23:25

Her döwür - bir döwür

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 442 | Добавил: Moderator | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 1.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024
"Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024
Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024
Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024
Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024
Ýürek ýarasy / Goşgular - 08.12.2024
"Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024
Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 merdan18  
1808
Şol "gerçek" mundan ýigrimi ýyl ozal Nyýazowdy. "Serdar sahawaty" atly kitap ýazanyňyzda.
Bu günler bu goşgy gerek däldi...

0
2 Garadag  
128
Merdan! Adyňa görä "gerçekleri" söýläpsiň.)

0
3 merdan18  
1808
Ýolbaşçy aýlaryň adyny üýtgeden wagty şular ýaly goşgy ýazmak pikirine-de gelen däldir, awtoryň.

0
4 Moderator  
1471
Agzalara ýüzlenme: goşgyñ gozgaýan pikirine düşünmän, oýlanyşyksyz we zoñtar teswirleri ýazmañ.
Hiç bir keseden tankydy bellik ediji şygyr hakyky şygyr bolanda awtoryñ aslynda näme diýmek isländigini doly bilip bilmez.
Ýerlikli we goşga dahylly bellikler edilse, hemmeler üçinem peýdaly. Emma bu ýazylanlarda gapyp alar ýaly suwytly zat ýok.

1
6 Garadag  
128
Ýaşuly publisist, zehinli şahyr Allaýar Çüriýewiň "Her döwür-bir döwür" goşgusy hakda subýektiw däl pikirlerim:

1. Goşgy rus edebiýatçylarynyň "злободне́вный", ýagny "Важный, существенный для какого-либо определённого момента." Möhüm, belli bir döwür, pursat üçin häsiýetli goşgy.
Bu goşgy biz diňe belli bir döwürde şowly bolmadyk özgerişlikler barada özboluşly beýan. Artykmaç ussatlyk beýleki geregem däl.

2. Ussatlyk barada aýtsam, goşgy täsin. Ak goşgy bilen kapyýaly nusgawy goşgynyň gibridi. O hem goşguda aý atlaryny kapyýalaşdyryp kynlaşdyryp okyjynyň çammalagyny çaşyrmajak bolup ussat şahyrymyzyň eden ýeňilligi.

3. Goşgy bize şahyryň ýöne-möne şahsyýet däldigini görkezýär. Öz döwrüniň, öz halkynyň söwer şahyry Allaýar Çüriýew wagty gelende hakykaty aýtmakdan çekinmeýändigini görkezýär.
Berekella şahyr aga!

P.S. Moderatora bellk:
Hormatly moderator, agzalara ýüzlenmäňizi ýüzleý gördüm). Iň azyndan birhili. Birje agza goşgyny okap şahyryň her döwür bir hili pikir-ýönelişli goşgy ýazyp bilýändigi, şeýle kolliziýalaryň boljakdygyny aýdypdyr. Aýyp däl o. Zoňtarlygam hasap edemok.
Özüm-ä Allaýar Çürini gowy ýazyjy hasaplaýan. Gökdepe baradaky goşgusyny dagy söýüp okaýan.
Ýöne kitapçy azajyk-da bolsa azat pikirlere hormat goýýandygy üçin Kitapçydyr.

0
7 Moderator  
1471
Saýtyñ tankydy belliklere we erkin pikirlere açykdygyny iñ gowy siz bilýärsiñiz. Hiç bir agza öz ýazýan pikiriniñ absolýut hakykat bolup bilmejegini we pikirine garşy pikirleri hem aýdyp biljekdiklerini ýatdan çykarmaly däl. Şoña görä-de, baran ýeriñden isleýän açyklygyña özüñem amal etmegi başarmaly. Açyklyk ikitaraplaýyn bolmaly. "Ýok, beýle däl" diýilse, pikiriñi beýan etmäge garşy çykyldygy bolmaýar. Pikiriñi delillendirip biljegiñe gözüñ ýetse jedelleşibermeli. Ýalñyşanyñy bilseñ mertlerçe ýalñyşyñy boýun almaly ýa-da garşydaşyñ pikiriniñ dogrudygyna gözüñ ýetse, öz ýalñyş pikiriñden el çekip dogry pikire gol ýapmagy hem başarmaly. Diñe şonda netijeli we ýokary hilli pikir alyşmalary gurap bolar. Mesele biziñ aýdylýan garşylyklaýyn pikirler bilen ylalaşyp-ylaşmaýanlygymyzda däl.

0
5 Döwletmyrat  
1892
Merdan18 köşeş. Wagtynda aýtmak diýýäniň şeksiz dogry, ýöne şahyryň soňundan şu meselä ýüzlenmegem ýaşlary geçmiş bilen tanyşdyrmak ahyry. Onsoňam, awtor siziň diýýän hakykatyňyzy boýun alýar. Ol "Şeýle döwür dowam eden bolsa adymyzam üýtgejekdi" diýip ýazýar. Kähalat şahyryň şygryndan logika talap etmek ýalňyşlyk. Şuňa düşüneweriň, hem başgalaryň pikirine çydamly bolalyň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]