21:58 Gyrnak / roman | |
GYRNAK
Romanlar
Miwä bagyşlaýaryn 1. – Gyr-na-ak! Haý-aý, har-am, tul-a-ýa, sadyra batan inek ýaly, porsap ýatmyş, tur, göri ýanan! – Ogulnyýaz bu sözleri özüne degişlidigini bilse-de, çalnyp turup bilmedi. Alasarmyk düýş, baharyň endam-janyňy söwer ýaryň ýakymly aýasy bilen sypalap owuşy süýjüje lagşatmasy, ony ýerinden galdyranokdy. Gaýtam, ukynyň humary, ýüpek ýorganyň heserli goýny öz dünýäsine ýuwdup barýardy, Ol daýzasyna-ha däl, külli adamzada hiç haçanam düşündirip bolmajak hudawy, şirinden humarly «derýa» ýene-de özüni oklady. ...Ol ýene-de şo-ol ýaşyl seçekli, gül-gülälekli sonara geldi. – Bu ýeriň gowudygyny – diýip, ýer bilen asmanyň arasynda kelesaň urup saýraýan Torgaýlary yzarlap durşuna, begenjini gizläp bilmän dillendi. Hakykatdanam bu ýeri gowudy. Asmandan böreň-böreň bolup akýan ýeňiljek ak bulutlaryň didary ýerden ýyldyrym ýaly taýyp barýan boz bulaklaryň ýaňagynda üýtgeşik eräp gidýärdi. Ulygyzyň ýylgyrmasy ýaly janyňa tenekar bolup barýan ýumşak Günüň saryýag ýaly mylaýym çyrazlary jadyly bulaklary sallançak edip oýnaýardylar-da, bir puşta tolkuny geçirip, indikiniň. gerşine münýärdiler. Ogulnyýazyň nazarynyň boz bulaklarda eglenenini aňan torgaýlar, gabanjaňlykdanmy, bezzatlykdanmy, däli-porhan, bolup, özleriniň asmanda asyl-asyl bolup, şunça wagtlap durup bilýänlerine buýsanýan ýaly, öňküdenem köpräk ganat kakyp, öňküdenem köpräk saýrap, garabaşlaryna gaý bolýardylar. Aňyrrakda, bu sonaryň gül-pürçegini ine-gana çürtüp ýören sygyrlaram, «geläýdiňmi» diýýän ýaly, gäwüşlerini goýman, başlaryny bir salykatly göterýärdiler-de, ýene-de otlap başlaýardylar. Bu owadan sährada bir boş duran Ogulnyýazdy. Ähli janly-jandar: «Sen ýoruldyň, bize tomaşa et, dynjyňy al» diýýän ýalydy. Ogulnyýazyň begenji hasam artana döndi. Aňyrdan, bir ýerlerden Ogulla ylgap gelýärdi. – Hakyt Ogulla-da! – Ol diňe bir öz jigisi däl, bu sygyrlaram tanady. – Waý, bular-a öz sygyrlarymyz-a. – Ol bu sähranam tanady. – Wa-eý, meni – Bu ýerler onuň geçen tomus pagta ýygan meýdan-a. – Bu ýyl kakama berlen potrat ýer-ä. – Ol begençli ýylgyrdy. Ol ýylgyrdygy saýyn meýdanyň didary öňküdenem röwşenlendi. – Ogulnyýaz! – Ogullanyň demi-demine ýetenokdy. – Sen nämä dursuň, gaçaly! Ogulnyýaz jigisiniň öňünden çykdy-da, onuň elinden tutdy. – Näm boldy, jigim?! – Gaçaly, Ogulnyýaz, gelýär, olar bärik gelýär! – Kim?! – Iki sany guduzlan eşek! Ogulnyýaz gorkuly ýüzüne nur çaýdyryp, enaýyja ýylgyrdy. – Eşegem bir guduzlarmy, jigim? – Ol birneme batyrlandy. – Gorkma! Dogrudan hem aňyrdan iki sany daýaw, ýalaňaç eşek biri-birini gemirşip jirt atyşyp gelýärdi. Ogulnyýazyň süňňüne üýtgeşik gorky indi. Ol özüni alaçsyz duýdy. Degenek taýak gözläp töweregini sermeledi. Ele alyp, goranara hiç zat ýokdy, hiç zat. Diňe, şol tanyş, mähriban sygyrlaryndan, hemem gorkudan, haýykmadan ýaňa özüne gysmyljyraýan jigisinden başga hiç zat ýokdy. Ol häzir hossar gözläp töweregine delmindi. Kellesine: «Sygrymyzyň ýanyna barsak, ol bizi gorar» diýen symyljak pikir geli. Guduzlan eşekler bolsa oňa garşy uly dabara, üýteşik gazap bilen eňip gelýärdiler. Olaryň biri gele-gelmäne çep aýagyny Ogulnyýazdan salyp goýberdi. Özem şeýle üýtgeşik hynçgyrdy. Göwnüne bolmasa, öz adynam tutan ýaly boldy. – Ogulla! Gaç! – Ogulnyýazyň gara jany Ogullady. Bar sygrymyzyň arkasyna mün! Eşekler ýene-de agyzlaryny açyp olara garşy eňdi. Ogulla doňup galdy. Olar daşyndan eşege çalym etselerem, aslynda adam ýalydylar. – Waý, gara bagtym! Merdan! Merdan jan! Asyl, olaryň biri öz adamsy Merdandy. Hakyt şoldy. Gulagy, gabarasy, dört aýagy ol bolmasa-da gözler, şol gözler Merdanyňkydy. Ogulnyýaz özüne garşy gulaklaryny ýapyryp, gemrik-gemrik dişlerini syrtardyp gelýän beýleki eşegi-de tanady. Olam daýzasynyň garajanydy! – Daý-za-a! – Bel-la-a! Öňdäki eşek ony jalkyldadyp depdi. Agyry ýürege ornady. Onuň üstesine beýleki eşegem oňa garşy dişlerini syrtardyp, köneden galan kastyny aljak bolýan ýaly, ýetip gelýärdi. – Merdan! Ah, Merdan-a! Ogulnyýaz töweregine delminip garady. Häzir oňa diňe sygryndan pena bara meňzedi. Dünýäniň ýüzünde başga oňa ne ynsdan, ne-de jynsdan haraý bardy. Ol sygyra bakan ylgady. Ýaşlygyndan höwlimläp, ezizläp, öz eli bilen ot berip ýören ene maly ony özüne çekdi. Ol, ylgap baryp sygyrlaryna gysmyljyrady. Eşekler sygra tarap, daýyrdaşyp gaýtdylar. Öz penasyndaky naçaryň howsalasyny duýan sygyr burnuny pyşyldadyp, şahlaryny gazap bilen bulaýlady. Eşekleriň Ogulnyýazy parçalajagy çynlarydy. Ogulnyýaz ony ýürejigi bilen aňdy. Ol gorkujygyna özüni sygryň arkasyna nädip atanynam bilmedi. Eşekler gulaklaryny gypydykladyp, dişlerini çarhlaşyp, ýene-de eňip gaýtdylar. Ogulnyýazyň ýüregindäki gorky heniz kiparlamasa-da, onuň kalbyna aralaşan howp birneme sowaşypdy. Sygyr indi ony bu bela-beterlerden az-kem goraýardy. Şonda-da eşekler ýok bolup gidäýenokdy. Olar gaýta, hynçgyryşyp, ynsan dilinde haýbat atýardylar. – Gyr-na-ak! Haý, haram tula! Siýdigine boglup galan salaty. Seni bir... Eşekleriň biri ony sygryň şahynyň ýetmejek ýerinden gelip depip başlady. – Senimi! Gal, saňa diýilýär, tula! Sygyr başyny gazap bilen eşekden aýlady. Ol janawar silkinende, muňa garaşmadyk, hiç zatdan ýapyşman oturan gelin ho-onda atylyp gitdi. Ol ýalpa gözüni açdy, Nähilidir bir garanyň özüni saýgylap duranyny görüp ýene-de düýrükdi. – Waý, eje jan! Hyzlawyk tanyş ses ony özüne getirdi. – Wah, seni dogranyň... çüýresin-de. Dilimi-dişimi dökdi-de, bu loly, tu-ur, tur! Ol gözüni açdy. Daýzasynyň hälki eşekleriň toýnagyna meňzeş ýumrugynyň depesinden inip Durşuny gördi-de, zöwwe ýerinden galdy. – Haram, gyrnak, bir sanaç et bolup porsap ýatmadan başga oňarýan zadyň ýok. Daň atyp gitdi. Meniň bolsa damagym tüýdüge döndi. Meni sen ýakdyň. Meniň maňlaýymdan gara daş bolup indiň, dars daban künti. Bar, çaý goý Ogulnyýaz sesini çykarman aşhana ylgady. Çaý goýdy. Holodilnikden süýtli tüňňüri çykaryp süýt bişirýänje pitisini çaýkady. Soň oňa tüňňürdäki süýdüň ýarsyny guýdy-da, içki jaýa girdi. Içerden çilimiňmi, temmäkiniňmi, nasyňmy juda dymyljak ysy onuň bokurdagyny tüýdüge dönderip bogdy. Ol gaýtarara gelip üsgürdi. Şonda-da badyny togtatman, bir eline ýassygy, beýleki eline-de daýzasynyň ýorganyny alyp, ýük duran otaga girdi. Düşekleri ýüke galdyryşdyryp, ýene-de aşhana ýüwürdi. Çigräp başlan süýde iki kürümjik bürünç atdy. Soň ony birki gaýta bulap, içeri ylgady. Daýzasynyň düşeginden turaryna garaşdy. – Näme, üstüme nemetjek ýaly bolup dursuň? – Daýza, penjiräni azajyk açaýaýyn. Arassaja howa girer ýaly... Ogulnyýazyň damagyndan Kümüş ýaly buldurap çykan näzikden päkize owaz içeri doldy. – Nä-me? – Daýzasynyň temmäkiniň ajysyna ýagşy ýognan sesi hälki owazy diriligine ýuwutdy. – Arassa howa derdim däl. Arassa howa diýip. Seniň ýüregiň arassa howa küýseýändir. Meniň derdim özüme ýetik. Arassa howa diýip... Ogulnyýaz dula ýazylan kiçeňräk düşegi eliniň ugruna gapdaljyga ýazdy. – Daýza, şujagaz düşege geçäýiň. Men ol düşegiňizi galdyraýyn! Daýzasynyň myrryhy beter atlandy. – Kepiňi köpeltme, haram tula. Näme etmelidigini özüm bilerin. Sen çaýa seret... Ogulnyýaz aşhana ylgady. Az-kem köpükläp başlan pitini bulady-da, çäýnekleri çaýkady, Ajyja edip daýzasyna, ýuwanrak edibem özüniň kiçijik çäýnegine çaý atdy. Ol ýene-de içeri girdi. Kiçijik düşegiň önüne saçak ýazdy-da çörekdir mesge, bal bilen peýnir, gant çykardy. Daýzasy henizem düşeginde buruljyrap ýatyrdy. – Çaýyň nätdi, seniň? – Häzirjek! – Wah, seniň häzirjigiň bilen upbat bolsadyň, upbat bolmuş. Bu haram gyrnakdan çaý içýänçäň, Orta guýa pyýada gidip geleniň ybalydyr, ah allam! Ogulnyýaz gyssandy. Nämeüçindir, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gaz pes ýanýardy. Ojagyň gözleri bitip gidipdi... Şuny bir bejerip bolsa. Süýtli aş bişdi. Çaý gaýnady. Naharyň ysy içeriniň howasyny üýtgetmedi. Gaýta içeride güýç alyp ýatan dymyljak dem, täzeçe ysam jantaýyna urana döndi. – Munyň näme? – Süýtlaş, daýza, birki çemçe iýseň. – Hyňh. Men indi süýtlaş iýýän boldummy? Ogulnyýaz sesini çykarmady. Daýzasy, ýerinden turman, süýşenekläp kiçijik düşege geçdi we öňki düşegini ýüke galdyryp, üstüne özüniň gaýdyp gelende getirenje owadan ýapynjasyny ýapdy. – Düýn nas almadyňmy? Ogulnyýazyň gözi garaňkyrady. – Utandym, daýza. Ýogsa, bardymam. – Haram gyrnak. Meniň janym bokurdagymda, sen, sen utanan bolýaňmy? «Şu heleý azarlap ölsün» diýýäňmi?». «Şu jaý maňa galar, soň döwran sürerin» diýýäňmi? Etdirmerin. Jaý men ölsemem, ol oglanynkydyr. Ol oglan ölse-de Çommagyňkydyr. Waý – ol erbet üsgürnnip başlady. – Bar, men ölýän-ä, göreňokmy, haram tula. Çommaklara bar, birki atym nas bersin, ýeri dörsün, asmany elesin, ajysyndanam bersin. «Daýzam ölüp barýar» diý. Ogulnyýaz titräp ýerinden turdy. – Men ondan ýaşynýan-a, daýza. Daýzasy saçagy ýumruklady. – Haram gyrnak. Ýaşmagyň başyňy iýsin. Kime gerek seniň ýaşmagyň. Iller başy ýalaňaç, budy ýalaňaç gezende-de dünýä ýykylanok, bar... Ogulnyýazyň dünýesi düňderildi. Gits-ä ol şol kelpeň, suwuk, adamyň ýüzüni görüp, oňa habaryny aýtmaly. Öň ýaşynyp ýöreň adamsyna dileg salmaly. Gitmese-de daýzasy ony goýjak däl. – Daýza jan, men gitmäýeýin-le! Daýzasynyň hynçgylawukly, sesi içerini ýarara getirdi: – Sen bir gitme, gitme hany, göreýin. Köwşüňi önüňe oklaýyn, köwşi öňüne oklanyp galmyş... Ogulnyýazyň bir eli kündükli, bir elem tabakly gelenini görüp, ap-ak bolan hüjjük saçyny çaşyryp, dyzlaryny ýumruklady. – Wa-aý, sen henizem gideňokmy? – ... Ol kirli barmagyny gelniniň elindäki kündüge uzatdy. – Ol artybyň näme? – Eliňe suw akytdyrjak bolýan! Gaýnynyň dälilik hetdine ýetmegi Ogulnyýazy aljyratdy. – Wa-aý, salaty, sen meniň elime suw akdyrman, ölimiň üstünden suw akdyr, bar. Kepen getir-de dolap, iber Köşiň ilersine. Senden şondan gowusy çykmajagyny bilipjik durun men, aýgyr bela. Sen indi, maňa kündik görkezip, gyjalat berjek bolýansyň. «Seniň ogluň meniň ýelimi ýatyranok. Şonuň üçin elim kündüge baranok» diýjeksiň. Haram tula, sen meniň başymy iýersiň. Sen meniň soňuma galarsyň. – Ol hasam ebgarlyga tutdy. – Wah, Çommak, öýüňi ot alsyn-da. Gelmän geçdiň-ä! Daýzasyndan ep-esli wagtlap ses-üýn çykmandan soň, Ogulnyýaz aşhanadan ylgap içeri girdi. Emma daýzasyna gözi düşmedi. Ol ýük galdyrylýan otaga girdi. Daýzasynyň öz şifonerini açyp, ondan öz eşiklerini sermeläp durşuny görüp, haýýaty uçdy. Daýza! – Him. – Daýzasy yzaly gözlerini ganguýma edip, gazap bilen yzyna öwrüldi. – Maňa daýza diýme. Men ýok, seniň üçin. Çyk, şu öýden. Garaňy saýla. – Meniň geýimlerimi näme etjekdiň? Gaýynynyň başyndaky el ýaly kirli ýaglyk patylap ýere gaçdy. Ol agzyny hatap ýaly açdy. – Näm-e! «Meniň geýimlerim!» – Ol barmaklaryny çilşirip gelniniň gözüne dürtäýjek boldy. – Me, saňa geýim, me saňa eşik. Hemmesem özje daban azabym. Hemmesini özümiňki... Satsamam, sowsamam özümiňki... Ogulnyýazyň ýene-de boýny buruldy. Ýöne gözýaşyny daýzasyna görkezmedi. – Alla jan, jan hudaýym, daýzam janyň ýüregine rehmet guý. Maňa bir rehim etsin, jan allam, adamym sag-aman gaýdyp gelýänçä... Ol aşhanada-da gazanyň düýbüni gazalap durşuna hudaýy çagyrdy oturdy. Içerden ýene-de jynssyz ses eşidildi. – Gyrnak, ha-gyz, gyrnak! Bu ses birneme ýumşakdy. Şonuň üçin gelniň aýaklary ýeňil ädildi. Şifonerli otag gyzyl dörjükdi. Gelniň içki eşiklerine çenli bulaşyp ortada ýatyrdy. – Hany, araky, başyňdaky keýik gülli gyňaç. – Bardyr! Daýzasy ýene-de guduz açyp başlady. – Barmydyr? Hany, hany şol. Haýsy oýnaşyňa ýapdyň, ony. – Daýza jan, daýza! – Ýarma, diliňi, loly. Seniň jögi sözünden dok men. Hany, şol ýaglyk... Ber maňa şony... Ogulnyýaz tas sermaňňaldak gaýdypdy. Ol aşak çökdi. Soňam ýuwaşja gürledi. – On-a daýza, satdym! – Nä-me! – Satdym! – Näme diýip satýaň, aý, salaty. Agyzlaryna... bolmuş, sen näme üçin satýaň ony? Näme üçin?.. – Araky gelen ýoldaşy «Merdana az-owlak pul gerek, berseň äkideýin» diýdi. Menem senden soramaga ejap etdim, şony goňşa berdim. Pulunam Merdana iberdim... – Hany, onda «Samaletdan sallanan» köýnegiň? – Iskirkamy? – Bilmen ony, tap! Ogulnyýaz matalaryny dörüp, göm-gök öwsüp, ýylanyň gowy ýaljak şybyrdap duran köýnegini çykardy. Daýzasy ony kakyp aldy. – Me, şuny Çommaga elt. Özi düşüner. Ol indi gitmese bolmajagyny bildi. Daýzasy az-kem ýumşady. – Podezden düş-de, gündogarky ikinjä girip, çepiňe dön. Ýöne gidişiň bilen gelişiň deň bolsun, Wah, öýüň ýykylsyn, Çommak, bol, bol! Meýdanda hamyla baglaryň ýumşan göwünleriniň ýylysy ýüzüňe urýardy. Häzir sähelçejik bagtyň bolsa-da göwnüňi ýylytmaga bahana tapyljakdy. Emma Ogulnyýaz ýer ýaly bolup barýardy. Onuň häzir ýekeje aladasy bardy, olam Çommak aga arzyny düşündirmekdi. Çommak agany ol daýzasynyň ýanynda kän görýärdi. Ýöne, ýatsa-tursa, şu adamyň üstüne gidip, dileg dilärin diýen oýlary küýüne getirmändi. Işik ýapykdy. Ol simleri sallam-sajak bolup asylyşyp ýatan jaňy basdy. Işigi göbegine çenli ýalaňaç, buýra saçlarynyň arasynda guş höwürtgeläbermeli ýigdekçe açdy. – Geliň! – Çommak aga barmy? Ýigdekçe aşhananyň gabat garşysyndaky işigi görkezdi. Soň özi suwa çümene döndi. Ogulnyýaz bu işikden bu günde, düýnde «açylypdyr-ow» diýen nyşan görmedi. Içerden bolsa agymy, şatlykmy, bir gatyşykly üýtgeşik owaz gelýärdi. Ol kesekiniň öýünde beýdip durmaga ejap etdi-de işigi itdi. Emma gapy açylmady. Ol näme bolsa bolsuna urup, işigi kakyp başlady. Işik onda-da açylmady. Oňa çenli hälki ýetginjek elindäki çilimini burugsadyp haslap geldi. – Eý, kakma-daraý! – Açyp bilemok. Ýetginjek işigi özüne çekip açdy. Ogulnyýaz öz gözlerine ynanmady. Içerde Çommak aga gündiziň güni pelteli çyra ýakyp, oňa-da iki sany simi düzüp, ýaýnap otyrdy. Ýaşuly agyr güpbä bürenip oturşyna yşgyna düşüp hiňlenýärdi. ... Diwana geldi işikden, baý-baý, Arwah çykd-ow deşikden, haý-haý, Göruň, bakyň ne oýun gopar ind-ow, iller, Hany, bir suw içeliň-le, gylly meşikden-ow... Ýigdekçe çilimli elini goja bakan «göreňokmy munuň bolşuny» diýen manyda uzatdy. Soňam gynanç bilen gojanyň egnine dürtdi. – Babaý, Babaý-ow! – Jan-a, jan balam! Ýigdekçe Ogulnyýaza gözüni gypdy. – Aý, Babaý, seniň ýanyňa bir perizat gelipdir-ow! Goja şonda-da gözüni açmady. Gaýta: – Ferizat däl-how, hüýr gyzlar. Men häzir şonar binen otyryn-a. Wah, hany, jan-ow, hüýr gyz jan-a, bir suw içeli-le meşiknen-ow, janym, janym, meşikden-ä... Ýigdekçe ýene dürtdi. – Babaý-ow! – Jan-a, malam! Aýdyber-ow, aýdyber! – Bu gelen müň hüýr gyzyňa deňýär-ow, gözüňi aç. Seretsen-e how. Ýaşuly çalaja gobsundy-da boýnuny gaňyrmaga-da ýaltanyp, öňune garady. – Han-y, biz-ä zat göremizok. Gaýta, ojagam hüýr gyzlarymam düw-dagyn etdiň... – Yzyda seret! Çommak aga yzyna garady. Ol Ogulnyýazyň hüýr gyzlaryňka aňry dur diýdirýän didaryny görüp, düwündi. Birdenem sesi çasly çykdy. – Dir-räs-ti! Ogulnyýazyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Sebäbi bu goja ony görüp, düýbünden başga adama öwrüldi-de duruberdi. – Men hüýr gyz niýen bolup, onnaň müň ňesse gözel gyzy ňörmän otyrşa, Wah, men ňuraýyn, keýňim, men ňuraýyn, ňeçiber. Ňel, bir baş çekeli. Onsoň ikimiz hüýr gyz, hüýr gyz oýnaşsagam molman nurmaz. – Ol ýigdekçä ýüzlendi. – Mar, mala mir çäýnek ajy çaýam alyp gel... Ýigdekçe-de gojadan kem galar ýaly däldi. – Babaý, sen boldum edeňsoň, gezegi bize-de beräý... Goja mys-mys güldi. – Haý, haramza-de-eý. Köpek-dä. Wer, atasyna diýýänje sözüni. Wah, seniň diljagazyňa döneýin, körp-päm. Saňa ňerek bolsa, mermän näme... Ýigdekçe gitjek boldy. Emma Ogulnyýaz ony saklady. – Jan jigi ataňa aýt, meni daýzam iberdi. «Şuny ataňa ber, özi düşünýändir, çaltyrak gelmese men ölýän» diýdi diý. Goja aýasyny el, ýaly bolup duran galkan gulagynyň ýeňsesinde goýup her näçe diň salsa-da, bu sözlerden many alyp bilmedi. – Näm diýdi? Ýigdekçe çygynyp-çygynyp gürledi. – Ata, muny daýzasy iberipdir. Ol «ölýän, gelmese, özi düşüner» diýipdir. Ogulnyýaz ýaşynyp durşuna, bir eli bilen elindäkini görkezdi. – Ol näme? – Daýzam iberdi. Goja uly tamakinçilik bilen özüne uzadylan zady aldy. – Bu näme, sor-ra! – Daýzam iberdi, özi bilýändir – diýdi. Ýigdekçe gelniň sözlerini gygyryp gaýtalady. – Daýzasy kim? – Gaýyn enem. – Gaýyn enesi! – Bela! Pugtamy? Ogulnyýaz başyny atdy. Ýigdekçe-de başyny atdy, Goja köýnegi ýazyp gördide, soň gözüniň öňüne tutdy. – Wah, ylaýym, Pugtany ýer ýuwutsyn. Aý, bedibagt, buwagt bu ownuk-uşaklar syrylmany-süpürülmäni üçin saçaklaryň ketegine köýnegine näme bersinler. – Ol nebir köýnegi bulaşdyryp, dökülen öwrülen kirli düşegiň üstüne oklap goýberdi. Ogulnyýaz, misli özi şeýdip bu hapa düşegiň üstüne oklanan ýalt, tisgindi-de içini çekdi. Yhlas edip, bagt arzuwlap hüwdä, umyda besläp keşdelän ýakasynyň üstüne bir goja didesi patylap düşmedi. Sarsyp giden ýüreginiň gözünden gaýdan goşa damja sandyrap duran ap-ak eline degip, hasrat bilen ýaryldy. – Wah, öýüň köýsün, Pugta! Soňuň tursun, Pugta. Seniň derdiňden şu ýerden göçüp gidäýmesem, meniňem öýümi tüsseden geçirjek sen. Ýigdekçe çykyp gidipdi. Içeri çolaransoň goja gelin bilen boýdaş boldy. – Nasmy? – Gelin ýene-de başyny atdy. Goja hyrçynyň dişläp başyny atdy. – Sen diýýän, özüň bilen üzlüşmeseň – diýýän, ol mata gaty arzan bolýar – diýýän. Goja birden-birden, hepberip duran agzyny pakgardyp gülenem boldy. – Özuň gör, meninki bir diýmek. Ýöne ol eflatun heleýe aýtma, bomy! Gaty arzan bolýar, ýogsa. Özüň razy bolsaň diýýän, bomy? Gelniň reňki agdy. Ol titräp duran ýumrugy bilen bu ýaşulynyň agzynyň üstüne rastlap salara meňzedi. Ýöne goja-da gelindäki bu üýtgeşmäni razylygyň alamaty diýip düşündimi, ýa ony yrdym etdimi, sen ýok, men ýok simlerine ýapyşdy. – Azajyk howlukma, adama bir baş çekeli. Onsoň, bolmasa meni gyssap durma. Men indi özüň ýaly däldirin... Ol körsenip, simi gyzýança düwünçeklerini açyşdyryp, simine barmagyň ujy ýaly gara «sakgyjy» çalyp beýlesine dönýänçä, gelin çykyp gidipdi. – Senem bir baş çek. – Ol simleriň birini gapdalyna uzatdy. – Bolmasa bolmaz-a. Gelin gidenden soň içeri giren hälki buýra saç bu mürähet özüne edilýändir öýdüp simi aldy. – Hany, geç. Kän egleseň, bu gurbany gitdigimiňem ugry bolmaz. Ýigdekçe aýdylan ýere geçdi. Şiräniň humaryna dyzaýan duýgularyny jylawlap bilmän oturan, öňem mazasy uçan goja göwnüne birhili dälem bolsa, agtygyna ilki bir ünsem bermedi. Emma birki tütün ýuwdandan soň onuň paýhasy durlandy. Eline sim alyp, goýy tüssäni emip oturan ýetginjege gözlerini jüýjerdip garady. – Häýt, edýäniň ňäme? Häýt, dur! Ýigdekçe eýýäm mum-helim bolupdy. – Ata jan! Gojanyň zähresi ýaryldy. – Men, men saňa diýýän, edýäniň näme? Bolmaz. Goý, bolmaz. Ýetginjek hapa düşegiň üstüne tirsek urdy. – Ata jan! Muň, gowudygyny,.. Goja ýoky köýmedik simini taşlady. – Hany, ol? Sen däl, ol. – Men däl, biz ata jan! Goja aljyrady. Işigi açyp daşky otaga garady. Ortada ýanyp duran pelteli çyra, çäşerlip ýatan agtygy, göz-gülban bolup ýatan aýal köýnegi, pytrap ýatan düwünçekler onuň bar keýpini uçurdy. – Heýt, tur, meni ile metgi etme. Ýetginjek agzynyň ak köpügini akdyryp, başyny galdyrdy. – Ba-bajan özüň-ä öwredýäň, özüňem sögýäň... – Tur, ýok bol. Ol saňa däl. Ol, ol saňa däl. Haý, bisyrat. Goja agtygynyň näme diýýänini eşitmese-de mydyrdady. Entek bu işleri edere sen ýaş dälmi? Saňa däl-ä ol, päheý-de bolsa... Agtygy ýene-de tamakinçilik nazary bilen atasyna garady... 2. Çommak aga Pugtalaryň işiginden ätlände, hem özüne garaşylýandygyny, hem gaty berk gürrüň boljagyny aňýardy. «Hälki hüýr gyz gitdi welin, başyma bir bela indermese ýagşydyr» diýen howsala ony kän eglemän bu öýe alyp gelipdi. – Essalowmaleýkim! Bu ses Ogulnyýaz üçin Ezraýylyň buzdan sowuk sesi bolup eşidilse, Pugta daýza üçin dirilik getirýän perişdeleriň şirin owazy bolup eşidilipdi. – Gelewer-ri, haý, gelmän galan. – Pugta daýza agyrly aýaklarynyň üstüne münüp bu gelen halasgäriniň öňünden ylgap çykarly göründi. – Çaý goý, Gyrnag-a. – Ol töweregine delmindi. – Gyrnak, haý, adyň upbatlar bolsun, upbatlar bolan, Gyrnag-a, çaý goý. Ol gelniniň aşhana bakan geçenini görüp ynjaldy. Soň iki gzüni işige dikdi. – Geliber, haý, sakaly ütülen, gelmän galdyň-a. Çommak aga ähim-ühümläp, sallanjyrap girýänçä ýene-de bir topar wagt geçdi. – Amanmyň, Togt-eý, aman saglykmyň? Togta daýza üçin her minut ýyla barabardy. – Wah, agzyna gözi degen. Samrap öldi, samrap ölen. – Ol has kineli gygyrdy. – Öldüňmi, janyň çykdymy diý. Telpegini ters geýmiş, ýüzügara, meni şol taşlap gidişiň-ä. Ýüzüň gara bolmadymy? Getir çakjaňy... Goja keýp bilen hikirdäp güldi. Saňa men gerek däldirin, şujagaz çakja gerekdir, ä, me... Togta daýza kiçijik nas kädini garbap aldy-da, şobada seçeklije dykysyny gopardy. Soňam endigine görä, nas atmasa-da büzülen dodaklaryny eplemäň mürähet etdi. – Hany, geç, çaý içeli. Ol gemrik dişleriniň arasyna çokjany mäkämje kakdy. Soň gözlerini ýumup ep-esli oturdy. – Tas ölüpdim! – Ol başyny ynjyly eledi. – Zordan ertire çykdym. Bu upbat bolan içerde-de ne bir atasy nas bar, ne-de bir çekesi çilim. Beýlek-ä atly, bizem pyýada. On-a aýtmaýynam. Ýaşuly çakjasynyň gapagyny oýnap durşuna nädip hälki gürrüňe dolanjagy barada oýlandy. – Onsoň bu haram ölmüşi iberdim, seniň ýanyňa. Olam gitmejek bolup şermende boldy. Şermende bolup geçen. Uly adam bir zat diýse, edibermeli bor-da... Çommak aga gürrüňiň işigini tapdy. – Ýok, ol etmeýär. Menem aýtdym, oňa. ýok, seniň, meniň diýen maşgalam däl, ýogsa menem aýtma kemim galmady. Pugta daýza geçisi daga ýaýrap ugransoň, gepiniň aýlawyny alyp başlady. – Bular etmez. Bularyň okuwy kän, okuwy. Öýünde-de haçan görseň şol demir şalham, haçan görseň gep-gürrüň. Men-ä şony çykaly bärem alamagam, göremogam. Adam azdyrýar ol. Çommak aga gözlerini jikgerdip, nasyny dökmäge ýer gözläp oturşuna, çöwrülip, göm-gök suwuklyk syrygyp ýatan dodaklaryny müňküldetdi. – Nemesi ýalaňaşlaz-a görkezip duz... Pugta daýza gelnine azmly gygyrdy. – Wah, öýi ýanmyş, gyrnak. Nas dökülýän beňkäni getir. Haý, arassasyran bolup, ýuwun-ha-ýuwun bagty ýatan. Näme, beýlä ýuwun-ha, düşüp, iýji keselliň barmy?.. Ogulnyýaz şu şumroý ýaşulynyň ýanyna näçe girmejegem bolsa, eli bankaly ýene-de alaçsyz gelmeli boldy. – Ýitir, ýok et, onyňy! – Daýzasy gözüniň alasy bilen onuň damagyny çalaýjaga meňzedi. – Näçe aýtmaly saňa, içine çäge guýup getir diýip. Bumy, munuň pikiri-hyýaly başga zatd-a... Çommak aga hezil edip güldi. – Ýaş-da – diýdi. – Ýaş bolsaň göwnüň heý hizzije zatlazy küýsäbezýäz-de. Gan ezgin bozýa, gan... – Haý, göwün guramyş, göwni guran. Bular ersgin däl, mes, esreýäler. Bulara kükräp duran esrek ner ýaly biri gerek. Haý, sypaty guran. Getir indi, nirä gitdi gyz, bu bagty ýatan... Ogulnyýaz içi gumly ýarym litirlik bankany getirip, daýzasynyň öňünde goýdy. – Çaý getireýinmi? Çommak aganyň iki gözi Ogulnyýazdady. Ol ýylymsyran bolup, dodagynyň çep erňeginden nasynyň akyp başlanynam unutdy. – Näm diýdi? – Getiriber. Näme, şyrryk çaýyňam Ürgenjiň mäşewesidir diýdiňmi, pormusy guran. Ýaşuly nasyny banka howlukman dökdi-de, eliniň arkasy bilen agzyny çaldy. – Öz-ä maljagaz-ow. Görk-ä berip bilipdir hudaý. Ýigit bolsaň barmagyny öpüp oturmalyja mal-ow öz-ä. Pugta daýza gürlemedi. Orta çaý gelensoň onuň bu gojadan tamakinçiligi hasam artdy. Şonuň üçin oturyp bilmedi. – Henizem gaýratyň keme meňzänok-la, Çommak. Daşyňa geçip çekelärligiň bar-a. – Hä?! – Henizem çekelärligiň bar-a! – diýip, Pugta daýza has azymlyrak gürledi. – Wah. – Çommak aga käsesine çaý guýdy-da, gözüni ýumup, başyny ýaýkady. – Çekeläp görülýän günüň ýüzüne köz degsin. Biz indi adammy, näme? Adam bolýan bolsak, ýaňy özi bard-a üstüme. Keýik owlagy ýalyjak keýerjekläp, şonda gagur-gugur basan bolsam, sen näme diýerdiň?! Bu adam käsä çaý guýup, samrap jübülerini sermäp ugransoň Pugta daýza-da tamakin gözlerini oňa dikip, allany çagyryp başlady. – Ýa sadagaň bolaýyn, ärler-pirler. Näumyt goýman men bendäni. Halys ugrumy ýitirdim. – Wah, men guraýyn. Men näme diýeýin, oňa. Ärsiz heleý, ýüpsiz kömek. Patanaklap kimiň ekinine düşse, düşüp ýörendir. Sen bolmasaň senemjan. Olar esregini ýatyrsalar bolan-a. – Haý, ýaşa! – Ol jübüsinden ak düwünçek çykardy. Ol düwünçegiň aslynyň akdygy bildirse-de, kirden ýaňa demigip gideni üçin nähili gülüniň bardygy bildirmeýärdi. Çommak aganyň gözleri ýandy. – Öz-ä tüýs majagaýy geldi. Keýpimem kök. Süňňümen on sekiz ýaşa geldi. O wagt men biri-ikisi bilen kanagatam etjek däl. Emma adam-da. Çekinjeňlik bar-da. Ýogsa, gözünden okap durun onuňam göwnüniň ýok däldigini... Düwünçek açyldy. Pugta daýzanyn gözüne ýaş aýlandy. Ol intizar gözleri bilen düwünçegi telim sapar ýuwutdy. Çommak aga ýene-de jübüsini sermedi. – Çakgym mard-a. Pugtýa daýza mundan artyk çydap biljege meňzänokdy. Ol janhowluna, özi ellerini bu gojanyň jübülerine sokup dörüşdiriberjege meňzedi. Häzir her sekunt onuň üçin tutuş bir ýyldy – akgy bolmanda bolanokmy? – Wah, çakgy bilen bolanda tertipli bolýa-da. Pugta daýzanyň sünni titredi. – Wah. haram, sakaly ütülmiş, dokuň açdan habary ýok-da... Onuň barmaklary bükülip, ýazylyp, şol düwünçegi garbarly göründi. – Näme diýdiň? – Kän gözlediň – diýýän. Ýaşuly başyny maza bilen ýaýkady. – Gelniň geldi geldisi ýaly, bu işinem boldy boldusy iň süýji ýeridir. Aňryňa oba gonansoň, onça bolmaz. Çommak aga çakgysyny ahyry tapdy. Ol otluçöpüň gyrasyndan sähelçe ulurak «sakgyjy» çakgysynyň ujy bilen aldy-da, Togta daýza uzatdy. Kempir çakgyny garbap aldy-da, ony deň ýaryna çenli agzyna saldy. Soň janagyrly tamşandy. Çakgyny ýuwdaýman, zordan çekip aldy-da, ony sapyna çenli ýalady. – Naýynsap, senem syrnyha dönüp gidipsiň. Bujagazyň maňa näme bolýar? Näçe günüň azary süýeklerimi gemrip ýatyr. Çommak aga-da ondan kem galmady. Ol çakgysynyň ujuny garşysynda oturan aýalyň gözlerine dürtäýjek boldy. – Gara, özüme-de şondan kän alamok. Onsoňam, ertirem bar-a. Ýeke günde gazanyň düýbüni deşseň, ertirem garnyň bar-a. Pugta daýzadan gaýdyp ses çykmady. Ol agzynyň ajysyny çaý bilen basansoň, birneme ynjaldy,. Ýaşulynyň hem arkasy ýazyldy. – Şu gün birhili ýumşakmy? – diýip, ol Pugta daýza garady. – Näme diýseňem, şu gün birhili gowy. Onsoňam, seniň şol gelniň üýtgeşik owadan. Hä, men şony saňa aýdaýyn. – Wah, gün gowy-la – diýip, Pugta daýza-da demini az-kem gowşadyp aýtdy. – Güzeran kynaldy. Ýeter-ýetnelik halys yzymyzdan ýetdi. – Aý, munça bolsa, şükür etse boljak-la. Pugta daýza derdinip başlady. – Şükrüňe zat ýok. Gury nan bilen suwuňky hezil. Olary döwlet mugt etdi taşlady. Kyny çilimi-nasy! – Tiregi has kyn! Döwlet şularam öz üstüne almaly. Näme üçin şulary arzan edenok. Tiregiň nämesi ýaman. Ol arak ýaly peýan edenok. Agzyňy hapalap, ile sögdürenok. Gaýta, müň derdiň dermany. – Wah, müň bir derdiň diýsen-e. Hany, äňet hany, hälki Pugta bilen şu Pugtanyň arasynda ýer bilen gök bar, ýer bilen gök. Ýaşulam kem galmady. – Tirek nas ýaly dünýäni hapalanok. Çilim ýaly, içegäňi ýakanok. Ol bir eşret ahyryn. – Ol işige garady. – Ýöne, men saňa bir gürrüň aýdaýyn. Sen hiç kime aýtma. – Ol ýoldaşyndan agzyna berk bolmak barada razyçylyk alandyryn öýdensoňam seresap gürledi. – Häli, agtykdan bir gep eşitdim. «Başlygymyz basym tiregi has arzan etjek. Özem açyk satyljak» diýýä... – Aý, ýöne gürrüň bolaýmasa! – Ýok, men gaty degerli ýerinden eşitdim. Onuň sebäbi bar. – Tirekkeşler üýşüp patyşamyzyň ýanyna arza barypdyrlar. Ilki onuň ýaman gahary gelipdir. «Baryňyzy ATP-ä ibererin. Sizi liçit etmeli» diýipdir. Onsoň bir akylly tirekem öňe çykagetdin: – Eziz Patyşahym, bir çemçe ganymy geç diýip, uzur ötünç sorapdyr. – Hä, onsoň? Onsoň patyşamyzam alaçsyz diňlemeli bolupdyr. Olam: – Eý, patyşahym, seniň iň gowy görýän şahyryň kim? diýipdir. Olam: «Magtymguly» diýipdir. – Magtymguly bolsa aýt – diýipdir olam. – Heý, Magtymguly şahyryň tiregi, tirek çekýäni tankyt edýän ýeri barmy – diýipdir. – Wah, diliňe döneýin, how-wa! – Men-ä duşamok – diýen, ol. Ýaşuly hasam gyzdy. – Sen aýt: «Heý, şerigat kitaplarynda tiregiň, tirek çekeniň tankyt edilen ýerini gördüňmi?» – Ýok. ýalan sözlejek däl, duşamok. Ol goja-da gaty bet eken. – Seniň duşan ýerleriňi aýdaýynmy? Lukman hekimde duşansyň, sebet duhtorçylygynda duşansyň, şeýlemi? – Şeýle! – Onda bizi görgä goýmalary näme? Gel-gel tirek arakdanam erbet boldumy indi... Patyşamyz ýöne ýylgyraýypdyr. Onsoň hälki dilewar goja patyşadan ýene bir ötünç sorapdyr. Soň bir rowaýat aýdyp beripdir. – Gadym zamanda biri erbet günä edipdir. Onsoň, oňa, «sen günäňi ýuwmak üçin üç şert goýýarys» diýipdirler. « – Ine, saňa bir garyp bende, ýa şuny öldür, ine-de ýaş gyz, ýa-da oňa el gar, ýa-da saňa bir bulgur arak. Şuny iç» diýipdirler. Günäkärem, «aý, günämi günä açýan bolsa iň ýeňilrägi şu arak, olardan-a hudaý saklasyn, golaýyna baryp bolmaz» diýip, haý, güýçli arakdan başyna çekýär. Arak içensoň ol ýekegapana öwrülip ýaş gyzam parçalaýar, garyp biçäräniňem ganyna galýar. Emma tirek çeken beýle iş etmez. Şerigat: «arak içeniň hatyny talak» diýýändir. Emma tirek otdan alynýar» diýen. Ýaşuly ýene-de işige garady. – Heý, gelin, seniňki hezil. Biz gam iýsek başga gep. Seniň hazynaň öýüňde. Pugta daýza dodagyny çöwürdi. – Mende hazyňa galdymy? Bary düdeden geçdi. Bar hazynam ýeke oguldy. Olam, palak çykdy. Ýaşuly nury indi öçüşip başlan gözlerini şeýtanja ligirdetdi. – Sen at oýnatma?! Pugta daýza elini silkdi. – Mende hazyna bolmaz. Ugruňy gönelt. – Ugrumy göneltsem, ýegençiň bar-a. Aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi. – Kim? – Gyrnak! Pugta daýza ýaşulynyň naskädisini salan jübüsine göz dikdi. – O nämäniň alyndan. O pul bolmasa, sowup bolmasa, neme bolmasa, derdiňe derman bolmasa, mal bolmasa, satyp sowara ýaramasa, men ony başyma ýapaýşmy? Gaýta, geldi-de, öňküje günümden etdi. Il, bu garyp heleý diýip sadaka beren bordy. Bu geldi ondan kesildim. Nebir balam, geler-gider durardy. Bu dars daban gelip: «Şu meniň ärim, şuny bejeriň» diýip, çagajygymy «eltepeden» çykardy. Özem, ho-ol Baýramaly diýen ýurtdan. Indem, görýäň-ä, meniň pensime, meniň içerime göz dikip otyr. «Şu heleý haçan öler, jaýy maňa galar» diýip otyr, bu gyrnak. Men onuň niýetini bilip durun. Men ölmäýin, men ölsem, ol oglanam jähennemden çykarar. Soň bu öýi oýnaşhana öwrer. Eşideňokmy, daşarda sykylyk çalyp. duranlary. Şolar mana sykylyk çalýandyrlar öýdýäňmi? Henizem. menden çekinýärler. Ýogsa, kürsäp girmeýärlermi öýe... Ýaşuly çakgyly jübüsine elini sokdy. Soň naskädisini saralyp giden köne dişlerine kakdy. – Men diýjek bolýan. Işlet ony. Gazansyn. Özüňjik agyzlan. – Men nädip agyzandynaýyn ony. Ol bir çowal et-ä. Nemesi ýalaňaç heleýli sandyga seretmekden gaýry zady oňarýamy bular. Ýaşuly «başyňy eg-de, meni diňle» diýen manyda yşarat etdi. Olar kelläni kellä degşirip başladylar. – Sen oňa tirek öwret. Hoşamaýla. Nädersiň, soň owlagň ýaly edip, tigi-tigi diýeniňden eliňe gelip dursa. Bir öwrenensoň seniňki bolar. Onsoň gazananjasyny deň paýlaşar ýöreris. – Ol etmez. – Ur, hoşamaýy. Bolmasa, gyňyr bol. Çykaryp kowaryn diý. Bu maslahat Pugta daýzaňyň gulagyna kem ýaramady. Ýöne göwnemedik boldy. – Näme? – Wah, Çommak, senem bolmajagyndan tutýaň. – Hä, ňäme? Ol başyny puşmanly ýaýkan boldy. – Özümi oňaramog-a, özümi. Oňa öwretmek üçin näçe mal gerek... Ýaşulynyň gözi ýandy. – Sen öwret. Mal menden. Ýöne, soň gaýtarsyň, Meniň diýenimi etsin. Pugta daýza ýüzüni sallady. – Seniň diýýäniň näme? Gojanyň taýparyp duran eňeginden başyndaky şypyrma telpegine çenli titredi. – Meniň üçin ýa Saragta ýa-da Tagtabazara gidip gelsin. – O näme üçin? – Mal getirmäge. Onsoň men razy. – Ol bar küýi-köçesi şol pikire gideni üçin, ellerini emelsiz galgatdy. – Meniň çykanymyň gyzy ärinden aýrylyp geldi. Mazaly baran ýerinde gowy öwrenipdir. Gözüni alypdyr. Aýda bir gidip gelýär. Atasynyň üsüne köşk saldy. Iki maşyn edindi. Altyn-kümüş, mal, heý goýaý. Tüçjar boldy. Dogry, ahyrynda gapjadylar. Gapjanda näme, jaý başga biriniň adyna, maşyn biriniň adyna, barysy galdy. Senem öwret, gelniňe. Gitse, aýagyny sallap ol gider. Ikarada gönenen sen bolarsyň. Bu pikir Pugta daýzanyň göwnüni ýagtylandyrdy. – Sen, onda maňa näçe berjek? Goja-da elini açyp bilmedi. Ol halymsyrap başlady. – Mende-de üýşüp ýatan zat ýok. Özümi oňaryp bilmän oturyşyma, senem üstüne. Meniňem baryp alaýara zadym ýok. Arada saragytlylaryň malyny et kombinatyna sürüşdim. Şonda birki düwünçek elime düşdi. Ýöne, senem diýenimi etseň, hor bolmarsyň. Aý, onsoňam, bu gelinler hor bolmaz. Olary tutaýanlarynda-da, küpä salyp, işlerini bitirip, soň goýberäýýärler. Ol ýaman owadan-a, gutardan. Gaty näzik. Ýaşuly goltuk jübüsinden hozuň gabarasy ýaly düwünçek çykardy. – Göz çeniň bilen ölçe. Soň gaýtarmaga gowy bolar. Pugta daýzanyň guşy uçdy. Onuň ýüzi täzelenen ýaly boldy. Malyny ýüzi syprylyp, düşegine çenli kirläp giden mahmal donunyň içligine tikilen jübüsine dykdy. – Wah, gara dag, hudaýym seni myradyňa ýetirgeý. Men garry, ýetim heleýi sylasaň, seni allam sylar. Ol dili açylan wagty ýene-de dilenmesini goýmady. – Munça bolanyna görä nas pulam ber, nerim. Ýaşuly eşitmezlige saldy. Emma göwni göterilip, derisi ýumşan garry ony erkine goýmady. – Gör-ä, haý, ýakmaz-ker. Eşitmedik bolan bolýar. Gyýw, munça bolanyna görä nas pulam goýup git. Ýaşuly düwünçeklerini, çakgysyny ýygnap başlady. 3. Ogulnyýazyň ýüregi ýene-de ýanyp ugrady. Onuň işdäsiniň tutulanyny bir hepde bolup barýardy. Işdä bolmansoň, ýüregiňem sary ýokdy. Göwni şol ýat diýýärdi. Araky gören düýşem onuň ysgynsyz göwresini otdan alyp, oda salýardy. «Düýşümde sygyr münmegim gow-a däl. Ýöne ol eşekler näme diýsene. Özem adama meňzeş. Ýa başymda bir bela barmykan? Eziz allam, abraý bereweri. Abraýymy alandan, janymy al, alla jan...» Ol enesi Togta ejäniň sözlerini gaýtalanyny özem duýman galdy. Ýogsa öňler enesiniň juda köp gaýtalaýan şu sözleriniň manysy bardyram öýtmezdi. Kiçijik mahalam: – Ene, abraý näme? – diýerdi. – Enesem: – «Abraý, gyzym, bir guýgruksyz geçidir. Gaty bek tutmasaň gaçar gidibir» diýerdi. Ol ulugyz wagtam, häzirem abraýa belli bir baha kesip, ol şeýle eken, ol beýle eken diýip biljek däldi. Ýöne bir zady welin bilýärdi. Diliňe, eliňe, aýagyňa, köňlüňe, teniňe juda berk bolmalydygyny bilýärdi. Abraý bolsa şol bolmalydy. Mamasy enesi bilen otyrka, Ogulnyýazyň ýaňy göze görnen wagty bir hekaýat aýdyp beripdi. Ol hekaýatyň öňi onuň ýadynda galmandy. Ýöne ýadynda galan ýerem bir ömre sapak boljakdy. ...Bir oglan bir bagbanyň bagyndaky almanyň miwesiniň suw bilen akyp gidenini görýär-de, suwdan akyp gelýän almany alyp, ondan bir dişleýär. Soň iliň almasyny rugsatsyz dişlänine gaty utanyp, yzlaý-yzlaý almanyň eýesi, bagbany tapýar. Günämi öt, bagban aga, pylan ýerde güzerde suw içip otyrkam bir alma akyp geldi. Görsem, bir owadan, enaýy alma. Duýmankam dişläýipdirin. Soň aklyma geldim. «Ekmedim, azabyny çekmedim. Ekenden, azabyny çekenden rugsat almadym. Sen ýok, men ýok, aldym-da agyz salyberdim. Bu bir şeýtanyň raýyna gitmek dälmi?» diýip oýlandym. Ine-de başymy etegime salyp geldim. Tä günämi geçýänçäňiz men siziň hyzmatkäriňiz, işigiňizde guluňyz bolaryn. Öldürseňizem, ine, gara başym... Bagban oýa batypdyr-da birden başyny göteripdir. – Ogul, agyr günä edipsiňiz. Men ony nädip geçeýin! – Agam!.. – Men günäňi ýeke ýagdaýda geçip bilerin. Ýigit janyny gerip diňläpdir. – Meniň bir gyzym bar, onuň gözi kör, dili lal, eli ýok, aýagy ýok, şony özüňe aýal edinip alsaň, men seniň günäňi bagyşlaryn... Ýigit şol ýerde, aýak üstünde durup bilmän dyzyny epäýipdir. Ol bagban beýle agyr jeza beräýer öýtmändir. Çünki onuňam umydy bar eken: bir gözel, akylly maşgala alsam, söýsem, durmuş gursam, ogul ýerine oglum, gyz ýerine gyzym bolsa... diýer eken. Ol bir arman çekipdir welin, gözünden bir jübüt ak ýagyş çokaýynyň burnuna patlap gaçypdyr-da, uly zenzele edip ýarylydyr. Bagban muny görse-de görmezlige salypdyr. Ýöne şertinden dänmändir, öýüni salgy berip, bagyna bakan gidiberipdir. «Eý, allam, men dünýä inelim bäri saňa sygynyp, abraý diläp geldim-ä. Bu alma-da başyma bela boldy. Indi meniň görjegim şu günlermi. Wah, edeniňe müňdebir şükür, jan allam, özüň gowusyny et-dä» diýip, külbä bakan gidiberipdir. Işikden ähim-ühüm edip içeri giripdir. Görse, «aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar» bir gyz keşde gaýap otyr. Onuň görki, saçlary, sülük barmaklary, owadan didary älem şalarynyň köşgüne mynasypmyşyn. Ýigit ýaýdanypdyr. «Gel, şu gyzdan hälki maşgalanyň nirededigini soraýyn-la» diýipdir. – Essalowmaleýkim, uýam! Gyz salam alypdyr. – Uýam, meni bagban aga iberdi. Onuň gözi ýok, dili lal, eli, aýagy ýok bir maşgalasy bolmaly. Şony göräýjekdim. Gyz gabagynam galdyrman, juda näzik, dillije kümüş düwmejigiň saýraýşy ýaly dillenipdir. – Şol-a men bolmaly! Ýigit sesini çykarman, yzyna, bagbanyň ýanyna gidipdir. Bagban baglaryna timar berip ýören eken. – Bagban aga! Goja bagban ýigidiň ak tam bolan ýüzüne garap durşundan onuň halyny aňypdyr. – Hä, ogul! – Agam, men-ä hiç zada düşünmedim. Dili ýok, gözi ýok, diýdiňiz. Eli-aýagy ýok diýdiňiz... Ol bolsa... Goja bagban bir salym işini goýupdyr. – Hawa, ogul, bu maşgalanyň gözi ýok, ol görmesiz zady gören däldir, dili ýokdyr, diýmesiz zady diýen däldir, gulagy ýokdur, eşitmesiz zady eşiden däldir, eli ýokdur, tutmasyz zady tutan däldir, aýagy ýokdur, basmasyz ýere basan däldir... Ol şeý diýipdir-de işi bilen boluberipdir.... Mamasynyň şol rowaýaty gyzyň ýadyndan çykmandy. Çünki mamasy ol rowaýaty öz mamasyndan eşidip, öz gyzlarynam rowaýatdaky ýaly dilsiz, agyzsyz, gulagy «ker», «elsiz», «aýaksyz» edip terbiýeläpdi. Ogulnyýaz öz ejesiniň ýa bir bolgusyz gep aýdanyny, ýa birine käýýänini, ýa bir ýeňil-agyr gopanyny, toý-ýas bolaýmasa «pylan ýere görnüp geljek» diýip sallanyp, gyzyl-çog bolup gidişini, ýa, şammy-şammy edip, gep edip oturanyny gören adam däldi. Gaýynenesine: – Daýza! – diýer oňaýardy. Soňam etjek işi bilen bolubererdi. Men ony eýle edeýinem diýmez, beýle etmäýinem diýmez. Gaýynenesi başyny galdyrsa, şonuň gözüniň alynda eder, eýlär. Öýe bir del myhman-mediwan geldigem «Daýza» diýer-de, düşek ýazar, biş-düşüň ugruna çykar. Goňşy-golam ýumuş ýa bir habar bilen gelende-de gaýynenesini öňe tutar. Ýedi çaganyň enesi bolup «şu öý meniňki, şu zat meniňki» diýen ýeri ýokdur. Ýöne gijesi-gündizi bolmaz, saçyny sübse edip, içeriniň ody bilen girip, kül bilen çykyp ýörendir. Dogrusy, Togta eje şu gelni öýe gireli bäri öz ýüzüne dikanlap garan, ýa-da sözüni, «bolmaz» gepini ulanan ýerini bilenokdy. Adamsy Amangeldi bilenem bälçireşip, ýa-da gepleşip oturanyny gören ýeri ýokdur. Asyl Amangeldiniň özem şu gelninden «bor», «daýzam bilmese», «özüň bilmeseň» diýen sözden başga gepi eşiden ýeri ýokdur. – A gyz, seniň gelniň-ä mal ýaly, ne gepi bilýär, ne gürrüňi – diýip, käbir diliduzly gelinler Togta ejä degýärdiler. Togta eje-de bu söze kän bir agyp, dönüp duranokdy. – Kimiň kimdigini beýik Taňrym biler! – diýer-de goýar. Dogrudanam, ol käte öz ýanyndan gelnine igenmänem durmazdy. «Ha, gyz, gaty beýle birem bolmaly däl-ä. Halys dymmala-gyz. Käte bir derdiňi dertleşse boljag-a» diýerdi. Gaýyn-gelin bolup, äbede-jüje, gülşüp-degşip oturanlara käte gözem gitmän durmazdy. Emma ýamany görüp müňde bir şükür ederdi. Ogulnyýaz ejesindenem artygrak bolup ýetişdi. Ol dillijedi. Käte: – Ene, mamamyň aýdyp beren rowaýatyndaky gyz nädip beýle gezip bilipdir – diýerdi. Togta eje igine bat bererdi-de, ýylgyrardy. Soňam: – Bar, ejeňden sora. Ejeňem şonuň ýaly gyzdyr – diýerdi. Ol ejesindenem sorardy. Ejesi bolsa: – Bilmedim – diýer ýylgyraýardy. Bir sapar ol enesiniň goňşy aýaly: – Wah, Enebaýyň öýi öwlüýädir. Onuň öýünden çykan maşgalanyň egninde perişde oturandyr – diýenini eşitdi. Enebaý – mamasydy. Enesiniň mamasy baradaky gürrüňi oňa hoş ýakdy. Onuň, özleriniň öýünde-de perişdäniň barlygyna, şol öýden perişdäni ürküzmezlik üçin nähili päkize, nähili yhlasly, ynsaply bolmalydygyna düşündi. Ol hemişe ýörände-de, sözlände-de, arzuw edende-de, iýip-içende-de maksady şol perişdäni ürküzmezlikdi. Çünki şu öýdäki dört gyzyň dördüsem, şol perişdeden alyp, barjak içerilerine perişdeli barmaly diýip pikir edýärdi. Öýde, mekdepde, obada Ogulnyýazyň bolar-bolgusyz sözlänini, hikirdäp duranyny gören-bilen ýokdy. – Bu gyzym asyllylykda ejesine taý boldy – diýip, Togta eje, nowbahar agtygyna göwni ýetip aýdardy. Dogry, ejesi birneme sadarakdan sypaýy görünýärdi. Emma Ogulnyýaz çusdy. Onuň gözünden, gabagyndan nur damyp durdy. Uzyn boýy, peri gaşy, badam gabaklary enäniň-atanyň mährini inderýärdi. Onsoň Togta eje bu agtygyny alada etmegem bir dertdi. Oňa dagdan dakar, doga dakar, göz monjugyny dakar. Ahyram: – Wah, balam allam ak ýüz-ä beripdir, ak bagtam bersin-de – diýerdi. Ogulnyýaz bu içerä perişde bilen bile gelipdi. Ol ömründe, jigileri bolaýmasa, erkek adamyň ýüzüne dikanlan gyz däldi. Ilkinji sapar, uly gyz bolup, diňe Merdanyň suratdaky keşbine garady. Ol keşbem, hudaý tarapyn, ýüregine nagyş bolupdy. Ol soňam başga bir kişiniň ýüzüne gararly däldi. Daýzasy Merdan üçin gudaçylyga baranda-da enesine, «özüňiz bilersiňiz» diýdi. – Merdan janmy, ýigidiň gülüdir. Meskewany okap gelen çagadyr. Aşgabadyň ähli gyzy yzynda. Öz-ä däl, suraty on ogla degýändnr – diýip, daýzasy içerä ýaň salyp gürläpdi. Ol gürrüňler Ogulnyýazyň gulagyndan süzlüp, ýüregine dökülýärdi. Onuň Merdana bolan höwesiniň üstüne ot guýýardy. Merdanyň, dogrudanam, suraty on oglana degýärdi. Özi welin... Daýzasy «elimiň ähli kiri gyz galyňyna gitdi. Donumyň işligi ýuka» diýen bahana bilen, uly toýam tutmady. Oba-goňşy gelnalyjy gelende üýşdi, soňam çaşdy. Diňe gijäniň bir wagtyna çenli goňşy otagda erkek adamlaryň şowhuny ýatmady. – Merdan jan üçin! Merdan daňa golaý gelipdi. Onuň ýüzi-gözi çişdi. Özem juda öýkelidi. Kimdir birine gahar edýän ýaly, tarsa turup, penjireden daşary garaýardy. Içini çekýärdi. Nika gyýlyp, gyz-oglan bir içerä salnansoň, nähili bolýanyny bilmese-de, Ogulnyýaz ünjä galdy. Ol başyndaky kürtäni aýryp, şaýly tahýasy bilen otyrdy. Soňabaka ony howsalaly ünji basmarlady. Iki dyzyny gujaklap, başyny dyzyna goýup irkildi. – Çaý içermiň? – diýip, oglana habar gatybam gördi. Emma oglanyň bir bolşudy. Ol edil bir ýat ýerde, çagasy galan hamrak ene ýaly, daşary howlugýardy. – Net, sama peý! – diýip, ne ýüz bilen habar gatan gyzyň sözüni, onuň öz üstüne taşlap goýberdi. Şonda Ogulnyýazy horluk basypdy. Ýöne syr bildirmedi. Enesi: – Oglana göräräk bolgun. Şerraýsyrap durmagyn – diýensoň aýdypdy ol sözi. Gyz bu ýigidi indi gaty köp ýyllar bäri görmändi. Dogry, sekiz-dokuz ýaşlarynda ol ejesi bilen tomus Köşä barypdy. Şonda oňa baý buýsanypdylar-a. – Ministriň oglumyş-da diýip, goňşy gyzlar oňa göwnüýetmezçilik bilen garapdylar. – Beýle uly adamyň ogly bolýan bolsa, barsyn, oglunyň balagyny oňarsyn. Kelte balak bilen, utanman oba-da gelýär. Wiý-jik!.. Dogrudanam, gyzlaryň özem ep-eslije bolan oglanyň şortili oba gelmegini birhili görüpdiler. Emma ulular sesini çykarmansoň, olar hem ylalaşmaly bolupdy. Ýogsa, her kim garyndaşynyň kemsiz-kössüz bolanyny isleýär-ä. Şonda Merdan obanyň ähli çagasyny aňk edipdi: obada çagalar pioneriň kasamynyň nämediginem bilenokdylar. Emma ol şol kasamy rusça, türkmençe ýatdan suw içen ýaly bilýärdi. Gaty kän goşgyny, sakynman, ýatdan aýdýardy. Duran ýerinde aşyr atyp, ýene-de aýak üstünde durup bilýärdi. Çilimi, hakyt, demine sorup bilýärdi. Ine, şonda Ogulla-da agzyna tas çilim alypdy-da. Ogulnyýaz ýylgyrdy. Ogulla ony şeýle gowy görýär-ä. – Menden şol çilimkeşe salam aýt. Maňa çilim ibersin – diýipdi, ertir gelnalyjy gelmeli gijesem, «Ah, Ogulla jan, bu oglana bir döw-ä çalypdyr. Ol suratdaky, her, ala gözüne bir gyz bermeli, kirpiklerine müň janyň bolsa, ählisini bermeli, nurana ýigide meňzemeýär-ä ol indi...». Ogulnyýaz daňyň ak boýagyna ah çekip bir oturyp, bir turup duran ýigitden suratdaky alamatlary agtardy. Kelle, burun, agyz şoldy. Ýöne ýüz garrapdyr, dişler könelipdir. Gözler bolsa çöküp galyldyr. Ol gözler indi başga gözlerdi. Telim-telim ulygyzy özüne sadaka eden gözler däldi indi olar. – Merdan, saňa näme bolýar? – diýip, gyz ýene-de durumsyzlyk bilen ýigide habar gatdy. – Ýaraňokmy? Ýigit ütük-ütük saçlaryny silkeledi. – Ýok, iş bar. Kyn iş. Soň aýdaryn. Sen bespakoit etme. Il örendenem, ol sapandan sypan ýaly bolup çykyp gitdi. Özem, ýalandan, çyndan hiç zat aýtmady. Ogulnyýaz agyr oýa batdy. «Muňa näme bolýarkan? Daýzam-a gül ýaly – diýip, ýerde-gökde goýanokdy. Özi Moskwada uly okuwy okan bolsa, nirede işleýärkä? Daýzam şon-a aýtmandy. Wiý, aýdypd-a. «Dogtorlar: «Okap-okap kelläňe kän agram düşüpdir. Az-kem dynç al» diýdiler. Saglygyny bejerdýär» diýd-ä. Ýa keselhanada ýatyp, maňa-da aýtmaga çekinip, irden däri-dermanyny almaga howlukdymyka?». Aknabat gelneje, ýigit daş çykandan kän wagt geçmänkä içeri girdi. Ol dyzyna söýenip irkilip oturan gyzy görüp haýran galdy. – Näme, düşege geçmediňmi? – Ýok. – Hä? – Merdan geçmänsoň... – Ol ýanyňa girmedemmi? Ogulnyýaz näme diýjeginem bilmedi-de ýöne başyny yraýdy. Belki, onam etmezdi, ýöne oňa gaty seresap bolmalydyny, päk gyzlaryňam ýeke sözde betbagt bolup galýandygyny duýdurypdylar. – Ýok, gelneje! Aknabat hasyrdanyp çykyp gitdi. – A gyz, ýigidiň-ä bu gije boş çykypdyr. – Wah, haram meýit, nirede şol! – Gitd-ä. – Ah, haramzada, bar ýalbaranym puç boldy, giden bolsa. Ýazawa aýdyň, göre girse-de tapyp getirsin, haram meýdi. Ogulnyýaz daşky jaýdaky gep-gürrüňden haýykdy. «Ol nirä gidýärkä? Ony näme üçin ýalbar-ýakar edip getirýärlerkä? Ýa onuň öýi, nikaly aýaly barmyka? Onda näme üçin maňa öýlendikä?». Aknabat gargyna-gargyna düşekleri ýygnaşdyrdy. Soň çaý-çörek getirişdirdi. Gyzyň eline suw akytdy. – Gel, çaý iç. Ogulnyýazyň çaý ýadyna düşer ýaly däldi. Merdan indi onuň özüniňkidi. Älemiň ýüzünde saýlap-seçen ýalňyzydy. Olam alasarmyk gepleriň kötegi bolýan bolsa... – Gelneje, Merdan nirä gidipdir? – Waý, aýtmadylarmy saňa?! Aknabat ýumrugyny agzyna ýetirdi. Ogulnyýaz başyny ýaýkady. – Jan dogan, men aýtdy diýme. Ol, ol bar-a. Men saňa nädip aýtsamkam, içegen. Alkaş-da. Ho-ol, köçede ýatyp-turup ýören içegenlere goşulyp gidipdir. Ýazow kakaň ony şäheriň bir ýerlerinden tapyp, düýn hammama eltip, itiň gününi gördi. Gelniň bilen bol, soň öýden çykman bir ýyl içseňem, aragyň menden» diýdi. «Sen ýöne aýbymyzy açma» diýdi. Haram, eşek, niçesini bir pul edip gidipdir. | |
|
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |