11:49 Gözenek-setka örmegiň ýönekeý usuly | |
GÖZENEK-SETKA ÖRMEGIŇ ÝÖNEKEÝ USULY
Ylym we tehnologiýa
Men bu gözenek-setka örmek usulyny 1981-nji ýylda merhum, şarlawukly ussa (ýatan ýeri ýagty bolsun) Täçgeldi Süleýman oglundan (1953-1982) öwrenipdim. Ol döwür men obamyzdaky 4-nji orta mekdepde zähmet mugallymy bolup işleýärdim. Gözenek-setka örmegiň bu usuly mekdep okuwçylarynyň hem göwnünden turupdy. Olar jemi 150 m gözenek-setka örüp mekdep okuw tejribe meýdanynyň daşyna aýlapdylar. Bu ýönekeý usul barada men 1984-nji ýylyň martynda Moskwa şäherinde çap edilýän "Ýunyý tehnik” žurnalyna ýazyp iberipdim. Bu žurnalyň goşmaçasynyň şol wagtky redaktory M.Timofeýewden bu usulyň öz göwnünden turandygyny, mümkinçilik bolsa ulanyljakdygy barada guwançly hat aldym. Bu meniň öňki SSSR–iň paýtagty, häzirki Russiýanyň paýtagty Moskwadan alan ilkinji begençli hatymdy. Soň men bu hatymyň ykbaly bilen köp gyzyklandym. 1984-1987–nji ýyllarda jemi 9 gezek hat ýazdym, usuly gaýtadan göçürip iberdim. Redaksiýada wezipe çalşygyny bahanalap bu usuly žurnalyň sahypasynda ulanmadylar. Hojalyk hajatlarynda peýdasy ýeter we zähmet mugallymlary öz işinde ulanar diýen pikir bilen gözenek – setka örmegiň usulyny beýan edeýin. Gözenek–setka örmek üçin ýumşak demir ýa-da alýuminiý simleriniň köp mukdaryny toplamaly. Bu simlerden taýýarlanan setkany towuk saklamak üçin, hojalyk mallaryny idetmek üçin ulanmak bolýar. Özem şeýle setkany simiň uzynlygyna baglylykda dürli beýiklikde, ownuk ýa-da iri gözenekli hem taýýarlap bolýar. • Setka-gözenegiň taýýarlanyşy ýönekeý: 1. Öňi bilen ini 50 mm çenli bolan resory (1) saýlap almaly. Onuň ýüz tarapyndan ininiň ýarysyndan başlap simi orap başlamaly. Arka tarapynyň ýarysyndan kesip aýyrmaly (2). Eger ýumşak demir sim ulanylýan bolsa, onda simi çekiç bilen urup spiral görnüşli demir önümi resordan çykarmaly. Eger alýuminiý sim ulanylýan bolsa, resordan metal önümi spiral görnüşi bozulmaz ýaly söküp aýyrmaly, soň spiral görnüşi alar ýaly gysmaly. Sarym sany deň şeýle spiral görnüşli önümleriň (3) azyndan 200 sanysyny taýýarlamaly. Şeýle önümlerden azyndan 10 m uzynlykly, beýikligi 140 sm bolan setkany örmek bolýar. 2. Taýýar spiral görnüşli metal önümiň (4) birijisini süýündirip gözenek örjek iş ornuňda goýmaly. Soň ikinji metal spiral önümi (5) süýündirip birinji süýündirilen önümiň içinden geçirip iki ujuny yzyna gaýtarmaly. Üçünjini ikinjiniň yzynda, dördünjini üçünjiniň yzyndan süýündirip geçirip deňlemeli we uçlaryny yzyna gaýtarmaly. Şeýlelikde towuk saklamak üçin niýetlenen gözenek setka meňzeş setka alynýar. Örmek işi ýeňilleşer ýaly her 1m setka örülenden soň ony düýrlemek amatlydyr. Setka-gözenek örülende şu maslahatlary ýatda saklamak wajypdyr. 1. Amatlylyk üçin ilki spiral görnüşli önümleri taýýarlamaly, soň gözenek-setkany örmeli. 2. Kiçi ölçegli öýjügi bolan setka örmek üçin resoryň ini kiçi bolmaly. Beýik setka örmek üçin sarym sanyny köpeltmeli. 17 sarymly 200 sany spiral görnüşli önümden 10 m uzynlykly, 140 sm beýiklikli setka örmek bolýar. Şonda resoryň ini 50mm bolmaly. 3. Hemme spiral görnüşli önümleriň aýlanyş ugry meňzeş bolmaly. (çepden saga ýa-da sagdan çepe). 4. Ugurlary birmeňzeş saralan sarym önümleri biri-biriniň içinden geçýär. 5. Sarymy biri- biriniň içinden geçireniňde gödeklik bilen simi gaňyrmaly däl. Diňe ilişýän ýerini usullyk bilen geçirip, geçiriş işini sarym önümleriniň iki ujy gabat gelýänçä dowam etdirmeli. Her jübüt we täk sarym önümleriniň uçlaryny yzyna gaýtarmaly. 6. Birbada köp sarymy biri biriniň içinden geçirmek kyn düşmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda sarym önümleriniň sarym sanyny öz islegiňize görä azaldyň. Öwreneniňizden soň sarym sanyňy köpeltseň hem bolar. • Çyzgy boýunça düşündiriş: 1. Resor. 2. Resoryň daşyna aýlanan sarym. 3. Resordan çykarylan sarym önümi. 4. Süýündirilen birinji sarym önümi. 5. Süýündirilip içinden geçirilen ikinji sarym önümi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |