23:08 Gyzyma ýazdym | |
GYZYMA ÝAZDYM
Publisistika
Jogabyny gözleýän soragymyz şu: ABŞ-Günbatar Päkistanyñ premýer-ministri Imran Hany nämüçin häkimiýetden çetleşdirdi? Ýogsam bolmasa ABŞ-Günbatar üçin hemme zat gowy başlapdy: Bergi krizisini kabul edip alan we maliýe boşlugyny doldurmak islän Imran Han IMF bilen tegelek stolyñ başyna geçdi. Yzyndan Bütindünýä banky ara sokuldy. Kemer gysma býužeti mälim edildi. Parani-rupiýanyñ hümmeti gaçyryldy. Salgytlar köpeldildi. Edara-kärhanalaryñ işgärleriniñ sany kemeldildi. Edara-kärhanalarda üýtgeşmeler geçirildi we ş.m. Şol ikiarada... Financial Action Task Force (FATF - Группа разработки финансовых мер борьбы с отмыванием денег) Päkistany ýaşyl sanawa aldy, terrorizmiñ maliýe hemaýatkäri baradaky kanunlaryna üýtgeşmeleri girizmek üçin birtopar işleri geçirmäge mejbur etdi. Imran Han islenilen 27 maddanyñ 24-siniñ kanunyny çykardy. Hafiz Saidiñ liderligindäki "Jemaat-ul Dawa" gadagan edildi. BMG-nyñ terrorçylar sanawyndaky Hafiz Said tussag edildi we ş.m. Düýp mesele bular däldi. Jogap üçin Päkistanyñ ykdysady taryhyna gysgaça göz aýlamak gerek. Özem onuñ Türkiýe bilen meñzeşligine haýran galarsyñyz. Men Päkistany ýazaýyn, siz Türkiýäniñ gelejegine çyra tutuñ! • DIÑE ÝIGRIMI IKI MAŞGALA Ençeme ýyllaryñ dowamynda eksplutatirlenen we 1947-nji ýylda garaşsyzlygyny alan Päkistanyñ ykdysadyýeti umuman alanda ABŞ-Günbatar tarapyndan şekillendirildi. Ilkinji awtoulag we sement önümçiligi ýola goýuldy. Bularyñ maliýe üpjünçiligi we ýarag importy üçin ýurt daşarky bergilere garaşly ýagdaýa getirildi. Diñe 22 maşgala senagat pudagynyñ 66%-ne, bank ugrunyñ 87%-ne gözegçilik etmäge başlady. Welaýatlaryñ arasyndaky deñsizlik artdy - Gündogar Pakistan uçursyz garyplaşdy. ABŞ-dan gelen pullar 1973-nji ýylyñ nebit krizisi bilen peselensoñ, Päkistanyñ ykdysadyýetinde bolup geçen adatdan daşarylyk täze lideri häkimiýete getirdi: Zülfikar Ali Bhutto. Halk partiýasy adam başyna düşýän girdeji paýlanşygyndaky adalatsyzlygy ýok etmek üçin millileşdirme-sosialistik ykdysady syýasaty durmuşa geçirdi. Banklar, ätiýaçlandyryş şereketleri, bilim edaralary, agyr maşyn-gurluşyk, himiýa senagaty, elektrik industriýasy döwletiñ eýeçiligine geçirildi. Ýadro maksatnamasy işlenip düzüldi. Halk partiýasy 1977-nji ýylda harby döwlet agdarlyşygy arkaly häkimiýetden gyrakladyldy, Bhutto ölüm jezasy berildi! Bizdäki "12-nji sentýabr agdarlyşygy" ýaly agdarlyşygy bilen neoliberalizm syýasaty durmuşa geçirildi, hususy eýeçilige geçildi we ş.m. (Hususy eýeçilige geçilişi we ýurduñ iñ baýlaryndan Manşa maşgalasy ýaly päkistanly "oligarhlar" hakda Günbatar metbugaty birem ýazmaýar!) Päkistanda segseninji ýyllaryñ ykdysadyýetindäki otnositel gowylaşma togsanynjy ýyllarda krizise öwrüldi. Garyplyk 18%-den 34%-e galdy. Işsizlik dolup-daşdy... Yzyndan... Häkimiýete gelen "sagçy" Nawaz Şarif, "çepçi" Benazir Bhutto neoliberalizm syýasatyny dowam etdirdi. Päkistanda syýasat ideologiýanyñ däl-de, şahslaryñ üstünden dowam etdi durdy... 1999-njy ýylda Perwez Müşerrefiñ ýolbaşçylygynda ýene harby döwlet agdarlyşygy bolup geçdi. Agdarlyşygyñ ykdysady tutarygy şudy: agyr içerki we daşatky bergiler, çakdanaşa maliýe boşlugy, barha artýan garyplyk-işsizlik we korrupsiýa… • BHUTTO we ŞERIF MAŞGALASY Müşerrefiñ döwlet agdarlyşygyndan soñra ýene Halk partiýasy (Benazir Bhuttonyñ adamsy mülkdar "çepçi" Asyf Ali Zerdari) häkimiýete geldi. Soñra korrupsiýanyñ çempiony "sagçy" "Musulman bileleşigi" (Nawaz Şarifiñ partiýasy) üçünji gezek häkimiýet başyna geldi. Häkimiýete gelen IMF bilen tegelek stolyñ başyna geçdi. Alynan pullary jübä urup, bergileri halkyñ üstüne atdylar. Ýazyp oturmagymyñ hajaty ýok; IMF bilen el gysyşylanda "Standart & Poor's" we "Moody's Corporation" ýaly halkara kredit degerlendirme kompaniýalary Päkistanyñ ykdysadyýetiniñ "ösüş ýolundadygyny" aýtdy! "Economist", "Forbes", "Reuters", "Bloomberg News" Päkistanyñ ykdysadyýetiniñ Aziýanyñ ýyldyzy bolmaga tarap ynamly öñe barýandygyny ýazdy. Her döwürde bolşy ýaly bu döwürde-de (2002-2011) ýyllarda) ABŞ-dan alynan 18 milliard dollaryñ 70%-i öñ alynan bergileriñ prosentine gitdi! Galanyny syýasatçylar paýlaşdy! (Pakistan häzirem bergilerine ýylda 6 milliard dollar geçirýär.) Günbatar metbugaty "Pakistan uçdy, göterildi" diýse-de, Imran Hanam premýer-ministr bolan badyna IMF bilen gepleşikleri geçirmäge mejbur boldy! Eýsem: "Çepçi" agtyk Bilawel Bhutto Zerdari we "sagçy" gyz Merýem Şerifiñ bileleşen "demokratik hereketi" Imran Hany näme sebäpli agdardy? Birnäçe ýyl öñ ogly bilen birlikde korrupsiýada aýyplanyp jogapkärçilige çekilen Nawaz Şarifiñ inisi Şahbaz Şarif nädip premýer-ministr boldy? Ali Bhuttonyñ döwlet eýeçiligine geçirme syýasatynyñ netijesinde maşgalasynyñ emlägi - "Ittifak Holding"-iñ döwletiñ hasanyna geçirilendigi üçin syýasata giren Şarif maşgalasy şonça korrupsiýalara garamazdan nädip gaýtadan häkimiýete getirildi? Şu gün gyzyma ýazanymy gelinim düşüner diýip umyt edýärin! Şu ikiarada ýene... Imran Hanyñ nämüçin agdarylandygy sowalynyñ jogaby ýene ertire galdy. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |