18:08 Hakyň didary -3/ romanyň dowamy | |
5.
Romanlar
Gulýa Jumaýewna işiginiň agzynda maşynyndan düşüp, öýüne bakan ugranda, gapdalda duran adamy saýgardy. – Weý, Atabaý, näme garaňkyda paçak alyp gaçjak oglan ýaly, köwejekläp dursuň – diýdi. Garaňkyda duran adam oňa golaý bardy. – Gulýa Jumaýewna, kiçi oglum ýokarky Ýomut aganyň gyzyny alyp gaçyp geldi. Ol gyzyň on altysam dolmandyr. – Yzyna äkidiň. – Beý, diýme, dogan. Şony on sekiziň içine bir giriz. Gadyryňy bilerin. – Gymmat bolar. – Müň manat pul bilen bir öküzçe, ene süýdünden halal. – Onyň bolar. Ertir oba Sowete getir. – Aý, ýaşa. Ol aýal içeri ýönelende ýene bir adam öňüni gabsalady. – Meret aga. – Annagül, gurgunmyň? – Şükür. Ol Annagüle düwünçek uzatdy. – Gullukdan gelen oglum bar. Şoňa bir mellek gaýrat et. – Başlyk näme diýýär. – Olam seni salgy berýär. Gulýa Jumaýewna düwünçegi saldarlap durşuna: – Munyň näçe? – diýdi. – Bäş ýüz manat. Näme, nyrh-da. Mellegi bir alaly. Özüm gadyryňy bilerin. – Ertir arzaňy getir. Emin ejesinem, onuň gürrüňinem görüp, eşidip ýatyrdy. Gije sowap başlady/ oglanyň böwründen syzlap akýan gan ýere siňmän, sowap, buz ýaly bolup, Eminiň süňňüni galpyldadýardy. Oglan gyzgynyna pyçagy böwründen çykarsa-da, gany saklap bilmedi. Ganyň akymy kem-kemden oglanyň ysgynynam ýere dökdi. Indi Emin görüp, eşitse-de, gepläp biljek däldi. Sowuk öňem janyňy alyp barýan agyryny agraldýardy. Agyry sowuk bilen gatyşyp, garnyň ýüzünden gasyga tarap, soňam butlaryň iç ýüzüne akýardy. Çydar ýaly däldi. Emin çydaman iňledi-de hor dyzlary bilen garnyny gysdy. Soňam ak tümlüge eňterilip gitdi... Gulýa Jumaýewna garaňky eýwanyň çyrasynam ýakman, içeri kürsäp urdy. Onuň gözi törde çäşerilip, bagryny ýassyga berip ýatan adamsyna düşdi. – Juma, sen öýdemiň? Jumagurt aga gözýaşa gark bolan ýüzüni äpet penjesi bilen süpürdi-de, serhoş başyny galdyrdy. – Juma! – Bela! – diýip, zowzanaklap duran aýalyň üstüne serhoş ses eňterilip gitdi. – Näme? Näme? – Gulýa Jumaýewna adamsy pul alanyny aňandyr öýtdi. – Näme boldy? Jumagurt aga tirsegine galdy. – Sen, ganjyk heleý, baryna sen günäkär. «Ýeke ogul, keselbent» diýip, ol çöpdüýbüni depäňe çykardyň. Ine, onuň edeni, ine. Gör, sen, ganjyk... Serhoş äriniň bu sözüne bu aýalyň haýaty uçdy. – Näme boldy? Hany Emin. Sen oňa näme etdiň? Jumagurt aga özüni saklap bilmän ýassyga ýykyldy-da bazzyk-buzzuk samrady. Onuň sesi agylydy. – Ak saňlyny böwründen sok. Öldür-se-em, içim sowamaz. Ak saplyny, böwründen... Öld... Ol eňredi. Serhoş sesi bilen eňredi. Äpet penjelerini ýere gütüledip urdy. – Ak saplyny... Öldürüp... Içim, içim so... Gulýa Jumaýewna atylyp daş çykdy. Ol Eminiň atagynyň çyrasyny ýakdy. – Emin! Emin! Emin erbet iňledi. Gulýa Jumaýewna tasanyp daş çykdy. Eýwanyň öňündäki sekiniň daşyndan aýlandy. Nämedir bir zada büdüredi. Emin erbet iňledi. Gulýa Jumaýewna Eminiň sesini tanady. Onuň ýarty göwresi sekiniň aşagyndady. Ol çirkin wägirip, özüni oňlunyň üstüne zyňdy. – Balam, balam. – Onuň eli sowuk gana degdi. Emin durşuna gan bolup, titiräp ýatyrdy. – Wa-aý-e-e-eý, ýetişiň-eý. Ýeke bala gitdi-le-eý, doganlar-eý. Ýakyn goňşular salymyny bermän ýetişip geldiler. Şol bada «Tiz kömege», milisiýa jaň etdiler. Şol arada Gulýa Jumaýewna kürsäp içeri girdi-de serhoş halda çäşerilip ýatan adamsynyň böwrüne depdi. – Maksadyňa ýetdiň. Ýeke perzendimi öz eliň bilen dyndardyň. Hudaýym, tohumyň tükensin. Saňa sataşan günüme nälet... Jumagurt aga sämäp duran agyr kellesini zordan göterdi-de, goçak gözlerini düşüniksiz agdardy. – Näm-ow, näm-aý. Maňa degme. Degmeda-aý... – diýip, aňyrsyna gapgaryldy. Gulýa Jumaýewnanyň waý çekýän sesi «Tiz kömek» bilen keselhana çenli gitdi. Emini alty sagatlap operasiýa etdiler. – Hapa pyçak şindem gapyrga degip, typyp aşgazan asty mäziň ujuny, öýkeniň jähegini, böwregiň daşky örtügini kesip gidipdir. Hälem, çöregiňiz bitin eken. Ýürekden sowa geçipdir – diýip, operasiýa eden oglan ýagdaýy aýtdy. – Balamyň ömrüne bir umyt barmy, Gadam jan. – Aý, howa-la, ýaş beden, derrew biter. on-on dört günde öýe gaýdar ýaly ederis, daýza. – Wah, diliňe döneýin, dogtor, şeýdiýeweri. Emin keselhanada eýýäm dördünji gün az-owlak iýip-içip ugrady. Oňa towuk çorbasy bilen gatyk berýärdiler. Oglanjyk berhizlidi. Oňa nahary keselhananyň golaýyndaky garyndaşlary getirýärdi. Gulýa Jumaýewna işini, pişesini taşlap, oglunyň ýanynda bolýardy. Jumagurt aga keselhana gara berenokdy. Emin başyny galdyransoň, raýon prokroturasynyň sülçisi, onuň ýanyna gatnap ugrady. Sülçi Gulýa Jumaýewnany otagyndan çykaryp, soraga başlady. Ol bir topar kagyza ýazgy edip, esasy meselä geçdi. – Hawa, malyş, hany bolan wakany gürrüň ber hany – Ol bir topbak kagyzy eline alyp taýýar bolup otyrdy. – Üýtgeşik bolan zat ýok. Mekdepden gelip çaý-çöregimi iýdim. Ertirki sapaklaryma taýýarlandym. – Öýde kim bardy, senden başga? – Bir özümdim. – Onsoň? – Öýde bir özümdim. Sapaklaryma taýýarlanýançam garaňky düşüpdir. Soň biri gelen ýaly boldy. gapyny açyp seretsem, kakam gelipdir. – Kakaň seni görüp näme diýdi? – Hiç zat diýmedi. Bir zatlar diýdi. Men aňşyrmadym. Sebäbi men şol wagt öýde dzýu-do oýnuny kitapdan okap, türgenleşýärdim. Soň daş çykyp, türgenleşip başladym. – Eýwanyň yşygyny ýakdyňmy? – Ýok. – Näme üçin? – Kakam ol oýna türgenleşenimi halanok. Görse, käýeýär. Şonuň üçin hemişe garaňkyda türgenleýän. – Soňra? – Soňra ýadap, sekiniň üstünde oturdym. Şonda elime gaty zat ildi. Seretsem, pyçak. Goýun öldürilende, ýatdan çykyp ýygnalmandyr. – Soňra? – Soňra pyçak bilen türgenleşesim geldi. Pyçagy bäş-alty sapar diwara zyňdym. Soňra pyçakdan goranjak bolup türgenleşip başladym. Duşman pyçagy maňa sünçdi. – Haýsy duşman? – Hyýaly. Öz hyýalymdaky duşman. Men yza çekilmek üçin bökmekçi boldum. Emma aýagym çilşidi-de pyçagyň üstüne ýykyldym. Pyçak garnyma sünjülende gaty gordum-da, gapdalyma öwrüljek boldum. Pyçak berk ornap, özümden gitdim. Soň keselhanada özüme geldim. – Ýykylanyňy hiç kim görmedimi? – Bilemok. – Kakaň sesiňe daş çykmadymy? – Menden beýle bir sesem çykmady. – Näme üçin? – Agyry janymy alyp barýardy. Diňe iňledim – Saňa gahar eden, seniň gahar edýäniň, göwnüňe degen barmy? – Ýok. – Pyçakda başga-da barmak yzlary bar. Olar kimler. – Bilemok. Gapyda, sekiniň üstünde ýatan pyçak-da. Sülçi kagyzlaryny ýygnap başlady. – Başga aýtjak zadyň barmy? Emin başyny ýaýkady. – Bar bolan zat-da. Başga kim bolsun. Diňe özüm günäkär. Indikide beýle etmen. Işigiň daşyndan oglunyň sülçä beren jogabyny eşiden Gulýa Jumaýewnanyň egniniň agyr ýüki zym-zyýat boldy. Ol bu işi serhoş bolan adamsy gaharyna edendir öýdüp ynanypdy. Şol günden bäri adamsyndan aýrylyşmak oňa ýowuz jeza berdirmek barada oýlanýardy. Onuň ikinji gorkýan zady, adamsyna sud bolsa, aýrylyşsa gül ýaly, saýlawly işindenem gyrakladyljakdy. Durşuna düşewünt, abraý, maşyn «Gulýa Jumaýewna – jan!» bolup duran işiniň elinden gitmegi oňa ölümden agyr degjekdi. – Asyl, bary çaga oýny bolsa nätjek! – Ol kürsäp içeri girdi-de sülçiniň garşysynda ep-esli oturyp, ysgynyny ýitiren, indem düşekde halsyz ýatan ogluny gujaklady. – Balajygym. Sen ýat. Men öýe baryp, öýden, kakaňdan baş çekip geleýin. Saňa teýlije nahar bişirip getirdeýin, bormy! Emin baş atdy. – Bor. Men ýatjak. Ejesi aýagy ýere degmän uçup-gonup, çykyp gidenden soň, Emin arkan öwrüldi. Ol ýene-de aglap başlady. Oglanjyk ölmän galanyna gaty gynanýardy. – Utanç. Ýaşasym gelenok. Ýok, ýaşasym gelenok. Mekdepdäki ýagdaý, gazetdäki ýalan habar, Merkezden gelen alymlaryň näleti, kakasynyň gargyşy, Çendiriň zulmy, ejesiniň ikiýüzliligi bu hapa zatlar oglanjygyň näzik dünýäsini lerzana getirdi. – Men näme etdim? Meniň näme günäm bar? Näme üçin maňa degýäňiz? Men hiç zat edemok. Edemok, edemok Allajan. Bular hapa, görenok. Sen näme üçin meni göreňok. Sen näme üçin olara «Emin bigünä!» diýip aýdaňok, Alla jan! Ýa sen ýokmy? Sen maňa öz didaryňy görkez, görkez, görkez. Men seniň barlygyňa ynanaýyn. Men seni görüp köşeşeýin. Eziz Allam. Ýogsa meniň ýaşasym gelenok. Ähli adam, tutuş adamzat, tutuş dünýä peýdanyň, puluň, baýlygyň gözlegindekä, bu köneje, hapa keselhananyň puržuny süýnüp giden krowatynda halsyz ýatan oglanjygyň bir özüniň Hakyň didaryny gözläp zaryn sesi, dury gözýaşlar juda ejiz görünýärdi. Onuň gözlegine, onuň zaryna goşuljak, bu etraplarda ýokdy. Adamlaryň güzeran derdi özlerine ýetikdi. Sülçi bilen gepleşmegi, zarynlap aglamagy, Hudaýy çagyrmagy Eminiň ýüregini giňelden ýaly boldy. ol özüne gelip başlady. Duýgusy, pikiri berkäp, agyry kemelip başlady. Ol ýatyrdy. Lukmanlar gelip, sanjym edip gidýärdiler. Emma Emin ony duýanokdy. Ol häzir Hakyň didaryna gowuşmasa-da öz pikir, duýgusyny, ruhyny Allahy bir syr bilen tapyşdyran ýalydy. Onuň pikiri, duýgusy barha durlanýardy. – Ölmek bolmaz. Toba etsagpyralla, toba etsagpyralla, toba etsagpyralla. Eden günämi bagyşla Biribar. Ol özüne tyç çekmegine puşman etdi. – Beýle etmeli däl ekenim. Meni şeýtan oýnapdyr. Ol bu pikirine begendi. Ýatan ýerinden turup, düşegini düzedip, ýygnady. Eşigini, ýüzüni ýuwdy. Çaýly termosa, tumboçkanyň üstünde üýşüp duran iýmek-içmek zatlara seretdi. Azajyk şeker goşup, gyzgynjak çaý içse, süňňüne gurbat geläýjek ýaly boldy. Emin käsä alyp, keselhananyň daşyndaky krantdan suw alyp geldi. Soň bir bölek ganty, gara, keselhananyň öz beren çöregini suwa batyryp howlukman sorup-sorup iýdi. – Ýaşamaly. Ýöne özüm. Kakamyň şübheli çöregem gerek däl. Ejemiň ili aldap, kast edip, gazanan çöregem. Men iýjek halal çöregimi özüm gazanaryn. Bütin ömrüme guşlar ýaly arassa ýaş bolaryn. Maňa okuwam, mekdebem, şöhratam, baýlygam gerek däl. Nurgeldi aga ýaly arassaja daýhan bolaryn. Hudaýa ýalbararyn. Men Haky taparyn. Men diri wagtym Hakyň didaryny görerin... Oglanjyk köşeşen ýaly boldy. lukman gelin gelip, onuň ýarasyny barlady. – Birinji tikinini aýrarys. Onsoň öýe gaýdarsyň – diýip, lukman gelin ýarany gaýtadan sarap durka, içeri Gulýa Jumaýewna girdi. Ol bagtyýardy. – Gitme-gitme – diýip, ol lukman gelne ýapyşdy. – Gel, nahar iýeli. Soň gidäý. Häzir öýe baryp geldim. Iki sany towugy gowurdym. Bir towugy gaýnatdym. Goňşym çörek bişiren eken. Ondan iki sany gyzgynjak çörek aldym. – Ol lukman gelniň ak haladynyň jüwülerini hozdan, badam maňzyndan doldurdy. – Me, şu naharam özüňjik iýäý. Oglanjyk ejesiniň aýaklarynyň ýere degmän, ýeňiljek pyrlanyp hamraklyk edişine düşünmeýärdi. – Akja köşegim! Ýalňyz bala, gel ejeň seni öz eli bilen naharlasyn. Saňa süýjüje çorba bişirdim. Naryň şerbetini getirdim. Ol stoly oglanjygyň başujyna süýşürdi. Iýer-içer ýaly zatlardan onuň üstüni münderledi. Käsä çorba guýdy. – Gel, oglum, kelläňi galdyr. Emin ejesiniň uzadan çorbasyna emendi. Ýuwaşja towuk çorbasyny owurtlady. Emma... Ol çorbany ýuwdup bilmedi. Aňyrdan gelen sarsgyn ýokary depdi. Oglanjyk zordan el süpürilýän alyp ýetişdi. Baryny, öňki iýenlerinem gaýtardy. Ýene owurtlady. Ol üç sapar synandy. Üçüsinem gaýtardy. Şerbet owurtlady. Onam ýuwdup bilmedi. Ahyry, bolmansoň düşegine gyşardy. – Me, gowrulan towukdan iýjek bol – hany. Emin ejesiniň getiren iýer-içer ýaly zadyndan näme datsa, yzyna pürkülip durdy. Bir salymdan Gulýa Jumaýewna ýene-de ogluny iýdirip, içirjek boldy. bolmady. Ýekeje damja-da ýuwdup bilmedi. Emma keselhananyň öz naharyny welin arkaýyn iýdi. Gulýa Jumaýewna oglunyň işdäsiniň açylanyna begenip, oňa öz getiren naharlaryndan hem dadyrjak boldy. ýene-de hälki ýagdaý gaýtalandy. Gaýta, öňki iýenlerem gaýtdy. Ene gaýga batdy. Onuň ruhy öçdi. – Balam, ýa lukmana aýdaýynmy, ýa garaşalymy? – Garaşaly, eje. Olar garaşdylar. Ertir irden hem şol ýagdaý gaýtalandy. Emma Emin keselhananyň ertirligini işdä bilen iýdi. Gulýa Jumaýewna ynjalanokdy. Ol öýde bişiren naharyny gyzdyryp gelip, oglunyň agzyna bir çemçe tutdurdy. Ýene düýünki ýagdaý. Ahyry Emin ýuwaşja dillendi. – Eje, men şu nahary iýmäýin. – Näme üçin? Gül ýaly nahar. Azap edip, oba gidip, towuk tutup, öldürdip, ütüp, gowrup, gaýnadyp, öz ellerim bilen bişirenje gül ýaly naharym. – Ýok, iýjek däl diýdim, iýjek däl. – Näme, munuň haramy barmy? Emin başyny ýassykdan galdyrdy. – Men seniň, kakamyň öýe getiren zadyny iýjek däl, mundan beýläk. – Näme harammy? – Hawa, haram görýän. Gulýa Jumaýewna naharly tarelkany stoluň üstüne jarkyldadyp goýdy-da, gygyryp başlady... Emin keselhanadan çykyp, öýe gelende, ýazuw stolunyň üstünde ýatan bir petde gazeti gördi. Onuň gözi «Jülgeli näletkerdeden ägä boluň!» diýen makala düşdi. Ýöne okamaga gaýraty ýetmedi. Soň, birsalymdan gazeti eline aldy. «Jülgeli näletkerdeden ägä boluň!» makalada Emin Jumagurdow wejera edilýärdi. Onuň aşgabatly alymlary, çagalaryň söýgüli gazetini aldaýşy, mähriban kakasyna dil ýetirişi,mekdebiň gyzlaryna wejera hatlar ýazyşy, okuwda tilkilik edip, oba adamlaryny aldaýşy şüweleň bilen ýazylandy. Makalanyň ahyrynda näletkerdeden ägä bolmak sargalýardy. Redaksiýa bolsa «Gadyrly çagalar! Hormatly we ezber žurnalist Pirmämmet Gulçaýewiň «Jülgeli näletkerdeden ägä boluň!» Makalasyny Emin Jumagurdowyň etmişlerine nähili garaýarsyňyz. Biz siziň hatlaryňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip ýazypdyr. Beýleki nomerde Ýene şu sözbaşy bardy. «Jülge etrabynda 21 mekdep bar. Bu makala mekdepleriň ählisinde ara alynyp maslahatlaşdylar. Mekdepleriň ählisinde bolan ýygnanşyklarda biziň etrabymyzdan şeýle kezzabyň çykmagyna gynanýandyklaryny aýtdylar. Şol kezzaba nälet bolsun. Etrap bilim bölüminiň müdiri Ekäýew.» Başga bir gazetiň tutuş bir ýüzi bu makala bagyşlanypdy. Onda ellä golaý oglan gyz çykyş edýärdi. «Uruş döwri bolan bolsa, ol Watan dönügi bolardy...» «Ata-babalarymyz doňza öwrülen atany ynjytman saklapdyrlar. Ol eziz kakasyna töhmet atypdyr...» «Ony kommunizm gurluşygyndan çetleşdirmeli...» «Olar ýaly näletsiňeni päkize ahlakly çagalaryň ak mekdebine goýbermeli däl...» «Onuň öýüniň, obasynyň gapdalyna: «Şu ýerde näletkerde Emin ýaşaýar» diýip ýazmaly...» «Dönüge, näletkerdä nälet okarys...» Emin gazeti oklap goýberdi-de düşegine geçdi. Şol wagt içeri giren ejesine: – Gazeti nireden aldyň? – diýdi. Gulýa Jumaýewna saçak ýazyp ýörşüne: – Wah, Çendir jan getirdi. Gulýa daýza, ogluň gelse ýüregi gysmasyn, okasyn diýip gazet getirdim – diýdi. Tüweleme, Çendir jan gül ýaly çaga, tüweleme, iliňkä şeýle bolaýýar. Ejesiniň bu habary Eminiň köne ýarasynyň ýüzüni dyrmalap, oňa duz sepen ýaly boldy. Içeri naharyň ysy kürsäp urdy. Gulýa Jumaýewna bir mejime börek getirdi. Soň azymly gepledi. – Gel, beýdip owjun ýaly buruljyrap ýatma. Birkagyz iý. Emin düşeginden başyny galdyrdy. – Eje. Biz gepleşdig-ä. Men siziň gazanan zadyňyzy iýmen. Gulýa Jumaýewna haýkyryp, aglamjyrap gygyrdy. – Iýme, atimekli ýer çeken. Iýmän geç – Ol tabagy saçakdan göterdi. – Iýmeseň, itiň ýalagyna dökerin. It üçin bişiren ekenim. Ol eli tabakly çykyp gitdi. Soň gapyny daşyndan jarkyldadyp ýapdy. – Sen doglanyňdan soky daş doglan bolsa gowy bordy, ýer çeken... Emin sözünde durdy. ol öýlerinden bir owurt suwam içenokdy. Ol içeýin diýende-de, bokurdagyndan geçenokdy. Şonuň üçin onuň özi ýabyň boýuna baryp ýuwnup, ardynyp, suw içip gaýdýardy. Ol keselhanadan alyp gelen gaty çörekleriniň baryny suwa basyp, üstüne azajyk duz sepip iýip gutardy. Indi nähilidir bir alaç etmese, onuň iýere zady ýokdy. Öýdäki iki holodolnik iýer-içer ýaly zatdan, piti gowurmadan, saçak çörekden doludy. Emma Eminiň oňa barmagynam batyrasy gelenokdy. Iýäýende-de, ol damagyndan ötmeýärdi. – Men näme etmeli? – diýip, ol agyr oýa batdy. – Häzir işläb-ä bilmerin. Ýöne halal çörekli adamlaryň birinden az-owlak pul karz alyp, etrabyň çörek dükanyndan çörek satyn almaly. Ertir onuň etrap lukmanyna ýarasyny görkezmäge gitmeli günüdi. Agşamara ol ýabyň gyrasyna baryp, elini-ýüzüni ýuwdy. Suw içdi. – Oh-ho! – diýip ýeňseden kimdir biriniň sesi eşidildi. – Köşek, ahyrat azabyndan bolsun. Gözüň aýdyň. Sag-aman keselhanadan çykypsyň. Emin ýerinden turup, Nurgeldi aga bilen iki elläp salamlaşdy. – Ýagşy, indi gutuldym! – diýdi. – Gaýrat et, operasiýa bilen oýun etme, özüňe seret – diýdi. Ol ol aňyrrakdan ene ýapdan alnan gulagy pugta ýapdy. Eminiň süňňi zygyrdap gitdi. «Ine, saňa kömek etjek adam!» diýip, biri gulagyna pyşyrdan ýaly boldy. Emin ýaşula bakan ýöneldi. – Kän gezme. Entejuk düşegiňde ýat. Suw sowap başlady, eliňi urma. Ýylja suwa ýuwun. Ýaraňy simledäýme. Emin ýanyna gelen ýaşula ýüzlendi. – Nurgeldi aga! – Onuň demi tutuldy. Gözünden ýaşy paýrap gitdi – Ýanyňda azajyk çöregiň ýokmy? Emin aglady. – Wah, ýok-da näme? – Meniň düýünki açlygym. Ýaşuly geň galdy. – Näme öýňüzde çörek ýokmy? Il-ä baý görüp size gelýär, çörek diýip. Emin dogrulady. – Wah, ol çörek meniň bokurdagymdan ötenok. Maňa gaty halal çörek gerek... Nurgeldi aga oglanyň sözüne kän bir düşünmedi. Ýaş çaga oglanlyk edýändir öýtdi. Şonuň üçin ony höre-köşelän boldy. Ýöne aglap durana beýle bir dözenokdy. – Ataň-eneň azp edip gazanan çöregidir, heý, onuňam bir haramy bolarmy? Arkaýyn iýiber. Emin aşak oturdy. – Bolýar. Ýöne sen maňa ertir dükandan çörek satyn alar ýaly bir manat karz ber. Soň özüm üzerin. Nurgeldi aga pilini çep eline geçirdi-de, sag aýasy bilen gapdalyny sypalady. – Wah, ýanymda ýok. Öýde bar bolsa bereýin. – Bolar. Ýaşuly ýene-de pili bilen böwrüni tapbatlap ugrady. – Bolar, sag boluň! – diýdi-de, ol otagyna bakan ugrady. Ýerine barybam, düşegine gyşardy. Keselhanada halsyz oglany barlamadylar-da ýene-de öňki ýatan palatasynda ýatmaly etdiler. Ýarasy bitmedik, öňküsinden has horlanan, gözleriniň agy, dyrnaklarynyň maýalygy saralan oglanyň ýagdaýy lukmanlary gorkuzdy. Onuň üstüne gyzgynlyk hem otuz sekizden geçýärdi. – Niräň agyrýar? – diýip, öňki lukman gelin aladaly sorady. – Hany, diliňi görkez. A-a! – diý. – Niräň agyrýar? Näme ynjalykdan gaçyrýar? – Ysgynym ýok. Ol oglanyň garnyny hamyr garan ýaly, basyp, sypalap başlady. – Şu ýeriň agyrýarmy? Şu ýeriň nähili? Şu ýeriň. – Agyranok. – Hany, gan basyşyňy ölçäli! Ol sag golundan gan basyşyny ölçedi. – 60-90. – Saňa birneme iýmek-içmek gerek. Megerem, ganyň az. Şolam bagra, bedene ýaramaz täsir ýetirýär. Ol oglanyň ýarasyny ýene bir sapar gördi. Basyp, basyp barlaşdyrdy. – Ýaraň ýagşy. Ýöne iýmeli. Sen ýene bir hepde ýatmaly borsuň. Iýip-iç. Ol oglanyň garnyny sypalap durşuna, jugurdaýan içegeleriniň sesine tisginip gitdi. – Şu gün näme iýdiň? – Hiç zat. – Düýn näme iýdiň? – Bir käse suw içdim. – Öňňün. – Bir bölejik gaty gara çörek suwa batyryp. Lukman gelin oglanyň ýüzüne howsalaly garady. – Näme, iýip bileňokmy, iýseň içiň agyrýarmy? – Ýok. – Içiňden ýel geçýärmi? – Geçýär. – Uly meýdanyň nähili? – Erbet däl. Lukman gelin elindäki goşlaryny gujagyna aldy-da, oýa batdy. – Öýňüzde iýmäge zat ýokmy? – diýdi. Emin penjireden ýaşyl asmandaky ak bulutlara, soň ondan hem aňry, Hakyň didarynyň bolaýmaly giňişligine ynjyly garady. Soň hasratly bir ses bilen. – Bar. Ýöne men iýmäge zat ýok. Men ejemiň, kakamyň gazanan zadyny iýip bilemok. Men öz maňlaý derim bilen gazanan zadymy iýmeli. – Diňe şonumy? – Diňe şony. – sen ýaş, gazanjyň ýok. Onda näme? – Menem guşlar ýaly. Guşlaryň hem gazanjy ýok. Emma Alla jan olary hor edenok. – Olar öz iýmlerini agtaryp tapýarlar, uçup gonup. – Menem şeýdip taparyn. Alla meni öldürmez. Alla maňa diňe halal çörek iýdirer. Men diňe Hakyň didaryny taparyn. Lukman gelin kagyzlaryna ýene bir zat belledi. Soň Eminiň ot ýaly golundan tutdy. – Dogryňy aýt «Bagtly çagalyk» gazetinde ýazylan wejera işler sen baradamy?! Oglanjygyň öňem gara ýanyk bolan dodajyklary kemşerdi-de, ýumulgy kirpikmen gabaklarynyň arasy pörse bölünip, barmak ýaly düwmeler pürkülip gitdi. – O nähili köşegim. Sen onuň ýaly erbetlik etjek çaga meňzäňog-a. Ýa oýun dagy etdiňmi? – Wah, ýok-la. Lukman zenany çagyrdylar. Ol gidensoň Emin düşegine süýündi. Oňa bada-bat sanjym etdiler. Naharyny düşegine getirdiler. Iýdi. Hiç-hili üýtgeşme bolmady. – Diýmek, bu ýeriň nahary maňa halal . Nahardan soň ony dürli lukman barlady. Biriniň sowalyny Emin gülkünç gördi. – Ýeriňe buşugýaňmy? – Ýok. – Gije şeýtan bolýaňmy? – Ýok. – Uly meýdanyňy ysgap göresiň gelýärmi? – Ýok. – Ujudyňy elläp göresiň gelýärmi? – Ýok. – Gyzlary, içinde aýratyn birini gaty ýigrenýäňmi? – Ýok. – Bir gyzyň saňa jiňkerilip seredýänini, at dakyp, kemsitjek bolýanyny duýýaňmy? – Ýok. – Seniň ýaşyňa ýetende her oglanyň bir ýoldaşy bolýar. Şol ýanyňa geldimi ýa entek gelenokmy? – Ýok, entek gelenok. – Düýşüňe näme köp girýär? – Ak eşikli diwana. – Näme diýýär. – «Men saňa Hakyň didaryny görkezjek» – diýýär. – Sen näme diýýäň? – Sesimi çykaramok. – «Ataň-eneň çöregi haram, ony iýme» – diýýän barmy? – Ýok. – Näme üçin iýeňok? – Iýsem, yzyna gaýdýar. Bokurdagymdan geçirip bilemok. Gaýta öňküje iýenlerimem gaýtarýan. – Suw içseňemmi? – Öýmüzden suw içsemem gaýtarýan, ýapdan içsem gaýdanok. – Keselhananyň naharyny iýip bilýäňmi? – Ýaňy iýdim, gaýdanok. Suwam içdim. – Ejeňe, kakaňa, mugallymlaryňa, mekdebe, okuwçylara gaharyň gelýärmi? – Ýok, olardan utanýan. – Gazete näme üçin ýalan habar ýazdyň? – Alla saklasyn. Ýazmak kelläme-de gelenok. – Ýazany bilýäňmi? – Güman edýän. – Gaharyň gelse bir adama, ony «Tokmaga» ýazarmyň? – Alla saklasyn. Ýazman. – Näme üçin? – Bir bendä ýamanlyk etmäge Hudaýdan gorkýan. Özüm Halyň didaryny gözläp ýörkäm, şeýtanyň alyna gidip bilmen. Lukmanlar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. – Agyr namysa, uýada galsaň özüňe kast edip bilermiň? – Ederin. Ýöne ile etmäge dözmerin. Sowal beren lukman Eminiň elini gysdy. Soň olar gitdiler. Agşamky naharyň bary yzyna gaýtdy. Emin ýekeje damja-da iýip bilmedi. «Indi keselhananyň naharam maňa bolmasa, men näderin?» – diýip, oglanjyk agyr oýa batdy. Sanjymlar onuň işdäsini açýardy. Onuň bir zatlar iýesi gelýärdi. – Men gaty ajygýan – diýip, ol şepagat uýasyndan çörek sorady. Ýaş gelin el ýaly çörek getirdi. – Özüm bişirdim, iýiber. Emin çeýnäp başlandan bary pürkülip gitdi. Oňa bir okara etli nahar getirdiler. Olam gaýtdy. Emin daş çykdy. Ol keselhananyň daş ýüzünde, penjiräniň aşak tekjesinde gurap galan gaty çöregi gördi. Ony alyp, krandyň suwuna ýuwdy. Soň suw bilen şol çöregi, sorup-sorup, çeýnäp-çeýnäp, howlukman iýdi. Çörek yzyna gaýtmady. Lukman gelin irki barlagda Eminiň ýagdaýynyň gowudygyny aýtdy. – Sen öýňüziň zadyny iýip bilmeseň, işläp, gazanyp bilmeseň, näme iýjek. Günüňi nähili görjek. Ýa-da biz seni çagalar öýüne ýerleşdirmeli. Emin lukman gelniň ýüzüne dikanlap seretdi. Gelniň ak ýüzüne gelşip duran gara saçy, lummurdap, gaýnap duran çeşme ýaly gözleri, nurdan buldurap duran owadan ýüzi ýaş oglanjygyň derdine derman bolana döndi. Ol bu mähriban adama zar-zelil bolup delminip bakdy. – Men işlärin. Maňa bir işe ýerleşmäge kömek, ediň. Okuw, mekdep, çagalar öýi indi maňa gerek däl. Siz eşidýäňizmi? Maňa işe ýerleşmäge kömek ediň... Lukman gelin enaýy ýylgyrdy. – Bary oňat bolar. Işem, çöregem tapylar, sabyr et, sabyr et, sabyr et!.. Emine ertirlik getirdiler. Ol howlukman iýip-içdi. Ýüregi ýerine gelen ýaly boldy. Soň oňa sanjym etdiler. – Maňa seredýän lukman gelin nirede oturýar. Men ony görmeli – diýip, Emin özüne sanjym eden gyzdan sorady. – Hirurg Sona Karaýewna dälmi? Ol üç günden geler. Dogany ýaranok. Aşgabada gitdi, düýn. Emin gyzyň ýüzüne geň galyp seretdi. – Ýok, ýok, ol ýaňja meniň ýanyma gelip, gürleşip gitd-ä. Ol gyz çintgedi. – Ol Aşgabatda, jigim, oňatja oýlan. Üç günden geler. Ol gyz çykyp gitdi. emin erbet titiredi. Onuň süňňi bir zat syzan ýaly boldy. ol erbet gorkdy. * * * Hepdäniň birinji güni Emini keselhanadan çykardylar. Ol öz lukmany Sona Karaýewadan bäş manat karz aldy. Soň dükana baryp iki tokga gara çörek, bir gap duz aldy. Oba paý-u-pyýada gaýtdy. Olaryň işigi gulplydy. Açar ýokdy. Megerem, ol geler diýip garaşan däldirler-de. Emin çöreklerini, duzy tora salyp, eýwandan asyp goýdy-da kolhozyň edarasyna bakan gitdi. Kolhozyň başlygy Sary Karaýew nahara gitjek bolup oturan eken. Ol Emini göwünli-göwünsiz kabul etdi. Emin Sary aganyň ogly bilen bir klasda okaýardy. Onuň bu wakalardan habary bardy. Onda-da ol syr bildirmedi. – Gel, ogul. Hany görşeli. Emin oturmady. – Sary aga, men iş sorap geldim. Maňa azam bolsa, özümi eklär ýaly bir işjagaz beriň. Sary aga daýaw, berdaşly göwresini bir durkuna saklap oturşyna ýylgyrdy. – Näme ejeň-ataň bir çagany eklemäge güýji ýetenokmy? Nende saňa bolar ýaly iş ýok. Sen entek çaga, atestanyň ýok, diplomyň ýok. Kämillik ýaşa ýetmedik. Men seni işe alaýsam, bilýäňmi meni näderler. – Ol ýerinden turdy-da, goňşy otagdakylara bir zatlar diýip, çykyp gitdi – Yzy bilen çykan Emine – Iş ýok, bar, gaýdyber – diýip, öýüne bakan ugrady. Işgärler arakesmä çykdylar. Arakesmeden geldiler. Emin jaýa ýaplanyp otyrdy. Sary Karaýew ony gördi. Emma sesini çykarmady. Işgärler işden soň öýlerine gaýtdylar. Sary Karaýew hem gaýtdy. Emin otyrdy. Gijäniň bir mahaly Gulýa Jumaýewna elem-tas bolup geldi. – Waý Emin! Oglan sen bu ýerde näme üçin otyrsyň? Hany, ýöri, öýe. Özüň ýarawsyz. Ýöri, ýöri. Emin sesini çykarman ýerinden turdy. – Ýöri. Men häzir keselhanadan gelýän. Gelsem sary Karaýewiç jaň edýär. Ogluňy ýygna diýip... Ylgap gaýtdym. Emin ýene oturdy. – Eje men işlejek. Şu adam iş bermese, men öýe gaýtman. Gulýa Jumaýewna ellerini daldalady. Öňki edeniň azmy? Oglum indi bir dädeň ikimizi uly iliň içinde masgara etme. Emin sesini çykarmady. Ejesi oglunyň elinden tutup, çekdi-de, ogluny süýräp başlady. – Beýtme, ýaram agyrýar, eje – diýip, Emin çirkin gygyrdy – Süýreme. Gitjek däl, men Gulýa Jumaýewna oglunyň gapdalynda oturdy. – Sen doňduň. Sen syrkawlarsyň. Sen bir dogman geçen bolduň. Dogman, döremän geçsediň. Ol gargyna-gargyna gitdi. Emin otyrdy. Gije garaňkam bolsa, asman durydy. Ýyldyzlar Emine özleriniň barlygyny bildirjek bolýan ýaly, lowur-lowur edip, göz gypýardy. – Berer iş berer – diýip, Emin samrady. Bir salymdan çybşyl-çybşyl edip, şu jaýlaryň garawuly Hally aga geldi. Onuň egninde tüpeňi, goltugynda goş-golamy bardy. Ol emin görüp saklandy. Soň onuň dyzynyň ýanyna gelip, ony tanady. – Salowmaleýkim! – Hä – diýip, Hally aga töwerege sereden boldy. – Sen jikgäni Jumagurduň ýaman ogly dälmi? Aý, ýamanja, haý, ýamanja. – Hawa. – Bilýän, gije gözüm kän bir kesenok. – Ol Eminiň ýanyna gelip, goltugyndaky goşuny ýere taşlap, tüpeňini eline aldy-da, oturdy. – Näme, sen jikgäni ogurlyk dagy etjek bolýaňmy? Emin sesini çykarmady. – Dogry aýdýaň, sen jikgäni, häli ogrular ýaly zat goýmadylar. Mal-gara, ot-çöp, benzin, şaý-şuý ugrun-a ataň Jumagurt ogurlady. O jikgänii il-günüň hakynam oba Sowet ejeň jan jikgäni ogurlady. Kolhozam Karaüýew jan jikgäni ogurlady. Bize zadam galmady. Ol tüpeňini gapdala taşlap goýberdi. – Bu jikgäni, ýöne ýükl-läý. Ol jübülerini sermedi. Soň özbaşyna gepleşýän ýaly, samrap başlady. – Sen, o jikgäni, Jumagurdyň ogly bolsaň, enşalla şeýle bir gowy ogry bolarsyň. Şeýle bir ogry bolup ýetişersiň. Älem haýran galar. – Näme üçin? – Emin üşäp başlady. Indi ony gürrüň gyzyklandyranokdy. – O näme üçin şol, jikgäni seniň kakaň Jumagurt ogry bolmaz öýdüp gaty gorkdum. Ýöne Hudaý kömek etdi. Ol şeýle bir gowy ogry boldy. O jikgäni, tutuş kolhozy ýülügine çenli soýup, soýkalap ogurlady. Emma bir adamyň syrtam onuň ogurlygyndan habar tapanok. Onsoň ejeň ogry bolmaz öýdüp, gaty gorkdy. Bah, ol jikgäni, seniň babaňdanam geçirdi. Dört kolhozy, ýedi obany sogan soýan ýaly soýýar. Emma il-gün şonda-da şol oba Sowet diýip eňip otyr. – Sen meniň babamy tanaýaňmy? – Babaňa Jepa küle diýerler, jikgäni. Ol şeýle bir gowy ogrudy. Ogurlan zadyny owadan ogurlardy. Meniň bir erkejimi ogurlady. Hiç kim görmändir. «Ah, hiç kim görmedi. Soň maňa namart ogry eken diýmesinler» diýip, getirip, gapymda daňyp, soň günortan çagy, iliň içindenjikgäni ogurlap gidipdir. Aý, ol meniň tüpeňimi ogurlady, ors paltamy ogurlady, eşegimi ogurlady. Tas, o jikgäni aýalymam ogurlapdy. Ýöne etjegini edip, taşlap gidipdir. Soň, jikgäni boýun aldy. Hally dos, senden gorkdum ýogsa ogurlajakdym – diýdi. Onuň şo tarapy bardy. Boýun alardy. Emin Hally aganyň bu sözleriniň çyndygyna, ýalandygyna-da düşünmedi. Ol digdenekläp oturşyna: – Sen näme diýdiň – diýip, gürrüňi gyzdyrdy. – Men näme diýdim. Ol Hudaý tarapyn ogry. Ol ynsaply ogry. Geregini ogurlar. Gerek dälini goýar. Zady harlamaz. Eder, soň boýun alar. Artyk zady bolsa «Hally dos, al» diýer. Ol zor ogrudy. Ýöne jikgäni, bir sapar maňa ýaman gahary geldi. Tas öldüripdi. Men goýun bakyp ýördüm. Ol gelýär, atly gele-gelmäne «Nämäň bar, garbanara» – diýdi. – Gowurma bar, çörek bar, başga näme gerek? – Çaý gaýnatdym. Gowurdak eretdim. Çöregi oda tutup: «Gel, dost, inejikgäni, bal ýaly huruş, noş bolsun!» diýdim. Çöregi dişledi-de, gaýtaryp dur, ýeke däne damagyndan geçmän dur. Gowurdak iýýär, gaýtaranok. Çaý içýär, gaýtaranok. Ahyry maňa jyny düşdi. – Kelläňe toprak bolsun, doňuz – diýdi. Bu çöregiň ogurlyk dälmi – diýdi. – Çörek halaldy-da. O jikgäni haram bolmasa, halaly bokurdagyndan geçirip bilmezdi. – Atamy bilýäňmi? – Wah, o jikgäni, ataňy bilýän-dä men. Olam bir jikgäni owadan ogrudy. Kürtüň, porsyň, türkmeniň ondanam dat edip geçendir. Ol şeýle bir ogurlyk pirimlerini bilýärdi. Ogurlygyň jikgäni, prapisiridi. Otuzynjy ýylda kolhozyň NATY-syny Bäherdene eltip satd-a. – Naty näme? – Otuzynjy ýylda çykan traktor. Sen jikgäni, şol uly, güýçli adamlaryň mirasdüşeri. Onsoň hökman gowy ogry bolmaly. Maňa jikgäni, aýtdylar. Şu Jumagurduň dogmasy «Ýaman mojuk bolupdyr» diýip. Gaty begendim. Gowy zatlar güýçli zatlar ýitişip barýar. Ataň-babaň ýöresi ýitmese ýagşy, jikgäni. Ol ýerinden turdy-da, goş-golamlaryny aldy. – Men gidip ýataýyn. Sen gaýt indi. Emin sesini çykarmady. – Ýa sen, jikgäni, şu ýerde ýatjakmy? Emin gönisinden geldi. – Sary Karaýew maňa iş berýänçä, şu ýerden gymyldajak däl. – Agşamammy? – Agşamam, ertirem. Hally aga oýa batdy. Soň yzyna öwrüldi-de, köne çäkmenini edil Eminiň gapdalyna ýazdy. – Ine jikgäni, şu ýerdejikgäni ýatybermeli. Menem saňa ýoldaş bolaýyn – Ol telpegini çykaryp, Emin bilen aralykda goýdy. – Sen jikgäni, men ýatamsoň, edarany urup gidiberme – diýdi. Soňam: – Şeýdäýseň-ä gaty begenerdim – diýdi. Ol düşegine süýündi-de, üsgürinjiredi. – Aý, şu jikgäni Karaýufam haramzadadyr. Şeýle bir haramzada. Seniň ata-eneňçe bardyr, şu-da. Halal çörek şunuň hem bokurdagyndan geçmez. Haram bolsa zül-zül eňteriliberer. Emin sesini çykarmady. Ol şol günüň ertesem, soňky günem oturdy. Diňe dördünji gün diýlende ol adam Emini garaža garawul belledi. Ondan bäri üç ýyl geçdi. 6. Emin ýerinden turup, daş çykdy. Ýabyň salkyn suwuna ýuwundy. Içeri girip çaý guýdy. Saçak ýazdy. Goýaldylan süýtli gapyrjagy, gantly bankany, saryýagly tabagy saçagyň üstüne goýdy. Çaý demländen soň, keçäniň üstünde arkaýyn oturyp, çaýyny gaýtardy. Agşamky gören düýşi ýigidiň alasarmyk başyndan çykanokdy. Ol düýşünde oraşan görenlerini gaýta-gaýta ýatlady. – Hakyň didary! – Ol elindäki käsesini saçagyň üstünde goýdy. – Eý, Hudaý! Ýa mende bir günä barmyka? Ýa-da Alla maňa öz didaryny görkezip, «Pylan hili bolşuň bar, Şony goý!» diýjekmikä. Meniň günäm barmyka, Allam!? Ol agyr oýa batdy. Çendiriň eden oýunlary, Aşgabatly habarçynyň gazete özi barada ýazan makalasy, namys oduna gözi gapylyp, özüne tyg çekmegi. Haram şübheli nygmatlardan agzyny çekmegi bolmasa, onuň öz bilýän günäsi ýokdy. «Belki, bilniksizlikden edendirin» ol bu pikirinden gorkdy. «Indi näçe ýyldyr, kakasynyň it diýip onuň adyny tutman ýörüşi, ak süýt beren ejesiniň «Meniň halal yrsgalymy haram edip, duzumy dadanok» diýip, iliň-günüň içinde eňräp, gargynyp ýörmesi günämikä? Suw tutanda, gündiz-gijesine otuň-çöpüň içindäki ownuk janly-jandary bilip, bilmezlikden basyp geçmegi, ot-çöpleri gyrdap, kerçäp ýörmegi günämikä?» «Süleýman pygamber bir garynjajygyň sözüne gulak salyp, oňa rehimdarlyk edip, Hak alnynda ýalkansa, men şol garynja şikes ýetirip ýören bolsam bildiňmi?» Ol ýene-de agşamky düýşi ýatlady. « – Sen Hakyň didaryny görersiň. Ýöne soň, soň. Häzir sen ony götererden ejiz. Sen synaga salynarsyň!» «Sen garaş! Garaş! Indi müddeti ýetdi!» Ol durşuna ak şugla bolup duran keramatly babany ýatlady. Onuň demini, her sözüni eşitdi. – Kime garaşmaly?! Nämäň synagyna salynmaly? Olar kim? Olar näme üçin maňa beýle eýemsireýärler. Emin özüni nähilidir bir düşnüksiz güýjüň goraýandygyn az-kem aňýardy. Onuň aňlaýşyça Çendiriň edýän «Oýunjyklaram» ýöne ýere däl bolmaly. Ol keselhanada ýatyrka ertir ýanyna gelen owadan gözli, ak ýüzli şugla ýaly gelin kim? Ejesiniň, kakasynyň gazanjyndan agzyna alan zadyny bokurdagymdan yzyna depýän haýsy güýç. Emin ol halalmy, harammy saýgaranok ahyry. Belki ejesine, kakasyna garşy goýýanam şol güýçdir. Belki, olar Eminiň sözi, eminiň erki bilen edýändir. Emin geň galdy. Ol bu ýagdaýlar barada näçe oýlansa-da, sowalyna jogap tapmaýardy. Ol özünde bolýan ýagdaýlary aýdara, özüne düşünjek, syryny saklajak adamam tapyp bilenokdy. – Men garaşmaly! – Ol saçagy ýygnady. Iş eşiklerini geýinip pilini eline aldy-da «Bäşlige» suw tutmaga ugrady. Günortana çenli ep-esli meýdany suwardy. Soň günorta naharyna, öýe tarap ugrady. Uly öleňden geçjek bolanda, aýagy palçyga gömülen täzeje maşyny gördi. Maşynyň töwereginde kimdir biri aýlanyp ýördi. Ol adam Emini görüp, oňa bakan ýöneldi. – Aý, inim, ýetiş dadyma. Maşyn çümdi, maşyn. Emin oňa golaý geldi. – Salowmaleýkim! – Salam, salam. Ber, piliňi, maşyn çökdi. Maşyn harap boldy – Ol maşynyň içine gygyrdy. – Sen bir çyksan-ow. Öň çöküp dura. Seniňki näme? Emin ol adam özüne aýdýandyr öýtdi. Oňa çenli maşyndan ýaş uzyn boýly gyz çykdy. Onuň egninde akja futbolkasy, aýagynda sport kostýumy barydy. Onuň gara, ýüpek ýaly saçlary ak ýüzüne ýaýrap gitdi. ol gyz ýüzüne düşen saçyny eli bilen gapdala serpende Eminiň ýüregi jigläp gitdi. Gyz hem Emine seretdi. Oglan maşyny çykarmak üçin näme etmelidigi barada oýlanýança şofýor eýýäm tigiriň ýoluny köwüp, oňa ýol açdy. Soň ol ylgap baryp, maşyny otlady. Maşyn agyr silkindi. Tigir hyzzyldap, läbigiň içinde boş aýlandy. – Bar, durma, hyşa getir! – diýip, ol adam Emine buýrunjyrady – Çalt bol. Emin diýlendenem çaltlyk bilen baryp, üýşüp ýatan gury hyşadan bir petde getirip, maşynyň tigiriniň öňüne basy. Şofýor tigiriň aşagyna hyşa basyp, ýene-de maşynyny otlady. Maşyn ýene silkindi-de boş aýlanyp başlady. Öňki tigir barha aşak çümýärdi. – Sakla! – Emin elini galdyrdy. – Saklaň! – Maşynyň sesi öçdi. – Näme? – diýip, daljygan şofýor ýüzüni sypajakladyp sorady. – Bolanokmy? – Öňe boljak däl. Yzyňa çyk. Bolmasa maşyn durşuna ýere gider. Ýer ýumşak. Çäge aşagy bilen yzgar. Maşyny aşak çekýär. Maşynyň eýesi gorkdy. Ylgap kabinadan çykdy-da, maşynyň daşyndan aýlandy. – Wah, wah, maşynjygym! – Häzir hyşa getirip, yzyna düşäli. Soň kem-kemden yza ber. Maşyny dyzatma. Ýogsa yzam batar. Ol pili bilen yzky tigiriň aşagyny köwüp iküç sany daş atdy. Soň bir petde hyşa dykdy. – Ber, yza. Maşyn iňläp-iňläp yzyna çykdy. Käliň içi tüsseden doldy. Maşynyň eýesi daş çykdy. – Haý, içigar galmyş. Masgara etd-däý, indi öňe çykyp bolmazmyka? Maşyna-da gaty agram düşdi. Emin onuň özüne sowal berdi. – siz uzaga gitmekçimi? Ol adam ýaş ýigidiň ýüzüne garady. Ýöne tanamady. Emin bu adamy tanady. Ol goşa kelleli ýylan görmäge gelen adamdy. «Hä, Weýis Babaýewiç» diýip, ýigit onuň adyny ýadyna saldy. Weýis Babaýewiç üýtgemändi. Onuň ellä ser uran synasy berdaşlydy. Ol maşynyň tigiriniň çukuryna dolan suwa elini ýuwup durşuna dilini basyp gürledi. – Biz unwersitetden praktika geldik. Meniň adym – Weýis Babaýewiç! – Professor! – diýip, gapdal-da, häliden bäri bu işlere nazary bilen gatyşyp duran gyz aýtdy. Weýis Babaýewiç minnetdarlyk bilen ýylgyrdy. Emin bu adyň näme many aňladýanyny bilmese-de, bu adamyň buýsançly umyt bilen şol ada eýe bolmaga yhlas edýändigine düşündi. – Bu bolsa biziň unwersitetimiziň iň gözel maraly – Tomoçka. – Toty. – Meniň laborantkam. Biz güýz günleriniň gerbariý albomyny döretmekçi. Tomoçkamyz şol albom bilen Bütinsoýuz ylmy-praktiki sergä gatnaşmakçy. – Gaty gowy. – Size näme gül gerek. Weýis Babaýew eliniň suwuny akdyryp Totynyň gapdalynda durdy-da, onuň elinden tutdy. Toty Weýis Babaýewiçden däl-de, Eminden utandy. Professor parhsyz gürledi. – Syçyratgy diýen ösümligi bilýäňmi? Onuň sakgyjy bolýar. Şol sakgyjyň süýdünem gije ýagtylyk berýän bir tomzak ýalaýar. Ol tomzak syçyratgydan energiýa, ýagtylyk, iýmit alýar. Ol ösümligiň bizde on dört görnişi bar. Ol selmelikler maşgalasyna degişli. Selmelikler maşgalasynyň bizde bir müň iki ýüz görnüşi bar... Emin pilini suwa çaýkady-da badamlyga bakan seretdi. Onuň wagty azalypdy. – Siz maşynyňyzy kälden çykaryň. Ýogsa bu ýerden häli-şindi uly maşynlar geçýär. Weýis Babaýew bir öňe, soňam käliň maşyn çykarmaly tarapyna seretdi. – Yzyna çykar-la! Emin pilini egnine atyp, ugrap barşyna: – Yzyna çykar-la! – diýdi. * * * «Garaş. Synag başlaýar!» bu pikir, bu düýş Eminiň ýadyna ýene düşdi. – Nämäň synagy bolsun!? Ýa çaýa nahara gitmän, bu bendelere kömek bermegim bir synagmyka? Aý, ýok-la. Ol ýene-de suwy düzdi. Ol Toty barada oýlandy. «Owadan gözel gyz. Şol adam bilen ikiçäk nädip gaýdyp bildi-kä?» Ol ýerden bir çöpjagaz aldy-da dişini gorjady. Agzynyň içi çöpüň ujundaky däneden doldy. Emin däneleri çeýnemese-de, agzyndan dökmän suwa seretdi. Suwuň ýüzi bilen bir owadan perjagaz edil siliň garşysyna barýan ýelken ýaly bolup, ýeňiljek ýüzüp barýardy. Özem akymyň tersine ýüzýärdi. Emin agzyndaky dänäni unudyp, ýerinden turdy. Baryp owadan peri synlady. Oba arasyndaky bir rowaýat onuň ýadyna düşdi. ...Hüýpüpikde bir per barmyş. Ol peri Hüýpüpigi tutup, onuň perini ýeke-ýekeden ýolup suwa oklaberýäň. Ähli per suwuň badyna gidýär. Emma şol per suwuň akymynyň garşysyna akarmyş. Ine şol peri alyp, bir gyza degirseň, ol gyz seniň yzyňa düşüp gidip, näme isleýän bolsaň berjaý edermiş. Rowaýat bolsa-da, henize – bu güne çenli şol peri tapdym diýýän-ä ýok... Emin peri suwdan gysymlap galdyrdam welin dünýä ala-galmagal bolup gitdi. – Waý, dat obany sil aldy. – Ýetiň, çagalary halas ediň. – Gämileri guruň. – Şäheri suw basdy. – Ýetiň, öýmüzi sil aldy. – Waý! Dat, ýetişiň, doganlar. – Kömek ediň. Uly eňreşigiň nireden gelýändigine birbada düşünmedik Emin, elindäki peri suwa oklap goýberdi. Agy, eňreşik, waý, dat sesi tapba kesildi. Ol ýene peri suwdan çykardy. Indi ol şol agy-eňreşigiň nireden gelýänini eşitdem, olary gördem. Asyl, suw tutulýan badamyň her düýbüniň asdy giden oba, şäher, kent bolsa nätjek. Kiçijik, adamsypat, barmak boýly jandarlar suwuň içinde gyk-da-wak bolup ýördi. Emin pili bilen olary gyra çykardy. Olaryň guran jaýlaryny piline mündirip, tekiz ýere geçirdi. Suwy bekledi. Badam pellerindäki suw bolsa bir salymda siňip gitdi. Ol bu bolýan zatlara haýran bolup tutuş badam meýdanyny tutup ýatan oba kentleri synlamaga oturdy. – Salam, oglum. Bu dury, syrly, heniz ynsan gulagy öwrenişmedik bu sese ýigit tisginip gitdi. Onuň dyzynyň üstünde ak sakally, ak geýimli başy täsin şyrdajykly, ýüzi nur bolup duran biri durdy. – Ömrüň uzak bolsun. Goja geplänokdy. Ýöne ses welin şondan gelýärdi. – Sen bize rehimdarlyk etdiň. – Sen kim bolarsyň? Arwahmyň, jynmyň ýa-da... Goja ýigidiň dyzynyň üstünden ýuwaşja ýöräp Eminiň jübüsiniň ýanyna geldi. – Diňle, oglum. Gorkma. Çekinme. Biziň saňa zyýanymyz degmez. Tutuş oba, kent, şäher, tutuş halk goja aňkarylyp, baş atyp, onuň sözüni tassyklaýardy. Goja sözüni tamamlan badyna olaryň ählisi: – Dogry! Dogry! Dogry! – diýip, bir jan ýaly gygyrdylar. – Biz seniň bilen şu duşuşyga indi telim ýyl bäri garaşyp ýörüs. Sen bizi göreňok. Emma biz seni her gün, her gije görüp durus. Saňa köňül besläp ýörüs. – Sen, siz kim? Goja elini daşyna aýlady. – Biz O-o-o-lardyrys. Biziň ýurdumyz «O»-laryň ýurdy diýýändirler. Emin başyny ýaýkady. Giden märeke bolsa «Dogry! Dogry!» diýip seslendi., – O-lar kimler? Halkmy? Ilmi? Arwahmy? Jynmy? Perizatmy? – Ýok. Tutuş halk «Ýok!» diýip seslendi. – Biz Allanyň halky – Ol goja yzyna garady. Onuň halky oturdy. Indi olardan ses-selem çykanokdy. – Biz Allanyň halky. Biz her pursat, her demde Alla bilen birdiris. Galanynam, näme bilesiň gelse soraber. Emin älemi tutup duran halka göz aýlady. – O-lar kimler?! Goja oturdy. – Allatagala Adamy ýaradandan soň ýedi gat halky ýaradandyr. Diňle! 1. Ruhlary. 2. Benijanlary. 3. Perişdeleri. 4. Erenleri. 5. Perileri. 6. Jynlary. 7. Arwahlary. Ine, şu halklaryň arasynda benijanlardan soň biziň halkymyz ýaradylandyr. Älemlerde biziň halkymyzdan gadymy halk ýokdur. Siziň Ýer diýen ýurduňyz biziň – O-o-o-laryň gadymy ýurdudyr. Ähli janly-jandar biziň myhmanymyzdyr. Emin bu söze gyzykdy. Ol bu gojanyň gürrüňini diňläp durşuna: – Taňry olary näme üçin ýaratdy – diýip, sorady. – Taňry her halky bir niýet bilen ýaradandyr. Ruhlary, janly-jandary herekete getirmek üçin ýaratdy. Ruh ýaşaýşyň açary. Bize älem tilsimlerini berdi. Biz ol tilsimleri älemiň janly-jandaryna paýladyk. – Ylym tilsimi, bilim tilsimi, parasat tilsimi, hereket tilsimi, gatnaşyk tilsimi, uçmak, ýüzmek, azyk almak, ýaşamak tilsimi. Uruş, ýaraşyk tilsimi! Adamzada, beýleki janly-jandara şu tilsimleri biz berendiris. – Onda näme özüňiz suwdan gorkup dady-perýat edip ýörsüňiz. – Älemdäki iň beýik tilsim sada ýaşamak tilsimidir. Sadalyk rahatlykdyr. Mundan başga, ol tilsim bize özümizi bagtly etmek üçin berlen däldir. Ol beýikleri bagtly etmek üçin bize amanat berlendir. Biz amanata ýaşamaýarys. Biziň öz ýaşaýyş kanunlarymyz bar. Öz ýaşaýyş tilsimatymyz bar... – O nähili? Alla dokuz älem, dokuz sany Gün döredendir. Biz öz günümiziň her bir şuglajygyny tilsimata öwürdik. Häzir ikimiziň gürrüňimizi togalak dünýäniň ýüzi, arkasy, goltugy eşidip, görüp otyr. Onuň üçin bize gizlin syr ýok. Alla ölmez-ýitmez edip ýaradandyr. Biz garrap, öz kepenimize girip, soň ýene täzeden O-lara öwrülýäris. Biziň iýmitimiz Allanyň nury. Emin geň galdy. – Siz allanyň nuruny nädip alýarsyňyz. Siz Allany görýärsiňizmi? – Görýäris. Bize alla şeýle bir tilsim berendir. Şol tilsim bilen onuň beren paýyny alýarys. – Sizde baýlar, garyplar ýokmy? – Bizde aýal, çaga, erkek O-lar bar. Olaryň bary Taňrynyň gullugynda. Biz şondan başga zady bilmeris. Emin indi özi barada sorady. – Siz maňa näme üçin garaşdyňyz? Bu duşuşyk näme üçin bolmaly? Goja birden ýylp-ýylp edip, ýanyp, öçüp başlady. – Duşuşyk ertir şu mahal, şu ýerde bolar. Emin gözi gamaşyp gitdi. göz açyp, ýumasy salymda goja-da, tutuş halk-da gözden gaýyp boldy. Emin ondan zordan açyldy. Onuň gözi Weýis Babaýewe düşdi. – Hä, sen bärde suw tutýarmyň? Emin ylgap baryp ýapdan, badama tarap gulak açdy. Suw joýajyklar bilen şaglap gaýtdy. – Meniň iş ýerim, şu badamlyk. Weýis Babaýewiç köwşi bilen ýerde ýatan badam miwelerini eýläk-beýläk süpürdi. – Bu badamlar ajydänemi? – Ýok. – Onda näme üçin ýyganoklar. Bar badam leýis bolup ýatyra. Ol harama çykanokmy?! Ýygmasaň. Emin näme jogap berjegini bilmän suwuna güýmenen boldy. Häzir onuň öz derdi özüne ýetikdi. Töwerekdäki güýzüň sap-sary, şaha çykyp perlerini ýazan sülgüniňki müň reňk açan öleňler, gyzyl çog bolup ýatan ýylgynlar, bu badam mülküniň gujagyny aralap, janyňy alyp barýan jülge demi, iň ahyrynda-da, ähli näzik telwasy bilen seredýän owadan gyzyň üýtgeşik keramatdan doly käse ýaly gözleri, serwi kamat boýy onuň gözüne-de ilenokdy. Häzir özüni derejelemek, duýgularyny, pikirlerini ýerli-ýerde goýmak üçin oňa ýalňyzlyk gerekdi. Emin uly ýapdan alan gulagyny bekledi. Soň yzyna-da garaman, ýaplaryň, çilleriň arasy bilen öýe gaýtdy. Ýoluň ugrunda, ýaňkylaryň maşynyny gördi. Maşynyň kabinasy açykdy. Sag tarapynyň yzky tigiri sökülip, onuň deregine ullakan daş goýlupdyr. Şonuň üçin maşyn sag tarapa gyşaryp durdy. Emin Weýis Babaýewiçiň maşynyny bu ýagdaýda goýup, arkaýyn gezip ýörmegine geňem galdy-da, maşynyň daşyndan bir sapar aýlanyp, öz ýoly bilen gitdi. Öýe gelensoňam, pilini öňki ýerinden asyp, ýuwunman, garbanman, eşiklerini çykarman, gaty keçäniň üstünde süýündi. Emin bu günki geçen wakalary bir ujundan seljerip başlady. – O-o-laryň ýurdy. O-o-lar! Ol geplemän sözläp duran goja hakda oýlandy. – Ol kimkä? Ol näme üçin maňa göründikä? Olar owaz, ýaň ýaly bir alamat. Olar hem çyn, hem ýalan alamat. Salgym ýaly bir bar, bir ýok. Edil düýş ýaly. Men näme, indi olara ynanmalymy? Men olary düýşümde gören bolaýmaýyn. Bularyň bary däli mäş dänesinden bolaýmasyn. Emin ýerinden galdy-da ýeri ýumruklady. – Wah, şol diýsen-e. Bir zat-da: Näm-ow, bolşuň däli mä iýeniňki ýaly diýmeýärlermi? Igdäniň aşagyndan geçen, bilmezlikde däli mäş iýen däliräp açylan ýaly bolýarmyş. Menem şeýle bolmaly. Ol ýene bir zady ýalana çykarjak bolýan ýaly, elini jübüsine sokup, ondan hälki salan akja perini çykardy. – Bu perem meniň başymyň dumanlamagyna kömek eden bolmaly. Emin gutarnykly netijä geldi. – Men ýaňy agzym däli mäşli irkilen bolmaly. Şonda-da bolgusyzja düýş gören bolmalym. Ol turup yşygy ýakdy. Sagada seretdi. Sagat heniz dördem bolmandy. Ol daş çykyp, eline pilini alyp, ýene-de, hälki suw tutýan meýdanyna bakan ugrady. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |