18:16 Hakyň didary -4/ romanyň dowamy | |
7.
Romanlar
Emin agşam gaty howsalaly pikirleriň, duýgularyň içinde ýatsa-da, ir bilenjik turdy. Ýabyň boýuna baryp, ýuwundy. Çäýnegini çykardy-da, ony suwdan doldurdy. Getirip elektrik çäýnege guýup, ony toga çatdy. Onuň işdäsi ýokdy. Ýöne ýüregi gyzyp durany üçin, birki käse çaý içenini kem görmedi. Orta saçak ýazdy. Gaty-guty çörekleri, goýaldylan süýt bankasyny, gowurdakly pitini orta çekdi. Çäýnegini demländen soň çöregini çaýa batyryp, howlukman iýdi. Gyzgyn çaý, gowurdak, goýaldylan süýt onuň bedenine güýç getirdi. Ol başgaça oýlanyp başlady. – Ýalňyzlyk, biçärelik, bu agyr düýşler ýöne ýere däl bolaýmasyn. Men ertir, şenbe güni etraba, keselhana gidop özümi görkezäýsem nähili bolarka? Adamyň akly üýtgände, onuň özi ony aňmaýarmyş. Menem däldiränimi duýman, aňman ýören bolaýmaýyn?! Ol ýene oýa batdy. – Şeýle bolmaly. Däldirän adamlaryň gözüne her zatlar görünýärmiş. Meniňem gözüme bolgusyz zatlar görünýär. Olar ne arwah, ne jyn, ne peri. Iň bärkisi, düýşüme-de idili zat girenok. Iki sany ylhanat goja. Şolara näme gerek diýsen-e. Ýa, men bulaň baryny lukmanlara gürrüň bermelimi? Ýene sanjym alsam Keselhana gireýin. Ýogsa... Emin juda hor görünýärdi. Ol indi üç ýyl bäri ne ata-enesiniň, ne kesekiniň çöregine ymsynýardy. Işläp gazanan aýlygyny üçe bölýärdi. Bir bölegine çörek, gant, çaý, gowurmajyk üçin et satyn alýardy. Onuň gowy görýän zady, goýaldylan süýtdi. Ol her aýa iki banka süýt alýardy. Alan etini Nurgeldi aganyň aýaly Akja daýza gowurma etdirýärdi. Ýylyň başynda oňa oňat işläni üçin ep-esli baýrak beripdiler. Şonda syrçaly pitijik, bir çäýnek, bir käse satyn alypdy. Onuň termos alasy gelýärdi. Emma termos tapylanokdy. Ol pulunyň ýene bir bölegini ýygşyryp goýýardy. Üçünji bölegini mätäç adamlara sadaka hökmünde berýärdi. Düýn-öňünlikde ol segsen bäş manat aýlyk aldy. Şonuň ýigrimi bäş manadyny öňden bar üç ýüz manadynyň üstüne goýdy. Ýigrimi bäş manadyny Garry daýza iberdi. Galan pulunam dükana gitmek üçin göterip ýördi. – Ertir, etraba gideýin. Çöregim gutardy. Süýdümiň soňy. – Gowurdagym entek ýeterlik bar. Gant, çaý bar. Indi üç ýyldyr ýalňyz oglunyň «däldirän» ýaly, öz yrsgallaryna barmagyny batyrman ýörşüne Gulýa Jumaýewna bir ölüp bilmeýärdi. Ol oglunyň bu häsiýetini goýdurjak bolup etmedik pirimi galmady. Lukmanlar beýlede dursun, ol kommunist bolsa-da, mollasyny, ahunyny goýman doga, tumar aldy. Ogluny gaýybana okatdy. Şu töwereklerde, illerde, gaýrada öwlüýä, palçy, bilgiç bolsa bardy. Para, sadaka, aklyk diýip gazananyny dökdi. Emma olaryň nepi degenokdy. Baran ýerinde: – Ogluňa erbet doga edilipdir, pylan, pyssygan etseň kyrk günden açylar diýýärdiler. Açylma niräň gürrüňi. Gaýta beterleýär. Emin öz otagyndan öňki duran haly-palas düşekleri, gap-gaçlary, krowady, stoly, oturgyjy çykardy. Özi satyn alyp, iki sany keçe ýazdy. Kimdir birine bir düşek, bir ýorgan, ýassyk tikdirdi. Indi ejesiniň alyp beren egin-eşikleriniň, aýakgaplarynyň birinem geýenokdy. Her şenbede etrap dükanyna gidip üç sany çörek alýardy. Olaryň birini ejesiniň saçagyna salyp dolap goýýardy. Galan birini iýýärdi. Birinem kesip-kesip, kakadyp goýýardy. Gulýa Jumaýewna aglap gördi, ýalbaryp gördi, käýäp gördi, ahyry ýüregine sowuk suw urdy. – Hudaý meni çagadan bagtly etjek bolsa, para-palçyk ýaly üç çagamdan dyndarmazdy – diýdi. – Bar bereni ýeke ýumurtga, olam palak çykdy – diýdi. Onuň indi ogly bilen işi ýokdy. Turduňmam, ýatdyňmam, geldiňmem, gitdiňmem diýmedi. Ilki-ilkiler bişiren zadyndan ogly iýmese-içmese, öz damagyndan zat ötenokdy. Indi öwrenişdi. Jumagurt aga welin köşeşenokdy. Ol öz öýünde Eminiň adyny tutmaýardy. – Meniň oglum ýok. Oglum öldi – diýip, Mäti mollany getirip, jynaza çykartdy. «Ölen» oglunyň aşyny-suwuny berdi. Onuň öýdäki egin-eşiklerini paýlap goýberdi. Bir gün gaty serhoş bolup gelende, aýalynyň üstüne düwledi. – Ol haramzada kim? Kim şol haramzada!? Gulýa Jumaýewna serhoş äriniň öňünde ýaýaplady. – Ogluň-a. Ogluň. Näme, ýüz gram içip, öz ogluňam tanaňokmy – diýdi. – Poh iýme, meniň oglum bolmaz. Meniň oglum mundan üç ýyl ozal öldi. Ol seniň oýnaşyň. Sen oýnaşyňy meniň öýümde ýaşadarça kim bolduň, haram ganjyk – Ol eline ilen zady aýalyndan salyp başlady. Aýaly zordan açyk penjireden çykyp, gaçyp ýetişdi. – Onam öldürerin, senem. Haram künti, seniň oýnaşyň bilen, güm boluň, güm boluň. Şondan soň bu öýde Eminiň ady tutulmady. Şu ýylyň baharynda Jumagurt aga aşgabada gidip «Žiguli» alyp geldi. Maşyny üçin märeke ýygnap, arak-şerabyny bol edip, toýjagaz berdi. Toýdan soň är-aýal çaý içişip otyrka ýaşuly aýalynyň ýüzüne seretdi. – Wah! – diýdi. Oguljygymyz ölmedik bolsa, alla näme sürer ýörerdi. Alla goýmasa nätjek?! – diýdi. Gulýa Jumaýewna erbet düwündi. Ýaşly gözlerinden ýaş pürkülip gitdi. Soň ýerinden turup, aşhana geçip silkinip-silkinip aglady... Emin bu zatlara gatyşmaýardy. Onuň öz derdi özüne ýetikdi. Ol häzirem goja bilen duşuşygyň bolup bolmazlygy, olaryň niýeti barada oýlanýardy. Şol pirleri egnine atan Emin başyny aşak salyp, badamçylyga bardy. Uly ýapdan gulak alyp, şol öňki ugur bilen suw goýberdi. Öten agşam güýçli ýel bolana meňzeýärdi. Badam düýünkiden hem kän dökülipdi. – Indi hasyly ýagnamaly – diýip, Emin eglip, bir gysym badamy eline aldy. Gurap, daşy kişde bolan badamlar şygyrdap durdy. ol elindäki badamlary eliniň ugruna taşlap goýberdi. Soň gidip, heniz suw barmadyk ýerden bir gysym däli mäş dänesini syryp aldy-da jübüsine guýdy. Ol işsizlikden düýn suw tutan badam düýplerini synady. – 112 düýp. Bu gün näçe bolarka? Ol badam agaçlaryna seretdi. – Hasyly ýygyljak bolup duran agaçlara suw tutmak zerurmyka? Aý, özleri gowy bilýändir-dä. Ol günortana çenli zordan kyrk düýbe suw tutdy. Suw tutulan ýerler tertiplidi, arassasy – Gel, şu gün nahara-da gitmäýin. Çöregim gutardy. Gury gowurmany iýesiňem gelenok – diýip, ol oýlandy – Bu gün «Goja» bilen duşuşaýyn... Ol öýläne zordan ýetdi. Däli mäş dänelerini agzyna atdy-da, akja peri jübüsinden çykaryp, ýüzüni ýelpedi. ...Dünýe ýylp edip ýagtylyp gitdi. salgym gatlary nobatma-nobat akyp gitdi-de, dury ak bulut lowurdap, dünýäni örtdi. Şonuň içinden başga dünýäniň alýan demi eşidilip başlady. Dünýä ýalaňaçdy. Emin düýünki täsin älemi gördi. Ap-ak bulgur ýaly ymaratlar gün şuglasyna buldurap, ol ymaratdakylaryň ählisi görnüp durdy. Düýnki goja üýtgeşik ak bulgur ýaly ymaratdan çykdy. Bu dünýäniň ähli halky goja tagzym etdi. Goja täsin bir keramat bilen Eminiň dyzyna mündi. Emin onuň ýöreýäninem, uçýanynam, nädip dyzyna müneninem duýman galdy. Uçup ýören o-o-lar gojanyň öňüne düşekleri ýazdylar-da, gojany göterip, şol ýerde oturtdylar. Onuň öňüne nazy-nygmatlar, täsin bulgurjyklarda içgiler getirdiler. – Gel, oglum. Emin arkaýyn otyrdy. Goja onuň eline gara düwmejik tutdurdy. – Bu parasat mäjumy, ýuwt. Emin ony ýuwtdy. Goja ýene bir gyzylja düwmejigi berdi. – Bu sabyr-kanagat mäjumy, ýuwt! Ol soň kiçijik bulgury ýigide uzatdy. – Bu ömür, gatnaşyk, mertebe şerbeti, iç. Emin sesini çykarman hödür edilen zady agzyna damdyrdy. Şol şerbet bilen birlikde, bulguryň özem onuň agzynda eräp gitdi. Goja elini galdyrdy. – O-o-o-o! Tutuş halk «O!» diýip orlaşdy. Emin gürrüňi düýnki ýerden alyp gaýtdy. – Siz maňa näme üçin garaşdyňyz. Bu duşuşyk näme üçin bolmaly? Goja elini galdyrdy. – Gürrüňi başdan başla. Sen soradyň «Taňry olary näme üçin ýaratdy?» Men aýtdym: «Taňry her halky bir niýet bilen ýaradandyr: – Ruhlary janly-jandarlary herekete getirmek üçin ýaratdy. Ruh ýaşaýşyň açary...» diýdim. Soň: «Bize älem tilsimini berdi» diýdim. Gürrüňiň yzy şeýle bolar: – Beýik Ha (Ýaradan) Benijanlary Ýeri arassalamak üçin ýaratdy. Çünki ol adamdan öň başga-da jandarlary ýaradyp, synady. Benijanlar. Bir guşdur, olar her demde kyrk müň jandary ýuwdup Adam üçin Ýeri azat kyldy. Soň olar adam gelensoň gitdi. Soňra beýik Ha perişdeleri ýaratdy.. ony näme üçin ýaradany syr bolup galdy. Ondan soň ýalňyz we mähriban Ha Şeýtany ýaratdy we ony owradyp, owradyp, Ýeriň ýüzüne sepdi. Şeýtan beýik Hanyň göresiniň gelmeýän närsesidir. Ony gören, oňa ruhuny beren beýik Hany görmez. Ondan soň gözel we eziz Ha arwahlary we jynlary döredendir. Olar yns-jynsy Şeýtandan ätiýaç etmek üçin ýaradylan mahlukatdyr. Soňra beýik we dörediji Ha Erenleri ýaradandyr. Olar ynsyň-jynsyň uýasydyr. Ondan soň ölmez-ýitmez beýik Ha Hydyr-Ylýasy döretdi. Hydyr-Ylýas adam nesliniň hossarydyr. Ahyr soňunda on sekiz müň älemi ýaradan ölmeýän, direlmeýän, söz we göz, akyl-pikir ýetmejek beýik Ha perileri ýaradandyr. Olar yns-jynsyň özüne zynat berýän aýnasydyr. Gözellikde, näziklikde, sabyr-kanagatlylykda zenana şondan kybap görelde älemi ýokdur. Älemleriň ýalňyz parlak güni – beýik Ha ýene-de köp-köp mahlukatlary döredendir. Ýöne olar başga ulgamlarda akyp gitdiler... Bu biziň aklymyzyň kesişiçedir. Emma beýik hanyň niýetine paýhas ýetirmek mümkin däldir. Goja öz halkyna baş egdi. Olar älemi ýaňlandyryp: – Dogry! Dogry! Dogry! – diýip, orlaşdylar. Goja ýene baş egdi. Olar orlaşmalaryny goýdular. Goja Emine garady. – Sen soramak islediň – Beýik Ýaradyjy – eziz Ha Adamy näme üçin ýaratdy/ Men jogap bereýin! Emin orlaşmaga taýýar bolup duran halka hem goja garady. – Men ony sorajak bolmadym. Goja halkyna garady. – Indi sen biziň beýik Hamyzsyň. Seniň özüňem, sözüň, pikir, duýgy, ruh, niýet, päl, umyt, yhlas, ymtylyş, höwes älemiň biziňkidir. Seniň sözüň däl, müň ýyldan aňyňa geljek sowalyň hem bize aýandyr. Şonuň üçin jogap bermek bize parzdyr. Onuň jogaby şudur. Beýik mähriban Ha Adam essalamy üç etap üçin ýaradandyr. Birinji ki, özüne edilen ýagşylygy, akly, pikiri, duýgusy bilen duýsun we dili bilen sözleý, sözleý beýan etdin. Ikinji ki, beýik Ýaradyjynyň döreden bu jaýyny özi ýaly ynsanlardan hasyl öndürsin. Üçünji ki, özüniň alynda, kowumlarynyň öňünde, yns-jynslarynyň öňünde beýik Ha wepadarlygyň oňa mähribanlygyň, näzikligiň adamy gözel edýän hüýlerde beýik nusga bolsun diýip ýaradandyr. Iň ahyrkysy – Ol adamyň nesillerinden öz resuly we guly boljak Muhammet pygamberi ýaratmak üçin adamy ýaradandyr. Eger beýik Ha öz dostuny ýaratmajak bolsa-dy, onda ol Ýerleri we Adamy ýaratmazdy. Muhammet älemleriň Ahmedi külli yns-jynsyň magşar gününe çenli hiç wagt sönmejek Şamçyragydyr... Goja öz halkyna garady. Tutuş halk elini göge tutup: – Dogry! Dogry! Dogry! Ýa! Ha! Ýa! Ha! Ýa! Ha! – diýip, orlaşdy. – Indi sen şeýle sowal berdiň? – «Siz maňa näme üçin garaşdyňyz! Bu duşuşyk näme üçin bolmalydy?!» – Men size jogap bereýin. Ýöne söz, kyssa uzyn. Many gysga. Diňle! – Ol öz halkyna bakdy. Halk oturdy. – Beýik Ha bizi ýokdan bar etdi. Biz hem beýik Hanyň maglumy. Ol bizi ölüdürenogam, täzeden dogryldyranogam. Biz döränimizde näçe bolan bolsak, ondan bäri ýüz trillion ýyl ötenem bolsa, şol ozalky sanymyzdyr. Biz Allanyň ýaňy. Beýik Hanyň owaz maglum tilsimatydyrys. Beýik Ha ynsany söýdi. Oňa ummanlar açdy, asmanlar açdy. Dag, derýa, deňiz, giden meýdanlar açdy. Beýik Ha Adamy döredip on sekiz müň älemiň içinde Jenneti hem Ýeri eziz tutdy. Jenneti eşretden Ýeri yrsgaldan doldurdy. Meýdanlary, baglary, dereleri, daglary ir-iýmişden doldurdy. Ummanlara, asmanlara «Ynsan iýsin» diýip yrsgal dökdi. «Suw!» diýen görlüp-eşidilmedik keramatly demi ynsan, onuň ýigdiniň mülki edip berdi. Beýik Ha bizi ýaratdy. We aýtdy. – Eý, O-o-o! Sen ynsana hyzmat kyl. Ol akylly bolsun! Eşretli bolsun! Bagtly bolsun! Kuwwatly bolsun! Ähli tilsimatyň eýesi bolsun! Goja öz halkyna garady. Tutuş halk «Dogry! Dogry! Dogry!» – diýip, orlaşdy. Soň goja baş atdy. Halk orlaşmasyny goýdy. Goja ýene-de Emine seretdi. – Beýik Ha «Bol!» diýdi. Boldy. Beýik Ha «Bol!» diýer. Bolar. – Biz – O-o-o-lar beýik Hanyň emri bilen Ynsana, Akylly, Eşretli, Kuwwatly, Bagtly, ähli tilsimaty bilýän etmek üçin Adam ata dörän pursatyndan bäri, soň külli Adamzat döräp, örňäp-ösüp başlaly bäri oňa hyzmat etdik. Adam! Adamzat akylly bolsyn diýip aňa Galam berdik! Kelam berdik. Harp, ses, söz, sözlem, jümle, pikir, paýhas berdik. Oňa bilimiň gaýmagyny iýdirdik. Ylmyň balyny içirdik. Adamzat bilimli boldy. Biz oňa atomyň syrlaryny açyp berdik. Biz oňa elektrigiň, kibernetikanyň syrlaryny, älemi hasap edýän hasap maşynlaryny, suratly şekil älemini, ses getiriş ses, şekil, alfa, morfa aragatnaşygy, kanunlary, hasap, ulgamlaryny açyp berdik. Adamzada otly ýoluny, bug bilen, elektrik bilen, ýangyç, Gün şöhlesi bilen işleýän ulgamlary, täsin ýaraglary, gökde, ýerde uçmagyň tilsimlerini berdik. Adamy arşa çykardyk. Ony düşüp, gonmagy öwretdik. Adama suwdan ot almagy öwretdik. Adama ummanlarda ýüzmegi, ummanlara erk etmegi öwretdik. Adam akylly boldy! Adamzat eşretli bolsun diýip, oňa suwy, ýeriň demini, gögüň demini ulanmagy öwretdik. Oňa ody berdik. Oňa öýleri, köşgi-eýwanlary, ýollary, gurmagy, şol köşgi eýwanlarda eşretli ýaşamagyň ähli syrlaryny berdik. Oňa Ýeriň ýüzündäki nazy-nygmatdan peýdalanmagyň ähli syrlaryny berdik. Biz adamzada çöregi berdik. Oňa mallardan, guşlardan, bal arysyndan nygmat almagy, zeminden eşret almagy öwretdik. Adamzat eşretli boldy. Biz adamzat kuwwatly bolsun diýip, otlulary, uçarlary, gämileri, ady heniz belli bolmadyk ýaraglary berdik. Adamzat kuwwatly boldy. Goja öz halkyna baş atdy. Onuň halky «Dogry! Dogry! Dogry!» – diýip, orlaşyp başlady. Goja olara baş atdy. Orlaşma galdy. Goja ýene başlady. – Adamzat bagtly bolsun – diýip, oňa öý, içeri, ot, ojak, düşek, öý esbaplaryny, iýmek-içmek, ýatmak-turmak, işlemek, dynç almak üçin zerur bolan enjamlary berdik. Eşik berdik. Boýlaryn, öýlerini, obalaryny, şäherlerini bezäp berdik. Olara oba tutup berdik. Şäher gurup berdik. Suwy, ody, demi, eşreti öýe getirmegiň syrlaryny berdik. Är-aýalçylygyň bolmagyň, bagtly bolmagyň syrlaryny öwretdik. Adamzat bagtly boldy. Adamzadyň arasyndan saýlap, seçip olara ylymyň bilimiň akylly, eşretli, kuwwatly, bagtly bolmagyň syrlaryny öwredip, şolaryň üsti bilen Adamzada ähli tilsimleriň, tilsimatlaryň kanunlaryň syrlaryny açdyrdyk. Adamzada Ýeriň üstündäki, astyndaky Ha mülklerini açmagyň syryny we açaryny berdik. Tutuş adamzat gün-günden, dem-demden, aýdan aýa, ýyldan-ýyla akylly, eşretli, kuwwatly, bagtly bolup, täze-täze tilsimlere, tilsimatlara eýe bolup barýar. Indi ony bir beýik Ha saklap biler. Beýik Hada indi ony saklamaz... Şu ýere gelende Goja elini galdyrdy. – Sen soradyň. Men jogap berdim. Söhbetiň soňuny ertir şu mahala goýaly! Eminiň gözüniň öňüni çal-çul aýna tutan ýaly boldy. ol salgym-salgym sahypalary agdaryşdyryp, öňki katdyna geldi-de, gözlerini elek-çelek edip äleme seretdi. – Uklapdyr öýdýän. Emin kellesini galdyrdy. Onuň edil garşysynda Sary Karaýew bilen Nurgeldi aga durdy. – Tur, hany, suwuňdan habaryň barmy? Emin ýerinden turdy-da, ýaşulylar bilen salamlaşdy. – Oýa bataýypdyryn, bagyşlaň! Emin üçin ummasyz wagt geçip, dünýäni suwa alan ýaly boldy, ol suwuna garady. Onuň düzen çukury heniz suwdanam dolmandyr. – Ine, ýoldaş Sary Karaýuf, Eminiň işi. Sen ony öwýäň diýýäň. Gör, her düýbi gyrçap, otuny, badamyny syryp, süpläp aýrar, onsoň deper. Diňe şondan soň suw goýberer. Hakyna seretseň, muňa diňe suw tutany üçin däl, bagyň aşagynyň otuny çapany üçin, düýbüni depeni üçin üç hak tölemeli. Sary Karaýew badamyň depesine seretdi. – Ýaz, men töläýin. Men tölejek däl diýemog-a. Şeýle dälmi, Emin?! Sary Karaýew ýigidiň işini razylyk bilen synlady. Soň ýene badam agaçlarynyň başyna seretdi. Soň Nurgeldi aga torbajyk berdi. – Me, şuňa birneme badam sal. – Ol ýerden badam miwelerini aldy-da, dişi bilen çakyp maňzyny çeýnäp başlady. – Pah, ýetipdir-ä, päh, bal bolupdyr. – Ol badam çöpläp oturan Nurgeldi aga seredip – Hä, çöple, köpräk sal – Ol güldi – Ho-o-ow, ýöne ajy däne bolmasyn – Ol elindäki badamlardan Emine hödür etdi – Al, al senem iý – Eminiň başyny ýaýkanyny görüp – Bişen aşdyr-da – diýdi – Iýiber, öýe-de al. Him, äkit çaý bilen içersiň. Sary Karaýew gara der bolup badam çöpläp ýören ýaşula habar gatdy. – Nurgeld-i! Şu Emin kişiniň zadyny iýip bilenokmyş. Bary gaýdýarmyş – diýýärler. Şol çynmy? – diýdi. Nurgeldi aga atylyp onuň ýanyna geldi. – Şeý-ä – diýýärler, ýoldaş Karaýuf. Sary Karaýew onuň elindäki torba garady-da ýakymsyzja gülen boldy. – Ho-o-ow, sal ýene. Näme baý malyny bahyl gysganar edýäň. Emin janyň paýynam sal, iýmeýän bolsa – Ol Emine garady – Dogry dälmi Emin? Emin suwy öň taýýarlap goýan çukuryna düzdi. Karaýew onuň ýanyna bardy. – Nähili görýäň. Badamy birinji günden ýygybersek?.. Emin baş atdy. – Hasyl mundan on gün öň ýygylan bolsa gowy bolardy. – O näme üçin? Häzirem wagty ahyryn, ýa dälmi? Emin Nurgeldi aga seretdi. Brigadir işini tapypdy. Iki eli bilen badam çöpleýärdi. – Umuman-a gaty badamy azajyk irräk ýygmaly. Ölkä onuň gabygy gowy aýrylýar. Soňam çeküwde-de birneme utuşy bolýar. Soňam kölgede suwuny çeken badam biçak süýji bolýar. Soňam ammarda dursa, ýagysy az. Hä zir welin gije, şagal, gündiz adam, galany leýs bolup, çüýräp gidýär. Ýaňky aýdyşyňyz ýaly, bişen aş-da. Direktor Nurgeldi aga seretdi. – Şagalam degýämi, Nurgeldi? – Deger ýoldaş Karaýuf. Şagalyňky süýjüje zat-da. Sary Karaýew elindäki badamlary jüwüsine saldy-da, iki elini biri-birine çaldy. – Bäh, onda birinji günden badamy ýygmaga başlalyň, sen ýatlat Nurgeldi, bormy? Ol halta seretdi. Bäş-alty kilogram ýaly badamyň ýygnananyny görüp, Emine seretdi. – Badam gowy zat. Erkekligiňe-de peýdasy bar şunuň. Ol ýumrugyny düwüp ýokarda silkeledi. – Him-m. Peýdasy bar. – Ol Nurgeldi aga garady. – Ýöri, Nurgeldi, gideli. Iş kän, iş. Olar Emin bilen hoşlaşyp gitdiler. Emin çiliň üstünde dyz epdi. Ol symyljak düýş görüp turan ýalydy. Alasarmyk pikirler, alasarmyk duýgy, onuň süňňüni agraldýardy. Günortan çaý-çörek iýmändigi onuň ýadyna-da düşenok. Ol çyrpynyp bulak bolup akyp barýan suwdan ýüzüni, elini ýuwdy. Soň az-kem gezmeledi. Suwuň indiki barjak ýerleriniň otuny gyrçady. Ol ýere düşen badamlary çöpläp, gyra üýşürdi. Soň badamyň düýbüni depdi. Ol şol badyna on-onki düýbi suw tutybermäne taýýarlady. Soň gyrçan otlaryny bir ýere üýşürip, üstüne jaýly oturdy. Onuň goja O bilen bolup geçen ahwalaty saldarlasy, seljeresi gelýärdi. – Ol goja maňa nämeleri gürrüň berdi. Perişdeler, erenler, şeýtan, arwah, jyn... Olaryň maňa näme derkary bar. Adamzadyň, bagtly bolany bilen, meniň näme işim. Meniň başymy agyrdyp, iýenimi-içenimi burnumdan getirip, maňa garaşyp, meni saklap, bar aýtjagy şolmyka? Öz-ä, bu zatlaryň aňyrsynda bir syr bolmaly. Maňa ýalan ýaly, bu zatlar. Ýa-ha meniň ýarawlygymyň peselmeginden nyşan ýa-da aklyma zeper ýetip ugrandyr. – Ol dikeldi. – Ertir. Hökman özümi lukmana görkezeýin. Barybir, çörek almaga etraba gitmeli. Emin güne gorandy-da, badamlyga akýan suwy bekledi. Soň assaja ýöräp, öýe bakan ugrady. 8. Gulýa Jumaýewna bu gün işden birneme irräk geldi. Ol maşyndan düşüp, öýüne ugransoň, öz gapysyny tanamajak boldy. Tutuş howly suwlanyp, syrylyp-süpürilip, gül ýaly edilipdir. Guran ýaz otlary, adam guşaklygyna ýetýän selme, syrkyn çapylyp, gyrçalyp süpürilipdir. Ot-çöp tamdyra salnypdyr. Çaşyp ýatan odunlar tertiplije basylypdyr. Mal ýatak arassajady. Gulýa Jumaýewna eýwana gelip hasam begendi. Bedreler suwdan doludy. Onuň, munuň getiren bugdaýly, arpaly doly, ýarym haltalary eýwanyň böwründe tertiplije basylypdyr. – Howlymyzda toý edibermeli! – diýip, ol oglunyň işigini çekdi. Işik açykdy. Ol içeri girdi. Eminiň otagy täze öýe gelen gelniň yhlasy bilen syrylyp, süpürilipdir. Düşekler köneje-de bolsa arassady. Törde oturmak üçin düşek ýazylyp, ýassyk atylypdyr. Saçak ýazylgy, üstünde çäýnek bilen käse dur. Saçakdan sähel aňňyrrakda bir tokga gara nan, ujundan azajyk döwlüp alnypdyr. Bir banka ownuk şeker bar. Onuň gapdaljygynda açylan goýaldylan süýt gapyrjagy. Dulda Eminiň ýekeje laý köýnegi, jalbary, burçda parça köwşi dur. Gulýa Jumaýewna oglunyň jalbarynyň jübüsine elini sokup bir gysym pul çykardy. çak bilen sanady. 350 manat. ol puly ýene öňki ýerine saldy-da, birden bozuldy. – Balam, oguljygym. Ejeň indi ýeke balasyna-da ygtyýary ýokmy? Ejeň indi ýeke balasyny-da iýdirip-içirip, geýindirip, boýuňa guwanmaga haky ýokmy? – Ol daş çykdy. – Bu zatlary men gabryma äkideýinmi? Sen, seniň çagalaryň hözirini görmejek bolsa... Ol är-aýalyň özüniň bolýan jaýynyň işigini çekdi. Gapy gulplydy. Ol sumkasyny ep-esli dörüp, açaryny aldy-da, işigi açdy. Içeriden turşan gatygyň hem çygyň ysy urdy. Içki jaýa geçdi. Owadan türkmen halylarynyň üstüne ýazylan saçak ýygnalmandy. Içi çorbaly, çemçeli uly jam, pytrap ýatan süňkler, ýarty çöregiň gapdalynda ýykylyp ýatan arak çüýşesi, onuň gapdalynda taşlanan bulgur adamsynyň ýaňrak turup gideninden habar berýärdi. Ol eşiginem çykarman adamsynyň ýatan düşegine süýündi. Owadan daşary ýurt stenkasy, hrustal bulgurlary, komplekt gap-gaçlary zordan göterýärdi. Ýere meňzeş türkmen halylarynyň altysy atylypdy. Diwarda ullakan teke gölli haly asylypdyr. Duldaky telewizor, onuň aşagyndaky tumba täzejedi. Beýleki burçda agyr seýf bardy. Ondan açar sallanyp durdy. açara gözi düşen Gulýa Jumaýewna at gysymlan ýaly bolup, syçyrap turdy. – Eý, waý, Alla janlarym! – Ol seýfiň gulpuny çekdi. Seýf ýapykdy. Ol açary towlap, seýfi açdy. Elini uzadyp kiçiräk syrçaly jamy çykardy. Onuň içi tylla ýüzüklerden, owadan altyn gulýakalardyr, gulakhalkalardan doludy. Gulýa Jumaýewna göz çeni bilen öz baýlygyna seretdi. Soň ony ysgap gördi. Bir gysymyny alyp, soň ony jama seçeledi. Jamy ýerinde goýdy. Soň egnini diräp, seýfiň töründen bir gujak, desse-desse pul çykaryp, ýeke-ýeke sanady. Olary ýerinde goýup, yzyna öwrülip sumkasyny aldy. Ondan iki desse puly çykardy-da, seýfe saldy. Emaý bilen gapysyny ýapyp gulplady. Açary çykaryp, gaýta-gaýta çekip gördi. Soň açary boýnundan asylgy ala bagjyga, çigip daňdy-da, içine goýberdi. – Kelläm gursun! Ýene Hudaý gorandyr. Ertir şu puly goýjak bolup açyşym-da. Kelläm ýog-a meniň – diýip, samrady. Eşigini çalşyryp durka, ýene gelmeli pullary sanady. Iş bitirdip, muzduny bermegi kyn görýän adamlar ýadyna düşende ýüzi gamaşdy. Telefon jyňňyrdady. Ol trubkany göterdi. – Alýo, alýo! – Ol trubka üfledi. – A-al-ýo! Aňyrdan tanyş aýal sesi eşidildi. – Ogy! Senmi? Hawa, gyz. Şu mahal işden gelip durşum. A gys, ertir pul goýjak bolup, seýf açyp gidibersem näme? Görsem, açyk. Tas ýüregim infark bolupdy. Zordan özüme geldim. Şony Juma-da görmedik bolmaly. Ýogsa, oba Sowete tilpun ederdi. Onuň seýfi ýapyk-la. Onuň ýaly bolup bolýamy? Eden işine ýaman jür. Ol trubkany gulagyna tutdy-da, dikgerildi. – Hä, gudaçylyga geldiler. Kim Seýit gyz. Hä, olarmy? Sen näme, aýtmadyňmy? «Gulýa Jumaýewnalar doglandan adagly edipdiler» diýip. Ol gaharlandy. – Pohuny iýipdir. Seýit hyssyk, harra-am-za-ada! Kim aýdýamyş. Meniň oglumyň akly üýtgäpdir diýip. Bilemok. Akly üýtgemän, dälihanadan çykanam bolsa, bir agyz uranyny. Gulýa Jumaýewna ile aldyrmaz. – Ol hökgerdi – Kepiň kelte ýeri, sen heleý, agzyňy ondak-mundak urma. Gyzyň durmuşy bilen altynyň dursa-da. Men söwda giderin. Sen bulama. Şol haram hyssyk-inçekesellini bir göreýin, gabryňy ýakaryn... Işik kakyldy. – Gelewer-u-uw! Işik ýene kakyldy. Gulýa Jumaýewna işige seredip telefona azgyryldy. – Goý, tilipuny. Senden şondan gowy habar çykasy ýok. Goý, tilpuny! Ol trubkany patyladyp apparata goýdy. – Entek bir gyzyň gelsin. Özüm ony ol oglanyň aşagyna sokaryn. Onsoň näderkäň, sen heleý... Içeri aljyraňy kişi girdi. – Salam, agam wiý ýeňňe. Men Weýis Babaýew. Aşgabatdan, unwersitetiň professory. Men – Weýis Babaýew! Gulýa Jumaýewna aýal doganyna gelen gazabyndan ýaňa ýüzünde dörän awusyny aýryp ýetişmän: – Waý, gowy-da, Weýis Babaýew bolsaň, gel – diýdi. Weýis Babaýew hem turşy ýüzüni az-kem süýjetjek boldy. – Maňa garaž gerek, garaž. Men şu ýere praktika geldim, praktika. Azajyk çepe boldy, çepe. Aý, ol hiç, hiç. Ony organlar hasaba aldy, hasaba. Gulýa Jumaýewna Weýis Babaýewiň uzyn boýuna, az-kem saçy düşen giň maňlaýyna, gyzyňky ýaly galyň, aýlawly gaşyna hyrydar seretdi. – Wah, ol-a bolmandyr – diýdi. – Aý, hawa bolmandyr. Ýöne, ol hiç, ol hiç. – Size näme gerek? – Garaž, garaž. Maňa maşyny üç-dört günlük goýar ýaly, ygtybarly garaž gerek, ygtybarly. Gulýa Jumaýewna burçda hemişe açar asylyp goýulýan çüýe seretdi. Çüý boşdy. Ol başyny ýaýkady. – Garažyň açaryny agaň alypdyr. Ol agşam geler. Garaž bar, Hudaýa şükür, iki garaž bar. Maşynam iki. Jaýymyzam iki. Kem zadymyz ýok. Ilden artyk bolsak artykdyrys, kem däldiris. – Maňa bir garaž gerek. Maşynym çepe boldy. tigirini, matorynyň şaýlaryny ogurlapdyrlar. Öňki aýna döwük. Men bu durşyna nirä äkideýin ony. Garažda goýup, ussa getirmeli. Gulýa Jumaýewna daş çykyp garažyň gapysyny elin gördi. Her garaža iki gulp urulgydy. – Gördüň dälmi? Agaň alyp gidipdir-dä. Weýis Babaýew myşlady. – Onuň ýeri nirede? Baryp geläýsem! Gulýa Jumaýewna oýa batdy. – Ol sklatda bolmaly. Ýöne etrabyň sudýasy ogluny öýerýär. Şoňa birki sany mal, iki halta kartoşka, nar eltjek diýdi. Ol agşamsyz köwlenmez. Bu gün şenbe. Öýlän bizem barmaly. – Ol galgyrap duran, myhmany başdan-aýak synlady-da, içini döken boldy. – Biziň bir oňa işimizem düşüp baranok-la. Şonda-da, agaň-da, eli açyk-da. Bar-da. Zady köp, döwleti zyýat. Edeýin diýýä-dä. – Aý, hawa-da – diýip, Weýis Babaýew hem ony makullan boldy. Gulýa Jumaýewnanyň gözi, sekiniň burçunda oturan del gyza düşdi-de göni oňa bakan ýöräp gaýtdy. – Gurgunmyň, keýigim! – diýdi. Soň ol Seniň ýoldaşyňmy? Diýen manyda Weýis Babaýewiň ýüzüne garady. – Bu gyz, okuwçym, okuwçym. Praktika geldik, praktika... Ady – Toty, Toty. Gulýa Jumaýewna bu myhmanlary gymmatly hasap etdi. Olar bilen tanyşyp, olary özüne ýakyn edesi geldi. – Biz gideli, biz gideli! – diýip, Weýis Babaýew sakanaklady. – Agamy tapaly, agamy. Maşyny ygtybarly ýerde goýmasak... – Ol Totynyň ýüzüne garady. – Ýa sen gal. Men gidip açar alyp gelýänçäm, açar... Heý, Gulýa Jumaýewna olary goýberermi? – Ýok, ýok, ýok! Günortanyň yssysynda hiç ýere gitmersiňiz. Meniň şofýorym bardyr. Oglanlary ýygnapjyk, maşyny howla salar. Şu ýerde maşynyň üstünden guşam uçmaz... Geliň, giriň, içer-ä. Weýis Babaýew sagadyna seretdi. Sagat bir bolup barýardy. Yssydy. – Aý, bor-da – diýip, ol gyrada duran el ýuwulýana bakan ýöneldi. Elini ýuwup, içeri girdi. Gulýa Jumaýewna saçagyň üstüni ýygnady. Çaý goýdy. Kolbasa, peýnir, mesge, gaýmak alyp, saçaga goýdy. – Siz çaý içiň. Men derrew börek bişirip bereýin. Taýýar hamyrym, üwelgi etim bar. Ol syrçaly pitä ýarty bedre suw goýup, gaz peçiň üstünde oturtdy. Soň holodilnikden hamyr alyp, stoluň üstünde ýaýyp başlady. Göz açyp-ýumasy salymda hamyry ýaýyp, taýýar eti gardy. Barmagyny diline ýetirip onuň duzumy barlady – Gül ýaly. Ol üç çäýnegi demläp, saçagyň üstünde goýdy. – Alyň, içiberiň. Toty-da turup oňa börek büküşdi. Sähel salymdan taýýar böregi gaýnap duran suwa atdylar. Weýis Babaýew öňüne börekli mejime, bir çüýşe arak, bir çüýşe konýak gelende, gözüne ynanmajak boldy. – Şu wagt bişirdiňizmi? – diýip, ol gaýmakly salatlary alyp gelen Tota şelaýyn seretdi. – Ot! Ot-da. Oduň bir bölegi. Edil on minutda taýýarlady. Myhmanlar şapyrdaşyp üstüne täzeje çiggaýmak dökülen börek iýýärkä, Gulýa Jumaýewna turuş obany aýak üstüne galdyryp, myhmanlaryň maşynyny howla saldyrdy. | |
|
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |