...Depesinden asman, ýyldyzlar oňa ýaňsyly garaýar. Özem olar şo gyza meňzeýä. Birdenem: Opba! Gaçanda ýolan gülüni taşlamagam undupdyr. Hahahaýlap öz bolşuna gülüp başlaýar. Dessine-de ýaňky mähri giden gyzy ýadyna düşüp iňkise gidýär. Indi ol özüne sataşarmyka? Gama batýar. Uludan dem alýar. Gijäň sergin howasy kükregini doldurýar. Ajaýyp dünýä. Jaýlar garaňkylyga beslenen. Penjireleri ýagty. Dünýe-de şeýlebir giň, şeýlebir giň...Ýene-de uludan dem alyp, ýeňleýär-de öz-özüne jogap berýär: -Hökman sataşar... "Başgaça bolmagy mümkin däl". Soňam: "Gerekli alar-da" diýen pikir bilen elindäki güli oturgyçda goýýar. Özüniň-ä derdine ýaradyp bilmedi. Belki başga bir umydygäriň derdine ýarar-da, şolam güli alar...Soňam gowşurar... Öz eden işine monça bolup, ýylgyrdy. Göwnüne bolmasa, oň ýylgyryşyna daş-töweregini gurşaýan gije-de, asmanam, jaýlaram goşulyşyp ýylgyryşýan ýaly boldular. Süňňüni düşnüksiz lezzet gaplap aldy. Hezillik...