17:40 Hakyň didary -7/ romanyň dowamy | |
13.
Romanlar
Emini ýene sapaga alyp geldiler. – Adyň näme? – diýip, keltejik sülçi Ýusubow ýene sorady-da, öňündäki kagyzyň ýüzüne gara galam bilen bellik etdi. – Adym Emin. – Kakaň ady? – Jumagurt. – Näçenji ýylda doglan? – 196...-njy ýylda. – Aýy, güni? – 1-nji sentýabr. – Bilimiň? – 7 klas. – Agzada durýaňmy? – Ýok? – Nirede ýaşaýaň? – Şu etrabyň Jülge obasynda. – Nirede işleýäň? – Obada suwçy bolup işleýän. – Öň sud edilenmi? – Ýok. – Daşary ýurtda garyndaşyň barmy? – Ýok. – Lakamyň barmy? – Ýok. – Weýis Babaýew diýen adamy tanaýaňmy? – Ýok. – Ol adam bilen garyndaşlygyň, duşmançylygyň, gahar-kine, algy-bergi gatnaşyklaryň barmy? – Ýok. – Toty Kurbanowna Kurdowany tanaýaňmy? – Ýok. Ýok. – Onuň bilen garyndaşlyk, dostluk, söýgi, duşmançylyk, algy-bergi gatnaşyklaryň barmy? – Ýok. – Weýis Babaýew bilen Toty Kurbanowna Kurdowanyň sizi ogurlykda aýyplap, üstüňizden ýazan şikaýat arzasyndan habaryňyz barmy? – Geçen saparky soragda siz tanyş ediňiz. – Arzada görkezilen şikaýaty doly ýa-da kem-käsleýin boýun alýaňyzmy? – Ýok. – Näme üçin? – Men göremok, bilemok. Sülçi ýerinden turup seýfinden ýene bir papka çykardy. – Diňle, men saňa şol şikaýat arzasyny ýene bir sapar okap bereýin. Şu şikaýat arzasynyň saňa ýüklenilýän günä bölegini ýadyň-da sakla. Ol Eminiň öňem eşiden şikaýat arzasyny ýene okap başlady. «Etrap içeri işler bölüminiň başlygyna Türkmen döwlet unwersitetiniň biologiýa fakultetiniň mugallymy, Aşgabadyň Boradin köçesiniň 13-nji jaýynda ýaşaýan Weýis Babaýewden: Şol fakultetiň kiçi laboranty, Aşgabat şäheriniň uly Gowdan böleginiň 14-nji jaýynyň 36-njy kwartirasynda ýaşaýan Toty Kurdowna Kurdowadan Arza Biz 15-nji sentýabrda etrabyň Jülge obasyna ylym, önümçilik, praktika maksatlary bilen geldik. Öz praktiki-maksatlarymyz bilen obanyň ilersindäki baglyga, jeňňellige barmakçydyk. Emma maşynymyz ýapdan geçmedi.» Şonuň üçin «Žiguli» maşynymyzy ýoluň üstünde goýduk. Maşynymyz abatdy. Hiç-hili kemçiligi ýokdy. Şondan dört sagat geçenden soň, bu günki işlerimizi tamamlap, maşynymyzyň ýanyna gelsek, maşynymyzyň çep tarabynyň yzky tigiri ogurlanyp, onuň ýerine iki sany daş goýlupdyr. Öň aýnasyna agyr zat bilen urulyp aýna şikes ýetirilipdir. Maşynyň çep gapysy, gaňrylyp açylyp, kapot galdyrylyp, matoryň detallary goparylyp ogurlanypdyr. Biz sorag-ideg etdik.ogrudan habar bolmady. Şondan soň 18-nji sentýabrda maşynymyzy goýmak üçin Juma Gurdowyň garažyny açanymda, ogurlanan tigirimi, motoryň şaýlaryny, maşynyň yzyndaky iki halta ýüki görüp, tanadym. Gelip içeri işler bölümine habar berdim. Bu ýerde ogryny tapyp, boýnuna goýup, jenaýat işini gozgamak üçin arza ýazmalydygyny aýtdylar. Ogrynyň maňa material, moral, ruhy jebrini göz öňüne tutup, oňa berk çäre görmegiňizi soraýaryn. Eger äsgermezçilik edilse, onda Türkmenistanyň baş prokuroryna habar bererin. Jebir çekenler: Babaýew Kurdowa. 18-nji sentýabr. 196...» Sülçi arzany okap gapdala goýdy. Soň Eminiň ýüzüne garady. – Seniň üçin haýsy pursatlar möhüm? Emin başyny ýaýkady. – Jebir görüpdir. Arza ýazypdyr. Men onuň dogrulygyny, nädogrylygyny näbileýin. – Ol sizi günäkärleýär. Düşündi-mi? Şu jebri sen görkezipsiň – düşündiň-mi? Seni türmä basyň diýýär. Saňa psih diýselerem, o derejede däl-ä. Az-kem düşünýäň-ä. Emin baş atdy. – Sülçi Ýusubow! Bir adam, onda-da Aşgabatdan gelen adam meniň türmä basylmagymy şeýdip, zarynlap isleýän bolsa, näme üçin güýmeň-saýmaň edip otyrsyňyz? Meni basyň türmä. Men garşy bolup duramog-a. Ýa menem «Meni türmä basanoklar» diýip arza ýazaýynmy? Sülçiniň dünýäsi giňedi. Ol ýylgyrdy. – O-ow, jijim. Seni türmä basmak aňsat däldir. Men ilki ony seniň edeniňi subut etmeli. Sen ony boýun almaly. Soň ony prokuror tassyklamaly. Sudýa seni sud etmeli. Ol «Häh» diýeniňde «Mäh» diýen ýaly däl-ä. Onsoňam, sen bir belli baý adamlaryň çagasy. Seni «Boşat» diýip menden etrabyň iň ketdeleriniň onusy haýyş edýär. – Ejem-kakam näme diýýär? – Olarmy, men saňa aýdaýyn. Olar täzeje «Žiguli» hödürleýär. Seniňkem aňsat däl welin. Meniňkem aňsat däl. Ejeň, kakaň «Abraýymyza şikes ýetmese bolýar. Şony akla. Ähli baýlygymyz seniňki» diýýär. – Sen näme diýýäň. – Men seniň tarapyňda. Emin sülçiniň ýüzüne seretdi. – Eger, eden bolsam... – Eden bolsaň hem. «Men edemok» diý-de otur. Seniň eliň yzy ýok, seni gören ýok. Eden wagtyň üstüňden gelen ýok. Diňe ýeke subutnama, olam maşynyň töwereginde aýak yzyň... Emin böwrüne doňuz diňini saldy. – Onda, men etmesem, ony biri edendir-ä. Adalat bolmal-a, ýa arza ýazanlar etdilermikä? Siz onam ýazyň aňdan çykarmaň. Siz gowusy meni türmä iberiň. Baryny men etdim. Boýun alýan. Sülçiniň gözleri tegelendi. – Men etdim?! – Hawa, men etdim. – Nädip? – Adalatsyzlyk üçin. – Nähili? – Babaýew meniň ýanymda bir ýaş gyzy gujaklap, ogşady. Özi mugallym bolup, bir ýaş gyzy aldap, gara niýet bilen bu mukaddes oba getirip, hapa işler edeni üçin Babaýewe gaharym geldi. Men onuň özüne zeper ýetirip bilmedim. Soň iş arada gelip, maşynyny kül etmekçi boldum. Gaňryp, maşynynyň işigini, yzyny açdym. Açar alyp tigirini sökdüm. Motoryň şaýlaryny aldym. Maşynyň yzyndan iki halta zady ogurlap, kakamyň garažyna saldym. Tigiriň ýerine daş goýdum. Bar bolany. Sülçi özüniň çen etmedik zatlarynyň açylanyna begendi. Eminiň sesini hetjikläp, sowal berip, her bir wakany açyp, magnitafona ýazdy. Soň kagyza ýazan ýazgysynyň yzyna Emine gol çekdirdi. – Hany, indi diňle. Emin sesini diňledi. Magnitafon işledi. – Şu ýazgy öz sesiňmi? Aýdanlaryňy öz sözüň, öz goluň bilen tassyklaýarmyň? – Men Jumagurdow Emin, aýdanlarymy, hakykatyň hatyrasyna, tassyklaýaryn. Bary – dogry. Ýusubow magnitafony ýapyp, seýfine saldy. Onuň lentasyny jübüsinde gizledi. – Häzir giç. Eger prokuror rugsat berse, men seni ertir öýňüze goýbererin. Emin geň galdy. – Türme, näme? – Sülçi milisioneri çagyrdy. – Türmä ýetişersiň – Ol içeri giren milisionere tussagy görkezdi. – Tussagy äkidiň. Emin sakga durdy. – Sülçi Ýusubow. Eşitdim-eşitmedim diýme. Eger türme meselesinde sypjyklyk etseň, türmä özüň gidersiň. Men häzir saňa ýalan maglumat berdim. Sen meni türmä ibermeseň, kakamyň «Maşynymy bereýin» diýen sözüni, «Men her zat edip seni boşatmaly» diýen sözüňi tutaryk edinerin. Sülçi milisionere jabjyndy. – Äkit! Nämä dursuň?! Emini eltip öňki oturan otagyna saldylar-da daşyndan şakyrdadyp gulpladylar. Jaýyň içinde iki gat agaç nara bardy. Olaryň üstünde düşek, ýassyk ýokdy. Emin öýlerinden getirilen düşegi, ýassygy almady. Olar dulda eplengi durdy. Oňa gün içinde üç sapar gara çörek, birinji, ikinji nahar, bir kuružka suw berýärdiler. Ol aç bolanokdy. Emin ikinji gata çykyp, gaty tagtanyň üstünde süýündi. «Hany göreli ýa ölsün öküz ýa gopsun käşir» diýipdirler, öňde-de bir bende ýa adalaty dikeltsinler ýa-da bassynlar meni türmä. Meniň ol üçin indi bary deňleşdi. Özem, edil türme ýaly maňa. Ne kakam, ne ejem, ne il-gün maňa köňül berýär, ne men olara. Meniň barlygym bilen ýoklugym deň, olar üçinem, özüm üçinem. Dünýä getiren Alla meni öz ellerine bendi etdi. Gije düýşüm sakly, gündiz ömrüm sakly. Olar mekdep okap Aşgabada gitdi. meniň bilen söhbetdeş bolan meni kemsitjek. Üstümden güljek. Arada Toty näme, «Sen pisih – däli» diýip däli hasap edýär. Olaryň özi ýaly bolmaly. Men nädeýin, olaryň özi ýaly bolup bilmesem... Kakam, ejem-ä beýlede dursun. Emin aradaky wakany ýatlady. ...Onuň ýanyna Totynyň gelip çaý içen günidi. Howly boşansoň Emin pilini alyp, baga, suw tutmaga gitdi. Gün öýläne sapanda onuň yzyndan ejesi bardy. – Dogman geçen, däli meýit. Bol, kakaň «Aýagy ýere degmän gelsin» diýdi. Bol! – Ol ogluna jabjyndy. – Bol, meýdi ýanan däli haýran. Iliň-günüň, nebir gül ýaly myhmanlarynyň öňünde maty-masgara etdiň, dogmanlar, döremänler geçsediň. Gulýa Jumaýewna ogluny öňüne salyp, gargyna-gargyna öýüne gitdi. – Han-a gelýär. Garažyň ýanynda biki sany milisioneriň, kakasynyň myhmanlarynyň duranyny gördi. Kakasy Emini görüp, dazlap öňe çykdy. – Gel, bäri! – Ol garažy görkezdi. – Seniň işiňmi? – Bilemok. Emin garaşman durka aýpalta ýaly ýumruk ýüzüni şarpyldap kesdi. – Ine bilmeseň, ine bilmeseň. Emin egildi. Kakasy oglunyň döşüne agyr köwüşli aýagy bilen depdi. – Me bilmeseň, haramzada. Emin dyzyna çökdi-de ýüzin ýykyldy. Kakasy onuň biline-de depdi. – Öldürerin, çöp düýbi, däli doňuz. Emen emjegiň burnuňdan gelsin. Emini hiç kim galdyrmady. Ol kem-kemden özüni dürsedi. – Sen etdiňmi? Emin özüni bilmän samrady. – Men etdim-m-mi! Men etdi-i... – Boldy – diýip, maýor çinli adam aýtdy – Boýnuňa aldyň. Alyň zatlaryňyzy. Tigirem, motoryň şaýlarynam. – Ol iki halta-da biziňki – diýip, Weýis Babaýew aýtdy. Her kim bir zady, biri tigiri, biri şaýlary Babaýewiň özi haltalary äkitdi. Emin guma bulaşyp, agşam iňrik garalýança ýatdy. Soň süýrenip zordan düşegine özüni atdy. Ol iki günläp ýerindenem galyp bilmedi. Üçünji gün ýuwnup, iýip-içip işe gitjek bolup durka-da, bäri alyp gaýtdylar. «Men gowusy türmä gideýin. Belki derdi-belalarym dep bolar. Belki dot tapynaryn. Türmede kynam bolsa, çydaryn, iki, üç esse işlärin. Meni ursa-da, horlasa-da, özüm ýaly bendiler urarlar. Il-gün görerin. Ýurt görerin, gaýdybam şu ile, şu oba, şu öýe aýagym degmesin...» Ol şol oýlaryň içinde süýji uka gitdi. – Synag başlandy. Seniň halyňy görüp, tutuş O-oo ili gama batdy. Olar «Ýa gözel Ha!» diýip, adyňyy dillerine sena etdiler. Goja «O»-nyň özem gözüne ýaş aýlady. Ony elinden saklap duran ak şuglaly goja hem gözlerini süpürdi-de: – Her bir zalymlygyň, ýowuzlygyň soňunda beýik Ýaradanyň eşreti bardyr diýdi. Ertesi ony lukmanlar barlagyndan geçirdiler. Arkasyndaky, ýüzündäki gapyrgalarynyň birleşýän ýerindäki nil göklere, gan öýmelere hiç kim üns bermedi. – Sagat, psihiki tarapdan doly sagat. Men şeýle diýibem ýazjak. Çagalarymy çöreginden kesip biljek däl – diýip, psihator lukman gan derine batyp, gaýta-gaýta barlap aýtdy – Yzymdan biri barlasa, sagatlygy bildirip dur-a. Ýalan sözlemek nämä gerek. – Inçekeseli ýok, sarylama ýok. Peşewi gowy. Boýy, ini, synalary kadaly. Başga näme gerek – diýip, keselhananyň başga bir lukmany aýtdy. Bizden-ä kemçilik ýok. Arkaýyn sud edip, basyberiň. Emin bir burçda sesini çykarman oturyşyna, ejesiniň gelip girenini gördi. – O-o! Gulýa Jumaýewna! – diýip, lukmanlaryň gara lopbuşy şelaýynsyrady. – Bizden gül ýaly. Bizden kemçilik ýok. Gulýa Jumaýewna halymsyrady. – Hany, «Psihik tarapdan ýarawsyz, dälilik alamatlary bar!» – diýýädiňiz-ä. Psiholog ýerinden turdy. – Kim diýse ýalan aýdandyr. Seniň ogluňdan sagat adam ýok. Dälilig-ä sürtseňem ýokmaz. Şeýle diýibem ýazdyk Gulýa Jumaýewna gaharly gürledi. – Söýün. Sen «Ogluň psihi tarapdan ýarawsyz. Ony okadybam, işledibem bolmaýar, bejermeli» – diýip, menden ýir göle aldyň-a. Indi näme? Arada-da, «Ol ogluňy Aşgabada, dälihana äkit, ol gaty ýarawsyz» diýdiň-ä, welosipedli barýarkaň, ýörite durup, indi näme? Lukmanlar zyrp-zyrp bolup işikden çykyp gitdiler. Gulýa Jumaýewna ondan soň sülçiniň ýanyna bardy. – Hoganym, heý ynam barmy? – diýdi. Sülçem bu aýalyň näzini çekip durmady. – Ogluň baryny boýun aldy. Biz indiki hepde-de ýerinde derňew etjek. Onsoň men-ä prokurora geçirýän. Menlik iş gutardy. Gulýa Jumaýewna stoly ýumruklady. – Ýer ýutsun, muny. Boýun almasy näme – Ol sülçä seretdi. – Biz munyň türmä gitjegine gynanamzok. Il içinde nähili abraýymyz bar. Şol döküljek. Şoňa gynanýan. Ana, kakasy bagryny ýere berip ýatyr. Gulýa Jumaýewna gargap-gargap çykyp gitdi. 14. Emine oktýabryň 1-ne sud etmek bellenildi. Sary Hallyýew Işi maňa gelse, ogluň boşadygy bil diýip Jumagurt agany gaty arkaýyn etdi. – Aý, owarram abraýymyza zeper ýetmese bolar! – diýip, ol täze alan «Žigulisinde» geçip otyrdy. Özlerini bu masgaralykdan halas etjek adamlar üçin Gulýa Jumaýewna-da sowgat taýýarlapdy. Ol altynly jamyndan bir «lodka» ýüzük, birem «romaşka» gülýakasyny Moskwa ýüň gyňajyna dolap, ýygşyryp goýdy. Iki öwlüýä üçin iki sany işek taýýarlady. Gaýtarmyş atanyň ýoluna bir goýun aýtdy. – Ol ýer çeken boşasa, Aşgabadyň dälihanasyna öz elim bilen eltip dykjak. Däliligiň nämedigini goý bilsin. Ol ýer çekene atasynyň-enesiniň alyn deri bilen gazanan zadyny harammyş iýmän, içmän iterinji etdi. Indi görsün gününi. Dälihananyň öliň eti ýaly çöregini suwa batyryp iýibersin. Gulýa Jumaýewna il içinde-de, edeni bolýan adamlardan bolup ökündi. Emma onuň diýeni bolmady. Bolmajak bolsa, bolmaz ekeni. Edil sud edilmeli günüň öň ýanynda «Eminiň işine täzeden seredilmeli» diýip, ýokardan habar düşüpdir. Jülge obasyndan kimdir biri respublikanyň Baş prokurorynyň, Ýokary suduň başlygynyň, welaýatyň prokurorynyň adyna arza ýazypdyr. Şol meňzeş arzada «Oba ulukçyn bermän ýören, il ýigrenjisi Emin Jumagurdowy eden ogurlugynyň üstünde tutsalar-da, parahor we ýalançy sudýa Sary Hallyýew jenaýatçyny sypdyrmak barada, onuň ata-enesi bilen dilleşip, olardan bir «Žuguli» para alyp, sudy adalatsyz çözjek bolýar. Şonuň üçin işi parahor, ýalançy Sary Hallyýewiň sud etmegine ýol berilmezligini isleýäris» diýip, Jülge obasynyň ýaşaýjylary arza ýazypdyrlar. Şeýle arza etrap, respublikan gazetlerine hem düşüpdir. Ol gazetler hem ol arzany «Adalatly netije çykarmak üçin» Ýustisiýa ministrligine, baş prokrora iberipdirler. Şeýlelikde bu işden Sary Hallyýew şol bada çetleşdirildi. Netijede, Respublikan Jenaýat Kanunynyň 115-nji maddasynyň birinji bölümi bilen aýyplanan Emin Jumagurdow iki ýyl azatlykdan mahrum edilip, jezasynyň ýarym ýylyny berk düzgünli tertipde, galan ýyl ýarymyny umumy tertip düzgünde geçirmek barada berk çäre çykardy. Suduň çykaran netijesi Emine ilki adaty we adalatly görünse-de, soň sudda bolan namys oduny ýakyjy ýalan töhmetler onuň bagrynda ýaralary döretdi. Ol: «Bu işi kim edip biler?» diýip oýlanyp başlady. «Goý ogurlyk owarram diýeli! Kim uly-kiçi edaralara meni masgaralap arza ýazyp biler? Men adam ogluna ýamanlyk edemok. Duşmanymam ýok. Eger öň Çendirden gören bolsam, olam-a unwersitetiň geografiýa fakultetine okuwa girdi. Ýa kakamyň duşmanlarymyka? Ejemden gaty gören bolup, şolar ar almak üçin edýärmikä? Sülçimikä, ýa prokururmyka? Kim? Kim? Kim?» Emin iliň ýanynda sesini çykarmasa-da «Men edemok! Men edem-o-ok!» diýip içinden dünýäni ýaňlandyryp gygyrýardy. «Adalatsyzlyk, bu. Bu etrabyň, asyryň, adamzadyň bihaýaçylygy. Bu ejize ganymlyk bolýar...» On günüň dowamynda ony ilki welaýat türmesine, soňra Büzmeýindäki türmä äkidip taşladylar. Ol şu on günüň dowamynda etrabyň ýekeje damja suwunam, ýekeje lukma çöreginem iýmedi. Horlanyp süňk bilen derä döndi. Gaýradan ýörite çagyrylan türme maşynyna münjek bolanda-da «Indi gaýdyp şu etraba aýagym degmez» diýip kasam etdi. Juda ýowuz «jenaýatçyny» tutup, ogurlugyny boýnuna goýup, eline gandal urup, «gara garga» diýilýän maşyna ýükläp goýberensoň, etrap rahat dem alana döndi. Emma bu adamlaryň göwnünedi. | |
|
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |