09:09 Hudaýyň öýi nirede? / hekaýa | |
HUDAÝYÑ ÖÝI NIREDE?
Hekaýalar
O wagtlar meniňem, jigilerimiňem, ýaňy bir ikinji klasa gatnap ýören, agamyňam öýüň içindäki hezillikden, ata-enelerimiziň elmaýyşlyklaryndan başga dünýäde zat bardyr öýtmän ýören çaglarymyzdy. Ýüregimize jüňk bolan zatlary beýnimize ömürlik ýazýan pursatlarymyzdy. Esasanam kakam pahyryň beren öwüt-ündewleri ýadymda gowy galypdyr. Ol bize eýle boluň, beýle bolmaň diýip iňirdäp, ýüregimize düşüp oturmazdy. Bir gezek aýdardy, tutsaň-a begenerdi, tutmasaňam uludan bir demini alardy-da: «Gör-dä, oglum, «ýagşa bir söz bes, ýamana müň söz hebes» diýipdirler» diýerdi. Şondan soň onuň bir diýenini iki gezek gaýtalatjak gümanyň ýokdur. Ýumuş buýranda pylan zat et diýer, etseň-ä edersiň, etmejekdigiňi aňlatmak üçin sortdurylyberdigiňem: «Aý, bor, guzym, onda özüm edäýerin» diýer. Ine, şo-da bize şarpyk çalandan beter degerdi. Biriniň gapysyndan baranda ardynjyrap barardy. Süme-sürç barsaň öýde oturan adamy gapyllykdabasmagyň, oňaýsyz ýagdaýda goýmagyň mümkin diýerdi. Çünki öň-öňler biziň illerde gapy kakmak düzgüni ýokdy ahyry. Gaýtam gapy, äpişge kakmaklyk ýaramaz iş hasap edilýärdi. Kakamyz bize, eger-de deň-duşlarymyzyň biriniň öýüne barsak, hökman şol oglanyň ata-enesiniň oturan jaýyna girip olar bilen salamlaşmagy, gaýdanymyzda hoşlaşmagy tabşyrardy. Hoşgylaw boluň, adamyň ýüzüne azgyrylmaň, göwnüne degmäň, göwün diýlen zat Hudaýyň öýüdir, bir göwni ýykdygyň — Hudaýyň öýüni ýykdygyňdyr diýerdi. Myhmanlar bilen oturan wagty: bar, oglum, o jaýdan pylan zat getir diýip iberse, kaka şo diýeniň-ä ýok ekeni diýip barmak bolanokdy. Ejemize-de şony sargardy. Myhmanyň ýanynda agzymdan sypan sözi syndyrmaň, düýbünden bolmajak zady menem aýdyp durman diýerdi. Seredip otursaň onuň diýeni dogry bolubam çykýardy. Mysal üçin, bir gezek myhmanlara käse ýetmedi. Menem kakamyň dyzyny ýassanyp ýatyrdym. Ol meniň başymy sypalady-da: — Bar, oglum, ýene-de iki sany käse getir o jaýdan — diýdi. Şu ortada görünýänjelerden başga öýümizde käsäniň ýokdugyna gözüm ýetip duransoň gözlerimi tegeläp kakamyň ýüzüne seretdim. O-da diýjek bolýan zadymy nazarymdan aňan ýaly çalaja ýylgyrdy-da, arkama kakdy. — Bar, ejeňe aýt, bilýändir, düýnki goýan ýerinde bardyr. Aýdyşy ýalam boldy. Men baryp şeý diýenimden ejem sessiz-üýnsüz turup gitdi-de, goňşulardan iki sany käse alyp geldi. Näderkäk diýip uly gaýga galyp oturan halyma gala alan ýaly «got-got» edip gitdim-de, amanat käseleri ortarada «jalkyldady-yp» goýdum welin, janym dagy hezil edäýdi. Ejem bilen kakamyň özara gatnaşygynda meni ömürboýy geň galdyran başga-da bir üýtgeşiklik bardy. Ýagny, galan wagty gaty-gaýrym aýtmasa-da, käteler, myhman gelip, meýlisiň gyzyşan wagtlary, kakam bolgusyz zat üçinem ejeme käýinibererdi. Ýöne ejem sesini çykarmazdy. Kakamam känbir ezeläp durmazdy-da, myhmanlaryň ýanyna giderdi. Bu zatlaryň syryny ejem kän-kän soň, kakam pahyr ýurduny täzeläninden soň düşündirdi. «Erkek adam ömürboýy aýalyny synap görýändir, oglum. Kakaňam şol hereketleri bilen meniň myhmanlary ýükürgenýänimi ýa ýükürgenmeýänimi, myhmanlaryň ýanynda özüni näderejede sylaýanymy, aýaýanymy ýa aýamaýanymy synap görerdi. Hak-u-nähak myhmany barka aýal ärini käýitse günäkärdir. Näme kinesi, öýkesi bolsa-da ýuwdup, myhmanlar dargaşansoň aýtmalydyr. Sähel zat üçin äri bilen dikleşip oturan aýalyň özüni sylamaýandygy üçin ärinden öýkelemäge haky ýokdur» diýdi. Kakamyz aýdym-sazdan baş çykarýan adam bolansoň, öýümizde üýşmeleň köp bolýardy. Hatda beýleki obalardanam, goňşy raýonlardanam kakamyň ýanyna oturmaga gelerdiler. Iýerdiler, içerdiler, aýdym aýdardylar, saz çalardylar, her aýdymyň, sazyň arasynda-da biri-birine wäşi sözler aýdyşardylar, degişerdiler, arkan-ýüzin gaýşyp, gyzyl-gyran gülüşerdiler. Nämüçindir häzirkiler ýaly serhoş bolmaýardylar. Urşup-sögüşmeýärdiler. Bu wagtkylar ýaly gözleri gyzarýança, dilleri çolaşýança içmeýän bolmaklaram mümkin. Çünki on adam bolup, üç çüýşe arak bilen gijäni geçirýändiklerini bilýän. Puluň gytçylygyndan bolmagam mümkin. Arak içmäne entek ökdelemändiklerinden bolmagam mümkin. Sebäbi biziň kakalarymyzyň ata-babalary arak içmändirler. Şonuň üçinem olaryň gany arassady. Endamlary entek araga eýlenmedikdi. Häzirkileriň köp içýändikleri bolsa, arak içilip ugraly birnäçe nesliň çalşyp ýetişendiginden, ganlarynyň araga uýgunlaşandygyndan bolmaly. Hawa, biziň atalarymyz meýlislerini hoşwagt geçirerdiler. Biz ýaly ýaş oglanlary ýanlaryndan kowmazdylar. Gaýtam: «Ulularyň gürrüňini diňleseň dana borsuň. Otur şu ýerde» diýip, ýanlarynda oturdardylar. Paýyş sözler aýtmazdylar. «Owazy beýniňize siňsin» diýip, dutaryň sapyndan dişlederdiler-de, «tabyr-tabyr» etdirip dutaryň taryna kakardylar. Men her gezek oturyşygyň soňuna çenli oturmagy ýüregime besleýän hem bolsam, ýarym gijä ýetip-ýetmän uklap galýardym. Ertesi oýansam o tamda jigilerimiň arasynda ýatandyryn. Dyzyna ýaplanyp irkilenimden soň kakam emaý bilen goltugyna göterendir-de, getirip ýatyrandyr. Bir gezek göterip gaýtjak wagty çalarak oýananym, bosagadan ätlejek bolup duran kakamyňam myhmanlara ýüzlenip: «Men bujagaz garaja goçuma ýalpyldap duran gonçluja ädigem äberjek» diýeni ýadyma düşýär. Dessine-de uka gidipdirin. Ýöne şol ädigiň soň äberileni ýa äberilmäni ýadyma düşenok. Megerem, äberilen däl bolsa gerek. Tapdyran däl bolmagam mümkin. Bir ädik geýýänim, onuňam bir tarapa gyşarýany, ony dogrulamak üçin kakamyňam birnäçe günläp içine öl gum dykyp goýýany, «aýagyňy dogry basaýarlar ahyry» diýip käýinýäni çalarak hakydama gelýär. Ýöne ol ädik kakamyň diýýän ýalpyldawuk, ýumşak gonçly ädigi bolmaly däl. Başga ädik bolmaly. So-oň, dokuzynjy klasda okap ýörkäm bir kirzowoý ädik geýdim. Her günde garalap, ýalpyldadyp, gonjuny kä epläp, kä ýazyp, balagymy kä içine salyp, kä üstünden goýberip gezdim. Emma barybir, o-da, alasarmyk ukynyň arasynda aňyma giren ädik däldi. Ädikli gürrüň bu ýere, elbetde, tötänden düşdi. Bu zatlary diýmek bilen meniň esasy maksadym kakalarymyzyň şo döwürlerde öz oturyş-turuşlary bilenem bize özboluşly terbiýe berendiklerini tekrarlamak. Olaryň boluşlaryny görüp biziňem basymrak ulalasymyz, meýlisler gurasymyz, aýdym aýdyp, saz çalasymyz gelerdi. Degişesimiz, agzymyzy uludan açyp, arkan-ýüzin gaýşyp, dyzymyza şapbatlaşyp, hahahaýlaşyp gülüşesimiz gelerdi. Şolaryňky ýaly ýagyrnymyzyň derlemegini islärdik. Şolaryň edişi ýaly burnumyzy tarňyldadyp elýaglygymyza gurak-gurak sümgürinmegi höwes ederdik. Şol döwürlerden meniň esasy ýadymda galan zadyň ýene birem öýümizde kakam tarapyndan ýöredilýän berk düzgün-nyzamyň biz tarapdan hiç bir gyşarnyksyz berjaý edilýändigidi. Elbetde, myhman gelse, oturyşyk bolsa, bu her bir öý üçin kiçiräk toý. Şagalaň. Çagalar üçin-ä hasam ýakymly. Öň bişirilmeýänem bolsa şol gün öýüňde her dürli naharlar bişip durandyr, öýüň höwselesi artandyr, käte şäherden alma, nar diýen ýaly, obaňda tapdyrmaýan ir-iýmişlerem saçagyň üstünde hatarlanyşyp durandyr. Garaz, giden bir hezillikdir. Getirilen ir-iýmişlerden öňi bilen biziň paýymyzy bölüp bererdiler. Ýöne näme, sen bir çaga, berilen zady derrewjik «galt-gult» edäge-de, gireňde-çykaňda ýene-de saçagyň üstündäki zatlara gözüň gytagyny aýlamany hiç zatça göreňok. Şolar ýalyda oturan myhmanlaryň biri seniň hyrydar garaýanyňy bilip ortadaky zatlardan birini-ýarymyny eliňe tutduraýsa dagy almak bolýan däldir. Ol bize gadagan. Kakamyzyň gadagan eden zady. Şonuň üçinem «juk» diýäge-de, iki eliňem arkaňa tutup durubermelisiň. Garynjygyňy sypalap çalarak gägiribilseň-ä oňa ýetesi zat ýok. Käbir goňşularymyzyň öýünde oturyşyk bolanda deň-duşlarymyzyň sümügini akdyryşyp tabagyň daşyndan ters aýlanýandyklaryny, ortada duran zatlaryň islendigine penjelerini uraga-da, ýene-de girişleri ýaly ýalaňaç aýaklary bilen saçagy basyglaşyp, çykyp gidiberýändiklerini görýärdim. Kakasynyň dyzynda oturan ýerlerinden: «Kaka, dijje» diýşip çorly ellerini çanagyň içine sokuşlarynam, et alyp iýişlerinem görýärdim. Göwünlerine ýaramasa-da, myhmanlaryň zoraýakdan seslerini çykarman oturýandyklaryny aňýardym. Şonuň üçinem şo zatlary gadagan edýändigi üçin, şolar ýaly «läliklikden» mahrum edýändigi üçin men kakamdan kine etmeýärdim. Gaýtam şolar ýaly häsiýetli çagalary soňabaka özümem ýigrenip ugradym. Çünki olar ulalansoňlaram, toýda-tomguda-da özlerini edil, öýlerinde endik edişleri ýaly salyhatsyz alyp barýardylar. Köp iýjek bolup göze-başa düşýärdiler. Märekeli jaýa nahar çekişen wagtlary garaňka güýdüşip çanagyň içindäki eti alyp agyzlaryna atýan wagtlaram, jübülerine dykýan wagtlaram bolýardy. Şondan soň ulular olara tabak ynanmalaryny bes edýärdiler. Hawa, bize ýeke bir myhmanlar iýip-içip oturan wagtlary däl, olar dargaşanlaryndan soňam tä, olary ugradyp kakamyň ýeke özi dolanyp gelýänçä, ortadaky zatlara el urmak gadagandy. Ýygnaşdyrmagam gadagandy. Elbetde, saçagyň üstünde iýilmän, içilmän näme galan bolsa, onuň barysy biziňkidi. Biz iýip-içmelidik. Ýöne, ýaňky aýdyşym ýaly diňe kakamyzyň ýeke özüniň dolanyp gelenini gözümiz bilen görenimizden soň. Bu düzgün-nyzamyň sebäbini kakam bize şeýleräk düşündirýärdi: Öýden çykan myhmanlaryň biriniň-ýarymynyň öý eýesi bilen dolanyp gelmegi mümkin. Şol wagt gözi zat görmedik ýaly, galan-gaçanlary gemrişip oturan çagalara düşse ol öz iýen-içen zady üçin uýalar. Bu öýde gytçylyk ekeni, bize ýokdan bar eýläp, öz agyzlaryndan kesip hyzmat eden ekenler diýen düşünje dörär. Şondan soň onuň oturyp ugry bolmaz. Şonuň hakykatdanam şeýledigini bir gezek biz hut öz gözümiz bilen gördük. Şol gezek myhmanlary ugratmaga giden kakam hemişekilerine görä azajyk eglendi. Şol aralykda, o tamda, çüýşelije çyranyň başynda kitap okap oturan agamdan öňňämiz myhman jaýynyň içine döküldik. Ortada her biri dikligine üç-dört dilim edilip kesilen iki sany nar durdy. Başga-da zat kändi, ýöne jor-gyzyl bolup esasan göze ilýän şoldy. Ine, onsoň biz-ä düzgüne kaýyl bolup kakamyzyň dolanyp gelerine garaşyp otyrys welin, iň kiçi jigimiz şol narlara tarap elini uzadyp hiç günümize goýmady. «Na-ar, na-ar...» diýdi oturdy. Ahyram ejem onuň bolup oturyşyna dözmedi-de: ― Äberäýseňiz-le şuňa şolaryň bir dilimjigini. Indiden soň dolanyp geläýesleri ýok-la — diýdi. «Myhman gelmäýende-de düzgüni bozsak kakama ýakmaz ahyry» diýäýmeli welin, elbetde, menem jigime dözen däldirin-dä, ýerimden tarsa turdum. Orta geçip narlaryň birini götermek üçin egilenimdenem ardynjyrap kakam gapydan girdi. Men dikeldim. Gapa tarap gaňryldym. Görsem kakamyň gözleri ýanyp dur. Emma sesini çykaranok. Birdenem ol daşaryk boýnuny uzatdy-da: — Geliberiň, geliberiň!.. ― diýdi. Şondan soň ýaňky oturyp giden adamlaryň ikisi içerik girdi. Olar oňaýsyzlyk bilen hernäçe: — Besdir-dä, oturdyk-la, gaýdybereli bizem indi... ― diýişselerem kakam goýbermedi. Töre geçirdi. Ejeme nahary täzelemegi buýurdy. Ejem bilen jigilerimem çykdylar. Men galdym. Kiçijik jigim welin ejemiň synyndan ýapyşyp barşyna tä işikden çykýança narlara tarap elini serdi gitdi. Myhmanlaryň dogrudanam, oturyp ugurlary bolmady. Täze naharyň gelerine-de garaşman, çüýşäniň düýbündäki aragy üçe bölüşdiler-de, turmak bilen boluberdiler. Kakam ýene-de olary ugratmaga çykdy. Men öýde galdym. Ejem bu gezek kakamyň özi gelýänçä jigilerimi myhman jaýa salmady. Diňe kakam gelip «ýygnaşdyraý» diýenden soň ortadaky zatlary bir ujundan ýygnaşdyryp ugrady. Her kimiň islän zadyny äberdi. Kakam meni ýanyna çagyrdy. Men käýýär öýtdüm. Emma ol bu gezegem hemişekileri ýaly başymy sypap, dyzynyň üstüne mündürdi. Jagyl-da-jugul bolşup, jigilerimem daşymyzda hümer boldular. Gapgaçlaryny ýuwuşdyryp bolansoň ejemem geldi. Agamam geldi-de, sallançagyň tegeagajyny dutar edinip aýdym aýtmaga başlady. «Munuňky ýa kitap bilendir ýa tegeagaç bilendir» diýip, ejem güldi. Kakamam güldi. Bizem güldük. Gülüşdik. Ýüregiň üstüni mylaýymlyk bilen sypalap geçýän bir gowy, öý durmuşy başlandy. Men häli, ortadaky nara özüm üçin däl-de, jigim üçin el uzadandygymy aýdyp, kakamyň öňünde özümi aklajagam bolmadym. O wagtlary onuň onsuzam düşünýändigine, şol ýalňyşlygy indi hiç birimiziňem gaýtalamajakdygymyza ynanýandygyna ynandyk. O-da biziň öz terbiýesini birkemsiz alandygymyza, ýaňky ýaly tötänligiň bolsa heran-haçanam bolup biljekdigine, onuň üçin agzyny ajydyp, çagalaryň badyny alyp oturmagyň gereginiň ýokdugyna ynanan bolmaly. Onuň üçin şol wagt esasy zat çagalaryň saçaga el uranyny görende myhmanyň hakykatdanam oňaýsyz ýagdaýa düşýändigine biziň göz ýetirendigimiz bolmaly. Hawa, hut şeýle bolmaly. Ýöne meni başga bir zat biynjalyk edýär. Kakalarymyz gidip, özümiz kaka ornunda galanymyzdan soň, bizem öz çagalarymyza edil kakalarymyzyň bize terbiýe berşi ýaly terbiýe berip bilýärmikäk? Şolaryň şol parasatlylyklaryny, şol agraslyklaryny, siňňitli guýumlaryny öz çagalarymyzyň gursaklaryna guýup bilýärmikäk? Hudaýyň öýüniň nirededigini olara dürs salgy berip bilýärmikäk? Öňümizdäki desserhana rugsat edilýänçä el urman, kanagat edip saklanmany başarandygymyz üçin durmuşda kän-kän kösenendigimizdenmi, gidip baryşlaryna kirli elleri bilen çanagy çolpulap, başga biri üçin niýetlenen jylka etleri garaňka duwlanyp agyzlaryna dykýanlardan kän-kän hor ýaşandygymyzdanmy, göwnüme bolmasa biz şol borjy berjaý edip bilmeýän ýaly. Eger-de şeýle bolsa, ata-babalarymyzyň gönderip goýberen şaýolundan biz haçanrak sowuldykkak? Indi nädip ol ýola dolanyp gelip bilerkäk? Meni köpden bäri biynjalyk edýän zat ine, şu! 1990. Moskwa. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |