09:45 Gyrmyzy don / hekaýa | |
GYRMYZY DON
Hekaýalar
Meniň bir ýoldaşym bar. Onuň bolşunda bir zat meni haýran galdyrardy. Haýsy haçan bolsun, tapawudy ýok, gürrüň arasynda gyrmyzy don agzalaýsa onuň öňküligi bolmazdy. Şadyýan gözüni birden gaýgy gaplap alardy. Gaşy çytylardy. Dar maňlaýynda ikilän-üçlän ýygyrt göze ilerdi. Görejini bir nokada gönükdirip oturyşyna, göwnüňe bolmasa, şo halatda gartaşan ýaly, duýdansyz sölterer galaýardy. Şunuň ýaly ýagdaý bolanda, men onuň gözüne serederdim. Onuň tes-tegelek goýun gözi hasam ulalardy, gahardan ýaňa püre-pürlenensoň, gyrpylmagy-da unudardy. Bu nämäniň alamatyka? Men telim sapar ýüz tutdum, ýalbaryplar gördüm, emma ol ýüreginde gizlenip ýatan syrdan söz açmaga ýaýdanardy. Menem ýadaman-ýaltanman soraýardym. Ahyry bilmän goýmajagyma gözi ýeten bolsa gerek, tomus günleriniň birinde açyk penjiräniň öňünde çilim çekip otyrkak, ol ýüregini dökdi. — Obada önüp-ösen bolsaň, gowy bilýänsiň, urşuň ön ýanyndaky ýyllarda gelnalyjy bolsa, ýigitler galapyn gyrmyzy don geýerdi. Gyrmyzy donuň daşyndanam ýüpek guşagy mäkäm guşanagadan, atbaşçy bolup giderdiler. Menin agamam obamyzda ady belli atbaşçydy. O mahallar biz entek oglanjykdyk. Obada biri toý edäýse, ilki gelip, agama aýdýanlaryny bilýän. Toýa bir gün galanda, ejem agamyň dim-dik bolup duran gyrmyzy dony bilen ýüpek guşagyny eýýäm taýýarja edip goýardy. Menem agamdan beter begenerdim, sebäbi her sapar agamyň toýda alan baýragyny öýe getirýän mendim. Şo wagt deň-duşlarym maňa gözügidijilik bilen serederdi. Menem ýüzümi dik tutup barşyma edenli, gaýratly agamyň bardygyna diýseň buýsanýardym. Buýsanmazça-da däldi. Atbaşçylaryň arasynda biziň jelegaýda oňa deňleşip biljegi ýok diýip gürrüň edýänleri ýadymda. Agam meniň bilen bir tohumdandyr diýer ýalam däldi. Oňa belet adamlar häzirem meni gören ýerlerinde, “Sen daýy ugruňa çekäýipsiň öýdýän?” diýýäler. Diýseň-diýmeseňem, agam maňa görä süňkbaşy has iridi, edil duranja kakam pahyryň özüdi. Derek ýaly syrdam boýludy. Ýüzem meňkä görä at ýüzräkdi, ýöne gyzlara gaýra dur diýdirjek owadan goýun gözi bardy. Aýagyna gara ädik, egnine-de gyrmyzy don geýerdi welin, hut lap edip aýtdygym däl, obanyň gyzlary ýeň astyndan oňa seredip bilseler, armanlary ýokdy. Onuň salykatlylygam meň ýalyň onusyna degýärdi. Biz-ä, näme, bir del maşgala gyýa garaýdygy, göterinip bilmän, däli-porhan bolýas. Agam welin eger-eger ädim urşunam üýtgetmezdi. Eýeriň üstünde dagy oturanda, edil adam deregine gurşun oturdylan ýalydyr. Gyrmyzy donuň synlaryny guşagyna gysdyryp, jylawy mäkäm eline alansoň, nähili baş bermez atam bolsa, ýuwaşar durubererdi. Asyl onuň şol gyrmyzy donly oturyşy meniň göz öňümde-de galypdyr. Tüýs agam üçin tikilen gyrmyzy dondy. Ejem pahyr ýadaman-ýaltanman, gijeler oturyp, onuň ýakasyny diýseň nepis bejeripdir. Ýakasyna çekilen goçbuýnuza seredip oturmalydy. Agamyň yzyny basyp, menem ýetşip gelýärdim, Ejem käwagt: — Oglum, ynha, işallasa, saňa-da agaňky ýaly bir gyrmyzy don tikip bererin — diýerdi. Menem: — Aý, nämä gerek, eje? Men, näme, ata müňüp bilýänmi? — diýerdim. Ejem pahyr ör-gökden gelerdi: — Wiý, toba, gyrmyzy dony hökman ata çykýan geýmelimişmi? Senem geýersiň. Agaňky ýaly gowy mata duşdugym, asyl derrewjik tikerin. Maňa welin gyrmyzy don geýmek miýesser bolmady. Alagadan uruş turdy-da duruberdi, Şagalaňly toýlaram galdy, atbaşçy ýigitlerem tükel fronta gitdi. Şolaň arasynda meniň agamam bardy. Häzirki ýaly göz öňümde dur, neresse: “Urşa gidýäs-ow, aýraçylyga düşýäs-ow” diýip, eger-eger birjigem müzzerilmändi. Şol wagt olar dagam müzzeriläýseler, onda ejem dagyň nä hala düşjegini kim bilýär! Ugramazynyň öň ýanynda maňa sargyt edip gitdi: — Kolhozyň konýuşnasyna baryp, Meleguşdan habar tutup durgunyň. Fronta diýip alyns-a, onda näme, etjek alajyň ýok. Ýöne alynýança, otuna-iýmine esewan bolup durgunyň. Melbguş agamyň iň gowy görýän atydy. Özem agamyň seýis bolup işlän döwrüňde ösdürip ýetişdiren iň ýyndam, owadan aty bolmaly. Hawa, onsoň ýene bir zat ýadyma düşýär. Gitmeziniň öň ýanynda gyrmyzy donunam bir agzap galdy. — Uruş bolany bilenem toý-tomgy bolman bolmaz. Atbaşçy gidilmeli bolsa, meň gyrmyzy donumy geýgin-de, Meleguşy münüp basybergin. Garaz, obada bizi ýoksuratmaň-da... — diýipdi. Bir ýyl geçdi, iki ýyl geçdi, urşam gutararly däldi. Obada öýlenýänem ýok däldi welin, ýöne toýlar toýa meňzänokdy. Heý, goňşy öýde ajy habara aglaşyp oturarlar-da, keýp-sapa ýadyňa düşermi? Toýlar atbaşçysyz geçýärdi. Gelnalyjy bolaýsa-da, atbaşçy deregine garagol çagalar eşeklerini ýüzin saldyryp, şowhun turuzýardylar. Agam dagy gidensoň, köp saklaman, Meleguşam fronta diýip alypdylar. Her zadam bolsa, agamyň gyrmyzy dony ýatdan çykmaýardy. Aýratynam, ejem häli-şindi ony sandykdan çykaryp, sypap-sermeleşdirip durardy. Telpegine güýe degäýmesin diýen ätiýaç bilen içliginiň arasyna porsuderman sepip goýardy. Agamdanam hat-habar gelip durdy. Bir gezegem atyň üstünde oturan suratyny iberipdir. Egninde gyrmyzy don deregine şineli bardy, ýüpek guşaga deregem gaýyş kemeri bardy. Şonda-da diýseň görmegeý, haýbatlydy. Agamyň şol suratyny ejem pahyr gije-gündiz elinden düşürmedi. Uzak wagtlap surata sereder oturardy. Köplenjem pahyryň gözünde buldurap, ýaş görnerdi. Soňam suratyň ýüzünden sypalaşdyrardy-da, ony sandygyň içindäki gyrmyzy donuň arasynda goýardy. Ejem ýadamazdam, ýaltanmazdam, şu endigini her gün diýen ýaly gaýtalardy. Ene ýüregi perzende gezek gelen-de, ýaltanmany bilýärmi näme! Hawa, menem ýigit ýetdim. Urşuň dördünji ýylam fronta ugradym. Uruş hupbatlam bolsa, ahyry bir gün onun soňy geldi. Menem on iki synam sag oba sag-aman dolanyp geldnm. Ejem pahyr meni gözýaş bilen garşy aldy. Iki ýyla golaý wagtyň içinde görgüli garrapdyr, öňki eti-gany galmandyr, çeňklenen ýaly ykjam göwresi sölterip galypdyr. Eginleri alaça köýneginiň aşagyndan somalyşyp dur. Menem biraz özümi dürsämsoň, agamy soradym. Ejem duran ýerinde eňräberdi. Onuň bu bolşy maňa düşnüklidi. Şo halatda agamyň gyrmyzy donly, at üstünde oturan merdana keşbi göz öňüme geldi. Uruş gutaranson, ýene obalarda ýygy-ýygydan toýlar tutulyp ugraldy. Ýene gelnalyjy edildi, atbaşçy gidildi, baýrak berildi. Bir gün gonşymyz ogluny öýerip, şagalanly toý tutdy. Kimler atbaşçy giderkä diýlen gürrüň çykanda, toý eýesi maňa-da: — Senem hökman gitmelisiň. Şu gün agaňy ýoksuratmaly dälsiň — diýdi. Sesimi çykarmadym. Diňe öz ýanymdan «Mendenem bir atbaşçy gidip, agamyň ornuny tutan bolarmy?» diýdim-de goýaýdym. Toý gyzdy gitdi. Ýigitler çar töwerekden ýygnanyp ugrady. Indi her kim toý eýesiniň atbaşçylara nekirtlän baýraklaryny sanaýardy. Bir tarapda gyzyl çog bolup, gelin-gyzlar üýşüp dursa, hol tamdyryň anyrsyndaky açyk meýdanda egni gyrmyzy donly, aýagy gara ädikli ýigitler taýýar bolup, «Hany atlanyň» diýlerine garaşýardy. Şo ikarada toý tutýan öýüň gapdalynda ýygrylyp, gyrmyzy donly ýigitlerden gözüni aýyrman duran ejemi göremde, toýuň ähli gyzygy gaçdy duruberdi. Ol hiç kime-de goşulanok. Ýanyna baryp soramasamam, bilip durun, häzir ejemin göz öňünde agam janlanyp durandyr. Ol häzir agamyň atbaşçy giden toýlaryny ýada salýandyr, onuň gaýdyp hiç haçan atbaşçy bolmajagyny bilip, gözýaş edýändir. Ejemin perişan halyna seretdigimçe, pikirim üýtgedi. «Sen başarnykly ogul bolýan bodsaň, ejeň şeýdip gözýaş eder durarmy?» diýip, özüme käýindim. — Gyrmyzy don geýip, ýigitleriň arasynda duran bolsaň, saňa seredende, onuň ýüregi düşüşerdi». Şol mahal agamyň soňky sargydy gulagyma ýaňlandy gitdi: «Garaz, bizi ýoksuratmaň-da...» «Ýoksuratmaryn, agam jan» diýdim-de, ejeme duýdurman, öýe tarap eňäýdim. Ene ýüregi seniň üçin bir gün däl, tä urmasy galýança aglar, aga jan! Emma şu gün, toý gününde seniň ornuňy tutjak adamyň bardygyny ejeme-de, hemmä-de bildirerin!» Mundan öň ejemiň gyrmyzy dony nirede goýýandygyny bilemsoň, barşyma üstüne ýorgan galdyrylan demir sandygyň agyr gapysyny ýeňsä serpip goýberdim. Porsudermanyň ysy burnuma hapylap urdy. Sandygyň ilerki böwrüne elimi uragadan, penjäme ilen zadam sogrup aldym. Emma gyrmyzy don deregine iňňeden çykma jam börük elime geldi. Jam börügiň içinden agamyň hatlary ýere gaçdy. Hatlary emaý bilen galdyrdym. Şol wagt saralyşyp ugran kagyzlaryň ýüzünde ýaş damjalarynyň tegmil-tegmil yzlaryna gözüm düşdi. Ýüregim jigläp gitdi. Gaňşyrawugym awap, bokurdagyma ýaş doldy. Ýene sandygyň içine elimi uzatdym. Her näçe sermelesemem, gyrmyzy dona elim ilmedi. Howsalam artdy. Ahyry nätjegimi bilmedim-de, zatlary şo dyr-pytraklygyna taşlap, toý ýere tarap eňdim. Gelnalyjy ugramazynyň öň ýanynda, toý ýeriň mähellesi hasam köpelipdir. Oglan-uşak, gyz-gelin, uly-kiçi gatym-garymdy. Gykylyk-galmagal asmana galýar. Başlaryna mahmal atynan gelinler şaňňyrdaşyp, taýýar edilip goýlan goşa ýabyly furgonlara usullyk bilen münýärdi. Ýüzin salyp gitmäge döwtalap ýabylar märekeden beleň alansoň, kellelerini aşak-ýokary silkenlerinde, boýunlaryndan asylan jaňlar jaňňyrdap, märekäniň gykylygyny basýardy. Bir ýerden gülki eşidilýärdi. Bir ýerdenem gelnalyjydan alyp galynýanyna gözi ýeten çaganyň: «Menem äkidiň» diýip ýalbarýan sesi gelýärdi. Şol wagt toý tutýan öýden gartaň bir aýal eli okaraly haýdaşlap çykdy-da, adamlaryň üstüne süýjülik seçmäge durdy. Galmagal hasam möwç aldy. Häzir meni bu zatlar gyzyklandyrmaýardy. Men märekä göz aýlap, ejemi gözleýärdim. Esli wagt töweregime garanjaklap dursamam, oňa gözüm düşmedi. Ahyrsoňy toý tutýan öýe tarap haýdadym. Ejemiň içerde oturan bolmagy mümkin. Bosaga ýetemde, içerden çykyp gelýän Seýit hojanyň ýetişen ogly bilen pete-pet geldim. Goltugyna aňsyz toý ýaglygyny gysyp gelýän ýigidi göremde, ynansaň, edil bir ysytma tutan ýaly sandyrap gidipdirin. Nämedendir öýdýärsin? Hoja oglunyň egninde meniň gözläp, oda-köze düşüp ýören gyrmyzy donum bardy. Näme diýersiň, näme aýdarsyň, derek ýaly agamdan galan iň gymmatly ýadygärlik kesekiniň egninde! Kelläm güwläp gitdi. Düýbüne palta urlan daragt ýaly, göwräm yraň atdy. Özümi dürsedim. Gözüme ýigrenji görnen adam henizem içki bosagada dur. Asyl men oňa daş çykmaga ýol bermedik bolsam nätjek! Men ýigrenç bilen ony boýdan-başa synladym. Ynansaň, heniz gyrmyzy donuň epinem ýazylmandyr. Ýakasyndaky owadan keşdeler gün şöhlesine hasam täsin bolup göründi. Gaharyma bir aýdanym: — Başga geýere zat tapmadyňmy? — diýen söz boldy. Garşydaşymyň ýüzünde reňk-pet galmady. Ol jogapdan bizar, gaýta, dili bilen garşy-garşy guran dodaklaryny ýalaýardy. Ýene ejem ýadyma düşdi. Esewan bolsam, ol perişan halda ylgaşlap, öýe ýetip barýar. Menem öýe tarap eňäýdim. Bosagadan ätlesem, ejem pahyr hälki jam börügi bagryna basyp, hünübirýan aglap otyr. Men duran ýerimden gygyrdym: — Eje, näme beýdipsiň? Başga berere zat tapmadyňmy? Ejemiň şol bir bagrygirýan oturyşy. — Eje, sen, näme, şeýle bolar öýdüp pikiriňe getirmediňmi? Ejem pahyr mundan artyk çydap bilmän, kükregine uruberdi: — Adat gursun, oglum, adat! Men ylla çala-çula aýtsam, ejem eşitmejek ýaly, şol pursatda şeýle bir gygyrypdyryn, sesim toý ýere-de ýetdimikä diýýän: — Adatam bilmen, zadam, eje. Agamdan galan ýekeje zat, gör, kimlere nesip etmeli! Ýok, eje, bu ýerde adat bolmaz! Men ýüregim agzymdan çykyp barýan halda yzyma öwrüldim. Şol wagtam ejemiň sesi sandyrap eşidildi: — Beýtme, oglum, namartlyk bor, beýtme... Men batly ýöredigimçe-de, ejemiň sesi ýakynda eşidilýärdi: — Oglum, dolan... masgara bolma, oglum... Indi onuň sözi maňa birjik-de täsir etmeýärdi. Menin bir maksadym ýaňky hoja ogly bilen ýüzbe-ýüz durmakdy. Şu pursatda agamyň sarpasyny-da, oňa söýgimi-de şol nepis gyrmyzy donda görýärdim. Şony ýitirdigim, agamyň ýagty ýadygärligini, kalbymda galan mährini ýitirdigimdi. Häzir, göwnüme bolmasa, men gyrmyzy dony däl-de, ýalňyz agamy ele salmaga barýardym. Häzir hoja ogly meniň üçin iň aýylganç duşmandy. Ol meniň ähli arzuwymy puja çykardy, agamdan galan iň eziz, gymmatly ýadygärligi ogurlady, toý günümi ýasa dönderdi, ejem pahyryň päk ýüregindäki ýarany täzeledi. Töwerege suw sepilen ýaly, meniň gulagym hiç zat eşitmedi. Barşyma märekäň bir gyrasyndan girenimem şoldy welin, kimdir biri egnimden ýapyşyp, bady bilen meni saklady: — Aýak çek biraz! Toý eýesiniň uçganaklap duran howsalaly gözi göreçlerime dikildi. Onuň elindäki gyrmyzy dony göremde, badym gaçdy. Ol gyrmyzy dony maňa uzatdy. Men: — Hany, onuň ozi? — diýdim. — Hol-ha! Seretsem, ýaňky ýigit köýnekçe, ýeňsesini tüňňerdip, märekeden saýlanyp barýar. Onuň bolup barşy aldawa düşüp, uly güňä eden adama meňzeýärdi. Ol birden säginip, yzyna garady-da, meniň gyrmyzy dony alanymy görensoň, çalt-çalt ädim urup arany açdy. Şol barmana ejemem geldi. Emma men onuň ýüzüne seredip bilmedim. Belki, onuň gaharly gözi maňa garandyr. Men ejemiň halamaýan zadyny etdim. Adaty äsgermedim. Belki, men onuň göwnüne degendirin. Emma bu zatlary agam üçin, ejemiň özi üçin edenime ol düşünermikä? Onçasyny bilemok, ýöne ejem aňyrdan gelşine, sen-men ýok, elimdäki gyrmyzy dony alagadan bagryna basdy. Tirkiş JUMAGELDIÝЕW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |