14:02 Hojaýyn soñunyñ gowy bolaryny isleýär, emma özüniñ haly perişan | |
HOJAÝYN SOÑUNYÑ GOWY BOLARYNY ISLEÝÄR, EMMA ÖZÜNIÑ HALY PERIŞAN
Publisistika
ABŞ Ukraina urşuny ulanmak arkaly NATO-ny konsolidirledi, emma bileleşigiñ özara gapma-garşylyklary barha artýar. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý NATO-nyñ heniz geçirilmänkä "senesi" yglan edilen duşuşygy yzda galdy. Ýöne meñ pikirimçe senesi bolmakdan zyýada "şowsuz" duşuşyga öwrüldi. Çünki NATO-nyñ hojaýyny ynjalyksyzdy. Ýa-da "hojaýynyñ hojaýyny..." ABŞ-nyñ we Jo Baýdeniñ gürrüñini edýärin. Soñky wagtlar Baýdeniñ saglygynyñ peselýändigini, huşunyñ dargaýandygy belli. Şonuñ üçin duşuşykda-da ýüzügara edäýermikä diýen ikirjiñlenmeli garaşmalar bardy. 75 ýaşly paktyñ agzalary 81 ýaşly Baýdeniñ uzak hasaplanyp biljek nutugy sakynman okasa begenjekdiler welin, hojaýyn garaşylmadyk ýerde samsyklady oturyberdi. Ol Ukrainanyñ prezidenti Zelenskini münbere çagyranda onuñ durmuşda meñzemegi isläp biljek iñ soñky adamynyñ adyny tutdy: "Ukrainanyñ prezidenti Putin!" Soñundan sammy-summy edip ýagdaýy ýuwmarlamaga synanyşanam bolsa, boljak iş bolupdy. Ýene bir ýerde-de ABŞ-nyñ prezidentiniñ orunbasary Kamala Harrisiñ adyny Tramp diýip tutdy. Elbetde, "taryhy duşuşyga" gatnaşyjylar hojaýynyñ birnäçr aýdan soñ wezipede galyp-galmajakdygynyñ howsalasyny başdan geçirýärdiler. Olar entek bu howsalany üstlerinden aýryp bilenok. Birem üstüne Trampyñ nukdaýnazaryndan "şowly terakt synanyşygy" gelmezmi! Ýagdaý "Gadyrdan, ABŞ öz prezidentini saýlaýar, kim gelende näme" diýer ýaly däl. Trampyñ geçen gezekki prezident bolan döwründe NATO-nyñ ýewropaly agzalaryna agzyndan gelen paýyş sözlerini aýdyşy heniz ýatdan çykanok. Soñky aýlarda-da bolşuny üýtgetmedi, gaýtam has beterleşdi. Harby çykdajylaryny artdyrmazdan ABŞ-nyñ hasabyna ösmek isleýänleri "Sizi Putiniñ öñüne zyñaryn, ol sizi lak-luk atar" diýen ýaly häzire çenli eşdilmedik haýbatlar bilen gorkuzdy. Şular ýaly şertde NATO-nyñ duşuşygyna "taryhy" diýip, öwgüli sözler we alkyşlar bilen öz göwünlerini hoşlamagy mümkin däl. Käşgä tomus aýlaryna garaşmazdan goja paktyñ hakyky doglan gününde (4-nji aprel) kiçijik tort kesip, hakyky üýşmeleñ geçirilen bolsady. Hem şo wagtlar Baýdeniñ ýagdaýy şumatkysyna garanda gowudy. • Ukraina: Entek garaşyñ Duşuşygyñ Ukraina berip biljek iñ uly goldawy ony NATO-nyñ agzalygyna kabul etmek ýa-da agza bolmak üçin ýüz tutma prosedurasyny başlatmakdy. Waşingtonda myhman alynan käbir döwletleriñ wekillerine galsa-ha, olar derrew işe başlamalydylar. Meselem, Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Polşa, Çehiýa... Belkäm, ýene birnäçe agza... Emma Germaniýa munuñ beýle bolmagyny islänok. Italiýadyr Fransiýa hem şeýle. Elbetde, iñ birinji hem ABŞ-nyñ islemeýän ýagdaýy bu. Russiýa bilen uruş derejesinde gidişmek we bu gidişmegiñ çäginde ony mümkingadar güýçden gaçyrkak amerikan tarapynyñ baş strategiýasy. Ýöne Putini kontroldan çykarjak derejede gaharlandyrmak we onuñ bilen gönüden-göni uruşmak ýaly maksady ýok. Munuñ bilen birlikde Kiýew hökümetini begendirmek üçin yzly-yzyna kömek berildi, signal yzyna signal berildi. Iñ esasy kömek 2025-nji ýylda Ukraina 40 milliard dollar beriljekdiginiñ mälim edilmegidi. Paktyñ Ukraina boýunça ofisiniñ açylmagy ýaly alkyş alan mälimnamalary-da bardy. Şol ikiarada agzalyk perspektiwasy boýunça-da NATO-nyñ geñeşdarlary "super pikir" oýlap tapypdylar. Olar Zelenskä ýurdunyñ bileleşige agzalyk müddetiniñ indiden soñ "yza dolap bolmajak tapgyra" gelendigini aýtdylar. Hem her bir ýagdaýda howply saýan bu "yza dolap bolmajak tapgyr" sözlerini öwran-öwran agzadylar. Meniñ içime şübhe düşdi: Eýse NATO-nyñ indiki ýyl Gollandiýada, 2026-njy ýylda Türkiýede geçiriljek duşuşyklarynda aýdan bu sözleri ýatlaryna düşermikä? Ýagny muña ynam edip bolarmyka? Halkara syýasatda aýdylan owadan sözler-ä beýlede dursun, baglaşylan şertnamalara ynam edip bolanok. 1994-nji ýylyñ 5-nji martyndaky Budapeşt memorandymy kimiñ ýadyna düşýär? Russiýanyñ, ABŞ-nyñ, Angliýanyñ, Hytaýyñ, Fransiýanyñ "Siziñ ýurduñyzyñ garaşsyzlygynyñ we territorial bitewiliginiñ kepilligi bizdiris, arkaýyn boluñ" diýip gol çeken şertnamalarynyñ täsiri bilen Ukraina, Belorussiýa, Gazagystan eýelik edýän ýadro ýaraglaryndan el çekipdiler. Kiýew häzirki ýagdaýlary öñünden oýlan bolsa bu ädimi ädermidi? Elinde ýadro ýaragy bolan Ukraina Russiýa çozup bilermidi? Ynha, size gözlük üçin edilen "žest" nutugyndan" has beter halkara memorandymy... • On agza gol çekmedi Ýaranlygyñ 2024-nji ýylyñ 9-11-nji iýulyndaky duşuşygynyñ çäklerinde edilen işleriñ megerem iñ esasysy Kiýew hökümetine berilen goldawyñ ylalaşyk bilen soñky tapgyra göterilmegidi. Aslynda "Ukraina ylalaşygy" diýilýän bu dokumentiñem içinde mazmun taýdan alanda suwytly zat ýok. Ylalaşygy tassyklanlar "rus agressiýasyny ýeñýänçä" Ukraina goldaw bermegi wada berýär. Goranmak, howpsuzlyk, garşydaş tarapa gönükdirilen serpikdiriji çäreleriniñ ähmiýeti nygtalýar. Hem garaşsyz, demokratik bir bitewi Ukraina baglylyk beýan edilýär. Agzalýan dokumente gol çekenler şular: ABŞ, Germaniýa, Birleşen Korollyk, Belgiýa, Daniýa, Estoniýa, Finlandiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Islandiýa, Ýaponiýa (NATO-nyñ agzasy däl), Kanada, Latwiýa, Litwa, Lýuksemburg, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, şeýle-de Ýewropa Geñeşiniñ başlygy we Ukrainanyñ prezidenti. Ylalaşyga gol çekmedik agzalaram az-uçuk san däl. NATO-nyñ 32 agzasyndan 10-y. Sanalyñ: Albaniýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Garadag, Demirgazyk Makedoniýa, Wengeriýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Türkiýe, Gresiýa. Russiýa bilen aýratyn gatnaşyklary bolan Türkiýäni, Wengeriýany, Slowakiýany hasaba-da almalyñ welin, ABŞ bilen döwletara gatnaşyklary soñky döwür hasam ýygjamlaşýan Ruminiýadyr Gresiýanyñ gol çekmeden saklanmagy hem-de gol çekmedikleriñ köpüsiniñ Balkan ýurtlarynyñ bolmagy hem täsin. Netije? Indem sammyk-summyk gepleri we akyl-huşunyñ dargap ugramagy bilen wagtal-wagtal ýañsylanýan Baýden hemme zada garamazdan Russiýa-Ukraina urşuny ulanmak arkaly NATO-ny gysymynda saklamagy, güýçlendirmegi, täze agzalar bilen ulaltmagy başardy. Emma uruş dowam etdigiçe bileleşigiñ içindäki gapma-garşylyklar artmaga başlady. Agzalaryñ bir topary Ukraina berilýän goldawlardan ýadady. Şeýle-de ABŞ bilen Ýewropanyñ arasynda oñşuksyzlygyñ bardygy duýulýar. Birem ABŞ-nyñ başyna Tramp gelse, ýagdaý nähili dowam eder, Alla biläýmese biljek ýoo. Elbetde, NATO-nyñ hojaýyny Russiýany çagşatmak, paktyñ beýleki agzalaryna-da arkaýynlyk bilen sözüni ýöretmek üçin bu senariniñ soñunyñ gowy gutarmagyny-dowam etmegini isleýär. Emma "gowy soñlama isleýän hojaýynyñ" özüniñ halynyñ perişan wagty bu iş añsat boljaga meñzemeýär. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 18.07.2024 | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||