17:38 Hakyň didary -5/ romanyň dowamy | |
9.
Romanlar
Emin dynç güni irden turup, etrap lukmanynyň ýanyna gitdi. oňa başga bir erkek kişi seretdi. – Meniň ýagdaýymy bir gör, agam – diýip, ol lukmanyň ýüzüne perişan seretdi. –Näme bolýar? Emin ýagdaýyny düşündirip başlady. – Ýalňyz bolasym gelýär. Özümden başga adamyň sesem, bolşam hiç ýakanok. – Ukyň nähili? – Ýatsam agyr düýşler görýän. Düýşümde gaharlanyp, özüme zor salyp ýatanym üçin, turanymda ýadap, haldan düşüp turýan. – Işleýäňmi? – Suw tutýan, bagda. – Iş agyrmy? – Beýle bir agyr däl. Öwrenişipdirin. – Gije görýän düýşleriň gündiz ýene pikiriňde dowam edýärmi? – Wah, şol meni heläk edýär. Gündiz gözüme görünýän zatlar düýşmi, huşmy, salgymmy? Men düşünemok. Uzak wakalar bolan ýaly, huşumda, soň görsem iküç minutjyk geçipdir. – Işdäň nähili? – Işdä ýagşy. – Halaşýan gyzyň barmy? – Meniň ýaly telbäni kim başyna ýapsyn. Lukman onuň gan basyşyny barlady, ýüregini, öýkenini, gabaklarynyň içini, dilini barlady. – Men sen barada iki ýagdaýy aýdaýyn. Birinjisi, seniň ýaşyň-da galagolply, howsalaly ýagdaýlar köplenç bolýar. Näme etmeli, haýsy okuwa gitmeli, haýsy gyzy saýlamaly, haýsy hünäre eýe bolmaly! Aý, garaz öňüňde keserip ýatan mesele kän. Sen ony çözmeli. Çözjek bolup urunýaň, emma çözüp bileňok. Bular ruhuňy peseldýär, keýpiňi iýýär, işdäňi ýakýar, iň soňunda-da durmuşdan doýan ýaly edýär. Ahyr netijede nerwleriň ýadaýar. Gözüňe her zatlar görünýär. Soň olar düýşüňde, düýşüňdäkiler huşuňda bolýan ýaly bolýar. Saňa dynç almak gerek. – Wah, meniňki başga. Başga! – Emin zarynlady – Aýdyp bolanok. – Ikinjisi, gan basyşyň ýokary. Ýüz kyrkda togsan. Seniň ýaşyň üçin ýokary. Ol uzak mahal nerwiňi ynjyk saklamagyň alamaty. Ol goşlaryny tertipleşdirdi. – Häzir men saňa iki sany derman ýazyp bereýin. Akjasyndan häzir iç. Garamtyl sarysyny ýatjak bolanyňda iç. Bary geçer, oňat bolarsyň. Emin dermanlary satyn alsa-da, içmedi. – Goja bilen şu saparam gürleşeýin. Zerur bolsa, soň içerin. Ol dükana baryp un, saryýag, çörek, gant aldy. Soň ýola düşdi. Ýolda onuň deňinde bir maşyn saklandy. – Salam, ýagşy ýigit – diýip, kabinadan boýnuny uzadyp, kellesini çykardy. – Salam! – Emin aýak çekdi-de, ýüküne seretdi. Elindäki torbasynyň agramy ep-esli bardy. – Jülge obasyna nähili gitmeli. Maňa şonuň kontory gerek. Emin haltasyny ýerde goýdy. – Şu ýoly alyp gidiberersiň. Iki obany geçip, üçünji baglyk obadyr. – Sag bol. Maşyn ugrady-da ýene saklandy. – Siz nirä barýarsyňyz? Emin birneme dynjyny alan elini gündogara salgady. – Jülge obasyna. – Paý-pyýadamy? Emin sesini çykarmady. – Gel, bile gidibereli. Maňa kontory görkezersiň. – Kyn görmeseňiz. Ýaşuly maşyny ýuwaş, seresaply sürýärdi. Ol maşynyň maňlaýjygyndaky aýnasyndan Emini synlady. – Sen näme, Menem alyp git, ýaşuly diýeňok. Içiňde janyň ýok ýaly. Emin ýüzüni kese sowdy. – Dilegçilik etmek ýagşy däl – diýdi. Siz meniň ornuma kömege mätäç adamy alsaňyz ýagşy bolardy. Ýaşuly indi Eminiň göni ýüzüne garady. – Özüň şu ýerlimi özi? – Şu ýerli. – Işleýäňmi? – Işleýän. – Ejeň-ataňam barmy? – Bar. – Salyňa-a gowşak. Ýaşuly ýoluň iki gapdalyndaky çuňňur derelere. Aşakdan şaglap akýan derýajyga, iki tarapyňy gabsalap duran ýaşylymtyl-gara syrçaly ýalaňaç daglara haýran bolup seredýärdi. – Haý, seni ýasan ussa-da! – diýibem, Emine garady. – Muny ýasaýşyny – Ol kokurja ýylgyrdy. – Hany, ýasajak bol-da, ýasaýmarsyň. Bu bir gurat-la. Ýaşasaňam şu ýerlerde ýaşaýsaň, hä. Emin sesini çykarmady. Janykdy. – Meniň bir gyzym bar, Tomiçkam. Walla, öz mugallymyny gününe goýman şu ýere bir hepdelik alyp gaýtdy-da. – Ol başyny ýaýkady – Ana, indem düýn jaň edýär – Papoçka ýet, bizi taladylar. Maşynymyzy sypyrdylar. Gaýdyp bilemizok – diýip. Onsoň gaýtdym-da. Mundan myhmanhana geldim. Jülge obasynda diýdiler. Ol Emine garady. – Aşgabatdan gelen professoryň maşynyny talapdyrlar – diýib-ä eşiden dälsiň? – Aý, ýok. Emin tigirsiz duran maşyny ýatlady. Sesini çykarmady. – Bo-o-ow! Professoryň maşynynynyň işini görüpdirler. Tigirlerini alyp, ýerine daş söýäpdirler. Gaňryp gapysyny açyp, soň kapoty açyp matoryň şaýlaryny alypdyrlar. Yzyndan odur-buduryny alypdyrlar. Aý, garaz, talaň-da Ýaşuly keýpihonluk bilen töweregine garady. – Aý, garaz, maşyn işlemez ýaly edipdirler. Külüni çykarypdyrlar. Ol ýüzüni başga, geň galýan keşbe getirdi-de, ýaňaklaryny salpartdy. – Ol professor geň adam. aýaly bar, onda-da, meniň Tomoçkam diýip ölüp ýatyr. Tomoçka-da ölüp ýatyr. Hiç aýrylyşyp bilenoklar. Bir günem: «Papoçka, bolmasa men professora durmuşa çykaýyn-la» diýip otyr-da. Ýüregim birhili boldy. men nire, professor giýew nire. Onsoň «Sypdyrma, gyzym!» diýdim. Ýaşy ulurak, bäş çagasy bar. Bolsun. Samyý glawnyý, professor! Ol Emine garady. – Öýlendiňmi? – Ýok. Ol başyny atdy. – Kyn-da, sen hor, gap-gara, keselbent, halsyz. Ebgar adam, aslynda öýlenmeli däl. Oňarýaň – Ol maşynyň roluny pitikläp goýberdi – Professory gördüňmi? – Hä, näme?! – Uzyn boýly, ak ýüzli. Elli ýaşly. Kak agurçik. Ýene, professor! Baýdak ýaly. Ol bagtly ýylgyrdy. – Meniň Tomiçkamy görsediň?! – O-o-oh-o! On ýedi ýaşly. Aýyň parasy, Günüň şuglasy. – Ol haýsydyr bir aýdyma hiňlendi. – Akylyň, edebiň, owadanlygyň öýi! Özi bolsa neý-neý, neý-neýdýänlerdendir. Jülge obasy golaýlady. – Ine, şu Jülge obasy! – Näme, saklaýynmy? – diýip, ol maşynyň badyny gowşatdy-da, saklandy. – Düşnüklimi? – Sag boluň! Emin maşyndan düşdi. – Oba girip, göni gidip, saga aýlanan ýeriňizdedir, kontor. – Oba girip, soň göni, soň saga. Bolýar. Bolýar. – Ol emine garady. – Bu iki ara hiç hili zat tölemeseňizem bolar. Ýakyn ýer-ä. Aý birki manat berseňizem bolar. Benzin puly. – Emin elinde saklap duran şaýlyklaryny onuň aýasyna jogurdadyp guýdy. – Dur! – diýip, ýaşuly gygyrdy – Dur, «Ýerden tapsaň sanap al» diýipdirler. Sanaly! Ol köpükler sanady. – Ýigrimi, kyrk, altmyş, segsen, bir manat. Ýigrimi, otuz bäş. Kyrk, elli! Bir manat elli. Kakras. Bolýar, bolýar, benzin puly-daraý. Emin bu geň adama duşanyna begense-de professoryň düşen halyna gynandy. Adamlaryň nebis diýip biri-birlerine edýän zulumuna başyny ýaýkady. Öýlerine gelip, howlyny bir ujyndan arassalady. Bedreleri suwdan doldurdy. Özüne çaý demlendi. Getiren çörekleriniň birini eýwandan aldy. Birini kesip, akja ýaglygyň üstüne kakmak üçin serip goýdy. Garnyny doýurubam, pilini alym badamçylyga gitdi. * * * Düýnki wagt, düýünki ýerde Emin rahat otyrdy. Baglara düzen suwy zymdyrylyp duşundan geçip barýardy. Ol gorky hem gyzyklanma bilen dälimäşiň dänelerini agzyna atdy-da, akja per bilen ýüzüni ýelpedi. Ýelegiň badyna dumanly sahypalar agdarylyp, gök-goýry salgym onuň gözüni ümezletdi. Ol özüniň başga bir älemi, başga bir hala geçip barýandygyny duýdy. Ol özüni duýman başlady. Ilki duman syryldy. Soň salgym kem-kemden çökdi-de, ýumşajyk, gözüňi deşip barýan ak şuglaly duman geldi. Ol çöküşensoň onuň gözi ýene-de durşuna ak şugla batan obalara, kentlere, şäherlere düşdi. Birdenem älem-jahan durlanyp, tämiz bolup gitdi. Emin özüne garaşyp duran gojany gördi. Goja edil düýünki ýaly ne ýöräp, ne uçup, täsin tär bilen onuň dyzyna münüp ýigide baş egdi. – Geldiňmi gözel Ha! – Geldim. – Emin azajyk howlukdy. – Siz meni näme üçin soraýarsyňyz bu zatlary näme üçin maňa aýdýarsyňyz! Goja gözlerini ýumdy. – Bu biziň arzymyz. Sözüň ahyry şeýle gutardy. Eý, gözel Ha siz az kem arzymyzy diňläň. Ol öz halkyna baş egdi. Tutuş halk oturdy. – Adamzat bagtly boldy... Adamzadyň arasynda saýlap, seçip, olara ylymyň, bilimiň akylly-eşretli, kuwwatly, bagtly bolmagyň syrlaryny öwredip, şolaryň üsti bilen Adamzada tilsimleriň, tilsimatlaryň, kanunlaryň syrlaryny açyp berdik, adamzada Ýeriň üstündäki, Ýeriň astyndaky Beýik Ha mülklerini açmagyň syryny we açaryny berdik. Tutuş Adamzat dem-demden, gün-günden, aý-aýdan ýyl-ýyldan akylly, eşretli, kuwwatly, bagtly bolup, täze tilsimatlara eýe bolup barýar. Indi biz ähli bagtlylyk, kuwwatlylyk, eşretlilik güýjüni Adamzada berip, onuň alynda güýçsüz we ejiz bolup galdy. Indi Adamzady diňe we diňe beýik Ha saklap biler. Beýik Ha-da indi ony saklamaz. Goja öz halkyna seretdi. Tutuş halk Dogry! Dogry! Dogry! – diýip orlaşdy. – Eý, gözel Ha! – Goja öz halkyna baş egdi. Halk oturdy – Eý, gözel Ha! Beýik Ha Adamy «Maňa mähriban bolsun. Oňa eden çäksiz ýagşylygymy mähir, razylyk togaby bilen gaýtarsyn» diýip ýaratdy. Indi Adamzat akylly boldy, bagtly boldy, kuwwatly boldy. Ähli tilsimleri we tilsimatlary ýagşy eline aldy. Eý, gözel Ha! Adamzat şol bir wagtda öz akyllylygynyň, bagtlylygynyň kuwwatlylygynyň ters ýüzüni akylsyzlygyny, bagtsyzlygyny, ejizligini hem şol tilsimatlara salyp başlady. Ol beýik Hanyň buýurmadyk zatlaryny Iblisiň mülküniň baýdagyny göterdi. 1. Ahlaksyzlyk. 2. Utançsyzlyk. 3. Haýasyzlyk. 4. Ogurlyk. 5. Jelepçilik. 6. Uruş. 7. Zorluk. 8. Zalymlyk. 9. Ejizlik. 10. Zulum. 11. Horluk. 12. Neşebentlik. 13. Arakkeşlik. 14. Nebisjeňlik. 15. Ikiýüzlilik. 16. Ýüz görüjilik. 17. Zyna. 18. Wezipeparazlyk. 19. Harsydünýälik. 20. Hudaýsyzlyk – ýaly beýik Ha hoş ýakmaýan zulmatlary. Şol tilsimatlara çykaryp, Adamzada nygmat edip berdi. Adamzat: 1. Bozulýar. 2. Çüýreýär. 3. Zaýalanýar. 4. Ahlaksyzlaşýar. 5. Wagşylaşýar. 6. Hudaýsyzlaşýar. Öň beýik Ha Adam bilen Howany ahlaksyzlygy üçin gözel we görkana Jennetden kowan bolsa, indi Ýer ýüzi durşuna ahlaksyzlygyň mekany boldy. beýik Ha olary kowmaga ýer tapar. Goja öz halkyna baş egdi. Tutuş halk «Dogry! Dogry! Dogry!» – diýip orlaşdy. Goja ýene baş egdi. Tutuş halk aşak oturdy. – Eý, gözel Ha! Adamzadyň şeýle bihaýalygy diňe özüne ýetenok. Ol beýik Hanyň ýaradan: 1. Ruhlaryna! 2. O-o-o-laryna! 3. Perişdelerine! 4. Erenlerine! 5. Hydyr-Kyýaslaryna! 6. Jynlaryna! 7. Arwahlaryna! 8. Şeýtanlaryna! 9. Perilerine! – geçip, olara-da ýaramaz täsir edip başladylar. Sebäbi Adamzat şol tilsimatlary göge çykardy. Indi ol hapalyklary diňe bir Adamzat däl-de ýaňky adyny aýdanlarym hem iň erbedi. Biziň O-o-o-larymyz görüp, özüne görüm-görelde edip başlady. Biz bozulyp, hapalanyp, çüýräp, azyp, ahlaksyzlanyp, Hudaýsyzlanyp başladyk. O-o-o-lar olary özüne Ha edinjek bolýar. Çünki olaryň arasynda Adamzadyň arasynda öz Ha-myz ýok, şonuň üçin beýik Ha dilegçi boluň: – «Bize Adamzadyň içinden Kyýamat-magşara çenli bir Gözel Ha belläp beriň. Ol biziň öňümiz we soňumyz bolsun! » – diý. Beýik Ha: – «Bolsun!» – diýdi. Siz eneňiziň içinde ýaradyňyz. Biz siziň geleriňize kän garaşdyk. Indi geldiňiz. Bu gün Sizi öz halkymyza tanatmaly günümiz geldi. Eger ejaza berseňiz men Sizi öz halkyma tanadaýyn. Ol öz halkyna garap ellerini göterdi. Soň bir düşnüksiz sözleri aýtdy. Tutuş halk: – Ha! Ha! Ha!.. – diýip gygyrdy. Ol halkynyň dabaraly gygyrmasyny goýdurdy. – Beýik Ha bize Adamzadyň arasyndan ýalňyz gözel Hany bize iberdi. Ol biziö özümiz, ahyrymyz. Gözel Ha tagzym ediň. Tutuş halk Emine tagzym etdi-de, soň onuň aýagyndan togap alyp geçip gitdi. diňe goja Eminiň eliniň aýasyndan, soň ýaňagyndan ogşap, tagzym etdi. Soň Eminiň aýasyna çykdy. – Eý, O-o-o! Ine, meni görüň. Beýik Ha meni gözel Ha-nyň aýasyna berdi. Gözel Ha maňa aýtdy. – Diňe maňa gara, meni gör, meniň bilen bagtly bol! – Men gözel Ha aýtdym. Sen beýik Hanyň elinde. Men gözel Hanyň elinde, tutuş O meniň elimde. Biziň gözümiz saňa garar we Sizi görer. Siziň bilen bagtly bolar. Seniň buýrugyň beýik Ha-nyň buýrugy. Şol buýruga hiç bir O-nyň bozmaga ýaky ýokdur. Ol halkyna baş egdi. Külli O-o-o halky: – Dogry! Dogry! Dogry! – diýip orlady. Emin bu sözleriň manysyna düşünse-de, özüniň näme üçin gözel Ha saýlanandygyn, indi näme etmelidigine düşünmedi. Goja baş atdy. – Onuň manysy budur. Ol günüň bir taryny Eminiň eline berdi. – Emin gözüni ýumdy. Onuň gözüniň alnynda adaty telewizoryň ekrany açyldy. Onda bir garry goja bilen ýaş gyz çyp ýalaňaç bolup, aýşy-aşrat sürýärdi. Bu ýagdaý şeýle jikme-jik görkezilýärdi welin tutuş halkyň gözi şaňa dikildi. Goja günüň taryny aýyrdy-da, başga bir bulgury Eminiň gözüne tutdy. Dünýä gap-garaňky boldy. ýöne telewizoryň ýaňky wakaly ekrany O halkynyň ählisiniň ýüreginde galyp, olara görnüp durdy. Goja ak bulgury aýyrdy. – Ine, biziň günümiz. – Men näme? – Siz öz durmuşuňyzda iň kyn synaglardan geçersiň. Şol synaglar, onda siziň özüňizi alyp barşyňyz biziň aýna dünýämiz bolar. Biz ýaňky wejerralyga, hapalyga derek siziň horluklaryňyzy, ejizligiňizi, ezizligiňizi O-o-o halkynyň dünýäsine ornaşdyrarys. Ol halkyna baş egdi. Tutuş halk onuň sözüni tassyklap, or çekdi. – O-lar siz bilen beýgeler. Siz bilen bagtly bolar. – Maňa nähili synag garaşýar? – Sizi synaga beýik Ha salar. Ony biz siz synagy çeken mahalyňyz göreris. Goja Eminiň aýasyndan bilegine, soň egnine çykdy. – Biz saňa: – Weliligi bereris! – Siz ähli zady görersiňiz. – Biz Size bagty bereris! – Siz näme isleseňiz şoňa ýetersiňiz. – Size kuwwatlylygy bereris! – Size tilsimleriň, tilsimatlaryň syryny bereris! – Size bu dünýäde janly-jandarlaryň Beýik Ha tarapyndan bar eden döreýiş, bar bolmak, ösüş, dogulyş keramatyny açmak buýruldy... – Size Adamy we adamzady ýok bolup gitmekden, çüýremekden halas etmegiň syry berildi! – Size islän pursatyňyz ölüp beýik Hanyň ýanyna baryp, onuň didaryna gowuşmak bagty berildi! Goja öz halkyna baş atdy. Tutuş halk: – Dogry! Dogry! Dogry! – diýip orlaşdy. – Men mydam seniň ýanyňda. Sen mydam meniň ýanymda. Ikimiz mydam beýik Ha ýanynda. Goja gözel Ha-nyň aýasyny ogşady-da onda eräp gitdi. 10. Emin erbet üsgürdi. Ol nämedir bir zadyň parça köwüşini çekeleýändigini duýdy. Aýagyny silkelejek boldy. tutuş süňňi doňup galypdyr. Bir şagal çalaja çyňsady-da, şapyrdap, suwa özüni urdy. Soň uwlaşýan şagallara goşuldy. Ýap tarapda onlarça yşyjaklar ýalpyldaşýardy. Olar şagallardy. Emin hyklap, çoklap kynlyk bilen ýerinden turdy. Pilini eline aldy. Soň suwy yzarlady. Onuň gündiz taýýarlan çukurlary suwdan dolupdyr... Indem suw tutup ýörmek giçdi. Yzgar ýalazy ýerde ýatansoň endam-janyny soka salnan ýalydy. – Gaýdaýyn! – diýip, Emin ene ýaba bakan ugrady. Ene ýap lummurdap akyp durdy. garamtyl gögüň bir bölegi suwa gaçan ýalydy. her ýerde bir ýyldyz, akman suwuň düýbüne çümüp durdy. Ol uly ýapdan alan gulagyny bekledi. Soň gyralardan topur alyp, ýagşy tapbatlady. Ýere degýän piliň güpürdisine gapdaldaky çöpüň içinden bir şagal atylyp çykdy-da, hyşalyga urup gitdi. badamlaryň üstüne gonan sülgünler pasyrdap uçdy. Emin olary ganat kakyşyndan tanady. Olar garga däldi. Emin gitmeli ýoluny nazarlap, oba tarap seretdi. Obanyň üstünden ýagtylyk sepleşýärdi. Käýerde, ýalňyz yşyk göz gypyp otyr. Howa tämiz. Şemal ýok. Ýabyň boýlarynda suw gaçan, suw tutulan meýdanlardan jürlewügiň sesi gelýär. – Diýmek, ymlyk ýaňy garyşypdyr. Emin töweregine seretdi. Ähli ýer gap-garaňky. Çogdum-çogdum baglar hem özlerini tümlüge gark edip, irkilip otyrdylar. Aý doganokdy. – Men indi kim? – diýip, Emin oýlandy – Men nähili ýaşamaly? Ýa öňkim ýaly bolubermelimi? Olaryň synagy nirede başlap, nirede tamam boljak. Emin oýlandygyça kalby, aňy ýagtylyp gitdi. – Başa gelenini görübermeli bolar. Erbed-ä bolmaz. Barybir iller dagdan «Arkaň bilen daş çeký-ä» diýmediler. Ýitirýän zadym ýok... Ol ýolunyň ýagtylýanlygyny aňdy. Yşyk dury däl-de, ýaşylymtykdy. Ýoluň ugrundaky kiçijik çöp-çalamlar, keseklerem indi mese-mälimdi. Ol göge seretdi. Aý, ýokdy. Älem garaňkydy. – Men indi olar üçin görelde bolmaly bolsam, ilki kakamdan ötünç soraýyn. Soň Çendire «Bagyşla» diýeýin. Meger, olarda günä ýok. Özüm gördüm, eşitdim. Alla bilen Adamyň arasynda näçe keramatlar, syrlar bar. Belki, ol işler synagdyr. Belki ol işleri özüme etdirendirler.şol ýene-de Aýyň dogjak ýerine seretdi. Sebäbi öňündäki ýagtylyk has aýdyňlaşdy, uzaldy. Ýol gündizlik ýaly boldy. – Soň, ejem bilen gowy gürleşeýin. Ondan öýke-kine etmeýändigimi aýdaýyn. Aýlygymdan un alyp çörek bişireýin. Nahar-şam etjek harajadyny meniň aýlygymdan alsyn. Öz pullaryny nämä sowsalar sowubersinler. Eminiň köňül dünýäsindäki gara tutular üzüm-üzüm bolan ýaly boldy. onuň kalby rahatlandy. – Adam oglundan öýkäm-kinäm ýok. Hiç kime algym-bergim ýok. Bir wagt lukman gelinden bäş manat alypdym. Onam işläp başlan badyma eltip beripdim. Ol begendi. Nämä begenýänini bilmedi. Häzir bir syrly we keramatly halkyň «gözel Ha»-sy bolany onuň ýadyna düşenokdy. Ol öýleriniň garşysyndaky ene ýapdan böküp geldi-de, howlynyň ýap tarapdaky gapyjygyny açyp, girdi. Howluda maşyn durdy. ol özünden eňterilýän ýalkymyň ýagtysyna maşynyň öňki nomerini gördi. Maşyny tanady. Onuň daşyndan aýlandy. Dört tigirem ýerindedi. – Weýis Babaýewiçiň maşyny! Işikler ýapykdy. Eýwanda del köwüş ýokdy. Ejesiniň, kakasynyň iç-daş geýýän köne köwşi pytrap ýatyrdy. Emin olary jüpje goýdy-da, öz otagynyň işigini çekdi. Işik açykdy. Içeri ýalkymdan doldy. Ol ýazylgyjaa düşegini, klýonkanyň üstünde duran çäýnegini görüp hem ýadanyny hem gaty ajyganyny duýdy. Çäýnegini alyp daş çykdy. Ilki çaýkap, çäýnegini suwdan doldurdy. Soň ýüzüni, ellerini sowuk suwa ýuwdy-da içeri girdi. Az-kem garbanybam düşegine geçip, başyny ýassyga goýdy. – Ertir ejemjan bilen gürleşeýin, «Öýke-kine etme, eje jan», diýeýin. Soň kakam bilen. Ol şo bada uka gitdi. ...Oňa ak eşikli diwana, ak şugla bolup duran keramatly goja garaşyp durdy. – Sen Hakyň didaryny görmäge ýakynladyň. Me – Ak şuglaly goja oňa ak bagly altyn sagat berdi. Onuň bir ýerinde gyzyl yşyk ýandy. – Ine, seniň synag eýýamyň başlandy-y-y! Olar Emini galdyryp, gözden gaýyp boldular. | |
|
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |