18:16 Hakyň didary / roman | |
HAKYŇ DIDARY
Romanlar
1. Emin bu gün keýpsizdi. Ol bir gulakly pilini egnine atyp, badam ekilen üç gekdarlyk meýdana bakan düňderilip barýardy. Güýz düşüpdi. Meýdandan ýagyşdan soňky topragyň, ýanan, ýagyşa ezilen ot-çöpüň ysy gelýärdi. Çöpüri ýolunan, geçi derisi ýaly büdür-südür sähra göze ýakymlydy. Ýylgynlar gyzyl çoga batan, hyşalaryň gulpagy sümek bolup açylan tirjinleriň zülpi misli peýkam ýaly bolup göge direlip duran uly käl ygşyldap durdy. Emin käldäki duruja bulakdan parhsyzlyk bilen geçip gitdi. Bulagyň kölçelerinde asmanyň döwükleri ýatyrdy. Olar bu uzyn boýly, atan-satan aýaklary bilen geleňsiz geçip giden ýigide umydygärlik bilen jyklaşyp seredip ýatyrdylar. Ol muny duýanokdy. Ýigdekçe özüne telwas edýän sähranyň gaýmagyny bozman badamly meýdana geldi. Peýwagtyna bir ýerlere akyp ýatan ene ýabyň böwründen kiçijik yş açdy-da agaçlyga suw düzdi. Suw tutmak oňa indi endik bolup galypdy. Kolhozyň badam ekilen bu meýdanyna «Bäşlik» diýýärdiler. Onuň näme üçin «Bäşlik» bolanyny bilýänem ýokdy. Bu ýerlere baryp otuzynjy ýyllar nar ekilipdir. Her düýp naryň arasy bäş metr ölçegde eken. Şonuň üçinem şol «Bäşlik» bu ýeriň adyna öwrülipdi. «Bäşlik» mes ýerdi, tekizdi. Suw tutmak janyň ujudy. Bärsinden suw tut-da, suw bagyň aňyrsyna çykýança ukyňy alyber. Her biri ak öý ýaly badam agaçlary ýakasy şelpeli gelin ýaly bolup otyrdy. Miwesi bolsady ekilen ýalydy. Aýy-güni ýeten agyraýak aýal ýaly, arassady. Miwesi gaty sortdan bolany üçin bu wagtlaryň miwesine degýänem ýokdy. Şagal, beýlekem bir darap baranokdy. Şonuň üçin onuň ýere gaçan miwesi baglaryň aşagynda leýis bolup ýatyrdy. Bu ýere saý-sebäp bilen düşenler ýere gaçan badamlardan gysym-gysym alyp jübülerini doldurýardylar. Emma Emin oňa barmagynam batyranokdy. Badam agaçlarynyň miwesi dürli-dürli. Onuň ir bişýäni, heniz bişmänkä daşky gabygy açylyp, maňzy görünip durany hem bardy. Ony ýöne barmagyň bilen açyp, agzyňa ataýmalydy. Emin şoňa-da gabagyny galdyranokdy. Ol agyr oýly başyny galdyrman lummurdap, zymdyrylyp akýan suwy yzarlap başlady. Her düýp badamyň düýbüne suw barjak bolanda, onyň düýbüne gaçan badam miwelerini syryp gyra çykarýardy. Soň agajyň düýbündäki ot-çöpleri gyrçap, bir depim çuňaldýardy. Piliniň ujy bilen tekizläp arassalap, tämizje ýere suw berýärdi. Onuň suw tutan ýeri bilen tutulmadyk ýeri köre hasa, aýdyň bolup durdy. Emin bular ýaly ýerde gije aýyň ýagtysyna suw tutmagy gowy görýärdi. Suw basan ýerler aýyň ýagtysyna tylla daragyň dişleri ýaly lowurdap, öwüşgün atyp, bir enaýy bolup durdy. Aslynda-da Emin üçin çagalykdan başlap iş edeniňde iki zat esasy bi messep bolup galypdy. Ol her wakanyň sebäbini, gözleýärdi. Näme üçin?! Nähili? Nireden? Ikinjisem, her bir agyr-u, ýeňil işiň gyzyklyja tarapyny agtaryp, şony tapansoňam, oňa gyzygyp işlemäni gowy görýärdi. Ol baglara suw tutanda, gülýaka oýnuna gyzygýardy. Her agajyň düýbünde gülýaka ýasaýardy. Soňam oňa tylla bilen kümüşi – suwy jogurdadyp akdyrýardy. Soň onuň yzy gülýaka, gülýaka bolup, biri-birinden enaýy bolup ýatandyr. Emin bir ýere suw tutsa, soň onyň yzyndan suw tutjaklar üçin juda ýeňildi. Ol her wakanyň sebäbini gözleýärdi. Ony tapýardy. Şondan soň onuň netijesine baha berýärdi. ...Emma ol bir ýagdaýa hiç düşünip bilenokdy. Ol her gije düýş görýärdi. Düýşünde bolsa bir ak eşikli diwana oňa «Ýöri, men saňa Hakyň didaryny görkezeýin» diýip, elini uzadýar. Emin onuň elinden tutjak bolsa-da, gorkup, tisginip oýanýardy. Emin arassa, halal ýigit bolsa-da ol baryp ýatan takwa däldi. Ol çagalygyndan bäri çilim çekip görenokdy, nas atanokdy, aragy hiç mahal agzyna alanokdy, ýalan sözlänokdy, ogurlygyň nämedigini bilenokdy. Eşigini, ylaýta-da köwüşini, pilini arassa saklaýardy. Suwy köp içýärdi. Nahar iýesi gelmeýärdi. Ajyksa bir döwüm çöregi suwa batyryp, üstüne azajyk duz sepip iýýärdi. Iň bolmaýan ýeri, toýa, sadaka barmaýardy. Goşun gullugyna gitjek, goşun gullugyndan gelen oglanlara soň aýratyn, ýolda duşanda «gözüň aýdyň» diýerdi-de, geçer giderdi. Gyzlaryň ýanynda gara ýer ýalydy. Gabagynam galdyrmazdy. «Obadaş, klasdaş gyzlaň haýsysynyň ýüzi nähili, häsiýeti, boýy nähili» diý, aýdyp bilmez. Sebäbi görenok, seredenok. Görmeseň, seretmeseň, gürrüňleşmeseň käte-de, hikirdeşmeseň, ony aýdyp bolýarmy! Oba Emini bilenokdy, tananokdy. Ol bolsa on sekiziň içindedi. Märekede tötänden onuň ady tutulsa-da «Wäh, Jumagurduň oglumy» diýýärdiler. «Aý, şol-a erkegem däl, öýdýän» diýip, içýakgyjyny atýan ýok däldi. – Hawa-laý, on sekiz ýaşly ýigit diýeniň basan ýerinden ot çabyrap duran bolsun-la! Ine, biziň Çendirimiz ýaly. – Degene-de degip, degmedige-de degip ýören ataňa näletmi? – Ataňa nälet dagy däldir. Seret ertir ahal aty ýaly ýigit bolup ýetişer. – Ýigidiň gowusy Emindir. Ine, görersiňiz – diýip, Nurgeldi aga nirede bolsa-da Eminiň arkasyny tutar. – Onuň iş edişem ýüz ýigide degýär, ýüz ýigide. Iň bärkisi, suw tutan ýerini bir gör, läle ýalydy. Ol oglan ýalyny men altmyş ýaşap gören däldirin. – Aý, goýsan-aý, Nurgeldi aga, seniňem öweniň öküz, daranyň sygyr... – Howa-laý. Hany, indi Çendiri bir syndyr. Nurgeldi aga telpegini eline aldy. – Eger Çendir adam bolsa, ine, meniň şu telpegim itiň syrtyna. Adamlar gülüşdiler. – Ana, gördüňmi? Çendir – sygyr, Emin – öküz. – Sen, how, agam Çendiri beýdip ýere sokma. Ol diňe bäşlik bilen okaýar. Ertir okuwa gidip, gelip başlygyň bolsa, şu gepleňi taparmyň? – diýip, Nurgeldi agany gabajak bolýardylar. – Dogry. Ol gowy okaýandyr. Başlygam bolar. Ministrem bolar... Ýöne, ol adam-a bolmaz. Şon-a bilýän. Ministriň näme, başlygyň näme? Dünýäde adamdan, adamkärçilikden belent wezipe bolmaz. – Emin näme? – Emin başga gürrüň – diýip Nurgeldi aga telpegini eline alar-da, ýerinden turar. – Emin eýýäm adam. Oňa wezipe nämä gerek. Eminiň welim gep bilenem, gürrüň bilenem işi ýokdur. Işine gider-geler ýörer. Bu günem ol gijäniň bir wagtyna çenli suw tutdy. Ol Aýa garaşdy. Aý dogmady. Şonuň üçin Eminiň ýüregi şuglalanmady. Öýe-de göwünsiz ýadaw aýaklaryny zordan itekläp gaýtdy. Ol häzir öýe barmanyny gowy görýärdi. Öý ony bezikdiripdi. Öýe barar, çaý-çörek iýer-de, düşege gyşarar. Ukusy tutmaz. Irkilse-de, şol ak eşikli diwana öňünde durandyr. – Men saňa Hakyň didaryny görkezjek! Emin öýdenem, ak eşikli diwanadanam bizar boldy. Ol täleý garaýan Gara işana baryp, özüni okadyp, soň doga-tumaram alaýyn diýdi. Ol doganyň, kakyn-silkine peýdasy degýär. – diýip obada gürrüň edýärdiler. Emin oňa-da gitmedi. Işik açyldy. Emin pilini teletin gabyna salyp, onam asyp goýdy. Soň içeri girdi. Ejesi Annagül daýza gözüne äýnek ötürip, aýallar žurnalyny okap otyrdy. Ol ogluny görüp, äýnegini eline aldy. – Iller hiç zat okanok. Okamal-a şu žurnaly. Gowy zatlar bar. Emin halsyz ses bilen: – Näme gyzykly zat ýazypdyrlar, eje – diýip sorady. Annagül daýza äýneginiň sapynyň ujuny agzyna saldy. – Jemme zat barada. – Meselem. – Me, oka. Şonda bilersiň. Ine, şu makalany oka. Illeň çagasy nädýär? Sen nähili? Deňeşdir özüňi, onsoň netije çykar, ýogsa... Şol wagt telefon jyňňyrdady. Annagül daýza ýerinden turup, trubkany galdyrdy. – Alýo, Gulýa Jumaýewa diňleýär. Oba sowetiniň öňki başlygy... Ol Emine garady. – Näme? Juma Gurdowiçleň öýümi. Hawa öýi. Hawa, şonuň aýaly Gulýa Jumaýewna diňleýär. Size kim gerek? Ol birden jak-jak gülüp başlady. – Wiý, Anýa janym bu senmi? – Ol duran ýerine çökdi. A gyz, sesiň ýaman üýtgäpdir-le, tanamandyryn-a. Ol trubkany eline alyp, ep-esli durdy. soň ýaz ýaly açyldy. – Wah, saňa döneýin, egen janym, gelin janym, eziz bala. Gutularsyň, işşalla. Men barardajyk gaýdybirin, ejeň nähili? Emin öz otagyna girdi-de, elektrik çäýnekde çaý goýdy. Saçakdan bir bölejik çörek alyp, nanyny çaýa batyryp iýdi-de, çäýnek-käsäni ýygnaşdyryp, düşek ýazyp, ýerine geçdi. Günuzyn ýorlup işländen soň, onuň endam-jany syzlap durdy. şonuň üçin bolsa gerek, ol başyny ýassyga goýan badyna uka gitdi. 2. ...Emin eli pilli suw tutup ýördi. Şol ak geýimli diwana kimdir bir peşeneli, gaşlary, sakgaly jowur ak bolup duran ýaşulyny ýanyna alyp aňyrdan geldi. Ol Emine ýetmän, gözüni gözlerine kölegelendirip: – An-a, bardyr diýdim-ä. Bar, şol. Olar bir salym sözlemän durdylar-da, soň bärligine, Emine bakan ýöräp ugradylar. Emin olara garap durşuna, keramatly ak şuglanyň dünýäsini gaplap alanyny duýdy. Onuň gözleri indi hiç zat görenokdy. – Aç gözüňi. Emin gözüni owkalady-da, açdy. Şobada-da gözlerini ýene-de ýumdy. – Aç gözleriňi! Onuň gözleri däl-de, kalbynyň bir ýerlerinden göz açyldy. Ol indi bu şugla arkaýyn seredip durdy. – Senmi Hakyň didaryny küýseýän?! Eminiň onki süňňi gowşap, ruhy lerzana geldi. – ... Ol sesini çykarmasa-da, keramatly ynsan ony eşidip durdy. – Sen Hakyň didaryny görersiň. Ýöne, soň. Juda soň. Häzir sen ony götererden ejiz. – Ol ak eşikli diwana garady. – Synaga salyň. Ak şugla olary alyp gitdi. Bir salymdan ak eşikli eli hasaly, öňi gedaý kädili şol diwana öwrülip geldi. – Sen garaş. Indi müddeti ýetdi. Emin titiräp durşuna çalaja seslendi. – Kime? Nämä? Men nämä garaşmaly? Hakyň didarynamy?... Goja gözden gaýyp boldy. diňe onuň: – Garaş! Garaş! Garaş! – diýen sesi eşidildi-de, olam pesaýlap ýitip gitdi. Emin tisginip oýandy. Ola gara suw bolup gidipdi. Özem titreýärdi. Ol şonda-da uky bilen oýalygyň arasynda: – Kime ga-ga-gar... – diýip, samraýardy, öňi garaňkydy. Ol turup çyrany ýakjak boldy. Emma ýerinden galyp bilmedi. Garaňky otagda özbaşyna gürledi. – Hakyň didary! Eziz Allanyň didary. Eý eziz perwerdigär. Maňa ezizden mähriban didaryňy görkez... Ol düşegine süýündi. Diňe şonda kükreginiň içinde at çapýandygyny duýdy. Şondan soň ýatyp bilmedi. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |