16:16 Hojamyrat pälwan | |
HOJAMYRAT PÄLWAN
Taryhy şahslar
Segsen onlugy tegeläp aradan çykan gojalar Mämmet Musa ogly, Hürmen Mämmet ogly, bagşy Mämmetgylyç dagy heniz aýatda dirikäler Güýç, Ýagsoran, Kiçi, Naýza, Hojamyrat pälwan... hakynda gyzykly söhbet ederdiler. Iñ soñundan men: - Ýagyrnysy bir gezegem ýere degmedik pälwan kim? -diýen soragy orta atdym. Gojalar: - Hojamyrat pälwan! - diýip, biragyzdan jogap berdiler. Jyny almasa, kän bir gürläp ýörmeýän, gyşaryp ýatan Mämmet aga kelteje göwresini dikeltdi: - Ol, iner kuwwatly kişidi - diýip, çuw-ak sakgalyny sypalap goýberdi: - Kiçi Balkanyñ eteginde ýaýlaýardyk. Göçmeli bolduk. Öýleri çözüp, bugurça ýüklemeli bolanymyzda, duýdansyz çabga geldi. Az salymyñ içinde töweregi suw-sil etdi. Öñümizdäki sil däli-porhan bolup akdy. Beýleki kenara geçmelidik. Bugurçylaryñ sil suwuna urmaga gaýraty çatmady. Bagyryşyp, kürtdürişip duruberdiler. Sil akmanka, oglan-uşagy añyrky kenara geçiripdik. Olar ýylynmaga, bir öýi eltmelidi. Nätmeli? Aramyzda Hojamyrat bardy. Onuñ göreşlerde uly baýraklary alyp, ýañy adygyp ýören mahallarydy. Ol birden: - Bir öýi maña ýükläñ - diýdi. Duranlar geñirgenişseler-de, öýüñ tüýnükden beýlekisini jaýladylar. Hojamyrat dynman, añyrky kenara geçirdi. Öwrülip, gelibem, tüýnügi äkitdi. Şu wagt Nebitdag şäherinde ýaşaýan, başlangyç klas mugallymymyz bolan Balkan molla Durdy oglunyñ takmynan, otuz bäş-otuz ýedi ýyl mundan ozal gysgaça bir gürrüñi ýadymda berk galypdyr: - Gytçylykdy. Nebitdagdan çuwal däne alypdym. Şony otla ýüklemelidim, emma hiç kim kömekleşenok. Çuwallary iki adam bolmasañ, gozgamaga-da imrikmeli däl. Ine, otlam ugrama zoguny çaldy. Bütinleý aljyradym. Näme etmeli? Galaýmalymy?.. Edil şol pursat milisge eşikli biri ýetişäýdi: - Agam, şu çuwallary otla ýükleşsene. - Men çuwallaryñ halkasyndan tutdum. Ol: - Hany inim, çekil - diýdi-de, göz açyp-ýumasy salym içinde çuwallary gursagyna-da degirmän, otla oklady. Haýran galypn agzymy açanymam şoldy weli, otly ugrady. Münmäge zordan ýetişip gygyrdym: - Kim diýerler, ho-w, agam saña? - Hojamyrat. - Pälwanmy? Ol ýylgyryp baş atdy. - Tañryýalkasyn. Eliñ-ýüzüñ dert görmesin, pälwan!.. Hojamyrat orta boýly, dykyz göwreli, garaýagyz, şah ýaly murtly pyýada eken. Göwresi uly bolmansoñ, tanaman göreşýänler, tutluşmankalar ilki ony äsgermändirler. Haçan-da ol oturanda ýa-da göreşende görer göze adamyñ mähnedine öwrülýär duruberýär. Kümmethowuzly, segsen onlugy külterlän Janmämmet hajy Söýünç ogly şeýle bir wakany gürrüň berdi: - Tutha-tutlugyñ öñ ýanynda, serhetden bäri geçmänkäk, Gazanjygyñ töweregine golaý ýerde oturýardyk. Uly toý boldy. Men o mahallar on-on iki ýaşly oglandym. Köp zat ýadymda. Göreş meýdanynda märeke köpdi. Tomaşa etmäge ýer tapsañ, han boldugyñ. Balkanyñ atly pälwanlary-da ýygnanypdy. Uly baýrak bir ogşuk bilen dört metr ýüpek matady öýdýän. Orta läheñ göwreli pyýada çykdy. Megerem, ol, "Torköýnek" lakamly pälwandy. Onuñ bilinden tutmaga hyýallanan bolmady. Şu-da adybelli pälwandygyny añladýardy. Ol baýragy alman, märekä ýüzlendi: - Tutluşmaga biri tapylmazmy? Onýança märekäniñ çetinden murty taban ýigdekçe towsup, orta çykdy. Torköýnek pälwan: - Bo-how, bujagaz oglanjygy ýygnañ - diýdi. Tutluşdylar. Torköýnek saga-sola göterjek boldy. Bolmady. Birden "ho-op" diýen ses çykdy. Nähili ýykylanlygy meñ-ä gözüme ilmedi. Bir görsem, Torköýnek ýigdekçäniñ aşagynda ýatyr. Ony ýykan Hojamyrat eken. Hojamyrat pälwanyñ gaplañ bilen baş-baş söweşişi hakynda kelam agyz söz. Ol bir gün daga gidýär. Geçitde hülte alabeder gaplañyñ üstünden barýar. Ol hyñranyp, syçrap turýar. Läheñler biri-birinw seredişýärler. Başda duşmançylykly garaýyş ýok eken. Her kim öz ýoly bilen gidiberse boljak, emma tiz ynamsyzlyk döreýär. Onsoñ ikisem deñ wagtda topulýar. Hojamyrat gaplañyñ giñ açylan agzyndan kellesini sowup, onuñ biloñurgasyny ýazdyrýar. "Ejir çekip ýatmasyn" diýibem, ak saply pyçagyny böwründen sokýar. Ýa-da başga bir tymsal. Bir toýa köp pälwan ýygnanýar. Göreş başlanmanka, jedel döreýär. "Kim içi däneli ýatan äpet çuwaly ylgap gelýärkä, dikeldip biljek? Baýragy bir mañramaz goýun". Ol baýragy diñe Hojamyrat alýar. Nebitdagly Amangeldi pälwan hajy ogly golaýda bir üýşmeleñde Hojamyrat pälwandan söhbet edilende, şeýle gürrüñ berdi: - "Düýe Begjan" lakamly mähnet pälwan bardy. Gojalan çaglarynda tanyş bolupdym. Bir gün syrkawlanyny eşidip, halyny soramaga bardym. Uzak ýerden idäp gelemsoñ, begendi. Esli oturdyk. Ol derrew gürrüñiniñ hörpüni üýtgetdi, göreşe, pälwanlara sowdy: - Bir gezek uly toý boldy. Baş baýragy almaga orta çykdym, emma hiç kim gelmedi. Baýrak şol döwrüñ gyt zatlary mata hem-de çaýdy. Manada öwürseñ, bir köşekli düýäniñ bahasyna barabardy. Meniñ göreşmän alasym gelmedi. Berlen matany mañlaýyma-da degirmän, süýräbräk, märekäniñ öñünden halkalaýyn üç gezek aýlanyp, ýene orta geldim hem-de: - Pälwanlar, tutluşmaga höwes edýän. Özümem daş ýerden gaýtdym - diýip, tumşugymy göge tutubrak seslendim. "Menlik şeýtanyñ boýnuna" hem diýmändirin. Indi pikirlenip görsem, juda howalanypdyryn. Men egsilmez güýjüme buýsanýardym. Bir çebşi suwa gaýnadyp, myhman ýerimden iýil, özümi seýisläpdim. Birden märekäniñ gyrasyndan sary balaklyja oglan turdy gaýdyberdi. Gözlerime ynanmadym. Meniñ ýanymda ýumruk ýalyja oglan-how, ol. Tas: "Ejeñ çuwala bakyp, aglaýmasa ýagşydyr, ballyjygym" diýýärdim. Hernä dilimi dişledim. Tutluşdyk. Gujagym doldy duruberdi. Eýlä-beýlä silterläp gördüm. Gurşunly kenegiñ bar-da. Uly derdesere galdym. Göterip ýykmaga miltem edip bilmedim. Sebäbi gozgap bilemok. Ahyry aýagyndan badak urdum. Bolmady. Edil daşdan ýasalan şekilli, epilmedi. Derledim, az-kem injiklerimem saññyldaýar. Ahyry ojagaza rugsat berdim. Bir görsem, ýerde, oglanjygyñ aşagynda ýatyryn. Ynha, şol Hojamyrat pälwandy. Ýañy göreşe turup ýören mahallary bolmaly. Öñ adyny eşitmändim. Soñra bir toýuñ göreşinde, oña barabilmän, gözleşip durduk... Şu hili ýa-da başgarak röwüşdäki pursatlar Hojamyrat pälwanyñ durmuşynda käm bolupdyr... Ynha, ýene bir pursat. Pälwan ol wagtlar, Akjaguýmada oba arçyny eken. Obada Bakam hoja atly gazaklaryñ meşhur tebibem ýaşapdyr. Sylanýan adam. Şoña Gazagystandan pälwan ýigit myhman gelipdir. Bu wakany aýdýanlar şol pälwanyñ adyny hakydasyna getirip bilmediler. Ol Bakam Hoja: "Pälwanyñ ýokmy, güýç synanşaýsam" diýýär. Öý eýesi Hojamyrada barýar we myhmanyñ haýyşyny aýdýar. Onda Hojamyrat: "Adybelli pälwanlara toý-tomugsyz göreşip ýörmek birhiliräk. Höwesek bolsa, toý bolýança garaşsyn. Ýogsamam, başga bir zatda güýç synanyşaýaly. Şerti özüñ saýla". Bakam hoja olara ýerden bir garyş saýlanan sözeni köki-damary bilen sogurmagy tabşyryp, eýer-esbaply bir aty baýrak goýýar. Gazak pälwany synanyşyp başarmaýar. Hojamyrat weli, köki iki metre golaý çuñluga giden sözeni bir silkende sogurýar. Gazak ýigidiñ gözleri giñden açylýar we baryp, garşydaşynyñ arkasyna kakýar. Emma Hojamyrat aty myhman pälwana berýär. Hojamyrat Mämmetmyrat oglunyñ ýedi ogly bolupdyr. Ýakynda Goýmat obasynda ýaşaýan dördünji ogly, pensioner Öwezmyrat aga bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol: - Dädemiñ toýlarda uly baýraga göreşenini köp gördüm. Ýöne ýagyrnysy ýere degmändi - diýip, murtlaryny sypalaşdyryp, buýsançly dowam etdirdi: - Öñräk Gazanjykda agramy bir ýüz elli alty kilograma ýetýän Agamyrat atly pälwan bardy. Ony bäş ýaşly erkek göterip bilmezdi. Buýrup tikdirmese, eşik, aýakgap bolmazdy "Çempiondym" diýerdi. Megerem; ýurdumyzyñky bolsa gerek. Şonuñ özi: "Toýda Hojamyrat bilen üç gezek göreşip ýykyldym" diýip, boýun aldy. Ýöne dädem pahyr "ors göreşiniñ" ýaryşlaryna gidip ýörmezdi... Hojamyrat pälwanyñ aýalynyñ ady Şeriwan bolup, Hakberdi ahunyñ neberesinden eken. Ejesi Hesel tumaç taýpasyndandyr. Bir gün odun arkalap getirýärkä, burgusy tutýar hem-de meýdanda çagasy dünýä inýär. - Garry ejem şol çaga "Hojamyrat" diýýän ýalydy - diýip, ýady kütelişen Öwezmyrat aga ýylgyrýar hem-de: "Görersiñiz, Hojamyrat jan üýtgeşik ogul bolup ýetişer" diýip, Hesel ejäniñ öñdengörüjilik bilen aýdanyny ýatlaýar. Günbatar ýomutlarynyñ uzyn agynyñ sakawy tiresinden bolan Hojamyrat pälwan ömrüniñ soñky pursatlarynda Gazanjygyñ içeri işler bölüminde milisioner bolup işläpdir. Onuñ jenaýatkärlere garşy alyp baran gaýduwsyz göreşlerini özbaşdak beýan etmeli. Elbetde, muny-da ýazarlar. Ol 45 ýaş töwereginde, egsilmez güýçli mahaly, garahassalyga uçrap, aradan çykypdyr. Annatagan NURGELDIÝEW. #watan_95 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||