17:39 Hakyň didary -6/ romanyň dowamy | |
11.
Romanlar
Gulýa Jumaýewna üçin bu gün aýratyn bir ähmiýetli gün boldy. Ol hut Aşgabatdan, onda-da unwersitetden, onda-da hut professory ýanynyň aýyň parçasy ýaly mugallymyny öýünde myhman alyp, hezzet-hormat etdi. Olar bilen kejebe ýaly bolup, etraba, etrap sudýasynyň toýuna gitdi. Bu ýakynlarda diňe Gulýa Jumaýewnalara däl, tutuş oba-oba aýlansaňam beýle myhman öýüne gelen ýokdur. Gulýa Jumaýewna özüni baý, döwletli aýal hasaplaýardy. Bir obanyň içinde goşa jaý, goşa maşyn, sandyk doly altyn pul. Ýöne olary kim görýär. Emma Gulýa Jumaýewnanyň olary görkezesi gelip, ýüregi çatlaberýärdi. Ýöne kime, nädip görkezjek. Ol il-günden çekinmänem duranokdy. Ili ýakymsyz hasaplaýardy. Ýöne beýdip ýygnap, onam hiç kim bilmese, görmese, o baýlyk nämä derkar, nämä. Ol uzak ýerlerden aýraýly-abraýly myhmanlary getirip, howlusyny syryp-süpürip, bar ýere täzeje el halylaryny düşäp, komplekt gap-gaçlaryny ýaýradyp, myhmanlasy gelýärdi. Şeýdip, ile özüni görkezesi, iliň agzyna gapak urasy gelýärdi. Şu gün ol howlusynyň syrylan-süpürilen howlusyna girip: «Bul-a toý edibermeli bolupdyr!» diýdi. Ol agzyndan bir gep çykdy, şap bolup «Bitýän» hasap edýärdi» diýişi ýalam boldy. del myhmanlaryň özleri aýajyklary bilen geldiler. Hakyna seredeniňde, bu myhmanlar özüň gözläp, tapyp «Bizdenem bir çörek iýiň!» diýip, ýalbar-ýakar edip getireniňe degýärdi. Ol gelen myhmanlary il görer ýaly etmegiň aladasyny etdi. Ol diýenem boldy. olary toýa, onda-da kimiň toýuna diýsene, alyp gitdi. Toýda olary stola çykardylar. Ol hem Gulýa Jumaýewnanyň ýetip bilmez arzuwydy. Etrap ýerinde aýallar köplenç öýde oturgyç bolýar. Stola ketdeler çykýar. «Öz-ä gelip başladylar!» – diýip, Gulýa Jumaýewna begenjini gizläp bilmän ýylgyrdy. Tanyş-bilişler ylgaşyp gelip: – Guloçka, geldiňmi? Ýanyňdakylar kim? – diýip soraýardylar. – Aşgabatdan, unwersitetden professorlar. Öýe ýörite gelipdir. Olaram alyp gaýtdym – diýýärdi. Onsoň bu toý, bu agşam Gulýa Jumaýewnanyňky boldy. tutuş etrap Gulýa-da, Gulýa boldy durdy. Toýuň ahyrragynda Jumagurt aga-da toý edýän Sary Hallyýewiçiň yzyna düşüp onuň ýanyna geldi. Ol agzynyň nasynam dökmän: – Gu-la, geldiňizmi! – diýdi. Soň – Nähili gaýtçak. Maşyna bardyr – diýdi. Gulýa Jumaýewna adamsynyň ýüzüne aladaly seretdi. – Myhmanlarymyzam bar. Aşgabatdan, unwersitetden... – Ýer kän-le – diýip, ýaşuly nasyny gapdala tüýkürdi. Gulýa Jumaýewna adamsy üçin utanyp, bir gara ýere girmedi. – Irräk tursag-a, gowy boljak. Myhmanlary ýadatmaly. Olar bu gaty stolyň üstünde ugurly iýibem bilmediler. – Häzir, men onda... Jumagurt aga bir salymdan Sary Hallyýewiç bilen dolanyp geldi. – Biz gideli! Myhmanlaram bar. Erte-birigün aýlanaryn. – Bolar, bolar, sag boluň. Toýuňyzda gaýtsyn. Olar sagat onlara gaýdyp geldiler. Howly ýapykdy. Maşyn durdy. Gulýa Jumaýewna myhmanlary içeri saldy. Olaryň öňünde çaý-çörek goýdy. Jumagurt aga çüýşeleri açyp, olara hödür edip başlady. Gulýa Jumaýewna oglunyň penjiresine seretdi. Içerde yşyk bardy. Ol işigi açyp, ogluna seretdi. Emin süýji ukuda ýatyrdy. Gulýa Jumaýewna yşygy öçürmekçi boldy. Swet öçükdi. Ol gözlerini tabak ýaly edip, içeri, soň daşary garady, daşary garaňkydy. Eminiň otagy süýt ýaly ýagtydy. Gulýa Jumaýewna elem-tas bolup içeri girdi-de, adamsyny çagyrdy. – Juma! Juma! Gel munda, hany. Jumagurt aga eline alan arakly bulguryny saçagyň üstünde goýup, daş çykdy. – Gör, näme görýäň?! Jumagurt aga geň zat görmedi. – Çyrany öçür. Degme, ýatsyn. – Juma, çyra öçük. Jumagurt aga hiç zada düşünmedi. Ol oglunyň otagynyň çyrasyny gaýtadan ýakyp, öçürdi. Soňam: – Onda o ýagty näme? – diýip mydyrdady. Gulýa Jumaýewna eýwanyň çyrasyny öçürdi. Dünýä tümlüge döndi. Eminiň otagy ak nurdan lowurdap durdy. är-aýalyň howsalasyna, içerde oturan Weýis Babaýew hem tasanjyrap çykdy.. – Maşyna bir zat bolupmy? – Wah, maşyn gowy-la. Şu oglum ýaramajak bolýar. Weýis Babaýew ynjalman aýak ýalaň halyna maşynynyň daşyndan bir sapar aýlandy. Onuň gapylaryny çekdirdi. Kapotynyň açyklygyny, ýapyklygyny barlap durşuna: – Näme bolýar, oňa? – diýip sorady. – «Birazajyk psihiki keseli bar» diýib-ä eşitdim, psihiki keselli – diýip. Ol assaja ýöräp är-aýalyň ýanyna geldi. – Näme, basyrganýarmy?! Çyra öçük bolsa-da, işik açyk bolansoň, ýigidiň süýji ukuda ýatandygy görnüp durdy. – Goý, ýatybersin. Çyrany öçüriň, çyrany. – Çyra öçük. Ýagtylyk onuň özünden çykýar, özünden. – Ö-özü-ünden! Mümkin däl, mümkin. Ol işige bardy hakykatdan hem çyra öçükdi. Weýis Babaýew bada-bat netije çykardy. – Ol hiç-le. Bolýan zat. Adamyň süňkünde fosfor bar. Fosfor gijesine ýanýan ýaly, ýalkym saçýar. Ogluňyz hor, derisi ýuka. Üstesine-de, iýýäni badam onuň. Onsoň ýalkym saçar ýatar. – Onça-da bir fosfor bolarmy, onça-da bir ýagty bolarmy? Jumagurt oglunyň işigini ýapyp içeri girdi. Olaryň söhbeti täzeden başlap, tä daňdana çenli dowam etdi. 12. Emin ir turdy. Howany täzeden süpürdi suwlady. Eýwandaky köwüşleri, goş-golamlary tertipleşdirdi. Bedreleri suwdan doldurdy. Sygyr ýatagy arassalady. Sygryň, göläniň öňüne ot dökdi. Birden kir ýuwulsa gerek bolsa diýip, ojagyň üstündäki agyr gara gazany ýuwup, içini suwdan doldurdy. Aşagyna syrlyk-süplükleri salyp, ot ýakdy. Soň ýabyň boýuna baryp ýüzüni, eginlerini, boýnuny ýuwdy. Çäýneklerini çaýkap, elektrik çäýnegi suwdan dolduryp, toga çatdy. Çaýyny demläp, howlukman garbandy. Bu gün bazar günüdi. Onuň gitmeli ýeri ýokdy. Eger kyn görmese, gidip badama suw düzüp, öýe gaýdyp biljekdi. «Ertir badam ýyglyp başlanjak bolsa, suw tutaýyn» diýip oýlandy. Oňa öýde, howluda etmäge iş ýokdy. Onuň nämedir bir zada güýmenesi gelýärdi. Ýöne nämä güýmenjek. Emin okamany, telewizora seretmäni, radio diňlemäni halamaýardy. Onuň üçin onuň kitabam, telewizoram ýokdy. Ol tehnika-da gyzykmaýardy. Maşynam, eşigem onuň üçin birdi. Olaryň tapawudyny seljermeýärdi. Ýöne eşiklerini ýuwmagy, iliklerini çatmagy, ýirik-ýyrtygyny ýamap tikmegi gowy görýärdi. Onam ejesi, kakasy öýde ýok wagty ýa-da işleýän ýerine äkidip, arakesmede ýabyň akaryna baryp edýärdi. Onuň öýde eşik ýuwanyny, ilik çatanyny gören adam ýokdy. Käte ejesi ýuwaýsam diýip, sermenip görse-de. Oglunyň eşikleri, joraby arassajadyr. Emin otagyna geçip, ýassyga gyşardy. Onuň göwnüne ýanyna kimdir biri geläýjek ýaly. Soňam bir ýakymsyzlyk bolaýjak ýaly boldy. – Kim gelsin? Näme ýakymsyzlyk bolsun – diýip, ol açyk işikden daşary seretdi-de, beýlesine agdarylyp, gözüni ýumdy. Ol ymyzgananyny duýman galdy. – Sa-a-l-am! Emin aýal sesine oýandy. Ol gözüne ynanmajak boldy. Işikde Aşgabatdan gelen mugallymyň ýanyndaky gyz gurdy. – Emin ýerinden turdy. – Duşuňyz ýokmy? – Duş bar. Jaýyň gapdalyna öwrüliberiň. – Plotensaň ýokmy? Ol duldan asylgy kiçijik plotensany gyza uzatdy. – Sabyn! – Şampunyň ýokmy? – Ýok. Ol gyz sabyny alyp, tamyň gapdalyna öwrüldi-de, salym geçmän yzyna dolandy. – Onuň içinde arynyň öýi bar, kowup beräýiň. Emin sübsäni aldy. Soň gazandan bir saplaw suw aldy-da gyzyň öňüne düşdi. Duşa köpden bäri adam girmänsoň, onuň içini arylar öz mülküne öwrüpdir. Emin arynyň kökesine suw pürkdi. Soň kökäni ýerinden gopardy-da, üýşüp duran agaçlaryň arkasyna goýdy. Duşda suw azrakdy. – Girmäň! – Ol gidip, gazandan bir bedre suw alyp, merduwan bilen çykyp, duşuň üstündäki çelege ýylyjak suw guýdy. Soň merdiwandan düşüp, otaga gitdi. Salym geçmänkä ýarym-ýalaňaç bolup, ol gyz ýene geldi. Ol heniz sabynam doly ýuwulmadyk saçynyň suwuny seçelendirip, ýene geldi. – Waý, bir zat şygyrdady. Men gorkýan, hökman ýylan bolmaly – Ol Emine seretdi – Gel, göräý. Emin duşuň içine seretdi. Sabynly suwdan başga zat görmedi. – Giriber. – Durarsyň gerek. Emin ol gyz ýuwunyp bolýança garaşdy. Soň ýene otagyna girdi. Ol gyz ýyrşaryp geldi. – Bu ýerleriňiz gaty gowy-laý. Ýylan, ary, möý, baglar, suwly ýap, hä?! Ol Eminden jogaba-da garaşyp durmady. – Dawaý, çaý içeli-a. Emin suwdan doly elektrik çäýnegi toga ötürdi. – Men içdim. Häzir saňa demläp beräýerin. Ol gyzyň keýpi kökdi. – Agşam bir içipdiris, bir içipdiris, sumkamy nirede galdyranymam unudypdyryn. Daragym, pomadam, duhim zadam şonuň içinde ahyryn. Herne sende sabyn bar eken – Ol Emine seretdi. – Aýna-darak bersene. Emin oňa aýna-darak berip, «Munuň nämesi synagka?» diýip oýlandy. Bu gyzyň öňünde özünde bar zatlary goýdy. Ol gyz iýip-içip oturşyna: – Sen bularyň nämesi? – diýip sorady. Emin onuň ýüzüne bakdy. – Özler-ä oglumyz diýýär. – Sen näme diýýäň? Emin pyçagy alyp, pitidäki gowurdaklary bölüşdirdi. – Men hiç zat diýemok. Ol gyz sowalyny has çuňlaşdyrdy. – Halaşýan gyzyň barmy? – diýdi. – Ýok. – Okuwa näme üçin gitmediň? Sen ýigrim-ä ýaşansyň? – Ýedi klas bilimim bar. Ol ýene-de Eminiň ýüzüne gyzyklanma bilen garady. – Psihiki kesel bolanda sen nähili ýagdaýy başdan geçirýäň. Haçan gaharyň gelýär. Emin ýere garady. – Adamkärçilik bozulsa gaharym gelýär. – Nähili? – Ine, sen ýaly, ýüzüňe bakyp, adamy kemsidýän sowal berlende. – Bolşuň aýdylsa näme, gaharyň gelýärmi? – Men pisihiki keselli däl, keýigim. Derweze kakyldy. Emin daş çykdy. Derwezäni açdy. Işikde düýünki Jülge obasynyň kontoryny soran adam durdy. ol Emini görüp begendi. – Nirä baryp bir zat sorajak bolsaň men duşýanmy?! – Geliň. – Gelip oturanyň ýagşy. Şu ýerlerde bir öýde Aşgabatdan, unwersitetden myhmanlar bolmaly. Gelen adamyň sesini tanan bolara çemeli, Toty ylgap çykdy. – Papoçka, biz bärde, geliber – Ol derwezäň öňünde duran ýaşulyny gujaklap, ogşady. ýaşulam ony gujaklap ogşady. – Tomiçkam! – Papoçkam! Ataly gyz howla girdi. Içerden hiç-kim çykmady. – Olar ýatyrlar. Men häzir olary turuzaýyn. Toty eýwana kürsäp urdy. Ýaşuly maşynyň daşyndan aýlandy. – Haçan getirdiler? – Bilmedim. – Öz-ä how abat ýaly. Tigirleri ýerinde. Aýnasy azajyk çyzylypdyr. Işleýämikä? Emin öz otagynyň işiginde duran ýerinden: – Geliň. Bir käse çaý içeliň – diýdi. Ýaşulynyň gulagyna «Çaý» sözi hoş ýarana meňzedi. – Gara çaýmy? – diýdi. – Ýok, gök çaý. Ýaşuly käýindi. – Päheý, gök çaýam bir içilermi? Içerden Toty, ejesi çykandan soň, Emin içeri girip, işigi ýapdy. Ol Totydan galan çaýdan bir käse içip, adamlar işikden sowulýança, irkilmegi karar etdi. – Bular öýde boljak bolsa, men suw tutmaga gideýin! Ol bir sagat ýaly garaşdy. Soň howla çykanda ol ýerde adam ýokdy... Şol günden üç gün geçenden soň Emin işe gitjek bolup durdy. Daşky derweze kakyldy. Emin derwezäni açdy. – Salowmaleýkim. – Salam. Işikde bir milisiýa eşikli jahyl, birem ýeňsiz köýnek geýnen adam durdy. – Bize Jumagurdow Emin gerek. Emin baş atdy. – Men, özüm. Milisiýa eşikli ýigit sygyryň dili ýaly kagyzy Emine görkezdi. – Şuňa gol çekiň. – Ol näme? Men näme üçin gol çekmeli? Gelen ýigit janyýangynly gürledi. – Taňrydan sowgat geldi. Goluňy çek. Hezil et. Ol şol kagyzy gozakly matoryň gozagynyň öňündäki tekiz ýere goýdy. – Şu ýerde çekäý. Me ruçka. Emin görkezilen ýere goluny goýdy. – Ine, boldy. Indi sen biziň bilen etrap içeri işler bölümine gitmeli. Emin bir howlynyň içine, birem bu habary aýdan ýigide seretdi. – Men işe gitmeli. Meniň suwum düzülgi. Baryp ony baglamasam, tutuş bagy suw alar. Gelenler ony gyssady. – Suwam bolmaz, çölem. Içeri işler bölümine baraly. Gaty köp saklanmarsyň. Şunuň ýaly bir kagyza gol çekmeli bolmasa, özüm getirer giderin. Emin böwrüne doň saldy. – Öýdäkilere bir duýduraýyn. – Olar eýýäm habarly – diýip, ýeňsiz k Änekli adam elindäki, portfelini goltugyna gysyp aýtdy. Emin motosikilede garşy ýöneldi. – Nirä münmeli. Eminiň etrap içeri işler bölümine alnyp barylýanyny tutuş Jülge obasy gördi. | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |