15:30 Gowy şahyrlary ogurlaýarlar | |
GOWY ŞAHYRLARY OGURLAÝARLAR
Goşgular
Bir gowy şahyryñ gowy goşgusyn, Basga şahyr öz diline geçirdi. Soñky şahyra-da terjime goşgy, Uly abraý, uly şöhrat getirdi. Soñ eýelik etdi özi şol goşga, Eýe bolan ýaly dünýäñ zadyna. Terjime edilip özge dillere, Goşgy çykyberdi onuñ adyna. Gör, kimiñ jepasy - gör, kime wepa, Gör, kimiñ azaby - kime abraý. Ýer togalak, ýöne gutarýa yollar, Her zadyñ ahyry bolýar ahyry. Kişiñ bagtyny alyp bagtly bolmak kyn, Enelerem bagty dogurmaýarlar. Biri bir setirmi alsa begenýąn, Gowy şahyrlary ogurlaýarlar. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||