18:33 Göwündäki gündelik -13/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Dünýäniň ösüşi haýran galdyrýar. Germaniýada çap edilýän “EUROPE UNITED” žurnaly elime düşdi. Şonda şeýle bir täsin maglumat bar eken. Ýewropa Birleşigi ýurtlary intellktual ösüşi geljegiň iň uly mümkinçilikli ugry hasaplaýar. Şonuň üçin hem superkomýuter, kiberhowpsuzlyk, sanly kompetensiýa ýaly täzelikleri ornaşdyrmak üçin 9, 2 milliard ewro harçlamak meýilleşdirilýär. “Sanly geljek”-bu taslama şeýle atlandyrylýar. * * * Kän gary depelän, durmuşyň şatysyny gören, aýdylyşy ýaly, “bir gysym uny artyk iýýenem bolsa pygamber hasaplanmaly” garry-gojalar bilen oturmak, olaryň gürrüňini diňlemek-durmuş mekdebi. Şeýle adamlaryň birem Ýollu aga Öwlüýägulyýew. Ol ýanýoldaşym Ogulnabadyň daşkynrak daýylarynyň biri, köneden gatnaşykly adam. Filosofiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory bolup işleýän bu adam 85 ýaşyň hekgesinde otyr. Öz wagtynda komsomol işgärliginden TKP MK-nyň ideolgiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary, partiýanyň Mary obkomynyň sekretary, paryiýanyň Merkezi Komitetiniň ylym bölüminiň müdiri bolup, tä kommunistik düzgün dagaýança “gupbaly jaýdan”-TKP MK-den girip çykan, soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Filosofiýa institutynyň direktory bolup işlän, öz döwrçnde SSKP-nyň MK-niň ýanyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlan, doktorlyk dissertasiýasyny Moskwada goran bu adam mahal-mahal meni myhmançylyga çagyrýar. Barmasaňam öýkeleýär. Onsoň göwnüne degmejek bolup, “çaýlaşyp” gaýdýan. Soňky gezek-bir hepde ozalrak towukly palawyň ýanynda keýpi köklänimizde, dili has süýjän köne partiýa işgäri bir wakany gürrüň berdi: -Brežhewiň ömrüniň soňky ýyllarydy, ýalňyşmasam, 1982-nji ýyl bolmaly. Men TKP MK-nyň ylym bölüminiň müdiridim. Bir gün Halk magaryf ministrliginden hat geldi: “Täze okuw ýyly üçin 30 müň çemesi okuwça mekdep partasy ýetmezçilik edýär”. Derrew Pespublikan Gosplana jaň etdim. “Biz nädeli, Ýolly Öwlüýägulyýewiç, Moskwa hat ýazdyk, enteg-ä jogap ýok” diýdiler. Okuwyň başlanmagyna-da bir aýdan azrak wagt galypdy. TKP MK-nyň Birinji sekretary Gapurowa jaň etdim: “Muhammetnazar Gapurowiç, şeýle-şeýle ýagdaý, nädeli?” Ol kesgitli aýtdy: “Ertiriň özünde Moskwa uç, barmaly gapylara girip, meseläni položitel çözüp gel”. Buýruk buýruk bolýar. SSKP MK-ne, öz köne tanyşlarymyň ýanyna ilki maňlaý diredim, akademiýada bile okanlarymyň köpüsi şol ýerde agramly kürsülerde otyrdylar. Olar SSSR-iň Döwlet Planşaşdyryş Komitetine-Gosplana jaň edip, kimiň ýanyna barmalydygymy aýtdylar. Eňdim wagt ýitirmän. Aýdylan gapyny kaksam, darajyk kabinet. Töründe äýnekli biri otyr. Ol meniň familiýamy okap bilmän ýaman uzak wagtlap peltekledi oturdy. “Ow-ow-laýa-laýa-ku-ku-liýew” diýip, kekeçläp otyrşyna dözmän, ahyry “Siz maňa gowusy, Ýolly diýip ýüzlenäýseňizläň!” diýdim. Onuň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Wah, adym hiç-le, möhümim bitse razy. Ol uzadan kagyzymy ünsli okady-da, iki egnini gysdy: -Edip biljek kömegim ýok, eýýäm raznarýadkalar bölündi. Her respublika gerekli mukdarda ugradyldy. Men geňirgendim: -O nähili gerekli mukdarda? Ynha, serediň kagyza, bize tas 40 müňe golaý parta gerek ahyry. Ol “nädeýin-dä” diýen manyda egnini gysdy-da, ýerinden tutup äpişgäniň öňüne bardy. Soýuzyň Gosplany şol döwür häzirki Russiýanyň Döwlet Dumasynyň binasynda oturýardy. Ol turdy weli, birden gözüm stoluň üstündäki kagyza düşdi. Onda Soýuz Respublikalaryň ilatynyň köpelişi her müň adamsanyndan bölünip grafik edilipdir. Görsem, Türkmenistan hemme respublikalaryň aýagynda-bizden soň diňe Täjigistan Respublikasy dur. Özem ilatyň köpelişi täjikler bilen bizde iň ýokary-7 adamdan düşýär. Nazar aýlap ýetişdim weli, latyşlarda, litwalylarda, estonlarda, beloruslarda bu san 3-4-den ýokary geçenok. Şonda-da meniň dilegim hemmesine deň paýlanypdyr. “Pylan Pylanyýewiç, ynha, serediň, çaga doluşy boýunça biziň respublikamyz iň ýokary görkezijilerde, eýsem, Pribaltika respublikalarynda artykmaç boljak partalardan bize bölüp bilmezmisiňiz?” diýsem, ol kesgitli kelle ýaýkady. Ol “bolmaz” diýen alamatdy. Şondan iki elimi burnuma sokup, ertesi Aşgabada dolandym. Gelşime-de Gapurowyň ýanyna girip, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Ol “Çagalary partada üçden oturdyp ýa-da bolmasa mekdebi üç smena geçirip bolmaz, derrew sen meň adymdan Brežnewe hat taýýarla, ähli ýagdaýy anyk häsiýetlendirip ýaz” diýdi. Şeýdip, okuw ýylynyň edil alkymynda “Soýuzyň rezerwi” diýilýänden 30 müň partany alyp ýetişdik... Bu gürrüň mende ajy kinaýa döretdi. Danalaryň biri “egniň gedaý haltalam bolsaň, erkin bol” diýipdir. Ýaşasyn Özbaşdaklyk, syýasy, ykdysady özbaşdaklyk. Häzir dagy parta näme, islän, özem iň aňrybaş mebelleri özümizde, öz ýigitlerimiz öndürip dur-a! Parta üçin bärsinde Gün doganda, beýlesinde Gün ýaşýan-Ýer togalagynyň tas sekizden birini tutup ýatan Sowet Soýuzyna hökmürowanlyk eden kommunistik partiýanyň Baş sekretaryna ýüz-göz etmek eýsem aňrybaş gülkünç hem diýseň elgaramalyk dälmi, hä?! 5.03. 2019. * * * Şeýle bir rowaýat okadym: “Pygamberleriň biri demi daş ýarýan begzada şeýle sowal beripdir: “Akylly bolsaň gowumy ýa-da dana?” Oýlanyp-oýlanyp, begzada: “Men-ä akylly gowumyka diýýän” diýipdir-de, pygamberiň özüne ýüzlenipdir: “Eýsem, akylly bilen dananyň nähili tapawudy bar?” Pygamber aýdypdyr: “Akylly hernäçe müşgül işdenem baş alyp çykar, dana bolsa şeýle müşgül-bulaşyk işiň golaýyndanam barmaz”. 7. 03. 2019. * * * Akademik, türkmeniň dünýä belli alymy Agajan Geldiýewiç Babaýew “Жизнь в науке о пустынях” atly ýatlama kitabyny (golýazma esasynda taýýarlanan) awtograf ýazyp, sowgat berdi. Kitap sowgady-iň gadyrly hem iň gymmat sowgat bolsa gerek. * * * “Русские сериалы” tapgyryndan “Düýp delil” (Основная версия”) atly kinony gördüm. Filmiň soňunda baş gahrymana bir goja kişi şeýle diýýär: -Hiç wagt unutmagyn! Bumerang zyňlan ýerinden ýene yzyna gelýändir, dogrumy? Durmuşda-da eden ýagşylygyň ýa-da ýamanlygyň ahyrsoňy gelip maňlaýyňa urulýandyr. Haçan, niredendigini sen bilmersip, diňe Alla bilýändir. 8.03. 2019. * * * Düýn “Ertekä meňzeş ykbal” atly dokumental powestimi “Garagum” žurnalyna berdim. Ol akademik Gaýyp Nepesow hakda “Heňňam hekaýatlary” toplumyndan “Ýagty ýyldyz nur saçar” atly publisistik makala sygman galan maglumatlardan döredi. Uzak oýlandym, çalt ýazdym, baha bermek çap bolsa okyjylardan. 14.03.2019. * * * Köpetdagyň depesi, etekleri ak gardan “içmek” geýnip otyr. Gaty owadan, gaýmak ýaly howa. Şu ýylyň nowruzy görülmedik ygally geldi. Ahal ýaýlasynda guralan Nowruz baýramyna gitdik, ilki çyglap, soň sepeläp, soň damjalap ak ýagyş guýdy. Ýyljajyk, mylaýym, keýpiňi göterip barýan ýagyş. Garagumyň içi ýagan ýagyşdan ýaňa köl bolup ýatyr diýýä Nurguly aga, otly bilen Daşoguzdan gelýärkä görüp haýran galypdyr. ... Häk, bu howada guma gidip, bezm edäýseň! 12. 03. 2019. * * * Aprel görülmedik ygally geldi. Edil şu mahal-Gün batyp barýan wagtam geçen agşam ýarygijede başlan ýagyş guýup dur. Öňňun-bazar güni amatyny tapyp, Bäherdene gidip geldik, Nurgeldi, Akmuhammet Hemit bilen, üç bolup. Arçmanyň deňesinde ýola çykarylan-satylýan domolanlaryň hatary uzyn. Özem kömelekden arzan. Bu ygally baharyň nygmaty. Ýöne ýagşyň gapdalynyň ýamanam bar-da. Dag eteklerinde-Gazanjykda, Serdarda, Tagtabazarda, Garrygalada, Etrekde sil gelen ýerler bar. Nijeme öýleriň ýykylandygyny, siliň aşagynda galandygyny, mal-garanyň sil bilen akandygyny aýdýarlar. Hernä keremli Alla iki tarapyny deňläp bersin-dä! Häzir baran ýerimiz, gören zatlarymyz barada bir oçerke başladym. 8. 04. 2019. * * * Köne kagyzlary dörüp otyrkam aşakdaky goşgy gözüme ildi. НОJANЕPESIŇ NАLASY (Вeki Sеýtäkowyň 80 ýyllyk ýubileýine Dаşoguza gidilende Н.Meläýew hakynda ýolda dörän degişme goşgy) Ýesir eýläp alyp gaýtdy Ahaldan, Meni ilim hakda arman öldürer. Aşgabatda arak gymmat mahallar, Meni Ýerbentdäki arzan öldürer. Maşyn bary hatar gurap bardylar, Ýoldaşlarym ýolda meýlis gurdular. Oturyban, dik duruban «urdular», Sаpar oň deňinde durman öldürer. Neçüýn oňa «Dur!» diýmediň Аrzygül2?! Ýogsa, içmek—bu ýollaryň parzy, gül. Sapar aljak hak almaly karzy, gül, Meni Еzraýyla bermän öldürer. Daşgyn otyr, däl bu zatlar parhyna, Ilişdim pelek däl, Saрar çarhyna, Amanat jan geçmez eken karzyna, Ýokdur bu derdime derman, öldürer. Şerap içseň ganyp-ganyp nowadan, Bir doýaňsoň ýaşyl sähra owadan. Haraý ýokdur Ýylgaý bilen Вugаdаn, Bu düşen ahwalym görmän öldürer. «Saрar bilen gitme!» diýdi aýalym, Öýdäki zalymmy, ýoldaky zalym?! «Bokurdakda» bir durmakdy hyýalym, «Munda durmaň!» diýen perman öldürer. Ölmänkäm ýat etdim ertiri, düýni. Indi şu maşynmy dünýäniň düýbi?! Dadyma ýet Sоna bilen Аkbibi, Ýogsa, bu nemismi, german öldürer. Аrzygül ne diýse, Saрar boýnap dur, Dаşgynow hem bu dünýäni oýnap dur. Gök damarda gyrmyz ganym gaýnap dur, Ol meň bir damarmam gyrman öldürer. Ýoldaşlam şerapdan gansa ýollarda, Meň ganym gatady boş hyýallarda. Biri ýygnar, läşim galsa gollarda, Ol meniň läşimi sermän öldürer. Bir geçilmez arym galdy Sаparda, Bir içilmän «ýarym» galdy Sapаrda. Оraz ýa-da Öwеz ýokmy ýokarda?! Diňe şolar muny urman öldürer... 23.03.1994 ý. Degişme-goşgynyň awtorlary: Нudаýberdi DIWANGULYÝEW, Аtamyrat АТABAÝEW, Öwеzdurdу NЕРЕSОW. _______________ Sapar Öräýew — şahyr, H.Meläýew bilen bir maşynda... Arzygül — Sapar Öräýewiň maşgalasy, aýaly. Daşgyn — Gurbanýaz Daşgynow. Ýуlgaý — Ýуlgaý Durdуýew. Вugа — Аmаnmуrаt Вugаýеw. «Воkurdak» — ýer ady. Sоna — Sоna Ýаzowa. Аkbibi — Аkbibi Ýusubоwa. Оraz — Оrаzgеldi Аýdоgdуýew. Öwez — Öwеzdurdу Nереsow. 23.04. 2019. * * * “Senaly” tahallusly şahyr Didarberdi Allaberdiýew gelende aýdyp beren degişmelerinden: Ol “Nesil” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebowyň ýanyna barypdyr. Gürrüňdeşlikden soň Kakamyrat myhmanparazlyk bilen: -Agam Balkan ýaly ýerden gelipsiň, ýol ýadadandyr, öýe gideli, bir käse çaý bereýin-diýipdir. Onda Didar däde: -Kakamyrat jan, çaý diýeniňem gulaga ýakman duranok. Ýöne öýüňe eltip maňa bir käse çaý bereniňden, gazetiňde üç-dört sany goşgymy berseň, saňa üç esse arzan düşer-diýipdir. * * * “Diýar” žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazgulyýew Didar däde bilen telefonda gürleşip otyrka, gep arasynda: -Hazar kenarynda howa nähili?-diýip sorapdyr. Onda aňyrdaky: -Edil häzir-ä howamyz bulut çekip garalyb-a dur, ýagjaga-da meňzänok, ýagmajaga-da-diýipdir. Onda Gurbannazar: -Didar däde, oň ýaly bolsa gürrüňi uzaldyp oturman, “howanyň ýagdaýy Osman agaň ýüzi ýaly diýäýsene” diýipdir. * * * Didarberdi “Garagum” žurnalynda işleýän şahyr Orazguly Annaýew bilen gürleşmek üçin ençe gezek öýüne jaň edipdir. Çagalary her gezek onuň öýde ýokdugyny aýdypdyrlar. Gurban baýramy ýetip gelýän uçurlary Didarberdi ýene-de jaň edip, “hem-ä salamlaşaýyn, heme gurban baýramy bilen gutlaýyn” diýse, ýene öňki jogap gaýtalanypdyr. Telefony şahyryň aýalay alan eken. Onsoň halys paltasy daşa degen Didarberdi şeýle diýipdir: -Aýgözel dogan, eger gurbanlyk dagy edäýseňiz, Orazguly agamyzy hem çagyraweriň. Ýylyň dowamynda birje gün öýüne dolansa bizem-ä begenerdik sizem, özem şol sogaply güne gurbanlykdan amatly gün tapylmaz. * * * Didarberdi bir gezek “Garagum” žurnalynyň baş redaktory Osman Ödäň ýanyna salama sowlupdyr. Osman akga (ýatan ýeri ýagty bolsun) özüne mansus agraslyk bilen Balkan illeriniň hal-ahwalyny soraşdyrypdyr. Soňam gürrüň arasynda sorag beripdir: -Balkanlylar garagol çagalaryny uklatjak ýa-da gorkuzjak bolanlarynda Pyhy Taganyň suratyny görkezip “aýdylany etmeseňiz, häzir şu adam geler” diýip, elheder etdirer ekenler. Indi Pyhy däde-de dünýäden ötdi, nä alaç edýärsiňiz? Didarberdi gülmän-yşman şeýle jogap beripdir: -Aňsat usuly tapyldy. Indi Atajan Taganyň ýarysy burun bolup duran suratny görkezýäs weli, iň bet çaga-da derrew gözüni ýumaýýar. * * * Didаr däde saba-säher oýanyp, ýarty göwresini ýorgandan çykaryp, tukat bolup oturan eken. Мuny gören aýaly: -Näm boldy? Daň bilen gözüňi açyp-açmankaň, hireden gam-gussa tapdyň, ýüzüňden gar ýagýa-la-diýipdir. Onda Didar däde: -Düýş gördüm. Enem-atаm meni düýşümde täzeden öýerip, toý tutup otyrdylar, gözümi agsamam-diýip, dymypdyr. Täçsоltan gelneje: -Onda näme şatlanmagyň deregine ýüzüňi sallaýaň. Aýt hany, ataň-eneň haýsy gyzy alyp berdiler?-diýip, gabаnjaňlyk bilen sorapdyr. Didаr däde ahmyr bilen baş ýaýkap, ýuwaşjadan şeýle diýipdir: -Wаh, düýşümde-de ýene sаňa öýlеndirdiler-dä. 24.04. 2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |