22:16

Haýyr ýeňýärmi ýa şer?

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 481 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Şirhan  
49
"Mmmbäh..." diýesimem gelenok welin diýäýeýin. "Bir gün haýyr bilen şer bile ýola çykypdyrlar", "Bir gün bagt bilen betbagtlyk bile ýola çykypdyrlar", " Bir gün söýgi bilen hasrat bile ýola çykypdyrlar", "Bir gün şatlyk bilen gaýgy...", "Bir gün agzybirlik bilen agzalalyk", "Bir gün baýlyk bilen garyplyk...", "Ýene bir gün goja bilen ýaşlyk", "Ýene bir gün akyl bilen nadanlyk", "Ýene bir gün bir zat bilen başga zat", "Ýene bir gün..."
Diňe şu temada ýa-da diňe "Kitapçy" saýtymyzda däl, beýleki "edebi" diýip bolaýjak saýtlarda-da, instagramda-da, imoda-da, tik-tokda-da... umuman internet äleminde şular ýaly "Oň bilen muny" ýola çykaryp "akyl" berýän rowaýatlar, tymsallar köp, juda köp. Şunça "akylly" zatlary okap daşaryk çykýaňam welin... Aý, bolýa-da...
Adamlar, ýadaňyzokmy şular ýaly "eýle bilen beýläniň" bile ýola çykyp durmuş sapaklaryny berýän rowaýatlarydyr, tymsallaryndan?!

0
2 Moderator  
1471
Awtor edýän orginal bellikleriñizden degerli netije çykarýandygyny we köp zat öwrenýändigini aýdyp, aýratyn minnetdarlyk bildirýändigini bilmegiñizi isleýärin.

0
5 Jemile  
1796
Munda kim bilen kim ýola çykypdyr

0
3 Moderator  
1471
Ilki bilen teswir ýazýanlara minnetdarlygymy bildirýärin. Indi Şirhan anyk siziň teswiriňiz hakynda: Ilki bilen Nobel baýragyny alan eserem islendik adam üçin anyk ýol görkezmez. Sapagy eserden däl-de, durmuşdan almaly. Şu rowaýat hakynda bolsa şulary aýtmakçy. Bu rowaýatda Haýyr hem Şeriň üsti bilen durmuş beýan edilip, durmuşda akylyňy işledilip iş tutmalydygy öňe sürülýär. Şer işiň Haýryň arkasyna bukulyp, işler edýändigi tekrarlanyp, ynsana akyly bilen hüşgär ýaşamaga. çagyryş edilýär. Bu rowaýatda süýji ýaşaýyş asla söz berlenok. Munuň nämesi erbet?!
Eger islendik eserden kemçilik gözlemek islegi bilen ýapyşsaň, onda kemçilik tapyp bolar. Ýöne geliň, elimizi ýüregimiziň üstünde goýup, Alyşir Nowaýy ýaly beýikleriň kämil eserine gowy diýmegi bir başaralyň. Men muny haýyş edemok. Ýöne ýaşlarymyzyň gowy eserlere düşünmeklerini ýüregim bilen isleýärin. Ýöne okanyň üçin minnetdar.

D.Ýazgulyýew.

0
4 Şirhan  
49
Mmmbäh... Ine, gelmeli ýerimize geldik.
Jan agam, men ýa-da başga biri şu ýazgylary (başga "aňyrbaşy" diýilýän ýazgylaram) okap sapak alýandyr, "akyl" alýandyr öýdýäňizmi?!
Alyşir Nowaýynyň - (ata-babalarymyzyň atlandyrşy ýaly) -Myralynyň beýikligine şekim ýokdyr. Ýöne Nowaýynyň şeýle ýöntem rowaýat ýazyp galdyranyna meniň-ä ynanasym gelenok dogrusy. Ýazanam bolsa öz döwrüniň okyjysy (diňleýjisi) üçin ýazandyr.
Onam haýsydyr bir gazetde çap etdirip, (gazet-žurnallarda tankydyň ýoklugyny hem ýatladyp geçeýin) soňundanam internetde hödürläp, öwgüsiz pikirini aýdýan adamy hem "b**-yň içinden monjuk gözleýäne" deňemek...
Agamjan gaty gowy rowaýat, gaty gowy makala.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]