Halid Hüseýni, owganystanly tanymal täjik ýazyjysy.
1965-nji ýylyñ 4-nji martynda Kabulda dogulýar. Häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýar. Ilkinji romany "Batbörek awçysy" 2003-nji ýylda neşir edilip, birnäçe ýurtlarda iñ köp satylan kitaplaryñ sanawyna girýär.
Ikinji romany "1000 ajaýyp Güneş" 2007-nji ýylyñ 2-nji maýynda satuwa çykarylýar.
Halid Hüseýniniñ kakasy Owganystanyñ Daşary işler ministrliginde işläpdir we wezipesi üýtgedilip, Tährana göçmeli bolýar. Halidiñ oglan jigisiniñ dünýä inmegi bilen maşgala Owganystana dolanýar. Şondan birnäçe aý gecenden soñra, kyrk ýyllap Owganystana ýolbaşcylyk eden Zahyr Şa Dawut han tarapyndan häkimiýetden çetleşdirýär.
1976-njy ýylda olar Parije göçýärler. Hüseýniler maşgalasynynyñ Pariji saýlap almagynyñ sebäbi, Owganystanda şol wagt häkimiýete gelen kommunistik rejimiñ gysyşy sebäp bolupdyr. Şol sebäpli, olar 1980-nji ýylda ABŞ-da syýasy emigrant hökmünde ýaşamaga hukuk gazanýarlar we Kaliforniýa ştatyna ýerleşýärler. "Batbörek awçysynda" bu barada doly söz açylýar.
Halid Hüseýni "Independence Scholl" liseýini tamamlandan soñra Santa Klara uniwersitetiniñ biologiýa fakultetine girýär we bu ýeri 1988-nji ýylda okap gutarýar.
1989-njy ýylda ol Kaliforniýa ştatynyñ medisina fakultetinde işläp başlaýar. Alymlyk işlerini 1996-njy ýylda Los-Anjelesdäki "Cedars-Sinai Medical Center" merkezinde goraýar. Lukmançylyk kärini 2004-nji ýyla çenli dowam etdirýär.
Halid Hüseýni häzirki wagtda BMG-nyñ Ýokary Komissarlygynda parahatçylyk ilçisi wezipesinde bosgunlara yzygiderli ýardam berip gelýär. Häzir Demirgazyk Kaliforniýada asly eýranly amerikan aýaly Roýa we iki çagasy bilen ýaşaýar.
"Batbörek awçysy" romany "Nýu Ýork Taýmsyñ" iñ köp satyn alynan kitaplar sanawynda birinji oruna çenli gelipdir. Eser 2007-nji ýylda rejissýor Mark Forster tarapyndan Golliwudda kinolaşdyryldy. Romanda Kabulyñ "Wezir Ekber Han" raýonyndan Emir atly bir puştun çagajygynyñ başyna gelen hadysalardan söz açylýar. Emir çagalyk ýoldaşy we süýt emişeni Hasana ikiýüzlilik edenini hiç wagt ýadyndan çykaryp bilmeýär. Sowet goşunynyñ ýurda aralaşmagy, watany taşlap Päkistana we Amerika köpçülikleýin göçüşler, Taliban häkimiýeti ýaly giñ temalar kitapda giñden işlenilýär.
Bu eser häzirki wagtda birnäçe musulman ýurtlarynda önki baknalykdan azat bolunandan soñrä täze baknaçylyk (neokolonial) eýýamynda globallaşmak, medeniýetleriñ özara çaknyşyklary, dini ikiýüzlilik, milletçilik, içerki gapma-garşylyklar, bosgunlar barada okyjyda bar bolan pikirleri hasam baýlaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle hem kitapda başdan geçirmeler, beýan edijilik, bitertip jynsy aragatnaşyklaryñ getirýän netijeleri ussatlyk bilen işlenýär.
■ Eserleri:
1). "Batbörek awçysy" ("The Kite Runner" 2003 ý);
2). "1000 ajaýyp Güneş" ("A Thousand Splendid Suns" 2007 ý);
4). "We daglara ýañ düşende..." ("And the Mountains" 2013 ý).