diýsene, geň göremok. Toý ýerinde hormat edip, olary bagşy aýdýan jaýa saldylar. Eý-ho, tilkiniň sürenine tüsse bereniňde-de beýle güzaplyk bolýan däldir. Ortadaky akan-dökän saçagyň töwereginde kese ýatan adamlar tördäki bagşynyň gapdalyndan zowladyp ses goşanlary bilen oňman, gapy açylyp, içerik sähelçe sergin howa uraýdygy, böwürlerine pyçak dürtülen ýaly, ”işigi ýap, ho-ow!” diýip, jabjynmaga-da ýetişýärdiler. Bedeniňi eredip barýan gyzgynlyk jan deriňi çykarjak. Demiň, deriň porsusy bogazyňy gijedýän ajy tüsse bilen garyşyp beýniňi gysyp barýan agyrlyk döredýärdi. Oturanlaryň tagalla edişlerini göreniňde, ýüzüne tirýegiň mele reňki uran arryk bagşynyň neşeli keýpini peseltmezlik üçin bu dowzahy saklamagy özlerine borç bilýändirler, otagyň howasy täzelense, gözlerini süzüp, çüri eňegini gyşardyp, dyzlary egnine ýetýänçä bükülip, çygyrýan bagşynyň port süňkleriniň pytrap gitmeginden ätiýaç edýändirler diýäýmelidi. Bagşy aýdymy lezzet üçin aýtman, mis ýaly gyzan otagdaky meýlisçileriň özara raýdaşlygyny dabaralandyrmagyň hatyrasyna bogazyna zor salýar diýseň-de boljak. Onuň çakdan agdyk wakgyldap, gara dutarynyň uly gapagyna ýygy-ýygydan pitik kakmasy, sazyň emrine däl-de, keýpiň emrine bagly zatlar. Abdylla kärine görä, bu görnüşi sahna geçirjek boldy, başarmady, sungatyň ölçegine syganok. Islendik gabahatlyk teatr sahnasyna çykanda, nähili-de bolsa, estetiki maksada tabyn edilýär. Bu adamlaryň bolşunda nähili maksat bolup biler? Muňa bimaksat döreýän akym diýse bolar. Bu adamlar wagşylyk derejesine göterilip, kimdir birini geň galdyrjak bolanoklar, aralarynda saýry biriniň oturanyny-da saýgaranoklar, saýgarmalydyram öýdenoklar. Olar başgaça bolup-da biljek däller, bolmaga ymtylýana-da meňzänoklar. Kesekiniň pikirine, öwüt-ündewine-de mätäç däl, asla pikirlenmelidir öýdenoklar, pikirsiz ýaşamak olaryň şu boluşlaryna juda amatly. Olar bu ýagdaýa oýlanyp ýeten däldirler, durmuşyň gysajyna kem-kemden ram edendirler, belki, haçan oňa garşylyk görkezmelidigini-de aňşyran däldirler. Muny olaryň gözilginç tekepbirliginden aňsa bolýar. Bagşa çaý guýup berýän daýaw adaw boýnuna atan ýaglygy bilen ýasy maňlaýyny gyssanmaç süpürip, jynssyz gygyrdy: – Haýallama, Mürrüm! Bu ýatan goç ýigitler bäş günlük pelegiň ýüzüne tüýkürip bilýän adamlar-a! Pelegiň bara, şu bagyr-öýkenini bara, gowrup iýjekler, oňurgasynyň ýiligini sorjaklar! – Ol ýumruklaryny depesinde galgatdy. – Sen bize: ”Iýip-içip, münüp-guçup öt ýagşy” diý, Mürrüm! Garşy bolanyň tumşugyna kakýas biz! Ony gyk-bak bilen goldadylar, halys kese ýykylyp, gygyrmaga mejalsyzlar kynlyk bilen elini ýa-da aýagyny galdyryp, yşarat etdiler. Bagşy çürelen eňegini kükregine diräp bat alsa-da, sesi beýgelmedi. Daýaw adam içki gapynyň öňünde uzyn boýnuny egreldip duran adama ýaglygyny bulady. – Taýynmydyr? Uzyn boýun höwes bilen baş atdy: – Mürrümiň sesi syrtyna gitdi, ýangyjy gutardy! – Daýaw adam agyr elini bagşynyň egnine patladyp goýdy, hahahaýlap siltedi, bagşynyň dutary elinden gaçdy. – Zaprawka taýyn! – Towsup, aýak üstüne galdy. – Mürrümi gyrata mündürmesek, karam bolar. Kimiň ýangyjy azalan bolsa, geçsin o jaýa! Mürri jany göterip äkideris! Ol bagşyny aýbogdaşyny gurup oturan ýerinden garbap göterdi, açylan gapa ýetip barýarka: – Ýarym sagat arakesme – diýip gygyrdy. Alty-ýedi adam onuň yzyna düşdi. Abdylla dagy hem serginlemek bahanasy bilen köçä çykdylar. Öwez işan: – Gördüň gerek – diýdi. – Gördük, kemi galmady. – Ýeri, indi bu halky kim halas eder, sowet hökümetem-ä ýok? Garaşylmadyk sowaldan Abdylla gorkdy, prowokasiýa üçin aýdylan bolmasyn? Öwez işan başyny galdyrman barýar, sowaly özüne berene meňzeýär. – Öten hepde bir bela-betere sataşdym – diýdi. – Ýüzüme poh çyrşalan ýaly boldy. Soňky mahal öýdeş oglum bilen mal soýup satýanym-a sen bilmeli. – Bilýän. – Irden gapyny kakýalar, çyksam, köçede bir ýigit dur. “Siz pylanymy?” – “Hawa, şol.” – “Mal soýup satýaňyzmy?” – “Hawa, mal soýup satýan” – “Men-ä bir teklip bilen geldim welin, aýdaýsam, ýaşuly, gatyrganyp durmarsyňyz-la?” – “Mal getirdiňmi?” – “Äý, enteg-ä getiren zadym ýok, soraşjak, getir diýseňiz getiräýjek” diýdi, özem gözleri elek-çelek, töweregine garaýar. Ogurlyk malmyka? – şübhe döredi. “Soraşyber”. “Öten gije obada biriniň abat sygry öldi, iýmini iýip, ýykylypdyr, halallamaga-da ýetişmediler, 250-300 kilo çykjak mal. Daň atmanka äkidip, janawary gömdüler, entek gany durup, gyzgynam sowan däldir. Eger ýerlärin öýtseňiz-ä?..”– “Ýerlärin öýtsem, hä, näme, aýdyber!” – “Ýaşuly, unamasaňyz ýekeje söz – ýok diýiň, men gidýän. Edilmeýän zady etjek bolamok, satanlary bilip diýýän”. “Gir howla” – gygyrman aýtdym, ýogsa, içimde galpyldy döräpdi. Girdi. “Meni saňa kim salgy berdi?” – ”Sorap, bildim.” – “Haram ölen malyň etini satýandyr diýdilermi?” – “Nätdiň-aý, ýaşuly, ýok, mal soýup satýa diýdiler, gaýraky bazara baryp soradym, häzir özi ýok diýdiler, öýüň salgyny aldym. Gahar etmäň, arada biri sygryň gömlen ýerini görkezip, 20 dollar aldy. Äkidip, türmäň naharhanasyna beripdirler” diýdi. Ýaňkyň dulugyna bir çaldym, çalasyn ekeni, zut gaçdy, sypdy. Gaçany gowy boldy, gaçanyna oturyp-oturyp begenýän, ýogsa heläk ederdim. Ol gaçyp özüni halas etdimi ýa-da meni halas etdimi – bilemok. Yzyndan bir gygyrmaga ýetişdim: “Ýere girseňem, taparyn!” diýdim, gaharyma diýdim. Gitsin, güm bolsun! Gözläp tapdymam diýeli, milisiýa eltmeli borun. Hiç mahalam ýüzlerini ýuwar ýaly däldi, polisiýa diýleni bäri welin, olar galtamana, garakça öwrüldiler. Öz başymdan injekler: näm üçin ala-böle seň gapyňdan barypdyr diýseler? Gelmän geçen, meni agyr jeneýata şärikli ýaly etdi goýaýdy. Ýa meni beýle gabahat işe baş goşar öýdýän barmyka? Ol haramzada salgy alan adamsyna etsemini aýdan bolsa diýýän, ol adamam: biý-ä galmagal turuzmady welin, hä diýen bolmagy-da ähtimal diýip ýören bolsa diýýän... Gorkýan, gaty gorkak bolupdyryn, has beteri-de töhmetden gorkýan. Abdylla: – Bir näsazlyg-a bar – diýdi. – Bolaýar öýdýän zadyň bolup gidiberenok. Metjitler köpelip gidip otyr, namaz okaýan, oraza tutýan diýip ýörenem köpelipdir, köpeldigiçe haramlyk azalmaly dälmi? – Öňde-de biri eşegini ýitiripdir. Oba aýlanyp gygyrýarmyş: “Eşegim tapylsa, Hudaý ýoluna bir göleli sygyr berjek, ho-ow!” – “Akmak, ýitireniň-ä bir haram eşek, heý, oňa-da bir göleli sygyr berip bolarmy?!” diýseler: “Men entek Hudaýy aldaýan” diýipdir. Biziň häzirki oraza tutýan, namaz okaýan, sadaka berýän diýip, magtanyp, metjide gatnan bolşumyz Hudaýy aldajak bolmakdan başga zat däl. Demirýola ýetenlerinde Öwez işan gaýdarman boldy. – Ýaňky, toý ýeriň gapdalynda bir goja bar – diýdi. – Arada her kim öz derdini aýdyp, zeýrenişip otyrdylar. Goja göwünlik berip, bir söz diýdi, haýran galdym. ”Şu garaşsyzlyk diýilýän apat başymyzdan sowulsa, soňy düz bolmaly” diýdi. Gaýrat et, ýitme, gelip dur. Abdylla pyýada gaýtsa egin-başyna, süňňüne ornan ajy ysdan, zäherden saplanaryn öýdüpdi, emma spirtden serhoş bolan adamyň suw içende gaýtadan serhoşluga uçraýşy ýaly, sergin howa kelle agyrsyny beterletdi, ýüregi bulanyp, başy aýlandy. Bu günki başa düşen derdeserden diňe uky bilen dynyp bolar. Täze ýaranyň beden sowadygyça azarynyň artyşy ýaly, pökgerendir öýden dodagyny ýalanda, hakykatdanam agzyna uçuk gaýnandygyny bildi, awusyny duýdy. Öwez işanyň ýanyna sowlup, könäni ýatlaşyp, biraz ynjalaryn öýdüpdi. Bolmajagyny toý ýerinde otyrka-da bilipdi. Gözüni ýumdugy alabeder daş peýda bolýardy, haýran galaýmaly, özem diňe bir görnüşde, depeden aşak inip gelýän görnüşde görünýärdi. Her görnende-de daşyň aşagynda duran adamyň kimdigini ýatlaýardy... | |
|
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |