09:33 Gutlug Temiriñ minarasy | |
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYÑ UGRUNDAKY MEŞHUR MINARA
Daşoguz welaýaty taryhy we medeni ýadygärliklere baýdyr. Muňa mysal edip, Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň biri bolan Gutlug Temiriň minarasyny görkezmek bolar. Gutlug Temiriň minarasy iň beýik Orta asyr ymaratlarynyň hatarynda durup, Orta Aziýanyň çäginde saklanyp galan ýadygärlikleriň arasynda beýikligi boýunça iň ulusydyr. Onuň beýikligi häzirki wagtda 60 metr bolup, gurlan wagtynda bolsa 62 metre barabar bolupdyr diýlip çaklanylýar. Minaranyň içinde 145 basgançakly aýlawly merdiwan bar.
Ýadygärligi 1928-nji ýylda öwrenen meşhur alym A.Ý.Ýakubowskiý minaranyň ýüzünde ýerden takynan 7 metr beýiklikde ýerleşen kufi usulynda ýazylan ýazgyda «Ymaraty gurduran emir Gutlug Temir»diýen sözleri okapdyr.
Mälim bolşy ýaly, taryhy maglumatlardan emir Gutlug XIV asyrda häzirki Köneürgenç şäherinde (Ürgençde) häkimlik edipdir. Arap taryhçysy Ibn Battutanyň maglumatlaryna görä, emir Gutlug Temir şäheriň abadançylygyna uly üns berip, bu ýerde köp sanly ymaratlary gurdurypdyr. Emma, muňa garamazdan, akademik A.Ý.Ýakubowskiý minaranyň ýüzündäki kerpiç bezegleriň we nagyş usullarynyň XIV asyra gabat gelmän, has irki döwürlere, ýagny mongollara çenli döwrüň (XII asyrdan giç däl) binagärligine gabat gelýändigini belleýär. Şonuň üçin hem minaranyň kim tarapyndan gurdurylandygy hakynda ylymda jedel döreýär. Dogrudan hem, bu sorag alymlaryň arasynda birnäçe wagtlap jedelli bolansoň, minarada gaýtadan ylmy barlaglar geçirilip, toplanan maglumatlar seljerilse-de, bu soraga takyk jogap tapylmady.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu minaranyň XI–XII asyrlarda gurlandygyny birnäçe alymlaryň ygtybarly delillerine esaslanyp belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz şol kitabynda: «XIVasyrda Gutlug Temir hökümdarlyk eden döwründe bu minarada diňe dikeldiş işleri geçirilýär, şonda onuň bilindäki bezeg guşaklaryň birine kesme kerpiç bilen Gutlug Temiriň ady ýazylypdyr. Şu ýazgy ylmy edebiýatda minaranyň häzirki adynyň döremegine esas boldy» diýip belleýär. Şu günlere çenli bu ajaýyp ýadygärlik ylymda «Gutlug Temiriň minarasy» ady bilen atlandyrylýar.
1990-njy ýyllarda «Türkmenistanyň ýadygärikleri» žurnalynda arhitektura görnüşi bilen ýazgylaryň utgaşmasyny düşündirmäge synanyşyk eden arheolog W.W.Zotowyň makalasy çap edilýär. Şol makalada W.W.Zotow bu minara mongollara çenli döwürde gurlupdyr diýmek bilen, A.Ý.Ýakubowskiniň pikirini goldaýar. Ol öz gezeginde bu minaradaky emir Gutlug Temiriň ady bilen baglanyşykly ýazgynyň harplarynyň oýulyş usulyny içgin öwrenip, ýagny minaradaky harplaryň diwaryň esasy nagyş örümleri bilen baglanyşykly bolman, goparylyp aýrylan kerpiçleriň ýerine ýörite laý bilen berkidilip oturdylan diýip belläp geçýär. Alym bu açyşynyň netijesinde emir Gutlug Temiriň buýrugy boýunça minaa täzeden gurulman, diňe abatlanypdyr diýen pikiri orta atýar.
1990-njy ýylda minaranyň eteginden (düýbünden) Horezmşa Abul-Abbas Mamunyň ady ýazylan we ýüzünde 1011-nji ýyl senesi goýlan gurşun bölejigi tapylýar. Uzynlygy 84 santimetre, ini bolsa 69 santimetre barabar bolan bu gurşun böleginiň hakykatdan hem, gadymy minaranyň eteginden tapylandygy barada N.Katanow şeýle belleýär: «Abul-Abbas Mamun, Mamunyň ogly şu minarany gurmagy buýrupdyr, ol barada aladalanypdyr, onuň binýadyny tutmaga ýolbaşçylyk edipdir».
Şeýle diýmek bilen, N.Katanow, megerem, bu gurşun böleginiň hakykatdan hem şu minaranyň astyndan tapylandygyny subut edýär. Onuň bu pikirini A.Ý.Ýakubowskiý hem öz gezeginde goldan, ýöne näme üçindir ol bu gurşun bölegini başga minaradan, 1 kilometr çemesi günortada bolan, ýagny özüniň bu ýerlere barmazyndan 30 ýyl öň ýykylan minaradan getirilendir diýen karara gelýär. Tanymal türkmen arheology, taryh ylymlarynyň doktory, professor Hemra Ýusubow A.Ý.Ýakubowskiniň bu gelen garşy çykmak bilen, özüniň «Gadymy Horezmiň ýüregi» diýen kitabynda: «Haýsydyr bir zady bir keramatly ýerden başga bir keramatly ýere göçürmek musulmanlarda külli günä hasaplanýar. Şonuň üçin biziň gürrüňini edýän gurşun bölejigimiz öň hut uly minaralaryň düýbünde goýlan bolmaly. Sebäbi onda gurluşygyň näwagt bolandygy görkezilýär» diýip belläp geçýär. Hemra Ýusubow hem bu minarany XII asyra degişli edip teswirleýär.
Belli türkmen alymy, gündogary öwreniji N.B.Halymow 1928-nji ýylda A.Ý.Ýakubowskiniň edenterjimesinde ýalňyşlyga ýol berlendigini, aslynda ýazgyda«Emir Gutlug Temir bu ymaraty gurdy» diýlip ýazylman, «abatlady» diýlip ýazylandygyny doly subut etmegi başarýar. Şeýlelik bilen «Gutlug Temiriň minarasy» ady bilen, tanalýan ýadygärligiň düýbüniň hakykatdan-da XIVasyrda däl-de, ondan has irräk döwürlerde, ýagny XI–XII asyrlarda tutulandygy anyklady.
Bu meselede alymlar tarapyndan dürlüçe pikirler öňe sürülse-de, henize çenli takyk belli bir pikire gelinmedi. Şol sebäpden gündogary öwreniji alymlaryň pikirleriniň ählisine diňe çaklama görnüşinde garalýar. Muňa garamazdan, ylym bir ýerde durmaýar diýen ýörelgeden ugur almak bilen, ýakyn geljekde hökman bu meseläniň takyk çözgüdi tapylar. Professor H.Ýusubowyň öňe sürýän ylmy teswirlenmeleriniň esasynda, minara boýunça ýene-de bir çözülmedik meseläniň bardygy anyklanyldy. Bu ylmy çaklama onuň ýokarky böleginiň häzirkidurky bilen bagly bolup durýar. Hemra Ýusubowyň bellemegine görä: «Şäheriň ähli künjeklerinden görünýän minaranyň ýokarky böleginde ýerleşýän iň gözel we ajaýyp eýwan saklanyp galmandyr».
Bu ajaýyp minaranyň asyl görnüşi nähili bolupdyr we onuň ýokarky bölegi haçan, näme sebäpden gyşarypdyr diýen sorag ýüze çykýar. Binagär alymlaryň pikirine görä, minaranyň ýokarsynda eýwanyň başlanýan ýerinde çylşyrymly diwar bezegleri çykarylanda, ussalar tarapyndan başda göze ilmeýän ýalňyşlyk goýberilipdir. Olaryň pikiriçe, minaranyň boýy galdyrylanda ölçeg ýalňyşlygy goýberlipdir. Bu bolsa, minaranyň örüminiň gyşyk çykmagyna getiripdir.
XX asyrda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde minaranyň ýokarky böleginiň iç ýüzündäki suwagyň güýçli ýangyn zerarly bişen kerpiç örümlerine çenli zeper ýetip, gyşaranlygy ýüze çykaryldy. Şu ylmy esaslary derňemek bilen, orta asyr ýazary Ibn Battutanyň we gündogary öwreniji alym A.Ý.Ýakubowskiniň çaklamalaryny takyklap aýdanymyzda, minaranyň eýwanynyň agaçdan ýasalandygy we ýangyn zerarly weýran bolandygy hakykata golaý gelýär. Binagär hünärmenleriň pikirine görä, minaranyň iç ýüzünden aşakdan ýokaryk uran ýangyn güýçli bolandygy sebäpli, ymaratyň ýokarky diwaryny eredip, onuň gyşarmagyna getiripdir.
Bu ajaýyp minaranyň köp syrlary özünde jemläp, şu durky edil Italiýanyň Piza şäherindäki gyşaryp duran diň ýaly, dünýäniň köp sanly syýahatçylarynda we jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Ylmy taýdan öwrenilmeli barlaglaryň iň esasylarynyň biri hem Gutlug Temiriň minarasynyň binagärçilik gurluşygyna gabat gelýänligi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, minaranyň gurluş aýratynlygy ylmy esasda derňelmedik syr bolmagynda galýar.
Bagtyýar TOGTAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |