12:09 Gözelligiñ hem edermenligiñ poeziýasy | |
GÖZELLIGIŇ HEM EDERMENLIGIŇ POEZIÝASY
Edebi makalalar
Sowet Azerbaýjanynyň iň meşhur şahyry bolan Samat Wurgunyň ady, döredijiligi biziň köpmilletli Watanymyzyň ähli ýerine mälimdir. Geçmiş taryhda Nyzamy, Fizuly, Hagani, Wagyf ýaly ajaýyp söz ussatlarynyň mekany Azerbaýjanyň sowet döwründäki poeziýasynyň ähli ösüş, kämilleşiş etaplary Samat Wurgunyň ady bilen baglanyşyklydyr. Samat Wurgun Ýusup ogly Wekilow 1906-njy ýylyň 21-nji martynda Azerbaýjanyň Gazak raýonynyň Ýokarky Salahli obasynda dogulýar. Geljekki ajaýyp şahyr maddy mätäçliklere ir sezewar bolýar. Ýaşlykda ene-atasyndan mahrum bolýar. Samat 6 ýaşlaryndaka ejesi aradan çykýar. On alty ýaşynda hem kakasy ölýär. Özüniň ýatlamalaryna, belet adamlaryň aýtmaklaryna görä, onuň kakasy poeziýany hem sazy örän gowy görüpdir. Aşuglaryň (bagşylaryň) köp aýdym-goşgularyny ýatdan bilipdir. Ökdelik bilen saz çalypdyr. Şahyryň ejesi hem garry enesi halk durmuşyny, halk erteki-aýdymlaryny gowy bilýän adamlar bolupdyrlar. Olaryň aýdym-goşgulary, erteki-rowaýatlary geljekki şahyryň edebiýat älemine, döredijilik işine ýykgyn etmegine uly ýardam berýär. Soňra şahyr özüniň «Ene», «Enemiň hasraty», «Ajy ýatlamalar», «Hasrat» ýaly ýürekden ýazylan goşgularynda, odalarynda çagalygyny, çagalyk dünýäsini ýatlap, ene mähriniň öňünde baş egýär. Ol goşgularynda çuňňur millilige ýugrulan, umumylaşdyrylan zähmetkeş enäniň obrazyny döredýär. Samat Wurgun öz obalarynda başlangyç mekdebi tamamlandan soň, 1918-nji ýylda Gazak şäherinde mugallymçylyk seminariýasynda okuwyny dowam etdirýär. Ony tamamlandan soň, pedtehnikumda okaýar hem ony üstünlikli gutarýar. 1924 –29-njy ýyllarda ýörite pedagogik bilimli S.Wurgun Gazak, Guba, Kirowabad raýonlarynda mugallymçylyk edýär. Zähmetkeş halkyň durmuşy bilen ýakyndan tanyşýar. Täze durmuşyň çynlakaý bina edilişi, bu ugurdaky kynçylyklar, garşylyklar her ädimde şahyryň özüne-de gabat gelýär. Ýöne täzäniň ýeňşi, könäniň dyza çöküşi onda geljege bolan uly ynam, söýgi döredýär. Şol döwürlerde-de ol özüniň ilkinji goşgularyny ýazyp başlaýar. S.Wurgun Kirowabaddaky «Gyzyl galam» edebiýat birleşmesiniň işenňir çleni bolýar. S.Wurgunyň döredijilik işine başlan ýyly 1924-nji ýyl hasaplanýar. 1926-njy ýylda onuň goşgulary metbugatda çap edilip başlanýar. Şahyryň «Dilijan jülgesi», «Konsert agşamy», «Ýadygär» ýaly goşgulary şol döwür döredijiliginiň gowy nusgalary hasaplanýar. Edebiýat älemine çynlakaý gadam basyp başlan şahyr hemişe düýpli bilim almagyň, medeniýet älemine ymykly girmegiň arzuwy bilen ýaşaýar. Şol yhlasy, arzuw-islegi hem S.Wurguny 1929-njy ýylda Moskwa uniwersitetine getirýär. Uniwersitetde okan döwri şahyryň kämillik hem pähim-parasat mekdebini geçen ýyllary bolýar. Onuň taplanmagyna, bir tarapdan, uniwersitetiň özünde alynýan tälimler kömek etse, ikinjiden, Moskwada şahyra öňdebaryjy rus medeniýeti uly tälim berýär. Umuman, Moskwa ýyllary şahyryň durmuşynda hem döredijiliginde düýpli yz galdyrýar. 1930-njy ýylda S. Wurgunyň ilkinji kitaby «Şahyryň kasamy» ady bilen neşir edilýär. Bu kitaba onuň 1924 – 30-njy ýyllar aralygynda ýazan goşgulary girizilýär. Ilkinji kitabyň goşgulary geljekki uly ussadyň joşgunly ylhamyndan habar berýärdi. Onuň goşgularynda rus poeziýasynyň arassa sesini, aýratyn-da, W.W.Maýakowskiniň täsirini aýdyň aňmak bolýar. Täze, sosialistik mazmunly poeziýasynyň kämilleşişi, beýik sowet şahyry Maýakowskiniň täsiri dogrusynda soňra onuň özi «Maýakowskiý bilen deň gadam goşup» atly makalasynda şeýle ýazýar: «Diňe bir rus sowet poeziýasynyň taryhy ösüşi däl, eýsem Sowet Soýuzynyň beýleki halklarynyň edebiýatlarynyň ösüşini-de Maýakowskisiz, onuň poeziýasynyň şol edebiýatlaryň her birine eden aýratyn täsirini aňmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl». 1932-nji ýylda Samat Wurgunyň poeziýasynyň kämilleşişine, ussatlyk derejesiniň ýokarlanyşyna aýdyň kepil geçýän «Çyra» atly ikinji kitaba giren goşgular onuň döredijiligindäki öwrülişik bolýar. Täze mazmunly, täze owazly şol goşgularyň «Raport», «Çyra», «Rotfront», «Oktýabr günleri», «Şahyryň sesi» ýalylary şahyryň poeziýasynda gaýta-gaýta ýatlanyp durarlyk orun eýeleýär. «Çyra» kitabyndan soň şahyryň yzly-yzyna «Göwün depderi» (1934), «Goşgular» (1935), «Azat ylham» (1939), «Bagt aýdymy» (1940) kitaplary çapdan çykýar. Bu kitaplary bilen zehinli şahyr Sowet Azerbaýjanynyň ähli künjeginde giňden tanalýan, hemme taraplaýyn ykrar edilen şahyr bolýar. Çünki onuň şol ýyllarda döreden goşgulary halk poeziýasynyň hakyky nusgalary bolup, okyjylaryň çuňňur söýgüsini gazanýar. Olaryň köpüsi halk aýdymlaryna öwrülýär. S.Wurgun şol 30-njy ýyllarda, esasan, kiçi göwrümli liriki eserleri köp ýazýar. Ýokarda ýatlanan kitaplara girizilen «Azerbaýjan», «Gökleň atym», «Bahar we men», «Aýdaly», «Bilbil», «Benewşe», «Ýadyma düşdi» ýaly goşgularynda şahyr täze mazmuna, täze görnüşe eýe bolan güneşli Azerbaýjanyň gülleýän durmuşyna guwanýar. Ýeri gelende, bu topragyň geçmişdäki agyr, hupbatly günlerine-de göz aýlaýar, deňeşdirýär. Şeýle häsiýetli goşgularyň arasynda Samat Wurgunyň «Azerbaýjan» goşgusy aýratyn bellemäge degişlidir. Hrestomatiýa eserine öwrülen bu goşgy şygyr sungatynyň, aýdym-sazyň, sansyz gözellikleriň belli watany hakdaky mynasyp waspnamadyr. Şahyr ony şeýle söýýär: Iller bilýär – mekanym sen, Göwun şährim – dükanym sen, Dogduk depäm – bekänim sen. Aýrylarmy köňül jandan? Azerbaýjan, Azerbaýjan! Men bir körpe, sen bir ene, Seň göwsüňde ýetdim güne, Seniň waspyň edip, ine, Diýýän: ilim-günüm sensiň, Janym, ganym, tenim sensiň. Samat Wurgun şol döwürlerde belli original eserlerini döretmek bilen birlikde, terjimeçilik işini hem alyp barýar. Ol M.Gorkiniň «Gyz we ajal», A.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» eserlerini dolulygyna, Ş.Rustaweliniň «Gaplaň derisine giren pälwan» eseriniň bölümlerini azerbaýjan diline terjime edýär. Şahyr «Ýewgeniý Oneginiň» terjimesi üçin «Puşkin medaly» bilen sylaglanýar. «Gaplaň derisine giren pälwandan» eden terjimeleri üçin bolsa Gruziýa MIK-i ony Hormat haty bilen sylaglaýar. Ussat şahyrlardan edilen bu terjimeler, birinjiden, edebi hyzmatdaşlygyň gowy nusgalary bolup, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşygyň has-da ýakynlaşmagy üçin kömek etse, ikinjiden, bu işler S.Wurgunyň döredijiliginiň geljekde has-da rowaçlanmagy üçin ajaýyp uly mekdep bolýar. Şahyr öz döredijilik biografiýasynda, ýatlamalarynda Puşkiniň döredijiliginiň özüne eden täsiri hakda şeýle ýazýar: «Men ömürboýy Puşkinden öwrendim hem öwrenýärin. Onuň döredijiligi meniň üçin iňňän uly şahyrana mekdep boldy. «Ýewgeniý Onegini» terjime edip, men goşgy bilen halkyň durmuşyny giňişleýin suratlandyrýan giň masştably realistik epiki eseri ýazyp boljakdygyna göz ýetirdim». Soňra şahyr «Oneginiň» terjimesini tamamlap, Puşkine ýüzlenme hökmünde «Beýik şahyryň şanyna» diýen belli goşgusyny ýazýar. Bu goşgyny roman çap edilende, onuň başynda ýerleşdirýärler. S.Wurgun şeýle ýazýar: Gynanman ömrümiň iki ýylyna, Akdyrdym alnymyň hünji dek derin. Geçirdim Wagyfyň şirin diline, Men rus şygrynyň iň baş eserin. ...Men seni söýýärin çaga günümden, Sensiň mähribanym, sensiň ussadym. Beýik bagta eýebolan adam men, Seniň şägirdiň diýp tutular adym! Şahyryň öz aýdyşy ýaly, «Oneginiň» terjimesiniň düýpli itergisini onuň döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Onuň şol ýyllarda döreden «Komsomol poemasy», goşgy bilen ýazylan «Wagyf», «Hanlar» dramalary şahyra uly şöhrat getirdi. «Wagyf» dramasy S.Wurgunyň döredijiliginde aýratyn orna eýedir. Azerbaýjan poeziýasynyň XVIII asyr- da ýaşap geçen belli klassygy Molla Penah Wagyfyň döredijiligi S.Wurgunda çagalyk ýyllaryndan başlap, uly söýgi döredýär. Döwrüň belli söweşjeň şahyry, jemgyýetçilik-döwlet işgäri, pedagogy bolan Wagyfyň durmuş ýoly Samat Wurgunyň ünsüni özüne çekýär. Ol 1935-nji ýylda beýik şahyryň gymmatly döredijiligine hem tragiki ykbalyna bagyşlap, «Şahyryň ölümine» diýen uly goşgusyny ýazýar. Bu goşgy «Wagyf» dramasyny ýazmaklyga ädilen ilkinji aýgytly ädim bolýar. Bu drama üçin Samat Wurgun SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty diýen ada mynasyp bolýar. Bulardan başga-da S.Wurgun täze eýýamyň söweşjeň sesi bolup ýaňlanan, dürli temalara bagyşlanan iri göwrümli poetik eserleriň birnäçesini döredýär. Olaryň arasynda taryhy temada ýazylanlary-da, legenda-rowaýatlar esasynda döränleri-de, täze durmuşyň öňe süren meselelerine bagyşlanlary-da bar. Şahyryň «Ölüm oturgyjy», «Ýigrimi alty», «Gyz gaýasy», «Talystan», «Kolhozçy gyz Besti hakda söz», «Aý hakynda rowaýat» ýaly irili-ownukly poemalary şol eserleriň hataryna girýär. Umuman, S.Wurgunyň 30-njy ýyllardaky, tutuş urşa çenli poeziýasynyň esasy temasy halkyň şol döwürdäki şadyýan, gülleýän durmuşy, olaryň gahrymançylykly zähmetiniň miwesi we ş.m. bolup durýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllary ähli halkymyzdan has tijenip işlemegi, göreşmegi, talap etdi. Ýazyjylaryň hem bu işe gatnaşygy has-da üýtgeşik bolmalydy. Şeýle hem boldy. Samat Wurgun hem öz galamdaşlary ýaly, bu ýyllarda aýratyn işeňňirlik görkezýär. Onuň şahyrana sesi fronta ugraýan esgerlerde uly watançylyk duýgusyny döredýär. Söweş meýdanlarynda olaryň gaýduwsyz ýoldaşy bolýar. S.Wurgunyň uruş başlanan badyna ýazan «Enäniň pendi», «Watan goragynda», «Salam, Moskwa» ýaly goşgulary uly mobilizleýji güýje öwrülýär. Asyrlardan bäri her bir işde, göreşde simwoliki güýje öwrülip gelen eneleriň ogullaryna pendi, öwüt-nesihaty bu döwürde aýratyn mazmuna eýe boldy. Samat Wurgunyň goşgusyndaky enäniň pendi hem hiç bir düşündirişsiz – gönüden-göni göreş gimni bolup durýar. Ene ogly özi dogranam bolsa, ony terbiýeläp, ekläp-saklanyň Watandygyny nygtap, şeýle Watanyň goragyna çykanda hiç zadyň tär edip bilmejekdigini, ýeňşiň şol ogullaryň tarapynda boljakdygyny ynamly gürrüň berýär. Goşgynyň leýtmotiwi bolan bu pikir söweşjeň esgerlere edermenlik terbiýesini bermek bilen, watançy eneleriň hem janypkeş, erkin obrazyny örboýuna galdyrýar. Samat Wurgunyň harby ýyllardaky döredijiliginde «Durmuş pelsepesi», «Gahrymanyň edermenligi», «Rus goşunyna», «Ukraina partizanlaryna», «Gyzhanym», «Ot içindäki şäher», «Gyzyl laçynlar» ýaly goşgulary aýratyn ähmiýete eýedir. Onuň şu we şulara meňzeş goşgulary söweş meýdanyndaky esgerleri taýsyz gahrymançylyklara iterdi. Olarda watançylygyň gopy nusgalaryny terbiýeledi. Muny söweş meýdanynda şahyryň adyna gelen hatlar hem subut edýär. «Frontçy esgerleriň arasynda siziň goşgularyňyz dilden-dile geçýär. Bize täze ýazan çeper eserleriňizi iberiň. Men ähli azerbaýjan esgerleriniň islegini beýan edýärin». Şahyryň adyna gelen şeýle mazmunly hatlaryň sany ýüzlerçe bolupdy. Samat Wurgunyň uruşdan soňky döwür döredijiligi düýpli özgerişlere eýe bolýar. Dogrusy, bu döwürde onuň döredijiliginiň täze, iňňän baý mazmunly etapy başlanýar. Onuň köptaraply ýazyjylyk işi jemgyýetçilik işi bilen örän ýakyn baglanyşyklylykda ösýär. Uruşdan soňky döwürde S.Wurgun parahatçylyk söýüji güýçleriň hereketine örän işeňňir gatnaşýar. Şahyr SSSR halklarynyň beýleki ýazyjylary ýaly, dünýäniň ähli halkyny parahatçylygy pugta gorap saklamaga çagyrýan eserleri bilen yzygider çykyş edýär. Azerbaýjanyň belli söz ussady parahatçylygy goramagyň Sowet komitetiniň aktiw çlenleriniň biri bolýar. Aýry-aýry adamlar bilen duşuşyklar, edilen gürrüňler daşary ýurt temasyndan täze dörän eserlerine material bolup hyzmat edýär. Şol eserleriň arasynda aýratyn bellenmäge degişli bolanlary «Negriň arzuwlary» poemasy hem «Ýewropa ýatlamalary» goşgular toplumydyr. Ýeri gelende, onuň Eýran temasyndan birnäçe eser döredendigini ýatlamalydyrys. Uruşdan soňky döwür, öňki ýyllara garanda, S.Wurgunyň döredijiligi üçin öndümli ýyllar bolýar. Şol döwürde döreden eserleri diňe bir S.Wurgunyň döredijiliginde bolman, eýsem tutuş azerbaýjan edebiýatynda täze sahypalar açdy. Onuň bu döwürdäki eserleri giň planlylygy, düýpli meseleler gozgaýanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň «Baku hakda dessan», «Lenin kitaby», «Mugan», «Aýgün», «Zamanamyzyň baýdak göterijileri» poemalary ýokarky pikire güwä geçýär. Görşümiz ýaly, bu eserlerde parahatçylyk ýyllarynyň zähmet, graždanlyk temalary gozgalýar. Ýowuz günlerde edermenligi bilen ýeňiş gazanan sowet adamynyň azat zähmetine, asuda durmuşyna bolan guwanjy, täzeçe garaýyşlary, ýaşaýyşlary, oňa söýgüleri çynlakaý beýan edilýär. Bu dogruda gürrüň edilende, şahyryň ýokary ussatlyk bilen ýazan «Mugan» poemasyna seretmek has gyzyklydyr. S.Wurgun eseriň başynda Muganyň geçmiş taryhynyň gysgajyk beýanyny berýär. Geçmişde ýürekgysdyryjy epgegiň mekany bolan bu ýurduň sowet adamlarynyň döredijilikli zähmeti bilen ägirt güýçli senagatly, gülleýän medeniýetli raýona öwrülendigi baradaky şahyrana ýazgy okyjyny özüne çekýär. Poema özboluşly bir sýužet liniýasyna eýerýän baý, konkret materially aýdymlar toplumyndan durýar. Şahyr ýönekeý «Aýdymlaryň» düzüminde-de çeper umumylaşdyrmanyň ýokary belentligine çykýar. Ol bu aýdymlarda «sadaja durmuş situasiýalary arkaly jemgyýetçilik ähmiýetli çuňňur ideýa-mazmuny öňe sürýär. Hut şonuň üçin Mugan okyjynyň aňyna ýönekeý geografik aňlatma hökmünde girmän, bagtyýar ýaşaýyşly azat zähmetli, şahyrana ýurduň realistik şekili hökmünde özüne çekýär: Tokaýlar seslenip, çöller janlandy: Al güller açyldy Muganda, Milde. Guşlaryň owazly heňi ýaňlandy, Suwlar şerbet boldy agyzda-dilde. Şahyryň öňünde goýan maksady täze özgeren Muganyň durmuşyny, gurluşyny ýazmakdan ybarat. Ol maksadyny eseriň baş gahrymany edermen gurluşykçy Serwanyň, çölde ylmy-derňew işlerini alyp barýan goja sowet alymynyň, maldarçylygyň gowy netijesini gazanmak üçin göreşýän muganly çopanyň, mugallym gelin-gyzlaryň, aýratyn hem, Manýanyň we beýlekileriň söweşjeň obrazlary arkaly aýdyňlaşdyrýar. Poemanyň esasy gahrymany Serwanyň obrazynyň has kämil bolmagy üçin, oňa köp üns berlipdir. Awtor ony hemişe okyjysy bilen zähmet meýdanynda duşurýar. «Maşynlaryň dilini oňat öwrenen» Serwan komsomolyň öňünde, deň-duşlarynyň öňünde beren sözüni ödemek üçin birjik-de janyny aýamaýar. Zähmetiň gowy nusgalaryny görkezip, göçme Gyzyl Baýdagy eýeleýär. Şahyr bu baýdagy gahrymanyň, zähmet adamsynyň eşretli durmuşyny bezeýän simwoliki zat hökmünde suratlandyrýar. Samat Wurgunyň «Mugan» eseri onda real personažlaryň hereket etmegine garamazdan, liriki gahrymanynyň guramaçylykly obrazy okyjynyň öňünde örboýuna galýar. Okyjy onuň sowet hakykaty bilen taplanan düşünjesi arkaly özgeren Mugan topragyna, Mingeçewür GES-iniň gurluşygyna, onuň halka berýän eşretine düşünjelilik bilen nazar aýlaýar. Şeýle gymmatly taraplary üçin hem «Mugan» S.Wurgunyň poeziýasynda düýpli orun eýeledi. Şahyryň Kommunistik partiýanyň söweşjeň taryhyna, awangardlyk roluna bagyşlanan «Zamanamyzyň baýdak göterijisi», söýgi, maşgala-durmuş temasyna bagyşlanan «Aýgün» poemalary-da ýörite bellenmägedegişlidir. Samat Wurgun sowet edebiýatyny ösdurmekde, ýaş edebiýatçylary terbiýelemekde uly işler eden aladaçyl terbiýeçileriň biridir. Sowet edebiýatynyň dürli meselelerine bagyşlanan dürli makalalary, dokladlary edebiýaty öwreniş işine uly goşant boldy. Aýratyn-da, onuň sowet ýazyjylarynyň Ikinji Bütinsoýuz gurultaýynda poeziýa barada eden doklady uly ähmiýetli işdir. Samat Wurgunyň poeziýasynyň gowy nusgalary SSSR halklarynyň köpüsiniň diline terjime edildi. Rus dilinde telim gezek çap bolup çykdy. Daşary ýurtlaryň hem ençemesinde şahyryň eserleri söýgi bilen okalýar. Onuň saýlanan eserleriniň bir tomlugy bilen türkmen okyjylary hem tanyş. Ol kitapda S.Wurgunyň «Negriň arzuwlary», «Mugan», «Aýgün», «Zamanamyzyň baýdak göterijisi», «26-lar» poemalary, «Wagyf» dramasy bilen birlikde ençeme belli goşgulary girizilipdir. Eserleri terjime etmäge G.Seýitliýew, K.Gurbannepesow, A.Atajanow, Ýa.Nasyrly, A.Kowusow ýaly türkmen şahyrlary gatnaşypdyr. Samat Wurgunyň edebi döredijilik hem jemgyýetçilik işine partiýamyz we hökümetimiz uly baha berdi. Ol «Wagyf» hem «Perhat we Şirin» dramalary üçin iki gezek SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Lenin ordeniniň ikisi, Zähmet Gyzyl Baýdak ordeniniň ikisi hem «Hormat Nyşany» ordenleri bilen sylaglandy. 1945-nji ýylda oňa Azerbaýjanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakyldy. S.Wurgun şol ýyl AzSSR YA-nyň hakyky çlenligine saýlanýar. Azerbaýjan döwlet uniwersitetiniň alymlar Sowet, edebiýat ylmyna goşan düýpli goşantlary üçin, S.Wurguna filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini berýär. 1956-njy ýylda ýurdumyzyň jemgyýetçiligi şahyryň 50 ýyllyk ýubileýini dabaraly belläp geçdi. Şol mynasybetli oňa Azerbaýjanyň halk şahyry diýen hormatly at berilýär. Häzirki günlerde biziň ýurdumyzyň edebi jemgyýetçiligi beýik şahyryň 80 ýyllyk ýaş toýuny giňden belläp geçýär. Bu diňe bir doganlyk azerbaýjan halkynyň baýramçylygy bolman, bütin ýurdumyzyň edebi baýramçylygydyr. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |