10:44 Hantamaçylyk gursun / satiriki hekaýa | |
HANTAMAÇYLYK GURSUN
Satiriki hekaýalar
Men ýazan hekaýamy goñşyma okap berdim. Ol çiñerlip-çiñerlip ýüzüme seretdi-de: - Be-e, durmuş hyzmaty hakynda ýazypsyñ-ow - diýip, uludan demini aldy. Goñşym Baýly Baýryýewiç raýonyñ durmuş hyzmaty kombinatynyñ direktory bolansoñ, känbir edebiýata düşünibem duran däldir-le diýip pikir etdim, onsoñam men olary öwüp ýazdym ahyryn. Ýyly sözüñ ýylany hinden çykarýandygyny bilmeýän barmy?! Eden tamam tersine bolup çykdy. - Goñşy, umuman hekaýañ erbet däl. Ýöne ýalñyşmaýan bolsam, edebiýat durmuşy dogry görkezmelidir, ol ýerden aýagyny üzmeli däldir... Men Baýly Baýryýewiçiñ eýýäm näme diýjek bolýanyna düşündim. Gürrüñi derrewjik başga ýana sowmaly, ýogsam barynyñ bulaşaýmagy gaty ähtimal. - Baýly Baýryýewiç, bi biziñ "Kolhozçy" futbol komandamyz öz oýnaýan ligasyndan çykarlaýdymy? - Olaryñ bar oýnaýşy şo boljak bolaa olary respublikadan çykarmaly. Gürrüñ tutaşyp gidiberermikän öýtdüm, bolmady. Ol başga hiç zat hakda gürlemedi. Ara böwşeñlik aralaşdy, men maýyny tapyp turjak boldum. - Ýo-ýok, bolmaz, goñşy. Otur, çaý-paý içeli, ikimiz goñşam bolsak günde-günaşa duşuşyp duramzok - diýip, ol meniñ gitmegime düýbünden garşu boldy. Goñşyma ýalbardyp durmadym, hantamaçylyk gursun, dogryny aýtsam, men onuñ ýanyna bir dileg bilenjik gelipdim. Ondan-mundan gürrüñ edip, Baýly Baýryýewiç bilen togsan bäşlik çaý içdik. Ol näme üçindir gürrüñiniñ arasynda ýene-de meniñ hekaýama öwrülip geldi. - Goñşy, sen, ynha, ýañky hekaýañ bir ýerinse dellekçiler hakynda gürrüñ açyp olaryñ saç bejertmek üçin gelýän müşderiler bilen şeýle mylaýym, sypaýy gürleşýändiklerini ýazýañ. Emma durmuşda welin, olar baryp ýatan gödek. - Baýly Baýryýewiç näme üçindir güldi-de, gürrüñini dowam etdirdi. - Bu hekaýañ gazetde dagy çykaýsa gülşerler, goñşy. Üstüñden gülerler. Heýem bir özi dellekçi bolar-da yzyndan gygyryp señ gaýtargyñy berermi? Ýo-ýok, beýle zat heniz durmuşda bolanok, men-ä gabat gelemok, özüñem şeýle zadyñ üstünden baran dälsiñ. Onsoñam olary beýdip öwmeli däl, depäñe çykarlar. Gaýtam olaryñ pyssy-pyjurlyklaryny ýazgarmaly, köteklemeli... Be, bi nähili, ýyldyza ýörän ýaly boldum-la diýip, içini gepletdim. Ýagşylyk diýip edenim tersine, ýamanlyk boldy. Adamlara-da ýaranma ýok-how! Aý, bular gaty mekir bolýalar-da, eýýäm meniñ bir zat dilejek bolup gelenimi añandyr, zaññar. Meniñki paşmady, nätjek, bazara gidip, iki-üç bahasyna alaýmaly bolar-da. Ol meniñ boşan käsäme çaý guýdy-da gürrüñini dowam etdirdi. - Ýa-da, ynha, aýdaly aýal-gyzlaryñ milli eşiklerini tikýän atelýeler barada ýazýañ. Sen olary öwüp, arşa çykarypsyñ. Señ ýazan hekaýañ boýunça olaryñ işine baha bermeli bolsa, olary, ikirjiñlenmän göni hökümet sylagyna hödürläýmeli. Hakykatda nähilidir öýdýäñ? - Ol meniñ ýüzüme soragly seretdi. Men näme jogap berjegimi bilmän egnimi gysdym. - Bilmeýän bolsañ beýle zat ýazmaly däl. Onda işleýänleriñ birentegi baryp ýatan ogry, hawa, goñşy jan. Her ýylda küt-küt gowy, gymmat bahaly matalar gelýä, tanyş-bilşiñ üsti bilen birini-ýarymyny alaýmasañ ýekeje metrinem görmersiñ, hemmesi jygyldykdan çykýar. Olarda ynsap ýok, ölen adamlañ adyna-da kwitansiýa ýazyp gelen harytlary derbi-dagyn edýäler, has dogrusy, olar ölenden köpün soýýalar. Atelýeñ müdiriniñ münýän "Wolgasyny" señ münesiñ gelenokmy? Gelýändir, bilýän. Ýöne öz daban azabyñ bilen oñ ýaly maşyn ańsat edinip bilmersiñ. Hawwa, goñşy jan, durmuş hyzmatynda edil seniñ ýazyşyñ ýaly elpe-şelpelik ýokdur. Şonuñ üçin hem edebiýat hakykaty görkezmeli. Onsoñam döwrüñ talabyna görä hereket etmek gerek, häzir tankyda giñ ýol açyldy. Durmuş hyzmatynyñ adamlary barada eliñden gelýän bolsa köpräk satiriki zat ýaz. Olary näçe kötekleseñem azdyr... Baýly Baýryýewiç sözüne dyngy berdi-de, çaýyñ soñuny meniñ käsäme sarkyrdy. - Çaýyñ soñy dostuñky diýipdirler, al, iç! Men dileg edenden geçdim, sag-aman sypsam oñdum. Syr bildirmän turmaly diýen netijä geldim. - Tankydy bellikleñ üçin köp sag bol, goñşy. Täzeden işlämde bi aýdan zatlaññy göz öñünde tutaryn. Onsoñam bu zatlar hiç-le, umuman, jan saglyk, iş-güýç hemme oñat dälmi özi?! - Aý, hawa, täze geçen ýerimem erbet däl, çöreklije ýer. Ýoluñ düşse baryber, ho gaýraky demir ýoluñ ýanyndaky restorana derektir boldum. Baý-ba-a, bu asyl mundan çykd-ow! Hemme zat düşnükli. Geñem gördüm-le, durmuş hyzmatynda işleýänleriñ başyna ala ýabylyñ oýnuny getirdi, asyl bir emmajygy bar eken-ow. Neden "oñarypdyrlar, señ ýalyñ birwagt gümüni çekmeli" diýipdim. Dilim gaty gijedi, ýene-de: "Kyýamat güni goñşudan" diýleni ýadyma düşüp zat diýmedim, saklandym. Goñşym bilen hoşlaşyp çykyp gitdim, ondan zat dilemänime gaty begendim. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |