06:35 Haýsy Noel? | |
HAÝSY NOEL?
Publisistika
Iñliz ýazyjysy Çarlz Dikkens (1812-1870)... Noel baýramçylygynyñ jemgyýetçilik jebisleşmä sebäp bolýandygyny "Noeliñ aýdymy" ("A Christmas Carol") romanynda ýazdy. 1843-nji ýylyñ 19-njy dekabrynda çap edilen badyna eseriñ üsti "gyzyl el" boldy, az wagtyñ içinde on gezek gaýtadan çap edildi. Kitabyñ çaphanadan bidin ýaýradylan nusgalaryna çenli çykdy. Kitap Günbatar medeniýetindäki Noeliñ häzirki wagtda bellenýän myhmansöýüjilikli maşgala toplanşyklary, ynsanperwerlik, sowgat berşip-alyşma, pasyllaýyn iýip-içgiler, aýdym-tans, arça bezeme, kart atma ýaly birgiden däplerine täsirini ýetirdi... Kitap eserde öñe çykan "Bagtly Noeller" sözüni hasam meşhurlaşdyrdy. Çarl Dikkens şondan öñem Noel kyssasyny ýazypdy. Waşington Irwing we Duglas Jerrold ýaly ýazyjylaram şoña meñzeş hekaýalary ýazypdy. Emma: "Noeliñ aýdymy" giñ jemgyýetçilik gatlaklaryna ýaýrap, Noel baýramçylygyny giñden ornaşdyrdy. Mysal üçin, häzir Noeliñ iñ uludan bellenýän ýeri ABŞ-da bu romanyñ täsiri uly boldy. Şol asyryñ içinde eseriñ satyldy sany iki million ekzemplýardanam geçdi. Hawa, XIX asyrda Noel maşgala-çaga gatnaşyklaryna gönükdirilen tema öwrüldi. (Häzirki günüñ Noel baba obrazy 1963-nji ýylda amerikan karikaturaçysy Tomas Nastyñ "Harper's Weekly" žurnalyndaky suraty arkaly dünýä tanadyldy.) Çarlz Dikkensiñ dine bolan tutumy bulaşygrakdy, dindar däldi. Hemişe, her eserinde bolşy ýaly, öz başdan geçiren çagalygyndaky garyp çagalaryñ kynçylyklaryny orta atmak isläpdi bu romanynda-da... Roman bütin dünýäde täsirlenme döreden eserleriñ biri hökmünde şu günlerem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. • 25-nji DEKABRYÑ SYRY Noel… Ilkinji hristian awtorlary Irineý Lionskiý (130-202) we Kwint Tertullian (160-225) tarapyndan ýazylan hristian baýramçylyklarynyñ sanawynda ýok! Hatda: Aleksandriýaly Origen (184-253) we Afrikaly Arnobiý (?-330) köphudaýly paganlary "doglan gün" belleýändikleri üçin günäkärledi. Arnobiý bu baýramçylyklaryñ köphudaýly rimlileriñ baýramçylygyny ýazdy. Rim kalendarynda 24-den 25-ne geçilýän gije gyşyñ başlanýan güni hasaplanýardy. Muña gyş aýlarynda has az ýer işlenmegi we ýaz aýlary bilen bile tebigatyñ hasylly ýagdaýa gelmegi sebäp hökmünde görkezilýär. (Boý gyz Isidanyñ müsür hudaýy Gory, boý gyz Nananyñ frigiýa hudaýy Attisi, boý gyz Dewakiniñ hindi hudaýy Krişnany, boý gyz Semelanyñ grek hudaýy Dionisi 25-nji dekabrda dünýä inderendigini agzamalyñam! Hemmesiniñ hawarileri (şägirtleri) bardy, hemmesi-de öldürilip, ýene direldildi we ş.m.) Rim imperatory Konstantin I-iñ hristianlyga geçip, Gündogar Katolik buthanasyny gurmagy bilen 25-nji dekabrda Isa pygamberiñ (a.s) doglan güni bellenmäge başlandy! Eýse. Ilkinji hristianlar Isa pygamberiñ (a.s) doglan gününi 14-nji aprele gabatlaşýan günde bellärdiler: Pesah baýramy... Hristianlykda "kalendar hasaplamalary" dürli netijeleri döretdi. Şeýle: • DÜRLI SENELER Köpümiziñ bilýän Günbatar hristian buthanalary we (1964-nji ýyldan bäri Gündogar surýany buthanasy) Grigorian kalendaryny ulanýandygy üçin Noeli 25-nji dekabrda belleýär. Beýleki bir tarapdan: -Russiýa, Gürjüstan, Ukraina, Makedoniýa, Serbiýa, Garadag, Ierusalim ýaly Gündogar prawoslaw buthanalary Ýulian kalendaryny ulanýandygy üçin Noeli 7-nji ýanwarda belleýär... Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Albaniýa, Aleksandriýa, Finlandiýa, Stambul we Antakiýa, Kipr, Aleksandriýa, ABŞ-nyñ Prawoslaw buthanasy XX asyrdan bäri Rewiz Ýulian kalendaryny ulanýandyklary üçin Noeli 25-nji dekabrda belleýär... Ermeni Apostol buthanasy we Ierusalimdäki ermeni patriarhaty Isa pygamberiñ (a.s) doglan gününi däl-de, çokundyrylmagyñ bellenmegi bilen baglanyşykly Gündogar hristian däbini dowam etdirip, Noeli 6-njy ýanwarda belleýär... Dürli kalendarlary ulanýandygyna garamazdan, Kypty prawoslaw buthanasy, Efiopiýanyñ we Eritreýanyñ Prawoslaw Tewahedo buthanasy, Pentaý Ýewangelist buthanasy Noeli 7-nji ýanwarda belleýär. "Iegowanyñ şaýatlary" dini sektanyñ agzalary Noeli "Injile" ters hasaplap, bellemeýär. Ýa bolmasa: Iñlisleriñ Puritanlar buthanasy ýa-da Şotlandiýanyñ Presbiterianlar buthanasy uzak wagtlap Noel baýramçylygyny bellemegi gadagan etdi. Bu baýramçylyk öñki SSSR-de hem gadagandy, edil Hytaýda bolşy ýaly... ABŞ-da "Kanun we Adalat üçin amerikan merkezi" (ACLJ) ýaly radikal sagçy toparlar Noel baýramçylygyna garşy çykyp, mitingler geçirýär. Türkiýede çekişmeler baram bolsa, bularyñ barsy umuman alanda kelle bulaşyklygyndan döreýär: Noel bilen Täze ýyl baýramçylygyny bulaşdyrýarlar! Mysal üçin (adyny agzap oturmaýyn), gazetleriñ biri şeýle çykyş etdi: Täze ýyl gününi bellemek jaýyz (dürs) däl! Ýeri Noeli bulaşdyrýarsyñyz. A Isa pygamberiñ (a.s) doglan gününi bellemek nämüçin günä bolsun? Yslamyñ nazarynda Hezreti Isa (a.s) pygamber dälmi näme? Möwlit baýramyny belläp, Noele garşy çykmak çaprazlyk döretmeýärmi? Islän bellesin, islemedik bellemesin, mundan kime näme, gardaşym? Adamlary "birgyrañly etjek bolma" basyşyñyzy bes ediñ indi... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |