07:04 Gum gaplañy / hekaýa | |
Gum gaplaňy
Hekaýalar
Gumuň belentli-pesli ýoluny külterläp barşymyza Gara aganyň diýen ýerinde durup, garagulagyň yzyny agtarýardyk. Gözleýän jandarymyzyň ol ýerde ýokdugyny görüp, ýene-de ýolumyzy dowam etdirýärdik. Şeýdip gidip barşymyza mazaly ýadamyzsoň, düşläp, günortanlyk edinmegi ýüregimize düwdük. —Şu ojaryň közüne çişlik bişirip iýäýseň –diýip, Aşyr ýaňy tutaşyp ugran ojar töňňesiniň oduny ölçerdi. —Näsini aýdýarsyň –diýip, Öwez onuň bilen göwündeş gopdy. —Men asla-da näme nahar etjegimi bilmän ýaýdanyp durdum. Çişlik iýerin diýseňiz, onuň işi aňsat –diýip, ýola alan azyklarymyzy tükelläp-barlap duran Gara aga olaryň niýetini oňlady. —Alyp gaýdan çig etimiz-ä ynha, yslanmaz ýaly, öňünden duzlanyp, eýi ýetip duran et. Dograşdyrsaň, çişe düzäýmeli. —Çişimiz ýog-a! –diýip, Sapar dillendi. —Çişimiz hem bar. Siz, ýöne, oduň iki tarapyndan dikmäge haçjalyk taýak oňaryň. Sogan arassalaň. Biz ýerli-ýerden işe girişdik. Gara aga eti dograp, duzuny-burçuny sazlansoň, goşhaltasyndan düýrlengije polat simi çykardy. —Ynha şuňa awçy çişi diýerler –diýip, taýynlan etlerini şolara düzümledi. Eýlesine-beýlesine öwürmek amatly bolar ýaly, dogramça etleriň içinden iki hatar geçirilen simleriň uçlaryna çöpjagaz daňdy. Soňra biziň eýýäm oduň iki çetine sünjüp taýynlan haçja taýaklarymyza berkitdi. Salym geçmänkä közüň howruna «jyzyrdap» bişip başlan etiň ýakymly ysy agzymyzy suwartdy. —Gara aga, jan Gara aga, datmaga bir dogramçajyk beräý-dä?! –diýip, Aşyr çagalaryň ymsynyp soraýşy ýaly, ýeserje ýylgyryp özelendi. —Ýok, berjek däl. Ählisini bişirip bolamsoň, bileje iýeris –diýip, Gara aga güldi. Birazdan çişlik taýyn bolup, daşyna egelenişdik. —Be-eý, siziň eliňiziň süýjüdigini! –diýip, Aşyr gyzaryp bişen çişlikden işdämen iýip oturyşyna, Gara aganyň öwgüsini ýetirdi. —Hany, pyçak bilen gulagymy kesiň, çişligiň tagamyna şony-da duýmasam gerek! Çişligiň soňundan çaý içişlige geçdik. —Bu gumda iýen-içen zadyň tagamy dogrudanam bir başga-laý –diýip, Sapar göwnühoş ýylgyrdy. —Bilýäňmi, nämüçin şeýle? –diýip Aşyr ondan garaçyny bilen sorady. —Ýok, bilemok. —Bilmeýän bolsaň, bilip goý! Odun ýakyp bişirilýändigi üçin. Kakam pahyr uruşdan galan ýara yzlary gozgap, egbarlanda, ejem ondan «Näme derman bereli?» diýip soranda, «Gazda däl-de, ojakda odun ýakyp, nahar bişirip, çaýjagaz gaýnadyp berseň, gutularyn» diýerdi. Şeýdilse, dogrudanam oňatlaşyp giderdi. Ol uruşda ýanynda snarýad ýarylyp ýara düşen, kontuziýa alandy. Şol wagt gögele bolamyzsoň düşünmändiris. Soň düşündik, men beý diýmek bilen gaz ýaramaz, öňkimiz ýaly oduna geçeliň diýmekçi bolamok. Gaz diýseň gowy. Ösen durmuş şertine laýyk ýangyç. Ýöne, ata-baba endik edilen, tebigy ýagdaýy küýsäp, ýüregimiziň atygsap durandygyny aýtmakçy bolýan. Öýde gyşyna ulanýan tok pejimiz bar. Ony ýasanlarynda, içinde odun ýanyp duran ýaly edip ýasapdyrlar. Aldawdygyny görüp dursuň. Şeýle-de bolsa, ýakymly. Sebäbi, tebigylygy ýatladýar. Aşyryň gürrüňinden soň pikire çümüp, ep-esli wagt dymyp oturan Gara aga teýahyr dillendi: —Seniň tok peji hakyndaky aýdanyňdan çen tutsaň, janly-jandarlary ibaly goraman, ýoguna çyksak, gumuňdyr dagyň her ýerräginde olaryň ezber ýasalan şekillerini – heýkellerini goýup, göwün aldabermeli bolmasak-da ýagşy. —Beýtmeli bolsa, onda turan gaplaňynyň şekilini eýýäm goýybemeli. Onuň iň soňkusyny ikinji jahan urşunyň yz ýanlary, Sumbar jülgesinide awlapdyrlar. Şol äpet gaplaňyň gäbi ülkäni öwreniş muzeýinde dur –diýip, men söhbede goşuldym. —Gum gaplaňy hem soňky döwürde seýrek duşýar. Awçylar «juda azalan bolaýmasa» diýýärler –diýip, Gara aga gynançly dillendi. —Ýogsa-da, öňler awy diňe elguş bilen däl, gaplaň bilenem awlanmyşlar?! –diýip, Aşyr Gara aganyň ýüzüne sowally bakdy. —Ozallar Üstýurt, Maňgyşlak jelegaýlarynda suw gyt bolandygy üçin, daýhançylyk edilmändir. Esasy kär çarwaçylyk bolupdyr. Ondan başga awçylyk hem güzeran görülýän pişeleriň biri ekeni. Ol döwürde aw haýwanlary köp bolansoň, olary gapandyr duzak gurup ýa-da elguşludyr tazyly awlapdyrlar. Elbetde, ýek-ýarym awçylar gapysynda ýörite ekdi edilen gum gaplaňyny hem saklap, şonuň bilen keýikdir gulan, saýgakdyr sugun ýaly iri haýwanlary awlapdyrlar. Gum gaplaňynyň aýaklary beýleki gaplaňlaryňka garanda inçeden uzyn hem çeýe bolguç. Guýrugy bolsa, syrdam, sarymtyl reňkli, bedeni birgeňsi ownukly-irili menekler bilen örtülen. Oňa käbir awçylar peleň, alajabars hem diýýärler. —Peleň-pantera dälmi? –diýip, men Gara aganyň sözüni böldüm. —Hawa, peleň–pantera. Ony günbatar ýurtlarda şeýle atlandyrýarlar. Gum gaplaňyna peleň ýa-da alajabars diýilmegi nädogry. Daş keşbi boýunça alajabars pişige meňzeş. Gum gaplaňy bolsa, ite çalym edýär. Ýöne, tumşugy kelteräjik. —Oňa gepard hem diýýärler –diýip, Öwez söze goşuldy. —Gepard onuň orsça ýa-da orsça ýakyn dillerde atlandyrylyşy bolaýmasa... – diýip, Gara aga ylalaşdy. —Beýleki gaplaňlardan ýeneki parhly taraplaryny aýtsam, bedenindäki tüýi seýrekden gytyk. Boýnunyň üstündäki tüýleri bolsa has ösgün. Dyrnaklary penjesine ýygnalman, çykyşyp durýar. Gum gaplaňy gaplaňlaryň arasynda eldekileşdirmesi iň amatlysy hasaplanýar. Ekdi edilen gum gaplaňyny awly ýerlere aşyrmak kyndygy üçin, käte atynyň yzyna mündürip alyp gdipdirler. Ýöne, bu howply bolupdyr. Boýun görse çeýnemäge döwtalap gaplaňyň gyjynyp, öňünde oturan eýesiniň boýnuny çeýnän halatynyň hem bardygyny aýdýarlar. Keý Kowus atly şanyň ogluna öwüt üçin ýazyp galdyran meşhur «Kowusnama» kitabynyň aw baradaky bölüminde, eger ekdi gaplaňy bar bolsa, ony hergiz öz atynyň yzyna mündürmezligi maslahat bermegi-de şonuň üçin bolsa gerek. Gum gaplaňy diýseň çalasyn. Gaçan keýikdir saýgagy, sugundyr gulany derrew ýetip alýar. Örän düşbi jandar. Ekdi eden eýesiniň öýünde saklaýan mal-garasyna degmeýär. Awa çykanda ot-çöplere bukulyp, ýere ýapyrylyp, aljak awuna assyrynlyk bilen golaýlaýar. Soň okgunly towsup baryp, gapýar. «Gaplaň» ady hem şondan galan bolsa gerek! Gepiň gerdişine görä aýtsam, gaplaňyň islendik görnüşini-de awlamak juda kyn. Sen ony yzarlap ýörensiň welin, gözüňe güýdüşip, ol eýýäm yzyňa geçip, seni yzarlap ýörendir. Özem janly-jandar bolsun, adam bolsun, yzarlap yzynda gezende, pişik basyşyny edip, şeýle bir hüşgär ýörär welin, hoşuňa gelsin! Agramynyň agyrdygyna garamazdan, çöp-çalamlary döwmän, «şytyrdatman» örän usully ätleýär. Sebäbi, ol ýörän wagty daşa degip, kütelmez ýaly, dyrnaklaryny penjesiniň içine ýygryp, ýumşak basýar. Awuna topulanda bolsa, päki ýaly ýiti dyrnaklaryny ýazýar. —Siz gaplaň awlap görüpmidiňiz? –diýip, Aşyr Gara aganyň sözüni böldi. —Awlap görmese, beýle beletlik bilen gürrüň bermez ahyryn. Biziň «Haýwanat bagymyzdaky» bir jübüt gum gaplaňy mundan on ýyl ozal Gara aganyň tutup berenleri –diýip, Öwez ara düşdi. —Tüweleme, sizi zor göräýmeli! –diýip, Aşyr Gara aga guwançly nazaryny aýlady. —Men tutup berenimde, olar ýaňy çagalykdan saýlanandy. Şonuň üçinem aşa kösenmedim. Enesi awa giden wagtyny peýläp gola saldym –diýip, Gara aga sözüni dowam etdirdi. —Ýöne uly gaplaňy tutmak welin, örän howatyrly iş. Eger gaplaň tutmagyň kül-külüne düşen bolsaň, onda ony gapana düşürip tutmak amatly. Tüpeň bilen awlamak örän töwekgelçilikli. Atan okuň sowa geçse ýa-da degäýende-de gyltyz ýaralasa, ýa bolmasa tüpeňiň göçmese, bagtyň ýatdygy biläý! Ol gorky-ürkini bilmeýän, gaýduwsyz jandar. Janyna howp salýanyňy aňsa, gypynç etmän, seniň bilen bellisini edişer. Gadym döwürde, ýaş oglanlara, ulalanda arslan ýürekli bolsun diýip, ýolbarsdyr gaplaň awlanlarynda, ýüregini iýdiripdirler. Käbir baýlardyr hanlar hem köşgünde gum gaplaňyny ýa-da peleň saklapdyrlar. Gum gaplaňyny ekdi etmek üçin ony çagalygyndan gowagyndan alyp idedipdirler. Ekdi edilen gaplaň bilen awa ugralanda, obanyň itleri jyňkyny çykaryp bilmän, guýrugyny ýamzyna gysyp, deşik görse sümlüpdirler. Gaplaňyň ruhunyň nähili ägirtdigini şondan biläýmeli. Elbetde, çölde gum gaplaňyndan başga, geçigaplaň, alajabars diýilýän kiçi gaplaň hem gabat gelýär –diýip, Gara aga hekaýatyny paýawlady. —Olar barada bolsa soň, bir çemine gelende aýdyp bererin. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |